Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran MB - 87 belgili buýrugy

Seýsmiki sebitlerde gurluşyk. Taslamagyň kadalary. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalar we desgalar” atly TGK 2.01.08-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, gurluşyk, taslamalary düzmek, gurluşyk işleriniň bahasyny emele getirmek we çykdajy ölçegleri babatda döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. “Seýsmiki sebitlerde gurluşyk. Taslamagyň kadalary. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalar we desgalar” atly TGK 2.01.08-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Ç. Ahmedow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                        R. Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik

ministriniň 2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda

çykaran MB - 87 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Seýsmiki sebitlerde gurluşyk. Taslamagyň kadalary. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalar we desgalar” atly TGK 2.01.08-2020 belgili 

Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1. Şu “Seýsmiki sebitlerde gurluşyk. Taslamagyň kadalary. 1-nji bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalar we desgalar” atly TGK 2.01.08-2020 Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, gurluşyk, taslamalary düzmek, gurluşyk işleriniň bahasyny emele getirmek we çykdajy ölçegleri babatda döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalar Medwedew-Şponhoýer-Karnik tarapyndan 1964-nji ýylda işlenilip taýýarlanan ýertitremäniň 12 bally intensiwlik şkalasy (mundan beýläk - MSK-64) boýunça kesgitlenýän, seýsmiki derejesi 6, 7, 8 we 9 ball bolan sebitlerde täze gurulýan, durky täzelenýän we dikeldilýän ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalaryň we desgalaryň taslamalary düzülende ulanylmaga degişlidir.

Şeýle-de binalar we desgalar Türkmenistanyň çäginde gurluşyk boýunça hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk bolmalydyr.

Şu Kadalar taslama düzülende aýratyn kadalar boýunça amala aşyrylýan gidrotehniki, ulag we beýleki ýörite desgalar üçin degişli däldir.

2. Seýsmika durnukly binalary we desgalary taslama etmegiň maksady adam pidalaryna we ekologiki heläkçiliklere getirip biljek gurluşyk weýrançylyklaryna ýol bermezlikdir. Şeýle-de bolsa, gurluşyk gurnawlarynyň käbir zeper ýetmelerine ýol berilýär, emma olar adamlary halas etmäge päsgel bermeli däldir we gymmatly enjamlaryň zaýalanmagyna getirmeli däldir. Ýer titremeleriň netijelerini aradan aýyrmak üçin gerekdir bolan binalaryň we desgalaryň ulanyş mümkinçiligi saklanyp galmalydyr.

3. Binalaryň we desgalaryň seýsmika durnuklylygy şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

1) seýsmiki babatynda amatly bolan gurluşyk meýdançasyny saýlamaklyk;

2) seýsmiki täsirlere iň ýokary garşylygy we seýsmiki agramlary peseltmek mümkinçiligini üpjün edýän göwrümleýin-meýilleşdiriş we gurnawçylyk ülňüleri ulanmaklyk;

3) şu Kadalaryň II babyna laýyklykda seýsmiki täsirler boýunça hasaplamalaryň netijeleri boýunça gurnawlaryň böleklerini we olaryň birleşmelerini bellemeklik;

4) şu Kadalaryň III babyna laýyklykda gurnawçylyk çärelerini ýerine ýetirmeklik;

5) köpçülikleýin gurluşyga düýpgöter täze gurnawçylyk çözgütler ornaşdyrylanda, nazaryýet we synag barlaglaryny geçirmeklik;

6) taslama we gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi guramaklyk;

7) bar bolan binalaryň we desgalaryň tehniki ýagdaýyny anyklamaklyk we öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirmeklik.

4. Binalary we desgalary seýsmiki sebitlerde gurmak üçin taslama düzülende, şulary hasaba almak gerekdir:

1) seýsmiki täsiriň balldaky depginliligini (seýsmiklik);

2) seýsmiki täsiriň gaýtalanyjylygyny (kada depginligi bolan ýer titremeleriň gaýtalanmagynyň ýylda görkezilen wagt aralygy);

3) mümkin bolan seýsmiki täsiriň spektrdäki düzümi.

5. Şu Kadalaryň Türkmenistanyň seýsmiki sebitlere bölmegiň Milli kartasyna (şu Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda depginligi we gaýtalanyjylygy Türkmenistanyň sebitlerini etraplaşdyrmagyň Milli kartasy boýunça ýa-da Kabul edilen seýsmikligini ballarda we ýer titremesiniň gaýtalanma indeksini görkezmek bilen, seýsmiki howply sebitlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň sanawyna (şu Kadalara 2-nji goşundy) laýyklykda kabul edilen seýsmikligini ballarda we ýer titremesiniň gaýtalanma indeksini görkezmek bilen, seýsmiki howply sebitlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň sanawy boýunça kabul edilmelidir.

Şu Kadalaryň Türkmenistanyň seýsmiki sebitlere bölmegiň Milli kartasynda (şu Kadalara 1-nji goşundy) we Kabul edilen seýsmikligini ballarda we ýer titremesiniň gaýtalanma indeksini görkezmek bilen, seýsmiki howply sebitlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň sanawynda (şu Kadalara 2-nji goşundy) görkezilen seýsmiklik orta seýsmiki häsiýeti bolan toprakly (II derejeli topraklar) meýdanlara degişlidir.

6. Gurluşyk meýdançasynyň seýsmikliginiň kesgitlenilişini seýsmikligi 6 we ondan köp ball bolan sebitler üçin binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň we ulanylyşynyň döwri üçin topraklaryň ýagdaýyny we häsiýetlerini çaklamagy hasaba almak bilen ýerine ýetirilen seýsmiki mikroetraplaşdyrmagyň (mundan beýläk - SME) kartalary esasynda geçirmek gerekdir.

Ýer titreme ojaklarynyň bolup biljek zolaklarynda seýsmikligi takyklamak boýunça hökmany goşmaça barlaglary geçirmezden gurluşyk geçirmäge ýol berilmeýär.

SME kartalary bolmadyk sebitlerde gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligini topragyň seýsmiki häsiýetleri boýunça derejä laýyklykda inžener-geologiýa gözlegleriň netijeleri boýunça 1-nji tablisa laýyklykda kesgitlemäge ýol berilýär.


1-nji tablisa

Seýsmiki häsiýetler boýunça topragyň derejesi



Topraklar

Sebitiň seýsmikliginde gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligi, ballarda

6

7

8

9




I

1. Magmatik, metamorfik we çökündi sementlenen ýumşalmaýan we eremeýän, owranylmadyk we çala owranylan gaýa topraklary

2. Ýokarda agzalan gaýa jynslaryndan bolan dolduryjysyz ýa-da 30 göterime çenli çäge dolduryjyly dykyz az çygly iri döwlen bölekli topraklar




6




6




7




8









II

1. Gaýa topraklary, I derejä degişli edilenlerden başga

2. Iri döwlen bölekli topraklar, I derejä degişli edilenlerden başga

3. Çagyllaýyn, iri we orta irilikli dykyz (öýjüklilik koeffisiýenti e<0,55) we ortaça dykyzlykly (e=0,55-0,7) az çygly we çygly çägeler

4. Çägeler ownuk we tozanlaýyn dykyz (e<0,6) we orta dykyzlykly (e=0,6-0,75 – ownuk çäge üçin, e=0,6-0,8 – tozanlaýyn çäge üçin) az çygly (Sr<0,5), şol sanda çökýän

5. Öýjüklilik koeffisiýenti palçyklar üçin e<0,9 hem-de toýunlar we çägesöw topraklar üçin e<0,7 bolanda IL≤0,5 deň bolan konsistensiýanyň görkezijisi bolan toýunly topraklar, şol sanda çökýän

6. Az çygly hemme görnüşli tehnogen topraklary (“Topraklar. Klassifikasiýa.” atly TDS-25100-95 belgili döwletara standarty boýunça)









6









7









8









9







III

1. Çyglylygyna we iriligine garamazdan gowşak çägeler

2. Çagyllaýyn, iri we orta irilikli, dykyz we orta dykyzly suwa doýgun çägeler

3. Ownuk we tozanlaýyn dykyz we orta dykyzly çyg we suwa doýgun çägeler

4. Konsistensiýanyň görkezijisi IL>0,5 deň bolan toýunly topraklar; öýjüklilik koeffisiýenti palçyklar üçin e≥0,9 hem-de toýunlar we çägesöw topraklar üçin e≥0,7 bolanda IL≤0,5 deň bolan konsistensiýanyň görkezijisi bolan toýunly topraklar

5. Gaty (W<10 göterim tebigy çyglylygy bolan), akagan, akagan-maýyşgak we ýumşak-maýyşgak çägesöw-toýunly çökýän topraklar

6. Çygly we suwa doýgun hemme görnüşli tehnogen topraklary







7







8







9







> 9

Bellik:

1. Gurluşyk meýdançasynyň topraklarynyň häsiýetleriniň kesgitlenilişi binýadyň dabanyndan aşaklygyna 10 metrden az bolmadyk çuňluga çenli hasaplanyp, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky arhitektura-gurluşyk gözegçiligi baradaky Milli komitetiniň 2000-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran NK-13 belgili karary bilen tassyklanylan, „Gurluşyk üçin inžener gözlegleri“ atly TGK 1.02.07-2000 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça kesgitlenýän çuňlugynda geçirilen inžener-geologiki gözlegleriniň netijeleri boýunça amala aşyrylýar. Topraklaryň düzüminiň birmeňzeş bolmadyk ýagdaýynda, eger bu derejä degişli bolan gatlagyň jemi galyňlygy käniň çuňlugynyň ýarysyndan köp bolsa, gurluşyk meýdançasynyň topraklary seýsmiki häsiýetleri boýunça has amatsyz derejä degişli bolup durýar.

2. Seýsmiki häsiýetleri boýunça topraklary I derejä degişli etmäge, I derejä gabat gelýän gatlagyň galyňlygy 30 metrden uly bolanda ýol berilýär. Goşmaça barlaglaryň esasynda, çökegen sement görnüşli gaýa topraklaryny I derejä degişli edilýändir.

3. Binalaryň ýa-da desgalaryň ulanylýan döwrüniň dowamynda ýerasty suwlaryň ýokary galmagy we topraklaryň (şol sanda çökýän) suwlandyrylmagy öňünden çaklananda, topragyň derejesi topragyň öllenen ýagdaýyndaky häsiýetlerine (çyglylygyna, ýumşaklyk ýa-da goýulyk derejesine) baglylykda kesgitlenilmelidir.

4. Konsistensiýasy ýa-da çyglylygy baradaky maglumatlaryň bolmadyk ýagdaýynda, toýunly we çägeli topraklar ýerasty suwlaryň derejesi 5 metrden ýokary galan ýagdaýynda, seýsmiki häsiýetleri boýunça III derejä degişlidir.

 5. Seýsmikligi 6 ball bolan meýdançalarda binalary taslama etmeklik jogapkärlik koeffisiýenti K0=1 deň bolanda, hasaplanan seýsmikligi 7 balla deň edilip kabul edilmeli aýratyn jogapkärli binalardan we desgalardan başgasynda seýsmiki täsirleri hasaba alynman amala aşyrylýar.

6. Kese seýsmiki tolkunlaryň tizligini (Vs), tolkunyň uzynlygyny (Ls) we toprak massiwiniň yrgyldysynyň agdyklyk edýän döwrüni (To) şu kesgitlemelar boýunça kesgitlemeli: Vs(m/s) = 1000*(g/2,2)100/22, To(с) = 4,8395*g –100/22, Ls(m) = Vs* To, bu ýerde g(t/m3) – tebigy çyglylygy bolan topragyň göwrüm agramy.


7. Ýapgytlaryň kertligi 15о-dan ýokary bolan, zyňyndylaryň tekizlikleri golaý, jynslary fiziki-geologiýa we tehnogen ýagdaýy bilen güýçli bozulan, süýşgünli, opurylýan, gyrmançaly, karstly, çökýän we suwuklanýan toprakly, dag känleri bolan, sil bolýan gurluşyk meýdançalary seýsmiklik babatda amatsyz bolup durýarlar.

Şeýle meýdançalarda gurluşygyň zerur bolup durmagynda olaryň teýkarlaryny berkitmek (topraklary berkitmek, emeli teýkarlary döretmek) we galdyrylýan binalaryň we desgalaryň gurnawlaryny güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleri geçirmeli. Bu ýagdaýda meýdançalaryň seýsmikligi 1-nji tablisa laýyklykda teýkarlaryň topraklarynyň gurluşyk häsiýetleriniň özgerdilmegini hasaba almak bilen kesgitlenmelidir.

8. Seýsmikligi 9 balldan ýokary geçýän gurluşyk meýdançalarynda binalaryň we desgalaryň gurluşygyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşylyp ýol berilýär, şonda şu Kadalaryň bir ýüz otuz dördünji-bir ýüz otuz sekizinji bölekleriň talaplary ýerine ýetirilmelidir.

9. Köpçülikleýin gurulýan bir görnüşli binalarda, şeýle hem täze gurluşyk çözgütli  binalarda we desgalarda, şu Kadalaryň “Inžener-seýsmometriki gözleglerini guramak” VII babynyň görkezmelerine laýyklykda inžener-seýsmometriki gullugynyň (mundan beýläk - ISG) beketlerini gurnamak gerekdir. ISG beketleriniň taslamalary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşylan ýörite tehniki şertler boýunça işlenip düzülmelidir.


II bap. SEÝSMIKI AGRAMLARY HASAPLAMAK

 

10. Seýsmiki sebitlerde gurluşyk üçin taslanylýan binalaryň we desgalaryň gurnawlarynyň we düýpleriniň hasaplanylmagy, gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligine gabat gelýän seýsmiki täsiri hasaba almak bilen agramlaryň esasy we aýratyn utgaşmasy boýunça ýerine ýetirilmelidir (hasaplanan seýsmiklik).

Agramlar aýratyn goşulyp hasaplananda, hasaplanan agramlaryň bahalaryny 2-nji tablisa boýunça kabul edilýän goşulmalaryň koeffisiýentlerine köpeltmeli. Bu ýerde Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2005-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran МК-23 belgili karary bilen tassyklanylan, “Agramlar we täsirler” atly TGK 2.01.07-05 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda göz öňünde tutulan örtgilere düşýän wagtlaýyn agramlaryň azaldylmagy hasaba alynmaýar.

Seýsmiki agramlar bilen bilelikde çeýe asgyçlardaky agramlardan düşýän kese agramlar, temperatura howa täsirleri, ýel sebäpli döreýän agramlary, enjamlardan we ulagdan düşýän hereketli täsirler, galdyrgyçlaryň hereketinden döreýän tormoz we gapdal güýç bermeler hasaba alynmaýar.

Galdyrgyçlaryň köprüleriniň agramyndan düşýän kese seýsmiki agramy galdyrgyjyň aşagyndaky pürsleriň oklaryna perpendikulýar ugurda hasaba almak gerekdir.

Dik seýsmiki agram kesgitlenende, galdyrgyjyň köprüsiniň agramyny, arabanyň agramyny, şeýle hem galdyrgyjyň ýük göterijiligine deň bolan ýüküň agramyny 0,3 koeffisiýenti bilen hasaba almak gerekdir.


2-nji tablisa

Agramlaryň görnüşleri

Utgaşdyrylan koeffisiýent bahasy

Hemişelik

Uzak wagtlaýyn

Gysga wagtlaýyn (germewler we örtgiler)

Aýratyn (seýsmiki)

0,9

0,8

0,5

1,0


11. Binalaryň we desgalaryň hasaplamalarynda seýsmiki agramlaryň kesgitlenilişini şu aşakdaky tertipde agramlaryň aýratyn goşulmagy esasynda ýerine ýetirmek gerekdir:

1) spektral usul boýunça şu Kadalaryň on dördünji böleginiň görkezmelerine laýyklykda;

2) binanyň we desganyň berlen görnüşi üçin has howply bolan ýer titremelerde, şeýle hem sintezlenen akselerogrammalarda teýkaryň tizlenmeleriniň instrumental ýazgylaryny peýdalanmak bilen göni dinamiki hasaplama esasynda. Şeýlelikde, teýkaryň tizlenmeleriniň maksimal amplitudalaryny gurluşyk meýdançalarynyň seýsmikligi 7, 8 we 9 ball degişlilikde bolanda azyndan 100, 200 ýa-da 400 sm/s2 kabul etmek gerekdir.

Şu bölegiň 1-nji bendi boýunça hasaplamany hemme binalar we desgalar üçin ýerine ýetirmek gerekdir.

Şu bölegiň 2-nji bendi boýunça hasaplamany düýpgöter täze gurnawçylyk çözgütleri bolan, şol sanda seýsmiki üzňeleme ulgamly binalar we desgalar üçin (şu Kadalaryň VI babyna seret), şeýle hem aýratyn jogapkärli we belent (60 metrden ýokary) desgalar taslama edilende ýerine ýetirmek gerekdir.

Şu bölegiň 2-nji bendi boýunça hasaplama ýerine ýetirilende, gurnawlaryň çeýe däl ýarsmalarynyň döremeginiň mümkinçiligini göz öňünde tutmak gerekdir. Yrgyldylaryň kesilme häsiýetlerini tejribe maglumatlary boýunça kabul etmek hödürlenýär. Tejribe maglumatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda, yrgyldynyň dekrementleriniň bahalaryny: demirbeton, daş we agaç gurnawlar üçin d = 0,3; polat gurnawlar üçin d = 0,15 deň edip kabul etmeklige ýol berilýändir.

Teýkaryň pugtalyk we dempfirleme koeffisiýentlerini dinamiki agramly maşynlaryň binýatlary üçin SSSR-iň Döwlet gurluşyk komitetiniň 1987-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky 242 belgili karary bilen tassyklanylan, “Dinamiki agramly maşynlaryň binýatlary” atly GKweD 2.02.03-87 belgili gurluşyk kadalary we düzgünlerinde (mundan beýläk-GKweD 2.02.03-87)  beýan edilen usulyýet boýunça kesgitlemäge rugsat berilýär.

Bellik: 1) Göni dinamiki hasaplamalar üçin seýsmiki täsirleriň modelirlemesi boýunça hödürnamalar Seýsmiki täsirleri modelirlemekde (şu Kadalara 3-nji goşundy) getirlendir.

2) Göni dinamiki hasaplamalary Göni dinamiki hasaplamalar üçin akselerogrammalarda (şu Kadalara 4-nji goşundy) getirilen akselerogrammalar paketini peýdalanmak bilen ýerine ýetirmäge rugsat berilýär.

12. Seýsmiki täsirler giňişlikde islendik ugurda bolup bilerler. Ýönekeý geometriki görnüşli binalar we desgalar üçin hasaplanan seýsmiki agramlary olaryň oklaryna dikligine we keseligine täsir edýän ugurda kabul etmek gerekdir. Seýsmiki agramlaryň görkezilen ugurlardaky täsirini aýratynlykda hasaba almak gerekdir.

Çylşyrymly geometrik görnüşli binalaryň we desgalaryň hasaplamalary ýerine ýetirilende, berlen gurnaw ýa-da onuň bölekleri üçin has howply seýsmiki agramlaryň täsirleriniň ugurlaryny hasaba almak gerekdir.

13. Dik seýsmiki agramy şu aşakdakylara laýyklykda hasaba almak zerur:

1) kese we eňňitli konsol gurnawlaryň hasaplamalarynda;

2) aralygy 24 metr we ondan köp bolan aralyk we giňişlik gurnawlaryň hasaplamalarynda;

3) desgalaryň agdarylma ýa-da typma garşy durnuklylyga bolan hasaplamalarynda;

4) daş gurnawlaryň hasaplamalarynda.

