Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda çykaran MB-143 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda çykaran MB-143 belgili

B U Ý R U G Y

 

«Önümçilik binalary» atly TGK 2.09.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. «Önümçilik binalary» atly TGK 2.09.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                       R.Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik

ministriniň 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda

çykaran MB-143 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy



«Önümçilik binalary» atly TGK 2.09.02-2020 belgili

Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER.


1. Şu «Önümçilik binalary» atly TGK 2.09.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalaryň önümçilik binalary we jaýlary, şeýle hem barlaghanalaryň binalary we jaýlary (mundan beýläk - binalar we jaýlar) taslamalaşdyrylanda pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmandyr.

Şu Kadalar partlaýjy maddalary we partladyjy serişdeleri öndürmek we saklamak üçin binalary we jaýlary, ýerasty binalaryny taslamaga degişli däldir.

Partlama-ýangyn we ýangyn howpy boýunça binalar we jaýlar, olarda ýerleşdirilen tehnologiki ösüşiň gidişine we bar bolan (dolanşykdaky) maddalaryň we materiallaryň aýratynlyklaryna baglylykda (A, B, Ç, D, E) derejelere bölünýär.

2. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar we kesgitlemeler ulanylýar:

1) antresol – dürli maksatly (önümçilik, administratiw-durmuş ýa-da inženerçilik enjamlary üçin) jaýlar ýerleşdirilen binalaryň içindäki meýdança;

2) bir gatly binalaryndaky oturtma (içinden gurma) – binanyň bir gatly binanyň çäklerinde onuň tutuş beýikligi we ini (oturtma) boýunça ýerleşdirilen iki ýa-da köp gatly bölegi ýa-da goraýjy gurnawlar bilen saýlanan beýikliginiň we ininiň bölekleri (içinden gurma);

3) binanyň inženerçilik enjamlary – suwuklyklaryň, gazlaryň, elektrik energiýanyň berilmegini we sowulmagyny üpjün edýän abzallaryň, apparatlaryň, maşynlaryň we kommunikasiýalaryň ulgamy (suw geçiriji, gaz geçiriji, ýyladyş, elektrik, lagym, wentilýasiýa enjamlary);

4) çaklaň (inwentar) bina ýa-da desga – gurnaw ýerini üýtgetmek mümkinçiligini üpjün edýän, jemlenip getirilýän bina ýa-da desga;

5) meýdança – binanyň içinde ýa-da onuň daşynda ýerleşdirilen, özbaşdak direglere, binalaryň gurluşlaryna ýa-da enjamlara daýanýan we enjamlary gurnamak, abatlamak ýa-da olara hyzmat etmek üçin niýetlenen bir gatly desga (diwarsyz);

6) tekje – binanyň içinde ýa-da onuň daşynda erkin duran we tehnologik we gaýry enjamlary ýerleşdirmek hem-de olara hyzmat etmek üçin niýetlenen köp gatly karkas desgasy (diwarsyz).

3. Binalaryň we jaýlaryň partlama-ýangyn we ýangyn howpy boýunça derejeleri Türkmenistanyň Adalat  ministrliginde 2015-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda  çykaran MB-65 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna (mundan beýläk-“Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Binanyň umumy meýdany daşky diwarlaryň içki üstleriniň (ýa-da daşky diwarlaryň bolmadyk ýerinde, çetki sütünleriň oklarynyň) çäklerinde ölçenilen ähli gatlaryň (ýerüsti, şol sanda tehniki, sokol we ýerzemin), ötükleriniň, içerki meýdançalaryň, antresollaryň, içki tekjeleriň ähli ýaruslarynyň, rampalaryň, galereýalaryň (kese proýeksiýasynda) we beýleki binalara geçelgeleriň ölçenilen meýdanlarynyň jemlerinden ugur alyp kesgitlenilýär.

Binanyň umumy meýdanyna çykyp duran gurnawlaryň aşagyna çenli 1,8 metrden az bolan beýiklikdäki tehniki ýerzeminleriň (kommunikasiýalara hyzmat etmek üçin geçelgeleriň bolmagy talap edilmeýän), şu Kadalaryň ýigriminji bölegine laýyklykda taslamasy düzülýän asma potoloklaryň üstündäki meýdanlar, şeýle hem kran ýollaryna, kranlara, konweýerlere, monorelslere we ýagtylandyryş çyralaryna hyzmat etmek üçin meýdançalaryň meýdanlary goşulmaýar.

Köp gatly binanyň çäklerinde (iki reňkli we köp reňkli) beýikligi boýunça iki we has köp gat eýeleýän jaýlaryň meýdanyny bir gatyň çäklerinde umumy meýdana goşmaly.

5. Binalarda awtomatiki ýangyn söndürişi we ýangyn yşaratlandyryş (şol sanda ýangynda habar beriş ulgamlaryny) ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen tertipde tassyklanylan kadalaşdyryjy resminamalaryna we awtomatiki ýangyn söndüriji, ýangynda awtomatiki ýangyn yşaratlandyryş we duýduryjy (signalizasiýa) gurluşlary bilen enjamlaşdyrmaga degişli bolan binalaryň we desgalaryň sanawlaryna laýyklykda göz öňünde tutulmalydyr.

6. Kärhanalarda, edaralarda we guramalarda maýyplygy bolan adamlaryň zähmetini peýdalanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulan halatynda, Türkmenistanyň Adalat  ministrliginde 2016-njy ýylyň 30-njy maýynda 995 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 12-nji maýynda çykaran MB-37 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Hemaýata mätäç we saglyk mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň ýaşaýşa ukyplylyk şertlerini taslamak” atly TGK 3.04.03-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda berjaý edilmelidir.


II bap. GÖWRÜM-MEÝILNAMALAŞDYRYŞ WE GURLUŞ ÇÖZGÜTLERI


7. Binalaryň we jaýlaryň göwrüm-meýilnamalaşdyryş we gurluş çözgütleri önümçiligiň durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, tehnologik işlerini üýtgetmek we önümiň täze görnüşlerine geçmek mümkinçiligini üpjün etmelidir.

8. Binalaryň taslamasy işlenip düzülende:

1) düzgün bolşy ýaly, bir binada dürli önümçilikler üçin jaýlary, ammar, administratiw we durmuş jaýlaryny, şeýle hem inženerçilik enjamlary üçin jaýlary birleşdirmegi maslahat bermelidir;

2) gatlaryň sanyny şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda bellenilen çäklerde, dürli gatly binalarda önümçiligi ýerleşdirme görnüşleriniň tehniki-ykdysady görkezijilerini deňeşdirme netijeleriniň esasynda we binagärlik çözgütleriniň ýokary derejesini hasaba almak bilen kabul etmelidir;

3) daşky germew gurnawlaryň meýdanynyň azalmagyny hasaba alyp, binalaryň göwrüm-meýilnamalaşdyryş çözgütlerini kabul etmelidir;

4) ýagtylyk gädikleriniň meýdanyny tebigy we emeli ýagtylandyryşy taslamalaşdyrmagyň kadalaryna laýyklykda, şu Kadalaryň kyrk altynjy böleginiň talaplaryny hasaba almak bilen kabul etmelidir;

5) tehnologiýanyň şertleri, sanitariýa-gigiýena talaplary bilen rugsat berilýän bolsa we ykdysady taýdan maksada laýyk bolsa binalary ýagtylyk gädikleri bolmazdan kabul etmelidir;

6) zawotda öndürilen blok-toplum görnüşinde ýerine ýetirilen inženerçilik we tehnologiki enjamly binalary, desgalary we irileşdirilen bloklary ulanmalydyr;

7) göwrüm-meýilnamalaşdyryş çözgütlerini gurluşyk gurnawlaryna, tehnologiki ýagdaýlara we işleýänlere güýçli sandyraýan enjamlaryň ýa-da yrgyldylaryň daşky çeşmeleriniň döredýän dinamiki täsirlerini azaltmak zerurlygyny hasaba alyp işläp düzmelidir.

9. Binalaryň binagärlik çözgütlerini gurluşyk meýdançasynyň şähergurluşyk, howa şertlerini we töwerekdäki gurluşygyň häsiýetini hasaba alyp kabul etmelidir.

10. Binalaryň geometrik parametrleri – gerimleriň, ädimleriň, sütünleriň modul ölçegleri we gatlaryň beýikligi taslamanyň tehnologik bölümine laýyk gelmelidir.

11. Bir gatly binalaryň beýikligi (poldan diregdäki kese göteriji gurnawlarynyň aşagyna çenli) 3 metrden az bolmaly däldir, köp gatly binalaryň gatynyň beýikligi (berlen gatyň basgançakly meýdançanyň polundan ýokardaky gatyň basgançakly meýdançanyň poluna çenli), tehniki gatlaryň beýikliginden başga, 3,3 metrden az bolmaly däldir.

