Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran MB-145 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran MB-145 belgili

B U Ý R U G Y


«Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri» atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. «Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri» atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                    R.Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we

 binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda

çykaran MB-145 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


I bapUMUMY DÜZGÜNLER 


1. Şu “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu kadalar ýöriteleşdirilen gurnama demirbeton kärhanalarynda, poligonlarda taýýarlanylýan, täze gurulýan we hereket edýän kärhanalar, binalar we desgalar gurlanda we durky täzelenilende ulanylmaga niýetlenen gurnama beton we demirbeton (armobeton) gurnawlaryny öndürmägiň we olary kabul etmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Kadalar agyr, ownuk däneli, ýeňil, öýjükli we aýratyn şertlerde (seýsmiki täsirlerde, gury yssy klimatyň we agressiw gurşawyň beton we demirbeton önümlerine täsirinde, şeýle hem ýokary ýa-da aşak temperaturalaryň üýtgemelerinde we olaryň gezekleşýän täsirlerinde we şuňa meňzeşler) işlemek üçin niýetlenen gurnama beton we demirbeton önümlerini taýýarlamagyň umumy tehniki talaplaryny we tehnologik kadalaryny belleýär.

3. Gurnama beton we demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalaryň standartlary ýa-da tehniki şertleri, şeýle hem bellenilen tertipde tassyklanylan taslama resminamalary bolan önümleri önümçilige goýbermelidiler.

4. Önümçiligiň tehnologiýasy önümleriň taýýarlanylmagyny, bu önümler üçin ölçegleriň, tehniki şertleriň we taslama resminamalarynyň degişli talaplaryny üpjün etmelidir.

5. Önümler taýýarlanylanda tehnologik taýdan enjamlaşdyrma, gural, tehnologik prosesler üçin kärhananyň bellenilen tertipde tassyklanylan ölçegleriniň talaplaryny, şeýle hem anyk önümçiligiň şertleri we önümleriň görnüşi üçin ulanylyp düzülen başga tehnologik resminamalaryň talaplaryny berjaý etmegi gerekdir.

6. Önümleri, kada bolşy ýaly, maşyn gurluşyk zawodlary tarapyndan çykarylýan, tapgyrlaýyn ýa-da ölçege laýyk bolmadyk tehnologik enjamy ulanmak bilen taýýarlamak gerekdir.

Kärhanalaryň beýleki ýa-da özüniň mehaniki sehleri tarapyndan onuň ölçeglerine we tehniki şertlerine laýyklykda taýýarlanan tehnologik enjamyň ulanylmagyna ýol berilýär.

7. Şu Kadalarda bellenen önümleri öndürmeklik şu aşakdaky tehnologik prosesleri öz içine almalydyr:

1) deslapky materiallary ammabarlara ýerleşdirmek we saklamak;

2) armatura önümlerini taýýarlamak (ýa-da eltilenler bilen üpjün etmek);

3) beton garyndylaryny taýýarlamak, önümleri galyplamak;

4) önümleri ýylylyk arkaly işläp bejermek;

5) önümleri galypdan aýyrmak, işläp gutarmak we saklamak.

Degişli tehniki-ykdysady esaslandyrmada önümleri ýylylyk arkaly işläp taýýarlamak üçin gün energiýasynyň ýylylygynyň adaty bolmadyk çeşmelerini (gün arkaly buga tutmak) peýdalanmaga we ýörite gatadyjy sementleri, gatatmagyň netijeli çaltlandyryjylaryny, ýylylyk taýdan izolirlenen galyplary we stendleri we şuňa meňzeşleri ulanmak bilen ýylylyk taýdan işläp bejermezden ýol berilýär.

8. Önümleri öndürmek üçin tehnologik proseslerini, enjamlaryny we tehnologik usullaryny saýlanylmagy we ulanylmagy gol zähmetini aňryçäk gysgaltmagyň, toplumlaýyn mehanizasiýany we awtomatizasiýany giňden ulanmagyň, kompýuter tehnikasyny ornaşdyrmagyň, zähmet şertlerini gowulandyrmagyň, zähmet, maddy we ýangyç-energetiki serişdeleri tygşytlamagyň, galyndylary aýyrmagyň ýa-da olary ýerli gaýtadan ulanmagyň, önümçilik meýdanlaryny peýdaly ulanmagyň, tehniki-ykdysady esaslandyrmalar esasynda anyk şertleri hasaba almak bilen degişli hili üpjün etmegiň talaplaryndan ugur alyp amala aşyrmalydyr.


II bap. GURNAMA BETON WE DEMIRBETON ÖNÜMLERINI ÖNDÜRMEK ÜÇIN BETONLARYŇ NOMENKLATURASY (SANAWY)


9. Şu kadalaryň talaplaryna laýyklykda beton we demirbeton önümlerini öndürmek üçin “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 1/176 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Betonlar. Synplandyrma we umumy tehniki talaplar” atly TDS 1057-2018 belgili döwlet standarty, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 23-nji maýynda çykaran 115-iş buýrugy bilen tassyklanylan, “Betonlar agyr we ownuk däneli. Tehniki şertler” atly TDS 1056-2018 belgili döwlet standarty we beýleki ölçegleriň talaplaryna laýýyk gelýän gurnaw betonlary ulanylmalydyr.

 Betonyň dürli görnüşleriniň klassifikasiýasy we ulanmagyň ugurlary “Gurluşykda sementleri ulanmagyň maslahat berilýän ugry” atly şu Kadalara 1-nji goşundyda we “Betonlaryň klassifikasiýasy we ulanylýan ugurlary” atly şu Kadalara 2-nji goşundyda, şeýle hem şu Kadalaryň  1-nji tablisasynda bellenenler esasynda, suw geçirmezligi boýunça bolsa, betonyň degişli kysymlarynyň süzülme (filtrasiýa) koeffisiýenti 2-nji tablisada görkezilenler esasynda kesgitlenilýär.

Göteriji we öz-özüni göteriji demirbeton önümlerini taýýarlamak üçin köplenç şu aşakda görkezilen beton ulanylýar:

1) 2200 kg/m3-den ýokary 2500 kg/m3-e çenli (ol hem degişli) agyr, orta dykyzlykdaky;

2) 1800 kg/m3-dan ýokary ownuk däneli, orta dykyzlykdaky;

3) ýeňil, dykyz gurluşy;

4) öýjükli, awtoklaw we awtoklaw däl gatadyjy.

10. Beton we demirbeton önümleri üçin olaryň niýetlenilişine we iş şertlerine baglylykda betonyň hil görkezijileri bellenilýär, olaryň esasylary şu aşakdakylardyr:

1)  gysylma berkligi boýunça B klas;

2) okuň süýnme berkligi boýunça Bt klas (haçan-da bu häsiýetnama agalyk ediji ähmiýete eýe bolan halatlarynda bellenilýär we önümçilikde gözegçilik edilýär);

3) sowuga durnuklylygy boýunça F kysym (çygly ýagdaýynda gezek-gezegine doňmak we eremek täsirine sezewar bolýan önümler üçin bellenilmelidir);

4) orta dykyzlygy boýunça D kysymy, gurnawa bolan talaplardan başga-da ýylylyk izolýasiýasy babatynda talaplar bildirilýän gurnawlar üçin bellenilýär.

Gysylma we okly süýnme berkligi boýunça betonyň klaslary 0,95 üpjünçiligi bilen betonyň, MPa-nyň kepillendirilen berkliginiň ähmiýetine jogap bermelidir.

11. Gysylma we süýnme berkligi boýunça beton we demirbeton önümleri üçin şu aşakdaky klaslardaky we kysymlardaky betonlar göz öňünde tutlmalydyr:

1) gysylma berkligi boýunça klasdakylar:

a) agyr beton – B3,5; B5; B7,5; B10; B12,5; B15; B20; B25; B30; B35; B40; B45; B50, B55; B60;

b) şu aşakdaky topardaky ownuk däneli beton:

A - tebigy gatamak ýa-da 2,0-B; 3,5; B5; B7,5; B10; B12,5, B15, B20; B25; B30; B35; B40 ýokary irilik modul bilen çägede atmosfera basyşynda ýylylyk taýdan işläp bejermäge sezewar edilen;

W - şeýle; 2,0 we az irilik moduly bilen - B3,5; B5; B7,5; B10; B12,5; B15; B20; B25; B30;

Ç - awtoklaw işlenip bejerilmäge sezewar edilen B15; B20; B25; B30; B35; B40; B45; B50, B55; B60;

ç) ortaça dykyzlygy boýunça markalarda ýeňil beton:

D 800, D 900 – B2,5; B3,5 B5; B7,5;

D 1000, D 1100 – B2,5; B3,5; B5; B7,5; B12,5;

D 1200, D 1300 – B2,5; B3,5; B5; B7,5; B12,5; B15;

D 1400, D 1500 – B3,5; B5; B10; B12,5; B15; B20; B25; B30;

D 1600, D 1700 – B5; B7,5; B10; B12,5; B15; B20; B25; B30; B35;

D 1800 – B10; B12,5; B15; B20; B25; B30; B35; B40.

d) ortaça dykyzlygy boýunça markalarda öýjükli beton:

awtoklaw                                                              awtoklaw däldir

D 500 – B1; B1,5;                                                        -

D 600 – B1; B1,5; B2; B2,5;                                B1; B1,5;

D 700 – B1,5; B2; B2,5; B3,5;                             B1,5; B2; B2,5;

D 800 – B2,5; B3,5; B5;                                      B2; B2,5 B3,5;

D 900 – B3,5; B5; B7,5;                                      B3,5; B5;

D 1000 – B5; B7,5; B10;                                               B5; B7,5;

D 1100 – B7,5; B10; B12,5; B15;                        B7,5; B10;

D 1200 – B10; B12,5; B15;                                 B10; B12,5.

B25 we B30 klaslardaky betonyň ulanylmagy bilen deňeşdirilende sementiň tygşytlanmagyna getiren we önümleriň beýleki tehniki-ykdysady görkezijileriniň peselmegine ýol berilmedik ýagdaýlarynda, gysylma berkligi boýunça B22,5 we B27,5 aralyk klaslardaky betonyň ulanylmagyna ýol berilýär.

2) ok süýnme berkligi boýunça klaslar:

 agyr, ownuk däneli we ýeňil betonlar – Bt 0,8; Bt 1,2; Bt1,6; Bt2; Bt2,4; Bt2,8; Bt 3,2;

3) sowuga çydamlylygy boýunça kysymlar (şu Kadalaryň 1-njy tablisasy):

a) agyr we ownuk öýjükli betonlar – F50; F75; F100; F150; F200; F300; F400; F500;

b) ýeňil beton – F25; F35; F50; F75; F100; F150; F200; F300; F400; F500;

ç) öýjükli beton – F15; F25; F35; F50; F75; F100;

4) ortaça dykyzlygy boýunça kysymlar:

a) ýeňil beton – D800; D900; D1000; D1100; D1200; D1300; D1400; D1500; D1600; D1700; D1800

b) öýjükli beton – D500; D600; D700; D800; D900; D1000; D1100; D1200;

Ownuk däneli betonyň topary (A, B, Ç) önüm üçin iş çyzgylarynda görkezilmelidir.

12. Gysylma we onuň süýnme berkligi boýunça betonyň klasyna degişli betonyň ýaşy adatça önümlere taslama ýükleriniň ýüklenişiň mümkin bolan hakyky möhletlerinden, dikeltmegiň usulyndan, betonyň gatamak şertlerinden ugur alnyp bellenilýär. Bu maglumatlar bolmadyk ýagdaýynda, betonyň klasy 28 gije-gündiz ýaşynda diýlip bellenilýär.

Gurnama gurnawlaryň elementlerinde betonyň goýberiliş berkliginiň ähmiýetini şu Kadalara Türkmenistanyň beýleki beton işlerine degişli gurluşyk kadalaryna we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2014-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1/28 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” atly TDS-13015-2003 belgili standartyna  (mundan beýläk - TDS-13015-2003 belgili döwlet standarty) we belli görnüşlerdäki önümler üçin ölçeglere laýyklykda bellenilmelidir.

13. Demirbeton önümleri üçin şu aşakdakylaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär:

1) B7,5-den aşak gysylma berkligi boýunça klasdaky agyr we ownuk däneli betonlar, 

2) B3,5-den aşak gysylma berkligi boýunça klasdaky ýeňil beton bir gatly önümler

üçindir;

3) B2,5-den aşak gysylma berkligi boýunça klasdaky ýeňil beton iki gatly önümler

üçindir.

Köp gezek gaýtalanýan agram düşmekligine niýetlenen, agyr betondan ýaşalan demirbeton önümler üçin B15-den pes bolmadyk gysylma berkligi boýunça betonyň klasyny kabul etmek maslahat berilýär. 12 m-den ýokary boşluk bilen deslapdan dartylan demirbeton önümleri üçin olar B-II; Br-II, K-7 we K-19 klasdaky simli armatura bilen armirlenende B20-den aşak klasdaky betonyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Posdan goramak hem-de jaýryklarda we gurnawlaryň üstünde ýerleşen dartylýan armaturanyň beton bilen tutluşmagyny üpjün etmek üçin ulanylýan gysylma berkligi boýunça ownuk däneli betonyň klasy B12,5-dan aşak bolmaly däldir, nowalaryň inýeksiýasy üçin bolsa B25-den aşak bolmaly däldir we kada bolşy ýaly, çökmeýän portlandsementiň esasynda bolmalydyr.

14. Gurnama demirbeton önümleriniň elementleriniň seplerini birikdirmek üçin betonyň klasyny birikdirilýän elementleriň iş şertlerine baglylykda bellemek gerekdir, ýöne ol birikdirilýän elementleriň betonynyň klasyndan aşak bolmaly däldir we kada bolşy ýaly, giňelýän ýa-da çökmeýän portlandsementiň esasynda bolmalydyr.

15. Beton we demirbeton önümleriniň sowuga çydamlylygy we suw geçirmezligi boýunça betonyň kysymlary olaryň ulanylyş düzgünine we gurluşyk edilýän ýerdäki daşky howanyň hasaplanan gyşky temperaturalarynyň ähmiýetlerine baglylykda şu aşakdakylar kabul edilmelidir.

Jaýlar we desgalar niýetlenen önümler üçin (ýyladylýan jaýlaryň daşky diwarlaryndan başga) görkezilenler şu Kadalaryň 1-nji tablisasyndaky, suw geçirmezligi boýunça – şu Kadalaryň 2-nji tablisasyndaky we gurluşykda sementleri ulanmagyň maslahat berilýän ugryndan (şu Kadalara 1-nji goşundy) aşak bolmaly däldir.

