Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 534-Ö belgili buýrugy

Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümini, mazmunyny we ýöretmegiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynyň dördünji bölegini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji karary bilen tassyklanan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň on ikinji bölegini  ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümini, mazmunyny we ýöretmegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar). 

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň ýer serişdeleri boýunça orunbasary we Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                            M.Baýramdurdyýew


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

gurşawy goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda

çykaran 534-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümi, mazmuny we ýöretmegiň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümi, mazmuny we ýöretmegiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji karary bilen tassyklanan, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Şu Tertip Türkmenistanda döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzüminiň, mazmunynyň we ýöretmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertipde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) Döwlet ýer kadastr kitaby – ýerleriň ýerleşýän ýerini, maksatlaýyn niýetlenilişini anyklamak üçin hem-de ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri barada zerur maglumatlary öz içine alýan, ýerleri hasaba almak we baha bermek boýunça, şeýle hem ýer böleklerini döwlet belligine alnandygy barada maglumatlary saklaýan esasy resminama;

2) indeksli kadastr kartasy – kadastr zolaklarynyň we kwartallarynyň ýerleşýän ýerini, araçäklerini hem-de belgisini görkezýän we kadastr belgilerini bermek hem-de kadastr kartasyny ýöretmek üçin peýdalanylýan  kartografik resminama;

3) ýer bölegi – degişli döwlet edarasy tarapyndan onuň araçäkleri kesgitlenilip ýazgy edilen we bellenilen tertipde kepillendirilen ýer üstüniň (şol sanda topragyň üstki gatlagy) bir bölegi;

4) kadastr belgisi – ýer böleginiň onuň bar bolan döwrüniň bütin dowamynda saklanyp galýan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän Türkmenistanyň çäginde gaýtalanmaýan hususy belgisi;

5) kadastr kartasy – Döwlet ýer kadastrynyň obýektleri hakyndaky maglumatlary öz içine alýan grafiki şekil.

3. Döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň esasy ýörelgeleri şulardyr:

1) Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastr ulgamyny alyp barmagyň ýeke-täkligi;

2) Türkmenistanyň çäginde ähli ýerleri dolulygyna öz içine almagy;

3) gyzyklanýan şahslar üçin Döwlet ýer kadastrynyň ýer bölekleri baradaky maglumatlarynyň dogrulygy we elýeterliligi;

4) ýer bölekleriniň üýtgäp durýan häsiýetleri hakyndaky maglumatlaryň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň üznüksizligi;

5) Türkmenistanyň ýer gaznasynyň obýektleri hakyndaky maglumatlaryň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň hökmanylygy;

6) Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň döwlet we pudaklaýyn tebigy serişdeleri barada kadastryndaky, reýestrindäki we maglumat gorlaryndaky çeşmeler, şeýle hem  ýer bilen baglanyşykly beýleki gozgalmaýan emläkleriň maglumatlary bilen deňeşdirip bolujylygy we ylalaşyp bilijiligi;

7) Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny resminamalaşdyrmak.

4. Döwlet ýer kadastr resminamalary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) Ýer serişdeleri gullugy (mundan beýläk – Gulluk), welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýer serişdeleri müdirlikleri, etraplarda we şäherlerde − ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan bir bitewi ulgamda ýöredilýär.

5. Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýöredilmegi kagyz we elektron göterijilerde amala aşyrylýar.

Kagyz we elektron göterijilerdäki maglumatlar gabat gelmedik mahalynda, kagyz görnüşindäki maglumatlar ileri tutulýar, tehniki ýalňyşlyklaryň bar bolan halatlary muňa degişli däldir.


II bap. Döwlet ýer kadastrynyň resminamalarynyň düzümine we mazmunyna bildirilýän umumy talaplar

 

6. Döwlet ýer kadastrynyň resminamalaryna ýer bölekleriniň ýagdaýy we peýdalanylyşy, olaryň meýdanlary, ýerleşýän ýeri we hil häsiýetnamalary baradaky maglumatlar, ýer bölekleriniň çäkleriniň bellenilişi baradaky maglumatlar, ýer bölekleriniň ýer eýeleri (ýerden peýdalanyjylary, ýer kärendeçileri) baradaky maglumatlar, topografiki-geodeziýa, kartografiki, ýer gurluşyk, toprak we beýleki maglumatlar etraplaryň we şäherleriň  ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan toplanan we işlenip düzülen netijenamalary esasynda girizilýär. 

7. Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň esasy görnüşleri şulardyr:

1) kadastr kartalary;

2) kadastr çyzgylary (planlary);

3) kadastr işleri;

4) kadastr resminamalary. Kadastr resminamalaryna daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň Döwlet ýer kadastr kitaplary, etraplaryň (şäherleriň) kadastr resminamalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary we Türkmenistan boýunça Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary degişlidir.

8. Döwlet ýer kadastr resminamalary esasy binýatlyk, esasy bir gezeklik we  kömekçi resminamalara bölünýär.

9.  Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň esasy binýatlyk resminamalary şular bolup durýar:

a) ýer böleginiň kadastr işi; 

b) degişli dolandyryş-çäk birliginiň döwlet ýer kadastr kitaby; 

ç) ýer böleginiň kadastr kartasy.

Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň esasy binýatlyk resminamalarynda ýer bölekleri barada ilkinji maglumatlar bellenilýär hem-de ýerleriň hojalyk we tebigy ýagdaýynda bolup geçýän üýtgeşmeler görkezilýär. 

10. Döwlet ýer kadastr  resminamalarynyň esasy bir gezeklik resminamasyna ýer böleginiň kadastr kartasy degişlidir. 

11. Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň kömekçi resminamalaryna şu aşakdakylar degişlidir:

а) ýerleriň surata düşürilişiniň, barlaglarynyň, tükellemesiniň maglumatlary;

b) esasy araçäkleriniň öwrüm nokatlarynyň koordinatlary, ýerleriň meýdanlaryny hasaplamagyň sanawnamalary, ýerleriň eksplikasiýasy;

ç) ýerlere baha bermegiň maglumatlary;

d) ýer hasabatlary;

e) toprak işleri;

ä) toprak kartalary;

f) ýer serişdeleriniň ýagdaýy we ulanylyşy baradaky çykyşlar;

g) beýleki maglumat we seljeriş resminamalary.


III bap. Kadastr kartalary

 

12. Kadastr kartasy olaryň ýerleşýän ýerlerini, meýdanyny we tehniki häsiýetnamalaryny anyk bellemek üçin kadastr zolaklarynyň, kadastr kwartallarynyň, kadastr belgileriniň araçäkleri görkezilen grafiki resminamadyr.

13. Kadastr kartasy ýer bölekleriniň ýerleşýän ýerini, ölçeglerini we çäklerini aýdyň görkezmek bilen ýer bölegi emele getitilende, birleşdirilende we bölünip aýrylanda hasaba almak maksady bilen döredilýär we ýöredilýär.

14. Kadastr kartalary tematikasy, tutýan çäkleri (tutuş Türkmenistan boýunça, welaýat, etrap, ilatly ýerler, ýer bölekleri), masştablary we beýleki alamatlary boýunça toparlara bölünýärler.

Kadastr kartalary Döwlet ýer kadastrynyň alnyp barylýan derejesine baglylykda şu aşakdakylara laýyklykda döredilýär:

1) Türkmenistan boýunça kadastr kartasy welaýatlaryň we şäherleriň araçäklerini görkezmek bilen 1:100 000 - 1:50 000 masştablaryndaky ölçeglerde göz öňüne tutulýar;

2) welaýat boýunça kadastr kartasy etraplaryň we şäherleriň çäklerini görkezmek bilen 1:50 000 - 1:10 000 masştablaryndaky ölçeglerde göz öňüne tutulýar; 

3) Aşgabat şäheriniň kadastr kartasy şäherleriň içindäki etraplaryň çäklerini görkezmek bilen 1:50 000 - 1:10 000 masştablaryndaky ölçeglerde göz öňüne tutulýar;

4) etrap (şäher) boýunça kadastr kartasy etraplaryň (şäherleriň) çäklerini görkezmek bilen 1:25 000 - 1:10 000 masştablaryndaky ölçeglerde göz öňüne tutulýar;

5) Geňeşlikleriň ilatly ýerleriniň kadastr kartalary olaryň edara ediş çäklerini, şeýle hem kadastr belgilerini görkezmek bilen 1:2000 - 1:500 masştablaryndaky ölçeglerde göz öňüne tutulýar.