14. Berlen ugurdaky k nokada goşulan we binanyň ýa-da desganyň öz yrgyldylarynyň i–nji gürsüldisine gabat gelýän hasaplanan seýsmiki güýç şu aşakdaky kesgitleme boýunça kesgitlenýär:


                                                                                             (1)


bu ýerde:

К1    

binanyň elementleriniň maýyşgak däl ýarsmalaryny we ýerli zeper ýetmelerini hasaba alýan koeffisiýent 3-nji tablisa boýunça kabul edilýär;

        K2

binanyň ýa-da desganyň jogapkärlik koeffisiýenti 4-nji tablisa boýunça kabul edilýär;

        K3

binanyň ýa-da desganyň gurnawçylyk çözgütlerini hasaba alýan koeffisiýent 5-nji tablisa boýunça kabul edilýär;

        К4

ýer titremeleriň gaýtalanmasyny hasaba alýan koeffisiýent 6-njy tablisa boýunça kabul edilýär;

   S0ik

desganyň öz yrgyldylarynyň i–nji görnüş boýunça kese seýsmiki agramy gurnawlaryň maýyşgak deformirlenmesiniň çaklamasynda kesgitleme (2) boýunça kesgitlenýär.


                                                                                                     (2)


bu ýerde:    Qk

binanyň ýa-da desganyň şu Kadalaryň onunjy bölegi we 2-nji tablisa boýunça goşulma koeffisiýentlere görä hasaplanan agramlaryny hasaba almak bilen kesgitlenilýän, nokada degişli  bolan agramy;

                A

7, 8, 9 ball hasaplanan seýsmiklik üçin degişlilikde 0,1; 0,2; 0,4 deň edilip kabul edilýän seýsmiklik koeffisiýenti;

Кгр

teýgumlaryň çyzykly däl deformirlenmesini hasaba alýan koeffisiýent 7-nji tablisa boýunça kabul edilýär;

                   i

binanyň ýa-da desganyň öz yrgyldylarynyň i-tonuna laýyk gelýän dinamiklik spektral koeffisiýenti şu Kadalaryň on bäşinji bölegine görä kesgitlenýär;

hik

ýarsmaklyk görnüşiniň şu Kadalaryň on altynjy bölegine görä kesgitlenilýän, binanyň ýa-da desganyň öz yrgyldylarynyň i-nji gürsüldisine gabat gelýän we k nokada degişli bolan koeffisiýenti.


15. Binanyň ýa-da desganyň i-ton boýunça Ti öz yrgyldylarynyň hasaplanan döwrüne baglylykda βi dinamiklik koeffisiýenti 3-nji, 4-nji we 5-nji kesgitlemeler ýa-da 1-nji surat boýunça kesgitlenýär.

Seýsmiki häsiýetleri boýunça I derejeli topraklar üçin:


 

Ti ≤ 0,1 c   

βi 

=

1 + 15 Ti


       (3)

 

0,1  c < Ti ≤ 0,3 c

βi

=

2,5

 

Ti >  0,3 c

βi

=

2,5(0,3/Ti)0,5


Seýsmiki häsiýetleri boýunça II derejeli topraklar üçin:                                  


 

Ti ≤ 0,1 c

βi 

=

1 + 15 Ti

             

       (4)

 

0,1  c < Ti ≤ 0,4 c

βi

=

2,5

 

Ti >  0,4 c

βi

=

2,5(0,4/Ti)0,5


Seýsmiki häsiýetleri boýunça III derejeli topraklar üçin:


 

Ti ≤ 0,1 c

βi 

=

1 + 15 Ti


       (5)

 

0,1 c < Ti ≤ 0,8 c

βi

=

2,5

 

Ti > 0,8 c

βi

=

2,5(0,8/Ti)0,5




1-nji surat.


Ähli ýagdaýlarda βi bahasy azyndan 0,8 edilip kabul edilýär.

16. Konsolny çyzgy boýunça hasaplanylýan binalar we desgalar üçin k nokatlarda jemlenen agramlar (2-nji surat.) diňe seýsmiki täsiriň ugry bilen gabat gelýän ugurda güýjeýän ýerini üýtgetmelere eýe bolup, ηik koeffisiýentiň bahasy aşakdaky kesgitleme boýunça kesgitlenýär:

                                                                                    (6)


bu ýerde: Xi(xk) we Xi(xj)


seredilýän k nokatda we ähli j nokatlarda i-nji gürsüldi boýunça öz yrgyldylarynda binanyň ýa-da desganyň süýşmegi, bu ýerde hasaplanan ülňi boýunça onuň agramy jemlenip kabul edilen (2-nji surat.);

                       Qj

binanyň ýa-da desganyň şu Kadalaryň onunjy bölegine we 2-nji tablisa boýunça goşulma koeffisiýentlere görä hasaplanan agramlaryny hasaba almak bilen kesgitlenilýän, nokada degişli  bolan agramy;

                         n

binanyň hasaplanan ülňisiniň jemlenen agramlarynyň sany.




2-nji surat.


17. Meýilnama boýunça wagtly-wagtynda we beýikligi boýunça göterýän daş, monolit, iri panelli diwarlary we demirbeton örtgileri, 5-nji gata çenli beýikligi bolan binalar üçin gatlar boýunça seýsmiki güýçler Sk rugsat berilýär, b dinamiklik koeffisiýenti 2,5 deň bolanda we aşakdaky kesgitleme boýunça hasaplanylýan hk yrgyldynyň görnüşiniň koeffisiýentinde 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça kesgitlemelidir:


                                                                                                  (7)


bu ýerde: xk we xj

binýadyň ýokarky gyrasyndan k we j nokatlara çenli degişlilikde aralyklar (2-nji surat.).


18. Bina ýa-da desga täsir edýän seýsmiki agramlar kesgitlenende, ulgamyň öz yrgyldylarynyň görnüşleriniň hasaplamasynda hasaba alynýan sany şeýle kabul etmelidir, ýagny modal agramlaryň jemi kese güýçler üçin modal agramlaryň doly jeminiň 85 göterimden az bolmaly däl we dik güýçler üçin bu jemiň 75 göteriminden az bolmaly däldir.

Kese seýsmiki agramlaryň hasaplamasynda binýadyň dabanynyň süýşmesi kesgitlenendäkiden başga gönüden-göni binýatda ýerleşýän agramlardan ýetýän agramy hasaba almazlyga rugsat berilýär.

Şu Kadalaryň on altynjy böleginde görkezilen binalaryň we desgalaryň öz yrgyldylarynyň görnüşi üçin modal agramy peýdalanma göterimi 8-nji kesgitleme boýunça kesgitlenýär.

Şu Kadalaryň on ýedinji böleginde görkezilen binalar üçin öz yrgyldylarynyň diňe birinji görnüşi hasaba alynýar.


                                                                                    (8)


19. Şu Kadalaryň on üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda (daş gurnawlaryndan başga) dik seýsmiki agramy 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça kesgitlemeli, şeýlelikde koeffisiýent  K3  1-e deň edilip kabul edilýär, A koeffisiýent bolsa 30 göterim kiçelýär.

Dik we kese seýsmiki güýçleriň bilelikdäki täsirini iki sany biri-birini ret edýän 1,0Sdik+0,5Skese we 0,5Sdik+1,0Skese utgaşma boýunça kabul etmek gerekdir.

Binanyň agramy bilen deňeşdirilende, agramy sähelçe bolan konsol gurnawlary (eýwanlar, telärler, bassyrma diwarlar üçin konsollar we ş.m.) βη= 5 bolanda dik seýsmiki agrama hasaplamak gerekdir.

Daşdan bolan gurnawlar üçin dik seýsmiki agramyň bahasyny hasaplanan seýsmikligi 7-8 ball bolanda 15 göterim, seýsmiklik 9 ball bolanda bolsa – degişli dik  gymyldysyz agramyň 30 göterim deň edip kabul etmek gerekdir. Dik seýsmiki agramyň täsiriniň ugruny (ýokary ýa-da aşak) seredilýän elementiň dartgynly ýagdaýy üçin has peýdasyz edip kabul etmek gerekdir.

20. Binanyň ýa-da desganyň üstünden beýgelýän we olar bilen deňeşdirilende örän kiçi kesime we agrama eýe bolan gurnawlary (germewler, frontonlar we ş.m.), şeýle hem agyr enjamlaryň, ýadygärlikleriň we beýleki gabaraly desgalaryň binýatlara ankerli berkitmelerini, ýeňil deşikli örtük böleklerini we olaryň diwarlara berkitmelerini kese seýsmiki agramy hasaba almak bilen βη =5 bolanda, 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça kesgitlemek gerekdir.

21. Diwarlary, panelleri, germewleri, aýry gurnawlaryň arasyndaky birleşmeleri, şeýle hem tilsimat enjamlaryň gatlardaky berkitmelerini desganyň seredilýän belligine gabat gelýän, emma azyndan 2-ä deň bolan βη ululykda kese seýsmiki agrama 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça kesgitlemek gerekdir. Sürtülme güýçleri diňe iri panelli binalarda kese sep birleşmeleriň hasaplamalarynda hasaba alynýar.

22. Meýilnamada ölçegleri 30 metrden geçýän binalaryň we desgalaryň hasaplamasynda şu Kadalaryň on dördünji bölegine laýyklykda kesgitlenýän seýsmiki agramdan başga, binanyň gatylyk merkezinden geçýän dik okuna görä aýlawly pursady Mкр hasaba almak bilen, onuň bahasy k derejede şu kesgitleme boýunça kesgitlenýär:


                                                                                                (9)


bu ýerde:Vk

 gatyň derejedäki kese seýsmiki güýji;

             ek

seýsmiki güýjüň täsirine perpendikulýar ugurdaky gatyň derejedäki gatylyk we agram merkezleriniň arasyndaky hakyky ekssentrisitet;

  e0=0,05B

topragyň aýlanyş hereketi bilen şertlendirilen ekssentrisitet; В – seýsmiki güýjüň täsirine perpendikulýar ugurdaky binanyň (antiseýsmiki sepleriň arasyndaky blogyň) ölçegi.

Binalaryň we desgalaryň hasaplanylyşyny köpagramlaýyn giňişlik hasaplama ülňilerini ulanmak bilen geçirmek gerekdir. Bu ýagdaýda meýilnamada 30 metrden uly bolan uzynlygy uzyn tarapa perpendikulýar hereket edýän kese Sik seýsmiki güýjüň 1+0,2(В–30)/30 deň bolan, emma 1,2-den uly bolmadyk köpeldijä köpeltmek bilen hasaba almak gerekdir. Dik seýsmiki güýçler üçin bu köpeldiji 1,0 deň kabul edilýär.

23. Göteriji dik gurnawlary merkezden daşary gysylan elementler ýaly işleýän, beýikligi 60 metrden ýokary bolan binalaryň we desgalaryň hasaplamasynda dik gurnawlaryň kesişýän ýerlerinde ýüze çykýan we binanyň teýkarynda gatlaryň gyşyklygy zerarly dik hereketsiz we seýsmiki agramlar arkaly emele gelýän goşmaça egrelýän ýagdaýlary hasaba almak gerekdir (effekt РD).

Gatlaryň К1 < 1 bolanda, 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça hasaplanan kese seýsmiki güýçleriniň täsirinden ýol berilýän otnositel gyşarmalary 8-nji tablisada getirilen bahalardan geçmeli däldir.

24. Seýsmiki täsiri hasaba almak bilen binalaryň we desgalaryň hasaplamasy, adatça, birinji toparyň aňryçäk ýagdaýlary boýunça geçirilýär. Gurnawçylyk-tilsimat talaplary bilen esaslandyrylan ýagdaýlarda hasaplamany aňryçäk ýagdaýlaryň ikinji topary boýunça geçirmek gerekdir.

Binanyň ýa-da desganyň gurnaw böleklerinde agramlaryň aýratyn utgaşmasyndan bolan güýjüň hasaplama bahasyny seýsmiki täsiri hasaba almak bilen şu aşakdaky kesgitleme boýunça kesgitlemek gerekdir:


                                                                                            (10)


bu ýerde: No

şu Kadalaryň onunjy böleginiň talaplaryny we 2-nji tablisa boýunça utgaşma koeffisiýentlerini hasaba almak bilen hasaplanylan hemişelik, uzak wagtly we gysga wagtly agramlardan döreýän güýç;

             Ni

öz yrgyldylarynyň i-nji görnüşine laýyk gelýän seýsmiki agramdan döreýän güýç;

             n

yrgyldylaryň görnüşleri hasaplananda hasaba alynýan san.


Şu Kadalaryň 10-njy kesgitlemesi boýunça alnan güýçler şu gurnawyň kadalary esasynda kesgitlenýän, seredilýän aňryçäk ýagdaý boýunça gurnawyň göterijilik ukybyndan geçmeli däldir.

25. Demirbeton we daşdan bolan dik göteriji gurnawlar üçin (sütünler, pürsler we dar gapy aralyklary) aşakdaky kesgitleme boýunça kesgitlenýän g parametriň aňryçäk ýol bererli bahalaryny çäklendirmek gerekdir:


                                                                                                    (11)

 

bu ýerde:     N 

gurnawçylyk elementiniň has agram düşýän kesiminde hereket edýän jemleýji dik hereketsiz agramyň hasaplama bahasy;

              В

şol kesimdäki gurnawçylyk elementiniň göterijilik ukybynyň hasaplama bahasy;

               [g]

hasaplanan seýsmiklige baglylykda 9-njy tablisa boýunça kabul edilýän g  parametriň aňryçäk ýol bererli bahasy.


26. Gurnawlar berklige we durnuklylyga hasaplananda degişli gurluşyk gurnawlaryny taslamak boýunça gurluşyk kadalaryna laýyklykda kabul edilýän iş şertleriniň koeffisiýentlerinden başga, 10-njy tablisa boýunça kesgitlenýän iş şertleriniň goşmaça mкр, koeffisiýentini girizmek gerekdir.


3-nji tablisa


Binanyň ýa-da desganyň görnüşi

Кkoeffisiýentiň bahasy

1

Gurnawlarynda zeper ýetmelere we çeýe däl deformasiýalara ýol berilmeýän binalar we desgalar

1,0

2

Gurnawlarynda kadaly ulanyşy kynlaşdyrýan galyndy deformasiýalaryň we zeper ýetmeleriň bar bolmagy mümkin  binalar we desgalar, adamlaryň howpsuzlygy we gymmatly enjamlaryň goralyp saklanmagy üpjün edilende şu aşakdakylar olaryň göterýän gurnawlary bolup durýarlar:

1) çarçuwa we çarçuwa-baglanyşyk gurnawly polat karkas;

2) dik diafragmalary we gatylyk ýadrolary bolmadyk demirbeton karkas;

3) dik diafragmalary we gatylyk ýadrolary bolan demirbeton karkas;

4) demirbeton monolit we iri panelli diwarlar;

5) kerpiç (daş) diwarlar, toplumlaýyn örülen diwarlary bilen;

6) dik seýsmiki agram hasaplananda hemme görnüşleri.






0,25

0,35

     

0,30


0,25

0,35

0,30

3

Seýsmiki agramy diňe öz agramyndan kabul edýän binalaryň elementleri (karkasyň elementlerinden deşikler arkaly aýrylan karkas doldurmasy; germewler; ýeňil deşikli örtük; parapetler; frontonlar we beýlekiler).

0,40

Bellik: Binanyň (desganyň) gurnawlarynyň birleşýän we güýçlendirýän elementleri seýsmiki täsirlere hasaplanylanda К1 koeffisiýent bu binanyň (desganyň) görnüşine laýyklykda kabul edilýär.


4-nji tablisa

Binanyň ýa-da desganyň jogapkärlik häsiýetnamasy

Кkoeffisiýentiň bahasy

1.

Aýratyn jogapkärli binalar we desgalar

1,5

2.

Şol bir wagtda içinde 1000 we ondan köp adamlar bolup bilýän binalar we desgalar, şonda adamlaryň sany kesgitlenende şu Kadalaryň ýigrimi dokuzynjy bölegine görä antiseýsmiki sepler arkaly binanyň bloklara bölünmesi hasaba alynmaly däldir.

1,4


3.

Köp mukdarda ýangyna garşy, partlaýjy we zäherleýji maddalary öndürmek we saklamak üçin niýetlenen binalar we desgalar.

1,4

4.

Ýer titremeleriň netijelerini ýok etmek üçin gerekdir bolan binalar we desgalar: Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş merkezi (mundan beýläk – ADÝM), ýangyn söndüriş, energiýa we suw bilen üpjünçilik, telefon we telegraf aragatnaşyklary, tiz kömek bölüminiň we ş.m. obýektleri.

1,3


5.

Hassahanalaryň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy- bilim berýän mekdep we ýokary okuw mekdepleriniň binalary

1,2

6.

Ýaşaýyş, jemgyýetçilik we önümçilik binalary we desgalary, şu tablisanyň 1-nji, 5-nji bentlerinde görkezilenlerden başgasy

1,0


7.

Az jogapkärli binalar we desgalar, olaryň zeper ýetmesi adamlara ýaşaýşyna howp döretmeýär, gymmatly enjamlaryň zaýalanmagyna getirmeýär, üznüksiz tilsimat prosesleriniň togtadylmagyna getirmeýär, şeýle hem wagtlaýyn maksatly binalar we desgalar

0 – 0,5

Bellik:

1. К2 koeffisiýent taslamany tassyklaýan edara bilen ylalaşyk boýunça kabul edilýär.

2. Şu tablisanyň 1-nji bendi boýunça binalaryň we desgalaryň sanawy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşylyp, ministrlikler  we pudaklar tarapyndan tassyklanylýar.


5-nji tablisa

Binanyň ýa-da desganyň

gurnawçylyk çözgüdi

Kkoeffisiýentiň bahasy

1

Meýilnamada uly bolmadyk ölçegli beýik desgalar (diňler, maçtalar, tüsse çykaryş turbalar we ş.m. Н/В ³ 5 bolan desgalar)

1,5

2

Aşaky çeýe (doldurmasyz karkas) gaty bolan we göteriji diwarly, diafragmaly ýa-da doldurmasy bolan karkasly ýokarky gatlary bolan binalar

1,5

3

Çarçuwa we çarçuwa-baglanyşykly karkas binalar, şol sanda gatlaryň sany n > 5 bolanda diafragmaly we gatylyk ýadrolary bolan 

1 + 0,1(n – 5),

emma 1,5-den köp däl

4

Gatlaryň sany n > 5 bolanda iri panelli, göwrümleýin-blokly, bitewi guýlan karkassyz demirbeton binalar

0,9 + 0,075

(n – 5),

emma 1,3-den köp däl

5

Gatlaryň sany n > 5 bolanda göteriji kerpiç ýa-da daş diwarlary bolan, şol sanda toplumlaýyn gurnawly binalar

1,3

6

Şu tablisanyň 1-nji, 5-nji bentlerinde görkezilmedik binalar

1,0


6-njy tablisa

Sarsgynlyk derejesiniň indeksi

Ýakyn 50 ýylda depgini kadalaşdyrylan ýer titremäniň ýüze çykmagynyň ähtimallygy

Кkoeffisiýentiň bahasy

1

50 göterim

1,2

2

5 göterim

1,0

3

0,5 göterim

0,8


7-nji tablisa

Topragyň seýsmiki häsiýetleri boýunça derejesi

Gurluşyk meýdançasynyň seýsmikliginde Кгр koeffisiýent, ballarda

7

8

9 we >9

I

1,0

1,1

1,2

II

1,0

1,0

1,0

III

1,0

0,9

0,8


8-nji tablisa


Binanyň göteriji gurnawlary

Gatlaryň otnositel gyşarmasynyň ýol berilýän bahasy

Polat karkasly, şol sanda dik baglanyşykly binalar

1/150

Dik diafragmalary we gatylyk ýadrolary bolmadyk demirbeton karkasly binalar

1/150

Dik diafragmalary we gatylyk ýadrolary bolan demirbeton karkasly binalar

1/250

Bitewi guýlan demirbeton we iri demirbeton panellerden diwarlary bolan binalar

1/350

Diwarlary daşdan ýa-da kerpiçden, şol sanda toplumlaýyn örülen binalar

1/400


9-njy tablisa

Ballarda hasaplanan

seýsmiklik

Aňryçäk ýol berilýän bahalar  [g]

7

0,75

8

0,60

9

0,45


10-njy tablisa

   

Gurnawlaryň we birleşmeleriň häsiýeti

mкр koeffisiýentiň bahasy

Berkligi hasaplananda

1.

