Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 285 belgili buýrugy

Metanol bilen işlenilmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny

tassyklamak hakynda

 

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 54-nji we 55-nji maddalaryny hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 14336-njy karary bilen tassyklanan, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Metanol bilen işlenilmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Gylyjow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                                                                       N.Amannepesow


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Döwlet ministri  

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy                      B. Amanow

«29» sentýabr 2020 ý. 

Türkmennebit” Döwlet 

konserniniň başlygy                                                            G. Baýgeldiýew

«29» sentýabr 2020 ý. 

“Türkmenstandartlary” baş döwlet

gullugynyň başlygy                                                            M.Hojagulyýew

«29» sentýabr 2020 ý. 

“Türkmenhimiýa” Döwlet     

konserniniň başlygy                                                          N.Nyýazlyýew

«29» sentýabr 2020 ý. 


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda

 çykaran 285 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Metanol bilen işlenilmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Metanol bilen işlenilmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary (mundan beýläk - Döwlet sanitariýa kadalary) Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 54-nji we 55-nji maddalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Döwlet sanitariýa kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, tehnologik prosesleri metanoly ulanmak bilen bagly bolan ähli edara-kärhanalara we guramalara degişlidir. 

  3. Şu Döwlet sanitariýa kadalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik işleri Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 73-nji, 74-nji, 75-nji, 76-njy we 77-nji maddalaryna laýyklykda, sanitariýa gözegçilik barlagyny geçirýän edaralar  tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Metanol - himiki formulasy - CH3OH. Reňki, ysy we tagamy boýunça etil (çakyr) spirtine mahsus, howpsuzlygy boýunça 3-nji topara degişli bolup, spirtde we beýleki organiki eredijilerde ereýän, suw bilen ähli gatnaşyklarda garylýan, gaýnama temperaturasy 64,7 Co deň bolan, aňsat ot alýan, güýçli zäherleýiji we adamyň nerw ulgamyna güýçli täsir ediji maddadyr.

5. Metanol içilende adam üçin onuň ölüm howply mukdary (dozasy) -30 gramma deň bolup, onuň 5-10 gramm mukdarda içilmegi adamda güýçli zäherlenme döredip, soňky körlüge getirip bilýär. Onuň buglary ölüm howply bolup, nerw we damar ulgamyna göniden-göni täsirini ýetirýär, gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýar, ýokary dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýitileşmegine, kelle agyrynyň, gulak şaňlamanyň we göz keselleriniň döremegine getirýär. Metanol zeper ýetmedik beden deri örtüginiň üsti bilen hem geçip bilýär. 

6. Metanolyň ulanmagy bilen bagly işler geçirilende, onuň degişli çäklerdäki rugsat edilýän mukdary şu aşakdakylardan ybarat:

1) iş ýerleriniň atmosfera howasynyň düzümindäki metanolyň bir gije-gündiziň dowamynda aňryçäk rugsat edilýän toplanmasy - 5 mg/m3  deň; 

2) iş ýerleriniň atmosfera howasynyň düzümindäki metanolyň bir gezeklik ýokary mukdary - 15 mg/m3 deň;

3) iş ýerleriniň atmosfera howasynyň düzümindäki metanolyň ortaça her çalşykdaky mukdary - 5 mg/m3 deň;

4) ilatly ýerleriň atmosfera howasynyň düzümindäki metanolyň ýokary mukdary - 1 mg/m3 deň;

5) ilatly ýerleriň atmosfera howasynyň düzümindäki metanolyň gije-gündiziň dowamyndaky ortaça mukdary - 0,5 mg/m3 deň.


II bap. Metanol bilen işleriň gurnalmagyna we geçirilmegine bildirilýän

sanitariýa-gigiýena talaplary


  7. Metanolyň ulanylmagyna diňe onuň beýleki az zäherli (toksiki täsirli) maddalar bilen çalşyp bolmaýan ýa-da çalyşmak mümkinçiligi bolmadyk önümçilik proseslerinde ýol berilýär.

  8. Metanolyň ýa-da düzüminde metil spirti bolan maddalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän tehnologiýa prosesleriniň girizilmegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek edaralary bilen ylalaşylmaga degişlidir.

  9. Metil spirti ýa-da düzüminde metanol bolan suwuklyklaryň saklanylýan tehnologik enjamlaryndan nusgalyklar alnanda, iş ýeriniň atmosfera howasyna metanolyň bölünip çykmagynyň öňi alynmalydyr. 