12. Jaýlaryň içinde poldan basyrgynyň (örtügiň), gurnawlardan çykyp duran ýerinden aşagyna çenli beýiklik 2,2 metrden az bolmaly däldir, adamlaryň hemişe geçýän ýerlerindäki we ewakuasiýa ýollaryndaky kommunikasiýalaryň hem-de enjamlaryň çykyp duran bölekleriniň düýbünden pola çenli beýiklik – azyndan 2 metr, adamlaryň seýrek geçýän ýerlerinde bolsa – azyndan 1,8 metr bolmalydyr. Ýangyn söndüriji awtomobilleriň binanyň içine girmeli bolan ýagdaýynda, awtogeçelgeleriň  kommunikasiýalaryň we enjamlaryň çykyp duran bölekleriniň düýbüne çenli beýikligi 4,2 metrden az bolmaly däldir.

13. Binalaryň oda çydamlylyk derejesini, gatlaryň rugsat berilýän sanyny we ýangyn bölüminiň çäklerindäki binanyň gatynyň meýdanyny (mundan beýläk – gatyň meýdany) şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda görkezilenler boýunça kabul etmelidir.

Jaýlaryň awtomatik ýangyn söndiriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylan ýagdaýynda, şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda görkezilen gatlaryň meýdanlaryny 100% çenli artdyrmaga, IIIa we IIIb oda çydamlylyk derejesi bolan binalaryndan başgasyna rugsat berilýär.

Gatyň meýdany we gatlaryň rugsat berilýän sany meňzeş derejeli jaýly binalar üçin bellenilýär. Binada dürli derejeli jaýlaryň ýerleşen ýagdaýynda, gatyň meýdany we gatlaryň rugsat berilýän sany binanyň (ýa-da ýangyn böleginiň) umumy derejesi boýunça kesgitlenilýär, ol bolsa tehnologik taslamalaşdyrmagyň kadalaryna laýyklykda taslamanyň tehnologik bölümi bilen kesgitlenilýär.

Ýanaşyk gatlaryň basyrgylarynda açyk tehnologik gädikleriň bolan ýagdaýynda, bu gatlaryň jemi meýdany şu Kadalaryň 1-nji tablisada görkezilen gatyň meýdanyndan geçmeli däldir.

14. IVa oda çydamlylyk derejesi bolan bir gatly binalarda umumy meýdan 300 m2-dan köp bolmadyk A we B derejeli jaýlary ýerleşdirmäge rugsat berilýär. Şunda görkezilen jaýlar 1-nji derejeli ýangyna garşy aragermewler we 3-nji kysymly basyrgylar bilen saýlanmalydyr. Şu jaýlaryň daşky diwarlary ýanmaýan ýa-da kynlyk bilen ýanýan materiallardan gurulmalydyr.

Meýdany 75 m2-dan köp bolmadyk A we B derejeli IVa oda çydamlylyk derejesi bolan bir gatly çaklaň binalaryň taslamasyny düzmäge rugsat berilýär.

15. Eger-de tehnologiýanyň talaplary bilen rugsat berilýän bolsa, onda A we B derejeli jaýlary daşky diwarlaryň ýanynda we köp gatly binalarda ýokarky gatlarynda ýerleşdirmäge rugsat berilýär.

A we B derejeli jaýlary ýerzemin we sokol gatlarynda ýerleşdirmäge rugsat berilmeýär.

16. Bir binada ýa-da jaýda dürli partlama-ýangyn we ýangyn howpy bolan tehnologiki ösüşiň gidişi ýerleşdirilen ýagdaýynda, partlamanyň we ýangynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri göz öňünde tutmalydyr. Şu çäreleriň netijeliligi taslamanyň tehnologik bölüminde esaslandyrmalydyr. Eger-de, görkezilen çäreler ýeterlik netijeli bolmasa, onda dürli partlama-ýangyn we ýangyn howpy bolan tehnologik prosesleri aýratyn jaýlarda ýerleşdirmelidir, şunda A, B we Ç derejeleri biri-birinden, şeýle hem, D we E derejeli jaýlardan we geçelgelerden şu aşakdaky kysymly ýangyna garşy aragermewler we ýangyna garşy basyrgylar bilen bölünmelidir:

1) I oda çydamlylyk derejesi bolan binada – 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen;

2) 2-nji kysymly ýangyna garşy basyrgylar bilen (gatlaryň arasynda we ýerzeminiň üstünde);

3) II, III we IIIb oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda – 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen;

4) IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda – 2-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen;

5)  IVa oda çydamlylyk derejesi bolan binalardaky Ç derejeli jaýlar – 2-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen;

6) A we B derejeli – şu Kadalaryň on ikinji bölegine laýyklykda, 3-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen (gatlaryň arasynda we ýerzeminiň üstünde).

7) IV oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda 3-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen (ýerzeminiň üstünde);

Jaýyň içinde birmeňzeş partlama-ýangyn we ýangyn howpy bolan tehnologiki ösüşiň gidişiniň ýerleşdirilen ýagdaýynda olary biri-birinden aragermewler bilen aýyrmagyň, şeýle hem, şu aragermewlerdäki gädik ýerlerinde tambur-şlýuzlary gurnamagyň zerurlygy taslamanyň tehnologik bölüminde esaslandyrmalydyr, şunda tehnologik taslamalaşdyrmagyň kadalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga, ýangyna garşy aragermewleri ulanmak hökmany bolup durmaýar.


1-nji tablisa

Binalaryň ýa-da ýangyn bölekleriniň derejeleri


Gatlaryň rugsat beril-ýän sany

Binalaryň oda çydamlylyk derejesi

Binalaryň ýangyn böleginiň çäklerindäki gatyň meýdany, m2

bir gatly


köp gatly

iki gatly

üç gatly

A, B

6

I

Çäklendirilmeýär

А, B (nebiti gaýtadan işleýän, gaz, himiýa we nebit-himiýa senagatynyň binalaryndan başga)

6

I

II

IIIa


5 200

»

-

-

А – nebiti gaýtadan işleýän, gaz, himiýa we nebit-himiýa senagatynyň binalary

6

I

II

III a

Çäklendi-rilmeýär

3 500

5 200

-

3 500

-

B– nebiti gaýtadan işleýän, gaz, himiýa we nebit-himiýa senagatynyň binalary

6

I

II

III a

Çäklendi-rilmeýär

3 500

10 400

-

7 800

-


8

I,II

Çäklendirilmeýär

Ç

3

III

5 200

3 500

2 600


2

IIIа

25 000

10 400**

-


1

IIIb

15 000

-

-


2*

IVа

2 600

2 000

-


2

IV

2 600

2 000

-


1

V

1 200

-

-


10

I,II

Çäklendirilmeýär

G

3

III

6 500

5 200

3 500


6

IIIа

Çäklendirilmeýär


1

IIIb

20 000

-

-


2*

IVа

6 500

5 200

-


2

IV

3 500

2 600

-


10

I,II

Çäklendirilmeýär

D

3

III

7 800

6 500

3 500


6

IIIа

Çäklendirilmeýär


1

IIIb

25 000

-

-


2*

IVа

10 400

7 800

-


2

IV

3 500

2 600

-


2

V

2 600

1 500

-

* Bir we iki gatly binalaryň 18 metrden ýokary bolmadyk beýikliginde (birinji gatyň polundan örtügiň diregdäki kese göteriji gurnawlarynyň aşagyna çenli).

** Iki gatly binalaryň ýangyn howply jaýlary awtomatiki ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylan ýagdaýynda.

