“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 83-Ö belgili buýrugy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 

20-nji aprelinde çykaran  40-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak boýunça Gözükdirijä 

üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda


“Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipeleri, “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawyna we Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň anyk görnüşleriniň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberine, şeýle-hem Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 13-nji martynda 847 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Awtomobil ulag serişdeleriniň talap edilýän kadalaşdyryjy hukuk, tehniki kadalaşdyryjy namalara hem-de awtomobil ulaglary boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna gabat gelmegine barlagy geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň 2015-nji ýylyň 5-nji martynda çykaran 27-Ö belgili buýrugyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň awtomobil ulagy çygrynda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda 1329 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda” “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran 40-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak boýunça Gözükdirijide:

1) birinji böleginde «kararyna» diýen sözden soň, «Awtomobil ulag serişdeleriniň talap edilýän kadalaşdyryjy hukuk, tehniki kadalaşdyryjy namalara hem-de awtomobil ulaglary boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna gabat gelmegine barlagy geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň 2015-nji ýylyň 5-nji martynda çykaran 27-Ö belgili buýrugyna şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna» diýen sözleri goşmaly;

2) bäşinji böleginde “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleriniň “Ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylýan işiň kiçi görnüşi” diýen sözlerini “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawyna we Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň anyk görnüşleri (kiçi klaslary, görnüşleri)” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

3) dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama berilmegini sorap ýazan arzasynyň ýanyna şulary goşýar:

1) Agentlik tarapyndan bellenen görnüş boýunça isleg bildirilen hyzmatlaryň ugry boýunça işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin maddy-enjamlaýyn binýady (awtomobil ulag serişdeleriniň sany we (ýa-da) jaýlary, ammar jaýlary, ýükleýji-düşüriji gurallary we beýleki desgalary) barada maglumatlary;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – ýuridik şahsyň (awtoulag kärhanasynyň) ygtyýarlylandyrylýan işe ýolbaşçylyk etmäge hukugynyň bardygyny we awtomobil ulag serişdeleriniň ulanyş howpsuzlygy üçin jogapkär diýlip bellenendigini tassyklaýan buýrugyň göçürme nusgasyny we şu şahsyň ýörite okuw mekdebini tamamlandygy baradaky diplomynyň nusgasyny;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – fiziki şahsyň, şonuň ýaly-da ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň we sürüjileriň (zähmet şertnamasy boýunça doly iş güni bilen işleýänler) düzüminiň hünär derejesini (kwalifikasiýalaryny) tassyklaýan resmi namalaryň nusgalaryny:

a) sürüjileriň sanawyny, degişli kategoriýalardaky awtomobil ulag serişdelerine erk etmäge hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalarynyň nusgalaryny;

b) ýükler halkara ugur boýunça daşalanda we ýolagçylar halkara ugur boýunça gatnadylanda, awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş meýilnamalary boýunça okuwlary tamamlandyklary baradaky sürüjileriň hünär (kwalifikasion) şahadatnamalarynyň nusgalary;

ç) awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň lukmançylyk gözegçiliginden geçendiklerini tassyklaýan lukmançylyk netijenamasynyň asyl nusgasyny;

4) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, ygtyýarnamanyň dalaşgariniň awtomobil ulag serişdelerine we (ýa-da) jaýlara, ammar jaýlaryna, ýükleýji-düşüriji gurallara we beýleki desgalara eýeçilik etmäge ýa-da olary beýleki kanuny esaslarda peýdalanmaga hukugynyň bardygyny tassyklaýan resmi namalaryň nusgalaryny;

5) awtomobil ulag serişdeleriniň, sürüjileriň (ekipažyň) we ýolagçylaryň ätiýaçlandyrylandygy baradaky şertnamalaryň nusgalaryny;

6) öň alnan ygtyýarnamalary, şol sanda awtomobil ulagynda daşamak işi we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin hukuklarynyň bardygy baradaky maglumatlary;

7) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – ýuridik şahsyň awtomobil ulag serişdeleriniň talap edilýän kadalaşdyryjy hukuk, tehniki kadalaşdyryjy namalara hem-de awtomobil ulaglary boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna gabat gelmegine barlagyň geçirilendigi barada maglumatlary;”;

4) ýigrimi sekizinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Bölüm tarapyndan geçirilýän seljerme işleriniň geçirilmegi bilen bagly hyzmatlar tölegli esasda edilýär. Bu tölegler “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasyna laýyklykda “Türkmenulaggözekçilik” döwlet kärhanasy tarapyndan Agentlik bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýän nyrhnama esasynda amala aşyrylýar.”.

5) ýigrimi dokuzynjy bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Seljerme işlerini geçirýän Bölüm tarapyndan seljerilýän resminamalar toplumy boýunça, olardaky maglumatlary aýdyňlaşdyrmak bilen bagly zerurlygyň ýüze çykan ýagdaýynda awtoulaglaryň görnüşine görä ygtyýarnamanyň dälaşgärinden goşmaça maglumatlary (resminamalary) almaga, olar boýunça serediş işlerini geçirmeklige we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarda, awtomobil ulag serişdelerini, jaýlary, ammar jaýlary, ýükleýji-düşüriji gurallary we beýleki desgalary foto we (ýa-da) wideo surata almaga hukugy bardyr”;

5) otuzynjy böleginde “Ygtyýarnama bölümi” diýen sözleri “Agentlik” diýen söz bilen çalşyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň degişli orunbasarlary gözegçilik etmeli.


 

Başlyk                                                                                                                                 O.Suhanow

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 24-nji awgustynda 1376 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.