Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 279-iş belgili buýrugy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2006-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 63 belgili buýrugy bilen tassyklanan,  Bankyň karz bermegi hakynda  Düzgünnama üýtgetme girizmek hakynda


Pul-karz syýasatyny emele getirmek we ýöretmek boýunça Turkmenistanyň Merkezi bankynyň önünde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek hem-de karz edaralarynda karzlary bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda 414 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2006-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 63 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Bankyň karz bermegi hakynda  Düzgünnamanyň II babynyň 2.2 bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň, Karz amallary we Bank gözegçiligi müdirlikleriniň, Hukuk gullugynyň başlyklarynyň üstüne ýüklemeli.

 

Başlygy                                                                  M. Annadurdyýew

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda 1406 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.