Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 183 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 183 belgili

B U Ý R U G Y


Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramaklygyň Düzgünlerini tassyklamak hakynda


«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertibini we dynç alýan adamlaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramaklygyň Düzgünlerini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky Polisiýa müdirliginiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri:

1) Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik howpsuzlygyny, ol ýerde dynç alýan raýatlaryň janyny we saglygyny goramakda degişli işleri şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen Düzgünlere laýyklykda geçirmeli;

2) tabynlygyňyzdaky şahsy düzümiň şu buýrugyň birinji bölegi bilen tassyklanan Düzgünleriň öwrenilmegini we onuň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary polisiýanyň podpolkownigi Ö.Hojanyýazow gözegçilik etmeli.

 

Ministr

polisiýanyň general-maýory                                               M.Çakyýew

 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet 

ministri                                                                                               M.Serdarow

«15» sentýabr 2020 ý. 

Aşgabat şäher häkimi                                                                       Ý.Gylyjow

«15» sentýabr 2020 ý.  

Ahal welaýat häkimi                                                                        Ý.Gurbanow

«15» sentýabr 2020 ý. 

Mary welaýat häkimi                                                                       D.Annaberdiýew

«15» sentýabr 2020 ý. 

Lebap welaýat häkimi                                                                     Ş.Amangeldiýew

«15» sentýabr 2020 ý. 

Daşoguz welaýat häkimi                                                                N.Nazarmyradow 

«15» sentýabr 2020 ý. 

Balkan welaýat häkimi                                                                 T.Atahallyýew 

«15» sentýabr 2020 ý. 

 

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda

 çykaran 183 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramaklygyň

DÜZGÜNLERI

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramaklygyň Düzgünlerini (mundan beýläk-Düzgünler) «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy, Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde ýerleşýän myhmanhanalarda, dynç alyş merkezlerde, kenarýaka suwlarda we beýleki syýahatçylyk desgalarda (mundan beýläk - syýahatçylyk desgalar) jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýanlaryň janyny we saglygyny goramaklygyň düzgünlerini kesgitleýär.

2. Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşyp, ýurdumyzyň çäklerinde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerini köpçülikleýin dynç alyş we sport-sagaldyş maksatlary üçin peýdalanýar.

3. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde suwa düşmegi, köpçülikleýin dynç almagy, kiçi göwrümli, hereketlendirijili, ýelkenli, özi ýöremeýän (harby gämilerden başga) gämilerde (mundan beýläk-kiçi göwrümli gämiler) ýüzmegi çäklendirmek, togtatmak we gadagan etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Ýurdumyzyň çäklerinde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde adatdan daşary hadysalar (suw joşguny, suw basma, gämi heläkçilikleri we beýlekiler) bolan ýagdaýynda gözleg we halas ediş işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

II bap. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramak boýunça ygtyýarly edaralaryň öňünde durýan wezipeleri


5. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünini, dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1)        dynç alýan adamlaryň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, olaryň şahsy we emläk howpsuzlygyny üpjün etmek;

2)        jenaýatlardan, administratiw we beýleki hukuk bozulmalardan jebir çeken we betbagtçylykly ýagdaýlardan heläk bolan dynç alýan adamlara kömek bermek;

3)        içeri işler edaralary kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýatlaryň, administratiw we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýüze çykarmak, üstüni açmak, ýok etmek, anyklaýyşy we degişli barlaglary geçirmek, jenaýat işlerini derňemek we administratiw hukuk bozulmalary boýunça önümçiligi amala aşyrmak;

4)        dynç alýan adamlar bilen jemgyýetçilik tertibini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde özara gatnaşyk saklamak.

6. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1)        ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kiçi göwrümli gämileriň içki suw ýollarynda ýüzmekliginiň düzgünleriniň bozulmalaryny duýdurmak we öňüni almak;

2)        zerurlyk ýüze çykanda heläkçilige sezewar bolanlary halas etmek üçin garamagyndaky gämileri degişli gulluklaryň ygtyýarlyklaryna ulanmaga bermek.

7. Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1)        dynç alýanlary kabul etmek, ugratmak we olar üçin gezelençleri guramak babatda hyzmatlar amala aşyrylanda, ulanýan ulag serişdeleriniň gurat we bildirilýän talaplara laýyk gelmegine gözegçilik etmek;

2)        dynç alýanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, olaryň saglygyny pugtalandyrmak we keselleriň öňüni almak üçin zerur şertleri döretmeklige gözegçilik etmek;

3)        dynç alyş desgalarynyň binalary, ýaşaýyş we beýleki otaglary, desganyň daş-töweregi, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti we ýanaşyk kenarýaka ýerleri, şeýle hem olarda ýerine ýetirilýän işler we edilýän hyzmatlar dynç alýan adamlaryň howpsuz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin sanitariýa kadalaryna laýyk getirilmegine gözegçilik etmek;

4)        eger işler we hyzmatlar sanitariýa kadalary bozulyp amala aşyrylýan bolsa ýa-da olaryň bozulmagyna getirýän bolsa, onda syýahatçylyk desgalary şol düzgün bozulmalaryň gaýragoýulmasyz ýagdaýda düzedilmegine ýa-da şol düzgün bozulmalaryň ýüze çykan ýerleriniň işiniň ýa-da amala aşyrylýan hyzmatlaryň wagtlaýyn togtadylmagyna gözegçilik etmek;

5)        suwa düşmek üçin niýetlenilen ýerleriň howpsuzlygyny düýplerini guwwas bilen barlamagyny, çuňlugynyň ölçenilmegini we suwda ýüzýän enjamlar (katamaranlar) bilen üpjün etmek;

6)        suwuň düýbüni arassalaýan, gurluşyk we beýleki işleri amala aşyrýan gurnamalar gurnalanda adamlar bilen bolýan betbagtçylykly ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, suwdan peýdalanyjylar tarapyndan suw desgalaryny howpsuzlyk belgileri (şu Düzgünlere 1-nji goşundy) bilen üpjün etmek;

7)        suwdan umumylykda peýdalanmak barada bellenilen tertip-düzgün kadalary hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilaty habarly etmek.

8. Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin suwa düşmeklik üçin niýetlenen ýerlerde, kenarýaka suwlarda, derýalarda, köllerde hem-de başga suw desgalarynda kiçi göwrümli gämiler (gidrosikller) we beýleki suwda ýüzýän enjamlar ulanylanda degişli resminamalaryny yzygiderli barlap durulmagyna hem-de dynç alýan adamlaryň kenarýakasynda suwa düşenlerinde howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.


III bap. Suwa düşülýän zolaklara we adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan beýleki suw desgalaryna bildirilýän talaplar

 

9. Adamlaryň janynyň goragyny üpjün etmek üçin suwa düşülýän zolaklaryň saklanylyşyna bildirilýän talaplar eýeçiligiň görnüşine garamazdan kenarýaka gorag zolaklarynda ýerleşýän we suwa düşmek hem-de dynç almak üçin niýetlenen ähli beýleki ýerlere degişlidir.

10. Her ýylyň 1-nji maýyna çenli her bir suwa düşülýän zolak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlar tarapyndan barlanylýar we suw desgasynyň sanitariýa kadalaryna laýyk gelýändigi hem-de suw desgasynyň ilatyň saglygy üçin howply däldigi barada ýazmaça sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy berilýär. Ýüzüşiň çäkleriniň düýbi guwwaslar tarapyndan barlanylýar we hökmany suratda guwwas barlagynyň netijenamasy düzülýär.

11. Hökmany guwwas barlagyna we arassalanmaga şular degişli:

1) 2 metre çenli çuňlukda - suwa düşülýän zolaklaryň akwatoriýasynyň we adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan beýleki ýerleriniň düýbi; çagalar we ýüzüp bilmeýän adamlar üçin niýetlenen suwa düşülýän ýerleriň düýbi; germewleriň, suwuň ýapgydynyň suwasty bölegi;

2) 2 metrden ýokary çuňlukda - diň, köprüjik we sallar bilen enjamlaşdyrylan ýerleriň düýbi.

12. Suwa düşülýän zolagyň ýüzülýän ýeriniň çäklerinde kiçi göwrümli gämileriň, dynç alýan adamlaryň, suwa düşýänleriň jany we saglygy üçin howply beýleki ýüzüji serişdeleriň kireýine berilýän nokatlary bolmaly däldir.

13. Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan suwdan peýdalanyja (suwa düşülýän zolaklary dolandyryja) berilýän rugsatnamasyz suwa düşülýän zolagy açmak we ulanmak gadagan edilýär.

14. Suwa düşülýän döwürde dynç alyş merkezlerde, kenarýaka suwlarda we beýleki dynç alyş zolaklara degişli işleri alyp barýan wezipeli adamlar, şeýle hem dynç alyş işi bilen meşgullanýan beýleki şahslar (mundan beýläk-suwdan peýdalanyjylar) kenaryň we suwa düşülýän zolagyň akwatoriýasynyň ölçeglerini, ýerleşişini hasaba almak bilen suwa düşülýän zolakda zerur ýüzüş serişdeleri, enjamlar, halas ediş nokadynyň enjamlaşdyrma sanawyna (şu Düzgünlere 2-nji goşundy) laýyklykda enjamlaşdyrylan bir ýa-da birnäçe halas ediş nokadynyň açylmagyny guramaly we betbagtçylykly hadysalaryň hem-de heläk bolýanlara kömek etmek üçin olarda halas edijileriň hem-de saglygy goraýyş işgärleriň nobatçylygyny ýola goýmaly. Her bir nokadyň kenarýakasynyň we suwa düşülýän zolagyň akwatoriýasynyň 400 metrden uzak bolmadyk çägine dessin gözegçiligi amala aşyrmalydyr.

15. Halas edijiler halas ediş işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goýberilýär.

16. Halas ediş nokatlaryň işiniň tertibi, halas edijileriň nobatçylygynyň tertibi welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen ylalaşmak boýunça suwdan peýdalanyjy tarapyndan bellenilýär.

17. Halas ediş nokadynda her çalşykda azyndan iki halas ediji bolmaly, emma suwa düşülýän zolagyň her 50 metrinde azyndan bir halas ediji bolmalydyr.

18. Adamlar suwa düşenlerinde ýüzüşiň serhedinde elmydama üsti halas edijili kiçi göwrümli halas ediş gämisi durmalydyr.

19. Kenar çyzgydynyň ini 15 metr bolanda suwa düşülýän zolagyň akwatoriýasynyň düýbüniň 1,6 metre çenli çuňlugy bolan oýsuz eňňidi bolmaly we suw ösümliklerinden, aýnadan, uly daşlardan, suwa batan agaçlardan we adam saglygyna şikes ýetirip biljek beýleki närselerden arassalanan bolmalydyr.

20. Ýüzmek üçin niýetlenen zolaklaryň çäkleri gapdal çäklerinde 5 metr aralykda we daşky çäkde 20-30 metr aralykda ýerleşen gyzyl ýa-da mämişi reňkli galtgalar (diametri azyndan 300 mm) bilen belgilenýär. Ýüzüşiň çäkleri suw gämileriniň hereket edýän ýerine çykmaly däldir.

21. Suwa düşülýän zolaklarda çagalar üçin çuňlugy 0,7 metrden 1,3 metre çenli bolan, ýüzüp bilmeýänler üçin bolsa - çuňlugy 1,5 metrden uly bolmadyk aýratyn zolaklar kesgitlenýär. Bu zolaklar 1 metr aradaşlykda ýerleşen gyzyl ýa-da mämişi reňkli galtgalar (diametri azyndan 300 mm) bilen belgilenýär hem-de «Çagalaryň suwa düşýän ýeri» diýen belgi goýulýar. Çagalaryň suwa düşýän ýeriniň kenary ýapgytly, kertsiz we çukursyz bolmaly. Toýunly zolaklarda suwa düşülýän zolaklary ýola goýmak gadagan edilýär.

22. Suwa bökmek üçin abzallaşdyrylan ýerlerde çuňlugy we howply ýerlerini görkezýän maglumat bolmalydyr. Suwa bökmek üçin niýetlenen köprüjikler, diňler suwa düşülýän zolagyň akwatoriýasynyň bökmek üçin howpsuz zolaklarynda ýerleşdirilmelidir. Bu hili zolaklar ýok bolan halatynda agaçdan ýasalan köprüjikler ýa-da sallar gurnalýar.

