«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykaran 133-iş belgili buýrugy

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykaran 133-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň

Tertibini tassyklamak hakynda


«Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni, bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.


Başlyk                                                                                     M.Hojagulyýew


«Türkmenstandartlary» baş döwlet

gullugynyň başlygynyň

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde

çykaran 133-iş belgili buýrugy bilen

 tassyklanyldy


Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak, ýerasty baýlyklar we zähmeti goramak boýunça düzgünleri, düzgünnamalary, gollanmalary, usulyýet görkezmeleri, kadalary we maslahatlary (mundan beýläk – kadalaşdyryjy resminamalar) işläp düzmegiň, kabul etmegiň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Kadalaşdyryjy resminamalar önümi (ulanyşda bolmadygy), işleri we hyzmatlary öndürýän ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan işlenilip düzülýär we tassyklanylýar.

3. Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, kabul etmek, bellige almak, üýtgetmek we ýatyrmak standartlaşdyrmak hem-de sertifikatlaşdyrmak ulgamlarynda önümiň (ulanyşda bolmadygyň), işleriň we hyzmatlaryň, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň we daşary ýurt tejribäniň häzirki zamanda gazanan netijelerine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

4. Şu Tertibiň talaplary «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyň (mundan beýläk - Gulluk) we onuň garamagyndaky edaralaryň hem-de kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýän we tassyklaýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.

5. Şu Tertipde ulanylýan adalgalar «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen manyda ulanylýar.


II bap. Kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenilip düzülmegine, kabul edilmegine we bellige alynmagyna bildirilýän talaplar


6. Kadalaşdyryjy resminamalar şu aşakdaky ýagdaýlarda işlenip düzülýär:

1) guramaçylyk-usulýet we umumy tehniki häsiýetli standartlaşdyrmagyň obýektlerine talaplar şol obýektlere degişli standartlar işlenip düzülýänçä tejribede barlaga degişli bolan ýagdaýlarda;

2) usullaryň guramaçylyk-usulýet we umumy tehniki degişli standartlarynyň talaplary doldurylanda;

3) guramaçylyk-usulýet häsiýetli talaplar standartlaşdyrmagyň obýektleri bolmadyk ýagdaýlarynda (standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak, ýerasty baýlyklar we zähmeti goramak guramalaryň we gulluklaryň ygtyýarlygyny belleýän standartlaşdyrmak boýunça gollanma resminamalar, standartlaşdyrmak, metrologiýa boýunça işleri meýilnamalaşdyrmagyň tertibi barada standartlaşdyrmak boýunça gollanma resminamalar we ş. m.).

Kadalaşdyryjy resminamalaryň kadalarynda hereket edýän standartlaryň talaplarynyň gaýtalanmagyna ýa-da olaryň talaplaryna çapraz gelmegine ýol berilmeýär.

7. Kadalaşdyryjy resminamalar Gullugyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 29-njy oktýabryndaky 1/137 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Döwlet standartlaryny işläp düzmegiň, ylalaşmagyň, tassyklamagyň we hasaba almagyň tertibine» TDS 1.1-2015, Gullugyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 14-nji iýulyndaky 1/142 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Standartlaryň düzülişine, beýan edilişine, resmileşdirişine we mazmunyna bildirilýan talaplar» TDS 1.5-2016, Gullugyň başlygynyň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky 281-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan «Standartlaşdyrmak boýunça düzgünleri, düzgünnamalary, gollanma resminamalary, usulyýet görkezmeleri, kadalary we maslahatlary işläp düzmegiň, ylalaşmagyň we tassyklamagyň tertibine» TDS 1.9-2017 laýyklykda işlenip düzülýär.


III bap. Kadalaşdyryjy resminamalary we olara girizilýän üýtgetmeleri kabul etmegiň hem-de bellige almagyň tertibi


8. Kadalaşdyryjy resminamalaryň we olara girizilýän üýtgetmeleriň gutarnykly görnüşiniň taslamasyny degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylýar.

Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzüji ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalaryň ornaşdyrylyşynyň seljermesiniň we gyzyklanma bildirýän fiziki we ýuridik şahslaryň teklipleriniň esasynda, olaryň tejribede ulanylyşyny hasaba almak bilen, kadalaşdyryjy resminamalara üýtgetmeleri girizmek boýunça işler amala aşyrylýar.

9. Hereket edýän standartlara üstüni doldurma hökmünde işlenip düzülen kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalarynyň gutarnykly görnüşi şol resminamalary tassyklan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler bilen ylalaşylýar.

10. Eger-de, kadalaşdyryjy resminamalary we olara girizilýän üýtgetmeleri işläp düzüji ýuridik şahslaryň ýokarda durýan edarasy bar bolsa, onda olar kadalaşdyryjy resminamanyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasynyň seljermesini geçirip, taslamany ýokarda durýan edarasyna tassyklamaga ugratmak barada çözgüdi kabul edýärler ýa-da kadalaşdyryjy resminamanyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasyny tassyklatmaga ugratmak barada çözgüdi standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetler tarapyndan kabul edilýär.

11. Kadalaşdyryjy resminamalary we olara girizilýän üýtgetmeleri işläp düzüji ýuridik şahslar tarapyndan özleriniň ýokarda durýan edarasyna taslamasynyň gutarnykly görnüşini tassyklamaga üç nusgada, ýagny iki dilde (döwlet we rus dillerinde) hödürlenilmelidir hem-de onuň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulmalydyr:

1) ýuridik şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen ugradyş haty;

2) düşündiriş haty;

3) kadalaşdyryjy resminamanyň ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasynyň degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan ylalaşyk hatlaryň asyl nusgalary.