1-nji tablisa



Gurnawlaryň iş şertleri

Şu aşakdakydan pes bolmadyk jogapkärçiliginiň derejesi boýunça toparly jaýlaryň we desgalaryň gurnawlary üçin (ýyladylýan jaýlaryň içki diwarlaryndan başga) sowuga çydamlylygy boýunça betonyň markalary

Düzgüniniň häsiýetnamasy

Daşarky howanyň hasaplanan gyşky temperaturasy

I

II

III

1) Gezek-gezegine doňmagy we eremegi:

a) bölekleýin suwdan doýmak şertlerinde (mysal üçin, hemişe atmosferanyň ýetirýän zyýanly   täsirlerine sezewar bolýan ýerüsti gurnawlar);

b) bölekleýin suwdan doýmagyň ýok mahalynda howanyň çygly ýagdaýynyň şertlerinde (mysal üçin, gurşaýan howanyň täsirine hemişe sezewar bolýan, ýöne atmosferanyň ýetirýän zyýanly   täsirlerinden goralan gurnawlar);



-5 ºC -den aşak

-21 ºС-e çenli

(ol hem degişli)


-5 ºС we ýokary





F75


F50





F50


F35*





F35*


F25*


-5 ºС-den aşak

-21 ºС-e çenli

(ol hem degişli)


-5 ºС we ýokary



F50



F35*



F35*



F25*



F25*



F15*

2) temperaturanyň mümkin bolan bölekleýin täsiri 0 ºС-den aşak:

a) suwdan doýan ýagdaýynda (mysal üçin, toprakda ýa-da suwuň astynda ýatan gurnawlar);


b) howanyň çygly ýagdaýynyň şertlerinde (mysal üçin, gurulýan we gurnalýan döwürde ýyladylýan jaýlaryň içerki gurnawlary).

-5 ºС-den aşak

-21 ºС-e çenli

(ol hem degişli)

-5 ºС we ýokary



F50


F35*



F35*


F25*



F25*


Kadalaşdyryl-madyk

-5 ºС-den aşak

-21 ºС-e çenli

(ol hem degişli)


-5 ºС we ýokary



F35*


F25*



F25*


F15*



F15*


Kadalaşdyryl-madyk

* Agyr we ownuk däneli betonlar üçin sowuga çydamlylygy boýunça kysymlar kadalaşdyrylmaýar.

** Agyr, ownuk däneli we ýeňil betonlar üçin sowuga çydamlylygy boýunça markalar kadalaşdyrylmaýar.

16. Ulanmagyň ýa-da gurnamagyň barşynda daşky howanyň otrisatel temperaturasynyň täsiri bolup biljek gurnama önümleriniň elementlerini berkitmek üçin birikdiji elementler üçin kabul edilenden sowuga çydamlylygy we suw geçirmezligi boýunça aşak bolmadyk taslama kysymlardaky betonlar ulanylmalydyr.

17. Armaturanyň posdan gorag häsiýetlerini üpjün etmek maksady bilen agressiw daşarky gaz şekilli ýa-da suwuk gurşawyň şertlerinde ulanmaga niýetlenen demirbeton önümlerini taýýarlamak geçirijiligi kadalaşdyrylýan agyr betonlary ulanmak gerekdir.

Betonyň geçirijiliginiň görkezijileri kesgitlemek üçin “Suw geçirmezligi boýunça taslama markalaryna laýyk gelýän filtrleme koeffisiýentleri K” atly şu Kadalara 3-nji we “Betonyň geçirijiliginiň göni we gytaklaýyn görkezijileri” atly şu Kadalara 4-nji goşundylarda bellenenler ulanylmalydyr.


III bap. BETONLAR ÜÇIN MATERIALLAR


18. Beton üçin sement gurnawlaryň we desgalaryň häsiýetinden, betonyň gatamak şertlerinden we daşky gurşawyň şertlerinden ugur alnyp ulanylmalydyr. Şulary anyk kesgitlemek üçin “Türkmenistanyň klimat görkezijileri” atly şu Kadalara 5-nji goşundyda we “Türkmenistanyň çäginde ýer üstüne gün radiasiýasyndan ýylylygyň akymy” şu Kadalara 6-njy goşundyda bellenen ortaça görkezijiler ulanylmalydyr.

19. Gurluşyk desgasynda ulanylýan portlandsementiň işjeňligi sementiň zawod pasportynda görkezilen işjeňligi bilen sementiň hakyky işjeňligini laýyk getirmek maksady bilen ýörite barlaghana arkaly bellenilmelidir.

Portlandsementiň berklik häsiýetlerini kesgitleýän synaglardan daşary, portlandsementiň ulanylýan döwründe daşky gurşawyň hakyky temperaturasyny göz öňünde tutup,  onuň ýapyşýan möhletleri hem kesgitlenmeli.

20. Özboluşly häsiýetleri bolan betony guýmak üçin beton garyndysyny taýýarlamak üçin “Betonlara goşundylaryň ulanylýan pudagy” atly şu Kadalara 7-nji goşundyda bellenenleri göz öňünde tutmak bilen, şu aşakdaky goşundylary we goşundylar toplumyny peýdalanmak zerurdyr:

1) plastifisirleýji goşundylar;

2) plastifisirleýji howaçekiji goşundylar;

3) howaçekiji goşundylar;

4) mikrogazdörediji;

5) betonyň gatamagyny tizleşdirijiler;

6) sowuga garşy goşundylar ;

7) demiriň posynyň ingibatorlary.

21. Goşundylaryň zerur mukdary ýöriteleşdirilen barlaghanalaryň kömegi bilen kesgitlenilmelidir.

22. Beton garyndylary üçin ulanyjak çäge betonyň düzüminiň talaplaryna, gurluşyk desganyň ähmiýetine laýyklykda saýlanylyp alynmalydyr. Beton sorujylarynyň kömegi bilen turba arkaly geçirilýän beton garyndylary üçin çägäniň däneleriniň iriligi 5-6%, 0,15 mm. we 15-20%, 0,3 mm.-den uly bolmaly däldir.

23. Uly beton garnuwy:

1) fraksionirlenen tebigy çagylly-çäge garyndysyny ulanmak zerurdyr;

2) üwelen elenmedik çagyly ulanmak bolmaýar.

Uly beton garnuwy üçin çäge däneleriniň göwrümi şu aşakdaky talaplara laýyklykda ulanylmalydyr:

1) binýat plitalar betondan guýlanynda uly beton garnuwynyň däneleriniň göwrüminiň aňrybaş ululygy plitalaryň göwrüminiň ýarysyna deň bolmalydyr;

2) demirbeton gurnawlary üçin niýetlenen beton garyndylaryndaky garnuwyň däneleriniň göwrümi dik armaturalaryň iň az aralygynyň 3/4 böleginden köp bolmaly däldir;

3) typýan galyplara guýmak üçin niýetlenen beton garyndylarynyň garnuwynyň däneleriniň göwrümi, beton işi alnyp barylýan gurnawyň keseleýin kesişýän ýeriniň göwrüminiň iň kiçi böleginiň 1/4-den uly bolmaly däldir;

4) turbalar arkaly akdyrylýan beton garyndylarynyň garnuwynyň göwrümi çagyl üçin beton geçiriji turbanyň içki giňliginiň 0,4 möçberinden, owradylan daş üçin 0,33-den uly bolmaly däldir.

Şunda aýry-aýry fraksiýalar boýunça ýylmanak (leşadly) ýa-da uçly görnüşli däneleriň sanynyň jemi 15 göteriminden geçmeli däldir.

24. Dolduryjylaryň fraksiýalarynyň möçberi B15 we ondan hem ýokary toparly betonlar hem-de gidrotehniki betonlar guýlanda, onuň markasyna garamazdan, däneleriň-daşlaryň ululygy 40 we 70 mm bolanda ikiden az bolmaly däldir. Gidrotehniki betonlar guýlanda garnuwyň däneleri-daşlary 120 mm we ondan iri bolanda, üçden az bolmaly däldir.

25. Beton garyndylary üçin ulanylýan suwuň düzüminden sementiň kadaly gatamagyna päsgel berjek, şeýle hem armaturanyň poslamagyna getirjek goşundylar bolmaly däldir. Betonlary taýýarlamak üçin materiallara bolan talaplar “Kadalaşdyrylan ölçeglerde bellenilen betonlar üçin materiallara talaplar” atly şu Kadalara 8-nji goşundyda we beýleki kadalaşdyryjy resminamalarda görkezilen talaplardan ugur alyp kesgitlenilmelidir.


IV bap. ARMATURA WE GOÝMA BÖLEKLER


26. Demirbeton gurnawlary armaturlamak üçin döwlet ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän ýa-da tehniki şertlere görä degişli düzgünde tassyklanan hem-de şu aşakdaky görnüşleriň birine degişli armatura ulanylmalydyr:

1) özenli armatura polady:

a) A240 (A-1) görnüşli ýylmanak  - gyzgyn guýlan, А300 (A-II), А400 (А-III), А600 (А-IV), А800 (А-V), А1000 (А-VI) görnüşli döwürleýin ugurly-profilli;

b) Аt400С (Аt-IIIС), Аt600 (Аt-IV), Аt600С (Аt-IVС), Аt600К (Аt-IVК), Аt800 (Аt-V), Аt800К (Аt-VК),  Аt800СК (Аt-VСК),  Аt1000 (Аt-VI),  Аt1000К (Аt-VIК) we Аt1200 (Аt-VII) döwürleýin ugurly görnüşli – termiki we termomehaniki taýdan berkleşdirilmelidir.

2) sim armatura polady:

a) sowuk süýndürilen armatura simi:

adaty – Br-I görnüşli döwürleýin kysymly.

örän berk-B-II kysymly ýylmanak, Br-II döwürleýin kesik görnüşli.

b) armatura urganlary – K-7 kysymly spiral ýedi simli, K-19 dokuz simli.

Adatça, goýma bölekler we birikdiriji örtgüler üçin sozma uglerod poladynyň degişli görnüşleri ulanylýar.

Demirbeton gurnawlarynda gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynda berkleşdirilen süýndürilen AIIIw kysymly sterzenli-özenli armaturalary (uzaldylşyna ýa-da berkligine gözegçilik etmek arkaly ýa-da diňe uzaldylyşyna gözegçilik etmek arkaly) ulanmaklyga ýol berilýär.

Armaturalaryň senagat tarapyndan özleşdirilýän täze görnüşlerini ulanmaklyk kabul edilen düzgüne laýyklykda ylalaşylmalydyr.

5) А600 (А-IV), Аt600 (Аt-IV) we Аt600К (Аt-IVК)  toparly özenli armaturalar – örme karkaslaryň we torlaryň uzaboýuna goýberilen armaturalary üçindir.

6) А800 (А-V), Аt800 (Аt-V), Аt800К (Аt-VК), ),  Аt800СК (Аt-VСК), А1000 (А-VI), Аt1000 (Аt-VI), Аt1000К (Аt-VIК) we Аt1200 (Аt-VII) toparly -  görnüşli özenli armaturalar – uzaboýuna goýberilen gysby armaturalar, şeýle hem örme karkasly we torly gurnamalary garjaşyk armirlemek üçin uzaboýuna gysylan hem-de süýndürilen, ýazylyp ýatan armaturalar (çeýe we çeýe däl armaturalaryň barlygyna) üçindir.

Demirbeton gurnawlarynda çeýe däl armaturalaryň deregine örme karkaslarda we torlarda uzaboýuna armatura hökmünde AIII toparly armaturany ulanmaklyga ýol berilýär.

А400 (А-III), Аt400С (Аt-IIIС), Аt600С (Аt-IVС), Вр-I, А240 (А-I), А300 (А-II) we Ас300 (Ас-II)  toparly armaturalary kebşirlenip ýasalan karkaslar we torlar görnüşinde ulanmaklyk maslahat berilýär.

А400в (А-IIIв), Аt600К (Аt-IVК) (10 GS2 we 08 G2C kysymly polatdan bolan) toparly armaturalary kebşirlenip ýasalan karkaslarda we torlarda we Аt800 (At-V) (20GS kysymly polatdan bolan) toparly armaturany kebşirlemek arkaly ýasalan atanaklaýyn birikdirmelerde ulanmaga ýol berilýär.

27. Gazlaryň, suwuklyklaryň hem-de ürgün maddalaryň basyşyna döz gelmeli çeýe däl armaturaly gurnawlarda А240 (А-I) we А300 (A-II), А400 (А-III) we Аt400С (Аt-IIIС) hem-de   Br-1 toparly armatura simini ulanmak amatlydyr.

28. Öňünden dartylan gurnawlarda çeýe armatura hökmünde şu aşakdaky armaturalary ulanmalydyr:

1) А800 (А-V), Аt800 (Аt-V), Аt800К (Аt-VК), Аt800СК (Аt-VСК), А1000 (А-VI), Аt1000 (Аt-VI),  Аt1000К (Аt-VIК)  we  Аt1200 (Аt-VII) toparly özenli armaturalary.

2) B-II, Br-II toparly armatura simlerini we K-7 we K-19 toparly armatura urganlaryny.

Çeýe armaturalaryň deregine А600 (А-IV), Аt600 (Аt-IV), Аt600С (Аt-IVС), Аt600К (Аt-IVК) we А400 (А-IIIв) toparly  özenli armaturalary ulanmaklyga ýol berilýär.

12 metre çenli gurnawlarda, esasan, Аt1200 (Аt-VII), Аt1000 (Аt-VI) we Аt800 (Аt-V) toparly özenli uzyn ölçegli armaturalar ulanylmalydyr.

B7,5 – B12,5 ýeňil betondan guýuljak öňünden dartylan gurnawlar armaturalananda А600 (А-IV), Аt600 (Аt-IV), Аt600С (Аt-IVС), Аt600К (Аt-IVК) we А400в (А-IIIв) toparly özenli armaturalar ulanylmalydyr.

Köp gezek gaýtalanýan ýüküň täsirine niýetlenen demirbeton önümleri hem-de agyr we ýeňil betonlar üçin B15-den pes bolmaly däldir.

Uly ýüke niýetlenen demirbeton gysylan özenli önümlere üçin (mysar üçin, ýük göteriji kranlaryň agramynyň ep-esli bölegini öz üstüne alýan kolonnalar hem-de köp gatly jaýlaryň aşaky gatlarynyň kolonnalary) B25-den pes bolmaly däldir.

29. Içinde dartgynly armatura bolan, öňünçä dartgynlanan bölekler hem-de agyr, ownuk däneli we ýeňil betonlaryň toparyny, dartgynlanýan armaturanyň görnüşine we toparyna, onuň diametrine we anker gurluşlaryna baglylykda, aşakda şu Kadalaryň 2-nji tablisasynda bellenilen görkezijilerden pes kabul edilmeli däldir.

Rwr betonynyň geçirijilik berkligi (betonyň berkli onuň basylan wagtynda, onuň gysylandaky berkligi boýunça betonyň toparyna bir meňzeş ýagdaýda barlanylýar) 11 MPa-dan pes bolmadyk, А1000 (А-VI), Аt1000 (Аt-VI), А1000К (А-VIК) we Аt1200 (Аt-VII) toparly özenli armaturada, ankersiz ýokary berkligi bolan armatur siminde we armatur tanapynda bolsa 15,5 MPa-dan pes bolmadyk bellenilýär.