Bellikler: 1) I, II, III we IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda 1-nji kysymly ýangyna garşy zolaklaryň deregine “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda rugsat berilýär;

2) ramalarynyň sany dörde çenli bolan agaç kesýän sehleri, agajy başlangyç işläp geçýän agaç işläp taýýarlaýan sehleri we agajy owradýan çapyjy stansiýalary gatyň 600 m2 meýdanynda V oda çydamlylyk derejesi bolan iki gatly binalarda ýerleşdirmäge rugsat berilýär;

3) un üweýän, ýarma we kombinirlenen iým senagatynyň B derejeli jaýlaryny 8 gatly I we II oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda ýerleşdirmäge rugsat berilýär;

4) binanyň gatlylygy kesgitlenende meýdançalar, tekjeleriň ýaruslary we antresollar hasaba alynýar, olaryň meýdany islendik bellikde binanyň gatynyň meýdanynyň 40% gowragyna barabar. Şeýle halatda gatyň meýdanyna talaplar köp gatly binalar üçin  kesgitlenilýär;

5) oduň nolunjy ýaýraýyş çäkli goraýjy gurnawlarynyň (diwarlaryň we örtükleriň), 0,75 sagat oda çydamlylyk çäkli basyrgy örtükleriniň ulanylan ýagdaýynda, ýangyn howply jaýlaryň awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylyp, şeýle jaýlaryň 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen bölünen ýagdaýynda, Ç derejeli IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan binalary 3-den 6 çenli (ony hem hasaba goşup) gatly taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär. Şunda üç we has köp gatly binalar üçin gatyň meýdanyny 10400 m2-dan köp kabul etmeli däldir. Ç derejeli IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan bir gatly binalarda oduň nolunjy ýaýraýyş çäkli goraýjy gurnawlarynyň (diwarlaryň we örtükleriň), 0,75 sagat oda çydamlylyk çäkli basyrgy örtükleriniň ulanylan ýagdaýynda we ýangyn howply jaýlaryň 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermeler bilen bölünen ýagdaýynda, A, B we Ç derejeli jaýlaryň awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylan bolsa gatyň meýdanyny 50000 m2 çenli kabul etmäge rugsat berilýär;

6) agajy gaýtadan işläp bejerýän önümçilikleriň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýan, II oda çydamlylyk derejesi bolan binalaryň gatynyň meýdanyny şu aşakdaky ýaly kabul etmelidir:

a) iki gatly binalary – 7800 m2 köp däldir;

b) üç we has köp gatly – 5200 m2 köp däldir.

7) Ç derejeli I we II oda çydamlylyk derejesi bolan tebigy we tehniki ylymlaryň ylmy-barlag institutlarynyň barlaghana binalaryny 10 gata çenli beýiklikde taslamalasyny düzmäge rugsat berilýär.

17. A we B derejeli jaýlary beýleki derejeli jaýlarda, geçelgelerden we basgançak meýdançalaryndan bölüp aýyrýan aragermewlerdäki gädik ýerlerinde howanyň hemişelik dykyzlandyrylan tambur-şlýuzlary göz öňünde tutmalydyr. Tambur-şlýuzlaryň goraýjy gurnawlarynyň ýangyna garşy kadalara laýyklykda taslamasyny düzmelidir. Görkezilen derejeli iki ýa-da has köp jaýlar üçin umumy tambur-şlýuzlary gurnamaklyga rugsat berilmeýär.

18. Diwarlarda we aragermewlerde ýangyna garşy gapylar ýa-da derwezeler bilen ýapyp bolmaýan gädikleriň taslamasy düzülende, Ç, D we E derejeli ýanaşyk jaýlaryň arasyndaky gatnaw üçin gädikleriň ýerlerinde uzynlygy 4 metrden az bolmadyk, tamburyň 1 m2 poluna suwuň 1 l/s göwrüm harjy bolan 4 metr uzynlykdaky meýdanda awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylan açyk (gapysyz ýa-da derwezesiz) tamburlary göz öňünde tutmalydyr. Tamburyň goraýjy gurnawlary 0,75 sagat oda çydamlylyk çäkli ýangyna garşy bolmalydyr.

19. A, B we Ç derejeli binalaryň basyrgylarynda, şeýle hem A we B derejeli jaýlary beýleki jaýlardan bölýän ýangyna garşy aragermewlerde ýangyna garşy gapylar ýa-da derwezeler bilen ýapyp bolmaýan gädikleri gurnamagyň zerurlygynda, ýanaşyk gatlara we jaýlara ýangynyň ýaýramagynyň we ýanyjy gazlaryň, çalt ot alýan we ýanyjy suwuklyklaryň, partlama howply toplanmalary emele getirmäge ukyply bolan tozanlaryň, süýümleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutmalydyr. Şu çäreleriň netijeliligi taslamanyň tehnologik bölüminde esaslandyrylmalydyr.

20. Ýerzeminler, eger olarda Ç derejeli jaýlar ýanyjy materiallaryň we ýanyjy gaba gaplanan ýanmaýan materiallaryň ammarlary ýerleşdirilen ýagdaýynda, awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylmalydyr we 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bilen hersiniň meýdany 3000 m2 köp bolmadyk böleklere bölünmelidir. Şunda her bölegiň ini (daşky diwardan hasap edilende), adatça, 30 metrden geçmeli däldir. Görkezilen jaýlarda ini azyndan 0,75 metr we beýikligi azyndan 1,2 metr bolan penjireleri göz öňünde tutmalydyr. Aýnalaryň jemi meýdanyny jaýlaryň polunyň meýdanynyň azyndan 0,2% kabul etmelidir. Meýdany 1000 m2 köp bolan jaýlarda penjireleriň azyndan ikisini göz öňünde tutmalydyr. Ýerzeminleriň üstündäki basyrgylaryň oda çydamlylyk çägi 0,75 sagatdan az bolmaly däldir.

Daşyna çykalgasy bolan ýerzeminlerdäki 700 m2 we has köp meýdany bolan Ç derejeli jaýlar awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen, 700 m2 az bolan jaýlar awtomatik duýduryjy (signalzasiýa) gurluşlary bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Görkezilen çykalgalary bolmadyk ýerzeminlerdäki 300 m2 we has köp meýdany bolan Ç derejeli jaýlar awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen, 300 m2 az bolan jaýlar – awtomatik duýduryjy (signalzasiýa) gurluşlary bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Geçelgeleriň ini azyndan 2 metr we gös-göni ýa-da özbaşdak basgançak meýdançalarynyň üsti bilen daşyna çykýan çykalgalary bolmalydyr. Jaýlary geçelgelerden bölýän 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler bolmalydyr.

Önümçilik tehnologiýasynyň talaplary boýunça daşky diwarlaryň ýanynda ýerleşdirip bolmaýan Ç derejeli jaýly ýerzeminleri ýangyna garşy aragermewler bilen hersiniň meýdany 1500 m2 köp bolmadyk böleklere bölmelidir.

21. Ýangynyň bolan halatynda jaýlarda we geçelgelerde tüsseçykarlary göz öňünde tutmalydyr.

A, B we Ç derejeli binalarda geçelgeleri her 60 metrden 3-nji kysymly gapyly  2-nji kysymly ýangyn garşy aragermewler bilen bölmelidir.

22. Tehnologiki şertleri boýunça howa gurşawynyň durnukly parametrlerini talap edýän önümçilik jaýlarynda üstündäki giňişlikde inženerçilik enjamlaryny we kommunikasiýalary ýerleşdirmek üçin goşmaça kese goraýjy gurnawlaryň taslamasyny düzmäge şu aşakdakylar rugsat berilýär:

1) asma (aşagyndan tikilýän) potoloklary – haçan-da kommunikasiýalara barmaklyk hyzmat ediji işgärler üçin geçelgäni göz öňünde tutmak talap edilmeýän bolsa. Görkezilen kommunikasiýalara hyzmat etmek üçin lýuklary we dik polat basgançaklaryny göz öňünde tutmaga;

2) tehniki gatlary – haçan-da tehnologiýanyň şertleri boýunça şol giňişlikde ýerleşdirilýän inženerçilik enjamlaryna, kommunikasiýalara we kömekçi tehnologik gurluşlaryna hyzmat etmek üçin beýikligi şu Kadalaryň on ikinji bölegine laýyklykda kabul edilýän geçelgeleri gurnamaklyk talap edilýän bolsa.

Asma potoloklary A we B derejeli jaýlarda taslamalaşdyrmaga rugsat berilmeýär.

Asma potoloklaryň gurnawyny ýangyna garşy kadalaryň talaplaryny hasaba alyp kabul etmelidir. Rulonly ýa-da mastikaly üçekli polatdan profilirlenen düşekden örtükli binalarda asma potoloklaryň karkasynyň doldurylmagy we asma potoloklaryň üstünde ýerleşen turba geçirijileriň we howa geçirijileriň izolýasiýasy ýanmaýan materiallardan ýerine ýetirilmelidir.

Asma potologyň üstündäki giňişlikde ýanyjy ýa-da kynlyk bilen ýanýan materiallardan izolýasiýasy bolan kommunikasiýalaryň (howa geçirijiler, turba geçirijiler ýa-da kabelleriniň sany 12-den köp bolan kabel trassalary) bolan ýagdaýynda awtomatik ýangyn söndürişi göz öňünde tutmalydyr. Görkezilen giňişlikde şeýle izolýasiýaly kabelleriň we elektrik simleriniň 5-den 12-ä çenli çekilen ýagdaýynda awtomatik ýangyn yşaratlandyryşy göz öňünde tutmalydyr. Potologyň üstünde polatdan suw-gaz geçiriji turbalarynyň içinde kabelleriň, ýanmaýan izolýasiýaly turba geçirijileriň we howa geçirijileriň çekilen ýagdaýynda ýangyn yşaratlandyryşy we awtomatik ýangyn söndürişi göz öňünde tutmak talap edilmeýär.

