“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda çykaran 113-iş belgili buýrugy

Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşynyň tertibini tassyklamak hakynda


  “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji  maddasynyň birinji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşynyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi özümde galdyrýaryn.

 

Başlyk                                                                                     M.Rozyýew


“Türkmengeologiýa” döwlet

korporasiýasynyň başlygynyň

2020-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky

113-iş belgili buýrugy bilen

 tassyklandy


Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça 

işleriň döwlet hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) 

alnyp barlyşynyň tertibi

 

1. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşynyň tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 5-nji bendine  laýyklykda işlenilip taýýarlandy we ýerasty baýlyklary peýdalanyjy fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleri jemlemek we ýerasty baýlyklary öwrenmekligiň netijelerinden doly derejede peýdalanmak hem-de bu işleriň gaýtalanyp geçirilmeginiň öňüni almak maksady bilen döwlet tarapyndan hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşynyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşyny (mundan beýläk-Işleriň döwlet hasaba alnyşy) we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşyny “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň (mundan beýläk - Korporasiýa) ýanyndaky Türkmenistanyň Geologiýa gaznasy (mundan beýläk - Geologiýa gaznasy) tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň gury ýerlerinde ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleri döwlet tarapyndan hasaba almak şu Tertibiň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Işleriň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrmak üçin resminamalar, Türkmenistanyň bank edaralaryna geologiýa-gözleg işlerini maliýeleşdirmek üçin ýörite hasaby bolan “Türkmengaz” döwlet konserni we “Türkmennebit” döwlet konserni (mundan beýläk-nebitgaz toplumy), Korporasiýa, ylmy-barlag institutlar, edaralar, kärhanalar we guramalar (mundan beýläk-kärhanalar) tarapyndan tabşyrylýar.

5. Işleriň döwlet hasaba alnyşy, eger onuň ady, geologik tabşyrygy, usullary, usulyýetleri, işleriň geçirilýän meýdany ýa-da degişli dolandyryş çäk birligi, şeýle hem işleri amala aşyrýan kärhanalaryň ady üýtgemeýän bolsa, onuň geçirilýän ähli döwründe bir gezek amala aşyrylýar. Eger üýtgemeler bolan halatynda şol üýtgetmeler döwlet hasaba alnyşyna degişlidir.

6. Işleriň döwlet hasaba alnyşy üçin maglumatlar we resminamalar işleriň başlanmagyndan öň berilmelidir.

7. Geologiýa gaznasynda döwlet hasaba alnyşyna, maliýeleşdiriş çeşmelerine garamazdan, fiziki we ýuridik şahslaryň meýilnamalaryna girizilen aşakdaky ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işler degişlidir:

1) 1:500 000 – 1:1000 000 we kiçi ölçegdäki umumy geohimiýa barlaglaryň toplumlary, daýanç kesimler boýunça çuň seýsmiki barlaglar, aşa çuň guýularyň burawlanmagy bilen bilelikde sebitleýin geologik – geofiziki işler, şol sanda kosmo we aero-foto geologik kartalaşdyrma işleri;

2) 1:200 000 (1:100 000) ölçegdäki sebitleýin geofiziki işler, geologik surata alma, geologik-gidrogeologik we inžener-geologik işler, şol sanda grawimetrik, radiometrik surata alma we kesimleýin barlaglar, geohimiki barlaglar;

3) peýdaly gaty magdanlara geologiýa-gözleg işleri, şol sanda 1:50 000 (1:25 000) ölçegdäki geologiýa surata alma işleri umumy gözleg we öňürdip taýýarlaýyş barlaglary bilen bilelikde, gözleg we gözleg-baha beriş işleri, deslapky barlag, senagat taýdan özleşdirilmedik känleri (ýataklary), işlenip geçilýän känleri goşmaça barlamak, öň barlanan känleriň gorlaryny hasaplamak işleri;

4) nebit we gaz geologiýa-gözleg işleri, şol sanda sebitleýin geologiýa-geofizika barlaglary, geologiýa-geofizika usullar bilen meýdanlary ýüze çykarmak we taýýarlamak işleri, gurluş, daýanç we ölçeg guýularyň burawlamasy, geologik netijeleri işläp geçmek bilen  känleriň gözlegi we barlagy, nebitiň, gazyň we ugurdaş goşundylaryň (komponentleriň) gorlaryny hasaplamak işleri;

