Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili 

B U Ý R U G Y


Ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak

boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek hakynda


Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizmeli.

2. Şu buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan gününden herekete girizmeli.

3. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmeli.

4. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy ýurdumyzda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli.



Ministr                                                                              N.Amannepesow


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1371 bellige 

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.