23. Taslamanyň tehnologik bölümine laýyklykda binalara demirýol girelgelerini göz öňünde tutmalydyr. Şunda lokomotiwleriň ähli kysymlarynyň A we B derejeli jaýlaryň içine, parawozlaryň we teplowozlaryň bolsa – Ç derejeli jaýlaryň içine we ýanmaýan materiallardan örtükleri ýa-da basyrgylary bolan jaýlaryň içine lokomotiwleriň ähli kysymlarynyň girmeklerini göz öňünde tutmalydyr.

24. Demir ýollaryň relsleriniň kellejikleriniň üsti arassa poluň belliginde bolmalydyr.

25. Binalarda ýerleşdirilýän çig malyň, ýarym fabrikatlaryň we taýýar önümiň ammarlaryny, şeýle hem ýük nowalaryny (rampalary) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan kadalara laýyklykda  hasaba alyp taslamalaşdyrmalydyr.

26. Beýikligi ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň (tehniki gaty hasaba almazdan) arassa polunyň belligine çenli 15 metrden köp bolan köp gatly binalarda we 15 metrden köp bolan bellikde hemişelik iş ýerleriniň ýa-da çalşygyň dowamynda üç sapardan köp hyzmat edilmeli enjamlaryň bolan ýagdaýynda ýolagçy liftlerini göz öňünde tutmalydyr. Ýük liftleri taslamanyň tehnologik bölümine laýyklykda göz öňünde tutmalydyr.

Liftleriň sanyny we ýük göterijiligini ýolagçylara we ýükleriň akymyna baglylykda kabul etmelidir. 15 metrden ýokarda ýerleşen gatlaryň ählisinde işleýänleriň sany (has köp sanly çalşykda) 30 dan köp bolmasa, binada bir lifti göz öňünde tutmalydyr.

A we B derejeli jaýlardaky liftleriň öňünde ähli gatlarda 20 Pa (2 kgg/m2) hemişelik howa dykyzlandyrýan tambur-şlýuzlaryny göz öňünde tutmalydyr. Ýerzemin jaýlarynda liftleriň öňünde ýangyn wagtynda 20 Pa (2 kgg/m2) howany dykyzlandyrýan tambur-şlýuzlaryny göz öňünde tutmalydyr. Liftleriň şahtalary tarapdan tambur-şlýuzlaryň gapylary ýanmaýan materiallardan, aýnalanman ýerine ýetirilmelidir. A we B derejeli binalaryň liftleriniň maşyn bölümlerinde 20 Pa (2 kgg/m2) hemişelik howa dykyzlandyrmalary göz öňünde tutmalydyr.

Ikinji we ýokarky gatlarda araba-kürsüleri ulanýan maýyplygy bolan adamlaryň zähmeti üçin niýetlenen jaýlaryň bolan ýagdaýynda, eger birinji gatda maýyplygy bolan adamlar üçin iş ýerlerini gurnamaga mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda, binada ýolagçy liftini göz öňünde tutmalydyr. Liftiň kabinasynyň ölçegleri şu aşakdakylardan az bolmaly däldir:

1) ini – 1,1 metr;

2) çuňlugy – 2,1 metr;

3) gapy gädiginiň ini – 0,85 metr.

27. Ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň arassa polunyň belligine çenli beýikligi 30 metrden köp bolan binalarda lift hollary göz öňünde tutulmalydyr, olar beýleki jaýlardan we geçelgelerden 1-nji kysymly ýangyna garşy aragermewler we  2-nji kysymly ýangyna garşy gapylar bilen bölünen bolmalydyr. Çykalgasynda tambur-şlýuzlaryň bolmadyk liftleriň şahtalarynda ýangyn wagtynda howanyň dykyzlygy üpjün edilmelidir.


III bap. BINALARDAN WE JAÝLARDAN ADAMLARYŇ EWAKUASIÝASY


28. A we B derejeli jaýlaryň we olaryň ýanyndaky tambur-şlýuzlaryň üstünden, şeýle hem IIIb, IV, IVa we V oda çydamlylyk derejesi bolan binalardaky önümçilik jaýlarynyň üstünden ewakuasiýa çykalgalaryny göz öňünde tutmaklyga rugsat berilmeýär.

Eger-de, jaýyň has uzakdaky nokadyndan A we B derejeli jaýlarynyň ewakuasiýa çykalgalaryna çenli uzaklyk 25 metrden köp bolmasa, görkezilen jaýlara hyzmat etmek üçin inženerçilik enjamlary ýerleşdirilen we adamlaryň hemişe bolmaýan şol gatdaky jaýlardan A we B derejeli jaýlaryň üstünden bir sany ewakuasiýa çykalgasyny gurnamaga rugsat berilýär.

29. D we E derejeli jaýlary bolan dört gatdan ýokary bolmadyk içinden gurmalarda we oturtmalarda ýerleşen basgançak meýdançalaryndan ewakuasiýa çykalgalaryny D we E derejeli jaýlaryň üstünden daşyna şol çykalgalaryň içinden gurmalaryň we oturtmalaryň iki tarapynda ýerleşen şertinde göz öňünde tutmaga rugsat berilýär (eger içinden gurmalar we oturtmalar binany üzňelenen böleklere bölýän bolsa).

30. I, II we IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan binalardaky antresollarda we oturtmalarda (içinden gurlanlarda), şeýle hem hemişelik iş ýerleri bolmadyk binalaryň inženerçilik enjamlaryny ýerleşdirmek üçin niýetlenen, IVa oda çydamlylyk derejesi bolan D we E derejeli bir gatly çaklaň binalaryň antresollarynda ýerleşen jaýlardan ewakuasiýa çykalgalaryny Ç, D we E derejeli jaýlarda ýerleşdirilen we şu Kadalaryň altmyş üçünji bölegine (marşyň ýapgydy we ini böleginde) laýyklykda taslamasy düzülýän içki açyk polat basgançaklarynda göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Şunda inženerçilik enjamly jaýyň has uzakdaky nokadyndan binanyň ewakuasiýa çykalgasyna çenli uzaklyk şu Kadalaryň 2-nji tablisasynda görkezilen bahalardan geçmeli däldir (basgançak boýunça onuň üç esse beýikligine deň bolan ýolunyň uzynlygyny hasaba alyp). Görkezilen basgançaklaryň Ç derejeli jaýlarda ýerleşen ýagdaýynda – bu jaýlar we antresollardaky we oturtmalardaky (içinden gurlanlardaky) ýangyn howply jaýlar awtomatik ýangyn söndüriji gurluşlary bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Görkezilen jaýdan içki ýa-da daşky açyk polat basgançaga bir çykalgany (ikinjini gurnamazdan) göz öňünde tutmaga rugsat berilýär, olarda jaýyň has uzakdaky nokadyndan basgançaga çykalga çenli uzaklyk 25 metrden geçmeýär.

31. Demir ýol ulagynyň hereketli düzümi üçin derwezeleri, şeýle hem ulagyň islendik görnüşi üçin açylýan we ştoraly derwezeleri ewakuasiýa çykalgalary hökmünde hasaba almaga rugsat berilmeýär.

32. Bir ewakuasiýa çykalgalarynyň (ikinjini gurnamazdan) bolmagy şu aşakdaky ýagdaýlar rugsat berilýär:

1) ýerüsti gatlarynyň sany dörtden köp bolmadyk, E derejeli jaýlary bolan, has köp sanly çalşykda işleýänleriň sany bäşden we gatynyň meýdany 300 m2 köp bolmadyk binalaryň islendik gatynda, I we II oda çydamlylyk derejesi bolanda;

2) islendik gatda ýerleşen jaýdan (ýerzemin we sokol gatlaryndan başga), eger bu çykalga gatyň ewukuwasion çykalgalarynyň ikisine alyp barýan bolsa, has uzakdaky iş ýerinden jaýdan çykalga çenli uzaklyk 25 metrden geçmedik we has köp sanly çalşykda işleýänleriň sany aşakdakylardan geçmedik bolanda:

a) 5 adam – A, B derejeli jaýda;

b) 25 adam – Ç derejeli jaýda ;

ç) 50 adam – D, E derejeli jaýda;

3) meýdany 300 m2 köp bolmadyk we has köp sanly çalşykda işleýänleriň sany bäşden köp bolmadyk, islendik gatda ýerleşen (birinjiden başga) E derejeli jaýdan   şu Kadalaryň altmyş bäşinji bölegine laýyklykda kanagatlandyrýan daşky polat basgançaga.