2-nji tablisa

Dartylýan armaturanyň görnüşleri we toparlary

Betonyň topary, şundan pes bolmaly däl

1. Sim armaturasynyň toparlary:

B-II (ankerli)

Br-II (ankersiz), diametri, mm:

5 çenli (5 öz içine alýar)

6 we şondan köp

K-7 we K-19


B20


B20

B30

B30

2. Özenli armatura (ankersiz) diametri, mm:

10-dan 18 çenli (18 öz içine alýar):

А600 (А-IV)

А800 (А-V)

А1000 (А-VI)

20-den we ondan ýokary toparlar:

А600 (А-IV)

А800 (А-V)

А1000 (А-VI) we Ат1200 (Ат-VII)



B15

B20

B30


B20

B25

B30

Mundan başga-da, betonyň geçiriji berkligi, gysylandaky berkligi boýunça kabul edilen betonyň toparynyň 50%-den pes bolmaly däldir.

Köp gezek gaýtalanýan ýüküň täsirine niýetlenen, şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda getirilen gurnamalar üçin beton toparynyň iň az zerurlygy, А600 (А-IV) görnüşli dartgynlanýan sim armaturasynyň diametrine garamazdan, şeýle hem А800 (А-V) görnüşli diametri 10-18 mm. bolan armaturada bir basgançak, ýagny 5 MPa ýokarlanmaly, ol hem betonyň geçirijilik berkliginiň ýokarlandyrmagyna laýyk gelýär.

Demirbeton gurnawlarynyň ilkibaşky gysma derejesi hasaplananda, betonyň hasap häsiýetleri betonyň klasy üçin alnylyşy ýaly san boýunça geçiriji berklige deň hasaplanylýar. (çäk interpolýasiýasyna görä).

30. Ýylylyk geçirmezlik wezipesini ýerine ýetirýän bir gatlakly bitewi gurnamalarda betonyň gysbylygynyň ulugygy σwr/Rwr 0,30-dan uly bolmadyk halatynda B7,5-B12,5 toparly ýeňil betonda diametri 14 mm uly bolmadyk A-IV toparly çeýe armaturany ulanmaklyga rugsat berilýär, şeýle ýagdaýda ilkibaşky gatylygy Rwr barabar betonyň berkligi betonyň toparynyň 80% az bolmaly däldir.

31. Gazlaryň, suwuklyklaryň hem-de ürgün maddalaryň täsirinde boljak demirbeton elementleri çatylan çeýe armaturalaryň şu aşakdakylaryny ulanyp bolýar:

1) B-II, Br-II topararmatura simlerini we K-7 we K-19 toparly armatura urganlaryny,

2) А600 (А-IV) we Аt600 (Аt-IV), Аt600К (Аt-IVК), Аt600С (Аt-IVС) toparly özenli armaturalaryny.

Şeýle gurnamalarda А400в (А-IIIв) toparly armaturany ulanmaklyga hem ýol berilýär.

Betona täsiri güýçli, ýerlerdäki gurnamalarda çeýe armatura hökmünde, köplenç А600 (А-IV) toparly armaturany, şeýle hem, Аt1000К (Аt-VIК), Аt800 (Аt-VК), Аt800СК (Аt-VСК), Аt600К     (Аt-IVК) toparly armaturalary ulanmaly.

32. Ölçerip döküp, seljerip goýulmaly ýerlerde armaturanyň görnüşleri hem-de kysymlary, şeýle hem armatura çaýylýan beýleki bölekler üçin guýma polatlar saýlanylyp alnanda, gurnawlar işe girizilende olaryň nähili howa şertlerinde işlediljekdigi hem-de nähili agram ýükleniljek häsiýetleri göz öňünde tutulmalydyr.

Gurnama demirbeton we beton gurnawlaryň, gurnama elementleriniň (göterijileri)  halkalary üçin 10GT kysymly Ас300 (Ас-II) toparly, ВSt3sp2 we ВSt3ps2 kysymly А240 (А-I)  toparly gyzgyn guýlan armatura polatlary ulanylmalydyr.

33. Bu kadalarda we beýleki ýagdaýlarda gyzgyn süýündirilen, termomehaniki taýdan berkleşdirilen özenli armaturanyň anyk görnüşini görkezmek zerurlygy bolmadyk halatynda, onuň alamatlandyrmasynda deň gelýän gyzgyn süýndirilen armatura poladynyň alamatlanylyşy (mysal üçin, A-V topary diýleninde armaturalaryň А800 (А-V), Аt800 (Аt-V), Аt800 (Аt-VК) we Аt800СК (Аt-VСК) topalary göz öňünde tutulýar) ulanylýar.

34. Ýörite synag esasy bolmadyk ýagdaýynda köp gezek gaýtalanýan ýükleriň täsirine sezewar bolýan demirbeton önümlerini, şeýle hem  B-II, Br-II, K-7 we K-19  toparly sim armaturalardan uzynlygy 12 metr uzyn gysby önümler taýýarlanylanda ownuk däneli betony ulanmaga rugsat berilmeýär.

Ownuk däneli beton gurnawlaryň boşluklarynda we üstlerinde goýulýan armaturalar we posdan goraýan gurşaw bilen birikmegi üçin berkligi B12,5 topardan, kanallary inýektirlemek üçin B25 topardan pes bolmaly däldir, elbetde, ol portladsementiň gysylmasyz esasynda inýektirlemelidir.

35. Gurnama demirbeton kärhanasyna gelýän armatura poladynyň döwlet standartynyň belgisi, topary we onuň görnüşleri görkezilen zawod tarapyndan berlen sertifikaty – rugsat haty bolmalydyr.

Eger-de poladyň sertifikaty ýok bolan ýagdaýynda, onda ony synagdan geçirmeli we onuň toparyny hem-de görnüşlerini kesgitlemelidir.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanylan, “Gurluşyk önümleri demirbeton we beton zawotda taýýarlanylan. Doldurma arkaly synag usullary. Berkligini, gatylygyny we jaýryga durnuklylygyny anyklamagyň düzgünleri” atly TDS-8829-94 belgili döwlet standartynyň (mundan beýläk TDS-8829-94 belgili döwlet standarty) talaplaryna laýyklykda armatura poladyna gözegçilik etmegiň tertibi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykan 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Armatura polady. Süýnmä synag usullary” atly TDS-12004-81 belgili döwlet standarty (mundan beýläk –TDS-12004-81 belgili döwlet standarty) boýunça onuň wagta dözümliliginiň uzaklygyna hem-de süýndirilende akyjylygynyň çäginiň ýolunanda uzaldylmasyna, gatnaşygyna, sowuk, ýagdaýynda uçlarynyň egreldilmesine, burulmasyna, şeýle hem kebşirlenendäki görkezijilerine laýyklykda geçirilmelidir.

36. Poslan ýa-da daşy kesmeklän, heňlän mazut, ýag, reňk çalnan armatura polady toparyna we görnüşine garamazdan, gurnama demirbeton önümlerini we gurnawlaryny armaturlamak üçin ýörite taýýarlanmazdan ulanylmaly däldir.

Armatura poladynyň poslan, kesmeklän, heňlän ýerleri öňünden ýörite gapda 50-60ºC ýylylykda 3-10% suw garylan duz ýa-da bor aşgaryna ýatyrmak, suw bilen ýuwmak arkaly arassalanýar, hek garyndysy bilen hanalary aýrylýar. Posdan saplanan armatura polady (süýndürilip, ýenjilip, agram salnyp, çekilip, elektrotermiki taýdan barlanyp we beýleki işler edilip) armatura taýýarlamak, torlary we karkaslary kebşirlemek üçin gysbylanýar.

37. Armatura önümleriniň hiline gözegçilik armatura poladynyň kysymynyň sertifikata laýyk gelýänligi gönüden-göni özenleriniň ýa-da torlaryň hem-de karkaslaryň – gapyrgalaryň kebşirlenýän çybyklarynyň sany we diametri, olaryň ölçegleriniň hem göwrümleriniň deňligini kesişýän özenleriň kebşiriniň berkligini, şeýle hem armatura karkaslarynyň we torlaryň galyba laýyk goýulmasyny barlamakdan ybaratdyr.

Kebşir torlarynyň we karkaslarynyň taslamada görkezilen ölçeglerinden gyşarmalaryň kada laýyklyk gelşi mm görkezilendir:

1) uzynlykda kebşir torlaryň we ýalpak karkaslaryň ölçegleri:

a) 600 mm çenli we ondan ýokary bolmasa – 5 mm;

b) 600 mm ýokary bolsa – 10 mm çenli;

ç) şol ölçegde toryň inine we karkasyň beýikligine çenli bolsa – 10 mm;

d) özenleriň arasyndaky aralyk – 5 mm.

2) torlaryň we karkaslaryň önümiň tekizliginde we onuň ugruna pendendikulýar bolan göni çägi aşakdaky özenlerde:

a) 12 mm çenli – 10 mm;

b) şolar ýaly ýa-da 12  mm ýokary bolanda – 15 mm deňdir.

38. Karkaslaryň we torlaryň kabul edilmesi armatura sehiniň enjamlarynyň görnüşlerine we mehanizasiýalaşdyryşynyň derejesine görä ýeke-ýekeden ýa-da toplumlaryň içinden saýlap alyp geçirilip bilner.

Barlagdan geçirilýän önümleriň sany we toplumyň möçberi önümi taýýarlamagyň tehniki şertleri bilen kesgitlenilýär.

Eger barlanylýan toplumda bir armatura karkasynda poladyň kysymy, armaturanyň özeniniň ýa-da diametri taslamada görkezilendäkä deň gelmese, galan karkaslar ýeke-ýekeden kabul edilýär.

39. Kebşirlemäniň hilini barlamaklyk kebşir birikmelerine gözegçilik boýunça gözükdirmeler we tehniki şertlere laýyklykda geçirilmelidir.

Armaturanyň kebşirlenen birikmelerini barlagdan geçirmek üçin her toplumdan üç sany  bir meňzeş synag nusgalary alynýar we  zeper ýetýänça üzülme synagy geçirilýär.

Diametri 32 mm çenli bolan gyzgyn süýndürilen polatlaryň sepleşýänleri dürtgülenip kebşirlenende (sowuk usullar bilen birikdirilende, şeýle hem 30xr2s kysymly polatlardan başga) kebşirlemäniň himiki sowandan soň gaňryp döwüp synagdan geçirjek bolman egreltmek arkaly barlamaga rugsat berilýär, Egreltmek kebşirlenen erkiň 90% töwereginde geçirilýär: eger şonda döwülmese, jaýrylmasa, kebşirleme birikmesi gowy diýip hasaplanýar.

40. Armatura polady ýapyk ammarlarda toplumlaryna we diametrlerine görä saklanmalydyr. Özenleriň kültemlerinde we topbaklarynda, karkaslaryň we torlaryň önümlerinde zawodyň ýarlyklary berkidilen bolmalydyr.

Karkaslaryň hiliniň erbetligi, adatça, olaryň aralyk ammarlarda kanagatlanarsyzlykly saklanylmagynyň netijesidir. Nädogry goýlanda kebşirlenilen ýerlerdäki simler gopýar, karkaslaryň we torlaryň geometrik görnüşi bozulýar.

Bir-birden sanalyp kabul edilende şeýle karkaslar we torlap yzyna gaýtarylýar, anyklanylan kemçilikler bolsa taýýarlaýjy tarapyndan düzedilýär.


V bap. BETON GARYNDYSY


41. Beton garyndysy öz düzümi boýunça portlandsement iň az harçlanylanda gatan betonyň görkezilen hilini üpjün etmelidir.

42. Beton garyndysynyň düzümi ol taýýarlanylýan mahalynda, sementiň görnüşine, garnuwlaryň görnüşine (çägi we owradylan daş), şeýle hem olaryň külkelenen ölçeg düzümine baglylykda düzedişlere sezewar edilmelidir. Beton garyndysynyň suw zerurlygy, ulanylýan garnuwlara baglydyr we onuň görkezijileri “Çagylyň ýa-da owradylan daşyň iriligine baglylykda garagym çägesiniň we karbonat garnawynyň esasynda dürli aňsat ýerleşijilikli beton garyndysynyň suw talap edijiligi” atly şu Kadalara 9-njy goşundyda görkezilendir.

43. Beton garyndysy üçin başlangyç materiallaryň zerur mukdaryny bölmeklik goýy garyndysynda mehanizmleşdirilen usul bilen ýerine ýetirilmelidir. Galan düzüm bölekleri suw, suwuk goşundylar we olaryň suwly erginlerini möçber usuly bilen ýerine ýetirmek gerekdir.

Düzümi böleklere bölünýän gurluşlaryň ölçeginiň barlagy degişli gözegçiligi amala aşyrýan edaralar tarapyndan ýylda azyndan 2 gezek, guramanyň içki gözegçilik barlagy bolsa her aýda geçirilmelidir.

44. Beton garyndysy taýýarlanylanda garyşdyrmagyň dowamlylygy ýörite barlaghanalar tarapyndan kesgitlenilmelidir.

45. Gury garyndy ýüklenilýän ýörite awtobeton garyjylarda beton garyndysy taýýarlanylanda garnuw ýüklenilenden soňra garmaklyk 30 minudyň dowamynda amala aşyrylmalydyr.

46. Taýýar beton garyndysyny diňe ýörite serişdeler bilen daşamak gerekdir (awtobeton garyjylar, awtobeton çekijiler, ýörite bunkerler).

47. Gurluşyk meýdançasyna beton garyndysy daşalýan gaplar her bir işçi tapgyryndan soňra we uzak arakesmeli (1 sagatdan köpräk) daşalanynyň öň ýanynda arassalanylmalydyr we ýuwulmalydyr.


VI bap. BETON GARYNDYLARYNYŇ GUÝULYŞY


48. Beton garyndysy gös-göni galypa goýulmazynyň öň ýanynda ol hapalardan, armatura bolsa zeň örtüginden arassalanylmalydyr. Galypyň üstleri ýörite ýag bilen örtülmelidir, ol desgalaryň we önümleriň daşky görnüşini we üstüni erbet görkezmeli däldir.