5) 1:50000 ölçegdäki gidrogeologik, inžener-geologik we toplumlaýyn gidrogeologik surata alma, şol sanda ýerleriň meliorasiýasy üçin ýöriteleşdirilen işleri;

6) ýerasty suwlar üçin geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ulanyş guýulary burawlamak, kadalaýyn  gözegçilikler we ýerasty suwlary goramak üçin gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işler;

7) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça ylmy-barlag, tematiki we tejribe-usulyýet işleri, şeýle hem, geologik, gidrogeologik, inžener-geologik, geofiziki we ş. m. öwrenilişe syngaraýyşlary düzmek boýunça işler, geologiýa-ykdysady synlar, geologik desgalaryň (şol sanda ýerasty suwlaryň) döwlet kadastrlary, ýerasty suwlaryň döwlet hasabatyny ýöretmek işleri;

8) geologik (geofiziki, geohimiki we ş. m.) mazmunly umumy kartalaryň awtorlyk asyl nusgalaryny düzmek boýunça işler we olaryň düşündiriş ýazgylary;

9) senagat taýdan işläp geçmek tapgyrynda mineral – çig mallaryň hil çäklerini, gazyp çykarmagyň tehnologiýalaryny öwrenmek boýunça işler, işläp taýýarlamak, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň känlerine geologiýa – ykdysady baha bermek we olary toplumlaýyn özleşdirmek boýunça işler.

8. Geologiýa gaznasynda şu aşakdaky işler döwlet hasaba alnyşyna degişli däldir:

1) ulanyş işler;

2) aýratyn tabşyryk boýunça kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýän ýörite geologik işler;

3) ýerlerdäki barlag edara-kärhanalar tarapyndan binalary, desgalary gurmak üçin ýerine ýetirilýän inžener–geologik gözlegler (şäherlerde meýdany 15 kmdeň bolan we ondan kiçi ölçegdäki meýdanda, şäheriň çäkleriniň daşynda meýdany 1 kmdeň bolan we ondan kiçi ölçegdäki meýdanda, beýleki ýuridik şahslar tarapyndan desganyň ýerleşýän ýerine garamazdan 1 km2 deň bolan we ondan kiçi ölçegdäki meýdanda);   

4) meýdany 100 km2-dan kiçi bolan melioratiw ulgamlaryň sudur çyzgysy (shemalary) we taslamalary üçin inžener – geologik barlaglar;

5) çyzyklaýyn gurluşyklar (demir we gara ýollar, gaz we nebit geçirijileri, suw geçirijileri we magistral akabalar, elektrik tok geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary, demir ýollaryň ikinji we üçünji ýollary (şahalary), demir ýollaryň, awtoýollaryň dürli uzynlykdaky şahalary, bentler we köprüler üçin inžener-geologik barlaglar;

6) kartalary, ýygyndylary, synlary, monografiýalary we şuňa meňzeş geologik (geofiziki, geohimiki we şuňa meňzeş) mazmunly işleri neşire taýýarlamak (neşir üçin asyl nusgalaryny taýýarlamak) we neşir etmek işler;

7) topografiýa-geodeziýa işlerini, şol sanda, ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi üpjün edýän işler;

8) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi üpjün edýän enjamlary we gurallary döretmek, özleşdirmek we ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag, tematiki, tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-usulýet işleri, dolandyryşyň awtomatik ulgamy  üçin tehniki işläp taýýarlamalar we geologik maglumatlary matematiki usul we kompýuter programmalary bilen işläp geçmek işler;

9) zähmet kadalary, gollanmalary we gözükdiriji namalary (düzgünleri) düzmek boýunça işler;

10) ýerasty dag  gazylarynda ýerine ýetirilýän grawimetriki işler;

11) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek işlerini taslamalaşdyrmak, gurnamak we petiklemek işler;

12) geologik sergileri, muzeýleri we kitaphanalary gurnamak we saklamak boýunça işler;

13) meýilnamada  göz öňünde tutulmadyk işler.

9. Geologiýa gaznasy kärhanalardan işleriň sanawyny ýa-da obýektler boýunça meýilnamany goşundylary we beýleki degişli resminamalary bilen kabul edip alandan soň, hasaba alynmaly resminamalaryň dogrulygyny we doldurlyşynyň talabalaýyklygyny, gidrogeologik we geçirilýän beýleki meýilleşdirilen sebitleýin işler (şertnamalaýyn işlerden başga), ýerine ýetirilen işleriň hasabatynyň resmileşdirlişiniň dogrulygyny barlamalydyr.