Basgançagyň goraýjy gurnawlary ýanmaýan bolmalydyr. Şunda has uzakdaky iş ýerinden basgançaga çykalga çenli uzaklyk 25 metrden geçmedik bolanda;

4) meýdany 54 m2 köp bolmadyk A we B derejeli bir gatly çaklaň binalardan, beýleki derejeler – 108 m2 köp bolmadyk. Şunda A we B derejeli jaýlarda has köp sanly çalşykda işleýänleriň sany 5 adamdan geçmeli däldir, Ç, D we E derejeli jaýlarda – 25 adam, görkezilen binalarda gorag torlary we gözenekleri bolmadyk, daşyna açylýan penjireleriň 25% göz öňünde tutulan bolanda;

5) D derejeli IIIa oda çydamlylyk derejesi bolan, ýeriň meýilleşdirilen belliginden ýokarky gatyň (ýarusyň) polunyň belligine çenli 30 metr, gatyň (ýarusyň) 300 m2 köp bolmadyk köp gatly (ýarusly) islendik gatdan (ýarusdan) şu Kadalaryň altmyş bäşinji bölegine laýyklykda taslamasy düzülen (marşyň ýapgydy we ini böleginde) içki ýa-da daşky polat basgançaga, şunda binada has köp sanly çalşykda işleýänleriň umumy sany 5 adamdan geçmeli däldir, has uzakdaky iş ýerinden basgançaga çykalga çenli uzaklyk 25 metrden köp bolmaly däldir, basgançagyň goraýjy gurnawlary ýanmaýan materiallardan ýerine ýetirilen bolmalydyr. E derejeli jaýlardan başga, binada elektrotehniki jaýlary ýerleşdirmäge rugsat berilýär (yşaratlandyryş galkanlary, dolandyryş pultlary we şkaflary, paýlaýjy nokatlary). Berkidilen polatdan ýygnalýan merdiwan boýunça 0,6x0,8 metrden kiçi bolmadyk ölçegdäki 2-nji kysymly ýangyna garşy lýugyň üsti bilen içki basgançagyň ýokarky meýdançasyndan üçege çykalgany gurnamaga.

33. Beýikligi ýeriň meýilleşdirilen belliginden ýokarky gatyň polunyň belligine çenli 30 metrden köp bolmadyk binalaryň ikinji we ýokarda ýerleşen gatlaryndan ikinji çykalga hökmünde şu Kadalaryň altmyş üçünji bölegine laýyklykda kanagatlandyrýan daşky polat basgançagy göz öňünde tutmaga rugsat berilýär, eger her gatda (birinjiden başga) has köp sanly çalşykda işleýänleriň sany aşakdakylardan geçmeýän bolsa:

1) 15 adam – islendik derejeli jaýlary bolan köp gatly binalarda;

2) 50 adam – Ç derejeli jaýlary bolan iki gatly binalarda;

3) 100 adam – D we E derejeli jaýlary bolan iki gatly binalarda.

34. Meýdany 300 m2 köp bolan ýerzeminlerden we sokol gatlaryndan, şeýle hem şu Kadalaryň ýigriminji bölegine laýyklykda, göz öňünde tutulan ýerzeminiň her böleginden ewakuasiýa çykalgalarynyň azyndan ikisini göz öňünde tutmalydyr. D we E derejeli jaýlary bolan ýerzeminlerden ewakuasiýa çykalgalaryny birinji gatda ýerleşen görkezilen derejeli jaýlara taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär. Ç derejeli jaýlary bolan ýerzeminlerden ewakuasiýa çykalgalaryny (şol sanda ýag ýerzeminlerinden we ýerzeminleriň kabel gatlaryndan) gös-göni daşyna çykalgasy bolan özbaşdak basgançak meýdançalarynyň üstünden göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Basgançak meýdançasyndan daşyna özbaşdak çykalgany gurnamak bilen, iki marş beýiklige 1-nji kysymly petik aragermew bilen bölünip aýrylan umumy basgançak meýdançalaryny ulanmaga rugsat berilýär.

1000 m2 köp bolan Ç derejeli jaýlaryň hersinden çykalgalaryň (gapylaryň) azyndan ikisini göz öňünde tutmalydyr. Çykalgalar 25 metrden köp bolmadyk petikler bolmaz ýaly ýerleşmelidir.

Daşky diwarlara ýanaşmaýan Ç derejeli jaýlary bolan ýerzeminlerden ewakuasiýa çykalgalaryny D we E derejeli jaýly birinji gatda göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Şunda birinji gata çykmak üçin basgançaklar ýangyna garşy aragermewler bilen goralan bolmalydyr, ýerzeminde basgançaklaryň öňünde ýangyn mahaly howa dykyzlandyryjy tambur-şlýuzlary göz öňünde tutmalydyr.

Ç, D we E derejeli jaýlary bolan ýerzeminlerden çykalgalary ýük göteriji-ulag enjamlarynyň iş zolagynyň daşynda göz öňünde tutmalydyr.

35. Has uzakdaky iş ýerinden jaýyň içinden gös-göni daşyna ýa-da basgançak meýdançasyna has golaýdaky ewakuasiýa çykalgasyna çenli uzaklyk 2-nji tablisada görkezilen görkezijilerden ýokary bolmaly däldir.

36. Içki tekjeleriň we meýdançalaryň azyndan iki sany açyk polat basgançaklary bolmalydyr. Tekjäniň ýa-da meýdançanyň her ýarusynyň polunyň A we B derejeli jaýlar üçin 108 m2-dan, Ç, D we E derejeli jaýlar üçin 400 m2-dan geçmeýän meýdanynda bir basgançagy taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär.

Meýdançalardaky we tekjelerdäki has uzakdaky nokatdan binadan golaýdaky ewakuasiýa çykalgasyna çenli uzaklygyny şu Kadalaryň 2-nji tablisasyna laýyklykda, meýdançadan we tekjeden açyk basgançak boýunça marşlaryň üç esse beýikligine deň kabul edilýän ýolunyň uzynlygyny hasaba alyp kabul etmelidir.

Hemişelik iş ýerleriniň bolan ýagdaýynda, meýdanlary islendik belgide gatyň meýdanynyň 40%-den geçmeýän meýdançalardan we tekjeleriň ýaruslaryndan ewakuasiýa çykalgalaryny basgançak meýdançalarynyň üstünden göz öňünde tutmalydyr.


2-nji tablisa

   

Jaýyň göwrümi, müň m3


Jaýyň derejesi

Binanyň oda çydamlylyk derejesi

Umumy geçelgede adam akymynyň gürlüginde, adam/m2 uzaklyk, metrde

1 çenli

1-den köp 3 çenli

3-den köp 5 çenli

15 çenli

А, B

I,  II,  IIIa

40

25

15

W

I, II, III,  IIIa

IIIb,  IV

V

100

70

50

60

40

30

40

30

20

30

А, B

I,  II,  IIIa

60

35

25

W

I, II, III,  IIIa

IIIb,  IV

145

100

85

60

60

40

40

А, B

I,  II,  IIIa

80

50

35

W

I, II, III,  IIIa

IIIb,  IV

160

110

95

65

65

45

50

А, B

I,  II,  IIIa

120

70

50

W

I, II, III,  IIIa

180

105

75

60 we köp

А, B

I,  II,  IIIa

140

85

60

60

W

I, II, III,  IIIa

200

110

85

80 we köp

W

I, II, III,  IIIa

240

140

100

Göwrümine bagly däl

G, D

I, II, III, IIIa

Çäklendirilmeýär




IIIb,  IV

V

160

120

95

70

65

50










Bellikler:

1) adam akymynyň gürlügi umumy geçelge boýunça göçürilýän adamlaryň sanynyň şol geçelgäniň meýdanyna bolan gatnaşygy ýaly kesgitlenilýär;

2) meýdany 1000 m2 köp bolan jaýlar üçin şu Kadalaryň 2-nji tablisada görkezilen uzaklyk geçelge boýunça ýoluň daşyna ýa-da basgançak meýdançasyna çykalga çenli uzaklygy öz içine alýar;

3) A we B derejeli jaýlar üçin aralygy çalt ot alýan  ýa-da ýanyjy suwuklyklaryň dökülme meýdanyndan 50m2 deň bolan uzaklygy hasaba almak bilen kesgitlenmelidir. Şu Kadalaryň 2-nji tablisasynda görkezilen dökülme meýdanynyň başga san görkezijilerinde uzaklyk 50/F koeffisiýente köpeldilýär. F diýlende – taslamanyň tehnologik bölüminde kesgitlenilýän dökülmäniň bolup biljek meýdany göz öňünde tutulýar;

4) jaýlaryň göwrüminiň aralyk bahalarynda uzaklyklar çyzykly interpolýasiýa bilen kesgitlenilýär;

5) uzaklyklar beýikligi 6 metre çenli jaýlar üçin bellenilýär  jaýlaryň 6 metrden köp beýikliginde uzaklyk artýar, jaýyň 12 metrden köp beýikliginde – 20%-e, 18 metrden – 30%-e, 24 metrden – 40 %-e, ýöne 140 metrden köp däldir, A, B derejeli jaýlar üçin we 240 metr – Ç derejeli jaýlar üçin jaýlaryň beýikliginiň aralyk bahalarynda uzaklyklaryň köpelmesi çyzykly interpolýasiýa bilen kesgitlenilýär.