Polat we agaç gurnawlar

1,3

2.

Oklaýyn we sim armaturaly demirbeton gurnawlar (eňňit kesimleriň berkliginiň barlagyndan başga), şol sanda:

1) A240, A300, A400, A500, BpI kysymlara degişli armaturaly agyr betondan;

2) şol, beýleki kysymlara degişli armaturaly;

3) hemme kysymlara degişli armaturaly ýeňil betondan;

4) hemme kysymlara degişli armaturaly öýjükli betondan.




1,2


1,1

1,1

1,0

3.

Eňňit kesimleriň berkligi boýunça barlanylýan demirbeton gurnawlar, şol sanda:

1) köp gatly binalaryň sütünleri;

2) beýleki elementler.



0,9

1,0

4.

Daş, armirlenen daş we beton gurnawlar, şol sanda:

1) merkezden daşarky gysylyşy hasaplanylanda;

2) süýşmekligi we süýnmekligi hasaplanylanda.


1,2

1,0

5.

Kebşirleme birleşmeleri

1,0

6.

Boltly we berçinlenen birleşmeler

1,1

Durnuklylygy hasaplanylanda

7.

Çeýeligi 100-den ýokary bolan polat elementler

1,0

8.

Şol, çeýeligi 20-ä çenli bolan

1,2

9.

Şol, çeýeligi 20-den 100-e çenli bolan

1,2-den 1,0 çenli (interpolýasiýa boýunça)







III bap. GURNAWÇYLYK TALAPLARY

 

§1. Umumy düzgünler


27. Seýsmiki sebitlerde binalaryň we desgalaryň gurluşygyna, diňe olaryň bellenilen tertipde döwlet seljerişden geçen taslamalary bar bolanda ýol berilýär.

Seýsmiki sebitlerde önümçiligi daşky gurşaw üçin howply bolan senagat desgalarynyň gurluşygynda şu Kadalarda (4-nji tablisanyň 3-nji bendi) göz öňünde tutulan talaplardan başga, “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynyň talaplary hem ýerine ýetirilmelidir.

Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalaryň we desgalaryň göteriji gurnawlary hökmünde karkas, diwarlyk we demirbetondan, polatdan, seýsmiki täsirlere garşylyk görkezip biler ýaly zerur berklige eýe bolan daş we kompozit materiallardan ýerine ýetirilýän garyşyk gurluşlary ulanmak gerekdir.

Seýsmikligi 8 balla çenli hasaba alnan meýdançalarda agaç bölekleri agaç ýa-da metal çüý bilen berkidilen karkas-germew gurnawly bir we iki gatly agaç jaýlary we göterýän diwarlary öýjükli betonyň bloklaryndan örülen we ýeňilleşdirilen örtgileri bolan bir gatly jaýlary gurmaga ýol berilýär.

Oba ilatly ýerlerde seýsmikligi 7 ball bolan meýdançalarda diwarlary diagonal birleşdirilen agaç antiseýsmiki karkas bilen berkidilen ýagdaýynda örtgileri ýeňilleşdirilen bir gatly jaýlary gurmak üçin pes hilli gurluşyk materiallaryny (toprak-sement bloklary, çigkerpiji, samany we ş.m.) ulanmaga ýol berilýär.

Binanyň gurnawçylyk çözgüdi saýlanylanda Gurnama çözgüdi boýunça binalaryň klasifikasiýasyna (şu Kadalara 5-nji goşundy) görä, binalaryň klassifikasiýasyna we zeper ýetme derejesine baha berlişine salgylanmalydyr.

28. Binalaryň we desgalaryň gurluşynyň mümkin boldugyça meýilnamada ýönekeý görnüşi we gatlaryň deňinde öz tekizliginde pugta örtgiler bilen birleşdirilen, seýsmiki täsirlere garşylyk görkezip bilýän, beýikligi boýunça yzygiderli we simmetrik ýerleşdirilen dik gurnawlary bolmalydyr. Beýikligi boýunça gurluşyň keseligine pugtalygyny azaltmaklyk birsydyrgyn, esasan-da dik göterýän gurnawlaryň kesişýän ýerlerini azaltmagyň hasabyna bolup geçmelidir. Gurluşyň beýikligi boýunça dik gurnawlaryň üzülmelerine ýol berilmeýär.

29. Meýilnama boýunça G, P, Z-şekilli we has çylşyrymly konfigurasiýaly binalary we desgalary we beýikligi boýunça 7 metrden ýokary bolan biri-biriniň üstünden geçýän bölekli gatlary aýry-aýry böleklere antiseýsmiki sepler arkaly bölmek gerekdir. Binanyň aýrybaşga jaýlarynyň ulanylan göterýän gurnawlaryna baglylykda antiseýsmiki sepleri bilen olaryň gatlarynyň arasyndaky aňryçäk uly (maksimal) ölçegler 11-nji tablisada getirilendir.

Bellik: Eger-de böleklere bölmegiň maksada laýyk dälligi binanyň (desganyň) gurnawçylyk ýa-da tehnologik aýratynlyklary bilen esaslandyrylyp, gurnawyň seýsmiki howpsuzlygy bolsa gurnawçylyk hasaplamalar bilen subut edilen bolsa, meýilnamanyň çylşyrymlylygy ýa-da beýikligiň üýtgäp durmagy sebäpli, binanyň (desganyň) biri-biriniň üstünden geçýän böleklerini antiseýsmiki sepler arkaly bölmäge ýol berilmeýär.


11-nji tablisa


Binalaryň göterýän gurnawlary

Uzynlygy (ini), m

Gatlaryň sany

Hasaplanan seýsmiklik, ball

7

8

9

7

8

9

1.

Polat karkas

150

120

96

Seýsmiki däl sebitlere degişli talaplar boýunça

2.

Demirbeton karkas

   1) diafragmalary we gatylyk ýadrolary bolan çarçuwa-baglanyşykly;

   2) çarçuwaly.

80

80

60


16



9


14



7


12



5

3.

Monolit demirbetondan ybarat diwarlar

80

80

60

20

18

16

4.

Iri panelli we göwrüm-blokly diwarlar

80

80

60

14

12

9









5.

Toplumlaýyn gurnawly diwarlar, olarda:

   1) dik demirbeton birikmeler we demirbeton guşaklar iki ugurda hem aýdyň karkas ulgamy emele getirýärler;

   2) dik we kese demirbeton birikmeler we demirbeton guşaklar aýdyň karkasy emele getirmeýärler.

80

80

60



9




8



7




6



5




4

6.

Kerpiçden (daşdan) örülen    ýa-da iri bloklardan ybarat diwarlar

40

40

30

5

4

3

7.

Gazbeton bloklardan örülen diwarlar

40

40

30

1

1

8.

Ýerli pes hilli materiallardan (toprak-sement bloklardan, çig kerpiçden, samandan) ybarat diwarlar

40

40

30

1

9.

Karkas-germewli agaçdan edilen diwarlar

40

40

30

2

2

Bellik:

1) Hasaba alynýan gatlaryň sanyna gatyň ýaryndan hem gowrak çuňlaşdyrylan sokol gat we meýdany aşakda ýerleşýän gatdan 50 göterim az bolan ýokarky doly däl gat girmeýär.

2) Meýdançanyň seýsmikligi 8 ball we ondan ýokary bolanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň we hassahana-stasionarlaryň binalarynyň gatlylygy ýerüsti iki, üç we bäş gatlara degişlilikde çäklendirilmelidir.

3) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşma boýunça we ýörite esaslandyrma bolan halatynda binanyň gatlylygyny tablisada getirilen ululyklardan ýokarlandyrmaga ýol berilýär.

4) Binalaryň tablisada getirilen gatlylygy gatyň 4,5 metr ortaçalaşdyrylan beýikligine deňlik şertine görä kabul edilendir. Gatyň beýikligi kiçi bolanda binanyň aňryçäk uly gatlylygyny 4,5/hgat gatnaşyga proporsional edip ulaldyp bolar.


§2. Аntiseýsmiki sepler


30. Аntiseýsmiki sepler binany ýa-da desgany tutuş beýikligi boýunça bölmelidir. Antiseýsmiki sep çökýän bilen gabat gelen ýagdaýlardan başgasynda binýatda sep gurnamaga ýol berilmeýär.

Аntiseýsmiki sepleri goşa diwarlary ýa-da çarçuwalary gurmak ýoly bilen ýerine ýetirmek gerekdir. Esaslandyrylan ýagdaýlarda örtginiň antiseýsmiki sepe ýanaşýan konsol ýerleriniň uzynlygy 3,0 metrden geçmedik şertinde sepleri kese diwarlaryň ýa-da çarçuwalaryň aralygynyň orta böleginde gurnamaga ýol berilýär. Biri-biriniň üstünden geçýän aýrybaşga jaýlaryň göterýän gurnawlaryna daýanýan, erkin ýerleşýän aralyk gurnawyň süýşýän direginiň hasabyna sepleri gurmaga ýol berilmeýär.

31. Antiseýsmiki D0k sepiň gatyň k deňindäki biri-biriniň üstünden geçýän gurnawlarynyň arasyndaky inini şu aşakdaky kesgitleme boýunça hasaplap bellemek gerekdir:


                                                                                        (12)


bu ýerde: D1k we D2k 

К1 = 1.0 koeffisiýent bolanda 1-nji we 2-nji kesgitlemeler boýunça hasaplanan seýsmiki agramdan binanyň biri-biriniň üstünden geçýän aýrybaşga jaýlarynyň gatynyň k deňindäki ýerini üýtgetmeleri.

emma, binanyň ýa-da desganyň beýikligi 5 metra çenli bolanda soňundan her bir 5 metr beýiklik üçin 20 mm köpeltmek bilen 30 mm-den az kabul etmeli däldir.

32. Аntiseýsmiki sepler tutuş ini boýunça biri-biriniň üstünden geçýän aýrybaşga jaýlaryň erkin ýerini üýtgetmesine päsgel bermeýän çeýe material bilen ýapylmalydyr.


§3. Basyrgylar we örtükler


33. Binalaryň aýrybaşga jaýlarynyň çäklerindäki basyrgylary we örtükleri, adatça, bir deň derejede gurulmalydyr, keseligine tekizlikde pugta bolmalydyr we seýsmiki täsirlerde dik göterýän gurnaw bilen olaryň bilelikdäki işini üpjün edýän ygtybarly baglanyşygy bolmalydyr.

34. Gurnama demirbeton basyrgylaryň we örtükleriň pugtalygy şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

1) basyrgylaryň we örtükleriň panellerini (plitalaryny) birleşdirmek we panelleriň (plitalaryň) arasyndaky seplere sement erginini ýa-da beton guýmak;

2) süýşürilen plitalaryň arasyndaky seplerde monolit demirbetondan birleşdiriji çarçuwany gurmak;

3) basyrgylaryň üstünde monolit demirbeton gatlaklary gurmak;

4) paneller (plitalar) bilen karkasyň bölekleriniň ýa-da seplerde ýüze çykýan süýnme we süýşme güýçleri kabul edýän diwarlaryň arasynda birleşmeleri gurmak.

35. Basyrgylaryň we örtükleriň panelleriniň (plitalarynyň) gapdal granlarynyň üsti şponka ýa-da büdür-südür bolmalydyr. Antiseýsmiki guşak bilen birleşdirmek üçin ýa-da karkasyň bölekleri bilen panellerde (plitalarda) baglanyşdyrmak üçin armaturany çykaryp goýmagy ýa-da arasyna goýulýan bölekleri göz öňünde tutmak gerekdir.

36. Basyrgylaryň we örtükleriň panelleriniň (plitalarynyň) söýenmesini şu aşakdakydan az kabul etmeli däldir:

1) kerpiç we daş diwarlara                                                                   –  120 mm;

2) beton bloklardan ybarat diwarlara                                                   –  100 mm;

3) sudury boýunça söýenmedäki demirbeton diwarlara                       –  60 mm;

4) demirbeton rigellere we pürs bilen söýenilen diwarlara                   –  80 mm.

Göterýän kerpiç ýa-da daş diwarlary bolan binalar üçin aýrybaşga jaýyň meýilnamasynyň çäklerinde gurnama basyrgylaryň (örtükleriň) demirbeton plitalarynyň ýerleşdirilişiniň ugruny üýtgetmäge ýol berilmeýär.

37. Göterýän diwarlaryň aralygy 6 metrden köp bolmadyk ýagdaýynda seýsmikligi 8 balldan ýokary bolmadyk meýdançalarda gurulýan bir we iki gatly kerpiç (daş) jaýlarda agaç basyrgylara (örtüklere) ýol berilýär. Şeýlelikde, basyrgylaryň (örtükleriň) pürslerini antiseýsmiki guşakda ankerlemek gerekdir we olaryň üstüne diagonal düşeme gurmalydyr.


§4. Basgançaklar

 

38. Binalardaky basgançakly gözenekleriň ýerleşdirilişini we sanyny taslama etmegiň ýangyna garşy kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän hasaplamanyň netijeleri boýunça kabul etmek gerekdir, emma beýikligi üç gatdan ýokary bolan binalar üçin antiseýsmiki sepleriň arasynda birden az kabul etmeli däldir.

39. Basgançakly gözenekler, adatça, binanyň (aýrybaşga jaýyň) meýilnamasynyň çäklerinde ýerleşdirilmelidir we göterýän gurnawlar bilen birleşdirilmelidir. Meýilnamanyň çäklerinden çykarylan aýrybaşga durýan desgalar görnüşinde basgançakly gözenekleriň gurluşyna iki gatly binalar üçin, şeýle hem goşmaça basgançakly gözenekleri gurmagyň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda durky täzelenýän binalar üçin ýol berilýär.

40. Diwar doldurmasyna seýsmiki hadysalar täsir etmeýän karkas binalaryň basgançakly we lift meýdançalaryny her gatda kesmek bilen, karkasyň pugtalygyna täsir etmeýän oturdylan gurnawlar ýa-da seýsmiki agramy kabul edýän gaty ýadro ýaly gurmak gerekdir.

Beýikligi 5 gata çenli bolan karkas binalar üçin hasaplanan seýsmiklik 7 we 8 ball bolan ýagdaýynda binanyň karkasyndan aýrybaşgalanan gurnawlar görnüşinde binanyň meýilnamasynyň çäklerinde basgançak we lift şahtalary gurmaga ýol berilýär. Bu ýagdaýda binanyň karkasy bilen şahtanyň germewiniň arasyndaky deşigiň ini antiseýsmiki sepiň ini ýaly kabul edilmelidir we 12-nji kesgitleme boýunça hasaplanylmalydyr.

41. Basgançaklary, adatça, monolit demirbetondan ýa-da öz arasynda kebşirlemäniň kömegi bilen birleşdirilen iri gurnama demirbeton böleklerden taslama etmek gerekdir. Bölekler kebşirlenip ýa-da nurbatlar esasynda birleşdirilende, gurnama basgançaklary bolan metal kosourlary ulanmaga ýol berilýär.

Gatara örtgileriň deňinde ýerleşýän basgançakly meýdançalar antiseýsmiki guşaklar ýa-da gönüden-göni örtgiler bilen ygtybarly birleşdirilmelidir. Aralykdaky basgançakly meýdançalary diwarlaryň içine salmak gerekdir.

42. Keseligine halas ediş ýollary ýaşaýyş ýa-da gullukçy jaýlardan basgançakly gözenege çykmagy, ýa-da onuň islendik ugurda bir öwrümden köp bolmadyk ýagdaýda dälize ýetmegini üpjün etmelidir.

Beýikligi 3 we ondan köp gat bolan göterýän diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalarda hasaplanan seýsmikligi 9 ball bolanda basgançakly gözeneklerden çykalgalary binanyň iki tarapyndan hem gurmak gerekdir.


§5. Diwarlar (germewler)

 

43. Binalaryň germewlerini ýeňil edip, adatça, iri panelli ýa-da karkas gurnawly edip ýerine ýetirmek gerekdir we diwarlar, sütünler bilen, uzynlygy 3 metrden köp bolan halatynda bolsa, germewleriň öz tekizliginden süýşmesine päsgel berýän birleşdiriji örtgiler bilen birleşdirmelidir.

44. Örüme demirbeton guşaklaryny we serdeçnikleri salyp berkitmek, şeýle hem aralyk diwaryň ähli beýikligi boýunça 9, 8 we 7 ball hasaplanan seýsmiklikde 400, 600 we 800 mm beýiklikler boýunça sepde azyndan 0,2 sm2 umumy kesimli sterženler bilen gorizontal ýagdaýda örümi armirlemek şerti bilen, kerpiçden, daşdan ýa-da ýeňil beton bloklardan aralyk diwarlaryny gurnamaga ýol berilýär. Demirbeton guşaklaryň we serdeçnikleriň aralygy germewiň beýikligi we uzynlygy boýunça hasaplanan seýsmiklik 7 we 8 ball bolanda 3,0 metrden köp we hasaplanan seýsmiklik 9 ball bolanda – 2,0 metrden köp kabul edilmeýär.

45. Şol sanda AIII topardaky armaturadan taýýarlanan azyndan 12 mm diametrli ştyr-ýorşuň kömegi bilen, berkidiji demirbeton guşaklary we serdeçnikleri germewleri diwarlara, karkasyň böleklerine we örtgilere berkitmek üçin peýdalanmak gerekdir. Eger-de germewleriň berkligi we olaryň berkitmeleri, şu Kadalaryň ýigrimi birinji bölegine laýyklykda seýsmiki agramlaryň täsirine hasaplanyp tassyklanan bolsa, guşaklaryň we serdeçnikleriň aralygyny ulaltmaga ýol berilýär.

Germewleriň örülişi şu Kadalaryň altmyş ikinji-altmyş bäşinji bölekleriň talaplaryna laýyk gelmelidir. Germewleriň kerpiç (daş) örüminiň zerur bolan galyňlygy hasaplanyp kesgitlenýär, emma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky arhitektura-gurluşyk gözegçiligi baradaky Milli komitetiniň 1999-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda çykaran 10-NК belgili karary bilen tassyklanylan, “Daş we armodaş gurnawlary” atly TGK 2.03.05-99 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryň (mundan beýläk - “Daş we armodaş gurnawlary” atly TGK 2.03.05-99 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) talaplaryndan çykmaly däldir.