49. Galypa goýulýan beton garyndysynyň süýşüşi şu Kadalaryň 3-nji tablisasyndaky degişli  maglumatlara laýyk gelmelidir.

3-nji tablisa

Gurnaw

Konusyň çökmesi,

sm

1. Binýadyň we poluň aşagyndaky önüm, ýollaryň we aerodromlaryň esasy

2. Ýollaryň we aerodromlaryň, pollaryň, direg diwarlarynyň, binýatlaryň, bloklaryň örtügi

3. Armatura goşulan uly plitalar, pürsler, uly we orta kesilen ýeri gapdaldan 0,4-0,8 metr sütünler

4. Yuka diwarjyklar, sütünler, kiçi kese kesigi 120 mm. galyňlykdaky we bölekleri armatura bilen güýçli doldurylan plitalar


0-1


1-3


3-6


6-8

50. Galypa islendik görnüşde beton garyndysy berlende beton garyndysynyň erkin gaçyşynyň beýikligi 2 mertden ýokary bolmaly däldir.

Beton garyndysyny betonlanylýan desga arasy üzülmesiz birmeňzeş galyňlykda kese gatlak bilen goýmak gerekdir.

51. Beton we demirbeton gurnawlaryň galybyny aýyrmak işleri, galyplar aýrylanda betonyň üstleriň we burçlaryň gyralarynyň bütewiligini saklamagy üpjün edýän berkligini gazanylandan soňra ýerine ýetirilmelidir. Göteriji kebşirlenilen karkaslar bilen armirlenen, betonyň agramyny kabul edýän gurnawlaryň galyplaryny aýyrmak, diňe şol gurnawlaryň betonynyň taslama berkliginiň 25% gazanylandan soňra ýol berilýär.

52. Demirbeton desgalaryny we önümlerini göterýän galyplary şu Kadalaryň 4-nji tablisasyndaky görkezilen beton berkligi gazanylandan soňra aýyrmak gerekdir.


4-nji tablisa

Desgalar we önümler

Taslama agramda betonyň (% taslama) berkligi

Hasaplanylanyň

70%-den ýokary

Hasaplanylanyň

70%-den az

1. Doňan toprakda ýerleşýänler

2. Uzynlygy 6 metrden az bolan göterijiler

3. 6 metr we ondan köp uzynlykdaky göterijiler

100

100

100

70-85

70

80

53. Beton garyndysynyň we betonyň hiliniň barlagy hereket edýän Türkmen döwlet standartyna laýyklykda geçirilmelidir. Ol beton garyndysynyň süýşijiligini we gatylygyny kesgitlemegi, betonyň berkligini, onuň aýaza durnuklylygyny we suw geçirmezligini kesgitlemegi içine alýar.

54. Beton garyndysynyň süýşijiligi we gatylygy iş wagtynyň dowamynda azyndan 2 gezek gös-göni gurluşyk ýerinde ýa-da önümleriň galyplanylýan ýerinde kesgitlenilýär.

55. Betonyň berkligi barlanylanda, onuň gysma berkliginiň synaglary, şeýle hem ýol we aerodrom örtükleriniň önümleri we gurnawlary üçin bolsa betonyň egremde süýndirme synaglary hökmandyr.

56. Betonyň süýndirme berkligini taslamada göz öňünde tutulan berkligiň ululygy bilen deňeşdirmek gerekdir.Betonyň süýnüşiniň berkligi, eger ol kadalaşdyrylanyň 90% köp bolanda taslama laýyk hasaplanylýar.

57. Betonyň suw geçirmezligine we aýaza durnuklylygyna synaglary, beton taýýarlanylýan ýerlerde saýlanylyp alnan beton garyndysynyň nusgalyklary boýunça aýda azyndan bir gezek, beton garyndysynyň düzümi ýa-da peýdalanylýan materiallaryň häsiýetleri üýtgän ýagdaýynda bolsa – her bir täze düzüm üçin haýal etmän geçirilmelidir.

58. Armaturany dartdyrmak bilen deslapdan dartgynlanan gurnawlar gurlanda, betonyň berklik synaglaryny ulanylan beton garyndysyndan barlag nusgalaryny taýýarlamak arkaly geçirmeli.

59. Betonyň, beton we demirbeton önümleriniň hiliniň barlaglarynyň görkezijileri degişli görnüşdäki depderçä geçirilmelidir.


VII bap. ÖÝJÜKLI GARNUWLARDAKY BETONLAR


60. Beton garyndylaryny taýýarlamak üçin uly garnuw hökmünde gabardylan argillidi we gabardylan argillit gumuny, peýdalanmak gerekdir. Turbalar boýunça äkidilýän beton garyndylaryny taýýarlamak üçin gabardylan argillit bölejikleriň iň  uly möçberi 20 mm geçmeli däldir.

Ownuk garnuw hökmünde gabardylan argillit gumuny peýdalanmak gerekdir. Adaty çägeleri peýdalanmaga diňe desgalaryň betonlaryny taýýarlamak üçin ygtyýar berilýär.

61. Beton garyndylarynyň süýşijiligini saklamak üçin gabardylan argillit garnuwynyň esasyndaky goşundyny goşmak gerekdir.

62. Gabardylan argillit owradylan daşyň we gabardylan argillit gumunyň mukdaryny- göwrümi boýunça, sementiň we adaty ownuk dolduryjynyň (çägäniň) bolsa- agramy boýunça kesgitlemelidir. Beton garyşdyryja ýüklenilýän öýjükli dolduryjylaryň (owradylan daş we çäge) möçberi barlanylanda terezili ölçeýjileri  ulanmak bolar.

63. Mejbury we grawitasion hereketli garyşdyryjylarda gabardylan argillitli beton garyndysynyň böleklerini garyşdyrmagyň dowamlylygy şu Kadalaryň 5-nji tablisasynda getirilendir.

5-nji tablisa

   



Konusyň çökmesi,

 sm

Litr sygymly garyşdyryjylarda (litrde) beton garyndysyny garyşdyrmagyň dowamlylygy (sekuntda)

Kg/m3-de betonyň göwrüm agramy

>1700

1400- 1700

1000-

1400

>1700

1400- 1700

1000-

1400

>1700

1400- 1700

1000-

1400

500 m çenli

1000 m çenli

> 1000 m

3 çenli

3-8

8-12

12-den köpräk

100

70

65

45

120

90

105

95

150

120

75

95

120

90

75

125

150

120

105

125

180

150

135

125

150

120

85

75

180

150

135

125

260

210

195

185












64. Gabardylan argillitde taýýarlanylan, tutuşmasynyň başlanýan wagtynyň 1,5 sagatdan az bolmadyk möhletli beton garyndysynyň taýýarlanylan ýerinden goýuljak ýerine çenli ulagly äkitmesiniň dowamlygy 45 minutdan geçmeli däldir. Beton garyndysynyň taýýarlanylan wagtyndan dykyzlandyrma wagtyna çenli saklanmagy +25С çenli temperaturada 1 sagatdan, töwerekdäki howanyň temperaturasy  +25С köp bolan ýagdaýynda 30 minutdan geçmeli däldir

Süýşijiligine baglylykda ýeňil beton garyndylasynyň gatamak wagty şu Kadalaryň 6-njy tablisasynda getirilendir.

6-njy tablisa

Sm-de beton garyndysynyň süýşijiligi

(konusyň çökmegi)

Sekuntlarda beton garyndysyny

yrgyldatmagyň dowamlylygy

4-e çenli

4-6

6-dan köpräk

40

30

25


65. Gabardylan argillitde ýeňil betonlardan desgalaryň we önümleriň galybyny aýyrmagyň möhleti berkligini hasaba alyp gysylanda aşakdakydan pes bolmaly däldir:

1) 0,5 MPa – ýylylyk geçirmeýänler;

2) 1,5 MPa – gurnawly – ýylylyk geçirmeýänler;

3) 2,0 MPa – gurnawlylar üçin;

4) 3,5 MPa – gurnawlar üçin taslama markasyndan 50% az bolmadyk.

66. Öýjükli garnuwlarda desgalaryň we önümleriň galyplary aýrylanda olaryň doňmak mümkinçiliginde gysylan betonyň berkligi aşakdakylardan az  bolmaly däldir:

1) 0,5 MPa – ýylylyk geçirmeýänler üçin;

2) 3 MPa – gurnawly – ýylylyk geçirmeýänler;

3) 5 MPa – gurnawlar.

67. Öýjükli garnuwlarda betonyň hili barlanylanda dykyzlandyrylan beton garyndysynyň agramy we olaryň gatlaklara bölünişi iş gününiň dowamynda azyndan 2 gezek kesgitlenilmelidir.


VIII bap. GYZGYNA ÇYDAMLY BETONLAR


68. Berkidijiler hökmünde 300-400 kysymly şlakopotlandsementi, ortaça ýylylyk goýberýän (ekzotermiýaly) portlandsementi we sulfata durnukly portlandsementi peýdalanmak gerekdir. Däneleriniň göwrümi 40 mm geçmeýän owradylan daş görnüşindäki iri dolduryjyny peýdalanmak gerekdir. +50 - +200°С temperaturalar üçin gyzgyna çydamly betonlaryň beton garyndylarynyň süýşijiligi konusyň 2 sm-den köp bolmadyk çökmegi bilen häsiýetlendirilmelidir.

69. Gyzgyna çydamly betonlar üçin garyndylary taýýarlamagy mejbury hereketlendirilýän garyşdyryjylarda amala aşyrmak gerekdir. Beton garyndylary taýýarlanylanda çarha ähli gury düzüm bölekleri guýmaly we 1 minutlap garyşdyrmaly. Şondan soňra gury garynda gerekli mukdarda erediji düzümi (suw, suwuk aýna we beýlekiler) goşmaly we azyndan 3 minudyň dowamynda goşmaça garyşdyrmaly.

70. Beton garyndysynyň taýýarlanylan pursadyndan, onuň goýulmak pursadyna çenli wagt glinozýomly sementdäki we suwuk aýnadaky garyndylar üçin 30 minutdan ýokary we beýleki sementlerdäki betonlar üçin 1 sagatdan köp bolmaly däldir. Gabardylan argillitdäki gyzgyna çydamly beton garyndysyny taýýarlanylandan soňra şol bada hem guýmaly.

71. Betonlaryň gatamagynda rugsat berilýän howanyň gyzgynlygy +15°С -den pes, glinozýomly sementdäki betonlar üçin +7°С -den pes bolmaly däldir. Berkidiji sementlerdäki betonlaryň gatamagy üçin iň amatly gyzgynlyk +15°С -den +25°С-a çenli, suwuk aýna peýdalanylan betonlar üçin bolsa +30-dan +60°С çenlidir.

72. Gurnawlaryň galybyny aýyrmaklyk, taslama resminamalarynda göz öňünde tutulan betonyň berkligi gazanylandan soňra, ýöne glinozýomly sement we suwuk aýnaly betonlar üçin 3 gije-gündizden, adaty sementlerdäki betonlar üçin 7 gije-gündizden soň geçirilmelidir.

73.  Gyzgyna çydamly betonlaryň gatamagynyň barşynda desgalaryň doňmagyna ýol berilmeýär. Glinozýomly sementdäki we adaty smentlerdäki betonlary gyzdyrmaga bu maksat üçin niýetlenilen serişdeleriniň islendigini peýdalanmaga ýol berilýär. Suwuk aýnadaky betonlary gyzdyrmaklygy diňe ýyly howa bilen amala aşyrmalydyr.

74. Gyzgyna çydamly betony guratmaklyk, onuň taslama kysymyny gazanandan soňra ýerine ýetirilmelidir. Guratmagyň we ýylylyk abzalaryň ilkinji gezekki gyzdyrylmagynyň tertibini “Gyzgyna çydamly betony onuň oňyn temperaturada guratmagyň we ýylylyk agregatlaryny birinji gezek gyzdyrmagyň düzgünleri” atly şu Kadalara 10-njy goşundyda bellenenlere laýyklykda ýerine ýetirmelidir. 

Guratmagyň tertibiniň barlagy ýörite ýylylyk buglarynyň kömegi bilen amala aşyrylmalydyr.

Guratmak we ýylylyk abzallaryny gyzdyrmak işiniň barşynda gije-gündiziň dowamynda şu aşakdaky temperaturada ýylylyk bilen işlemegiň goşmaça çägi saklanylmalydyr:

1) 400°С -daşy metal ýapyly ýylylyk abzallary üçin;

2) 200°С -gurnama böleklerden ýygnanylan ýylylyk abzallary üçin;

3) 300°С – 70 sm köpräk galyňlykly bölegi ýa-da toprak bilen çäkleşýän bölegi bolan ýylylyk abzallary üçin.

75. Gyzgyna çydamly betondan ýylylyk abzaly sowadylanda gyzgynlygy 1 sagatda 50°С köp bolmadyk tizlik bilen +600°С çenli, +600°С aşak – 1 sagatda +20°С çenli peseltmek gerekdir. Ýylylyk abzalynyň gaýtadan gyzdyrylmagy 2 gije-gündizden köpräk arakesmeden soňra bir sagadyň dowamynda +50°С ýokary bolmadyk tizlik bilen geçirilmelidir.

76. Gyzgyna çydamly beton guradylanda ýylylyk abzalynyň işçi giňişliginiň deňölçegli gyzdyrylmagyny üpjün etmek gerekdir. Guratmakdan öň we ol tamamlanandan soň ýylylyk abzaly gözden geçirilmelidir we delilnama düzülmelidir.

77. Gyzgyna çydamly beton üçin beton garyndysynyň taýýarlanylyşynyň we goýulyşynyň hiliniň barlagy şeýle görkezijiler boýunça geçirilmelidir.

Goşundylaryň we gatadyjylaryň üwelişiniň inçeligini şol materiallaryň her bir täze tapgyry gelip gowşanynda geçirmeli, garnuwyň bölejikler düzümini uly garnuwlylar üçin 5 kg az bolmadyk we ownuk garnuwlylar üçin 1 kg agramlyny sepmek usuly bilen ortaça synagy amala aşyrmak gerekdir.

Betonda gyzgynlygy ölçemek üçin çuňlaşdyrma 100-150 mm çenli, uly gurluşlarda bolsa 500 mm çuňluga çenli bolmalydyr.

78. +100°С ýokary gyzgynlykda ulanmak üçin niýetlenilen betonyň nusgalyklarynyň berkligi diňe bir kadaly-çygly tertipli şertlerde dälde, eýsem hem, ulanylyş gyzgynlygyna çenli gyzdyrylandan soň kesgitlenilmelidir.


IX bap. GARAGUM ÇÄGESINDE AWTOKLAW DÄL GAZOBETON ÖNÜMLER


79. Öýjükli awtoklaw däl gazobeton önümleri taýýarlamak üçin şeýle materiallar peýdalanylýar:

1) berkidijiler (portlandsement);

2) öýjük emele getirmek üçin (alýumin pudrasy, kaustik sodasy, ýa-da hek) iriligi 0,1 pes bolmadyk we toprak düzümli bölejikleri (<0,005 mm) 8% köp bolmadyk modully çäge;

3) öýjükli beton garyndysynyň (gurluşyk gipsi, natriý sulfaty, hlorly kalsiý ýa-da hlorly natriý we baş) gabartmak, tutuşdyrmak we gatamak möhletlerini sazlamak üçin goşundylar;

4) suw;

5) armaturaly polat;

6) armaturalaryň poslamasyna garşy gorag, önümleriň daşky üstki gatlagynyň goragy,  owadanlyk bezegi üçin materiallar

7) ýaglaýyş materiallary.

