Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda çykaran 683-ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda çykaran 683-ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň birkysmy

şertnamasyny tassyklamak hakynda


“Öri meýdanlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynyň bäşinji bölegine hem-de “Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1884-nji kararyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň birkysmy şertnamasyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine  Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça, daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça hem-de oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasarlary gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                        M.Baýramdurdyýew


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

gurşawy goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda

çykaran 683-ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň birkysmy

ŞERTNAMASY


____________________ etrap (şäher) häkimliginde 20__ -nj_ ýylyň _______

aýynyň _______ № _______ hasaba alyndy

 

_________________ etrap (şäher) ýer serişdeleri bölüminde 20__ -nj_ ýylyň _________ aýynyň _______ № ______ hasaba alyndy

Bellik: Öri meýdany 5 ýyldan köp möhlete kärendä berlende kärende hukugy döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň degişli ýerli edarasynda bellige alynmaga degişlidir.


____________________ etrap (ş).          № ____         “___”  _______ 20 __ ý.

         (Şertnamanyň baglaşylan ýeri)                                                  (Şertnamanyň belgisi, baglaşylan senesi)

“Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1884-nji karary esasynda hereket edýän, etrap (şäher) häkimlikleri, daýhan birleşikleri, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, maldarçylyk hojalyklary mundan beýläk «Kärendesine beriji» diýlip atlandyrylýan, ________________________________ ______________________________________________________ , onuň adyndan

                                   («Kärendesine berijiniň» doly resmi ady)

________________________________________________________ bir tarapdan

         (ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň ady, atasynyň ady, familiýasy)

we mundan beýläk «Kärendeçi» diýlip atlandyrylýan _______________________

                                                                                                                                   (fiziki şahs üçin familiýasy, ady, atasynyň ady, __________________________________________________________________

hususy telekeçiniň şahadatnamasynyň belgisi we döwlet belligine alnan senesi; ýuridik şahs üçin doly resmi ady, döwlet belligine alnan belgisi we senesi, onuň ygtyýarly wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)

beýleki tarapdan, bilelikde «Taraplar» diýlip atlandyrylýanlar aşakdakylar barada şu Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasyny (mundan beýläk-şertnama) baglaşdylar.


I. Şertnamanyň meselesi

 

1. Şu şertnamanyň meselesi mundan beýläk «Öri meýdany» diýlip atlandyrylýan ____________________________________________ bolup durýar.

                                     (kärendä berilýän öri meýdanyň ady, ýerleşýän ýeri we umumy kärende meýdany) 

Şu şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolan A-3 görnüşli Kärendesine berilýän öri meýdanyň ýerleşiş çyzgysy (şu şertnama goşundy) şu şertnamada göz öňünde tutulan maksada laýyk ulanmak üçin ýaramly we üçünji şahslaryň hukuklary bilen borçlandyrylmadyk.

«Öri meýdany» _________________________________________________

                                                     (Kärendesine berijiniň, etrap çäk bölünişigine görä döwletiň ätiýaçlyk ýerlerinden, 

________________________________________________ hasabynda durýar.

                             döwlet namasy easynda berlen bolsa, hasabynda saklaýanyň doly ady) 

2. Şu şertnamany baglaşmak üçin «Kärendesine alyjynyň» ýüztutmasy ____________________________________________________esas bolup durýar. 

                                  (ýüztutmanyň senesi we belgisi) 

3. «Kärendesine beriji» «Öri meýdanyny» «Kärendeçä» berýär, «Kärendeçi» bolsa şol «Öri meýdanyny» mal bakmak üçin şu şertnamada beýan edilen şertlerde

20__-nj_ ýylyň ____-nj_ ____________ çykaran___-nj_ ___________________________________________________________ esasynda

                                                               (“Kärendesine berijiniň” buýrugy, karary)                                                                                                                                       

kärendesine kabul edip alýar.

4. «Öri meýdanynyň»:

1) ýerleşýän ýeri: çölde ______ ga, dag eteginde _____ ga, dagda ______ ga;

2) peýdalanylýan wagty: ýylyň dowamynda ______ ga,   möwsümleýin ____ ga;

3) suw bilen üpjün ediliş derejesi: suwlulandyrylan _________ ga, suwlulandyrylmadyk _______ ga;

4) peýdalanylyşynyň görnüşi: uzak örüler _______ ga, ilatly ýerlere golaý ýerleşýän ______ ga.

