Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran MB-97 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran MB-97 belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-02 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, «Binalaryň we desgalaryň düýpleri» atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna üýtgetme girizmek hakynda

 

«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 952 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Binalaryň we desgalaryň düýpleri» atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4–nji ýanwarynda çykaran MB-02 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, «Binalaryň we desgalaryň düýpleri» atly TGK 2.02.01-16 Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň 9.1-nji böleginiň ikinji tesimini aşakdaky görnüşde beýan etmeli:

«Seýsmikligi 7 baldan pes bolan sebitlerde düýpler seýsmiki täsirleri hasaba alynmazdan taslamalaşdyrylýar. 9 balla çenli bolan sebitlerde III derejeli topraklaryň häsiýetlerini gowulandyrmak (ýaşaýyş, jemgyýetçilik we senagat binalary) we olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, taslama işleri ýerine ýetirilende netijenamalar ýa-da hödürnamalar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň degişli edaralary tarapyndan berilýär.».

2. Şu buýruk, onuň herekete girizilen gününe çenli bellenen tertipde döwlet seljerişinden geçen taslama-çenlik resminamalara, şeýle hem taslama-çenlik resminamalarynyň döwlet seljerişi tapgyrlaýyn amala aşyrylan gurluşyklara degişli däldir.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi özümde galdyrýaryn.


 

Ministriň orunbasary                                                                                                         Ç.Ahmedow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda 1378 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.