§6. Lodjiýalar, erkerler, balkonlar


46. Lodjiýalar, adatça, goňşy diwarlaryň arasyndaky aralyga deň bolan uzynlykda oturdylan bolmalydyr. Daşky diwarlaryň tekizliginde lodjiýalaryň ýerleşdirilen ýerlerinde demirbeton çarçuwalary gurmagy göz öňünde tutmak gerekdir.

47. Seýsmikligi 8 ball bolan meýdançalarda diwarlarda emele getirilen gapy goýulýan ýerleri demirbeton çarçuwalar bilen berkidip we erkerleriň diwarlaryny metal birleşmeler esasynda esasy diwarlara berkitmek bilen erkerleri gurmaga ýol berilýär.

48. Balkonlaryň gurnawlary we olaryň örtgili birleşdirmeleri konsol pürsler ýa-da plitalar hökmünde göz öňünde tutulmalydyr.


§7. Düýpler, binýatlar we ýerzeminleriň diwarlary


49. Seýsmiki sebitlerde gurulmak üçin binalaryň we desgalaryň düýpleriniň taslama işlerini şu paragrafyň talaplaryny hasaba almak bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 952 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-02 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda geçirmek gerekdir.

50. Seýsmikligi 8 we 9 ball bolan sebitlerde seýsmiki häsiýetler boýunça III derejeli topraklardan düzülen meýdançalarda beýikligi 60 metrden ýokary bolan binalaryň, şeýle hem şu Kadalaryň ýigrimi altynjy böleginiň 5-nji tablisanyň 1-nji we  2-nji bentlerinde görkezilen binalaryň gurluşygyna ýol berilmeýär.

Şeýle meýdançalarda görkezilen görnüşli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň zerur ýagdaýynda III derejeli topraklaryň fiziki-mehaniki häsiýetlerini özgertmek boýunça we olary seýsmiki häsiýetleri boýunça II derejä geçirmeklik boýunça çäreler şu aşakdaky talaplary berjaý etmek bilen göz öňünde tutulmalydyr:

1) berkidilýän toprak toplumynyň töwereginiň kese ölçegleri onuň çuňlugyndan azyndan 3 esse uly bolmaly we binanyň perimetriniň daşyna her tarapa azyndan 3 metr çykmalydyr;

2) özgerdilen häsiýetli toplumyň aşaky araçägi seýsmiklik häsiýetleri boýunça I ýa-da II derejeli topraklaryň üstüne ýetmelidir.

Bellik: Düýbüň teýgumunyň özgerdilen gatlagynyň galyňlygyny inženerlik gözlegleri Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky arhitektura-gurluşyk gözegçiligi baradaky Milli komitetiniň 2000-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran NK-13 belgili karary bilen tassyklanylan, „Gurluşyk üçin inžener gözlegleri“ atly TGK 1.02.07-2000 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça kadalarda kesgitlenýän ýeriň çuňlugynyň ýarysyna deň edip kabul etmelidir, emma binýadyň dabanyndan aşaklygyna hasaplap 5 metrden az bolmaly däldir.

51. Çökýän, plywun we suwuk bolýan häsiýetli gowşak teýgumly meýdançalarda binalaryň we desgalaryň gurluşygy taslama etmek boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2007-nji 26-njy fewralynda çykaran MB-26 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Türkmenistanyň seýsmiki sebitlerinde çökme häsiýetleri bolan topraklarynda binalaryň we desgalaryň teýkarlaryny taslamak boýunça Gözükdiriji” atly we Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2007-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran MB-27 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Türkmenistanyň seýsmiki sebitlerinde gyrmança we suwuk bolýan topraklarda gurulýan binalaryň we desgalaryň düýpleriniň taslama işlerini ýerine ýetirmek boýunça Gözükdirme” atly Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryny hasaba almak bilen geçirilmelidir.

52. Daşsyz topraklarda gurulýan binalaryň we desgalaryň binýatlaryny bir derejede tutmak gerekdir. Binýatlaryň dürli belliklerde düýbi tutulan ýagdaýynda bir bölekden beýlekä geçmeklik köwler arkaly amala aşyrylýar, olaryň ululygy binalaryň we desgalaryň (“Daş we armodaş gurnawlary” atly TGK 2.03.05-99 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) düýplerini taslama etmegiň kadalary boýunça hasaplama esasynda kesgitlenýär, emma köwüň beýikligi 0,6 metrden uly bolmadyk ýagdaýynda 1:2 uçutlykdan uly edilmän kabul edilýär.

53. Seýsmiki häsiýetleri boýunça III derejeli topraklarda gurulýan, beýikligi 30 metrden ýokary bolan binalarda binýatlaryň düýbüni tutmagyň çuňlugyny ýerzemin gatlary gurnamaklyk arkaly artdyrmak gerekdir. Ýerzeminleri tutuş binanyň (aýrybaşga jaýyň) aşagynda ýerleşdirmek gerekdir, şonda ýerzeminiň düýbüniň çuňlugy, binýadyň dabanyndan hasaplanyňda seýsmikligi 9 we >9 ball bolan meýdançalar üçin binanyň ýer üstündäki beýikliginiň azyndan 1/15 bölegini we seýsmikligi ondan pes bolan meýdançalar üçin 1/20 bölegini düzmelidir. Degişli esaslandyrma bolanda binanyň ýerzemin bölegini dykyzlanan toprak bilen bentlemäge ýol berilýär.

54. Seýsmiki güýçler hasaplanylanda ýerzemin gatlary binanyň umumy hasaplama ülňisine goşmak gerekdir. Şu Kadalaryň on ýedinji böleginde görkezilen binalar üçin ýerzeminiň basyrgysynyň deňindäki seýsmiki güýji βη = 1 kabul edip, 1 we 2 kesgitlemeler boýunça kesgitlemäge ýol berilýär. Süýnmeklige we agdarylmaklyga hasaplamalar geçirilende topragyň çuňlaşdyrylan gatlara bolan gapdal basyşyny hasaba almak gerekdir.

55. Daşsyz topraklarda gurulýan, beýikligi 30 metrden ýokary bolan binalaryň we desgalaryň binýatlaryny, adatça, paýa ýa-da tutuş binýat plitasy görnüşinde taslamak gerekdir. Daşsyz topraklardaky aýrybaşga binýatlar, adatça, bir gatly karkas binalaryň sütünleri üçin ulanmak gerekdir.

Eger-de aýrybaşga binýatlar seýsmiki agramdan süýşýän güýçleri kabul edip bilmedik ýagdaýynda, olary goňşy binýatlar bilen birleşdirmek zerurdyr.

56. Lenta görnüşli binýatlary, adatça, bitewi guýlan demirbeton edip üznüksiz armirleme bilen atanaklaýyn lentalar görnüşinde ýerine ýetirmek gerekdir.

Seýsmikligi 8 balla çenli bolan daşsyz toprakly meýdançalarda, şeýle hem seýsmikligi çäklendirilmedik daşly topraklarda gurnama beton bloklardan ybarat bolan lenta görnüşli binýatlaryň ulanylmagyna ýol berilýär. Şeýlelikde binýat bloklary 150 mm galyňlykdaky B15 kysymly armirlenen betonyň gatlagynda üznüksiz lenta görnüşinde ýerleşdirmek gerekdir, lentalaryň üstünde bolsa kysymy 100 bolan galyňlygy azyndan 40 mm bolan erginiň gatlagyny we 10 mm diametrli dik armaturany hasaplanan seýsmikligi 7, 8 we 9 ball bolanda degişlilikde üç, dört we alty sany oklaryň mukdarynda ýerleşdirmek gerekdir. Her 300 – 400 mm-den dik oklar diametri 6 mm bolan kese oklar bilen birleşdirilmelidir.

57. Ýerzeminleriň daşky diwarlaryny, adatça, bitewi guýlan demirbeton edip ýa-da gurnama demirbeton panellerden gurulmalydyr.

Ýerzeminleriň iri beton bloklardan ybarat diwarlarynda her hatarda örmäniň saralşy üpjün edilmelidir, şeýle hem hemme burçlarda we kesişýän ýerlerde blogyň beýikliginiň azyndan 1/bölegine deň bolan çuňluga çenli bolmalydyr. Bloklaryň arasyndaky sepleri kysymy 100-den pes bolmadyk ergin bilen doldurylmalydyr.

Seýsmikligi 7 we 8 ball bolan meýdançalarda gurulýan üç gata çenli binalarda we degişli beýikligi bolan desgalarda ýerzeminleriň diwarlaryny örmek üçin kysymy 50 bolan ergin esasynda kerpijiň we kysymy 75-den pes bolmadyk ownuk boşlukly diwar daşlaryň ulanylmagyna ýol berilýär. Kerpijiň we boşlukly diwar daşlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Hasaplanan seýsmikligi 7-8 ball we 9 ball degişlilikde bolanda ýerzeminleriň diwarlarynyň kerpiçden we diwar üçin niýetlenen ownuk daşlardan örümli diwarlaryň burçlarynda we kesişýän ýerlerinde burçuň ortasyndan hasaplanyňda uzynlygy 2 metr bolan armatura torlary kese seplere ýerleşdirmek arkaly beýikligi boýunça 700 mm-den we 500 mm-den köp bolmadyk aralykdan umumy kesişýän meýdany 1 sm2 bolan dik armatura bilen armirlenmelidir. Iri beton bloklar üçin armirleme her sepde ýerine ýetirilmelidir.

58. Göteriji diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalarda gidroizolýasion gatlaklary galyňlygy azyndan 30 mm bolan sement ergininden ýerine ýetirmek gerekdir.


§8. Diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalar

 

59. Kerpiçden (daşdan) örülen diwarlar kabul edýän agramyna baglylykda aşakdakylara bölünýärler:

1) göterýän – agramlary öz agramyndan we basyrgylaryň agramyndan kabul edýänler;

2) özi göterýän – agramlary öz agramyndan we ýokarda ýerleşýän gatlaryň diwarlarynyň agramyndan kabul edýänler;

3) götermeýän – agramlary bir gatyň çäklerinde diňe öz agramyndan kabul edýänler. Germewler içki götermeýän diwarlara degişlidir.

60. Toplumlaýyn gurnawly diwarlar örümde dik we kese demirbeton birikmeleri (serdeçnikleri we guşaklary) gurnamak bilen ýerine ýetirilýär. Toplumlaýyn gurnawly diwarlaryň hereketsiz we seýsmiki agramlara hasaplamalary demirbeton birikmeleriň we kerpiç (daş) doldurmanyň bilelikdäki işini hasaba almak bilen geçirilýär.

61. Göterýän we özi göterýän diwarlary, şol sanda toplumlaýyn gurnawlary örmek üçin şu aşakdakylary ulanmak gerekdir:

1) hasaplanan seýsmikligi 9 ball bolanda – kysymy 75 we ondan ýokary bolan toýundan bişirilen içi doly kerpiç; gysylandaky berkligi boýunça B5 we ondan ýokary, dykyzlygy boýunça 1200 kg/m–den pes bolmadyk topara degişli betonlardan bolan içi doly daşlar we bloklar; dykyzlygy boýunça 1200 kg/m3–den pes bolmadyk, B5 we ondan ýokary topara degişli betonlardan taýýarlanylýan, düşelýän ýeriniň 30 göterim-den köp bolmadyk boşlukly meýdany bolan, kysymy 50 we ondan ýokary içi boşlukly daşlar we bloklar; kysymy 50 we ondan ýokary bolan hekdaşlardan, balykgulaklardan, tuflardan ybarat dogry görnüşli daşlar we bloklar;

2) hasaplanan seýsmikligi 7 we 8 ball bolanda, (a)-da sanalyp geçilenden başgasy – diametri 16 mm-den köp bolmadyk dikligine deşikli we düşelende boşluk ýeri 25 göterimden köp bolmadyk meýdanly kysymy 75 we ondan ýokary içi boşlukly kerpiç; kysymy 35 we ondan ýokary bolan hekdaşlardan, balykgulaklardan, tuflardan ybarat daşlar we bloklar; dykyzlygy boýunça kysymy D800 we ondan ýokary, gysylandaky berkligi boýunça B3,5 we ondan ýokary topara degişli öýjükli betondan ybarat bloklar; hasaplanan seýsmikligi 7 ball bolanda kysymy 75-den pes bolmadyk keramiki daşlary ulanmaklyga ýol berilýär.

62. Götermeýän diwarlary we germewleri örmek üçin kysymy 75 bolan keramiki daşlary, şeýle hem düşelende 50 göterim çenli boşluk meýdany, dykyzlygy azyndan 1200 kg/mbolan ýeňil we öýjükli betonlardan ybarat daşlary we bloklary, daşyň kysymy 35-den pes bolmadyk halatynda, içi doly daşlar üçin betonyň gysylandaky topary B2,5 we içi boşlukly daşlar üçin B3,5 bolanda ulanylmaga ýol berilýär.

63. Keseligine, örülende parallel edilip düşelen, boş ýerler galdyrylyp örülen bişirilen kerpijiň ýa-da keramiki daşyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Beýleki diwarlyk materiallaryň örülip ulanylmagy şu Kadalaryň ösüşinde işlenip düzülen kadalaşdyryjy resminamalar bilen esaslandyrylmalydyr.

64. Diwarlaryň örümi kysymy 50-den pes bolmadyk gatyşyk sement erginleri esasynda ýerine ýetirilmelidir. Seýsmikligi 7 ball bolan meýdançalarda howanyň amatly temperaturasynda kysymy 25-den pes bolmadyk örüm laýlarynyň ulanylmagyna ýol berilýär.

Erginiň (laýyň) kerpiç ýa-da daş bilen ilişmesini ýokarlandyrýan plastifikatorly we ýörite goşundyly erginleri ulanmak gerekdir. Öýjükli betonyň bloklaryny örmekligi ýelmeşýän düzümleriň esasynda ýerine ýetirmäge ýol berilýär.

65. Şu Kadalaryň altmyş birinji we altmyş ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan materiallardan ýerine ýetirilen örümiň baglanyşmadyk sepler boýunça oklaýyn süýndirmä ≥ 120 kPа (1,2 kgs/sm2) pes bolmadyk wagtlaýyn garşylyk görkezijiligi bolmalydyr (normal ilişme). Kadaly ilişmäniň talap edilýän bahasyny taslamada görkezmek zerurdyr.

Gurluşyk meýdançasynda normal ilişmäniň 120 kPа (1,2 kgs/sm2) deň ýa-da uly bahasyny almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, şol sanda ýörite goşundylary ulanmak bilen, örümiň wibrirlenmesine we örümiň ilişmesini we bitewiligini ýokarlandyrýan beýleki çärelere, kerpiçden we daşdan örümi ulanmaga ýol berilmeýär.

Bellik: 1. Hasaplanan seýsmiklik 7 ball bolanda, göterýän, özi göterýän we götermeýän diwarlar (germewler) üçin normal ilişme azyndan 120 kPа (1,2 kgs/sm2) bolanda tebigy daşdan örümiň ulanylmagyna ýol berilýär, emma 60 kPа (0,6 kgs/sm2) az bolmaly däl. Şeýlelikde binanyň beýikligi iki gatdan köp bolmaly däldir, penjire aralygynyň ini 0,9 metrden az bolmaly däl, gapy goýulýan ýerleriň ini 2 metrden köp bolmaly däl, diwarlaryň oklarynyň arasyndaky aralyklar – 9 metrden köp bolmaly däldir.

2. Oba ilatly ýerlerde seýsmikligi 7 ball bolan meýdançalarda gurulýan bir gatly binalar üçin (Şu Kadalaryň ýigrimi ýedinji bölege seret. ) çig kerpiçden we beýleki toprak materiallardan bolan örümiň kadaly ilişmesi 30 kPа (0,3 kgs/sm2) az bolmaly däldir.

66. Daňylan sepler boýunça Rt, Rsq, Rtw örümiň hasaplanan garşylyk görkezmeleriniň bahalaryny daş we armirlenen daş konstruksiýalary taslama etmegiň kadalary boýunça kabul etmek gerekdir (“Daş we armodaş gurnawlary” atly TGK 2.03.05-99 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary), daňylmadyk sepler boýunça bolsa – gurluşyk meýdançasynda geçirilýän synaglaryň netijesinde alnan kadaly ilişmäniň ululygyna baglylykda 13-nji, 15-nji kesgitlemeler boýunça kesgitlemelidir:


                                                                                                       (13)

                                                                                                        (14)

                                                                                                        (15)


Rt, Rsq we Rtw bahalar kerpijiň ýa-da daşyň örümi ýumrulan ýagdaýynda degişli bahalardan geçmeli däldir.

67. Göterýän we özi göterýän diwarlaryň örmesini, adatça, tutuşlaýyn doly ölçegli kerpiçden ýa-da sepleriň iki hatarlaýyn (zynjyrlaýyn) saralmaly daşdan ýerine ýetirmek gerekdir. Seýsmikligi 7 ball bolan meýdançalarda saralmanyň köp hatarly ulgamyny ulanmaga ýol berilýär, şonda örmäniň gapdal taraplaýyn hatarlaryny üç sany ýüz taraplaýyn hatarlaryndan seýrek etmän gurmak zerurdyr. Örmäniň dik kanallar bilen gowşaýan ýerlerini kese seplerde daşyny aýlaýan armaturany gurnamak arkaly güýçlendirmek gerekdir. Dürli görnüşli materiallardan örmeklige, şeýle hem boş seplere örmäge ýol berilmeýär.

68. Daş işlerini geçirmegiň taslamasynda gurluşyk sebitiniň howa aýratynlyklaryny hasaba alýan, gataýan örüme gözegçilik etmek boýunça ýörite çäreler göz öňünde tutulmalydyr. Bu çäreler örümiň zerur bolan berklik görkezijileriniň alynmagyny üpjün etmelidir.

Göterýän we özi göterýän, şol sanda armirleme ýa-da demirbeton birikmeler arkaly otrisatel temperaturalarda erginiň gatamagyny üpjün edýän goşundylary peýdalanmazdan güýçlendirilen diwarlar üçin otrisatel temperaturada kerpiç we daş örümiň ýerine ýetirilmegine ýol berilmeýär.

69. Göterýän diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen, diňe kese armatura torlar bilen berkidilen binalaryň gatynyň beýikligi hasaplanan seýsmiklik 7, 8 we 9 ball bolanda degişlilikde 5, 4 we 3,5 metrden geçmeli däldir.

Örüm demirbeton birikmeler bilen berkidilende gatyň beýikligini degişlilikde 6, 5 we 4,5 metr deň kabul etmäge ýol berilýär.

Şeýlelikde gatyň beýikliginiň diwaryň galyňlygyna bolan gatnaşygy 12-den ýokary bolmaly däldir.

70. Ini 6 metrden köp bolan binalarda (toplumlaýyn gurnawlar üçin 9 metrden köp) daşky dik diwarlardan başga, döwülmezden we kese daşky (gyraň) we içki diwarlar bilen birleşdirilip, tutuş uzynlygyna ýerine ýetirilen azyndan bir içki dik diwar bolmalydyr.

Kese diwarlar, adatça, binanyň tutuş ini boýunça gurulmalydyr. Içki kese diwarlary demirbeton çarçuwalar bilen çalşyrmaga ýol berilýär. Kese diwarlaryň oklarynyň ýa-da olary çalşyrýan çarçuwalaryň arasyndaky aralyklar hasaplanyp kesgitlenýär, emma 12-nji tablisada getirilenlerden uly bolmaly däldir.