5. «Öri meýdanynda» bakylmaly mallaryň jemi baş sany _________ başa çenli kesgitlenilýär. Şondan hakyky baş sany:

1) gara mallar _______baş;

2) düýeler______baş;

3) gylýallar________ baş;

4) dowarlar ________ baş.


II. Şertnamanyň möhleti

 

6. Şu şertnama 20___-nj_ ýylyň _________ aýynyň ___-den 20___-nj_ ýylyň _________ aýynyň ___-ine çenli möhlete baglaşylýar.

7. «Öri meýdany» zerurlyk bolanda çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut) bilen borçly edilýär.


III. Kärende töleginiň möçberi we tölemegiň tertibi

 

8. «Öri meýdanyny» peýdalanýandygy üçin «Kärendesine beriji» «Kärendeçä» bir ýyl üçin ________________________________________ manat möçberinde

                                                           (möçberi sanlarda we ýazmaça)     

kärende tölegini belleýär.

  • «Kärendeçi» «Öri meýdanynyň» kärende tölegini her çärýekde (tamamlanan çärýegiň yzyndan gelýän aýyň 5-ne çenli), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň (mundan beýläk - Ygtyýarly edara) Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky 23104934110153300004000 belgili hasaplaşyk hasabyna (232001840110153000058000 daşary ýurt hasabyna) geçirýär, MFO 390101101, şahsy salgyt belgisi 101111007529 (töleg resminamasynda tölegiň atlandyrylýan ýerinde şu şertnamanyň belgisi we tölenilýän döwür görkezilýär).
  • Kärende tölegi Ygtyýarly edaranyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan senesinde tölenen hasap edilýär.
  • Şu şertnama «Kärendeçi» üçin kärende tölegini Ygtyýarly edaranyň hasaplaşyk hasabyna özbaşdak geçirmäge esas bolup durýar, şunda şu şertnamada «Kärendesine beriji» tarapyndan «Kärendeçä» kärende tölegini tölemek barada hasap-fakturasyny bermeklik göz öňünde tutulmaýar.
  • Eger «Kärendeçiniň» öz günäsi boýunça «Öri meýdanyny» peýdalanmakda päsgelçilik ýüze çykýan bolsa, ol kärende tölegini tölemekden boşadylmaýar.

  • IV. Taraplaryň borçlary we hukuklary


9. «Kärendesine beriji» şu aşakdakylara borçludyr:

1) eger-de şertnamanyň şertlerine we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, «Kärendeçiniň» hojalyk işine goşulmazlyga;

2) kärende töleginiň öz wagtynda tölenmegine gözegçilik etmäge;

3) «Kärendeçiniň» hukuklarynyň bozulmazlygyna gözegçilik etmäge;

4) suwlulandyryş desgalaryny dikeltmegi, ýollary, köprüleri gurmagy, binany we inžener ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy, landşaft-binagärlik işlerini geçirmegi we gaýry amatlyklary ornaşdyrmagy hem goşmak bilen, gurluşyk işleri geçirilende, gurluşyk ýerinde bitewi binagärlik-çeperçilik toplumyny döretmek maksady bilen, olary binagärlik edaralary bilen ylalaşmaga.

10. «Kärendesine beriji» şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) «Öri meýdany» kärende şertnamasyndaky niýetlenilişinden başga maksat üçin peýdalanylanda degişli barlaglary geçirmäge;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary üýtgän halatynda «Kärendeçi» bilen ylalaşyp, şertnama goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmäge;

3) şertnamanyň şertleri bozulan ýagdaýynda ony togtatmaga;

4) «Öri meýdanyna» bökdençsiz baryp görmäge we barlag geçirmäge.

11. «Kärendeçi» şu aşakdakylara borçludyr:

1) mal bakmagyň kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge;

2) özüne berkidilen «Öri meýdanyny» rejeli peýdalanmaga, «Öri meýdanynyň» rugsatsyz peýdalanylmagyndan we ony peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň beýleki bozulmalaryndan olaryň goragyny üpjün etmäge;

3) «Öri meýdanyny» gorap saklamak we gowulandyrmak, ýel we suw ýuwulmasyna (eroziýasyna), çölleşmäge garşy göreşmek boýunça çäreleri geçirmäge, suw çeşmeleriniň gurluşygyny we durkunyň täzelenmegini, öri meýdan dolanyşygyny berjaý etmäge, şeýle hem «Öri meýdanynyň» zaýalanmagyna ýol bermezlige;

4) «Öri meýdanynyň» kärende töleglerini öz wagtynda geçirmäge;

5) öri meýdanlaryny beýleki peýdalanyjylara we kärendeçilere özüniň ýetiren zyýanynyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolmaga.

