“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 21-nji iýulynda çykaran 72 belgili buýrugy

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalaryň içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplary tassyklamak barada


“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň on dördünji bendine laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalaryň içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplary tassyklamaly (goşulýar).

2. Pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalar şu buýruk bilen tassyklanan Talaplaryň güýje giren wagtyndan başlap, bir aýdan gijä galman, içerki gözegçilik kadalaryny kabul etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasarlary, Agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň we Agentligiň paýly jemgyýetleriniň ýolbaşçylary gözegçilik etmeli. 


Başlyk                                                                         H.Hudaýgulyýew


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet

ministrliginiň ýanyndaky Maliýe 

gözegçiligi gullugynyň başlygy                                    D.Halbaýew

«21» iýul 2020 ý.


«Türkmenaragatnaşyk»

agentliginiň başlygynyň

2020-nji ýylyň 21-nji iýulynda

çykaran 72 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalaryň içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalaryň içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar (mundan beýläk - Talaplar) “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň (mundan beýläk-Kanun) 4-nji maddasynyň on dördünji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen içerki gözegçilik kadalaryna (mundan beýläk - Içerki gözegçilik kadalary) bildirilýän talaplary kesgitleýär.

2. Şu Talaplar pullary geçirmek boýunça hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrýan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan pullary geçirmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama berlen ýuridik şahsyň we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçilere (mundan beýläk-ygtyýarnamalylar), “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryna we Agentligiň paýly jemgyýetlerine  (bilelikde mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahslar) degişlidir.

3. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan Kanuna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara we şu Talaplara laýyklykda  Içerki gözegçilik kadalary işlenilip düzülýär, kabul edilýär we ýerine ýetirilýär.

4. Amallary amala aşyrýan şahslar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen şu Talaplaryň güýje giren wagtyndan başlap, iki aýdan gijä galman, Içerki gözegçilik kadalaryny we olary amala aşyrmagyň maksatnamalaryny işläp düzýärler, şeýle hem ol kadalaryň we maksatnamalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler. Kabul edilen Içerki gözegçilik kadalarynyň nusgasy “Türkmenaragatnaşyk” agentligine iberilýär.

5. Içerki gözegçilik kadalary şu Talaplara hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

6. Amallary amala aşyrýan şahslar özi tarapyndan tassyklanylýan Içerki gözegçilik kadalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmegine gözegçilik edilmegini üpjün edýär.


II bap. Içerki gözegçilik kadalarynyň maksatnamalary


7. Içerki gözegçilik kadalary:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket edilmegine gönükdirilen işleriň guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär;

2) içerki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, amallary amala aşyrýan şahslaryň ýolbaşçysynyň we işgärleriniň borçlaryny we olaryň hereketleriniň tertibini belleýär;

3) içerki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, borçlary ýerine ýetirmegiň möhletlerini hem-de şol borçlaryň berjaý edilmegine jogap berýän taraplary kesgitleýär.

8. Içerki gözegçilik kadalary içerki gözegçiligi amala aşyrmak boýunça aşakda görkezilen maksatnamalary özünde jemleýär:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasyny;

2) müşderiniň töwekgelçiligini we tehnologik gazananlary peýdalanmagyň töwekgelçiligini hem goşmak bilen, hyzmatlaryň jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagynyň töwekgelçiligini hasaba alýan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini dolandyrmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk - töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasy);

3) müşderileri, müşderileriniň wekillerini we (ýa-da) benefisiarlary barabarlamagyň maksatnamasyny (mundan beýläk - barabarlamagyň maksatnamasy);

4) müşderileriň çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da adaty bolmadyk beýleki amallaryny (geleşiklerini) hem goşmak bilen müşderileriň amallaryna (geleşiklerine) gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasyny  (mundan beýläk - müşderiniň amallaryna gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasy);

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça amallary amala aşyrýan şahslaryň işgärlerini taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk - işgärleri taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasy);

6) maglumatlary resminama arkaly bellemek we jemlemek maksatnamasyny;

7) ýerine ýetirilmeli işleriň tertibinde amallary wagtlaýyn togtatmak maksatnamasyny (mundan beýläk – amallary togtatmak boýunça maksatnamasy);

8) hökmany gözegçilige degişli diýlip hasaplanýan amallary hem-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly alamatlary bolan amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk – amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasy);

9) Içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda ygtyýarnamalylar tarapyndan işlenip düzüljek gaýry maksatnamalary.

9. Içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda içerki gözegçiligi ýerine ýetirmek boýunça jogapkär wezipeli adama (mundan beýläk - wezipeli adam) hukuklar we borçlar bellenilýär.

10. Içerki gözegçilik kadalary ýuridik şahsyň ýolbaşçysy, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçiniň bolsa özi tarapyndan tassyklanylýar.

11. Içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasy aşakda görkezilen şertleri göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülmelidir:

1) amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan jogapkär adamyň (ygtyýarnamaly fiziki şahs özi jogapkär adam bolup durýar) bellenilmeginiň tertibi;

2) ygtyýarnamaly taraplaryň içerki gözegçilik ulgamynyň düşündirişi.

12. Töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasynda müşderiniň barabarlanmagy boýunça talaplary göz öňünde tutmak arkaly, müşderiniň töwekgelçilik bilen bagly derejesine (ýagdaýyna) baha bermegiň we bellemegiň kadalary aşakda görkezilen halatlarda kesgitlenmelidir:

1) müşderini hyzmat etmäge kabul edilmezinden öň;

2) müşderä hyzmat etmekligiň barşynda (amallary (geleşikleri) amala aşyrmagyň çäklerinde);

3) Içerki gözegçilik kadalarynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

13. Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem müşderileriň amallarynda, işiniň häsiýetinde we görnüşinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek maksadynyň ýokary töwekgelçilik alamatlary barabarlamak maksatnamasynda ýüze çykarylan maglumatlaryň esasynda anyklanylýar.

14. Töwekgelçilikleri dolandyrmak maksatnamasy müşderileriň amallarynda (geleşiklerinde) töwekgelçiligiň ýagdaýyna (derejesine) baha bermek, olardaky üýtgemelere soňky gözegçilik işlerini geçirmek maksady bilen yzygiderli we döwürleýin gözegçiligi amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

15. Barabarlamak maksatnamasy müşderiniň, onuň wekiliniň we (ýa-da) benefisiaryň barabarlanylmagy üçin geçirilmeli çäreleri şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) müşderi, onuň wekili we (ýa-da) benefisiar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda müşderini hyzmat etmäge kabul edilmezinden öň Kanunyň 5-nji we     6-njy maddalarynda bellenilenlere laýyklykda alnan maglumatlary we bu maglumatlaryň ygtybarlydygyny barlamak;

2) Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulanlara görä esaslandyrylan we mümkin bolan çylşyrymly ýagdaýlarda benefisiary barabarlamak we aýdyňlaşdyrmak ugrunda kabul edilen çärelerde, şol sanda görkezilen eýeler bilen tanyşlyk gatnaşyklary ýola goýmak we kabul edilen maglumatlaryň ygtybarlylygyny barlamak;

3) müşderiniň, onuň wekiliniň we (ýa-da) benefisiaryň terrorçylygy maliýeleşdirmäge gatnaşygy hakynda, Kanunyň 13-nji maddasyna gabat gelýän delilleriň gelip gowuşmagynda olaryň hakykatdan hem barlygyny ýa-da ýoklugyny barlamak;

4) Kanunyň 9-njy maddasyna laýyklykda hyzmat edilip duran we hyzmat edilmäge kabul edilen fiziki şahslaryň daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň hataryna degişliligini anyklamak;

5) müşderiniň geçirýän amallarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly töwekgelçiligine baha bermek bilen, onuň  ýagdaýyny (derejesini) kesgitlemek;

6) müşderileriň, olaryň wekilleriniň we (ýa-da) benefisiaryň barabarlamagyň netijesinde alnan maglumatlary täzeläp durmak.

16. Barabarlamak maksatnamasynda amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderileri, olaryň wekillerini we (ýa-da) benefisiary barabarlamak maksatnamasynda, şu Talaplaryň onunjy böleginde göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmakda, ýüze çykaran delilleri (maglumatlary) bellemegiň we jemlemegiň, şeýle hem olary täzelemegiň usullary göz öňünde tutulýar.

17. Müşderini barabarlamak maksatnamasynda Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen müşderi barada kabul edilen maglumatlara gönükdirilen geçirilmeli çäreleri göz öňünde tutulýar.

Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda aşakda görkezilen çäreler göz öňünde tutulmalydyr:

1) Kanunyň 5-nji maddasyna laýyklykda, hökmany gözegçilige degişli amallary;

2) Kanunyň 10-njy we 11-nji maddalaryna laýyklykda, maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge degişli bolan amallary;

3) müşderi tarapyndan adaty bolmadyk uly ýa-da görnüp duran ykdysady manysy ýa-da görünýän kanuny maksady bolmadyk amallaryň, has takygy olar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmek maksadyna gönükdirilmegi bilen bagly şübhe döredýän, şübheli amallaryň alamatlaryny anyklamagy;

4) Müşderiniň amala aşyrýan amallarynyň şübheli diýlip yglan edilmegi baradaky çözgüt ygtyýarnamaly taraplar müşderiniň maliýe ýagdaýy we işewürlik abraýy esasynda, onuň wekiliniň we (ýa-da) benefisiaryň abraýyny häsiýetlendirýän maglumatlaryň esasynda çözgüt kabul edilmegi;

5) ygtyýarnamaly taraplaryň Kanunda we şu Talaplarda bellenilenlere baglylykda hökmany gözegçilige degişli bolan amallaryň (geleşikleriň) ýüze çykarylmagy bilen, mundan beýläk geçiriljek işler babatynda ýörite wezipeli adama (ýörite wezipeli adamyň işini hususy telekeçiniň özbaşdak ýerine ýetiren ýagdaýlary hasaba almazdan) soňky netijä gelmek üçin habarly etmegiň tertibi.