Ewakuasiýa çykalgalarynyň birini şu Kadalaryň altmyş bäşinji bölegine laýyklykda taslamalaşdyrylýan daşky açyk polat basgançak göz öňünde tutmaga rugsat berilýär.

37. Has uzakdaky iş ýerinden ýanyjy polimer ýyladyjyly IVa oda çydamlylyk derejesi bolan bir gatly ýa-da iki gatly binalardan iň golaýdaky Ewakuasion çykalgalaryna çenli uzaklygy aşakdakylardan köp kabul etmeli däldir:

1) Ç derejeli jaýly bir gatly binalarda – 50 metr, D we E derejeli – 80 metr;

2) Ç derejeli jaýly iki gatly binalarda – 40 metr, D we E derejeli – 60 metr.

Eger jaýlarda enjamlar bilen eýelenmedik poluň meýdany 75 m2 we ondan köp baha barabar bolsa (has köp sanly çalşykda işleýänleriň birine düşýän), görkezilen uzaklyklary 50% çenli artdyrmaga rugsat berilýär.

Görkezilen uzaklyklary berjaý etmäge mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda, Ç, D, E derejeli jaýly bir gatly binalarda ewakuasiýa çykalgalaryny daşky diwarlarda binalaryň perimetri boýunça her 72 metrden ýerleşdirmelidir. Adamlaryň sanyna görä basgançak marşynyň ini ikinji gatdan howply ýagdaýlarda adamlary çykarmak üçin gapylaryň, geçelgeleriň ýa-da geçelgeleriň ini 100 adama 0,6 metr hasapdan kabul edilýär.

38. 1000 m2 köp bolmadyk meýdanly has uzakdaky jaýyň gapysyndan daşyna ýa-da basgançak meýdançasyna golaýdaky çykalga çenli uzaklyk şu Kadalaryň 3-nji tablisada görkezilen aňlatmalardan geçmeli däldir.

Dürli jaýlaryň bir gatda ýerleşen ýagdaýynda, has uzakdaky jaýyň gapysyndan daşyna ýa-da golaýdaky basgançak meýdançasyna çykalga çenli geçelge boýunça uzaklyk, has howply dereje boýunça kesgitlenilýär.

39. Binalardan ewakuasion çykalgasynyň (gapysynyň) inini şol çykalgadan ewakuasiуa edilýän adamlaryň umumy sanyna we şu Kadalaryň 4-nji tablisasynda kesgitlenen  çykalganyň (gapynyň) ininiň 1 metre, (ýöne daýanç-hereket ediş synalarynyň işi bozulan maýyplygy bolan adamlaryň bolan ýagdaýynda 0,9 metrden az bolmadyk) düşýän  adamlaryň sanyna baglylykda göz öňünde tutulmalydyr. 

40. Ewakuasiýa çykalganyň ini (daşyna ýa-da basgançak meýdançasyna ewakuasiýa çykalgasynyň (gapysynyň) inini şol çykalgadan ewakuasiуa edilýän adamlaryň umumy sanyna ininiň 1 metr ) şu Kadalaryň 5-nji tablisasynda kesgitlenen çykalganyň ininiň 0,8 metrden az bolmadyk düşýän adamlaryň sanyna baglylykda göz öňünde tutulýar (işleýänleriň arasynda daýanç-hereket ediş synalarynyň işi bozulan maýyplygy bolan adamlaryň bolan ýagdaýynda – azyndan 0,9 metr).

41. Basgançak marşynyň inini has giň gapyly gatdan basgançak meýdançasyna ewakuasiуa edilýän çykalgasynyň (gapysynyň) hasaplama ininden az kabul etmeli däldir, ýöne 1 metrden az däldir. Ýekelikdäki iş ýerlerine geçelgeleriň we basgançaklaryň inini 0,7 metr, 50-den köp adamlary ewakuasiуa  etmek üçin bolsa – 0,9 metr kabul etmelidir.

Işleýänleriň arasynda daýanç-hereket ediş synalarynyň işi bozulan maýyplygy bolan adamlaryň bolan ýagdaýynda basgançak marşynyň inini azyndan 1,2 metr kabul etmelidir.

42. A we B derejeli binalarda emeli yşyklandyryşly we tambur-şlýuzlara howanyň hemişelik gysyşy bolan 3-nji kysymly tüsselemeýän basgançak meýdançalaryny göz öňünde tutmalydyr. Ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň arassa polunyň belligine çenli 30 metrden köp bolmadyk beýiklikli görkezilen binalarda 1-nji kysymly adaty basgançak meýdançalaryny göz öňünde tutmaga rugsat berilýär, eger A, B derejeli jaýlaryň tambur-şlýuzlaryň üstünden çykalgalary bar bolsa.

43. Ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň arassa polunyň belligine çenli 30 metre çenli beýikligi bolan Ç derejeli binalarda 1-nji kysymly adaty basgançak meýdançalaryny göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Binalarda tambur-şlýuzlara howanyň hemişelik dykyzlygy bolan 3-nji kysymly tüsselemeýän basgançak meýdançalarynyň 50% çenlisini göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Beýikligi 30 metrden köp bolan görkezilen binalarda basgançak meýdançalary 2-nji kysymly tüsselemeýän bolmalydyr (tebigy ýagtylandyryşly).

44. D, E derejeli binalarda 1-nji kysymly adaty basgançak meýdançalaryny göz öňünde tutmalydyr (daşky diwarlardaky penjirelerden tebigy ýagtylandyryşly). Basgançak meýdançalarynyň 50%-ni 3-nji kysymly tüsselenmeýän, tebigy ýagtylandyryşsyz, ýangynda tambur howa dykyzlandyryjyny göz öňünde tutmaga rugsat berilýär.

Ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň arassa polunyň belligine çenli 30 metrden köp bolan beýiklikli görkezilen binalarda 1-nji kysymly adaty basgançak meýdançalary (tebigy ýagtylandyryşly) iki marş beýikligine beýiklik boýunça her 20 metrden petik aragermew bilen üzňelenmelidir (basgançak meýdançasynyň göwrüminden daşynda basgançak meýdançasynyň bir böleginden beýlekisine geçişli).

45. Tüsselemeýän basgançak meýdançalarynyň ewakuasiýa yşyklandyryşy bolmalydyr. 2-nji kysymly tüsselemeýän basgançak meýdançalary D we E derejeli binalarda beýiklik boýunça her 30 metrden we Ç derejeli binalarda her 20 metrden iki marş beýikligine petik aragermew bilen üzňelenmelidir (basgançak meýdançasynyň göwrüminden daşynda basgançak meýdançasynyň bir böleginden beýlekisine geçişli).

46. Tamburlaryň we tambur-şlýuzlaryň inini gädikleriň ininden azyndan 0,5 metrden köp kabul etmelidir (gädigiň her tarapynda 0,25 metr), çuňlugyny bolsa – gapy ýa-da derweze polotnosynyň ininden 0,2 metr köp, ýöne 1,2 metrden az bolmaly däldir.

Araba-kürsülerini ulanyp işleýän maýyplygy bolan adamlaryň bolan ýagdaýynda tamburlaryň we tambur-şlýuzlaryň inini azyndan 1,8 metr kabul etmelidir.


