“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 06-njy awgustynda çykaran 82 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň     2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda

 çykaran 13 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Poçta kadalaryna” üýtgetmeler

 we goşmaçalar girizmek hakynda


“Aragatnaşyk hakynda”  we “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we Bütindünýä poçta birleşiginiň namalaryna laýyklykda, poçta ugratmalaryny  kabul etmek, işlemek, saklamak, daşamak we eltmek (gowşurmak) boýunça hyzmatlary etmegi, belli bir maksada niýetlenen tölegleri etmegi, pul serişdeleriniň geçirilmegi boýunça amallary ýerine ýetirmek bilen bagly hyzmatlary etmegi kämilleşdirmek maksady bilen,


B U Ý U R Ý A R Y N :

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda 956 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Poçta kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 13 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Poçta kadalarynda:

1) ikinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:

“65) barabarlamak – müşderiler, olaryň ygtyýarly eden taraplary we benefisiarlar barada maglumatlary anyklamak we bu maglumatlary anyklamak üçin resminamalaryň asyl nusgasyny ýa-da olaryň bellenilen tertipde tassyklanan göçürme nusgasyny ulanmagyň usullaryny tassyklamak boýunça şu Kanunda görkezilen çäreleriň toplumydyr.”;

2) şu mazmunly 98¹ bölegi goşmaly:

“98¹. Poçta aragatnaşyk operatory, şu aşakdaky ýagdaýlarda poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlary amala aşyranda, müşderileri barabarlaýar:

1) poçta pul geçirimleri ugratmak üçin ýazmaça şertnama baglaşylanda;

2) ozal müşderiniň barabarlanmagynyň netijesinde alnan maglumatlaryň dogrulygyna we takyklygyna şübhe dörände;

3) aýratyn gözegçilige degişli poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlar ýerine ýetirilende:

a) poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlary, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek maksady bilen, amala aşyrylýandygy babatda, hem-de müşderiniň işiniň görnüşleriniň we häsiýetleriniň onuň esaslandyryş resminamalarynda kesgitlenen maksatlaryna laýyk gelmeýändigine poçta aragatnaşyk operatory şübhelenende;

b) poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlaryň – tarapy ýa-da bu amaldan peýda edinýän terrorçylygy maliýeleşdirmek ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyna girizilen ýuridik ýa-da fiziki şahs, şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs (mundan beýläk - hususy telekeçi), ýa-da guramanyň benefisiary fiziki şahs bolanda;

ç) poçta pul geçirimleri bilen bagly maliýe amallary geçirilende taraplaryň bolmanda biriniň maglumatyň açylmagyny ýa-da berilmegini göz öňünde tutmaýan ýa-da Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaýan, döwletde (çäkde) degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs bolan halatynda, ýa-da taraplaryň biri görkezilen döwletde (çäkde) bellige alnan bankda hasaby ulanmak arkaly amala aşyrylanda;

4) Poçta aragatnaşyk operatory, ugradyjynyň (töleýjiniň) tabşyrygy boýunça poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlary amala aşyranda, şu aşakdaky maglumatlaryň bellenen tertipde alynmagyny, geçirilmegini we saklanylmagyny üpjün etmeli:

a) ugradyjynyň (töleýjiniň) – fiziki şahsyň: familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolsa), bank hasabynyň belgisi (ýok halatynda – amalyň belgisi), ýaşaýan ýeri we (ýa-da) hakyky ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň belgisi, senesi we kim tarapdan berlendigi, eger-de fiziki şahs hususy telekeçi bolsa – şahsy salgyt kody;

b) ugradyjynyň (töleýjiniň) – ýuridik şahsyň: ady, bank hasabynyň belgisi (ýok halatynda – amalyň belgisi), şahsy salgyt belgisi (ýok halatynda – başga identifikasion belgisi we (ýa-da) hukuk salgysy);

ç) alyjynyň - fiziki şahsyň: familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolsa), bank hasabynyň belgisi (ýok halatynda – amalyň belgisi), ýaşaýan ýeri we (ýa-da) hakyky ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň belgisi, senesi we kim tarapdan berlendigi, eger-de fiziki şahs hususy telekeçi bolsa – şahsy salgyt belgisi;

5) Poçta aragatnaşyk operatory müşderiniň barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary bermedik ýagdaýynda poçta pul geçirimleri bilen bagly hyzmatlary amala aşyrmakdan ýüz dönderýär;

6) Poçta aragatnaşyk operatory poçta pul geçirimleri boýunça amallary amala aşyranda şu aşakdakylara borçlanýar:

a) hökmany gözegçilige degişli amallary ýörite blankada bellige almaga we elektron görnüşde maliýe gözegçiligi amala aşyrýan edara amal amala aşyrylandan soň üç sagatdan gijä goýmazdan, ýa-da şeýle amallaryň ýüze çykarylan pursatyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda, amal amala aşyrmakdan ýüz dönderilende, amalyň amala aşyrylmagyndan ýüz dönderilendigi barada çözgüt kabul edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan ibermeli;

b) eger poçta pul geçirimleri ugratmak üçin ýazmaça baglaşylan şertnamany ýerine ýetirmekden ýa-da şular ýaly şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderilende, ýüz dönderilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

