Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran 29-iş belgili buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran 29-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 5-nji

sentýabrynda çykaran 42-iş belgili  buýrugyna we şol buýruk

bilen tassyklanan, Jenaýatçylykly  ýol bilen  alnan  girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we  terrorçylygyň  maliýeleşdirilmegine garşy

hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki  gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplaryna üýtgetmeleri girizmek barada

 

 

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda 1265 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda çykaran 42-iş belgili buýrugynyň we şol buýruk bilen tassyklanan, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplarynyň adynda we mazmunynda “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine” diýen salgylanmany “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine” diýen salgylanma bilen çalşyrmaly;

2. Şol buýruk bilen tassyklanan, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplarda:

1) on birinji böleginiň 2-nji bendinde “müşderiniň ekstremistik işe ýa-da terrorçylyga,” diýen sözleri “Kanuna laýyklykda alynýan müşderiniň ekstremistik işe ýa-da terrorçylyga, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

2)  ýigrimi altynjy bölegiň 1-nji bendinde “14-nji maddasyna” diýen sözleri “5-nji, 131, 14-nji maddalaryna” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

3) otuzynjy böleginiň 1-nji bendinde “14-nji maddasynda” diýen sözleri “13, 131, 14-nji maddalarynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

4) otuz birinji böleginiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

“1) Kanunyň 13-nji maddasynda ýa-da 131-nji maddasynda göz öňünde tutulan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawlara goşulandygy barada ygtyýarly edaradan maglumatlary almagyň tertibi;”

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplara girizilen goşmaçalary we üýtgetmeleri degişli amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmeli we olara Içerki gözegçilik kadalaryny kanunçylyga laýyk getirmekligi tabşyrmaly.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe, ministrligiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň, welaýat adalat bölümleriniň, Aşgabat şäher we welaýat döwlet notarial edaralarynyň, Aşgabat şäher we welaýat adwokatlar kollegiýalarynyň ýolbaşçylaryna tabşyrmaly.

 

Ministr                                                                              B.Muhamedow

 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri                                                         E.Annamuhammedow  

«08» iýun 2020-nji ýyl

Türkmenistanyň Maliýe we 

ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky 

Maliýe gözegçiligi gullugynyň başlygy                            D.Halbaýew     

«08» iýun 2020-nji ýyl



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda 1345 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.