Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykaran MB-124 belgili buýrygy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň käbir buýruklaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda


«Hukuk namalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 25-nji awgustynda 462 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Seýsmiki sebitlerde gurluşyk geçirmek. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalary we desgalary» atly TGK 2.01.08-99* belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Gurluşyk ministriniň 2008-nji ýylyň 11-nji iýunynda çykaran MB-118 belgili buýrugyny;

2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda 829 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Gurluşyk ministriniň 2008-nji ýylyň 11-nji iýunynda çykaran MB-118 belgili buýrugy bilen tassyklanylan «Seýsmiki sebitlerde gurluşyk. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalary we desgalary» atly TGK 2.01.08-99* belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2014-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran MB-93 belgili buýrugyny.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary Ç.Ahmedow gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                              R. Gandymow

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda 1412 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.