Kerpiç we daşdan bolan binalaryň diwarlarynyň elementleriniň ölçegleri 13-nji tablisa boýunça kabul edilmelidir we hasaplama bilen barlanylmalydyr. 

71. Basyrgylaryň we örtükleriň deňinde hemme dik we kese diwarlar boýunça üznüksiz armirleme bilen bitewi guýlan demirbetondan ýerine ýetirilýän seýsmika garşy guşaklar gurnalmalydyr. Ýokarky gatyň seýsmika garşy guşaklary armaturanyň dik çykytlary arkaly örüm bilen baglanyşmalydyr.

Sudury boýunça azyndan 250 mm çuňluga çenli diwarlara çüýlenen bitewi guýlan demirbeton basyrgylaryň deňinde seýsmika garşy guşaklary gurnamaga ýol berilmeýär.

72. Antiseýsmiki guşak (basyrgynyň direg bölegi bilen), adatça, diwaryň tutuş inine gurnalmalydyr. Galyňlygy 500 mm we ondan köp bolan daşky diwarlarda guşagyň ini 100-150 mm kiçi bolup biler. Guşagyň beýikligi azyndan 150 mm bolmalydyr we örtgi plitasynyň galyňlygyndan az bolmaly däldir, betonyň topary – В12,5-den pes bolmaly däldir.

Seýsmikligi 9 we >9 ball bolan meýdançalarda seýsmika garşy guşaklaryň gurnama demirbeton örtgileriň deňinde plitalaryň direg bölekleriniň ýerleri bilen ýa-da -şekilli kesişmesi bolmalydyr.

Antiseýsmiki guşaklarda hasaplanan seýsmiklik 7-8 ball bolanda azyndan 4d10 we 9 ball bolanda – azyndan 4 d12 dik armatura bolmalydyr.

73. Diwarlaryň uzynlygy her tarapa azyndan 1,5 metr birikýän ýerlerinde, hasaplanan seýsmiklik 9 ball bolanda bolsa diwarlaryň tutuş perimetri boýunça örüme dik armaturanyň kesiminiň umumy meýdany azyndan 1 smbolan armatura torlar ýerleşdirilmelidir. Torlaryň aralygy diwaryň beýikligi boýunça hasaplanan seýsmiklik 7-8 ball bolanda 700 mm-den köp we 9 ball bolanda 500 mm-den köp bolmaly däldir.

74. Eşegarka örtgüden belent we beýikligi 400 mm-den ýokary bolan parapetleriň we diwarlaryň beýleki bölekleriniň örümi armirlenen ýa-da seýsmika garşy guşaga ankerlenen, bitewi guýlan demirbeton birikmeler bilen berkidilen bolmalydyr.

Kerpiç sütünlere diňe hasaplanan seýsmiklik 7 ball bolanda ýol berilýär. Şeýlelikde, erginiň kysymy 50-den pes bolmaly däl, sütünleriň beýikligi bolsa – 4 metrden beýik bolmaly däldir. Iki ugurlarda sütünleri diwarlara ankerlenen pürsler bilen baglaşdyrmak gerekdir.

75. Binanyň kerpiç ýa-da daşdan bolan diwarlarynyň seýsmika çydamlylygyny diňe kese sepleri armirlemegiň hasabyna üpjün etmek başartmadyk ýagdaýlarynda, örümiň berkligini diwarlaryň gapdal üstlerine çykarylýan, betonyň (suwagyň) ikitaraplaýyn armirlenen gatlaklary arkaly, toplumlaýyn gurnawy döretmek bilen, örümi öňünden güýçlendirmek ýa-da beýleki esaslandyrylan usullar arkaly artdyrmak gerekdir.

Demirbeton birikmeleri toplumlaýyn gurnawlaryň örümine azyndan bir tarapyndan açyk edip gurnamalydyr. Birikmeleriň dik elementleri (serdeçnikler) seýsmika garşy guşaklar bilen birleşmelidir.

76. Toplumlaýyn gurnawlar karkas ulgamlary hökmünde taslanylanda demirbeton guşaklar, söýegler we olaryň birleşýän düwünleri doldurma işini hasaba almak bilen karkaslaryň elementleri hökmünde hasaplanylmalydyr we gurnalmalydyr. Bu ýagdaýda söýegleri betonlamak üçin göz öňünde tutulan oýuklar azyndan iki tarapyndan açyk bolmalydyr.

Eger toplumlaýyn gurnawlar iki penjire ýa gapynyň arasyndaky diwaryň gyraňlary boýunça demirbeton birikmeler bilen ýerine ýetirilýän bolsa, dik armatura örümiň kese seplerinde oturdylan halkalar bilen ygtybarly birleşdirilmelidir.

Toplumlaýyn gurnawlaryň birikmeleriniň betonynyň topary В12,5-den pes bolmaly däldir, örüm 50-den pes bolmadyk kysymly ergin esasynda ýerine ýetirilmelidir, dik armaturanyň sany hasaplama bilen kesgitlenýär, emma degişlilikde hasaplanan seýsmiklik 7-8 ball we 9 ball bolanda demirbeton elementiň keseligine kesişýän meýdanynyň 0,5 göterim we 0,8 göterimden az bolmaly däldir.

77. Kerpiç we daşdan bolan diwarlardaky germeçler, adatça, diwaryň tutuş galyňlygyna gurnalmalydyr we penjire ýeriniň ini 1,5 metre çenli bolanda azyndan 250 mm çuňluga çenli we ini uly bolanda azyndan 350 mm çuňluga çenli örüme girizilmelidir.

Hasaplanan seýsmiklik 8 we 9 ball bolanda basgançak meýdançalaryň gapy we penjire ýerleriniň daşy, adatça, demirbeton bilen aýlanan bolmalydyr.

Basgançak meýdançalaryň pürslerini örümiň içine azyndan 250 mm çuňluga çenli girizmek we ankerlemek gerekdir. Daşdan bolan örüme girizilýän konsol basgançaklaryň gurulmagyna ýol berilmeýär. Diwarlary daşdan bolan binalarda balkonlaryň çykarylyşy 1,5 metrden geçmeli däldir.

78. Göterýän diwarly binalarda dükanlar we beýleki jaýlar üçin ulanylýan, uly boş meýdany talap edýän birinji gatlary demirbeton gurnawlardan ýerine ýetirmek gerekdir.


12-nji tablisa


Diwarlaryň gurnawlaýyn görnüşi

Hasaplanan seýsmiklikde kese diwarlaryň oklarynyň arasyndaky aralyk (m), ballarda

7

8

9

Diňe kese armatura torlar bilen berkidilen kerpiçden (daşdan) örülen göterýän diwarlar

12

9

6

Toplumlaýyn gurnawyň göterýän diwarlary

15

12

9


13-nji tablisa



Diwaryň elementi

Hasaplanan seýsmiklikdäki diwaryň elementiniň ölçegi, ball



Bellikler




7

8

9

1.

Iki penjire arasy ini,

azyndan, m

0,77

1,16

1,55

Burç iki penjire arasynyň inini tablisada görkezilenden 25 sm uly kabul etmek gerekdir. Ini kiçi bolan penjire aralyklaryny daşyny demirbetondan aýlamak ýa-da armirlemek bilen berkitmek zerur

2.

Penjire ýerleri ini,

köp bolmadyk, m

3,0

 

2,5

 

2,0

Ini uly bolan penjire ýerleriniň daşyna demirbeton çarçuwa aýlamaly

3.

Iki penjire arasynyň ininiň penjire ýeriniň inine bolan gatnaşygy, azyndan

0,35

 

0,5

 

0,75



4.

Meýilnama boýunça diwarlaryň çykydy, köp bolmadyk, m

2,0

1,0


5.

Karnizleriň çykydy, köp bolmadyk, m:

 

 

 

 


1) diwarlaryň materialyndan

0,2

0,2

0,2



2) seýsmika garşy guşaklar bilen birleşdirilen demirbeton elementlerden

0,4

0,4

0,4





3) agaçdan

0,75

0,75

0,75



§9. Diwarlary iri beton bloklardan bolan binalar

 

79. Diwar bloklar agyr (içki diwarlar) ýa-da ýeňil (daşky we içki diwarlar) betonlardan taýýarlanmalydyr. Daşky diwarlaryň bloklary “Binalar üçin diwarlyk beton we demirbeton bloklary. Umumy tehniki şertler” atly TDS-19010-82* belgili döwletara standartynyň talaplaryna laýyk gelýän bir gatlakly ýa-da köp gatlakly bolup bilerler. Diwarlaryň elementleriniň ölçegleri we iri bloklardan ybarat diwarlaryň aralyklary 12-nji we 13-nji tablisalarda getirilen ölçeglere laýyk gelmelidir.

80. Diwarlary iri beton bloklardan bolan binalarda hasaplanan seýsmiklik 8 we 9 ball bolanda armirlenen sepleriň kömegi bilen ýa-da arasyna goýulýan detallary kebşirlemek arkaly bloklaryň ygtybarly birleşdirilmegini göz öňünde tutmak gerekdir.

Bloklaryň arasyndaky kese sepler kysymy 100-den pes bolmadyk erginde, dik sepler bolsa – topary B7,5-den pes bolmadyk betonda ýerine ýetirilmelidir. Bloklaryň gurnawy sepleriň dykyz doldurylma mümkinçiligini üpjün etmelidir.

Diwarlar köp hatarly örülende dik sepleriň saralmasyny her hatarda azyndan 300 mm çuňluga çenli ýerine ýetirmek gerekdir.

Diwarlaryň kesimlerinde burç armirlenen bloklary ulanmak gerekdir.

81. Iri blokly binalarda seýsmika garşy guşaklar hökmünde diwarlaryň tutuş perimetri boýunça ýerleşdirilýän we ýokarky we aşakky armaturanynyň seplerini bitewileşdirmek bilen kebşirlemek arkaly birleşdirilýän armirlenen blok-germeçleri peýdalanmak hödürlenýär.

Diwarlaryň tutuşlygyna gurnama demirbeton plitalardan ýerine ýetirilen basyrgylaryň we örtükleriň deňinde örtgi plitalarynyň gyraňlarynyň armatura çykytlaryny we guşak bloklarynyň çykytlaryny birleşdirýän bitewi guýlan betondan ybarat seýsmika garşy çarçuwalar gurnalmalydyr.


§10. Iri panelli demirbeton binalar


82. Iri panelli binalary öz aralarynda dik we kese diwarlar bilen we seýsmiki agramlary kabul edýän bitewi giňişlik ulgama birleşdirilen basyrgylar (örtükler) bilen taslama etmek gerekdir.

83. Iri panelli binalary, adatça, meýilnama boýunça we beýikligi boýunça ýönekeý görnüşde taslama etmek gerekdir. Çylşyrymly meýilnamaly binalar seýsmika garşy sepler arkaly ýönekeý görnüşli aýrybaşga jaýlara bölünmelidir. Meýilnama boýunça çykytlar 3,0 metrden geçmeli däldir.

84. Diwarlar binanyň tutuş uzynlygy we ini boýunça, adatça, üznüksiz bolmalydyr. Daşky diwarlaryň tekizliginde oturdylan lodjiýalaryň ýerleşdirilen ýerlerinde demirbeton çarçuwalaryň gurulmagyny göz öňünde tutmak gerekdir.

Bir ugruň diwarlary ortogonal oklar boýunça beýleki ugruň diwarlaryna ýanaşyk edilip salynmalydyr. Bir ugruň diwar panelleriniň beýleki ugruň panellerine ýanaşyk salynmazdan sepleşdirilmegine ýol berilmeýär.

85. Içki diwarlaryň we basyrgylaryň (örtükleriň) panelleri otagyň ölçegine görä bir gatlak edilip agyr betondan taýýarlanmalydyr. Daşky diwarlaryň panellerini iki ädim ölçegli kese diwardan köp gatlak we bir gatlak edilip, ýeňil betondan taýýarlamak bolar. Panelleriň gapdal granlarynyň üsti şponka ýa-da büdür-südür bolmalydyr.

Bir gatly panelleriň galyňlygy hasaplanylyp bellenilýär we kabul edilýär: gatyň beýikliginiň 1/25 möçberinden az bolmadyk diwarlaryň panelleri üçin, paneliň direnýän konturynyň kiçi tarapynyň 1/30 möçberinden az bolmadyk basyrgylyk panelleri (örtükler) üçin. Daşky diwarlaryň köpgatly panelleriniň göteriji demirbeton gatynyň galyňlygy 100 mm az bolmaly däldir. Agyr betonyň gysylanda berkligi boýunça topary  В15 pes bolmaly däldir, bir gatly daşky diwarlaryndaky ýeňil betonyň topary В7,5 pes bolmaly däldir. Ortaça dykyzlyk boýunça ýeňil betonyň kysymy D1000 pes bolmaly däldir.

86. Diwarlaryň we basyrgylaryň (örtükleriň) panelleriniň birleşdirilmesi armaturanyň çykytlarynyň, ankerli oklaryň we arasyna goýlan detallaryň kebşirlenmegi bilen ýa-da soňundan dik guýulary we kese sepleşik boýunça ownuk däneli beton bilen peseldip oturdylan sepleme ýerlerini bitewileşdirip, armaturanyň çykytlaryny kebşirlemesiz petleýin gurşama arkaly we panelleriň betonynyň toparyndan pes bolmadyk we berkligi boýunça B15-den pes bolmadyk beton bilen amala aşyrylmalydyr.

Basyrgylaryň binanyň daşky diwarlaryna we temperatura sepleşikleriň ýanyndaky diwarlara söýenýän ýerlerinde basyrgylaryň (örtükleriň) panellerinden çykýan armaturanyň çykytlarynyň diwar panellerden çykýan çykytlaryň dik armaturasy bilen kebşirlenip birleşdirilmegini göz öňünde tutmak gerekdir.

Diwarlaryň olaryň gyraňlary arkaly döredilen guýularda kesişýän ýerlerinde binanyň tutuş beýikligine üznüksiz dik armatura ýerleşdirilmelidir, onuň kese kesiminiň meýdany hasaplama bilen kesgitlenýär, emma azyndan 2,0 sm2 kabul edilýär.

87. Diwar panelleri armirlemegi giňişleýin karkaslar ýa-da iki taraplaýyn armatura torlar arkaly ýerine ýetirmek gerekdir. Gapy we penjire goýulýan ýerleriň gyraňlarynda hasaplanan seýsmiklik 7, 8 we 9 ball bolanda degişlilikde azyndan 1,0; 1,5 we 2,0 smkesişýän meýdany bolan açyk dik armaturany göz öňünde tutmak gerekdir.

88. Kese we dik sepleşik birleşmeleriň gurnawçylyk çözgüdi sepleşikdäki güýçleriň hasaplama bahalaryny özleşdirmegi üpjün etmelidir. Sepleşikdäki panelleriň arasyndaky metal baglaşmalaryň zerur bolan kesimi hasaplama arkaly kesgitlenýär, emma ol sepleşigiň 1 metr uzynlygyna azyndan 1,0 sm2 kabul edilýär.

Dik hasaplanan armaturanyň 65 göterimden köp bolmadyk ýerini diwarlaryň kesişýän ýerlerinde ýerleşdirmäge ýol berilýär.


§11. Göwrüm-blokly demirbeton binalar


89. Göwrüm-blokly binalary agyr ýa-da ýeňil betonlardan taýýarlanylýan we seýsmiki güýçleri, utgaşmalary hasaba almak bilen, esasy we aýratyn agramy kabul edýän bitewi giňişleýin ulgama birleşdirilen bütewiligine galyplanan ýa-da gurnama göwrümli bloklardan taslama etmek gerekdir.

90. Göwrümli bloklaryň bitewi giňişleýin ulgama birleşdirilmegi şu aşakdaky ýaly amala aşyrylýar:

1) arasyna goýulýan detallary we göwrümli bloklaryň diwarlaryndan we basyrgylaryndan çykýan armatura çykytlary kebşirlemek bilen;

2) göwrümli bloklaryň diwarlarynyň arasyndaky dik boşluklarda bitewi guýlan beton ýa-da demirbeton şponkalary gurmak bilen;

3) gurulýan şertlerde gataldylýan dik armaturanyň göwrümli bloklarynyň sütünlerini gysmak bilen.

91. Göwrümli bloklaryň diwarlaryny we basyrgylaryny (örtüklerini) tekiz we gapyrgaly edip ýerine ýetirmäge ýol berilýär. Tekiz diwarlar bir gatlakly we köp gatlakly bolup bilerler. Betonyň gysylandaky berkligi boýunça topary azyndan В7,5. Giňişleýin karkaslar we ikitaraplaýyn kebşirlenen torlar bilen armirlenýär.

92. Göwrümli bloklaryň her gatdaky söýenmesi, adatça, göterýän diwarlaryň tutuş uzynlygyna bolmalydyr. Dikligine we keseligine sepleşýän birleşmeleriň gurnawçylyk çözgütleri olaryň dik we kese seplerdäki süýnmesi we kesimi boýunça hasaplama güýçlerini kabul etmegini üpjün etmelidir. Gurulýan şertlerde gataldylýan dik armaturanyň göwrümli bloklarynyň sütünleriniň gysylan ýagdaýynda, göwrümli bloklaryň kese seplerdäki bilelikdäki işini diňe olarda kesimiň kese baglaşmalaryny ýerine ýetirmek arkaly üpjün etmäge ýol berilýär, şeýlelik-de, kese seplerdäki sürtülme güýjüni hasaba almaga ýol berilýär.


§12. Bitewi guýlan karkassyz binalar

 

93. Bitewi guýlan demirbetondan binalary köp derejede göteriji we göteriji däl diwarly atanaklaýyn-diwar gurnawçylyk ulgamyny ulanmak bilen taslamak gerekdir.

94. Daşky diwarly göteriji däl binalarda azyndan iki sany dik diwary göz öňünde tutmak gerekdir, şonda onuň ýaly binalaryň beýikligi 7, 8 we 9 ball hasaplanan seýsmiklikde 14, 12 we 9 gatlar bilen çäklenmeli.

Binanyň diwarlary kese seýsmiki güýçleriň kabul edilmegine gatnaşmaýan gyraky uzaboýuna oklary boýunça, sütünleri kese diwarlaryň gabsasynda, rigelleri bolsa – binanyň basyrgysynyň derejesinde ýerleşen demirbeton çarçuwalaryny gurnamaga rugsat berilýär. Ol ýagdaýda binalaryň beýikligi 11-nji tablisanyň 3-nji setiri boýunça kabul edilýär.

95. Bitewi binalar, kada bolşy ýaly, aýryp goýulýan galyplarda galdyrylmalydyr. Typýan galyplaryň ulanylmagyna galyplaryň hereketinde beton garyndynyň kesilmeginiň ýoklugyny kepillendirýän, şeýle hem diwaryň betonynyň tutuşlygyny üpjün edýän tilsimat üpjün edilende ýol berilýär.

96. Göteriji bitewi guýlan diwarlar aşakdakylardan ýerine ýetirilip bilner:

1) içerki diwarlar – agyr ýa-da ýeňil betonlardan bir gatly;

2) daşky diwarlar – ýeňil betondan bir gatly ýa-da içki göteriji gaty agyr betondan gatma-gat görnüşde. Betonyň gysylanda berkligi boýunça topary 14-nji tablisada görkezilenden pes bolmaly däldir.

