Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 07-nji awgustynda çykaran MB-100 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2008-nji ýylyň 24-nji noýabrynda çykaran MB-234 belgili buýrugy 

bilen tassyklanylan, «Şäher gurluşygy. Şäherleri we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de gurmak» atly TGK 2.07.01-08 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna goşmaça girizmek hakynda

 

«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 476 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Şäher gurluşygy. Şäherleri we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de gurmak» atly TGK 2.07.01-08 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2008-nji ýylyň 24-nji noýabrynda çykaran MB-234 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, «Şäher gurluşygy. Şäherleri we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de gurmak» atly TGK 2.07.01-08 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 2-nji goşundysynda jetwelden soň şu görnüşde beýan edilen «Bellik» diýen bölegi goşmaly:

«Bellik: Ýerli şertlere görä, bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdanynyň kemelen ýagdaýynda, umumybilim berýän mekdepleriň bölünip berlen ýer böleginiň 320 orunlykda -2,0 ga; 640 orunlykda -2,4ga; 960 we ondan köp orunlykda -2,8 ga möçberde kabul etmeklige ýol berilýär.».

2.  Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary Ç.Ahmedow gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                                R.Gandymow«

tanyň gurluşyk


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda 1373 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.