15. Kadastr kartalary elektron (sanly) we kagyz göterijilerde düzülýär. Elektron (sanly) we kagyz göterijilerdäki maglumatlaryň arasynda aratapawut ýüze çykarylan halatynda kagyz göterijilerdäki maglumatlar artykmaçlyga eýedir.

16. Indeksli kadastr kartasy kadastr kartasynyň düzüm bölegidir.


IV bap. Kadastr çyzgylary (planlary)

 

17. Kadastr çyzgylary (planlary) – ýer böleginiň daşky araçäklerini, ýanaşyk ýer böleklerini, ýer bölekleriniň öwrüm nokatlarynyň koordinatlaryny, ýer bölekleriniň meýdanlaryny, görkezýän we belleýän resminamadyr.

18. Kadastr çyzgylarynda şular görkezilýär:

1) ýer bölekleriniň meýdanlary;

2) ýer bölekleriniň daşky araçäkleri (ýanaşyk ýer böleklerini görkezmek bilen);

3) ýer bölekleriniň öwrüm nokatlarynyň koordinatlary;

4) ýer bölekleriniň öwrüm nokatlary bilen ýer bölekleriniň araçäkleriniň arasyndaky aralyk;

5) kadastr belgileri;

6) peýdalanylýan ýerleriň araçäkleri;

7) serwitutlar bellenilen ýer böleklerine girýän bölekleriniň araçäkleri.

19. Kadastr çyzgylary elektron (sanly) we kagyz göterijilerde ýer bölekleri döredilen mahalynda düzülýär.


IV bap. Kadastr işi


20. Kadastr işi Gullugyň etraplarda we şäherlerde  ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan ýöredilýär.

21. Kadastr işi ýer böleginiň döredilendigi we oňa kadastr belgisiniň berlendigi, ýer böleginden peýdalanyja ýer bölegine bolan hukugy kepillendirýän resminamanyň berlendigi baradaky maglumatlary, şeýle hem ýer bölegine bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň üýtgändigi barada,  ýer böleginiň bar bolmagynyň bes edilendigi barada resminamalary  we bu ýer bölegine degişli beýleki resminamalary saklamak maksady bilen ýöredilýär.

22. Kadastr işi her bir ýer bölegine aýratynlykda açylýar. Kadastr işi ýer böleginiň döredilmegi döwlet tarapyndan hasaba alnanda açylýar we ýer böleginiň  bar bolmagynyň bes edilmegi döwlet tarapyndan hasaba alnanda ýapylýar.

23. Kadastr işi ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendä bermek baradaky çözgütler esasynda başlanýar.

24. Kadastr işi esasynda Döwlet ýer kadastr kitabyna ýer bölegi baradaky maglumatlar girizilýär.

25. Döwlet ýer kadastr kitabyna ýer bölegi baradaky maglumatlar girizilende bu ýer bölegine onuň bar bolan döwrüniň bütin dowamynda saklanyp galýan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän Türkmenistanyň çäginde gaýtalanmaýan kadastr (hususy) belgisi berilýär. Bu berilýän kadastr (hususy) belgisi bilen bu ýer bölegine döredilýän kadastr işi hem kybaplaşdyrylýar.

Kadastr belgisinden emele gelýän, ýer böleginiň kadastr işiniň (şu Tertibe   1-nji goşundy) belgisi onuň baş sahypasynda görkezilýär. Şeýle hem, baş sahypasynda Gullugyň degişli ýerli edarasynyň ady, ýer böleginiň salgysy (ýerleşýän ýeri), kadastr işiniň açylan wagty, kadastr işiniň ýapylan wagty hem görkezilýär.

26. Her bir kadastr işiniň özünde bar bolan resminamalary (resminamalaryň nusgalaryny) özünde jemleýän kadastr işiniň ýazgysy (şu Tertibe 2-nji goşundy) bardyr.