97. Göteriji däl daşky diwarlary ýygnalýan asma ýeňil betonly panellerden gatlaryň hersi üçin bölüp, şeýle hem göteriji däl diwarlar üçin şu Kadalaryň altmyş ikinji böleginde görkezilen diwarlyk materiallaryndan örüp ýerine ýetirmelidir. Örmäni göteriji diwarlardan we basyrgylardan yşlar arkaly arasyny bölmeli, armirläp we demirbeton goşup güýçlendirmeli, çeýe baglanyşlar arkaly berkitmelidir we şu Kadalaryň ýigrimi birinji bölegine laýyklykda seýsmiki täsirler boýunça hasaplap barlamalydyr.

98. Göteriji diwarlaryň oklarynyň arasyndaky aralyk hasaplama bilen kesgitlenýär we 7,2 metrden ýokary geçmeli däldir. Göteriji diwarlarda penjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwarlaryň we yşlaryň ini, şeýle hem olaryň bir-biriniň arasyndaky gatnaşygy daşdan örülen diwarlar üçin 13-nji tablisada getirilen ululyklara laýyk gelmelidir. Рenjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwarlaryň beýikliginiň onuň inine bolan gatnaşygy 2,5-den ýokary geçmeli däldir.

Bir gatly göteriji diwarlaryň galyňlygy gatyň beýikliginiň 1/20 az bolmadyk paýynda we azyndan 160 mm bolmalydyr. Daşky gat-gat diwarlaryň içki gatynyň galyňlygy azyndan 120 mm bolmalydyr.

99. Bitewi guýlan binalar, seýsmiki täsirleri hasaba almak bilen, aýratyn agramlar boýunça hasaplanylanda, şu aşakdakylaryň berkligini barlamak gerekdir:

1) ýapyk diwarlaryň we penjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwarlaryň kadaly (kese) we ýapgyt kesimleriniň berkligini;

2) diwarlaryň dik baglaşmalarynyň berkligini;

3) germeçleriň kadaly (kese) we ýapgyt kesimleriniň berkligini.

100. Diwarlaryň we penjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwarlaryň armirlenmegi giňişlik karkaslarynyň ýa-da kese we dik oklary deňölçegli tertipläp ýerleşdirmek bilen, iki taraplaýyn tekiz torlaryň görnüşinde geçirilmelidir. Iş armaturasynyň iki ugurda hem talap edilýän kesimi hasaplanyp kesgitlenilýär. Şonda dik armaturanyň oklarynyň diametrini azyndan 10 mm edip, diwaryň uzynlygy boýunça 400 mm-den pes bolan ädim bilen kabul etmek gerekdir, kese armaturanyň oklarynyň diametrini azyndan 8 mm edip, diwaryň uzynlygy boýunça 600 mm-den pes bolan ädim bilen kabul etmek gerekdir.

  Diwarlar tekiz torlar bilen armirlenende, garşydaky gyraňlaryň oklaryny uzynlyk boýunça 44 mm-den we beýiklik boýunça 600 mm-den uly bolmadyk ädim bilen şpilkalar arkaly birleşdirmek gerekdir.

101. Gapy we penjire ýerleriň gyraňlary boýunça Şu Kadalaryň segsen ýedinji böleginiň talaplaryna meňzeş bolan mukdarda armaturany gurnamak gerekdir.

Diwarlaryň kesişýän ýerlerinde binanyň ähli beýikligi boýunça bitewi bolan dik armatura ýerleşdirilmeli. Ol armaturanyň kese kesiminiň meýdany hasaplanyp kesgitlenmeli, emma azyndan 2,0 sm2 bolmalydyr.

Penjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwarlaryň gyralary boýunça we diwarlaryň kesişýän ýerlerinde penjire ýa-da gapynyň arasyndaky diwaryň ýa-da diwaryň ähli kesimi üçin hasaplama arkaly talap edilýän 60 göterime çenli dik armaturany gurnamaga rugsat berilýär.

102. Bitewi guýlan binalarda ýygnama demirbeton basyrgylar we örtükler gurlanda, olaryň derejelerinde içki we daşky diwarlar boýunça üznüksiz armirlenme bilen guşagy göz öňünde tutmalydyr. Zolagyň armaturasynyň kese kesimi hasaplama seýsmiklik 7-8 ball bolanda, azyndan 3 smwe 9 ball bolanda – azyndan 4,5 sm2 bolmalydyr.

103. Dik we kese tilsimat sepleşikleri tutmalaryň araçäginde şponkalary we armatura çykmalary gurnamaklyk bilen ýerine ýetirmek gerekdir. Berkişmäni ýokarlandyrmak üçin, tilsimat sepleşiklerde köne betonyň üstüni ýörite işläp bejermelidir.


14-nji tablisa



Diwaryň görnüşi


Gatlarynyň sany


Betonyň

görnüşi

Hasaplanan seýsmiklikde betonyň gysylanda berkligi boýunça topary, ballarda

7

8

9

Içki göteriji

1-2

3-5

6 we ondan köp

dykyzlygy boýunça D1600 we ondan ýokary topardaky agyr we ýeňil

В7,5

В7,5

В10

В7,5

В10

В12,5

В10

В12,5

В15

Daşky göteriji bir gatly

1-2

3-5

dykyzlygy boýunça D1200 we ondan ýokary topardaky ýeňil

В5

В5

В5

В7,5

В7,5

В7,5

Köp gatly daşky diwarlaryň göteriji gaty

3-5

6 we ondan köp

agyr

В7,5

В10

В10

В12,5

В12,5

В15


§13. Demirbeton karkasly binalar


104. Karkas binalarynda kese seýsmiki agramy kabul edýän gurnaw bolup, aşakdakylar ulanylyp bilner:

1) karkas;

2) doldurmaly karkas;

3) dik baglanyşlary, gatylyk diafragmalary we özenleri bolan karkas.

Gurnawçylyk ülňüleri saýlananda, çeýelik zonalary ilki bilen karkasyň kese elemetlerinde döreýän ülňüleri ileri tutmalydyr.

105. 8 balldan ýokary bolmadyk hasaplanan seýsmiklikde we binanyň beýikligi 2 gatdan (7 metr) köp bolmadyk ýagdaýynda, gyraky rigelleri kerpiçden ýa-da daşdan örülen diwarlara direnýän doly däl karkasy ulanmaga rugsat berilýär. Onuň ýaly binalaryň diwarlary şu Kadalaryň elli dokuzynjy-ýetmiş sekizinji bölekleriniň talaplaryna laýyklykda taslama edilmeli.

106. Iki we ondan köp gatly binalaryň giňişlik karkasyny gaty çarçuwa düwünleri bilen taslamak gerekdir. Binalaryň demirbeton karkaslarynyň gaty düwünleri kebşirleýän torlar, halkaçlar ýa-da ýapyk halkalar arkaly güýçlendirilip bilner.

Gaty çarçuwaly düwüniň zonasynda karkasyň ýygnama elementleriniň goýma böleklerini kebşirlemek arkaly galtaşdyrmaga, diňe rigeller platformalaýyn direnende, ýa-da rigeller demirbeton sütünleriň konsollaryna direnende rugsat berilýär.

107. Göteriji karkasyň sütüniniň kese kesiminiň ölçeglerini, sütüniň beýikliginiň özüniň Lkol/h kese ölçegine bolan gatnaşygy, seýsmiki güýjüň täsiriniň ugrunda monolit sütünler üçin 15 ululykdan we ýygnama demirbeton sütünler üçin 20 ululykdan ýokary geçmez ýaly kabul edilmelidir.

108. Kese agramy kabul edýän gatylyk diafragmalar, baglanyşlar we özenler tutuş öz beýiklikleri boýunça üznüksiz bolmalydyr we iki ugurda deňölçegli we binanyň agyrlyk merkezine görä simmetriki ýerleşmelidir.

Binanyň aýrybaşga bölüminiň çäklerinde her bir ugurda ikiden az bolmadyk gatylyk diafragmalary gurnalmalydyr, olar dürli tekizliklerde ýerleşdirilmelidir.

9 we > 9 bally meýdançalarda gurnalýan köp gatly karkas binalarynda, aýrybaşga otaglaryň çäginde, azyndan 2 gatylyk özenlerini gurnamak gerekdir.

109. Senagat görnüşli bir gatly karkas binalarynda ýygnalýan demirbeton eşegarka we eşegarka astyndaky gurnawlary, düzgün bolşy ýaly, hasaplanan seýsmikligi 7 ball düzýän meýdançalarda gurulýan, seýsmiki däl sebitlerde gurulýan binalaryň aralyk diwarlaryna meňzeş bolan aralyklary bolan binalarda ulanmalydyr, hasaplanan seýsmikligi 8 we 9 ball düzýän meýdançalarda gurulýan binalar üçin bolsa – 18 we 12 metr aralyklary bolan binalarda ulanmalydyr. 8 ball hasaplanan seýsmiklikde we degişli delilleriň bolan ýagdaýynda, aralyklary 24 metr düzýän eşegarka gurnawlaryny ulanmaga rugsat berilýär.

Hasaplanan seýsmikligi 8 we 9 ball düzýän meýdançalarda gurulýan demirbeton göteriji gurnawlary bolan binalaryň örtükleriniň gurnawçylyk çözgütlerini, düzgün bolşy ýaly, eşegarka astyndaky gurnawlarsyz ulanmalydyr.

110. Senagat görnüşli bir gatly binalaryň ýygnama demirbeton karkasynyň gatylygy, düzgün bolşy ýaly, aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:

1) kese ugurda – sütünleri düýplere berk girizip salmak arkaly,

2) uzaboýuna ugurda – sütünleriň arasynda polatdan baglanyşlary gurnamak arkaly. Sütünleriň arasyndaky baglanyşlary aýrybaşga bölümiň ortasynda binanyň her bir uzaboýuna geçýän oky boýunça ýerleşdirmelidir. Aýrybaşga bölümiň uzaboýuna okunda iki sany baglanyşlary goýmagyň zerurlygy ýüze çykanda, olaryň arasyndaky aralyk 48 metrden ýokary geçmeli däldir.

111. Senagat görnüşli bir gatly binalaryň ýygnama demirbeton örtüginiň giňişlik gatylygy örtgi plitalarynyň goýma böleklerini örtügiň göteriji gurnawlarynyň goýma böleklerine (fermalara, pürslere) kebşirlemek, birleşdiriji elementleri kebşirläp plitalaryň diregli böleklerini birleşdirmek, şeýle hem şponka seplerini plitalaryň arasynda sement ergini bilen bitewi guýmak arkaly üpjün edilmelidir. 

112. Karkas binalaryň germewleýji diwar gurnawlary hökmünde, ýeňil bassyrma panellerini ulanmak gerekdir.

Karkasyň kese seýsmiki agramlara bolan işine gatnaşmaýan kerpiçli ýa-da daşly doldurmanyň gurnalmagyna ýol berilýär. Şonda doldurmanyň we karkasyň elementleriniň arasynda, dik sepleşikler üçin gatyň gyşyklygynyň maksimal ululygyna deň, emma azyndan 30 mm bolan, kese sepleşikler üçin azyndan 20 mm bolan çeýe material bilen ýapylýan yşlary göz öňünde tutmak gerekdir.

113. Doldurmanyň durnuklylygyny we berkligini şu Kadalaryň ýigrimi birinji bölegine laýyklykda hasaplamak bilen barlamak gerekdir, we doldurmanyň tekizlikden düşmegine päsgel berýän baglanyşyklary gurnamak, örmäni armirlemek, daşyny aýlaýan we güýçlendirýän demirbeton elementleri (guşaklary we okjagazlary) örmä girizmek bilen üpjün etmelidir.

Örmäni güýçlendirýän demirbeton elementleriň goýulyş aralyklary hasaplanyp kesgitlenilýär we 7-8 bally hasaplanan seýsmikligiň şertlerinde doldurmagyň uzynlygy we beýikligi boýunça 3,0 metrden ýokary geçmeli däldir, 9 ball hasaplanan seýsmiklikde – 2,0 m-den ýokary geçmeli däldir.

114. Örmäni doldurmak üçin, altmyş ikinji bölekde göteriji däl diwarlar we basyrgylar üçin görkezilen diwarlyk materiallaryny ulanmaga rugsat berilýär. Örme doldurlanda, ol daşyň azyndan 120 kPа (1,2 kgs/sm2) ergin bilen adaty birleşmesini üpjün etmelidir.

115. Göteriji we öz-özüni göteriji diwarlaryň örülmegi üçin, şu Kadalaryň altmyş birinji böleginiň 1-nji bendinde agzalan diwarlyk materiallar ulanylanda, 5 gata çenli binalarda gatylyk diafragmalar hökmünde kerpiçli ýa-da daşly doldurmanyň ulanylmagyna ýol berilýär. Şunda doldurmany toplumlaýyn gurnawyň görnüşinde gurnamaly, doldurmanyň berkligi bolsa onuň karkas bilen bilelikdäki işi hasaplanylyp barlanylmalydyr.

116. Senagat görnüşli bir gatly karkas binalarynda, karkasdan bölünen gurnawlaryň görnüşinde bolan kerpiçli ýa-da daşly örmeden bolan öz-özüni göteriji daşky diwarlaryň ulanylmagyna şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilýär:

1) karkasyň diwar ýanyndaky sütünleriň ädimi 6 metrden ýokary geçmeýän ýagdaýynda;

2) hasaplanan seýsmikligi 7, 8 we 9 ball bolan meýdançalarda gurulýan binalaryň öz-özüni göteriji diwarlarynyň beýikligi degişlilikde 18, 16 we 9 metrden ýokary geçmedik ýagdaýynda.

117. Кarkas binalarda öz-özüni göteriji diwarlaryň örmesi altmyş birinji bölegiň 1 we 2-nji bentleriniň talaplaryna laýyk gelýän materiallardan ýerine ýetirilmelidir, daşyň azyndan 120 kPа (1,2 kgs/sm2) ergin bilen adaty birleşmesini üpjün etmeli we diwaryň ähli beýikligi boýunça azyndan 20 mm inli yş arkaly karkasdan daş aralykda bolmaly.

Вasyrgy plitalarynyň we aýna yşlarynyň derejesinde diwaryň ähli uzynlygy boýunça seýsmika garşy guşaklary gurnamaly, olar karkasyň diwarlar boýunça keseleýin süýşmegine garşylyk görkezmeýän çeýe baglanyşyklar arkaly karkas bilen birleşdirilýär.

Gyraň we kese diwarlaryň dik diwarlar bilen kesişýän ýerinde diwarlaryň tutuş beýikligine seýsmika garşy sepleşikler gurnalmalydyr.


§14. Polat karkasly binalar we desgalar


118. Bir gatly önümçilik binalarynyň karkaslaryny düýpleriň ýokarsynyň derejesinde berk gapjalan hem-de şarnir bilen ýa-da örtügiň elementleri bilen berk birleşdirilen sütünleri ulanmak bilen taslamak hödürlenilýär. Dik ugurda, kada bolşy ýaly, sütünleriň arasynda dik baglaşmalary göz öňünde tutmak gerekdir.

119. Galdyrgyçsyz binalarda ýa-da sütünleriň galdyrgyjynyň aşaky bölekleriniň çäklerinde dik baglanyşlary binanyň (aýrybaşga otagyň) orta böleginde her dik oky boýunça ýerleşdirmek gerekdir. Binanyň uzynlygyna bolan sütünleriň her hataryndaky baglanyşlaryň sanyny olaryň göterijilik ukyby boýunça kesgitleýärler.

Iki baglanyşlary binanyň (aýrybaşga otagyň) dik oky boýunça gurnamagyň zerurlygynda olaryň arasyndaky aralyk oklarda sütünleriň ädimi 6 metr bolanda 48 metrden uly bolmaly däldir we sütüniň ädimi 12 metr bolanda 24 metrden uly bolmaly däldir.

120. Karkasyň giňişlik gatylygyny, şeýle hem örtügiň tutuşlygyna we olaryň elementleriniň aýratynlykda durnuklylygyny üpjün etmek üçin, fermalaryň ýokarky we aşaky guşaklarynyň tekizliginde kese baglanyşlardan we fermalaryň arasyndaky dik baglanyşlardan ybarat bolan örtügiň baglanyş ulgamyny göz öňünde tutmak gerekdir, ýagny:

1) binanyň (bloguň) gyraňlarynda fermalaryň ýokarky we aşaky guşaklary boýunça kese baglanyş fermalary gurnamalydyr;

2) 7 ball hasaplanan seýsmiklikde bloguň uzynlygy 96 metrden uzyn bolanda, 8-9 ball hasaplanan seýsmiklikde bolsa bloguň uzynlygy 60 metrden uzyn bolanda, fermalaryň ýokarky guşaklarynda goşmaça kese baglanyş fermalary gurnamalydyr;

3) kese baglanyş fermalaryň ýerleşen ýerlerinde, fermalaryň arasynda dik baglanyşlary göz öňünde tutmak gerekdir;

4) fermalaryň aşaky guşaklarynyň tekizliginde, bir, iki we üç boş aralykly binalarda diňe sütünleriň ahyrky hatarlarynyň ugry boýunça ýerleşdirilýän dik baglanyş fermalary göz öňünde tutulmalydyr, köp sanly aralyklary bolan binalarda bolsa – her aralykdan;

5) kese baglanyşlaryň arasyndaky eşegarka fermalary şol baglanyşlaryň ýerleşen tekizliginde söýgetler we giňeltmeler bilen arasyny açmak gerekdir;

6) kese baglanyş fermalaryň ýerleşen ýerlerinde eşegarka fermalaryň ýokarky guşaklary boýunça örtükleriň derejesinden pesde dik baglanyşlary gurnamalydyr.

121. Polat karkasly bir gatly binalaryň örtüklerinde, düzgün bolşy ýaly, profilirlenen düşeme, asbestsement plitalar, tolkun görnüşli listler we beýleki ýeňilleşdirilen materiallar ulanylmalydyr.

Ýygnama demirbeton plitalardan bolan örtükler polat eşegarka fermalar boýunça ulanylmagyna seýsmikligi 7 baldan ýokary bolmadyk meýdançalarda ýol berilýär.

122. Örtügiň kese gatylyk diafragmalarynyň wezipesini ýerine ýetirýän düzlenen düşek direglere ýa-da eşegarka fermalaryň ýokarky guşaklaryna, her tolkunda gurnalýan öz-özünden towlanyp salynýan boltlar arkaly berkidilýär. Düzlenen düşegiň listlerini özara utgaşdyrylan berçinler bilen berkitmek gerekdir, olaryň ädimi 25- mm-den ýokary geçmeli däldir.

123. Köp gatly binalaryň karkasy çarçuwa, baglanyş we çarçuwa-baglanyş gurnawçylyk ülňüleri boýunça taslama edilýär. Gurnawçylyk ülňüleri saýlananda, çeýelik zolaklary, ilkinji nobatda, kese elementde döräp biljek ülňüler ileri tutulýar.

124. Polat karkasly köp gatly binalarda basyrgylar (örtükler) polat rigellerine direnýän bitewi guýlan, ýygnalýan ýa-da utgaşdyrylan demirbeton plitalaryň görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Ýokarky gatda sütünleriň iri edilen tory bolan köp gatly binanyň örtükleri polat eşegarka fermalary ulanylýan bir gatly binalaryň örtüklerine bildirilýän talaplary berjaý etmek bilen taslama edilýär.

125. Köp gatly binalar üçin çarçuwa ülňüsiniň polat karkaslarynyň sütünlerini ýapyk gapyrjakly kesimli edip, inersiýanyň baş oklaryna görä deňdurnukly edip, çarçuwa-baglanyş kesimli karkaslar üçin sütünleri bolsa – dwutawr kesimli edip taslamak hödürlenilýär. Sütünlerde olara rigelleriň kese tekjeleriniň berkidilýän ýerlerinde gatylygyň kese gapyrgalary gurnalmalydyr.

