Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran 279-ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň 

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmeginiň

  

TERTIBI


I bap. Umumy düzgünler


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmeginiň Tertibini (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň (mundan beýläk – Kodeks) talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Şu Tertip Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi (mundan beýläk - Müdirlik) tarapyndan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredilmeginiň tertibini  düzgünleşdirýär.

Şu Tertipde beýan edilmedik düzgünler babatynda Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.

Müdirlik Kodeksiň 113-nji, 153-nji, 155-nji, 160-njy, 200-202-nji,              204-205-nji, 207-nji, 209-njy we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýär.

Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan şu aşakdaky wezipeli adamlar tarapyndan düzülýär:

Müdirligiň başlygy;

Müdirligiň başlygynyň orunbasary;

Müdirligiň welaýat boýunça bölümleriniň başlyklary;

döwlet inspektorlary.

 

II bap. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama  


Administratiw hukuk bozulmasy hakynda teswirnama (şu Tertibe 1-nji goşundy) Kodeksiň 531-nji maddasyna laýyklykda düzülmäge degişli we onda  şu aşakda beýan edilenler  görkezilmelidir:

1) teswirnamanyň düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) administratiw hukuk bozulmany eden:

a) fiziki şahsyň familiýasy, ady we atasynyň ady, hemişelik we/ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy, bar bolsa hususy salgyt belgisi;

b) ýuridik şahsyň doly ady, işiniň hukuk esasyny düzýän resminama barada maglumat, şahsy salgyt belgisi, hukuk salgysy;

ç) wezipeli adamyň Kodeksiň 30-njy maddasynyň düzgünlerini hasaba almak bilen, familiýasy, ady we atasynyň ady, hemişelik we/ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy, işleýän ýeriniň doly ady we wezipesi, ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň bolsa, görkezilenlerden başga-da şahsy salgyt belgisi;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri, wagty we mazmuny;

5) Kodeksiň edilen  administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

6) şaýatlaryň we jebir çekenleriň familiýalary, atlary we atalarynyň atlary, hemişelik we/ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy, işleýänleriniň işleýän ýeriniň doly ady we wezipesi;

7) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň bu administratiw hukuk bozulma babatynda garaýşyny beýan edilýän düşündirişi;

8) administratiw önümçilik üçin zerur bolan gaýry maglumatlar.

Şu Tertibiň altynjy böleginde beýan edilenlerden başga-da Teswirnamada administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline olaryň Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary düşündirilýär hem-de bu barada  ýazgy edilýär.

Teswirnama ony düzen adam we administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili tarapyndan gol çekilýär, şaýatlar we jebir çekenler bar bolsa teswirnama şol adamlar hem gol çekip bilerler.

Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili düşündiriş we teswirnamanyň mazmuny boýunça özüniň belliklerini bermäge, şeýle hem teswirnama gol çekmekden ýüz döndermeginiň sebäplerini görkezmäge haklydyr. Onuň düşündirişi we bellikleri teswirnama goşulýar.

Teswirnamanyň “Bellik” diýen böleginde administratiw önümçilik üçin zerur bolan gaýry maglumatlar, şeýle hem şu Tertibiň dokuzynjy we onunjy böleklerinde görkezilenler beýan edilip bilner.

Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem jebir çekene teswirnamanyň nusgasy gol çekdirilip gowşurylýar.

Kodeksiň 531-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda Teswirnama berk hasabatlylyk resminamalaryna degişli bolup durýar we Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamalary hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 2-nji goşundy) hasaba alynýar.



III bap. Administratiw hukuk bozulma baradaky işe seretmegiň tertibi 


 Kodeksiň 543-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma barada işe administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri boýunça seredilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlar tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere olaryň ýaşaýan ýeri boýunça seredilýär.

Kodeksiň 209-njy maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere ulag serişdeleriniň döwlet belligine alnan ýerinde hem seredilip bilner.

Kodeksiň 544-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (karar) we işiň beýleki materiallary alnan gününden soň 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýär.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça goşmaça ýagdaýlary anyklamak zerur bolan halatlarynda işe seretmäge ygtyýarly edaranyň başlygynyň, orunbasarynyň we müdirligiň welaýat boýunça bölümleriniň başlyklarynyň esaslandyrylan karary bilen işe seretmek möhleti 1 (bir) aýa çenli uzaldylyp bilner. 

Administratiw temmisi, Kodeksiň 56-njy maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulmasynyň edilen gününden 2 (iki) aýdan gijä galman berilmelidir.

Dowam edýän administratiw  hukuk bozulma üçin administratiw  temmisi onuň ýüze çykarlan gününden başlap 2 (iki) aýdan gijä galman berlip bilner.


IV bap. Administratiw hukuk bozulma barada  iş boýunça

kabul edilýän karar


Administratiw hukuk bozulma baradaky işe seredilende Kodeksiň 547-nji maddasynda kesgitlenen kararlaryň biri kabul edilýär.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar (şu Tertibe 3-nji goşundy) Kodeksiň 472-nji maddasynda kesgitlenen ygtyýarly edaralar (wezipeli adamlar) tarapyndan kabul edilmäge degişli we onda şu maglumatlar görkezilmelidir:

1) karar çykaran ygtyýarly edaranyň ady  we  administratiw hukuk bozulma barada işe sereden we wezipeli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň wezipesi;

2) işe, şeýle hem iş boýunça arza, haýyşnama, materiallara seredilen senesi we ýeri;

3) arza, haýyşnama beren şahsyň ýa-da özi babatda işe seredilýän adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady, hemişelik we/ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy, işleýän ýeriniň doly ady we wezipesi, ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň şahsy salgyt belgisi;

4) Kodeksiň administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

5) Kodeksiň iş boýunça önümçiligi bes etmek ýa-da togtatmak üçin esas bolan maddasy;

6) iş boýunça arza, haýyşnama, materiallara seretmegiň netijesi;

7) karara şikaýat etmek möhletleri we tertibi.

Administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisini bermek hakynda mesele çözülende, şol bir wagtda günäkär tarapyndan emläk taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak meselesi hem çözülýär we iş boýunça kararda tutulyp alynmaga degişli zyýanyň möçberi, onuň öweziniň dolunmaly möhleti we tertibi hem-de Kodeksiň 553-554-nji maddalaryna laýyklykda oňa şikaýat etmegiň möhletleri we tertibi  görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ýuridik şahslara jerime görnüşinde administratiw temmisiniň berilmegine ýol berilmeýär.

Iş boýunça kararda alnan emläkler we resminamalar barada mesele çözülmelidir. Şunda:

1) dolanyşykdan alynmadyk emläkler we resminamalar olaryň kanuny eýesine gaýtarylyp berilmäge, olaryň kanuny eýesini kesgitlemek mümkin bolmasa – döwlet eýeçiligine geçirilmäge degişlidir;

2) dolanyşykdan alnan resminamalar ýok edilmäge ýa-da degişli kärhanalara  ýa-da edaralara geçirilmäge degişlidir;

3) maddy subutnama hasaplanylýan resminamalar bellenilen wagtyň dowamynda administratiw hukuk bozulma barada işde saklanylýar ýa-da gyzyklanýan taraplara berilýär.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara ony kabul eden ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan gol çekilýär we möhür basylýar.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar işe seretmegiň tamamlanmagy bilen haýal etmän yglan edilýär. Kararyň nusgasy üç günüň içinde özi babatda şol karar çykarylan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem jebir çekeniň haýyşy boýunça oňa gowşurylýar ýa-da iberilýär. Kararyň nusgasy dil haty alnyp gowşurylýar. Kararyň nusgasynyň iberilýän halatynda, bu barada işde degişli ýazgy edilýär.

Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda, administratiw temmi çäresi barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada degişli ýazgy edilýär ýa-da karar bellenilen tertipde başga usul bilen resmileşdirilýär.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar işe seretmegiň tamamlanmagy bilen haýal etmän yglan edilýär.

Administratiw hukuk bozulmany eden adam ýa-da ýuridik şahs Kodeksiň 577-nji maddasyna laýyklykda, özüne jerime salnandygy hakyndaky kararyň gowşurylan gününden beýläk 30 (otuz) günden gijä goýman tölemelidir. Eger hukuk bozujy jerimäni bellenen möhletde tölemese, onda oňa salnan jerimäniň möçberi möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýanlygy barada  duýdurylmalydyr. 

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar, şeýle hem oňa edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar şu halatlarda kanuny güýje girýär:

1) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat etmek ýa-da garşylyknama getirmek möhletiniň geçmegi bilen, eger bu karara şikaýat edilmese ýa-da garşylyknama getirilmese;

2) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar yglan edilen pursadyndan.

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar babatda getirilen garşylyknama seredilmeginiň netijesi boýunça Kodeksiň 563-nji maddasynda bellenilen tertipde kabul edilen karar yglan edilen pursadyndan kanuny güýje girýär.


bap. Jemleýji düzgünler

 

Müdirlik administratiw hukuk bozulmanyň edilmegine ýardam eden sebäpleri we şertleri anyklaýar hem-de degişli kärhanalara, edaralara, guramalara we wezipeli adamlara ol sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmek hakynda teklipnama (şu Tertibe 4-nji goşundy) iberýär.

Görkezilen kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem wezipeli adamlar teklipnama gelip gowşan gününden 1 (bir) aýyň dowamynda karar çykaran ygtyýarly edara görlen çäreler barada habar bermäge borçludyr.

Administratiw jerime şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan berilýän we günäkär fiziki ýa-da ýuridik şahsa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň haýryna mejbury tertipde töletdirilýän pul görnüşindäki administratiw temmisidir

Jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakyndaky kararyň gowşurylan gününden beýläk 30 (otuz) günden gijä goýman tölemelidir, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen gününden beýläk 30 (otuz) günden gijä goýman tölemelidir.

Jerime Kodeksiň 577-nji maddasynda bellenilen möhletde tölenilmedik halatynda degişli karar jerimäniň şu Kodekse laýyklykda artdyrylan möçberinde günäkäriň iş hakyndan ýa-da başga girdejisinden, pensiýasyndan ýa-da talyp hakyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda mejbury tertipde tutup almak üçin iberilýär.

Eger jerimä sezewar edilen adam işlemeýän bolsa  ýa-da başga sebäplere göra jerimäni hukuk bozujynyň iş hakyndan ýa-da başga girdejisinden, pensiýasyndan ýa-da talyp hakyndan tutup almak mümkin bolmasa, jerimäni tutup almak işe sereden edaranyň jerime bermek hakyndaky karary esasynda kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan hukuk bozujynyň şahsy emlägine, şeýle hem onuň umumy eýeçilikdäki paýyny tutup almagy gönükdirmek ýoly bilen geçirilýär.


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 10-nji sentýabrynda 1381 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.