Kadastr işiniň ýazgysy ýazgylaryň yzygiderliligi ýörelgesi bilen alnyp barylýar. Onda her bir resminama üçin onuň kadastr işindäki tertip belgisi, resminamalaryň (resminamalaryň göçürme nusgalarynyň)  atlary we rekwizitleri, kadastr işinde ýerleşýän sahypasynyň san belgisi, resminamalaryň (resminamalaryň göçürme  nusgalarynyň) kadastr işine salnan senesi, resminamalary (resminamalaryň göçürme  nusgalaryny) kadastr işine salan işgäriň bellikleri (bolan ýagdaýynda) görkezilýär.

Kadastr işiniň ýazgysy onuň soňunda Gullugyň etraplarda we şäherlerde − ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleriniň degişli işgäriniň goly bilen tassyklanylýar.

27. Eger kadastr işiniň ýazgysyna girizilýän maglumatlar bir sahypa sygmaýan bolsa, ýazgynyň goşmaça sahypasy goşulýar.

Kadastr işiniň sahypalary tertip san belgisi bilen belgilenilýär (1-den başlap)  we ähli sahypalary tikilýär, Kadastr işiniň soňky sahypasynyň arka tarapynda sahypalarynyň umumy sany görkezilýär. Kadastr işiniň iň soňky sahypasynda tikilen ýüpleriň soňy ululygy 3x3 sm kiçi bolmadyk dört burç kagyz bilen ýelmenilýär. Bu ýelmenilen dört burç kagyza  degişli işgäriň goly goýulýar hem-de degişli edaranyň möhri bölekleýin dört burç kagyzy we kadastr işiniň iň soňky sahypasyny basmalydyr.

Kadastr işi tikileninden soňra goşulýan resminamalar ýene-de kadastr işiniň dowamy hökmünde goşulýar hem-de  resminamalaryň ýazgysy düzülýär (şunda resminamalaryň ýazgysynyň mazmuny goşulýan resminamalara laýyk gelmelidir, öňki kadastr işiniň sahypa belgisi dowam etdirilmelidir) we  hemme sahypalary bilelikde tikilýär, kadastr işiniň soňky sahypasynyň arka tarapynda sahypalarynyň umumy sany görkezilýär. Kadastr işiniň iň soňky sahypasynda tikilen ýüpleriň soňy ululygy 3x3 sm kiçi bolmadyk dört burç kagyz bilen ýelmenilýär. Bu ýelmenilen dört burç kagyza degişli işgäriň goly goýulýar hem-de degişli edaranyň möhri bölekleýin dört burç kagyzy we kadastr işiniň iň soňky sahypasyny basmalydyr.

28. Kadastr işiniň ýazgysyna düzedişleriň girizilmegi oňa täze ýazgynyň ýazylmagy arkaly amala aşyrylýar.

29. Kadastr işinde resminamalar olaryň kabul edilýän yzygiderliligi boýunça belgilenilýär hem-de saklanylýar.

30. Kadastr işine girizilen resminamalar ondan aýrylmaga degişli däldir.

31. Kadastr işi ýer böleginiň  bar bolmagynyň bes edilmegi döwlet tarapyndan hasaba alnanda ýapylýar  (birleşmegi, bölünmegi, bölünip aýrylmagy, ýer böleginiň bar bolmagynyň bes edilendigi). Ýapylýan kadastr işiniň iň soňky toplumynyň  baş sahypasynda ýapylmagyň sebäbi barada bellik edilýär, şunda şu ýer böleginiň esasynda dörän ýer böleginiň kadastr belgisi görkezilýär.

 Bölünmegi, bölünip aýrylmagy, birleşmegi esasynda täze dörän ýer böleginiň kadastr işiniň baş sahypalarynda täze dörän ýer böleginiň kadastr belgisi görkezilýär.

Bellikler böleginde öň bar bolan ýer böleginiň kadastr  belgisi - “Öňki (ozalky) kadastr tertip belgisi” diýip öňki ýer böleginiň kadastr belgisi görkezilýär.