3-nji tablisa

                 


Çykalganyň ýerleşýän ýeri


Jaýyň derejesi


Binanyň oda çydamlylyk derejesi

Geçelgede adam akymynyň inidiki  gürlüginde, adam/m2, daşyna ýa-da golaýdaky basgançak meýdançasyna çenli geçelge boýunça uzaklyk, metr



2 çenli

2-den köp 3 çenli

3-den köp 4 çenli

4-den köp 5 çenli



Daşyna ýa-da basgançak meýdançalaryna çykalgalaryň ikisiniň arasynda

А, B

I, II,  IIIa

60

50

40

35


W

I , II,  III, IIIa

IIIb,  IV

V

120

85

60

95

65

50

80

55

40

65

45

35


G, D

I , II,  III, IIIa

IIIb,  IV

V

180

125

90

140

100

70

120

85

60

100

70

50


Öňi ýapyk geçelge

Derejesine bagly däl

I , II,  III, IIIa

IIIb,  IV

V

30

20

15

25

15

10

20

15

10

15

10

8



Bellik: Geçelgede adam akymynyň gürlügi jaýlardan geçelgä ewakuasiýa edilýän adamlaryň sanynyň şol geçelgäniň meýdanyna bolan gatnaşygy ýaly kesgitlenilýär, şunda geçelgäniň hasaplama ini ýangyna garşy kadalaryň talaplary hasaba alnyp kabul edilýär.


4-nji tablisa

Jaýyň göwrümi,

müň m3

Jaýyň derejesi

Binanyň oda çydamlylyk derejesi

Ewakuasiýa çykalgasynyň (gapysynyň) 1 metre düşýän adamlaryň sany, adam

15

А, B
I,  II,  IIIа

45


W

I, II, III, IIIа,

IIIb, IV

V

110

75

55

30

А, B
I,  II,  IIIа

65


W

I, II, III, IIIа,
IIIb, IV

155

110

40

А, B
I,  II,  IIIа

85


W

I, II, III, IIIа,
IIIb, IV

175

120

50

А, B
I,  II,  IIIа

130


W

I, II, III, IIIа,
IIIb,

195

135

60 we köp

А, B
I,  II,  IIIа

150

60

W

I, II, III, IIIа,
IIIb,

220

155

80 we köp

W

I, II, III, IIIа

260

Göwrümine bagly däl

G, D

I, II, III, IIIа,

IIIb, IV

V

260

180

130

Bellikler:

1) jaýlaryň göwrüminiň aralyk bahalarynda çykalganyň 1 metr inine adamlaryň sany interpolýasiýa bilen kesgitlenilýär;

2) beýikligi 6 metrden köp bolan jaýlardan ewakuasiýa çykalgalarynyň (gapylarynyň) 1 metr inine düşýän adamlaryň sany artýar, jaýyň 12 metrden köp beýikliginde – 20%-e, 18 metrden – 30%-e, 24 metrden – 40 %-e; jaýlaryň beýikliginiň aralyk bahalarynda çykalganyň 1 metre düşýän adamlaryň sanynyň köpelmesi interpolýasiýa bilen kesgitlenilýär.


5-nji tablisa

Jaýyň derejesi

Binanyň oda çydamlylyk derejesi

Ewakuasiýa çykalgasynyň (gapysynyň) 1 metre düşýän adamlaryň sany, adam

А, B

I, II, III, IIIа

85

W

I, II, III, IIIа,

IIIb, IV

V

175

120

85

G, D

I, II, III, IIIа,

IIIb, IV

V

260

180

130


IV bap. GURLUŞ ÇÖZGÜTLERI

 

47. Binalaryň taslamasy düzülende, adatça, bütinleý zawodda öndürilen bir tipli gurnawlary we önümleri, şol sanda jemlenip getirilýän gurnawlary we ýygnama binalary (modullary) kabul etmelidir.

48. A we B derejeli jaýlarda daşky aňsat taşlap bolýan goraýjy gurnawlaryny göz öňünde tutmalydyr.

Aňsat taşlap bolýan goraýjy gurnawlar hökmünde penjireleriň we fonarlaryň aýnalaryny ulanmalydyr. Aýnalanan meýdanyň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda aňsat taşlap bolýan goraýjy gurnawlar hökmünde polatdan, alýuminden we asbest-sement listlerinden we netijeli ýyladyjydan örtükleriň gurnawlaryny ulanmalydyr. Aňsat taşlap bolýan gurnawlaryň meýdanyny hasaplap kesgitlemelidir. Hasaplama maglumatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda aňsat taşlap bolýan gurnawlaryň meýdany A derejeli jaýyň göwrüminiň 1 m3-ne azyndan 0,05 m2 we B derejeli jaý üçin – azyndan 0,03 m2 barabar bolmalydyr.

Bellikler: 1) penjire aýnasy 3 - 4 we 5 mm galyňlygynda we azyndan (degişlilikde) 0,8 - 1 we 1,5 m2 meýdanynda aňsat taşlap bolýan gurnawlara degişlidir. Armirlenen aýna aňsat taşlap bolýan gurnawlara degişli däldir;

2) örtügiň aňsat taşlap bolýan gurnawlarynyň böleklerindäki rulonly halyny hersi 180 m2 köp bolmadyk kartalary kesişdirmelidir;

3) örtügiň aňsat taşlap bolýan gurnawlarynyň massasyndan hasaplama ýüklenmesi 0,7 kPa-dan (0,70 kgg/m2) köp bolmaly dälir.

49. Ýük göteriji kranlara hyzmat etmek üçin galereýalary, meýdançalary we basgançaklary bellenilen tertipde tassyklanan kadalara laýyklykda  taslamalaşdyrmalydyr.

50. Tehnologik enjamlaryny ýerleşdirmegiň ýa-da binanyň umumy beýikliginiň şertleri boýunça göçme we çaklaň polüsti inwentar enjamlaryny (direg merdiwanlaryny, tigirlenýän meýdançalary, teleskopik ýük göterijileri) ulanmaga mümkinçilik bolmadyk halatlarynda, penjireleriň we fonarlaryň aýnalaryny abatlamak we arassalamak üçin görkezilen işleriň howpsuz ýerine ýetirilmegini üpjün edýän gozgawsyz gurluşlary göz öňünde tutmaga rugsat berilýär. Şu gurluşlaryň ulanylmagy taslamanyň tehnologik bölüminde esaslandyrylmalydyr.

51. Üstünde çalt ot alýan, ýanyjy we zäherli suwuklyklar bolan apparatlar, gurluşlar we enjamlar gurnalan basyrgylaryň we tehnologik meýdançalaryň bölekleriniň ýanmaýan materiallardan ýapyk bortjagazlary ýa-da astlyklary bolmalydyr. Bortjagazlaryň beýikligi we bortjagazlaryň ýa-da astlyklaryň arasyndaky beýiklik taslamanyň tehnologik bölüminde bellenilýär.


V bap. BINALARYŇ ÖRTÜKLERI


52. Ýyladylýan binalary, adatça, içki suw ternawlary bilen taslamalaşdyrmalydyr.

Ýyladylýan binalary 10 metrden ýokary bolmadyk beýiklikde, içki suw ternawsyz, örtügiň 36 metrden köp bolmadyk ininde (bir tarapa ýapgytly) taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär.

53. Ýyladylmaýan binalary içki suw ternawsyz taslamalaşdyrmalydyr. Binanyň içinde maýyl temperaturany üpjün edýän önümçilik ýyladyjylaryň bolan ýagdaýynda ýa-da suw akdyrylýan guýguçlaryň, dik turbalaryň we sowujy turbalaryň ýörite gyzdyrylmasy esasly ulanylan şertinde içki suw ternawly köp gerimli ýyladylmaýan binalary taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär.

54. Binalaryň daşky diwarlarynyň perimetri boýunça ýangyna garşy kadalara laýyklykda üçekde germewleri göz öňünde tutmalydyr. Içki suw ternawly binalarda germew hökmünde parapeti ulanmaga rugsat berilýär. Parapetiň 0,6 metrden az bolan beýikliginde, ony üçegiň üstünden 0,6 metr beýiklige çenli gözenekli germew bilen üstüni ýetirmelidir.


VI bap. FONARLAR


55. Fonarlary gurnamagyň zerurlygy we olaryň kysymy (zenitli, П-şekilli, ýagtylyk, ýagtylyk-howalandyrmaly we beýleki) taslama bilen, tehnologik prosesiň, sanitariýa-gigiýena we ekologik talaplarynyň aýratynlyklaryna baglylykda, gurluşyk etrabynyň howa şertleri, şeýle hem seýsmiki talaplar hasaba alnyp bellenilýär.

56. Fonarlar üflenip söndürilýän bolmaly däldir. Fonarlaryň uzynlygy 120 metrden köp bolmaly däldir. Fonarlaryň gyraňlarynyň arasyndaky we fonaryň gyraňy bilen daşky diwaryň arasyndaky uzaklyk azyndan 6 metr bolmalydyr. Fonarlaryň açylmasy mehanizmleşdirilen bolup (jaýlardan çykalgalaryň ýanynda açylyş mehanizmlerini ýakmak bilen), elde dolandyryş bilen gaýtalanmalydyr.

Çykarylýan tüsse hasaplananda hasaba alynýan açylýan zenit fonarlary örtügiň meýdany boýunça gyradeň ýerleşdirilmelidir.