80. Tozan görnüşli çägede öýjükli awtoklaw däl gazobetony almak üçin berkidiji hökmünde  “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2015-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda çykaran 1/139 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Portlandsement we şlakportlandsement. Tehniki şertler” atly TDS 753-2015 belgili döwlet standartynyň (mundan beýläk-TDS 753-2015 belgili döwlet standarty) talaplaryny kanagatlandyrýan 400-den pes bolmadyk belgili adaty portlandsement peýdalanylýar. Pussolan sementiniň, şlakoportlandsementiň we ýörite sementleriň beýleki görnüşleriniň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

81. Çäge şu aşakdaky talaplary kanagatlandyrmalydyr:

1) dökülýän göwrümli agramy – 1300-1450 kg/m3;

2) dykyzlygy – 2,60-2,70 g/sm3;

3) iriliginiň moduly 0,1 köp;

4) çyglylygy 3%-pes;

5) toprak bölejekleriniň saklanylyşy (fr <0,005 mm) 8%-pes.

82. Öýjük emele getirmek -gaz emele getirijiler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) gaz emele getirijiniň esasy bölegi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 93-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Alýumin pudrasy. Tehniki şertler” atly TDS 1450-2020 belgili döwlet standartynyň (mundan beýläk TDS 1450-2020 belgili döwlet standarty) talaplaryna laýyk gelýän alýumin pudrasy;

2) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Tehniki iýiji natr (kaustik soda)” atly TDS-2263-79 belgili döwlet standartynyň talaplaryny kanagatlandyrýan kaustrik sodasy (tehniki iýji natr).

Gaz emele getiriji hökmünde kaustiki sodany 5-10% konsentrasiýaly suw ergini görnüşinde peýdalanmak gerekdir. Kaustik sodanyň alýumin pudrasyna agram gatnaşygy 3:1 (gury madda hasaplanylanda) laýyk bolmalydyr;

3) gaz emele getiriji bölek hökmünde kaustik sodanyň ýerine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 266-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Gurluşyk heki. Tehniki şertler” atly TDS 1051-2017 belgili döwlet standartynyň talaplaryny kanagatlandyrýan suw guýulmadyk hek peýdalanylyp bilner.

Gaz emele getiriji bölek hökmünde suw guýulmadyk heki üwelýän abzalda sement-çäge başlangyç garyndysynyň olary bilelikde uwelýän pursadynda goşmak gerekdir.

83. Hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda ulanmaly goşundylar:

1) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanylan, “Gips tutduryjylar. Tehniki şertler.” atly TDS-125-79 belgili Türkmen döwlet standarty - gurluşyk gipsi;

2) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanylan, “Tehniki hlorly kalsiý. Tehniki şertler.” atly TDS-450-77 belgili döwlet standarty - tehniki hlorly kalsiý; hlorly natriý – tehniki aşpez duzy;

3) üstki-işjeň maddalar:

a) sulfanol;

b) sulfit – hamyrmaýaly bražka we başgalar.

84. Suw “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanylan, “Erginler we betonlar üçin suw. Tehniki şertler.” atly TDS-23732-79 belgili döwlet standartynyň (mundan beýläk- “TDS-23732-79 belgili döwlet standarty) talaplaryny kanagatlandyrmalydyr.

85. Armatura polady “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 1/289 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Kebşirlenen armatura we girew önümleri, demirbetondan konstruksiýalaryň armaturasynyň we girew önümleriniň kebşirlenen birikdirmeleri. Umumy tehniki şertler” atly  TDS 847-2016  belgili döwlet standartynyň (mundan beýläk- TDS 847-2016  belgili döwlet standarty) talaplaryna laýyk gelmelidir. Armaturalary we goýulýan detallary taýýarlamak üçin poladyň belgisini görkezmek bilen öndüriji zawodyň sertifikaty bolmalydyr. Poladyň berkliginiň barlag synaglary TDS-12004-81 belgili döwlet standartyna laýyklykda geçirilmelidir.

86. Metal galyplar üçin ýaglaýyş materiallary şu aşakdakylardan yybaratdyr:

1) nebit;

2) solýarka ýagy;

3) solidol.

87. Armaturalary we goýulýan detallary posdan goramak üçin öýjükli awtoklaw däl gazobetondan edilen önümlerde posa garşy örtükleri peýdalanmak gerekdir.

Gorag örtüklerini almak üçin aşakdakylary peýdalanmak maslahat berilýär:

1) sement-bitumly sowuk goýy sakgyç;

2) sement-polistirol goýy maddasy;

3) lateksnosilikat çalgy ýagy.

Poslama garşy örtükleri taýýarlamagy, olary polat armatura we goýulýan detallara çalmagy, şeýle hem, poslama garşy goragyň hiliniň barlagyny, kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda geçirmelidir.

88. Çäge üwelmezden öňürti guradylýan abzalda 3% çyglylyga çenli (agramy boýunça) guradylmalydyr.

Suw guýulmadyk hek gaz emele getirijiniň bölegi hökmünde peýdalanylanda soňky we üwelmezden öň 25 mm inlilikdäki ölçegde böleklere owradylmalydyr.

Şar şekilli owradyjyda çägäniň, sementiň suw guýulmadyk hekiň bilelikdäki üwelmesi 2000-2500 sm2/g (PSH abzaly boýunça) udel üste çenli gurylygyna üwemeklik geçirilýär.

Suw guýulmadyk hekiň görnüşine baglylykda owradylan sement-çäge garyndysynyň düzüminde onuň mukdary 5-7% (sementiň agramyndan) geçmeli däldir.

89. Alýumin pudrasy gyzdyrylmadyk görnüşde, suw-alýuminli görnüşde suspenziýalarda şeýle gatnaşyklarda peýdalanylýar: 1 agram bölegi alýumin pudrasy we 10-15 agram bölegi suw.

Suw-alýumin suspenziýalaryny taýýarlamak üçin ýörite garyşdyryjylarda una şeýle düzümli üstki-işjeň maddalaryň suwly ergini garyşdyrylýar:

OP-7 (OP-10) – 0,2-0,4% (2-4 g/l); sulfanol PO-6 we beýlekiler – 0,4-0,5% (4-5 g/l). Garyşdyryja ýyly suw (+50-70ºS) guýulýar, üstki-işjeň madda atylýar we üstki işjeň madda suwda doly ereýänçe ykjam garyşdyrylýar. Soňra alýumini pudrasy goşulýar we suspenziýanyň büdür-südürsiz birgörnüşli gury pudra alynýança 7-10 minudyň dowamynda täzeden garyşdyrmaly. Suw-alýumin suspenziýasy şeýle görnüşde peýdalanmaga taýýardyr. Suspenziýany peýdalanmazdan öň 3-5 minutyň dowamynda garyşdyrmak gerekdir.

90. Öýjükli awtoklaw däl gazbetonyň düzümini saýlap almaklyk täze önümçilik guralanda, çig malyň häsiýeti üýtgände, başga göwrüm agramyna geçilende geçirilýär.

Düzümine zawod (seh) barlaghanasy bilen saýlap almaklyk ilkide barlaghana nusgalarynda geçirilýär we tebigi önümlerde önümçilik şertlerinde takyklanylýar.

Öýjükli awtoklaw däl gazbetonyň düzümini saýlap almak boýunça işler gerekdir belgini we aýaza durnuklylygy üpjün edýän berlen göwrüm agramynda portlandsementiň amatly harçlanylmagynyň anyklanylmagyna syrygýar.

91. Öýjükli awtoklaw däl gazbeton degişli kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda guradylan ýagdaýda göwrüm agyrlygyna baglylykda, gysylanda berkligi boýunça aşakdaky taslama kysymlary bilen häsiýetlendirilmelidir:

1) 600 kg/m3 – 15 kg/sm2

2) 700 kg/m– 25 kg/sm2

3) 800 kg/m– 35 kg/sm2

4) 900 kg/m3 – 50 kg/sm2

5) 1000 kg/m3 – 75 kg/sm2

6) 1100 kg/m3 – 150 kg/sm2

7) 1200 kg/m3 – 150 kg/sm2

Çägäniň we portlandsementiň amatly gatnaşyklaryny anyklamak üçin akyşyň amatly derejesini üpjün edýän (şu Kadalaryň 7-nji tablisasy) S/G bilen synag garyndysy taýýarlanylýar we her bir garyndy boýunça 10x10x10 sm ölçegdäki kub görnüşli nusgalaryň 6-sy taýýarlanylýar. Nusgalary döretmeklik keseligine gönükdirilen yrgyldama stolunyň 0,1-0,25 mm çäklerindäki yrgyldylarynyň hemişelik amplituda 2+10+2 sagat düzgün boýunça 85-90°С buga tutulandan we guradylandan soňra gazbeton gysylanda göwrüm agyrlygy we berkligi kesgitlenilýär.


7-nji tablisa

Gazbeton garyndysyny suwuň gatadyjylyk (S/G) gatnaşygyny kesgitlemek üçin erginiň akyjylyk derejesi

Ady

Öýjükli awtoklaw däl gazobetonyň hemişelik agram ýagdaýyna, kg/m3 çenli guradylan berlen göwrüm agramy

600-700

800-900

1000-1100

1200

Suttradyň wiskozimetri boýunça +45-50°С gyz-gynlykly eretmäniň dia-metri (sm-de)


12-11


11-10


9-8


7

92. Çägäniň agramy boýunça portlandsemente takmynan gatnaşygyny – S şu Kadalaryň 8-nji tablisasy boýunça kabul etmek mümkindir.

Şu Kadalaryň 7-nji tablisasyna laýyklykda S berlen we göwrümli argamyň akyjylyk üpjünçiligini hasaba almak bilen S/G suwuň gatadyjylygynyň amatly gatnaşygy saýlanylýar.

8-nji tablisa

Yrgyldama tehnologiýasy boýunça awtoklaw däl gazbeton düzümini saýlap almak üçin S başlangyç derejesi

Portlandsementiň belgisi

Guradylanda gazbetonyň göwrüm agramy, kg/m3

600

700-800

900-1000

1100-200

M 400

1,0-1,50

1,25-1,75

1,50-2,0

1,75-2,25

Berlen S gazbeton üçin S/G saýlamagyň dogrulygynyň barlagy gaz garyndysy 45-50°С gyzgynlykdaky deslapky S/G bilen 2000-2500 sm2/g udel üstli düzüminde taýýarlanylan 10x10x10 sm ölçegli kub görnüşli nusgalaryň altysynyň berkligi we kesgitli göwrüm agram esasynda geçirilýär.

93. Garynda harçlanylýan materiallar şeýle görnüşde kesgitlenilýär:


R gury = γs/Ks · V,                                                 (1)


bu ýerde: R gury – garyndy üçin harç edilen materiallar, kg;

Ys – gazobetonyň guradylan ýagdaýynda göwrüm agramy, kg/m3;

Ks – 1,1 deň hasaplar üçin peýdalanylýan suwuň hasabyna gatadylanda agramyň artmak koefisiýenti;

V – gyňagyň emele gelmegi üçin 10% ulaldylan galypa şol bir wagtda guýulýan litirdäki göwrümi hasaba almak bilen öýjükli garyndynyň  berlen göwrümi

Rss = Rgury/ 1+S

bu ýerde: Rss – portlandsementiň agramy, kg:

Bw = Rgury/ S/G,

bu ýerde: Bw – suwuň agramy, kg

Gazobetonyň berlen göwrüm agramyny almak üçin garynda harçlanylýan alýumin purdasyna degişli kadalaşdyryjy resminama laýyklykda almalydyr.

Alýuminiý pudrasynyň takmynan harçlanylyşyny şu Kadalaryň 9-nji tablisasy boýunça almak mümkindir.

9-njy tablisa

Alýuminiý pudrasyny harçlamagyň başlangyç ululyklary


Aşgarly bölek

Gazabetonyň göwrüm agramynda alýuminiý purdanyň harçlanylyşy (gury bölekleriň agramyndan kg-da), kg/m3

600

700

800

900

1000

1100

1200

Hek

kaustik soda

0,65

0,75

0,60

0,70

0,50

0,65

0,45

0,60

0,40

0,50

0,35

0,45

0,30

0,40

94. Gazbeton goýy garyndysy SMS-40 kysymly yrgyldyly gazbeton garyşdyryjyda ýa-da yrgyldyly garyndy garyşdyryjy islendik beýleki abzalda taýýarlanylýar.

Yrgyldyly garyşdyrmagyň depginliligi degişli kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda kesgitlenilmelidir.

Gazbeton goýy garyndysy taýýarlanylanda okda aýlanýan yrgyldyly betongaz garyşdyryja berlen gyzgynlyga çenli gyzdyrylan gerek bolan  mukdardaky suw we kaustik sodanyň aşgarly ergininiň gerek bolan mukdary we suwuk goşundylar (SDB, NaCI, Na SO4 we beýlekiler) guýulýar, olar 30 sekundyň dowamynda garyşdyrylýar.

Yrgyldyly gazbeton garyşdyryjy ulgamyň yrgyldaýyş işiniň 1-nji iş tertibi birikdirilenden soňra, oňa gury sement-çäge garyndysynyň gerek bolan mukdary guýulýar. Sement-çäge garyndysyny guýmaklyk 100 kg köp bolmadyk möçberde 1-4,5 minutyň dowamynda deň ölçegli ýerine ýetirilmelidir. Kesgitlenilip alnan materiallary garyşdyrmagyň umumy dowamlylygy 3-5 minutdan köp bolmaly däldir.

Alýuminiý pudrasynyň suw ergininiň (suspensiýasy) kesgitlenilip alnan mukdary yrgyldyly gazbeton garyşdyryja ürgün materiallar deslapky garyşdyrylandan soňra derrew hem berilýär, ondan soňra yrgyldyly beton garyjy ulgamyň yrgyldyly işiniň 2-nji iş tertibi birleşdirilenden soň şement-çäge goýy garyndysy 1,0-1,5 minutyň dowamynda goşmaça garyşdyrylýar. Wagtyň bu döwrüniň dowamynda yrgyldyly gazbeton garyjy galyplanylýan ýere tarap öwrülýär.

95. Galyplanylýan ýerde gazbeton goýy garyndysy 1-1,5 minutyň dowamynda guýmak üçin taýýarlanylan galypa berilýär. Yrgyldyly gazbeton garyjyny boşatmak gaz goýy garyndysynyň şepbeşikligine baglylykda yrgyldaýyş ulgamynyň işiniň 1-nji iş tertibinde nähili bolsa, 2-nji iş tertibi hem şonuň ýaly amala aşyrylýar.