32. Eger bar bolan ýer böleginiň esasynda bir ýa-da birnäçe ýer bölekler dörän  ýagdaýynda, her bir dörän ýer bölegine täze kadastr işi döredilýär. Öňki kadastr işi bolsa, onda bu ýer bölegiň bes edilendigi barada bellik edilip, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde arhiwe tabşyrylmaga degişlidir.


VI bap. Kadastr resminamalary


33. Kadastr resminamalaryna daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň Döwlet ýer kadastr kitaplary, etraplaryň (şäherleriň) kadastr resminamalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary we Türkmenistan boýunça Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary degişlidir.

34. Daýhan birleşiklerindäki we beýleki oba hojalyk kärhanalaryndaky kadastr resminamalary şulary öz içine alýarlar:

1) daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň döwlet ýer kadastr kitaplaryny;

2) kadastr kartalaryny.

Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň döwlet ýer kadastr kitaplary Gullugyň etraplaryň (şäherleriň) ýer serişdeleri bölümleri tarapyndan ýöredilýär. Geňeşler daýhan birleşiklerine we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna döwlet ýer kadastr kitaplaryny ýöretmekde ýardam berýärler. Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň döwlet ýer kadastr kitabynyň dogry hem-de öz wagtynda ýöredilmegine hojalygyň ýolbaşçylary tarapyndan gözegçilik edilýär.

Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň döwlet ýer kadastr kitaplary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan Döwlet ýer kadastr kitabyny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda ýöredilýär.

35. Etraplarda (şäherlerde) kadastr resminamalary şulary öz içine alýarlar:

1) etraplaryň (şäherleriň) döwlet ýer kadastr kitaplaryny;

2) ýer bölegine bolan eýeçilik hukugynyň Döwlet namasyny;

3) ýerden peýdalanmak hukugyna bolan Döwlet namasyny;

4) ýerlere kärende hukugy barada Şahadatnamany;

5) kadastr kartalaryny;

6) ýer hasabatyny.

 Etraplaryň (şäherleriň) Döwlet ýer kadastr kitaby Gullugyň  etrabyň (şäheriň) ýer serişdeleri bölümi tarapyndan ýöredilýär.

Etraplaryň (şäherleriň) döwlet ýer kadastr kitaplary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan Döwlet ýer kadastr kitabyny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda ýöredilýär.

36. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer kadastr resminamalary şulary öz içine alýarlar:

1) kadastr kartalaryny;

2) ýer hasabatyny.

37. Türkmenistan boýunça Döwlet ýer kadastr resminamalary şulary öz içine alýarlar:

1) kadastr kartasyny;

2) Döwlet ýer hasabatyny;

3) Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň jemleýji görkezijilerini.

38. Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň ýöredilmegi kagyz we elektron göterijilerde amala aşyrylýar.

Kagyz we elektron göterijilerdäki maglumatlar gabat gelmedik mahalynda, kagyz görnüşindäki maglumatlar ileri tutulýar, tehniki ýalňyşlyklaryň bar bolan halatlary muňa degişli däldir.

39. Döredilen ýer bölegi döwlet ýer kadastr kitabynda döwlet tarapyndan bellige alynmagy degişlidir.

40. Ýer bölegini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz döndermek şu ýagdaýlarda mümkindir, eger-de: 

a) ýer bölekleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny geçirmek üçin berlen resminamalaryň görnüşi we mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmese, resminamalarda bozulyp aýrylan ýa-da artdyrylyp ýazylan ýerleri, çyzylan sözleri ýa-da olarda bellenilmedik beýleki düzedişleri bar bolsa, şeýle hem galam bilen ýazylan ýa-da olaryň mazmunyny aýdyň düşünmäge mümkinçilik bermeýän düýpli zaýalanan bolsa; 

b) goňşy ýerden peýdalanyjylaryň hukuklary araçäkleri bozulanda;

ç) ýer bölegini döredilmeginiň mümkinçiligi barada jedelleriň bolan ýagdaýynda.

41. Ýer bölegini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz dönderilende, onuň sebäplerini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde 10 (on) iş gününiň dowamynda dahylly şahslara ýetirilýär.

42. Ýer bölekleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnyşy olaryň ýerleşýän ýeri boýunça Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany suratda geçirilýär.  

43. Ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylary, ýer kärendeçileri tarapyndan berilýän maglumatlaryň dogrulygy Gullugyň etraplaryň we şäherleriň  ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan özlerinde bar bolan plan-kartografiki materiallar boýunça ýa-da barlag ölçegleri bilen barlanylýar. 

44. Döwlet ýer kadastr kitabynda döredilen ýer böleklerine kadastr belgileri berilýär.

45. Döwlet ýer kadastr kitabyny ýöretmegiň Tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar. Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň görnüşleri  ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýan Döwlet ýer kadastr kitabyny ýöretmegiň Tertibinde bellenilýär.

46. Döwlet ýer kadastr kitabynyň alnyp barlyşy şu talaplara laýyk gelmelidir:

1) bellenilen görnüşde kagyz we elektron göterijilerde amala aşyrylmalydyr;

2) anyk we birmeňzeş okalýan ýazgylary bolmalydyr;

3) düzedişler we üýtgetmeler girizilende esaslandyrylyp ygtyýarly wezipeli adamlaryň goly bilen tassyklanan bolmalydyr;

4) ýazgylaryň öçürilmegi öçürilen ýazgylary okap bolar ýaly görnüşde geçirilmelidir;

5) kitap galam bilen doldurylmaly däldir;

6) Döwlet ýer kadastr kitaby belgilenen, çatylan we möhür bilen berkidilen bolmalydyr.

47. Döwlet ýer kadastr kitaplary hemişelik saklanýan resminamalara degişli bolup, olaryň ýok edilmegine hem-de olardan sahypalaryň alynmagyna ýol berilmeýär.

Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň saklanmagy ýanmaýan tekjelerde gurnalmalydyr.

48. Döwlet ýer kadastrynda saklanýan maglumatlar grafiki we ýazgy görnüşinde görkezilýän kartadan ybarat bolup, şu talaplara laýyk gelmelidir:

a) döwlet koordinat ulgamynda düzülmelidir;

b) onda uly möçberli hemişelik desgalar (ýollar, gidrografiýa bölekleri, tokaý massiwleri, uly möçberli senagat desgalary we binalary we ş.m.) görkezilmelidir;

ç) kartanyň ölçegi onda ähli ýer böleklerini we onuň bilen baglanyşykly gozgalmaýan emläkleri degişli derejede hasaba almaga we görkezmäge mümkinçilik bermelidir;

d) ähli ýer bölekler we ýerli desgalar, olaryň daşky görnüşleri we özara ýerleşýän ýerleri, kadastr belgileri we meýdanlary aýdyň bolar ýaly görkezilmelidir.

49. Arhiwe tabşyrylýan Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň daş ýüzünde bu kitabyň toplumynyň belgisi we ýer böleginiň başlangyç (birinji) we ahyrky (iň soňky) kadastr belgileri bilen belgilenýär.

50. Gullugyň etraplaryň we şäherleriň   ýer serişdeleri müdirliginiň bölüminiň ýolbaşçysy etrabyň (şäheriň) döwlet ýer kadastr kitabynyň dogry alnyp barlyşyny ýylda bir gezek, daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň döwlet ýer kadastr kitabynyň üçünji bölümini bolsa ýylda iki gezek barlaýar (iýul  aýynyň 1-ne çenli we ýanwar aýynyň 1-ne çenli bolan ýagdaýa), barlag geçirendigi barada kitabyň ahyrynda degişli bellik edýär.

51. Ýerleriň görnüşleri, ýerden peýdalanyjylar boýunça möçberi we bölünişi, peýdalanylyşy baradaky ýer hasabaty bir ülňüde we her ýylyň birinji ýanwaryna ýagdaýa görä alnyp barylýar.

52. Ýer hasabaty Türkmenistanyň ýer gaznasyny düzýän  şu aşakdaky ýer toparlary boýunça alnyp barylýar:

1) oba hojalyk maksatly ýerler;

2) tokaý gaznasynyň ýerleri;

3) suw gaznasynyň ýerleri;

4) döwlet ätiýaçlyk ýerleri;

5) ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriniň) ýerleri;

6) senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry maksatly ýerler;

7) tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni maksatly ýerler.