57. Listli silikat aýnasyndan, aýnapaketlerden, profil aýnasyndan ýerine ýetirilýän zenit fonarlarynyň aýnasynyň aşagynda, şeýle hem gönüburçly ýagtylyk- howalandyrma fonarlarynyň aýnasynyň içki tarapynyň uzaboýuna gorag metal torunyň gurluşyny göz öňünde tutmalydyr.

58. Polimer materiallardan (organiki aýnadan, poliefir aýnapaketlerden we beýlekiler.) ýagtylyk goýberiji elementli zenit fonarlaryny diňe ýanmaýan ýa-da kynlyk bilen ýanýan materiallardan örtükli we çagyldan gorag örtügi bolan rulon üçekli I we II oda çydamlylyk derejesi bolan binalarda D we E derejeli jaýlarda ulanmaga rugsat berilýär. Şeýle fonarlaryň ýagtylyk goýberiji elementleriniň umumy meýdany örtügiň umumy meýdanynyň 15%-den geçmeli däldir, bir fonaryň gädiginiň meýdany – 10 m2-dan köp däl, ýagtylyk goýberiji elementleriň udel massasy bolsa – 20 kg/m2-dan köp däldir.

Polimer materiallardan ýagtylyk goýberiji elementli zenit fonarlarynyň arasyndaky uzaklyk, ýagtylyk gädikleriniň 5 m2 çenli meýdanynda – azyndan 4 metr, 5-den 10 m2 çenli – azyndan 5 metr bolmalydyr.

Fonarlar toparlara birleşdirilen ýagdaýynda olar bir fonar hökmünde kabul edilip, oňa ýokarda görkezilen çäklendirmeler degişlidir.

Polimer materiallardan ýagtylyk goýberiji doldurgyçly zenit fonarlarynyň arasynda binanyň örtüginiň dik we kese ugurlarynda her 54 metrden 6 metr az bolmadyk inlikdäki ýangyna garşy boşluklar gurnalmalydyr. Ýangyna garşy diwarlardan polimer materiallardan ýagtylyk goýberiji doldurgyçly zenit fonarlaryna çenli uzaklyk azyndan 5 metre barabar bolmalydyr.


VII bap. DIWARLAR WE ARAGERMEWLER


59. Ýyladylýan we ýyladylmaýan binalaryň daşky we içki diwarlaryny, adatça, zawodda öndürilen ýygnama panellerinden we list materiallaryndan taslamalaşdyrmalydyr. Daşky diwarlarynda sepleriniň jebislenmegini göz öňünde tutmalydyr.

Aýdyň ýylylygyň artykmaçlygy 50 Wt/m2 köp bolan binalar we jaýlar üçin, adatça, ýyladylmadyk gorag gurnawlaryny ulanmak zerur bolsa ýerli ýyladyjy serişdeleriniň kömegi bilen işleýänleriň hemişe bolýan zolaklarynyň ýyladylmagyny göz öňünde tutmalydyr.

Aragermewleri, adatça, zawotda öndürilen panellerden (galkanlardan), şeýle hem plita we list materiallary bilen doldurylan karkas görnüşinde taslamalaşdyrmalydyr.

60. Wentilýasiýa we tüsse çykarmak üçin niýetlenmedik penjire gädiklerini aýnalanan açylmaýan çarçuwalar ýa-da profil aýnasy bilen doldurmalydyr, goşa aýnalanan penjire gädikleri üçin içki çarçuwalarynda aýnalary süpürmek üçin açylýan gabsalary göz öňünde tutmalydyr. Wentilýasiýa we tüsse çykarmak üçin niýetlenen çarçuwalaryň açylmasy mehanizmleşdirilen bolmalydyr.

61. Çygly ýa-da öl çyglyk düzgünli jaýlaryň penjirelerinde aýna bilen çarçuwalaryň arasyndaky sepleriň jebisligi, şeýle hem çygly howanyň jaýlardan aýnalaryň arasyndaky giňişlige aralaşmagyna ýol bermezlik üçin gabsa elementleriniň ýapgylarynyň dykyzlandyrylmagy üpjün edilmelidir. Şeýle binalarda diwarlaryň penjirelere ýanaşýan bölekleri syrykdyryşlary gurnamak, ýapgytlary bugdan goramak arkaly çyglanmadan goralan bolmalydyr.

62. Derwezeleri, adatça, birkysmy kabul etmelidir. Derwezeler aralykdan we awtomatiki açylanda, olary ähli halatlarda elde açmak mümkinçiligi hem üpjün edilmelidir. Ýerüsti ulaglary üçin derwezeleriň giriş ölçeglerini ulag serişdeleriniň gabaralaryny (ýüklenen ýagdaýynda) azyndan beýikligi boýunça 0,2 metr we ini boýunça 0,6 metr artdyrmak bilen kabul etmelidir.


VIII bap. BASGANÇAKLAR


63. 0,3 metr basgançak ininde marşlaryň ýapgydyny 1:2; 0,26 metr basgançak ininde ýerzemin gatlary we üçekler üçin basgançak marşlarynyň ýapgydyny 1:1,5 kabul etmäge rugsat berilýär.

64. Içki açyk basgançaklaryň (basgançak meýdançalarynyň diwarlarynyň bolmadyk ýagdaýynda) ýapgydy 1:1 köp bolmaly däldir, işleýänleriň arasynda daýanç-hereket ediş synalarynyň işi bozulan maýyplygy bolan adamlaryň bolan ýagdaýynda – 1:2 köp däldir.

Ýekelikdäki iş ýerlerine geçmek üçin açyk basgançaklaryň ýapgydyny 2:1 çenli artdyrmaga rugsat berilýär. 10 metrden köp bolmadyk göterilme beýikliginde enjamlary gözden geçirmek üçin 0,6 metr inlikde dik basgançaklary taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär.

65. Adamlaryň ewakusiýa edilmekleri üçin niýetlenen daşky açyk polat basgançaklarynyň ýapgydy 1:1 köp we ini 0,7 metrden az bolmaly däldir. Bu basgançaklaryň ewakuasiýa çykalgalarynyň derejesinde meýdançalary we 1,2 metr beýiklikde germewi bolmalydyr. Görkezilen basgançaklary 0,5 metrden az bolmadyk oda çydamlylyk çäkli we oduň ýaýrama çägi nola deň bolan diwarlaryň ýapyk (penjiresiz) bölekleriniň ýanynda, penjire gädiklerinden azyndan 1 metr uzaklykda ýerleşdirmelidir.

66. Ýeriň meýilleşdiriş belliginden parapetiň karnizine ýa-da üstüne çenli beýikligi 10 metr we ýokary bolan binalar üçin üçege bir çykalganyň taslamasyny düzmelidir (üçegiň doly we doly däl her 40000 m2-na), şol sanda aşakdaky binalar üçin:

1) bir gatly daşky ewakuasion basgançaksyz – şu Kadalaryň altmyş bäşinji bölegi boýunça taslamalaşdyrylýan daşky açyk polat basgançaklar boýunça;

2) köp gatly – basgançak meýdançalarynda.

Ýokarky gatyň beýikliginiň çäklerinde üçege çykmak üçin basgançak meýdançasynyň bolmagy maksadalaýyk bolmadyk halatlarynda, beýikligi ýeriň meýilleşdiriş belliginden ýokarky gatyň arassa polunyň belligine çenli 30 metrden köp bolmadyk binalar üçin, basgançak meýdançasyndan şol basgançagyň üsti bilen üçege çykmak üçin şu Kadalaryň altmyş üçünji bölegine laýyklykda daşky açyk polat basgançagy taslamalaşdyrmalydyr.

Örtginiň umumy meýdany 100 m2 köp bolmadyk bir gatly binalaryň üçegine çykalgany göz öňünde tutmazlyga rugsat berilýär.

67. Ýeriň meýilleşdiriş belliginden karniziň ýa-da parapetiň üstüne çenli beýikligi 10 metrden ýokary bolan binalar üçin, şeýle hem beýiklikleriň üýtgäp durýan ýerlerinde we ýagtylyk-wentilýasiýa fonarlarynyň üçeginde ýangyna garşy talaplara laýyklykda taslamalaşdyrylýan daşky açyk polat ýangyn basgançaklaryny göz öňünde tutmalydyr.

Daşky açyk polat ýangyn basgançaklarynyň sany we ýerleşmeli ýerleri kesgitlenende, adamlaryň ewakuasiýa edilmekleri üçin niýetlenen daşky basgançaklary we üçege çykmak üçin niýetlenen daşky basgançaklary  hasaba almak gerekdir.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1427 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.