Gaz goýy garyndysyny taýýarlamagyň we galyplara guýmagyň umumy dowamlylygy yrgyldyly gazbeton garyjy doly doldurylanda takmynan 20-25 minutdan ybaratdyr.

Yrgyldyly gazbeton garyjy her bir iş gününde 2 gezek ýuwulmalydyr.

Kaustik sodanyň ýerine gaz emele getiriji bölek hökmünde gowşadylmadyk hek peýdalanylanda, gazbeton goýy garyndysy kaustik sodanyň aşgarly erginsiz taýýarlanylýar.

96. Öýjükli awtoklaw däl gazbetondan önümleriň galyplanyşy konweýer ýa-da akym-abzal bilen ýerine ýetirilýär.

Gazbeton önümleriň yrgyldyly gabardylyşy sazlaýan ýygylyklarynyň we amplitudalarynyň gapdala gönükdirilen yrgyldylaryny döretmegi üpjün edýän bir ýa-da birnäçe ýörite meýdançalarda alnyp barylýar. Senagat taýdan K-494 kysymly yrgyldyly meýdançanyň tapgyry çykarylýar. Yrgyldyly galyplamagyň depginliligi we onuň usullaryny kesgitlemeklik yrgyldaýyş tehnologiýasy boýunça gözükdirmä laýyklykda anyklanylmalydyr.

Öýjükli awtoklaw däl betondan önümleriň galyplanyşy kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny kanagatlandyrýan metal galyplarda amala aşyrylmalydyr.

Galyplamadan öňünçä  metal galyplar dykgat bilen arassalanylýar, içki tarapdan ýörite ýaglar bilen ýaglanýar we ýygnalýar.

Taýýarlanylan metal galyp oňa armatura karkaslary we gurnama petleleri goýlandan soňra kese ýagdaýda yrgyldyly meýdança ýerleşdirilýär. Armaturaly tor we karkas gazbetonyň gorag gatlagy bolup hyzmat edýän 2 sm galyňlykdaky beton erginine goýulýar. Sandyradyjy meýdançadaky galyby howa basyşly gysyjy pahna berkidiji ýa-da beýleki bir görnüşli berkidiji bilen berkitmek bolar.

Gazbeton önüm guýulanda sandyradyjy meýdançada gös-göni gaz garyndysy galyba guýulýan pursatyndan sandyratmaklyk başlanmalydyr we onuň güberçekleýän pursatynyň ähli dowamynda dowam etmelidir. Sandyradyp guýmagyň dowamlylygy 5-7 minut bolmalydyr. Töweregiň howasynyň gyzgynlygy 15-200°С bolanda sandyradyp ýaýratmaklygyň yzygiderli dowamlylygy 7 minut bolmalydyr, 30-35°С bolanda (ýylyň tomus paslynda) 5 minutdan köp bolmaly däldir.

Galyba guýulan gazbeton önümleriň “gyňaklary” tekizleýiş we daşky ýüzüni timarlaýyş meýdançasynda (gallaýjy önümler we gurnawlar guýulanda ýüz tarapy “ýokaryk”) gyzgynlyk bilen işlenip bejerilmezinden öň ýapyk jaýda 15-20°С gyzgynlykda azyndan 8 sagat saklanmaly.

97. Öýjük awtoklaw däl gazbeton önümleriniň “gynaklary” gyrylyp aýrylmaly däl-de, olar synçgalanmalydyr.

Galyba guýulan önümler timarlaýyş meýdançasynda ýokarky gatlagy plastik berkligine ýetýänçä, “gyňaklar” ýörite tekizleýji maşyn bilen tekizlenende gapgarmaklygyň onuň okuna ýelmeşmeýän derejesine çenli saklanýar.

Galyba guýulan önümiň “gyňagynyň” plastik berkligi ol synçgalananda 0,1 kgs/sm 2 az we 0,2 kgs/sm 2 köp bolmaly däldir.

“Gyňaklary” dykyzlandyrma usuly bilen önüm taýarlananda metal galybyň içlikleri we basyjy oklary galybyň erňeginden ýokarda bolmaly däldir.

“Gyňaklary” dykyzlandyrmasy özi ýöreýän dykyzlandyryjy maşynlar bilen ýerine ýetirilýär. Önüm guýulan galyplar timarlaýyş meýdançasynda dykyzlandyryjy maşynyň okuna kese ýagdaýda berk parallel ýatyrylyp goýulmalydyr.

“Gyňaklary” synçgalamaklyk oky galybyň erňegine çenli agramlyga çümdirilip, ony galybyň içinde süýşürmek arkaly amala aşyrylýar. “Gyňaklary” dykyzlandyrylýan döwrüniň ähli dowamynda dykyzlandyryjy maşynyň gurnawy oky galybyň içine iň aşaky derejä çenli goýbermäge mümkinçilik berýär. Şunda “gyňaklary” dykyzlandyrmagyň tizligi 5-6 m/min az bolmaly däldir.

Gapgarmaklygyň okyň ýüzüne ýelmeşmek mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen dykyzlandyrylýan wagt önümiň “gyňagy” 1,2 mm galyň bolmadyk gury çäge sepmelidir.

Öýjükli awtoklaw däl gazbetondan germewlik gurnawyň daşyny bezemek işi “gyňakly” dykyzlandyrylandan soň, hem-de olar ýylylyk bilen işlenip taýarlanandan soň geçirilip bilner.

Önümiň daşky ýüzüni “gyňagy” gös-göni dykyzlandyrylandan soň keramiki plitalar, ony oýmak, aýna-mozaik plitalar, owradylan daş önümleri bilen bezemek bolar.

Önümiň daşky ýüzüne keramiki plitalary we owradylan daş önümlerini çümdirmekligi dykyzlandyryjy maşynyň kömegi bilen ýerine ýetirip bolar.

Öýjükli awtoklaw däl gazbeton önüminiň daşky ýüzüni bezemek işini ýylylyk bilen işlenip taýýarlanandan soň hem geçirip bolar.

Şular ýaly ýagdaýlarda önümi galypdan çykarmak we ony bezemek işleri dürli polimer önümlerini ýüzüne örtmek arkaly ýöriteleşdirilen meýdançada ýa-da mehanizmleşdirilen konweer ulgamynda amala aşyrylýar.

Şeýle örtükleriň düzümleri, olary taýýarlamagyň usullary we olary gatatmaklyk degişli gözükdirijiler we gollanmalar esaslarynda ýerine ýetirilmelidir.

98. Daşky ýüzüniň owadanlyk bezeginiň görnüşine bagly bolmazdan öýjükli awtoklaw däl betonlardan taýýarlanan önümleriň suwa durnuklylyk häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin olaryň daşky ýüzi ikinji gezek hökman suwa durnukly bolar ýaly kremneorganik düzüm bilen işlenip bejerilýär. Suwa bolan durnuklylygy ýokarlandyrmak işleri degişli gözükdiriji esasynda geçirilýär.

99. Şekile getirilen gazbeton önümlerini gatatmaklyk gazbetonlarynyň goýberilýän berklik we çyglylyk derejesine ýetmäge ýardam berýän şertlerinde we gysga wagtyň içinde geçmeli. Gazbeton önümlerini ýylylyk bilen işläp bejermeklik elektrik ýa-da gaz infragyzyl şöhlelendirijileriň kömegi bilen tonnel ýa-da yşgalaňly kameralarda amala aşyrylýar.

Ýylylyk çeşmesi hökmünde ýörite ýanýan odun önümleri, gorelkalar ýa-da senagat gazanlaryndan we peçlerinden çykýan gazlar hyzmat edip biler.

Elektrik infragyzyl şöhlelendirijili kameralar peýdalanylanda ýylylyk çeşmesi hökmünde turba görnüşli elektrik gyzdyryjylar (mundan beýläk-TGEG) ulanylýar, gaz infragyzyl şöhlelendirijiler peýdalanylanda bolsa “Ýyldyzjyk”, GIIB-1, GIIBL  görnüşli gaz gyzdyryjylary ulanylýar.

Gazbeton önümleriniň şeýle kameralarda ýylylyk bilen işlenip taýýarlanylyşy bitewi tehnologik dowamlylykda gatatmaklygy we guratmaklygy utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa gury gyzgyn howa şertlerinde  tehnologiýany ýeňilleşdirýär we onuň jaýrylmazlygyny ýokarlandyrýar.

Gazbeton önümlerini ýylylyk bilen işläp bejermek üçin ulanylýan yşgalaňly we tonelli kameralaryň ýylylyk hasaplamalary degişli hereket edýän görkezmelere laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

100. Kameranyň gurnawyna we ýylylyk çeşmesine garamazdan galyňlygy azyndan 16-20 sm bolan gazbeton önümleriniň ýylylyk bilen işlenip bejerilişi temperaturaly 15-20 gradus/sagat tizlikde önümiň üstki gatlagyny gyzdyrmagyň şertlerinden berilýän 100-130°С temperaturada izotermiki saklamak bilen  80-90°С çenli temperaturaly gury gyzgyn howada geçirilýär.

Ýylylyk bilen işläp bejermegiň tertibini saýlap almaklyk we onuň dowamlylygy önümiň iň uly kesişmesiniň merkezinde 4-6 sagadyň dowamynda 60-70°С ýeten temperaturadan we 6-8 % guradylandan soň ahyrky çyglylykdan kesgitlenýär.

Zawod şertlerinde ýylylyk bilen işläp bejermegiň tertibi sementiň hiline, gazbetonyň düzümine we onuň ahyrky çyglylygyna baglylykda kesgitlenýär. TEG-ly – elektrik infragyzyl şöhlelendirijili tonnel kameralarynda gazbeton önümlerini ýylylyk bilen işläp bejermegiň ugur alynýan tertibi aşakdaky ýalydyr: kameradaky howanyň temperaturasyny 100-130°С ýetirmek – 5 sagat, 100-130°С izotermiki saklanyşy – 5 sagat. Gyzgynlyk çeşmesine bagly bolmazdan, kamerada önümi guratmaklyk awtomatiki abzallaryň kömegi bilen amala aşyrylmalydyr.

101. Ýylylyk bilen işlenip bejerilenden soň önümli galyplar yşgalaňly ýa-da tonnelli kameralardaky howanyň gyzgynlygy 40°С çenli tapawutlylykda düşürilmelidir. Önümli galyplar sökülmezinden öň azyndan 2 sagadyň dowamynda howada saklanmalydyr.

Galyplar sökülende kärhananyň Tehniki gözegçilik bölüminiň we barlaghanasynyň wekilleri olaryň hilini barlaýarlar, fiziko-mehaniki häsiýetlerini kesgitlemek, öňünden kemçiligini tapmak we belliklemek üçin synag nusgalaryny saýlap alýarlar. Galyp aýrylandan we saklanandan soň önümler timarlaýyş meýdançasyna geçirilýär.

Önümiň doly zawod taýýarlygyna çenli gutarnykly timarlaýyş işleri: tekizligi we gyşyk ýerlerini abatlamaklygy, soňra suwa durnuklylygyny geçirmek bilen daşky bezegine ýelmeşen tozandan hem-de beton syçratgylaryndan arassalamagy we içki ýüzüni çalt gataýan şpatlýowka önümleri bilen timarlamagy öz içine alýar.

Haçan-da “gyňakly” dykyzlandyrylan pursatynda önümiň daşky ýüz tarapynyň bezeg işleri geçirilýän ýagdaýynda, galyp sökülip aýrylandan soň diňe onuň daşky ýüzünde abatlaýyş we suwa durnuklylygyny ýokarlandyrmak işleri geçirilýär.

Önümi howanyň täsirinden goramak we oňa bezeg bermek üçin, önümleri taýýarlamak boýunça gözükdirijä hem-de öýjükli betondan diwarlyk bloklaryň we panelleriň ýüz tarapyny timarlamak hem-de goramak boýunça gözükdirijä laýyklykda gorag-timarlaýyş ýa-da gorag örtügi bilen örtmek işleri geçirilýär.

102. Önüm zawod taýýarlygy derejesine çenli timarlaýyşdan soň kärhananyň Tehniki gözegçilik bölümi tarapyndan kabul edilýär, belliklenýär we taýýar önümler ammarynda saklanýar. Öýjükli awtoklaw däl gazbetondan taýýar önümler çygdan we gün şöhleleriniň gös-göni düşmeginden goralmalydyr.

Diwarlyk paneller we bloklar tagta düşeginiň üstünde dik ýagdaýynda, örtük üçin plitalar bolsa aralarynda uzynlygy boýunça tagta düşelip alty setirden ýatan görnüşinde saklanmalydyr.

Iri panel önümleri gurluşyk meýdançalaryna ýörite enjamlaşdyrylan ulaglarda daşalmalydyr.

Daşaýjy serişdeleriň direg we gysyjy enjamlarynyň önümleriň we timarlanan ýüzüniň bitinligini üpjün edýän ýumşak içlikleri bolmalydyr.

Gurluşyk meýdançalarynda diwarlyk paneller we bloklar dik görnüşinde ýörite enjamlarda, örtük plitalary bolsa uzynlygy boýunça aralaryna tagta düşelip alty setirden ýatan görnüşinde saklanmalydyr.

103. Önümler gurluşyk meýdançalarynda has uzak wagtlap (bir hepdeden köp) saklananda, olar howa çökündilerinden we gün şöhlelerinden goralmalydyr.

1) Aşakdakylar gözegçilige degişlidir:

a) çäge – organiki garyndysy we güm tozanlarynyň düzümini, olaryň galyndysyny kesgitlemek;

b) guradylandan soň çyglylyk;

ç) aktiw СаО hekiniň düzümi, ýakmagyň tizligi we gyzgynlygy;

kaustik soda – esasy maddanyň % möçberi;

portlandsement – kadaly goýulygy we tutuşynyň möhleti;

alýumin pudrasy –TDS 1450-2020 belgili döwlet standarty boýunça her bir täze tapgyry.

2) Aşakdakylar amal gözegçiligine degişlidir:

sement-çäge garyndysynyň eleýji enjamdaky külkelenilişiniň derejesi – her çaşykda azynda iki gezek;

sement-çäge garyndysy külkelenende kesgitlenen möçberiniň berjaý edilişi “Gury sement çäge garyndylarynda sementiň mukdar taýdan saklanylyşyny kesgitlemegiň usuly” atly şu Kadalara 11-nji goşundyda bellenen görkezijilere esaslanyp – her çalşykda azyndan alty gezek;

ç) suwyň gyzgynlygy – her çalşykda azyndan dört gezek;

gazbeton garyndysy guýulýan wagty onuň suttard boýunça goýulygy we temperaturasy – her çalşykda azyndan dört gezek;

kaustiki sodanyň garyndysynyň düzümini barlamak – her bir taýýarlanan tapgyry;

suw-alýumin suspensiýasynyň hili – her bir taýýarlanan tapgyry;

sandyradyjy meýdançasynyň titremesiniň amplitudasy we ýygylygy – hepdede bir gezek.

