«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň we
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň
2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 372-iş/443-Ö belgili bilelikdäki
B U Ý R U G Y
Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyny tassyklamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287-nji kararynyň 3-nji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýarys:
1. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyny tassyklamaly (goşulýar).
2. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyny kabul edilendigi barada degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna habar bermeli.
3. Şu buýrugy döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet
gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministri M.Serdarow
Ylalaşyldy:
Döwlet ministri -“Türkmengaz” döwlet
konserniniň başlygy B.Amanow
2020-nji ýylyň «10»dekabry
“Türkmenawtoulaglary”
agentliginiň başlygy G.Akmämmedow
2020-nji ýylyň «10»dekabry
Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Purçekow
2020-nji ýylyň «08»dekabry
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministri N.Amannepesow
2020-nji ýylyň «10»dekabry
Türkmenistanyň Içeri işler ministri M.Çakyýew
2020-nji ýylyň «18»dekabry
“Türkmenaragatnaşyk”
agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew
2020-nji ýylyň «10»dekabry
“Türkmennebit” döwlet konserniniň
başlygy G.Baýgeldiýew
2020-nji ýylyň «10»dekabry
Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow
2020-nji ýylyň «11»dekabry
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar
syýasaty ministri G.Agamyradow
2020-nji ýylyň «11»dekabry
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew
2020-nji ýylyň «10»dekabry
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
başlygy A.Berdiýew
2020-nji ýylyň «17»dekabry
“Türkmenhowaýollary”
agentliginiň başlygy D.Saburow
2020-nji ýylyň «17»dekabry
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň
başlygy M.Rozyýew
2020-nji ýylyň «10»dekabry
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
başlygy N.Nyýazlyýew
2020-nji ýylyň «14»dekabry
Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik ministri R.Gandymow
2020-nji ýylyň «14»dekabry
“Türkmendemirýollary”
agentliginiň başlygy A.Atamyradow
2020-nji ýylyň «14»dekabry
Türkmenistanyň Statistika baradaky
döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow
2020-nji ýylyň «10»dekabry
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky
döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow
2020-nji ýylyň «10»dekabry
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa
2020-nji ýylyň «15»dekabry
“Türkmendeňizderýaýollary”
agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow
2020-nji ýylyň «14»dekabry
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň
başlygynyň we Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministriniň2020-nji ýylyň
18-nji dekabrynda çykaran 372-iş /443-Ö
belgili bilelikdäki buýrugy bilen
tassyklanyldy
Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň
SANAWY
I. Awiasiýa işi
Howa gämisiniň ekipažy
II. Awtoulag serişdelerine synag geçirmek işi
Awtoulaglaryň, traktorlaryň, motosiklleriň we beýleki hereket ediş serişdeleriniň ilkibaşdaky tehniki we/ýa-da tehnologiki synagy bilen meşgullanýan synagdan geçiriji sürüjiler, inžener-tehniki işgärler
III. Sirk toparlarynyň işi
1. Ýyrtyjy haýwanlara tälim berijiler, şeýle hem ýyrtyjy haýwanlar bilen işleýän beýleki işgärler
2. Tanaplarda, trapesiýalarda oýunlary ýerine ýetirýän akrobatlar, gimnastlar, awtomotosürüjiler, çapyksuwarlar
IV. Buraw işi
Nebit, gaz guýularynyň burawlaýjylary, burawlaýjylarynyň kömekçileri, skwažinalary abatlamak, synamak we olaryň tehniki hyzmaty boýunça işgärler şeýle hem, skwažinalary burawlamak bilen bagly bolan beýleki işler
V. Partlama işi
Partladyjylar, şeýle hem partlama işlerini taýýarlamaklyga we geçirmeklige gatnaşýan ähli adamlar, şol sanda partlaýjy serişdeleri daşaýan awtomaşynlaryň sürüjileri, partlaýjy maddalaryň ammarlarynyň müdirleri we ammarçylar