12. «Kärendeçi» şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) özbaşdak esasda, şeýle hem bilelеşik esasynda çekenä we beýleki öri meýdanyny peýdalanyjylaryň birleşiklerine birleşmek ýoly bilen mal bakmaga;

2) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň arasynda baglaşylan, öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna we şu şertnama laýyklykda, beýleki dolandyryş-çäk düzümleriniň çäklerinde ýerleşýän (welaýatlaryň, etraplaryň we geňeşlikleriň) öri meýdanlaryny goşmak bilen, beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň öri meýdanlarynda mal bakmaga;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde we şertlerde öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerini döretmäge.


V. «Taraplaryň» jogapkärçiligi


13. «Taraplaryň» biri kärende şertnamasy boýunça borçlaryny ýerine ýetirmedik halatynda, beýleki tarap oňa hat üsti bilen habarnama iberýär we şu şertnamanyň şertleriniň  bozulmagy esasynda ýüze çykýan ýagdaýlary jikme-jik beýan edýär. Şeýle-de, habarnama alnandan soň 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda bu ýagdaýlar aradan aýrylmasa, ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde talap bildirilip bilner.

14. Aradan aýrylyp bilinjek islendik ýagdaý şertnamanyň bozulmagyna getirmeýär.

15. «Taraplar» «Öri meýdanynyň» hapalanmagynyň, rejesiz peýdalanylmagynyň, zaýalanmagynyň we öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki kadalarynyň bozulmagynyň netijesinde «Öri meýdanyna» ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly möçberde dolmaga borçludyrlar.

16. Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde «Öri meýdanyna» ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy meýletin ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.


VI. Şertnamanyň möhletini uzaltmak we ony bes etmek


17. Şu şertnama boýunça borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirýän «Kärendeçiniň» beýleki deň şertlerde kärendäni dowam etdirmäge üçünji şahslaryň öňünde artykmaç hukugy bardyr.

18. Şu şertnamada bellenilen «Öri meýdanynyň» kärende möhletini uzaltmak, onuň möhleti tamamlanmazyndan öň «Kärendeçiniň» «Kärendesine berijä» berýän ýazmaça habarnamasy esasynda «Öri meýdanynyň» kärendesine berliş tertibinde amala aşyrylýar.

19. «Kärendesine beriji» aşakdaky esaslarda kärende şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyryp biler:

1) «Kärendeçi» şertnamanyň şertlerini bozan halatynda;

2) beýleki kanuny esaslarda.

20. «Kärendesine berijiniň» esassyz şu şertnamanyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrmaklygyna ýa-da möhletinden öň bes edilmegini talap etmekligine ýol berilmeýär.


VII. Jedelleri çözmek


21. Şu şertnama boýunça ýüze çykýan jedeller «Taraplaryň» gepleşikleri arkaly çözülýär.

22. Eger «Taraplaryň» arasyndaky gepleşikler netijesinde ylalaşyk gazanylmadyk halatynda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülýär.


  • VIII. Beýleki şertler
  •  

23. Şu şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar ýazmaça görnüşinde taýýarlanylyp, «Taraplaryň» ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilen halatynda hakykydyr.

24. Şertnama birmeňzeş hukuk güýjüne eýe bolan 4 (dört) nusgada düzülýär. Olaryň bir nusgasy «Öri meýdanyny» kärendä berýän etrap (şäher) häkimligine, ikinji nusgasy «Kärendesine berijä», üçünji nusgasy etrap (şäher) ýer serişdeleri bölümine hem-de dördünji nusgasy «Kärendeçä» berilýär.

  •  
  • IХ. «Taraplaryň» hukuk salgylary we töleg maglumatlary
  •  

       «Kärendesine beriji»                                      «Kärendeçi»


Hukuk salgysy: ___________ Hukuk salgysy:________

________________________ _____________________

                                                     h/s_________________

h/s______ “__________” PTB _____________________

MFO MFO

DSG kody_______________ DSG kody__________

Telefony Telefony


                                                   Taraplaryň goly


«Kärendesine beriji»

________________________

________________________

(goly, familiýasy, ady, atasynyň ady)

          


             m.ý.

«Kärendeçi»

________________________

________________________

(goly, familiýasy, ady, atasynyň ady)

           


           m.ý.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1428 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.