104. Kärhananyň Tehniki gözegçilik bölümi aşakdakylara gözegçilik etmeli:

1) armatura karkaslaryna we guýulýan betonlara –TDS 847-2016 belgili döwlet standaryna hem-de “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Demirler. Süýnmä synag usullary” atly TDS-1497-84  belgili döwlet standartyna laýyklykda, her çalşykda bir gezekdir;

2) galyplary ýaglamagyň hiline – her bir galyba;

3) agyr betondan gorag gatlagynyň galyňlygyna we armaturanyň galyba goýluşyna;

4) taýýar diwar panellerine we bloklaryna “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň göteriji diwarlary üçin awtoklaw öýjükli betonlardan paneller. Tehniki talaplar” atly TDS-11118-73 belgili döwlet standartyna  we şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda;

5) örtüklik panellere – “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Ýaşaýyş we jemgyýet binalaryň içki göteriji diwarlarynyň germewleri we örtgi plitalary üçin awtoklaw öýjükli betonlardan paneller. Tehniki talaplar” atly  TDS-19570-74 belgili döwlet standartyna  laýyklykda. 

Öýjükli awtoklaw däl gazbetonyň hili “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Öýjükli beton. Synag usullaryna umumy talaplar” atly TDS-12852.0-77 belgili döwlet standartyna laýyklykda kesgitlenýär.

Önümler Tehniki gözegçilik bölümi tarapyndan kabul edilýär we kabul edilenden soň taýýar önümler ammaryna tabşyrylýar. Tehniki gözegçilik bölümi tarapyndan kabul edilen önümler ammarda zaýa önümlerden aýry saklanýar.

Öýjükli awtoklaw däl gazbetonlaryň synag we hiline gözegçilik maglumatlary ýörite depderçä ýazylýar. Taýýarlaýjy kärhana tarapyndan önümler goýberilende kesgitlenen görnüşindäki pasport berilýär.

Pasporta barlaghananyň wekili we Tehniki gözegçilik bölüminiň başlygy gol çekýär.

105. Awtoklaw gazbetondan önüm öndürilende, zawodlara we zawodlaryň demirbeton önümleri meýdançalaryna degişli bolan tehniki howpsuzlygynyň we önümçilik arassaçylygynyň düzgünlerine gollanmalydyr.

Awtoklaw däl gazbetondan önüm öndürilende ýangyna garşy talaplar boýunça degişli kadalarynda göz öňünde tutulýan çäreleri üpjün etmek zerurdyr.

Galyplaýyş bölüminde iş geçirilende bölünip çykýan wodorodyň ýanmagynyň öňüni almak üçin işgärleriň çilim çekmegine ýol berilmeli däldir. Organiki erginlendirijileri we maddalary ulanmak bilen armaturalary posdan goramak we önümleri timarlamak boýunça iş geçirilýän ýerlerde ýangyna garşy gözegçilik guralmalydyr we ýangyna garşy göreş enjamlary goýulmalydyr (çägeli gapyrjaklar, ýangyn söndüriji enjamlar we beýlekiler).

Awtoklaw däl gazbetondan iri gabaraly önümleri ýylylyk bilen işläp taýýarlamak üçin tonnel kameralary taslama edilende, gurulanda we ulanylanda elektrotehniki abzallara hem-de 1000 W çenli şäher elektrik ulgamlarynyň elektotehniki enjamlaryny ulanmagyň tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerine degişli kadalaşdyryjy resminamalara gollanmak zerurdyr.

Önümçilik we tehniki işgärler tehniki howpsyzlygyň düzgünleri, arassaçylyk kadalary we ýangyna garşy göreş çäreleri boýunça gözükdirilmelidirler we şol resminamalar bilen şahsy tanyşdyrylmalydyrlar, bellenen kadalara we düzgünlere laýyklykda önümçilik we tehniki işgärler ýörite egin-eşik we ýörite aýakgap, şeýle hem respiratorlar we gorag äýnekleri bilen üpjün edilmelidirler.


bap. GARAGUM ÇÄGESINDEN TAÝARLANAN AWTOKLAW DÄL ÇÄGELI BETONDAN ÖNÜMLER WE GURNAWLAR


106. Esasy gum görnüşli garagum çägesinden bolan çäge betony ownuk däneli berk gurluşly betondyr. Ol portlandsemendiň, dürli ýerlerden alnan garagum çägesinden, goşundylardan we suwdan taýýarlanýar.

107. Esasy garagum çägesinden bolan awtoklaw däl betondan iri möçberdäki önümler we gurnawlar taýýarlanýar. Olar raýat ýaşaýyş jaýlary we senagat gurluşyklary üçin taýýarlanýar. Şeýle gurnawlaryň we önümleriň ulanylýan ýerleri ýörite synag geçirmek ýoly bilen takyklanýar. Esasy garagum çägesinden bolan awtoklaw däl betonyndan önümler şu Kadalaryň baplaryna laýyklykda ulanylmalydyr.

108. Awtoklaw däl çäge betondan önümleri we gurnawlary taýýarlamak üçin indiki önümler ulanylýar:

1) portlandsement;

2) irilik moduly azyndan 04 bolan garagum çägesi;

3) goşundylar;

4) suw.

Armirlenen demirbeton gurnawlary üçin dürli derejeli armatura polady (“Kebşirlenen armatura we girew önümleri, demirbetondan konstruksiýalaryň armaturasynyň we girew önümleriniň kebşirlenen birikdirmeleri. Umumy tehniki şertler” atly  TDS 847-2016  belgili döwlet standarty) ulanylýar.

109. Garagum çägesi aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) SiO2 düzümi azyndan 50% (agramy boýunça);

2) Guýulýan garyndynyň mukdary – 1300-1450 kg/m3;

3) Dykyzlygy – 2,60 – 2,65 kg/sm3;

4) Irilik moduly azyndan 0,4;

5) Çyglylygy – 3% köp bolmaly däldir.

Goýylaşdyrmak we gatamagy tizleşdirmek üçin ulanylýan goşundylar kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

110. Islendik eleýji enjamda gurylygyna üwemek ýoly bilen taýýarlanýan sement-çäge goýulandyryjy ýokary möçbere 3500-4000 sm2/g çenli ýetirilmelidir (PSH-2 abzalynda).

Sement-çäge berkidijisi we beton garyndysy taýýarlananda goşulýan önümleriň möçberini terezide bölmek zerurdyr. Möçberleriň takyklygy standartlaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

111. Beton garyndylary diňe döwürleýin ýa-da dyngysyz işleýän beton garyjylarda garylýar. Taýýarlanan beton garyndysynyň alnyşyna bagly bolmazdan, onda garylman galan goşundylar bolmaly däldir. Beton garyndysynyň suwuklygy we goýulygy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Beton garyndylary. Ýerleşdiriş oňaýlygynyň kesgitleniş usullary” atly TDS-10181.1-81 belgili döwlet standartynyň esasynda anyklanmalydyr hem-de şu  Kadalaryň 10-njy tablisasynda görke

10-njy tablisa

Beton garyndysynyň suwuklygynyň we goýylygynyň teklip edilýän derejesi


Önümleriň we konst-ruksiýalaryň görnüşi

Dykyzlandyrmagyň usuly

Suwuklygy (konusyň çöküjiligi, sm.)

Gatylygy, sek.

Fakturasy ýok önümler we gurnawlar

Sandyradyjy meýdançadaky içki (çuňlyk) we daşky sandyradyjylar



2-5



80-90

Ýygy armirlenen önümler we gurnawlar

Sandyradyjy meýdan-çalary ýa-da ýörite sandyradyjy enjamlar


2-8


60-90

112. Beton garyndysyny taýýarlamak üçin işläp duran beton garyja ölçegli mukdardaky suw we suw bilen garylan goşundylar guýulýar. Agram ölçeýjiniň kömegi bilen beton garyja suwuk garyndylaryň ölçeg mukdary guýulandan soň, onuň toplaýjy çelegine sement-çäge garyndysy hem-de üwelmedik garagum çägesi guýulýar. Pyrlanyp duran garmaklagyň durmagynyň öňüni almak maksady bilen gury garyndylar beton garyja deň mukdarda bölekleýin guýulýar. Beton garyndysynyň hemme goşundylary beton garyja guýulandan soň, olary garmaklyk azyndan 5 minutlap dowam edýär.

113. Taýýar bolan beton garyndysy beton garyjydan sarp ediji gaba berilýär. Beton garyndysyny galyplara beton guýujy, beton paýlaýjy ýa-da beýleki mehanizmleriň kömegi bilen guýmak bolar.

114. Gerekdirli berklikdäki çäge betonynyň düzümini saýlap almaklyk hasaplaýyş usuly bilen amala aşyrylýar. Ilki başda hasaplamak ýoly bilen berkligi üpjün edýän suw berkidiji gatnaşyklary, soňra bolsa barlamak üçin garyp, suwuklygy we goýylygy kesgitlenýär.

Sement-suw gatnaşyklary (1) formula boýunça kesgitlenýär.


                                    St /S = Rb /АRSt х B                                           (1)


Bu ýerde: S – suw;

St – sement;

Rb – gysylyşa betonyň berkligi kg/sm2-da.

1-nji formuladaky A we B koeffisienti dürli ähmiýetli St/S bolan beton üçin öňünden tejribe ýoly bilen kesgitlenýär. A koeffisient takmynan 0,6, koeffisient B bolsa 0,8 deňlige kabul edilýär. Beton garyndysyny taýýarlamak üçin deslapky önümleriň düzümi kg/sm3 2, 3 we 4 formulalar boýunça kesgitlenýär.

                                 St = γсм /1 + ç + S/St                                              (2)

                                         Ç = St· ç                                                         (3)

                                       S = St · S/St                                                     (4)


Bu ýerde:

γсм – kg/m3 –da garynda göwrümli agramlyk;

ç – (üwelen we üwelmedik) çägäniň semente bolan kg/m3-daky agram gatnaşygy;

Ç – çägäniň kg/m3-daky düzümi.

Betonyň düzümleri takyk önümçilikde kabul edilen kada boýunça taýýarlanan we guraýan gözegçilik nusgalyklaryny gös-göni synag etmek bilen barlanmalydyr.

115. Adaty we deslapdan dargynlanan armaturaly önümler taýýarlananda beton garyndysyny dykyzlandyrmak 0,4 – 0,6 amplitudada azyndan 2800 san/min titredýän ýygylykly sandyradyjy enjamyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.  Garyndy  zawod  şertlerinde  40  sekuntdan gowrak gatylykda titredilende 50 gr/sm3 gowrak ulanmaklyk teklip edilýär. Dykyzlandyrylan 2120 kg/m3-dan az bolmaly däldir. Galyba guýulan önüm sehde (meýdançada) ýylylyk bilen işlenip bejerilýänçä ýylyň tomus wagty azyndan 4 sagat, gyş döwründe bolsa 8 sagat saklanylýar.

116. Esasy garagum çägesinden bolan beton önümlerini ýylylyk bilen işläp bejermeklik adaty buglaýyş kameralarynda ýerine ýetirilýär. Ýylylyk bilen işläp bejermegiň tertibini we dowamlylygyny saýlap almaklyk önümiň ortasyndaky iň uly kesişmede gyzgynlygyň 60-70 ºC ýetýändigini we ahyrky çyglylygynyň 6-8% (agramy boýunça) geçmeýändigini hasaba alyp, tejribe ýoly bilen bellenýär.

Önümler ýylylyk bilen işlenip bejerilenden soň olaryň gyzgynlygy 20-30 ºC çenli sowanda olary galypdan aýyrmaly. Galyplar sökülende taýýarlaýjy kärhananyň Tehniki gözegçilik bölüminiň wekilleri önümleriň hilini barlaýarlar, öňünden kemiligi bolanlary çykarýarlar we bellikleýärler. Galypdan aýrylandan soň önümler taýýar önümler ammaryna geçirilýär.

117. Taýýarlaýjy zawodyň barlaghanasy başlangyç önümleriň hiline yzygiderli we işiň gidişinde onuň tehniki dowamlylygyna gözegçilik etmelidirler. Çäge, sement we beýleki ulanylýan goşundylar gözegçilik edilmäge degişlidir. Tehniki gözegçilik üweýji enjam her bir sagat işländen soň sement-çäge berkidijiniň üdel ýüzüni, sement berkidijisi üwelende garyndylaryň möçberlere bölünişini, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Beton garyndylary. Synag usullaryna umumy talaplar” atly  TDS-10181.0-81-den TDS-10181.4-81 çenli belgili döwlet standarty boýunça beton garyndysynyň suwuklygyny we goýulygyny, beton garyndysynyň agram möçberini, önümiň ýylylyk bilen işlenip bejerilişini anyklamagy göz öňünde tutýar.

118. Taýýarlaýjy kärhananyň Tehniki gözegçilik bölümi aşakdakylara gözegçilik edýär:

1) armatura karkasyna we beýleki goýulýan önümlere;

2) galyplary ýaglamagyň hiline;

3) betonyň gorag gatlagynyň armaturadan ýokardaky galyňlygyna;

4) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 1/193-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Betonlar. Berkligini barlamagyň  düzgünleri” atly TDS 1275-2019 belgili döwlet standarty (mundan beýläk- “Betonlar. Berkligini barlamagyň düzgünleri” atly TDS 1275-2019 belgili döwlet standarty) we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda çykaran 276-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Betonlar. Barlag nusgalary boýunça berkiliginiň anyklamagyň usullary” atly TDS 1281-2019 belgili döwlet standarty boýunça ýylylyk bilen işlenip bejerilenden soň gysylanda betonyň berkligine.

Ýygnalýan önümleriň hiline gözegçilik etmeklik TDS-8829-94 belgili döwlet standartynyň, şeýle hem şol görnüşli önümiň işçi çyzgysyna we tehniki şertleriniň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.

119. Çäge betonynyň sowuklyga durgunlygyna gözegçilik nusgalygyny yzygiderli synag etmekligi göz öňünde tutýar. Şunda beton garyndysyny gös-göni önümçilikde garylyp durka almaklyk zerurdyr.

120. Taýýarlaýjy kärhananyň Tehniki gözegçilik bölümi tarapyndan önüm kabul edilýär we kabul edilenden soň olar taýýar önümler ammaryna geçirilýär. Awtoklaw däl çäge betonynyň synag maglumatlary we onuň hiline gözegçilik maglumatlary ýörite kitaba ýazylýar. Önümler goýberilende kärhana tarapyndan bellenen görnüşdäki pasport berilýär.


XI bap. ÖNÜMLERI ÝYLYLYK BILEN IŞLÄP BEJERMEK


121. Betonyň goýberiliş berkligi standartlarda we “Betonlar. Berkligini  barlamagyň  düzgünleri” atly  TDS 1275-2019 belgili döwlet standartynyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen önümiň taslama resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Her bir görnüşli önümiň galypdan çykarylandaky berkliginiň ähmiýetini, galypdan çykarmagyň we goýbermegiň berkliginiň möhletlerini önümçiligiň takyk şertlerine laýyklykda bellemek zerurdyr.

