Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran MB-105 belgili buýrugy

Gaty bolmadyk ýol örtükleriniň abatlaýyş aralyklarynyň 

möhletlerini bellemek boýunça tehniki görkezmeleratly TGK 2.05.15-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary



1. Şu “Gaty bolmadyk ýol örtükleriniň abatlaýyş aralyklarynyň möhletlerini bellemek boýunça tehniki görkezmeler” atly TGK 2.05.15-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalar pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hökman bolup durýar.

 Şu Kadalar umumy maksatly ulanylýan awtomobil ýollarynyň abatlanylyşynyň geljekki göwrümlerini meýilleşdirmegiň ölçeglerini işläp düzmek, ýol abatlaýyşlary üçin sarp edilýän materiallaryň we çykdajylaryň takyklanylmagy, şeýle-de ulanyşda bolan, taslanylýan ýol düşekleriň we gurnawlaryň (konstruksiýalaryň) güýçlendirilen gatlaklarynyň berklikleri hasaplananda ulanmak üçin niýetlenilendir.

2. Ýol düşeginiň hyzmat ediş möhleti, bu ýol gurnawynyň göterijilik ukybynyň onuň üstündäki hereketiň şertleri boýunça aňryçäk ýol berilýän derejesine çenli peselmesi döreýän wagt aralygydyr.

Ulanyş wagtynda, ýol düşeginiň hasaplanan ygtybarlyk derejesine we oňa mahsus bolan tekizlik boýunça örtügiň ýagdaýynyň ýokary çägine ýetende ýol düşeginiň abatlanyşy ýerine ýetirilýär.

Ýol düşeginiň ygtybarlylygy - abatlaýyşa çenli ähli ulanyş döwründe gurnawyň bökdençsiz işlemek mümkinçiligine aýdylýar. Mukdar taýdan ygtybarlylygyň derejesi degişli berklik görkezijisi bilen ýol düşeginiň berk (zeper ýetmedik) böleginiň umumy uzynlygyna bolan gatnaşygyndan durýar.

3. Ýol düşeginiň abatlaýyş aralyklarynyň möhletleriniň kadalary we olara degişli ygtybarlylyk derejesiniň kadalary (şu Kadalaryň 1-nji jetweli) kabul edilýär.

Gaty bolmadyk ýol düşeklerini abatlaýyşyň aralyk (hasap  boýunça) möhleti (Tо) we ygtybarlylyk derejesiniň kadasy (Ky).



1-nji jetwel

Awtomobil ýolunyň topary

Ulag akymynyň ýygylygy, awt/gün.

Ýol düşeginiň görnüşi

V ýol-klimat zolagy

Ky

То , ýyl

I

>7000

düýpli

0,90-0,86

14-16

II

3000-7000

düýpli

0,89-0,85

12-14

III

1000-3000

düýpli
ýeňilleşdirilen

0,87-0,83
0,84-0,80

12-14
10-12

IV

500-1000

düýpli
ýeňilleşdirilen

0,80-0,78
0,82-0,80

12-14
8-10

V

100-500
100-e çenli

geçiş
ýeňilleşdirilen
geçiş
ýönekeý

0,77
0,78-0,75
0,58
0,58

2-7
8-10
2-7
4-3


Bellik:

1) aralyk ululyklar interpolýasiýa boýunça kabul edilýär (Kwe То üçin);

2) düýpli we ýeňilleşdirilen ýol düşekleriniň gatlaklarynyň güýçlendirilmegi hasaplananda, ygtybarlylyk derejesi kadasynyň saklanylmagy bilen hyzmat möhleti kadasynyň iň pes ululyklaryndan 15% peseldilmegine rugsat berilýär;

3) awtomobil ýollarynyň taslanmagynda ýol düşeginiň hasaplary üçin, esasan hem geosintetik materiallary ulanylanda, görkezilen her bir ýol düşeginiň görnüşi üçin, bellenilen aralykdan iň uly hyzmat möhletiniň oňa 15-20% goşulmagy bilen ulanylmagy maslahat berilýär.

4. Bar bolan III topar geçiş düşekli awtomobil ýollarynyň abatlaýyş aralyk möhletini we ygtybarlylyk derejesini IV topar awtomobil ýollaryňky ýaly kabul edilýär. IV topar awtomobil  ýollarynyň düýpli görnüşli ýol düşekleri üçin abatlaýyş aralyk möhlet kadasyny, şoňa meňzeş örtükli III topar awtomobil ýollary bilen deňeşdirilende 20% ulaltmak, ygtybarlylyk derejesiniň kadasyny bolsa 30% peseltmek gerek. V topar awtomobil ýollarynyň ýeňilleşdirilen görnüşli ýol düşekleriniň kadalaşdyrylýan görkezijilerini, hereketiň 100-500 awt/gün ýygylygynda, V topar awtomobil ýollary üçin bolşy ýaly kabul edilýär.

