Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 127 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 127 belgili

B U Ý R U G Y


Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibini tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  14-nji maddasynyň sekizinji böleginiň 1-nji bendine we on üçünji bölegine, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň dokuzynjy bölegine laýyklykda, şeýle hem alkogolly we temmäki önümleriniň dolanşygyny tertipleşdirmek, sarp edijileriň hukuklaryny we saglygyny goramagy üpjün etmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen Tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 7-nji martynda 634 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Bikanun dolanyşykdaky alkogolly önümleri, piwony,etil spirtini, temmäkini we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, başga maksatlar üçin peýdalanmagyň ýa-da ýok etmegiň tertibi hakynda Gollanmany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 24 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4.  Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                              O.Gurbannazarow

 

Türkmenistanyň Söwda we daşary

ykdysady aragatnaşyklar ministriniň

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda

çykaran 127 belgili buýrugy

bilen tassyklanyldy


Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini 

muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň 

TERTIBI

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  14-nji maddasynyň sekizinji böleginiň 1-nji bendine we on üçünji bölegine, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň dokuzynjy bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 315-3152-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary bilen bagly kazyýetiň karary esasynda bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler:

1) alkogolly önümler (alkogol) – iýmit çig malyndan we (ýa-da) düzüminde spirt bolan iýmit önüminden taýýarlanan, etil spirtiniň ulanylmagy ýa-da ulanylmazlygy bilen öndürilen taýýar iýmit önüminiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan taýýar iýmit önümi;

2) alkogolly önümleriň dolanyşygy ‒ alkogolly önümleriň satyn alynmagy (şol sanda importy), iberilmegi (şol sanda eksporty), saklanylmagy, daşalmagy we ýerlenilmegi bilen baglanyşykly iş;

3) alkogolly önümleriň peýdalanylmagy – ýaramaz hilli alkogolly önümleriň we olaryň gaplanylmagy üçin materiallaryň tehniki maksatlar üçin peýdalanylmagy üçin gaýtadan işlenilmegi;

4) alkogolly we temmäki önümleriniň muzdsuz alynmagy – Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan halatlarda administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan we administratiw hukuk bozulmany eden şahsyň kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinen hem-de onuň eýeçiliginde duran alkogolly we temmäki önümleriniň mejbury, öwezini dolmazdan döwletiň eýeçiligine geçirilmegi;

5) alkogolly we temmäki önümleriniň ýok edilmegi – howply alkogolly önümleriň we olaryň gaplanylmagy üçin materiallaryň, şeýle hem temmäki önümleriniň iýmitlik we (ýa-da) tehniki maksatlarda ulanylmagy üçin ýaramsyz bolan ýagdaýa getirilmegi;

6) temmäki önümleri – çekmek (çekilýän temmäki önümleri), sormak, çeýnemek, ysgamak (çekilmeýän temmäki önümleri) we (ýa-da) temmäki önümlerini sarp etmegiň başga usullary üçin niýetlenen, souslar we (ýa-da) ys berijiler goşulan we goşulmadyk ýagdaýda, dolulygyna ýa-da bölekleýin fermentatiw temmäkiden (ýapragyndan) we (ýa-da) mahorkadan taýýarlanan önümler;

7) temmäki önümleriniň dolanyşygy – temmäki çig malynyň we (ýa-da) temmäki önümleriniň lomaý we bölek-satuw söwdasy, şeýle hem olaryň saklanylmagy, getirilmegi we alnyp gidilmegi.

3. Alkogolly önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Temmäki önümleriniň dolanyşygyna bildirilýän talaplar “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär.


II bap. Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini 

muzdsuz almagyň tertibi

 

5. Alkogolly we temmäki önümleriniň bikanun dolanyşygy bilen bagly administratiw hukuk bozulma boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (mundan beýläk - Döwlet söwda gözegçiligi gullugy) edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan berk hasabatlylyk resminamalaryna degişli bolan, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 531-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (mundan beýläk - teswirnama) düzülýär. Düzülýän teswirnamalaryň sahypalary belgilenen we tikilen bolmalydyr, olar administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamalary hasaba alyş kitabynda bellige alynýar.

Teswirnamada şularyň görkezilmegi hökmandyr:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) administratiw hukuk bozulmany eden fiziki ýa-da ýuridik şahs barada maglumatlar;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri, wagty we mazmuny;

5) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň bu administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

6) şaýatlaryň we jebir çekenleriň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary we salgylary;

7) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň düşündirişi;

8) administratiw önümçilik üçin zerur bolan gaýry maglumatlar.