Çarçuwaly we çarçuwaly-baglanyşly karkaslaryň rigellerini sozulan giň tekjeli dwutawrlardan ýa-da gasyn-gasyn diwarly kebşirlenen dwutawrlardan taslama etmek gerekdir.

126. Seýsmiki utgaşmalary hasaba almak bilen, esasy we aýratyn agramlardan düşýän güýçler boýunça polat gurnawlarynyň hasaplanylmagyny, şol sanda materialy saýlamaklygy, gurnawlaryň elementleriniň birleşýän düwünleriniň we kesimleriniň berkliginiň barlaglaryny Türkmenistanyň çäginde hereket edýän polat gurnawlar üçin SSSR-iň Döwlet gurluşyk komitetiniň 1981-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda çykaran 144 belgili karary bilen tassyklanylan, 01.01.1987ý. we 01.07.1990ý. ýagdaýyna üýtgeşmeler bilen täzeden neşir edilen, “Polat gurnawlar” atly GKweD II-23-81* belgili gurluşyk kadalary we düzgünleriniň (mundan beýläk- “Polat gurnawlar” atly GkweD II-23-81* belgili gurluşyk kadalary we düzgünleri), talaplaryna laýyklykda amala aşyrmalydyr. Berk-çeýe tapgyrda işleýän elementler üçin az uglerodly we pes legirlenen, azyndan 20% uzaldylan polat ulanylmalydyr.


§15. Demirbeton gurnawlaryny taslamagyň aýratynlyklary


127. Demirbeton gurnawlarynyň elementleri, şu bölümçäniň talaplaryny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2004-nji 22-nji ýanwarynda çykaran МОК-16 buýrugy bilen tassyklanylan, “Beton we demirbeton gurnawlar” atly TGK 2.03.02-2004 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda taslama etmelidir.

Egrelýän we merkezden daşary gysylan elementleriň kadaly kesimleriniň berkligi hasaplananda, 7 ball hasaplanan seýsmiklikde betonyň gysylan zolagynyň aňryçäk häsiýetini ξR 0,85 deň bolan peseldiji koeffisiýentler bilen 8 ballda – 0,70, 9 ballda – 0,50 kabul etmek gerekdir.

Adaty ýa-da öňünden çekdirilýän demirbeton gurnawlarynyň kese we uzaboýuna armaturasy hökmünde, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Türkmenstandartlary”  baş döwlet  gullugynyň 2016-njy ýylyň 17-nji iýunynda çykaran 1/118 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Gyzgynlygyna egreldilen polat demirbeton konstruksiýalary armirlemek üçin. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 13-nji dekabrynda çykaran 13018-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Demirbeton desgalary üçin  armatura sozmasy. Tehniki şertler” atly TDS 34028-2016 belgili döwletara standarty, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Öňünden çekdirilen demirbeton gurnawlaryny armirlemek üçin uglerod poladyndan sim. Tehniki şertler” atly TDS-7348-81* belgili 1, 2, 3, 4-nji üýtgetmeler bilen döwletara standarty, we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Armatura polat tanaplary 1х7. Tehniki şertler” atly TDS-13840-68* belgili 1, 2, 3-nji üýtgetmeler bilen döwletara standartlaryň talaplary boýunça taýýarlanylýan okly, simli we tanaply armaturany ulanmalydyr. Beýleki döwletleriň standartlary boýunça taýýarlanylýan, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň edaralarynda barlaghana synaglaryndan geçen armaturany ulanmaga rugsat berilýär.

Degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda, bellenilen tertipde, ygtyýarly edara tarapyndan sertifikatlaşdyrylan önümler ulanylmaga rugsat berilýär.

Iş armaturasy hökmünde çekdirilýän, şeýle hem öňünden çekdirilmeýän, üzülmeden soň deňölçegli otnositel uzaldylmasy 2 göterimden az bolan armatura prokadyny ulanmaga rugsat berilmeýär.

128. Merkezden daşary gysylan elementlerde, şeýle hem egrelýän elementleriň gysylan zolagynda hasaplanan seýsmiklik 8 we 9 ball bolanda, halkalar hasaplama boýunça şeýle aralyklarda goýulmalydyr: Rac  ≤  400 МPа (4000 kgs/sm2) bolanda – 400 mm-den uly bolmadyk we örme karkaslarda – 12 d-den uly bolmadyk, kebşirleme karkaslarda bolsa – 15 d-den uly bolmadyk aralykda; Rac ≥ 450 МPа (4500 kgs/sm2) bolanda – 300 mm-den uly bolmadyk we örme karkaslarda – 10 d-den uly bolmadyk, kebşirleme karkaslarda bolsa – 12 d-den uly bolmadyk aralykda, bu ýerde – gysylan uzaboýuna oklaryň iň kiçi diametri. Şunda kese armatura gysylan oklaryň olaryň islendik ugurdaky egrelmesinden berkidilmegini üpjün etmelidir.

Merkezden daşary gysylan elementleriň halkalarynyň arasyndaky aralyk iş armaturanyň kebşirlemesiz üst-üstüne seplenen ýerlerinde 8 d-den uly etmän kabul etmelidir.

Еger merkezden daşary gysylan elementiň uzaboýuna armaturasynyň kese kesiminiň jemlenen meýdany elementiň kese kesiminiň meýdanynyň 3 göteriminden geçýän bolsa, halkalar 8 d-den uly bolmadyk we 250 mm-den uly bolmadyk aralykda goýulmalydyr.

Örme karkaslarda halkalaryň uçlaryny uzaboýuna armaturanyň okunyň daşyndan egreltmek gerekdir we beton özeniniň içine halkanyň azyndan 6 içine salmak gerekdir.

129. Çarçuwalaryň gaty düwünlerine olaryň kesimleriniň bir ýarym esse beýikligine deň bolan aralykda ýanaşýan rigelleriň we sütünleriň meýdançalary hasaplanyp gurnalýan, emma 100 mm-den uly bolmadyk aralykda ýapyk kese armatura (halkalar) arkaly armirlenmelidir. Çarçuwanyň gabsasynda ýerleşen gatylyk diafragmasynyň ýanaşýan çarçuwalarynyň düwünlerinde sütünleriň we rigelleriň görkezilen meýdançalarynda halkalaryň aralyklary 200 mm-den ýokary geçmeli däldir.

130. Köp gatly karkas binalaryň demirbeton sütünlerinde kese armaturanyň uzaboýuna kesiminiň meýdanyny hasaplap kesgitlemelidir, emma 7, 8 we 9 ball hasaplanan seýsmiklikde sütüniň kese kesiminiň meýdanyndan azyndan, degişlilikde, 0,5, 0,8 we 1,2 göterim kabul etmelidir. Sütünleriň kesimlerini uzaboýuna armatura arkaly armirlemegiň maksimal göterimi 6,0 bolmalydyr.

8 we 9 ball hasaplanan seýsmiklikde köp gatly karkas binalaryň sütünlerinde halkalaryň aralyklary, bir ýüz ýigrimi sekizinji bölekde beýan edilen talaplardan daşary, ½ h-den ýokary geçmeli däl, gatylyk diafragmalarynyň sütünlere birleşýän ýerlerinde bolsa – h, ol ýerde h  –  sütüniň kese kesiminiň iň kiçi ölçegi. Ol ýagdaýda halkalaryň diametrini azyndan 8 mm kabul etmelidir.

131. Köp gatly karkas binalaryň ýygnama sütünleriniň elementlerini, mümkinçilige görä, birnäçe gatlara irileşdirmek gerekdir. Ýygnama sütünleriň seplerini egrelýän ýagdaýy kiçi bolan zolaklarda ýerleşdirmelidir. Sütünleriň uzaboýuna armaturasynyň kebşirlemesiz üst-üstüne seplenmegine rugsat berilmeýär.

132. Adaty (öňünden çekdirilmedik) armaturany kebşirlemekligi kebşirlemän, üst-üstüne sepleşýän ýerini kebşirläp, sepleýän mehaniki birleşdirijileri (presslenen muftalary, hyrly muftalary bolan sepleşmeleri we beýlekiler) ulanmak bilen rugsat berilýär.

Üst-üstüne goýmagyň uzynlygyny 7, 8 we 9 ball hasaplanan seýsmiklikde kadalar boýunça talap edilýän, degişlilikde, 10, 20 we 30 göterimlere çenli artdyrmalydyr. Kebşirlenilmän, üst-üstüne sepleşdirilýän armatura oklarynyň diametri çyzykly demirbeton elementler üçin 28 mm-den köp bolmaly däl, plastinaly elementler üçin – 20 mm.

Armatura oklarynyň kebşirlenilýän seplerini Türkmenistanyň çäginde hereket edýän TDS-14098-91 “Demir beton gurnawlaryň goýma bölekleri we armatura üçin kebşirlenýän birleşdirijiler. Ölçegler we gurnamalaryň görnüşleri” atly döwletara standartynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmelidir. S23-Рe görnüşli kebşirlenilýän sepleşmeleri çäklendirmelidir. 35 GS kysymly polatdan taýýarlanan A-III (А400) toparly armatura oklaryny duga görnüşli el bilen kebşirlemek arkaly sepleşdirmäge rugsat berilmeýär.

Sepleşdirýän mehaniki birleşdirijileri peýdalanyp sepleşdirmekligi degişli tejribe delillendirmeleriň bolan ýagdaýynda ulanmalydyr.

133. Seýsmiki täsirini hasaba almak bilen, agramlaryň aýratyn utgaşmasy üçin hasaplanan öňünden dartgylanan gurnawlarda, garyşyk armirlenen elementler ileri tutulmalydyr, şonda dartgylanan armatura bilen bilelikde iş armaturasynyň bir bölegini (25 göterimini) ýumşak polatdan edilen oklar düzýärler.

Kesimleriň berklik şertleri bilen kesgitlenilýän güýçler jaýryklar emele gelende kesimler arkaly kabul edilýän güýçlerden azyndan 25 göterim ýokary geçmelidir.

Seýsmikligi 9 ball düzýän hasaplanan meýdançalarda gurulýan binalarda we desgalarda ýörite ankerlerden peýdalanman, periodiki profilli 28 mm diametrli okly armaturany we armatura tanaplaryny ulanmaga rugsat berilmeýär.

Armatura betona salnanda, dartgylanan armaturany soňundan beton ýa-da ergin bilen bitewileşdirilýän ýapyk kanallarda ýerleşdirmek gerekdir.

 

IV bap. SEÝSMIKLIGI 9 BALLDAN ÝOKARY BOLAN MEÝDANÇALARDA 

GURLUŞYK IŞLERINI GEÇIRMEK


134. Seýsmikligi 9 balldan ýokary bolan meýdançalarda taslama işleri seýsmiki täsirleriň ululygyny peseltmek, binanyň düýbüni we gurnawlaryny güýçlendirmek boýunça çäreleriň toplumyny ulanmak bilen geçirilmelidir. Seýsmiki täsiriň ululygynyň peseldilmegini Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2005-nji 22-nji sentýabrynda çykaran МB-138 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Seýsmikligi 9 balldan ýokary bolan meýdançalarda gurulýan binalaryň we desgalaryň emeli esaslaryny (ýassyklary) taslamak we inženerlik taýdan taýýarlamak boýunça Gözükdiriji” atly Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda beýan edilen usul boýunça amala aşyrmaga rugsat berilýär.

135. Seýsmiki täsirleriň hasaplamalaryny şu Kadalaryň on dördünji bölegine laýyklykda spektral usulyýet boýunça ýa-da gurluşyk meýdançanyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen modelirlenen akselerogrammalar boýunça amala aşyrmaga rugsat berilýär (şu Kadalaryň 3-nji we 4-nji goşundylary).

Spektral usulyýet boýunça hasaplanylan ýagdaýynda, seýsmikligiň А koeffisiýentini aşakdaky kesgitleme boýunça hasaplamalydyr:


                                                                                                (16)

 

bu ýerde:

Ip

0,1 bala çenli takyklanan hasaplanan seýsmiklik, şol sanda “Seýsmikligi 9 balldan ýokary bolan meýdançalarda gurulýan binalaryň we desgalaryň emeli esaslaryny (ýassyklary) taslamak we inženerlik taýdan taýýarlamak boýunça Gözükdirijide” beýan edilen çäreleri geçirmek arkaly onuň peselmegini hasaba almak bilen.


136. Daşdan edilen gurnawlar on dokuzynjy bölege laýyklykda hasaplanylanda, dik seýsmiki agramyň bahasyny degişli statiki agramyň 30+20*(Ip–9) göterimine deň edip kabul etmelidir.

137. Seýsmiki täsirleriň ululygyny peseltmek boýunça çäreleriň toplumyny ulanman gurluşyklar geçirilende, şu aşakdaky talaplar ýerine ýetirilmelidir:

1) şu Kadalaryň 4-nji tablisasynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen binalaryň we desgalaryň gurluşygyna ýol berilmeýär, 4-nji tablisasynyň 4-nji we 5-nji bentlrinde görkezilen binalaryň we desgalaryň gurluşygy çäklendirilmelidir;

2) şu Kadalaryň 5-nji tablisasynyň 2-nji bendinde görkezilen gurnawçylyk ülňüleriň ulanylmagyna rugsat berilmeýär;

3) 9 bally meýdançalar üçin, binalaryň şu Kadalaryň 11-nji tablisasynda getirilenler bilen deňeşdirilen gatlylygy bir gat azaldylmalydyr;

4) göteriji diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalarda kese diwarlaryň oklarynyň arasyndaky aralyk 6 metrden köp bolmaly däldir. Şonda uzaboýuna we kese diwarlaryň galyňlygy birmeňzeş ýa-da azyndan 380 mm bolmalydyr;

5) uzynlygy 18 metrden uly bolan gatylyk özenli binalarda ýa-da aýrybaşga otaglarda azyndan iki sany gatylyk özenlerini gurnamalydyr.

138. Göteriji diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalar gurlanda, binalar örülende seýsmika durnuklylygy ýokarlandyrmak baradaky şu Kadalaryň ýetmiş bäşinji we ýetmiş altynjy bölekleriniň talaplaryna gollanmalydyr. Teýkarlary içine gurnawlary güýçlendirmegiň dik demirbeton elementleriniň (okjagazlaryň) armaturasyny ankerlemek bilen, demirbeton atanaklaýyn lentalar hökmünde göz öňünde tutmak gerekdir. Basyrgylary guýma demirbetonda gurnamak hödürlenilýär.

Diwarlary kerpiçden ýa-da daşdan örülen binalaryň basyrgylary üçin ýygnama demirbeton plitalary ulanylanda, soňkularyny soňundan bitewi guýlan parçalary döretmek bilen, çekip açma usuly arkaly ýerleşdirmeli, olaryň armaturasy seýsmika garşy guşaklara ankerlenýär. Bitewi guýlan parçalaryň kese kesiminiň ölçegleri, armirlenmegi we betonynyň topary hasaplanyp barlanylýar we seýsmika garşy guşaklar üçin niýetlenenlerden az edilmän kabul edilýär (şu Kadalaryň ýetmiş ikinji bölegi). Basyrgylaryň üsti boýunça galyňlygy azyndan 50 mm we topary В15-den pes bolmadyk betondan bolan armirlenen beton çekdirmäni göz öňünde tutmak gerekdir.


V bap. SEÝSMIKI SEBITLERDE BINALARYŇ WE DESGALARYŇ 

DURKUNY TÄZELEMEK WE OLARY DIKELTMEK


139. Şu babyň talaplary ýer titreme, beýleki tebigy we tehnogen täsirler tarapyndan zeper çeken binalar we desgalar dikeldilende, gurluşyk işleri duruzulan desgalaryň gurluşyklaryny dowam etmek baradaky mesele çözülende, şeýle hem göwrüm-meýilnama ülňüleriň we agram salmalaryň üýtgemegi sebäpli binalaryň we desgalaryň durky täzelenende berjaý edilmelidir.

140. Gurluşygy dikeltmek, dowam etmek ýa-da binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaklyk ýöriteleşdirilen gurama tarapyndan ýerine ýetirilýän desganyň tehniki barlagynyň esasynda amala aşyrylýar.

Вarlagyň wagtynda desganyň aşakdaky ýagdaýlaryna baha berilýär ýagny:

1) ýer titreme wagtynda opurylan ýagdaýynda binanyň iş babatyndaky maksady we jogapkärçiligi (şu Kadalaryň 4-nji tablisasy);

2) desganyň taslama edilen we gurulan kadalary, gurnama-meýilleşdiriş çözgüdi, gurnawlarynyň seýsmika garşy güýçlendirmeleriniň bolmagy, seýsmika durnuklylygyň toparlanmasy boýunça binanyň görnüşi Gurnama çözgüdi boýunça binalaryň klasifikasiýasy (şu Kadalara 5-nji goşundy);

3) MSK-64 şkalanyň toparlanmasy boýunça zeper ýeten derejesi Gurnama çözgüdi boýunça binalaryň klasifikasiýasy (şu Kadalara 5-nji goşundy) we gurnawlarynyň tehniki ýagdaýy (Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda 1174 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda çykaran МВ-156 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň we desgalaryň tehniki ýagdaýyna baha bermek hem-de gurnawlaryny we esaslaryny güýçlendirmek boýunça Gözükdiriji” atly TGK 3.03.05-18 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary);

4) binanyň düýpliliginiň häsiýeti, ulanyş möhletiniň tamamlanmagy fiziki we maddy taýdan könelişmegi Gurnama çözgüdi boýunça binalaryň klasifikasiýasy (şu Kadalara 5-nji goşundy);

5) seýsmiki häsiýetler boýunça düýbündäki teýgumlaryň derejesi we desganyň ýerleşýän ýerinde meýdançanyň seýsmikligi (şu Kadalaryň SME kartalary ýa-da 1-nji tablisasy).

141. Zeper ýetirilen binalar we desgalar üçin, şeýle hem gurluşygy tamamlanmadyk desgalar üçin tehniki barlaglaryň we tehniki-ykdysady deňeşdirmeleriň esasynda şu aşakdaky çözgütler kabul edilýär:

1) desganyň gurnawlaryny ulanyşa girizmeklige ýa-da gurluşygy duruzmagyň wagtyna laýyk gelýän kadalaşdyrylan talaplaryň we hasaplanan seýsmikligiň ilkibaşdaky derejesine çenli dikeltmek barada;

2) kadalaşdyrylan talaplary we hasaplanan seýsmikligi artdyrmagyň tarapyna üýtgän derejä çenli güýçlendirmek bilen, desganyň gurnawlaryny dikeltmek barada;

3) tehniki iş topary tarapyndan teklip edilen beýleki usullary (gatlaryny azaltmak, ulanyş maksadyny üýtgetmek we beýlekiler) ulanmak bilen, dikeltmek barada;

4) desgany dikeltmegiň maksadalaýyk dälligi we ony ýumurmak barada.

142. Binany (desgany) dikeltmek, güýçlendirmek ýa-da ýykmak baradaky çözgüt degişli ýokary guramalar bilen ylalaşylyp, desganyň eýesi tarapyndan kabul edilýär.

Zeper ýetirilen desgalary ilkibaşdaky derejä çenli dikeltmekligi ýa-da gurluşygy duruzylan desgalaryň gurluşygyny, gurnama ülňülerini üýtgetmän tamamlamaklygy öň işlenip düzülen taslamalaryň esasynda amala aşyrmaga rugsat berilýär.