23. Köprüjikler, basgançaklar, diňler we sallar üsti tekiz düşelen we adamlar üçin howpsuz bolmaly.

24. Her günde halas edijiler çalşygy çalşanlarynda suwa çümülýän ýerleriň düýbüni gözden geçirmeli.

25. Suwa düşülýän zolaklarda halas ediş serişdeleriniň, ýüzgüçleriň, tehniki howpsuzlygy we suwda gark bolýanlara ilkinji kömegi bermek baradaky stendler, şeýle hem howa şertleri, günüň şöhlesiniň peýdasy/zyýany we şol babatda suwa düşmegiň has amatly wagty baradaky maglumatlar bolmaly.

26. Suwa düşülýän zolagyň kenarýakasyndan gämileriň (beýleki suwda ýüzýän tehniklaryň) hereketine tarap öňe çykýan böleginde garaňky düşende hereket edýän gämilere görer ýaly azyndan 2 metr beýiklikde tegelek görnüşli yşyk ýakylýar.

27. Suwa düşülýän zolagyň kenarynda her 25 metrden halas ediş halkaly şitler goýulýar.

28. Suwa düşülýän zolakda dürli duýduryşlary bermek üçin gök reňkli beýikligi 8-10 metr bolan bogaldaklar gurnalýar: sary baýdajyk (70 sm x 100 sm (ýa-da 50 sm x 70 sm) suwa düşmäge rugsat berilýändigini aňladýar we diametri 1 metr bolan gara şar suwa düşmegiň gadagandygyny aňladýar.

29. Suwa düşülýän zolaklarda adatça telefon aragatnaşygy we heläkçilik çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegi bermek üçin ýörite otaglar ýerleşdirilýär.

30. Suwdan peýdalanyjylar ýüzmegi öwredýän gözükdirijiniň bolmagyny üpjün edýärler.

31. Günüň şöhlesine garşy saýawanlaryň we kölege berýän beýleki serişdeleriň, kenarýakasynda ulanylýan açylyp-ýapylýan kürsüleriň zerur bolan möçberiniň bolmagyny üpjün edilýär.

32. Dynç alyş desgalarynyň kenarýakasynda spirtli içgileri we temmäki önümlerini satmak we ulanmak gadagan edilýär.

 

IV bap. Suwa düşülýän zolakda we suw desgalarynyň beýleki köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ilatyň howpsuzlygyny üpjün

etmeklik boýunça çäreler

 

33. Suwdan peýdalanyjylar, ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlary, halas ediji nokatlaryň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda suwa düşülýän zolaklarda we beýleki köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde tehniki aragatnaşyk we habar beriş serişdelerini, öňüni alyş materiallary ýerleşdirilen stendleri we suratlary ulanmak bilen betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.

34. Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, halas edijileriň, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň dynç alýan adamlaryň howpsuzlygyny goramak boýunça görkezmelerini suwdan peýdalanyjylaryň we adamlaryň ýerine ýetirmekleri hökmanydyr.

35. Suwa düşülýän zolaklarda we suw desgalarynyň beýleki köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde şu aşakdakylara rugsat berilmeýär:

1)        duýduryş beriji we gadagan ediji bellikler we ýazgylar görkezilen şitler goýlan (dikilen) ýerlerde suwa düşmäge;

2)        ýüzmekligiň araçägi bellenilen bellikden aňryk geçip ýüzmäge;

3)        kiçi göwrümli gämileriň we beýleki ýüzüji serişdeleriň ýanyna ýüzüp barmaga, ýörite taýýarlanylan desgalardan beýlekilerden suwa bökmäge;

4)        suw howdanlaryny we kenarlary hapalamaga;

5)        serhoş ýagdaýda suwa düşmäge;

6)        gijeki wagtda (sagat ýigrimi ikiden alta çenli bolan wagtdyr) suwa düşmäge;

7)        oýun üçin bellenilmedik ýerlerde top oýnamaga we sport oýunlaryny oýnamaga hem-de hadysa barada ýalan gykylyk döretmäge;

8)        dynç alýan adamlaryň saglygyna şikes ýetirip biljek tagtalarda, pürslerde awtomobil tekerlerinde we beýleki närselerde ýüzmäge;

9)        ýörite enjamlary ulanmak bilen, rugsat edilmedik ýerlerde suw asty awçylyk bilen meşgullanmaga.