Geologiýa gaznasy degişli resminamalary barlandan soň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň Korporasiýa bilen bilelikde kabul eden çözgütlerinden soň 10 (on) senenama gününiň dowamynda hasaba alyp, degişli hasaba alyş belgisini goýmalydyr.

10. Geologiýa gaznasy işleriň doly ýa-da bölekleýin gaýtalanýandygy, şol bir gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara, ulanylmaýan agtarylyp barlanylan känleriň ýanynda bu işleriň alnyp barlyşynyň bellenen tertibi we düzgüni bozulan işleri (ulanylmaýan agtarylyp barlanylýan känleriň ýanynda şol bir gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmak  işleriň önümçiligi, gazylyp, ulanylmaýan ýa-da doly güýjünde ulanylmaýan guýularyň barlygynda suw üçin guýularyň burawlanmagy, edaranyň özüne degişli ýerine ýetirýän işleri bilen bagly bolmadyk işleri amala aşyrmaklary, işleriň önümçiligi üçin rugsatnamalarynyň bolmazlygy we ş.m.) ýüze çykaran ýagdaýynda, hasaba almakdan (şu bölegiň ikinji tesimine laýyklykda amala aşyrylýan işlerden başga) ýüz dönderip bilýär.

Geologiýa gaznasy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýän ýa-da meýilleşdirilýän işleriň gaýtalanýandygy ýüze çykarylan halatynda, bu baradaky resmi haty Korporasiýa ibermäge we geçirilýän işleriň maksadalaýyklygy tassyklanandan soň hasaba alýar.

Geologiýa gaznasy işleriň gaýtalanýandygynyň we şol bir bada birmeňzeş işleriň geçirilýändigi  barada meseläni çözmek üçin ýa-da bellenen işleriň önümçiligiň maksadalaýyklygyny kesgitlemek üçin zerur maglumatlaryň bolmadyk ýagdaýynda, nebitgaz toplumynyň degişli edaralaryndan özleriniň hasabyna taslamalary, maksatnamalary we beýleki maglumatlary seljerip, netijenama bermeklik üçin hünärmenleri maslahatçy hökmünde tölegli esasda işe çekip bilýär.

Geologiýa gaznasy geçen ýyllaryň işleri boýunça nebitgaz toplumynyň edaralaryndan gelip gowuşýan geologik hasabatlary we Türkmenistanyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň döwlet kadastrynyň hasaba alyş obýektleriniň pasportlaryny barlap bilýär.

Geologik hasabatlary we döwlet kadastrlarynyň pasportlaryny tabşyrmak boýunça bergiler ýüze çykarylan halatynda, hasaba almaklyk kärhanalardan hasabatlaryň we pasportlaryň berilmeginiň möhleti görkezilen kepillik haty alnan şertlerinde amala aşyrylyp bilner. Ýerine ýetirilen işleriň hasabatlary we pasportlary yzygyderli uzaga çekdirilen ýagdaýynda Geologiýa gaznasy bergiler doly ýapylýança işleri hasaba almakdan ýüz dönderip biler.

11. Işleriň döwlet hasaba alnyşy üçin resminamalary, ýagny geologiýa gözleg işleriniň obýektler boýunça meýilnamasy (şu Tertibe 1-nji goşundy), resminamalaryň atlary, nusgalarynyň sany, her bir resminamadaky sahypalaryň sany, ýany bilen iberilýän haty (hatda hasaba alnyşynyň sebäbi görkezilýär) we şol resminamalar 3 (üç) nusgada Geologiýa gaznasyna tabşyrylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde beýan edilen resminamalara iş geçirilýän çäkleriň meýdanlary we olaryň belgileri hasaba alyş resminamada degişli tertip belgili 1:500 000 ölçegdäki kartalary (topografik ýagdaýy bilen baglanyşdyrmak üçin zerur bolan), uly ýa-da uly bolmadyk meýdanlarda geçirilýän işlere, degişlilikde 1:1000 000 we 1:100 000 ölçegdäki kartalary bermäge rugsat edilýär.

12. Ylmy-barlag, tematiki, tejribe-usulýet işlerinden, känleriň, ýataklaryň deslapky we jikme-jik barlaglary boýunça işler şäherlerde we şäherçelerde gurluşyklar üçin inžener-geologik barlaglardan  başga işleriň ähli görnüşlerine kartalar düzülýär. Kartalar 2 (iki) nusgada berilýär.

