Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda çykaran MB-101 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda çykaran MB-101 belgili

 B U Ý R U G Y

010.150.010

090.100.090

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2017-nji ýylyň 31-nji maýynda çykaran MB-39 belgili buýrugy bilen tassyklanan, «Umumybilim we ýörite bilim edaralary» atly TGK 2.08.07-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna üýtgetme girizmek hakynda


«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 28-nji iýunynda 1067 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Umumybilim we ýörite bilim edaralary” atly TGK 2.08.07-17 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2017-nji ýylyň 31-nji maýynda çykaran MB-39 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Umumybilim we ýörite bilim edaralary” atly TGK 2.08.07-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň 1-nji jetweliniň ikinji belligini şu aşakdaky görnüşde beýan etmeli:

«2. Ýerli şertlere görä, umumybilim berýän mekdepleriň ýer bölekleriniň umumy meýdanynyň kemeldilen ýagdaýynda, umumy meýdançanyň möçberinden bedenterbiýe-sport meýdançasy we onuň düzümi, hereketli oýunlar üçin meýdançalar 12 göterimden we dürli agaçlar oturdylýan meýdançalar 8,1 göterimden az bolmaly däldir, şunda bölünip berlen ýer böleginiň töwereginde dürli agaçlar bilen abadanlaşdyrylmalydyr.».

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary Ç.Ahmedow gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                                                              R.Gandymow

 

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 24-nji awgustynda 1377 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.