18. Müşderiniň amallaryna gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasynda müşderi barada maglumatlaryň toplanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Şunda müşderiniň işewürlik abraýy ähli ýygnalan maglumatlara esaslanmak arkaly berlen bahany aňladýar.

19. Maglumatlary resminama arkaly bellemek we jemlemek maksatnamasy Kanuna, şeýle hem Içerki gözegçilik kadalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen delilleri (maglumatlary) kabul etmegiň we kagyz we (ýa-da) beýleki göterijilerde berkitmegiň tertibini göz öňünde tutýar.

20. Maglumaty resminama arkaly bellemek we jemlemek maksatnamasynda ýazyp bellemek üçin şular baradaky maglumatlar göz öňünde tutulýar:

1) hökmany gözegçilige degişli amal baradaky;

2) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrylmak, terrorçylygy maliýeleşdirilmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirilmek maksady bilen amala aşyrylýandygy babatda şübhe döredýän amal baradaky;

3) amalyň adaty bolmadyk häsiýetlidigini görkezýän ölçegleriň we (ýa-da) alamatlaryň haýsy-da bolsa birine eýe bolan amal baradaky;

4) müşderiniň amallaryna gözegçilik etmegiň we olary maksatnama berjaý edilende äşgär edilen amal baradaky.

21. Maglumatlary resminama arkaly bellemek we jemlemek maksatnamasy Kanunyň 11-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda işlenip düzülýär, amallary amala aşyrýan şahslaryň şu talaplarda bellenip geçilen hökmany gözegçilige degişli hem-de delilleri özünde jemleýän amallaryň (geleşikleriň) ýüze çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

22. Amallary togtatmak boýunça maksatnamasy şulary özünde jemleýär:

1) Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda pullary geçirmek boýunça hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly amallary geçirmekden ýüz döndermegi we olary togtatmagy amala aşyrýan hereketleriň tertibini;

2) pullary geçirmek boýunça hyzmatlary etmek bilenbagly amallarda Kanunyň 13-nji maddasynda görkezilen fiziki ýa-da ýuridik şahslary ýüze çykarmagyň tertibini;

3) pullary geçirmek boýunça hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly amallary wagtlaýyn togtatmak bilen bagly amallar barada ygtyýarly guramalara habar bermegiň tertibini;

4) amaly wagtlaýyn togtatmak baradaky görkezmäniň esasynda pullary geçirmek boýunça hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly amallary geçirmegiň mümkin däldigi barada müşderini habardar etmegiň tertibini.

23. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ugrunda işgärleri taýýarlamak we okatmak maksatnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzülýär.


III bap. Içerki gözegçiliginiň gurnalyşyny barlamak


24. Içerki gözegçiligiň gurnalyşyny barlamaklyk amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan Kanunyň talaplarynyň berjaý etmegini, Içerki gözegçilik kadalaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen gözegçiligi durmuşa geçirmekligi üpjün edýär.

25. Içerki gözegçilik barlagy Kanunyň talaplaryna, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara we kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda yzygiderli ýagdaýda ýöne, ýylda 1 (bir) gezekden ýygy bolmazlyk şertinde geçirilýär.

26. Amallary amala aşyrýan şahslara geçirilen barlagyň netijesinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky kanunçylygyna, Içerki gözegçilik kadalaryna we gaýry guramaçylyk-düzgünleşdiriş resminamalara degişli ähli ýüze çykarylan düzgün bozmalary özünde jemleýän hasabat düzülýär. Şeýle hem, bu hasabatda barlagyň netijesinde ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmäge gönükdirilen alyp barmaly anyk çäreleri we olary aradan aýyrmagyň möhletleri bellenilýär.


IV bap. Jemleýji düzgünler


27. Müşderiniň maglumatlaryny we onuň bilen hat alyşmalary hem goşmak bilen müşderiniň talabalaýyk barlagynyň netijeleri müşderiler bilen işjeň gatnaşyklaryň bes edilen gününden 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk möhlete amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan saklanylmaga degişlidir.

28. Maglumatlary saklamakda olaryň ygtybarly we öz wagtynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň çäginde rugsat edilen ygtyýarly edarasyna şeýle hem beýleki döwlet edaralaryna elýeterliligini üpjün ediler ýaly şertler göz öňünde tutulmaly.

29. Içerki gözegçilik kadalarynda içerki gözegçiligi amala aşyrylýan döwründe, alnan maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek, şeýle hem ygtyýarnamalylar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu ugurdaky çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

30. Içerki gözegçiligiň kadalary beýleki kanunçylyk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa şu talaplaryň güýje giren senesinden 2 (iki) aýdan gijä galman ygtyýarnamaly taraplar tarapyndan Kanuna laýyk getirlip taýýarlanmalydyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 14-nji awgustynda 1369 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.