6. Administratiw hukuk bozulmanyň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan we iş boýunça subutnama hökmünde ähmiýeti bolan alkogolly we temmäki önümleri iki sany güwäleriň gatnaşmagynda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan alynýar. Alkogolly we temmäki önümlerini almak hakynda teswirnama düzülýär ýa-da ol administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada bellenýär.

Alkogolly we temmäki önümlerini almak hakynda teswirnamada şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) alkogolly we temmäki önümleri alnan adam barada maglumatlar;

5) alkogolly we temmäki önümlerini almak üçin esaslar;

6) alnan alkogolly we temmäki önümleriniň görnüşleri, sany we alamatlary barada maglumatlar.

7. Alkogolly we temmäki önümlerini almak hakynda teswirnama düzülende olaryň fotosuraty alnyp, görnüşli ýazgysy edilip bilner. Şeýle ýagdaýlarda fotosuratlaryň alnandygy, görnüşli ýazgylaryň edilendigi barada alkogolly we temmäki önümlerini almak hakynda teswirnamada degişli ýazgylar edilmelidir we olar teswirnama goşulmalydyr.

8. “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Durmuş-sagdynlaşdyryş hem-de iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça yzygiderli gözegçiligi kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 24-nji iýunynda çykaran 11687-nji karary bilen tassyklanan Iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet gözegçilik we barlag edaralary hakynda Düzgünnamanyň dördünji bölegine laýyklykda, alnan alkogolly önümler babatynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we onuň edaralary tarapyndan bilermenler seljermesi geçirilýär. Bilermenler seljermesiniň netijesinde alnan alkogolly önümleriň ýaramaz hilliligi, adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýändigi anyklanylýar. Geçirilen bilermenler seljermesiniň netijesi boýunça netijenama resmileşdirilip, administratiw hukuk bozulma barada işiň materiallaryna goşulýar.

9. Şu Tertibiň bäşinji we altynjy böleklerinde bellenen teswirnamalar üç nusgada düzülip, olaryň bir nusgasy administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline gol çekdirilip berilýär, ikinji nusgasy teswirnamany düzen Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edarasynda saklanylýar, üçünji nusgasy degişli kazyýete iberilýär.

10. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edarasy tarapyndan şu Tertibiň bäşinji we altynjy böleklerinde bellenen teswirnamalar administratiw önümçiligi boýunça toplanan beýleki materiallar bilen bilelikde administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek üçin degişli kazyýete iberilýär.

11. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýänçä, alnan alkogolly we temmäki önümleri olary alan Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edarasy tarapyndan kesgitlenilen ýerlerde saklanylýar. Alnan alkogolly önümleriň nusgalary administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kabul edilen karar kanuny güýje girýänçä saklanylýar.

Bu alkogolly we temmäki önümleri olary muzdsuz almak barada kazyýetiň çykaran karary esasynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 521-nji maddasyna laýyklykda peýdalanylýar (gaýtadan işlenilýär) ýa-da ýok edilýär.


III bap. Muzdsuz alnan alkogolly önümleri peýdalanmagyň tertibi


12. Kazyýetiň karary bilen muzdsuz alnan alkogolly önümler, eger-de bilermenler seljermesiniň netijenamasy esasynda ýaramaz hilli diýlip bilnen bolsa, kazyýetiň karary kanuny güýje gireninden soň, tehniki maksatlar üçin peýdalanylmaga (gaýtadan işlenilmäge) degişlidir.

13. Muzdsuz alnan alkogolly önümleriň tehniki maksatlar üçin peýdalanylmagy (gaýtadan işlenilmegi), zerur tehniki enjamlar bilen üpjün edilen we işiň bu görnüşi bilen meşgullanmaga ygtyýarlygy bolan senagat kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýar.

14. Tehniki maksatlar üçin peýdalanylan (gaýtadan işlenilen) alkogolly önümleri, şeýle hem olaryň gaplanylmagy üçin ulanylýan çüýşe gaplary ýerlemekden alnan serişdeler, bu alkogolly önümleri daşamak, saklamak, gaýtadan işlemek we ýerlemek bilen bagly sarp edilen serişdeleri aýyrmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

15. Alkogolly önümleri peýdalanmak (gaýtadan işlemek) işini amala aşyrýan senagat kärhanalary gaýtadan işlemek üçin kabul edilen, gaýtadan işlenen alkogolly önümleriň hasabatlaryny ýöredýärler, şeýle hem bu önümleriň rugsatsyz ulanylmazlygyny üpjün edýärler.