13. Işleriň döwlet hasaba alnyşynyň resminamalary kärhanalaryň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan gol çekilip we möhür bilen berkidilip hasaba almak üçin Geologiýa gaznasyna tabşyrylýar.

14. Işler Geologiýa gaznasynda hasaba alnanda Korporasiýanyň başlygy we Geologiýa gaznasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür bilen berkidilýär. Resminamanyň 2 (iki) sany nusgasy olary beren kärhanalara gaýtarylyp berilýär.

15. Geologiýa gaznasy tarapyndan hasaba alnan resminamalar ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça döwlet hasaba alnan işleriň sanawyna (şu Tertibe 2-nji goşundy) girizilýär. Geologiýa gaznasy her bir senenama ýyl üçin aýratyn sanawy açýar.

16. Geologiýa gaznasy tarapyndan haýsy hem bolsa bir işi hasaba almakdan ýüz dönderen halatynda, ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça döwlet hasaba alnan işleriň sanawynda ýüz döndermeginiň sebäbi ýazmaça görkezilýär.

Eger işler hasaba alnandan soňra onuň adynda, maksatlaýyn tabşyrygynda, usulyýetlerinde, işleriň meýdanynda ýa-da degişli dolandyryş çäk-birliginde, şeýle hem kärhanalaryň adynda üýtgeşmeler bolup geçen ýagdaýynda, kärhanalar 15 (on bäş) senenama gününiň dowamynda şeýle işi Geologiýa gaznasyna şol üýtgetmeleri döwlet hasaba alnyşyna aldyrmak üçin ibermäge borçludyr.

Şeýle ýagdaýda, Geologiýa gaznasy ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça döwlet hasaba alnan işleriň sanawynda “Bellik” diýen sütüninde “Deregine №____” diýip bellenilýär. Üýtgetmeler hasaba alnanda oňa täze hasaba alyş belgisi berilýär we şol belgi bilen hasabat maglumaty Geologiýa gaznasyna tabşyrylýar.

17. Işler pul görnüşindäki möçberleriniň ýa-da öňki maksatlaýyn geologik-tehniki tabşyrygyň we iş geçirilen meýdanynyň saklanyp galan ýagdaýynda, işleriň möhletleriniň, şeýle hem hasabat maglumatlaryny taýýarlan kärhanalaryň pudaklaýyn tabynlygynyň üýtgän halatynda, Geologiýa gaznasyna üýtgetmeleri hasaba almak üçin hödürlenilmeýär.

18. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşy babatda Geologiýa gaznasynyň we hasabatlary hasaba almaga berýän kärhanalaryň arasynda ýüze çykýan gapma-garşylyklar şol kärhanalaryň we ýokarda durýan edaranyň (ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň) wekilleriniň gatnaşmagynda Korporasiýa tarapyndan çözülýär.

19. Hasaba alynýan resminamalarda getirilýän maglumatlaryň dolulygyna, anyklygyna we olaryň taýýarlanyşynyň dogrulygyna degişli kärhanalaryň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekýärler.

20. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşynyň dogry amala aşyrylmagy üçin jogapkärçiligi Geologiýa gaznasynyň başlygy we Korporasiýanyň degişli jogapkär ýolbaşçysy çekýärler.

21. Tamamlanan işler baradaky hasabatlar baş sahypasynda döwlet hasaba alyş belgisini görkezmek bilen Geologiýa gaznasyna iberilýär.

22. Geologiýa gaznasynyň başlygy Geologiýa gaznasy tarapyndan hasaba alynmadyk işleriň ýerine ýetirilýänligi ýüze çykarylan halatynda, bu barada Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri görmek üçin Korporasiýany habarly edýär.

23. Ýerine ýetirilen işleriň mazmunynyň hasaba alyş maglumatlary bilen gabat gelmeýän ýagdaýynda işiň ýerine ýetirilmegi üçin edilen çykdajylary hasapdan öçürmek üçin esas bolup durýan hasabatyň Geologiýa gaznasy tarapyndan  kabul edilendigi baradaky delilnamasy diňe ýokarda görkezilen gabat gelmezlikleri aradan aýyrmak babatda edilen degişli üýtgetmeleriň girizilendigini esaslandyrýan we olary ýokarda durýan edaranyň (ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň) tassyklan resminamalarynyň esasynda berilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda 1410 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.