Eger-de, ýollardaky ulaglaryň hereketiniň hakyky ýygylygy, göz öňünde tutulyp hasaplanan ýol topary üçin hasaplandan has ýokary bolsa, ýol düşegini abatlaýşyň aralyk möhleti, ygtybarlylyk derejesini saklamak bilen, 20% kiçeldilýär. Hakyky ulag ýygylygynyň hasaplanandan pes bolmagy ýagdaýynda, hyzmat möhletleri saklanmak bilen ygtybarlylyk derejesiniň kadasy 15% peseldilýär.

5. Termoprofilirleme usuly bilen abatlaýyş işleriniň meýilleşdirilmeginde we geçirilmeginde, ýol düşeginiň ygtybarlylyk derejesiniň kadasy 10% peseldilýär.

6. Gaty bolmadyk ýol düşeginiň hakyky hyzmat möhletleriniň we awtomobil ýollarynyň ýol-ulag ulanyş hiliniň bahalandyrylmagy bilen baglanyşykly amaly meseleleriň çözülmegi üçin, ýol düşeginiň ygtybarlylyk derejesi bilen baglylykda, ýol örtüginiň “δi” düzlügi boýunça rugsat berilýän iň pes ulanyş ýagdaýy (şu Kadalaryň 2-nji jetweli) esas alynýar.



2-nji jetwel

Ky

0,55

0,60

0,65

0,70

0,75

0,60

0,85

0,90

0,95

δi, sm/km

530

510

475

440

390

340

265

170

80


Görkezilen maglumatlar düzlük ölçeýji enjam TKN-2 bilen alnandyr.

7. Ýol örtükleriniň hyzmat möhleti – bu onuň çäklerinde örtükleriň ilteşme derejesi (düýpli ýa-da ýeňilleşdirilen ýol düşekleri) ýa-da örtükleriň ýüzündäki könelme (geçiş we ýönekeý ýol düşekleri) hereket şertleri boýunça rugsat berilýän iň ýokary derejä barýan wagt aralygydyr.

8. Ýol örtükleriniň abatlaýyş aralyklarynyň möhleti (Тö) düýpli we ýeňilleşdirilen ýol düşekleri bolan ýollarda, gurluşykdan soňky  birinji ýyldaky ulag akymynyň hereketiniň ýygylygy bilen baglylykda ýa-da ýoluň abatalýyşynda     büdür-südür üstüni gurnamak işleri boýunça (şu Kadalaryň 3-nji jetweli) kabul edilýär.


3-nji jetwel

Aýratyn ýüklenen zolakda hereket ýygylygy, awt/gün.

Ýol düşeginiň abatlaýyş aralyklarynyň möhletleri (Тö)

200 çenli

8

200-1500 aralyk

6

1500-3000 aralyk

4

3000-5000 aralyk

3

5000-den ýokary

2


9.  Ýol örtüginiň bolmaly möhletlerini aşakdaky ýagdaýlarda peseltmäge rugsat berilýär:

1) 20% - ýüzüniň işlenmegi üçin ýelmeşdiriji hökmünde garaýag we şepbik ulanylanda;

2) 30% - owradylan hek çagyly ulanylanda.

10.  Haçanda, ýol düşeginiň we örtüginiň abatlaýyş aralyklarynyň möhletleri 30% köp bolmadyk möçberde tapawutlanýan bolsa, ýol örtüginiň abatlaýyş aralyklarynyň möhletleri, ýol düşeginiň abatlaýyş aralyklarynyň bolmaly möhletiniň 50%-e deň hasap edilýär.

11. Geçiş ýol düşekleriniň örtükleriniň könelmeginiň öweziniň dolunmagy,         3 ýyldan köp bolmadyk möhlet aralyklary bilen göz öňünde tutulýar.

12. Ýol-klimat zolagy (ÝKZ), ýol-klimat sebitlere bölünme kartasy boýunça bellenilýär. Türkmenistan V ýol-klimat zolagyna degişli bolup durýar.

13. V ýol-klimat zolagyň dag şertlerinde ýerleşýän ýollaryň dik zolaklydygyny göz öňünde tutmak gereklidir. Ýoluň deňiz derejesinden 1000-1500 m aralygy ýokarda ýerleşmegi ýagdaýynda ýol düşeginiň hyzmat möhletini we ygtybarlylyk derejesini degişlilikde 7% we 3% peseltmek gerek, 1500-2000 m aralygy üçin 10% we 4,5%, 2000-2500 m aralygy üçin 14% we 6%, 2500 m-den ýokary ýerleşmeginde bolsa degişlilikde 20% we 10%. Ýer düşeginiň ykjamlygyny ýitirmegi bilen baglylykda şekil üýtgemeginiň görülýän şertlerinde, abatlaýyşynyň aralyk möhletleriniň 30% çenli peseldilmegine rugsat berilýär.


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 10-nji sentýabrynda 1383 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.