IV bap. Muzdsuz alnan alkogolly we temmäki önümlerini 

ýok etmegiň tertibi


16. Muzdsuz alnan alkogolly we temmäki önümleri kazyýetiň degişli karary esasynda ýok edilmäge degişlidir.

17. Muzdsuz alnan alkogolly we temmäki önümleriniň ýok edilmegi “Durmuş-sagdynlaşdyryş hem-de iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça yzygiderli gözegçiligi kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 24-nji iýunynda çykaran 11687-nji karary bilen tassyklanan Iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet gözegçilik we barlag edaralary hakynda Düzgünnama laýyklykda degişli edaralaryň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda, işe seretmäge ygtyýarly kazyýet edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda döredilen topar (mundan beýläk – Topar) tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Toparyň düzümine beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hem gatnaşyp biler.

18. Alkogolly ýa-da temmäki önümlerini muzdsuz almak we ýok etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren karary Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň degişli edarasyna gelip gowşandan soň, Topar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şol önümleri ýok etmek hakynda karar kabul edilýär.

19. Alkogolly ýa-da temmäki önümlerini ýok etmek hakynda Toparyň kararynda şol önümleriň ýok edilmeli ýeri, wagty we ýok etmegiň usuly görkezilýär.

20. Alkogolly ýa-da temmäki önümleriniň ýok edilmegi Topar tarapyndan düzülýän Alkogolly ýa-da temmäki önümleriniň ýok edilmegi hakynda delilnama (mundan beýläk - Delilnama) bilen resmileşdirilýär.

21. Delilnamada şu aşakdakylar görkezilýär:

1) düzülen ýeri we senesi;

2) alkogolly ýa-da temmäki önümleriniň ýok edilen senesi, wagty, ýeri;

3) alkogolly ýa-da temmäki önümlerini ýok etmek üçin esas;

4) ýok edilmeli alkogolly ýa-da temmäki önümleriniň atlary, möçberi, ýok etmegiň usuly;

5) alkogolly ýa-da temmäki önümlerini ýok etmäge gatnaşan Topar agzalarynyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady, goly.

22. Delilnama alkogolly ýa-da temmäki önümleriniň ýok edilen güni düzülýär. Delilnamanyň nusgasynyň sany alkogolly ýa-da temmäki önümlerini ýok etmäge gatnaşan Topar agzalarynyň sanyna laýyklykda kesgitlenilýär hem-de Delilnama olaryň ählisi tarapyndan gol çekilýär.

23. Alkogolly önümler saklanylýan ýerindäki lagym ulgamyna dökmek arkaly ýok edilýär.

Temmäki önümleri ýangyç hökmünde gaty görnüşli ýangyç ulanylyp, tüsse gazlarynyň gaty maddalaryny tutup alyp galýan enjamlar bilen üpjün edilen, tüweleýli ýanýan ojaklarda, zir-zibil dökülýän ýa-da beýleki ýöriteleşdirilen ýerlerde ýakylyp ýok edilýär.

24. Muzdsuz alnan alkogolly önümleri peýdalanmagyň (gaýtadan işlemegiň) hem-de muzdsuz alnan alkogolly we temmäki önümlerini ýok etmegiň usullary aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) önümleriň ilkinji sarp ediş häsiýetlerini dikeltmek ýa-da niýetlenilişi boýunça ulanmak mümkinçiligini aradan aýyrmak;

2) arassaçylyk, ýangyna garşy göreşmek we beýleki talaplara laýyklykda sanitariýa we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen ilatyň abadançylygyny we daş-töweregi goramak babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek (hususan-da zäherleýji, zyýanly we howp döredip biljek maddalaryň we galyndylaryň emele gelmeginiň mümkinçiligini aradan aýyrmak);

3) peýdalanylmaga (gaýtadan işlenilmäge) ýa-da ýok edilmäge degişli önümleri çalyşmak mümkinçiligini aradan aýyrmak.

25. Alkogolly önümleriň ýok edilmeginden soň galan çüýşe gaplaryň hasabaty alkogolly önümleriň saklanan we ýok edilen ýerindäki söwda kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Boşan adaty çüýşe gaplar gyzyklanýan kärhanalara şol söwda kärhanasy tarapyndan ýerlenilýär. Adaty däl çüýşe gaplar ýok edilýär (döwülýär).

Adaty däl çüýşe gaplar ykdysady taýdan maksada laýyk bolan halatynda aýna öndürýän kärhanalar tarapyndan olaryň ýok edilmegi bilen bagly çykdajylaryň öwezini dolmak bilen satyn alnyp bilner.

26. Şu Tertibiň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1430 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.