  10. Arassa metanolyň ulanylmagy talap edilmeýän tehnologik proseslerden başga ýagdaýlarda, metanolyň niýetlenmedik maksatlara ulanmak mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, oňa ýakymsyz ys we reňk bermek üçin   etilmerkaptan, kerosin ýa-da boýag ýaly hakyky görnüşinden tapawutlandyryjy (naturalizleşdirmezleýji) goşundylar goşulmalydyr.

  11. Tehnologiýa prosesleri bilen şertlendirilmedik ýagdaýlarda, şol bir önümçilik otagynda (sehde ýa-da bölümde) metanol bilen etil spirtiniň bir wagtda, bilelikde ýa-da gezekli-gezegine ulanylmagyna ýol berilmeýär.

12. Metanolyň ýa-da düzüminde metanol bolan maddalaryň ulanylýan önümçilik prosesleri metanol bilen işleýän işgärleriň galtaşma mümkinçiligini aradan aýyrmalydyr. Metonal saklanylýan gaplar jebis ýapylmalydyr.

13. Metanolyň ulanylýan önümçilik otaglaryna bildirilýän talaplar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) metanoly geçirmeýän ýa-da özüne siňdirmeýän materialdan ýasalan, ýer üstleri aňsat ýuwulýan we suwy akdyrmak üçin eňňitli bolmalydyr;

2) ýangyna garşy suw üpjünçilik (kranlar, gidrantlar, suw howuzlar) ulgamy gurnalmalydyr;

3) tebigy we mehaniki usulda ikitaraplaýyn ýelijiredilmegi (geliş-çykyş) bilen üpjün edilen bolmalydyr;

4) sorup-çykaryjy mehaniki şemallatma ulgamy (wentilýasiýa) we howany howalandyrma (kondisionirlemek) gurnalmalydyr.

14. Howalandyrma ulgamy işlemeýän ýerlerde ýa-da howalandyrma ulgamy işledilmedik ýagdaýynda metanol bilen işlemäge rugsat edilmeýär.

15. Metanolyň ulanylmagy bilen bagly geçirilýän barlaghana işleri, barlaghana otagyndaky sorujy şkaflarda gurnalan howalandyrma enjamy işledilen ýagdaýynda geçirilmelidir.

16. Metanol ulanylýan sehlere, önümçiliklere, barlaghanalara we kärhananyň  metanol ulanýan beýleki bölümlerine, metanolyň gündelik berilýän mukdary bir  günüň dowamyndaky önümçilikde sarp edilýän zerurlyk mukdaryndan köp bolmaly däldir.

Bir günün dowamynda ulanylmaly metanolyň möçberi doly sarp edilmedik ýagdaýynda,onuň galyndysy ammara tabşyrylmalydyr ýa-da ýöriteleşdirilen otagda (seýfde) saklanylmalydyr.

17. Metanolyň ulanylýan we saklanylýan önümçilik otaglarynda ýörite egin-eşik, ýörite aýakgap we beýleki hususy gorag serişdeleri, şeýle hem ýuwup aýyrýan we zyýansyzlandyrýan ýa-da ýokançsyzlandyrýan serişdeler bolmalydyr. 

18. Metanol bilen işler işler alnyp barylanda 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda “Standartizasiýa, metrologiýa we sertifikasiýa  boýunça” Döwletara maslahatynyň 8-nji belgili protokoly bilen kabul edilen TDS-2222-95 Tehniki metanol. Tehniki şertleri” Döwletara standartynyň ulanyş maksady, ýeri, tehniki talaplary, howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak, metanoly kabul etmek, daşamak we saklamak boýunça talaplary doly we dogry berjaý edilmelidir.  

19.Metanoly gaplardan gaplara guýmak işleri ýörite niýetlenen sorujylar      ýa-da sifonlar arkaly amala aşyrylmalydyr.

20. Çelekler arkaly ýa-da agyz bilen soryp metanoly akdyrmak (guýmak)       ýa-da bir gapdan beýleki gaba geçirmek gadagan edilýär.

21. Metanolly gaplar içinde önüm galdyrylmazdan doly boşadylmalydyr.

22. Metanoldan boşan gaplar, haýal etmän şol gabyň göwrüminden iki esseden az bolmadyk mukdardaky suw bilen ýuwulmalydyr. 