ç) pul serişdeleri   ýa-da   geçirmesi   boýunça   görkezmelerini    ýerine   ýetirmegi togtadylanda – togtadylan gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

d) amal amala aşyrylanda ýüze çykarmak mümkin bolmadyk, hökmany gözegçilige degişli amal ýüze çykarylanda – poçta aragatnaşyk operatorynyň bu amal şübheli diýlip ykrar edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

e) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, pul serişdeleriniň geçirimini togtatmaga, eger bu pul serişdeleriň eýesi ýa-da benefisiary, terrorçylygy maliýeleşdirmek ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyna girizilen ýuridik ýa-da fiziki şahs, şol sanda hususy telekeçi ýa-da guramanyň benefisiary fiziki şahs bolanda;

ä) kanunçylykda bellenen tertipde poçta pul geçirimi bilen bagly hyzmaty ýerine ýetirmegi togtatmaga (gelip gowuşýan poçta pul geçirimi girmeýär), eger bu hyzmatyň tarapy ýa-da bu amaldan peýda edinýän terrorçylygy maliýeleşdirmek ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyna girizilen ýuridik ýa-da fiziki şahs, şol sanda hususy telekeçi    ýa-da guramanyň benefisiary fiziki şahs bolanda;

f) pul serişdeleriň we (ýa-da) poçta pul geçirimi bilen bagly hyzmatyň ýerine ýetirilmeginiň togtadylandygy barada maliýe gözegçiligi amala aşyrýan edara şu bölegiň “a” bendinde görkezilen möhletde habar bermäge;

g) müşderileriň we olaryň wekilleriniň barabarlanmagynyň netijesinde alnan, şeýle hem içerki gözegçilik çäreleriniň ulanylmagynyň netijesinde düzülen maglumatlary we resminamalary, poçta pul geçirimleri ugratmak üçin baglaşylan ýazmaça şertnama ýatyrylandan soň, şertnama baglaşylmadyk halatynda amallar amala aşyrylandan soň bäş ýyla çenli, müşderileriň poçta pul geçirimi boýunça amallary barada maglumatlar, hem-de poçta pul geçirimi boýunça amallaryň amala aşyrylmagyna esas bolan resminamalar, poçta pul geçirimi boýunça amallara beýleki gatnaşyjylar barada maglumatlar, içerki gözegçiligiň netijesinde alnan we düzülen resminamalar (olaryň nusgalary), ýörite formulýaryň nusgalary elektron resminama görnüşde - amallar amala aşyrylandan soň bäş ýyla çenli saklamaga. Görkezilen maglumatlar we resminamalar ýa-da olaryň ornuny tutýan nusgalar kagyz we (ýa-da) elektron göterijide, ygtyýarly döwlet edaralaryna we maliýe gözegçilik edarasyna dessine görkezmäge we bermäge mümkinçilik berýän şekilde saklanmaly;

h) müşderileriň we olaryň benefisiarlarynyň arasyndan daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlary, halkara guramasynyň jemgyýetçilik wezipeli adamlaryny, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan döwlet gullukçylarynyň sanawyna girýän wezipeli adamlary, olaryň maşgala agzalaryny we ýakyn garyndaşlaryny, şeýle hem bu adamlaryň degişliliginiň we gatnaşygynyň barlygyny ýüze çykarmak boýunça barlagyny amala aşyrmaga;

i) daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlar, olaryň guramalarynyň benefisiary, şeýle hem içerki gözegçilik kadalarynda göni kesgitlenen ýagdaýlarda halkara guramalaryň jemgyýetçilik wezipeli adamlary, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan döwlet gullukçylarynyň sanawyna girýän wezipeli adamlar bilen poçta pul geçirimi bilen bagly hyzmaty

ýerine ýetirmek boýunça şertnamalary poçta aragatnaşyk operatorynyň ýolbaçysynyň ýazmaça razylygy bilen baglaşmaga, eger-de müşderi şertnama baglaşylandan degişli statusy alan we (ýa-da) guramanyň benefisiary bolan ýagdaýynda – şertnamanyň hereketini dowam etdirmek (uzaltmak) üçin degişli ýolbaşçynyň ýazmaça razylygyny almaga;

j) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.”;

3) Kadalaryň mazmunynda “poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary” salgylanmalary“poçta aragatnaşyk kärhanalary” salgylanmalara çalşyrmaly;

4) ýetmiş dördünji böleginde “Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň”, “Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň”  diýen sözleri degişlilik-de “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň”, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň”  diýen sözler bilen çalşyrmaly.

  2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasary H.Aýnazarow we “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Baş direktory S.Owwadow gözegçilik etmeli.



Başlyk                                                          H.Hudaýgulyýew


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda 1379 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.