53. Etrabyň (şäheriň) ýerleriniň görnüşleri, ýerden peýdalanyjylar boýunça möçberi we bölünişi, peýdalanylyşy  baradaky hasabaty şu aşakdaky maglumatlara we görkezijilere esaslanyp düzülýär:

1) ýerleriň sudurlar we atyzlar boýunça ilkinji we soňky üýtgeşmeler girizilen yzygiderli hasabynyň görkezjileri;

2) daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriň ýer kadastr kitaplarynda görkezilen we üýtgeşmeler girizilen maglumatlary;

3) etrabyň (şäheriň) döwlet ýer kadastr kitabynyň jemleýji maglumatlary.

54. Welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) ýerleriniň görnüşleri, ýerden peýdalanyjylar boýunça möçberi we bölünişi, peýdalanylyşy  baradaky hasabat etraplaryň (şäherleriň) degişli ýer hasabatlarynyň we ýer hasabata goşundylarynyň maglumatlarynyň esasynda düzülýär.

55. Döwlet ýer hasabaty ýerleriň barlygy, paýlanylmagy we peýdalanylmagy, olaryň tutuş Türkmenistan we onuň dolandyryş-çäk birlikleri boýunça ýagdaýy, ýerleri toparlar, peýdalanylýan ýerler, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri boýunça paýlanylmagy baradaky hasabat döwründäki maglumatlary, şeýle hem beýleki maglumatlary öz içine alýar.

 Döwlet ýer hasabaty her ýylda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) degişli ýer hasabatlarynyň esasynda düzülýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hem-de degişli döwlet edaralaryna berilýär.


VII bap. Jemleýji düzgünler


56. Döwlet ýer kadastr resminamalaryny alyp barýan hünärmenler kadastr maglumatlaryna birugsat ygtyýarlyk edilmezligini üpjün etmelidirler.

57. Degişli edaralar, ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, ýer kärendeçileri ýa-da ýer bölekleriniň hukuk eýeleri tarapyndan ygtyýarly edilen şahslar döwlet ýer kadastr kitabyna girizilýän maglumatlaryň dogrulygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

58. Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň alnyp barylmagy üçin jogapkär wezipeli adamlar kadastr maglumatlarynyň aýan edilmeginden, galplaşdyrylmagyndan, ýoýulmagyndan we düzüminiň birugsat üýtgedilmeginden goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

59. Türkmenistanyň döwlet ýer kadastry bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

60. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyrjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


 

Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümi,

 mazmuny we ýöretmegiň Tertibine

1-nji goşundy

 

 

Toplum___

________________________________________________________________

(Gullugyň ýerli edarasynyň ady)


ÝER BÖLEGINIŇ KADASTR IŞI


________________________________________________________________


________________________________________________________________

(ýer böleginiň salgysy (ýerleşýän ýeri)

 

Bellikler: ________________________________________________________

(bu ýerde öň bar bolan ýer böleginiň kadastr  belgisi - “Öňki (ozalky) kadastr belgisi” görkezilýär)

 

Kadastr işiniň belgisi _____________

                      (kadastr belgisinden emele gelýär)

 

Kadastr işiniň açylan wagty:_______________________________________

                   (ýer böleginiň döredilmeginiň döwlet tarapyndan hasaba alnan wagty görkezilýär)

       

Kadastr  işiniň ýapylan wagty:_______________________________________

(ýer böleginiň bar bolmagynyň bes edilmegi döwlet tarapyndan hasaba alnan senesi görkezilýär)

 

Bellik: doldurylanda ýaýyň içindäkiler aýrylmaga degişli.


Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümi,

 mazmuny we ýöretmegiň Tertibine

2-nji goşundy


Sahypa _____

 

Kadastr işiniň ýazgysy



T/b

Resminamalaryň (resminamalaryň göçürme  nusgalarynyň) atlary we rekwizitleri

Kadastr işinde ýerleşýän sahypasynyň san belgisi

Resminamalaryň (resminamalaryň göçürme  nusgalarynyň) kadastr işine girizilen senesi

Bellikler














____________       _____________________________________________   

            (goly)               (ýer serişdeleri müdirliginiň bölümleriniň degişli hünärmeniň f., a, a.a.)



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda 1405 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.