23. Metanolyň saklanylýan otagynda metil spirtiniň saklanylmagyna ýol berilmeýär.

24. Metanolyň dökülen ýeriniň üsti haýal etmän çäge ýa-da agaç gyrmançasy bilen örtülmelidir. Metanol siňdirilen çäge ýa-da agaç gyrmançasy otagdan çetleşdirilip, metanolyň dökülen meýdançasy ýa-da ýer bölegi akar suw bilen ýuwulmalydyr.

25. Işlenilen metanoly we düzüminde metanol bolan maddany lagym ulgamyna dökmek gadagan edilýär. Olar jebis ýapylýan gaplara ýygnalmalydyr  we ýok etmek üçin tabşyrylmalydyr.

26. Metanolyň ulanylmagy bilen baglanyşykly kärhanalara işe kabul edilýän     we metanolyň ulanylmagy bilen baglanyşykly işde işleýän adamlar  Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibe laýyklykda, deslapky (işe girenlerinde) hem-de döwürleýin (zähmet işiniň dowamynda) hökmany lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler.

27. Metanolyň ulanylmagy bilen bagly bolan iş ýerlerinde iş beriji şu aşakdaky halatlarda işgäri işden çetleşdirmäge (işe goýbermezlige) borçludyr: 

1) işe serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji serişdeleri ulanan ýagdaýda gelen bolsa;

2) aýal göwreli bolsa, şeýle hem üç ýaşa çenli çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolsa;

3) on sekiz ýaşyna ýetmedik bolsa.

28. Metanolyň ulanylýan önümçiliklerine işe kabul edilýän adamlaryň ömrine we saglygyna howp döredip biljek halatlar barada, tehniki howpsuzlyk, önümçilik sanitariýa, ýangyna garşy gorag we zähmeti goramagyň beýleki düzgünleri boýunça gözükdirmäni geçirmek, şeýle hem zähmeti goramak boýunça ähli talaplaryň işgärler tarapyndan berjaý edilmegine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmak wezipesi iş berijiniň üstüne ýüklenilýär. 

Metanol bilen baglanşykly önümçiliklere başga edara-kärhanalardan işe çekilýän gurluşykçylar, gurnamaçylar (montažçylar), bejerijiş işlerini geçirijiler, ussalar we beýleki hünärli işgärler bilen hem metanolyň adam ömrüne we saglygyna howpy döredip biljek halatlar barada gözükdirme geçirilmelidir.

29. Metanol bilen ýa-da onuň bilen galtaşykda işlemäge rugsat berilýän işgärler ýörite egin-eşikler we beýleki hususy gorag serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Ýörite egin-eşikleri her on günden çalşyrylmaga degişlidir. Ýörite egin-eşikleriniň öý şertlerinde ýuwulmagy gadagan edilýär.

30. Metanol ýüze we ellere dökülen ýa-da degen halatynda, haýal etmän  metanolyň dökülen ýa-da degen ýeri köp mukdardaky suw bilen ýuwulmalydyr.

31. Metanolyň adamyň agyz boşlugynyň üsti bilen garyn-içege ýollaryna düşen halatynda, haýal etmän gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegine ýüz tutmalydyr.

32. Metanol ýörite egin-eşiklere dökülen (degen) ýagdaýynda, ol ýörite egin-eşikler çykarylmalydyr we arassa ýörite egin-eşikleri bilen çalşyrylmalydyr. Metanol bilen hapalanan ýörite egin-eşikler bolsa, haýal etmän ýyly suwda ýuwulmalydyr. 

33. Metanolyň ulanylýan önümçiliklerindäki iş ýerleriniň we sanitariýa-gorag zolagynyň atmosfera howasynyň düzümine barlaghana ölçeglerini geçirmek edara-kärhanalaryň önümçilik barlaghanalarynyň üstüne ýüklenilýär.

34. Şu aşakdaky önümçiliklerde metanolyň ulanylmagy gadagan edilýär:

1) metanolyň esasynda politury (agajy ýyldyratmak üçin spirtli lak) taýýarlamakda;

2) söwda nokatlaryna satuwa çykarylýan hem-de durmuşda ulanylýan   önümler (mastik, nitrolak, ýelim we beýlekiler);

3) ýyladyjy enjamlary gyzdyrmak (ýakmak) üçin ulanmakda;

4) lak-boýag materiallaryny eredijiler hökmünde ulanmakda;

5) aýna (çüýşe) ýuwýan suwuklyklary taýýarlamakda. 



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda 1408 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.