VI. Howply ýükleri daşamak işi
Howply ýükleri daşaýan sürüjiler
VII. Suw asty işi
Deňizlerde, derýalarda we köllerde suwwaz (wodolaz) işleri, şeýle hem deňizlerde, derýalarda we köllerde suwwaz işlerine hyzmat edýän adamlar
VIII.Weternariýa işi
Ähli lukmanlar, feldşerler we hyzmat edýän işgärler
IX. Dag, suw we gaz halas ediş gulluklarynyň işi
1. Harbylaşdyrylan dag we gaz halas ediş bölümleriniň, şeýle hem ýapyk gaz we nebit çüwdürimleriniň ýüze çykmagyny duýdurmak we ýatyrmak boýunça harbylaşdyrylan bölümleriň ähli şahsy düzümi
2. Suw halas edijileri
X. Magdan gazyp alyjy senagat işleri
Ýerasty şertlerinde işleri ýerine ýetirýän adamlar
XI. Dag şertleriniň işi
Dag şertlerinde işleri ýerine ýetirýän awtoulag serişdeleriniň, traktorlaryň, buldozerleriň, çekijileriň ähli görnüşleriniň sürüjileri
XII. Atçylyk işi
At zawodlarynyň, athanalaryň we aýlawlaryň çapyksuwarlary
XIII. Krançylaryň işi
Başnýa, göteriji, ýüzýän we beýleki kranlarda işleýän krançylar
XIV. Partlama howply, awuly, zäherleýji maddalar, gazlar we ionlaşdyryjy şöhle ýaýradyş çeşmeleriň işi
Partlama howply, awuly, zäherleýji maddalar we gazlar, şeýle-de ionlaşdyryjy şöhle ýaýradyş çeşmeleri bilen işleýän adamlar we enjamlar oturdylan awtoulaglaryň sürüjileri
XV. Nebitgaz gazyp alyş, nebitgaz daşaýan, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatynyň işi
Gazy, nebiti gazyp almak (akdyrmak), daşamak, nebiti işläp çykarmak, nebiti arassalamak we beýlekiler bilen meşgullanýan maşinistler, operatorlar we ugurlaýyn işleýän işgärler
XVI. Ýangyn söndürijileriň işi
Ýangyn söndüriji toparlaryň raýat işgärleri
XVII. Balykçylyk işi
Deňizlerde, derýalarda we köllerde balykçylar
XVIII. Gurluşyk işi
1. Maçtalaryň, zawod turbalarynyň gurluşygynda belentlikdäki işler, belentlikde işlemek bilen bagly bolan urgançylar (stropolşikler) we beýleki işler
2. Üçek-basyrgy işler
3. Kesson işleri
4. Binalaryň metal karkaslaryny ýygnamak boýunça işler, beton we demirbeton düzütleri gurnama (hünäriň adyna garamazdan)
XIX. Profesional sport
1. Howa – tälimçiler, gözükdirijiler, uçarmanlar
2. Futbolçylar, tälimçiler
3. Ýelken, buýer sporty – tälimçiler, türgenler
4. Awtomotosport, alpinizm – ýarşyjylar, alpinistler, tälimçiler
XX. Geofiziki işi
Wibro gurluşlaryň operatorlary
XXI. Elektroenergetika işi
1. Elektroüpjünçilik ulgamlarynda akkumulýatorçy
2. Elektroenjamlary abatlamak we hyzmat etmek boýunça elektromontýor
3. Elektrokebşirleýji
4. Nobatçy elektromontýor
5. Elektrik geçiriji howa liniýalaryny abatlamak boýunça elektromontýor
6. Ýylylyk ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça slesar
7. Ýylylyk ulgamynyň enjamlaryny abatlamak boýunça slesar
8. Kabel liniýalaryny abatlamak we gurnamak boýunça elektromontýor
XXII. Aýratyn howply ýokanç keselleri bilen bagly işleri
Aýratyn howply ýokanç keselleriň ojaklaryny ýatyrmak bilen meşgullanýan saglygy goraýyş işgärleri (gyrgyn, mergi, sary ysytma, mama keseli, ot başy, bruzellýoz, gyzzyrma, guduzlama, tulýaremiýa, epidemiki örgünli garahassalygy, sakyrtgalaryň wirusly ensafaliti, bakteriki ganly iç geçme we täjihoraz)
XXIII. Aragatnaşyk işi
1. Aragatnaşyk liniýa elektromontýorlary
2. Anten-maçtaçy
XXIV. Serpentariýa işi
Serpentariýa işgärleri
XXV. Metallurgiýa işleri
1. Elektro peçlerde polat erediji
2. Elektro peçlerde gol astynda polat gaýnadyjy
3. Polat guýujy
4. Oda çydaýjy
5. Metallurgiýa önümçiliginde kranyň maşinisti
6. Susakçy
7. Metallary we erginleri erediji
8. Ýöriteleşdirilen abatlaýyş ulgamlarda slesar-abatlaýjy
9. Gyzgyn metal guýýan sehiň ýygnaýjysy
10. Kletleri ýygnamak we geçirmek boýunça walsowkaçy
11. Gyzgyn bilen sozmak boýunça stanlaryň walsowkaçysy
12. Enjamlara hyzmat we remont ediji slesar
13. Slesar abatlaýjy
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda 1432 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.