122. Önümiň ýylylyk bilen işlenip bejerilişiniň wagtyny azaltmak we galyplaryň dolanyşygynyň wagtyny azaltmak üçin betony berkidiji himiki goşundylary-çaltlandyryjylary ulanmak zerurdyr.

123. Ýyladyjy enjamlar  talap edilýän ýylylygy we ýylylyk bilen işläp bejermek üçin zerur ýylylyk bilen üpjün edýän enjamlar, şeýle hem ýylylyk bilen işläp bejermegiň we ýylylygyň degişli tertibini awtomatik usulda sazlaýan abzallar bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

124. Ýylylyk bilen işläp bejermegiň tertibi betony ýylylyk bilen işläp bejermegiň kesgitlenen amatly dowamlylygy we onuň ýylylyk-çyglylyk derejeleri arkaly kesgitlenmelidir. Ýylylyk bilen işläp taýýarlamak tertibine täsir edýän ýagdaýlar “St” we S/St sementiň harçlanyşynyň gysylandaky berkligine, buga tutulanda soň garagum  çägesindäki (Aşgabat käni) betony OK we gatylygyna täsiri” atly şu Kadalara 12-nji goşundy getirilendir.

125. Kameralardaky we gyzgynlyk galyplaryndaky gyzgynlygy galdyrmagyň tizligini önümiň gurnawyny (bir gatly, köp gatly we beýlekiler), olaryň ululygyny nazarda tutup bellemek zerurdyr, emma ol şu Kadalaryň 11-nji tablisasynda görkezilen derejeden geçmeli däldir. Gyzgynlygy yzygiderli galýan tizlikde ýokarlandyrmaga ýol berilýär. Deslapky dartgynly gurnawlar taýýarlananda güýçli galyplarda gyzgynlyk galdyrylan döwürde betonyň berkemegini haýallandyrýan, plastik görnüşe öwrüji goşundylar ulanylmalydyr.

11-nji tablisa


Betonyň görnüşi

Ýylylyk bilen işläp bejerme-giň usuly

Deslapky sak-lamak sagatda, azyndan

Betonyň başky berkligi MPa (kg/sm2)

Gyzgynlygy ýokarlandyrma-gyň tizligi

Agyr we ýeňil gurnaw beton

Kamerada buglanmaly


1

0,1 (1) çenli

0,1-0,2 (1-2)

0,2-04 (2-4)

0,4-0,5 (4-5)

0,5 (5) ýokary

15

25

35

45

60

Stendlerde taýýarlanýan, deslapky-dartgynly konst-ruksiýalar üçin agyr beton

Kamerada buglanmaly

1



-

0,2 (2) we ondan köp


02 (2) çenli


35


60

Sowuga durnuklylyk we suw geçirmezlik boýunça ýokary talap bildirilýän agyr beton

Kamerada buglanmaly


3


-


15

gurnawly-ýylylyk saklaýan ýeňil beton

Kameralarda gury gyzdyr-maly; termo-galyplarda buglamaly



1

2

3



-

-

-



50

40

30

126. Gyzgynlygyň derejesini we izotermiki gyzdyrmaklygy betonyň görnüşini, önümiň ululygyny we sementiň görnüşini nazarda tutup kesgitlemek zerurdyr. Agyr we ýeňil betonlardan önümleri izotermiki gyzdyrmagyň ýokary gyzgynlygy 80-85ºC, şlakoportlansement ulanylanda bolsa 90-95ºC geçmelidir.

127. Izotermiki gyzdyrmakdan soň agyr betondan önümleriň gyzgynlygy pese düşürilende kameradaky howanyň sowaýyş tizligi 30ºC/sag. köp bolmaly däldir, sowuga durnuklylyk we suw geçirmezlik boýunça ýokary talap bildirilende 20oС/sag köp bolmaly däldir. Buglanyş we ýylylyk kameralaryndan önümler düşürilende önümiň ýüzündäki we daşky howanyň gyzgynlygynyň arasyndaky tapawut 40ºC geçmeli däldir.

128. Agyr, ownuk däneli we ýeňil betondan önümler buglaýjy kameralarda buglananda olaryň otnositel çyglylygyny 90-100ºC  derejelerde saklamaly. Tebigy gaz ýangyjynyň önümleri ulanylanda gyzgynlyk ýokarlandyrylan wagty soňra howanyň çyglylygyny 80% we ondan hem ýokary galdyrmak bilen, howanyň çyglylygyny 20-60% derejede saklamalydyr. Gurnawly-ýylylyk saklaýjy betondan önümler ýylylyk bilen işlenip bejerilende howanyň otnositel çyglylygyny 40-60% çäklerinde saklamak zerurdyr.

129. Önümler kassetaly enjamlarda ýylylyk bilen işlenip bejerilende önümiň deňagramly gyzdyrylmagy üpjün edilmelidir. Gyzdyryjy bölümlerde gyzgynlygyň derejesi  80-90ºC bolmalydyr. Gyzgynlygy galdyrmaklyk 60-70ºC tizlik bilen üpjün edilmelidir.

130. Ýeke-täk kameralarda ýylylyk bilen işläp bejermekligi pes otnositel çygly howada gyzdyrmak şertlerinde ulanylýan tertip boýunça güri armirlenen önümler öndürilende ulanylmalydyr.

131. Stend görnüşli enjamlarda we güýçlendirilen galyplarda taýýarlanýan deslapky dartgynly gurnawlar ýylylyk bilen işlenip bejerilende jaýrylmagyň öňüni almak boýunça işçi çyzgylarynda görkezilen çäreleri göz öňünde tutmak zerurdyr. Stend görnüşli enjamlarda önümler taýýarlananda kameradaky howanyň we diregleriň arasyndaky temperaturanyň üýtgäp durmagy 65ºC geçmeli däldir.


XII bap. ÖNÜMIŇ HILINE WE KABUL EDILIŞINE GÖZEGÇILIK


132. Ýylylyk bilen işlenip bejerilenden soň önümleri galypdan çykarmaklygy betonyň galypdan çykarmak berkligine ýetenden soň ýerine ýetirmeli. Şunda galybyň gyralary ýörite enjamlaryň kömegi bilen aýrylmalydyr.

133. Önümleri galybyň düýbünden aýyrmagy we soňra iş ýagdaýyna getirmegi taslama resminamada görkezilen talaplara baglylykda ýöriteleşdirilen enjamlar, göterijiler we beýleki geçirijiler bilen ýerine ýetirmelidir.

134. Galyplaýjy ulgamdan çykarylýan önümler zerur bolan halatynda timarlaýjy bölümlerde, maşyn, mehanizm we ýöriteleşdirilen gurallar ulanylýan üznüksiz önümçilik ulgamyna eltilip timarlanýar. Timarlaýyş işleriniň tehnologik tertibi tehnologik kartalaryň we beýleki tehnologik resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

135. Gurnawlar ýüklenende, daşalanda, düşürilende we saklananda olaryň zaýalanmazlygyny aradan aýyrýan çäreler geçirilmelidir. Ýüklemek-düşürmek işleri geçirilende howpsuzlygyň talaplary “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Zähmet howpsuzlygynyň standartlarynyň düzgüni. Ýüklemek- ýüki düşürmek işleri. Howpsuzlygyň umumy talaplary” atly TDS-12.3.009-76 belgili döwlet standartyna (mundan beýläk-“Zähmet howpsuzlygynyň standartlarynyň düzgüni. Ýüklemek- ýüki düşürmek işleri. Howpsuzlygyň umumy talaplary” atly TDS-12.3.009-76 belgili döwlet standarty) laýyklykda geçirilmelidir.

136. Önümler daşalanda we saklananda olar düşeklere ýa-da direglere direlmelidir, gurnawlar we önümler üsti-üstüne goýulyp daşalanda bolsa olaryň hatar aralaryna ýörite agaçdan ýa-da önümleriň döwülmezligini üpjün edýän beýleki önümlerden düşek goýulmalydyr. Goýulýan düşekleriň galyňlygy 30 mm ýuka bolmaly däldir. Gurnawlar we önümler örülip goýulanda düşekler örümiň beýikligine çenli bir-biriniň ýokarysyndan dikligine goýulmalydyr.

137. Ulag bilen daşamaklyga diňe “Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” atly TDS-13015-2003 belgili döwlet standartyna (mundan beýläk-“Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” atly TDS-13015-2003 belgili döwlet standarty) ýa-da takyk gurnawyň we önümiň tehniki şertlerine laýyklykda betonyň berkligi goýberiliş derejesine ýeten gurnawlar we önümler degişlidir.

138. Ulag bilen daşalýan enjamlar olary gös-göni ulag serişdeleriniň üstünden gurnamagy üpjün etmekligi nazarda tutulyp ýerine ýetirilmelidir.  Önümler we gurnawlar daşalanda örümiň beýikligi  ulag serişdeleriniň ýük göterijiligine we ýükleriň ýol berilýän göwrümine baglylykda bellenýär, ýöne saklanylýan her bir görnüşli gurnawyň örüminiň beýikliginden ýokary bolmaly däldir. Gurnaw bilen ýük daşaýjy ulagyň gyrasynyň arasyndaky yş 50 mm az bolmaly däldir.

139. Gurnawlar ulag bilen paketli daşalanda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplary berjaý edilmelidir.

140. Gurnawlar görnüşleri we kysymlary boýunça saýlanan görnüşinde, ýörite enjamlaşdyrylan ammarlarda saklanmalydyr. Gurnawlaryň we önümleriň örümleriniň beýikligi standartlaryň ýa-da takyk önüme tehniki şertleriň talaplaryna laýyk bolmalydyr. Taýýar önümler ammaryndaky örümleriň ýa-da aýry – aýry gurnawlaryň arasyndaky geçelgeleriň giňligi kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilene laýyk gelmelidir.  


XIII bap. ÖNÜMLERIŇ HIL WE KABUL EDIŞ GÖZEGÇILIGI


141. Önümleriň hil gözegçiligi kärhananyň tehniki gözegçilik barlaghanasy we bölümi tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

142. Gelip gowuşýan materiallaryň we önümleriň hil görkezijilerini giriş gözegçiliginde pasportlaryň, şeýle hem gözegçilik synaglarynyň esasynda bellemek gerekdir. Sementiň we garnawlaryň hiline giriş gözegçiliginde betonyň düzümini düzgünleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

143. Hiliň amaly gözegçiligi bölekleri taýýarlamagyň dogrulygyna, takyklygyna gözegçiligi; beton garyndysyny garmagyň dowamlylygyny, gurnalan galyplaryň geometriki möçberlerini we ýagdaýyny, armaturanyň we gurnalan detallaryň korroziýa garşy goragyny, galyplamagyň tabşyryk düzgünlerini, ýylylyk taýdan işläp bejermek düzgünini, önümleriň galyplyk berkligini, taýýar önümleriň ýerleşdirilmegini we saklanylmagyny öz içine almalydyr.

144. Taýýar önümleriň hiline kabul ediş gözegçiligini we olary belgilemegi “Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” atly TDS-13015-2003 belgili döwlet standartynyň talaplaryna laýyklykda, şeýle hem anyk görnüşli kontsruksiýalar we önümler üçin standatlara we tehniki şertlere laýyklykda geçirmek gerekdir. Berkligini, gatylygyna we jaýrylmaga çydamlylygyna kesgitlemegi TDS-8829-94 belgili döwlet standarty boýunça amala aşyrmalydyr.

145. Berkligi, gatylygy we jaýrylmaga çydamlylygy boýunça ölçegleriň talaplaryny kanagatlandyrmaýan gurnawlar az ýükler mahalynda ulanylyp bilner. Synaglara döz gelip bilmedik önümleriň gurnawlaryny peýdalanmak mümkinçiligi ýol berilýän ýüküň ululygyny görkezmek bilen taslama guramasy tarapyndan esaslandyrylmalydyr.


XIV bap. ÖNÜMÇILIGIŇ HOWPSUZLYK TALAPLARY WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK


146. Gurnama beton we demirbeton önümleri taýýarlamak bilen baglanyşykly ähli işler kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna, şeýle hem edaranyň içki  zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmelildir.

147. Ýükleýiş-düşüriş işlerini geçirmek we kontsruksiýalary we önümleri ýerleşdirmek “Zähmet howpsuzlygynyň standartlarynyň düzgüni. Ýüklemek- ýüki düşürmek işleri. Howpsuzlygyň umumy talaplary” atly TDS-12.3.009-76 belgili döwlet standartynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Işleri howpsuz geçirmegiň usullary tehnologik kartalarda beýan edilmelidir.

148. Seresaplylygyň aýratyn çäreleri deslapky-dartgynly demirbeton gurnawlary geçirilende berjaý etmek gerekdir. Armaturanyň üzülen halatynda seresaplylyk çärelerini göz öňünde tutmak we berk berjaý etmek gerekdir.

149. Gurnama beton we demirbeton gurnawlaryny we önümlerini öndürýän kärhanalaryň sehlerinde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Zähmet howpsuzlygynyň standartlarynyň düzgüni. Ýangyn howsuzlygy. Umumy talaplar” atly  TDS-12.1.004-91 belgili döwlet standartynyň talaplaryna laýyklykda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek gerekdir, şeýle hem gurnawlar, önümler öndürilende peýdalanylýan jisimler ulanylanda (ýaglamak, himiki goşundylar, gaz döredijiler we başgalar) sanitariýa howpsuzlygyny, partlama howpsuzlygyny berjaý etmek gerekdir.

150. Galyplaýyş we ýylylyk işläp bejeriş jaýlarynda we sehlerinde zyýanly jisimleriň konsentrasiýasy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda çykaran 250-iş belgili karary bilen tassyklanylan, “Iş zolagynyň howasyna umumy sanitar-tehniki talaplar” atly TDS 1511-2020 belgili döwlet standartynyň talaplaryndan ýokary geçmeli däldir. Ähli önümçilik we durmuş jaýlary tebigy we emeli ýelejiretme bilen üpjün edilmelidir.

151. Önümçilik sehlerinde galmagalyň derejesi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 03-nji oktýabrynda çykaran 288-nji belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Zähmet howpsuzlygynyň standartlarynyň ulgamy. Goh. Umumy howpsuzlyk talaplary" atly TDS 1302-2019 belgili  döwlet standartynyň talaplaryndan ýokary geçmeli däldir.

152. Taşlandylarda zyýanly jisimleriň saklanyşy ilatly mekanlaryň atmosferasynda we suw howdanlarynda olaryň konsentrasiýasynyň gurluşyk kadalary arkaly ýol berilýän ululykdan ýokary artmagyny döretmeli däldir.


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1429 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.