Gurnawlaryny has ýokary derejä çenli güýçlendirip ýa-da desgalary beýleki gurnawçylyk üýtgetmeler arkaly dikeltmekligi täzeden işlenip düzülýän taslamalaryň esasynda, gurnawlary güýçlendirýän düwünleriň tehniki çözgütleriniň elementleri bilen we täze kadalaşdyryjy talaplar üçin gaýtadan hasaplamak arkaly amala aşyrmalydyr.

Binany (desgany), şol sanda gurluşygy tamamlanmadyklary ýykmak baradaky mesele, ony ulanmagyň zerurlygyndan, ulanmagyň (gurluşygyny duruzmagyň) möhletini hasaba almakdan, fiziki, ahlak we maddy taýdan könelişmegini, dikeltmegiň usullary üçin çykdajylary ykdysady taýdan deňeşdirmekden ugur alyp çözülmelidir.

Desga, düzgün bolşy ýaly, eger dikeltmek boýunça harajatlar häzirki wagtda desganyň bahasyndan 50 göterim ýokary geçýän bolsa, ýykylmaga degişlidir (onuň sökülmegi üçin harajatlary hasaba almazdan).

143. Seýsmiki sebitlerde binalaryň (desgalaryň) gaýtadan dikeldilmegi taslama guramasy tarapyndan işlenip düzülýän we bellenilen tertipde ylalaşylan gaýtadan dikeltmek boýunça taslamanyň esasynda amala aşyrylmalydyr.

Gaýtadan dikeldilende, goşmaça gatlary, beýik parapetleri gurmak, gatlarynda goşmaça aralyk diwarlaryny gurnamagyň hasabyna binanyň agramyny artdyrmak, pollarynda we basyrgylarynda goşmaça stýažkalary gurnamak, gatlarynda agyr abzallary ýerleşdirmek hödürlenilmeýär.

Karkasyň (sütünleriň we rigelleriň), şeýle hem basyrgylardan dik agramlary we binanyň massasyndan kese seýsmiki agramlary kabul edýän göteriji diwarlaryň elementlerini sökmäge ýa-da kesimlerini azaltmaga rugsat berilmeýär.

Öz-özüni göterýän, şol sanda gatylyk diafragmalary hökmünde çykyş edýän, binanyň massasyndan kese seýsmiki agramlary kabul edýän diwarlarda goşmaça yşlary gurnamaga rugsat berilýär. Şonda goşmaça yşlaryň gurnalan wagtynda diwaryň galan bölegi diwaryň taslamadaky görnüşi bilen deň berkligine we gatylygyna çenli güýçlendirilmeliir. Ony demirbeton ýa-da armosement gatlary diwaryň galan böleginiň iki üstüne hem çalyp ýerine ýetirmelidir. Diwaryň uzaklaşdyrylan bölegini demirbeton çarçuwasy bilen çalşyrmaga rugsat berilýär.

144. Bar bolan binalaryň we desgalaryň gurnawlarynyň güýçlendirilmegini, meýdançanyň seýsmikliginiň ýokarlanmagy we taslamagyň kadalarynyň hasaplama-gurnawçylyk talaplarynyň üýtgemegi sebäpli, eger desganyň jogapkärlik derejesi üýtgemeýän bolsa, onuň gurnawlary bolsa özüniň göterijilik ukybyny peseldýän zeperleri we deformasiýalary bolmasa, geçirmezlige rugsat berilýär.

145. Bar bolan we täzeden gurlan binalar we desgalar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Binagärçilik we gurluşyk işleriniň hiline gözegçilik edýän Milli Komitetiniň 2000-nji ýylyň awgust aýynyň 09-na 16-MK belgili karary bilen tassyklanan “Ýaşaýyş, jemgyýetçilik we edara ediş binalaryň we desgalaryň enjamlaýyn ýagdaýyna baha bermek we olary pasportlaşdyrmak boýunça usuly gollanmasyna” we binanyň pasportyna laýyklykda pasport resmileşdirmek gerekdir.


VI bap. BINALARYŇ WE DESGALARYŇ SEÝSMIKI ÜZŇELIGI


146. Seýsmikligi 9 we >9 ball sebitlerde gurulýan ýokary jogapkärlik derejesi bolan desgalar (şu Kadalaryň birinji we ikinji bölekleriniň, 4-nji tablisasy), şeýle hem 60 metrden beýik binalar we aralyklary 50 metrden uly bolan desgalar seýsmiki üzňelik ulgamlaryny peýdalanyp taslanmalydyr. Buýrujynyň talaby boýunça, seýsmiki üzňelik ulgamlary beýleki jogapkärlik derejeli binalar we desgalar üçin, şeýle hem seýsmikligi 9 balldan pes bolan meýdançalarda hem ulanylyp bilner.

147. Seýsmiki üzňelik ulgamlaryny desganyň gurnaw çözgüdine we maksadyna, gurluşygyň görnüşine (täze gurluşyk, durkuny täzelemek, güýçlendirmek), şeýle hem gurluşyk meýdançasynyň seýsmiki we toprak şertlerine baglylykda seýsmiki üzňelik we (ýa-da) dempfirleýän gurluşlaryň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak bilen göz öňünde tutmalydyr.

148. Seýsmiki üzňelik ulgamlary ulanylan binalary we desgalary, düzgün bolşy ýaly, seýsmiki häsiýetleri boýunça I we II derejeli topraklarda gurmalydyr. III derejeli topraklarda gurluşyk geçirmegiň zerurlygy ýüze çykanda, ony esasyndaky topraklaryň häsiýetlerini II derejä üýtgetmäge mümkinçilik berýän inženerçilik çäreleri bilen utgaşdyryp ýerine ýetirmelidir (şu Kadalaryň ellinji bölegi).

149. Seýsmiki üzňelik ulgamlary ulanylan binalary we desgalary taslamak işleri, ýörite tehniki şertler boýunça we şol görnüşli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýarnamasy bolan ýöriteleşdirilen guramanyň ylmy taýdan gatnaşygynda ýerine ýetirilmelidir.

150. Seýsmiki üzňelik ulgamlary ulanylan binalaryň we desgalaryň hasaplamasyny seýsmiki agramlar boýunça, şeýle hem ulanmagyň ýaramlylygy boýunça ýerine ýetirmelidir.

Seýsmiki agramlaryň hasaplanan intensiwligi SME kartalary boýunça kabul edilýän gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligi arkaly, olaryň bolmadyk ýagdaýynda –

Şu Kadalaryň 1-nji tablisasy boýunça kabul edilýär. Seýsmikligi > 9 ball bolan meýdançalarda hasaplanan seýsmiklik 0,1 ball gradasiýa bilen takyklaşdyrylýar.

151. Seýsmiki üzňelik ulgamlary bolan binalaryň we desgalaryň ulanyş ýaramlylygy boýunça hasaplamasyny dik statiki we şemaldan düşýän agramlaryň täsiri boýunça ýerine ýetirmelidir. Seýsmiki üzňeligiň elementleriniň bozulmagyna rugsat berilmeýär.

152. Seýsmiki üzňelik ulgamlary bolan binalaryň we desgalaryň seýsmiki agramlar boýunça hasaplamasyny göni dinamiki hasaplama arkaly ýerine ýetirmeli (şu Kadalaryň on birinji böleginiň 2-nji bendi). Şonda gurluşyk meýdançasyna mahsus bolan hakyky akselerogrammalary ulanmak gerekdir, olaryň bolmadyk ýagdaýynda bolsa – mümkinçilige görä, meýdançanyň seýsmogeologiki şertlerini hasaba alyp, şol desga üçin has howply bolan, bellenilen balyň çäklerinde emeli akselerogrammalary generirlemeli Seýsmiki täsirleri modelirlemek we  Göni dinamiki hasaplamalar üçin akselerogrammalar (şu Kadalara 3-nji we 4-nji goşundylar). Hasaplamalar К1 = 1 koeffisiýentinde, seýsmiki üzňeligiň elementlerinde çeýe däl deformasiýalaryň ösmeginiň mümkinçiligini we çyzykly däl häsiýetleri hasaba almaga ýardam berýän häzirki zaman hasaplama maksatlaryny ulanmak bilen amala aşyrylmalydyr. Seýsmiki üzňelik ulgamlarynyň gatylyk we dempfirleme häsiýetleri olaryň tehniki maglumatlary arkaly kesgitlenilýär.

153. Seýsmiki üzňelik ulgamlary bolan binalaryň we desgalaryň hasaplamasyny dempfirlenmäni hasaba alman, spektral usulyýet (şu Kadalaryň on birinji böleginiň 1-nji bendi) boýunça amala aşyrmaga rugsat berilýär. Ol ýagdaýda К1 koeffisiýentini 3-nji tablisa boýunça kabul etmeli, seýsmiki täsirleri hasaba almak bilen jemlenen güýçleri bolsa şu Kadalaryň 10-njy kesgitlemesi boýunça hasaplamalydyr.

154. Şu Kadalaryň Bir ýüz elli ikinji bölegi boýunça ýerine ýetirilýän hasaplamalarda seýsmiki üzňeleýän ulgamyň gurnawynyň göterijilik ukyby, şeýle hem ýokary derejeli keseleýin süýşmelerde desganyň ýa-da onuň bölekleriniň umumy durnuklylygynyň barlagy geçirilýär. Üzňelik ulgamynyň her bir elementi ýokary derejeli keseleýin süýşmelerde ýokary derejeli statiki dik agramlary kabul eder ýaly taslanmalydyr.

Bir ýüz elli üçünji bölek boýunça ýerine ýetirilýän hasaplamalaryň netijeleri boýunça, binalaryň we desgalaryň göteriji we kömekçi elementleri gurnalýar.

155. Binalaryň we desgalaryň seýsmiki üzňelik ulgamyny, düzgün bolşy ýaly, desganyň binýadynyň we ýerüsti böleginiň arasynda ýerleşdirmelidir. Degişli delillendirmäniň esasynda seýsmiki üzňeligi islendik ýerüsti gatynyň derejesinde ýerleşdirmäge rugsat berilýär.

156. Binalaryň we desgalaryň binýatlary, düýpleri we binýatlary taslamak boýunça kadalaryň talaplaryna laýyklykda taslanmalydyr.

Seýsmiki üzňelik ulgamlarynyň aşagyndaky binýatlar lenta görnüşinde, aýratyn sütünleriň görnüşinde, rostwergli pürsler bilen we ş.m. bolup bilerler. Aýratyn sütünleriň görnüşinde bolan binýatlar bir-birleri bilen gaty baglanyşlar arkaly birleşdirilen bolmalydyr.

157. Üzňelere täsiri düşýän keseleýin we dik seýsmiki agramlaryň deň ölçegli bölünip berilmegini üpjün etmek üçin, olaryň üstünde pürsleriň gaty ulgamyny göz öňünde tutmalydyr. Ýokarky pürsleriň ulgamy desganyň ýerüsti bölegi bilen berk birleşdirilen bolmalydyr. Pürsleriň ýokarky ulgamynyň gurnaw elementlerinde aýlawly pursatlaryň döremegine rugsat berilmeýär.

158. Seýsmiki üzňelik agzalan elementleriň biriniň ýa-da birnäçesiniň ýa-da olaryň toplumlarynyň: üzňeleriň, dempfirleýän gurluşlaryň, şemaldan düşýän täsirlere garşy gurluşlaryň, süýşmeleri çäklendirýän gurluşlaryň ulanylmagy bilen taslanyp bilner.

Seýsmiki üzňelik gurluşlarda jemlenen dempfirleme 9 balldan pes, 9 ball we 9 balldan ýokary hasaplanan seýsmiklikde iň howply derejeden azyndan, degişlilikde 6, 10 we 15 göterim düzmelidir.

Desganyň seýsmiki üzňelenen bölekleriniň bir-birine görä hasaplanan süýşmeleri seýsmiki üzňeleýän gurluşlaryň rugsat berilýän hereketinden 1,3 esse az bolmalydyr.

159. Üzňeleri bir derejede ýerleşdirmek gerekdir. Мeýilnamada üzňelik ulgamlaryny gurnamagyň ýerlerini binanyň konfigurasiýasyny we dik agramlaryň bölünmegini hasaba almak bilen, deňe-deň ýerleşdirmeli. Göteriji diwarlaryň aşagynda seýsmiki üzňeleriň arasyndaky aralyk, düzgün bolşy ýaly, 3 metrden ýokary geçmeli däl. Bir sany direg elementinde üzňeleriň birnäçesi gurnalanda, iki sany üzňeleriň arasyndaky aralyk olaryň gurnalmagyny we çalşyrylmagyny üpjün etmelidir.

160. Üzňeleýän gatda gurnalýan şemaldan düşýän agrama garşy gurluşlar binanyň perimetri boýunça simmetriki we deňölçegli ýerleşdirilen bolmalydyr.

161. Üzňeligi bolan desganyň we daşyny gurşap alýan direg diwarlaryň arasyndaky iň kiçi aralyk desganyň seýsmiki üzňeligiň üstünde ýerleşen böleginiň bir ýüz elli ikinji bölek boýunça hasaplanan iň ýokary süýşmesinden az bolmaly däldir.

162. Desganyň üzňelenen böleginiň we binýatly böleginiň arasynda gurnawlaryň elementlerine zeper ýetirmän, islendik ugurdaky süýşmeleri üpjün etmek üçin, gulluk kommunikasiýalaryna (turbageçirijilere we kabellere) çeýe birleşdirmeler we kompensatorlar seýsmiki üzňäniň derejesinde girizmelidir.

Seýsmiki üzňelik ulgamynyň ähli elementlerine işgärleriň gözegçilik etmekleri we çalşyrmaklary üçin erkin barmagyny üpjün etmelidir.

163. Üzňelik ulgamynyň oda durnuklylyk derejesi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda çykaran МВ-65 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda beýan edilen desgalaryň ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

164. Seýsmiki üzňelik ulgamly binalar we desgalar üçin üzňelik ulgamynyň monitoringini yzygiderli geçirmek, ulgama gözegçilik etmek we ulanmak boýunça gözükdiriji işlenip düzülmelidir, ol gözükdiriji onuň ýaly işleri ýerine ýetirmäge rugsady bolan edarada saklanmalydyr.

165. Monitoring ulgamy ulanyş döwründe, şeýle hem gurluşygyň tapgyrynda hereket etmelidir. Gurnalýan tapgyrda monitoring ulgamy gurnawyň elementlerinde we seýsmiki üzňelemede naprýaženiýeleriň we süýşmeleriň ölçenilmegini, toplanylmagyny we seljerilmegini üpjün etmelidir. Binanyň ulanylan döwründe – desganyň gurnawlarynda we düýbünde haýaljykdan bolup geçýän kemçilikler we destruktiw prosesler baradaky maglumatyň toplanylmagyna ugrukdyrylmalydyr (uzak möhletleýin monitoring).

Uzak möhletleýin monitoringiň barşynda binanyň öz yranmalarynyň parametrleriniň gurallar arkaly ýazgylaryny gurap geçirmeli. Barlaglaryň wagtynda alnan yranmalaryň häsiýetleri hasaplanyp alnan derejelerden tapawutlanan ýagdaýynda, seýsmiki üzňelik ulgamyny sazlamalydyr.


VII bap. INŽENER-SEÝSMOMETRIKI GÖZEGÇILIGINI GURAMAK

 

166. Inžener-seýsmometriki gözegçiligini guramak maksady – ýer titremeleriň we beýleki tebigy we tehnogen faktorlaryň täsir eden ýagdaýynda, dürli gurnama gurluşy bar bolan we dürli inžener-seýsmometriki häsiýetleri bolan topraklarda ýerleşen binalara we desgalara gözegçiligi guramak bolup durýar.

Gözegçilikde alnan netijeler seýsmika durnukly binalary we desgalary taslamagyň we gurmagyň derejesini ýokarlandyrmak, ulanylýan desgalaryň tehniki ýagdaýyna baha bermek, ýer titremeleriň netijelerini çaklamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halkara inžener-seýsmometriki gözegçilik ulgamyna girişmegi üçin gerekdir bolan inžener-seýsmometriki maglumatlaryň binýadyny döretmek we ösdürmek üçin esas bolup durýar.

167. Inžener-seýsmometriki gözegçilikler binalarda we desgalarda gurnalýan inžener-seýsmologiki gullugynyň (mundan beýläk - ISG) kömegi bilen amala aşyrylýar. ISG stansiýalarynyň ölçeg abzallary gönüden-göni binanyň öňünde toprakda we binanyň basyrgylarynda ýerleşdirilýär we yranmalaryň ýygylyk häsiýetlerini bellige alýar.

Inžener-seýsmometriki gözegçilikler bilen bilelikde, binanyň göteriji gurnawlarynyň berklik we deformasiýa häsiýetleriniň inžener-tehniki barlaglary amala aşyrylýar. Onuň ýaly çemeleşme binanyň seýsmiki täsirine hakyky duýgurlygyny ölçemäge, binanyň hakyky tehniki ýagdaýyna, şeýle hem bina ulanylanda gurnawlarynyň materialynyň berklik we deformasiýa häsiýetlerinde seýsmiki üzňelik ulgamlarynyň gurnawlarynyda öz içine almak bilen bolup geçýän üýtgemelere baha bermäge mümkinçilik berýär.

168. Binalarda we desgalarda ISG stansiýalaryny gurnamaklyk şu Kadalaryň 9-njy bölegi boýunça amala aşyrylýar. ISG stansiýalaryny ýerleşdirmek niýetlenilýän binalaryň we desgalaryň taslamalarynda ölçeg gurallarynyň we abzallarynyň ýerleşdirilmeli ýerleri meýilleşdirilen bolmalydyr. Gurluşyk işleriniň çykdajy sanawynda ISG stansiýalaryny häzirki döwür inžener-seýsmometriki toplumlary we aragatnaşyk serişdeleri bilen abzallaşdyrmak üçin edilýän çykdajylar görkezilmelidir.

169. ISG beketleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzümindäki akkreditatasiýalaşdyrylan barlaghanalar tarapyndan ulanylýar. ISG beketlerini gurmak, abzallaşdyrmak we ulanyşa girizmek boýunça çykdajylar seýsmiki sebitleriň öz-özüni dolandyrýan ýerli edaralarynyň büjetlerinde göz öňünde tutulmalydyr.

170. Inžener-seýsmometriki gözegçilik ulgamynyň baş buýrujysy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bolup durýar, ol özüniň ylmy, barlag we taslama edaralary tarapyndan aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) ISG stansiýalaryny ýerleşdirmek üçin gurluşyk desgalaryny saýlamak;

2) ýörite tehniki şertler boýunça ISG stansiýalarynyň taslamalaryny işläp düzmek;

3) ISG stansiýalaryny ulanmak we ölçemeleriň maglumatlaryny toplamak;

4) seýsmometriki gözegçilikleriň eýýäm hereket edýän ulgamlary bilen maglumat taýdan bilelikdäki işleriň geçirilmegini üpjün etmek;

5) taslamagyň we gurmagyň täze usullaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak, şäherleriň çäklerini mikroetraplaşdyrmak boýunça kartalary döretmek maksady bilen, maglumatlaryň bankyny guramak;

6) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň ýöriteleşdirilen bölümlerini seýsmiki howpy çaklamak we azaltmak üçin gerekdir bolan inžener-seýsmometriki gözegçilikleriň maglumatlary bilen üpjün etmek.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda 1375 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.