36. Kiçi göwrümli gämilere (halas edijilerden başgalary) suwa düşülýän zolaklaryň akwatoriýanyň ýüzüş zolagynyň serhedine we adamlaryň beýleki dynç alynýan ýerlerine 50 metrden az bolan aralyga ýakynlaşmak gadagandyr. Kiçi göwrümli gämileriň sürüjileri we onuň ýolagçylary halas ediş eşiklerini geýnen, onuň ilikleri ildirilen ýagdaýda bolmaly. Kärendesine berilýän kiçi göwrümli gämileriň duralgalary üçin salnan möwsümleýin (wagtlaýyn) desgalar suwa düşülýän zolakdan we beýleki dynç alynýan ýerlerden 50 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşdirilmelidir. Kiçi göwrümli gämileriň duralgalary üçin niýetlenen möwsümleýin desgalaryň halas edijileriniň dessin hereket ediş zolagy ini 50 metr bolan aralykdaky zolagy öz içine alýandyr.

37. Adamlara suwda ýüzmekligi öwretmeklik suwa düşülýän zolagyň bellenilen ýerinde geçirilýär. Okuwy geçirýän mugallym (tälimçi, terbiýeçi) okaýanlaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik çekýändir.

38. Suwda ýüzmek boýunça okuwlary geçmeklik üçin ýanaşyk suwlaryň meýdançasynda ýörite ýer gurnalýar, ol ýerler ýüzüji tagtalar, rezin aýlawlar, suwda ýüzüp bilmeýänler üçin daýanç agaçlary, suwda ýüzmekligi goldaýan guşaklar, sesi güýçlendirijiler we beýleki öwrediş serişdeleri bilen üpjün edilmelidir.

39. Syýahatçylyk desgalary saglygy goraýyş işgärleriniň nobatçylygy, şeýle hem ýüzmegi öwredýän gözükdirijiniň bilen üpjün edilmelidir.

40. Tebigy şertler bilen bagly ýüze çykyp biljek ýagdaýlar barada dynç alýan adamlara öňünden habar edilmelidir.

41. Suwa düşülýän ýerleriň töweregini adam saglygyna zyýan beriji jandarlardan goramak üçin gorag serişdeleri bilen üpjün edilmelidir.


V bap. Suw desgalarynda çagalaryň howpsuzlygyny üpjün

etmekligiň çäreleri

 

42. Çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça jogapkär adamlar we beýleki adamlar çagalaryň rugsat edilmedik ýerlerde suwa düşmeklerine, suw desgalarynda garagolluk etmeklerine, ýörite ýüzmek üçin niýetlenilmedik serişdelerde ýüzmeklige we suw desgasynda beýleki howpsuzlyk düzgünlerini bozmaklaryna ýol bermezlige borçludyrlar.

43. Çagalaryň suw desgalarynda howpsuzlygyny üpjün etmeklik suwa düşülýän ýeriň dogry saýlanyp alynmagy we suwa düşülýän ýeriň talaba laýyk  enjamlaşdyrylmagy, çagalar bilen suw desgalarynda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini we howpsuzlyk çärelerini dogry berjaý etmeklik bilen üpjün edilýär.

44. Suw howdanlarynyň (derýalaryň, kölleriň we ş.m) boýunda ýerleşdirilen çagalar sagaldyş merkezleriniň çagalaryň suwa düşmegi üçin niýetlenen meýdançasy (mundan beýläk-meýdança) mümkin boldugyça kenaryň ýapgyt eňňitli ýerinden saýlanyp alynmalydyr. Meýdançanyň çuňlugy 2 metre çenli ýuwaş-ýuwaşdan ýapgyt bolup gitmelidir, şeýle hem çukursyz, basgançaksyz bolmalydyr hem-de suwa düşülýän möwsüm  başlanmazdan öň suw ösümliklerinden, suwa batan agaçlardan, uly daşlardan, aýna döwüklerinden we beýleki närselerden arassalanmalydyr.

45. Çagalar sagaldyş merkeziniň suwa düşülýän zolagynda mekdebe çenli ýaşdaky çagalar we kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin çuňlugy 0,7 metrden uly bolmadyk hem-de ýaşy 12 we ondan uly ýaşly çagalar üçin çuňlugy 1,3 metrden uly bolmadyk suwda ýüzmekligi öwretmeklik üçin meýdançalar gurnalmalydyr. Ol meýdançalar ýüzüp ýören mämişi ýa-da gyzyl reňkli duýduryş belgileri (diametri 300 mm-den az bolmaly däldir) bilen belgilenmelidir.

46. Çagalar sagaldyş merkeziniň suwa düşülýän zolaklary bellenen sanitariýa kadalaryna laýyk gelmelidir, şeýle hem degişli abzallar bilen abzallaşdyrylyp gurnalan bolmalydyr.

47. Suwdan 5 metr aradaşlykda her 25 metrden halas ediji halkalar asylyp goýlan agaç dikilýär.

48. Çagalar sagaldyş merkeziniň suwa düşülýän zolagynda hökmany suratda şu Düzgünlerden göçürmeler, suw desgalarynda adamlar bilen bolýan betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada maglumatlar, suwuň we howanyň gyzgynlygynyň maglumatlary, ýeliň güýjüni we ugruny görkezýän, suwa düşülýän zolagyň howply ýerlerini we çuňluklaryny görkezýän akwatoriýa çyzgylary ýerleşdirilen diwarlyklar gurnalýar.

49. Çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalary suwa düşürmeklige toparlaýyn rugsat edilýär, ýöne bir terbiýeçiniň gözegçiliginde 10-dan köp çaga bolmaly däldir.

50. Suwda ýüzüp bilmeýän çagalary suwa düşürmeklik suwda ýüzüp bilýän çagalardan aýratynlykda geçirilýär.

51. Çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalary suwa düşürmekligiň dogry gurnalyşyna we geçirilişine gözegçiligi bu merkeziň ýolbaşçysy ýa-da ygtyýarly edilen adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.

52. Çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalary suwa düşürmäge başlamazdan öňürti suwa düşülýän zolagy taýýar etmek işi geçirilýär:

1)        toparyň suwa düşmek üçin bölünip berlen meýdançasynyň araçäginiň zolagy baýdajyklar bilen belgilenen bolmaly;

2)        germewlerde zerur ýagdaýlarda ulanar ýaly halas ediş halkalary we beýleki halas ediş serişdeleri goýmaly;

3)        halas ediş gaýygy halas edijiler bilen suwda ýüzülýän ýeriň serhediniň daş tarapyna çykmalydyr we onuň iki metr gapdalynda saklanmalydyr.

53. Suwa düşülýän ýer taýýar edilenden soňra çagalar topary suwa düşülýän meýdança çykarylýar we olar bilen suw desgalarynda özüňi alyp barmaklygyň düzgünleri barada düşündiriş geçirilýär. Nobatçy terbiýeçiler, saglygy goraýyş işgärleri we halas edijiler tarapyndan suwa düşýän çagalara üznüksiz gözegçilik edilmelidir.

54. Suwa düşýän çagalara tutalgalardan (germeçlerden), köprüjiklerden suwa çümmeklik, suwda ýüzülýän serhetden daşary geçmeklik gadagandyr.

55. Çagalaryň suw desgalarynda suwa düşýän wagtlary şu aşakdakylara rugsat berilmeýär:

1)        keseki adamlaryň suwa düşmegi we bolmagy;

2)        kiçi göwrümli gämilerde we beýleki ýüzüş serişdelerinde ýüzmek.

56. Suwda ýüzmeklik boýunça sapaklary geçirilende kenardaky suwa galtaşýan meýdança germelýär we degişli ýagdaýda enjamlaşdyrylýar. Meýdançada şu aşakdakylar bolmalydyr:

1)        sany 25-den az bolmadyk halas ediş halkalar;

2)        suwda ýüzüp bilmeýänleriň saklanmaklary üçin 2-3 sany syryk (şest); ýüzüjileri goldamak üçin guşaklar;

3)        2-3 sany ses güýçlendiriji (elektromegafon);

4)        okuwyň usulyýeti we ýüzüş tehnikasy boýunça okuw gerilmeleriň ýerleşdirilen sapaklaryň tertibiniň tagtasy.


VI bap. Jemleýji düzgünler


57. Şu Düzgünleriň talaplary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy babatynda ulanylmaýar.

58. Şu Düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky Polisiýa müdirligi we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan amala aşyrýar.

59. Şu Düzgünleriň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda 1411 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.