12. Ýuridik şahslar tarapyndan ýokarda durýan edarasyna şu Tertibiň on birinji bölegine laýyklykda hödürlenen resminamalar şol edara tarapyndan hödürlenen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda seredilip, kadalaşdyryjy resminamany ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeleri tassyklamak ýa-da tassyklamakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.

Ýuridik şahsyň ýokarda durýan edarasy tarapyndan kadalaşdyryjy resminamany ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeleri tassyklamak hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, şol kadalaşdyryjy resminama ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeler ýuridik şahsyň ýokarda durýan edarasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen tassyklanylyp, degişli kadalaşdyryjy resminamanyň sanawyna girizmek arkaly bellige alynýar, şeýle hem bu barada kadalaşdyryjy resminamanyişläp düzüji ýuridik şahsa 3 (üç) iş gününiň dowamynda habar edilýär.

Eger-de, ýuridik şahsyň ýokarda durýan edarasy tarapyndan kadalaşdyryjy resminamany ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeleri tassyklamakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, bu barada kadalaşdyryjy resminamany işläp düzüji ýuridik şahsa kadalaşdyryjy resminamany ýa-da oňa girizilýän üýtgetmeleri tassyklamakdan ýüz dönderilmeginiň sebäbi görkezilip, 2 (iki) iş gününiň dowamynda habar edilýär.

Ýokarda durýan edarasy bolmadyk ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň degişli kadalaşdyryjy resminamalary ýa-da olara girizilýän üýtgetmeleri olaryň özleri tarapyndan şu Tertibe laýyklykda seredilýär we tassyklanylyp, bellige alynýar.

13. Standartlaşdyrmak boýunça pudaklaryň gollanma resminamalary ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan tassyklanylýar. Standartlaşdyrmak boýunça döwlet gollanma resminamalary Gulluk tarapyndan tassyklanylýar.

14. Standartlaşdyrmak boýunça gollanma resminamalary Gulluga Türkmenistanyň beýleki ministlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde tassyklamaga ygtyýar berilýär.

15. Kadalaşdyryjy resminamalaryň hereket edýän möhleti çäklendirilmezden hem-de çäkli möhletlerde tassyklanylýar.

Guramaçylyk-usulyýet ýa-da umumy tehniki standartlaşdyrmak obýektlerine bildirilýan talaplar tejribe görnüşinde barlanmaly halatynda, işlenip düzülýän kadalaşdyryjy resminamalar çäklendirilen möhlete tassyklanylýar.

Çäklendirilen möhlete tassyklananda kadalaşdyryjy resminamanyň hereket ediş möhletiniň gutarýan pursatyna çenli, ony tassyklan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler şu aşakdaky çözgütleriň birini kabul edýärler:

1) kadalaşdyryjy resminamanyň hereket ediş möhletini uzaltmak barada;

2) kadalaşdyryjy resminamanyň hereket ediş möhletiniň gutarýandygy barada;

3) kadalaşdyryjy resminamanyň deregine standartyň işlenip düzülmelidigi barada;

4) kadalaşdyryjy resminamany ýatyrmak barada.

16. Kadalaşdyryjy resminamaýa-da oňa girizilýän üýtgetmeler tassyklananda, onda herekete girizmegiň senesi kesgitlenilýär.

17. Gullugyň düzüm birlikleri tarapyndan işlenip düzülen kadalaşdyryjy resminamalaryň we olara girizilýän üýtgetmeleriň taslamalary 30 (otuz)  iş gününiň dowamynda seljerilip, Gullugyň buýrugy bilen tassyklanandan soňra, Gullukda ýöredilýän degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet sanawyna girizmek arkaly, bellige alynýar.

Bellige alnan kadalaşdyryjy resminamalary we olara girizilen üýtgetmeleri iki dilde (döwlet we rus), ýagny iki asyl nusgada Gullugyň Türkmen standartlary maglumat merkeziniň Kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet gaznasyna tabşyrylýar.


IV bap. Kadalaşdyryjy resminamalary ýatyrmagyň tertibi


18. Kadalaşdyryjy resminamalaryň ýatyrylmagy, şu Tertibiň III babyna laýyklykda olary tassyklan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

19. Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzüji ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan kadalaşdyryjy resminamany ýatyrmak hakyndaky teklibiň ýanyna şu aşakdakylar goşulýar:

1) ýatyrylýan kadalaşdyryjy resminamanyň deregini tutjak resminama baradaky maglumat ýa-da kadalaşdyryjy resminamany çalşyrman ýatyrmak hakyndaky maglumat;

2) kadalaşdyryjy resminamany ýatyrmak hakynda meselesiniň ylalaşylandygyny tassyklaýan asyl nusgadaky resminamalar.

20. Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzüji ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan şu Tertibiň on dokuzynjy böleginde görkezilen resminamalar berlen gününden 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýatyrylýan senesini görkezmek bilen, kadalaşdyryjy resminamany ýatyrmak hakynda buýruk çykarylyp, kadalaşdyryjy resminamanyň ýatyrylandygy barada degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawynda bellik edilýär.

21. Kärhanalara (edaralara) kadalaşdyryjy resminamalaryň üýtgetmeleri we ýatyrylmalary baradaky maglumat bermegiň tertibi kadalaşdyryjy resminamanyň üýtgetmesini we ýatyrylmagyny tassyklan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan bellenilýär.


V bap. Jemleýji düzgünler


22. Gulluk we onuň garamagyndaky edaralary hem-de eýeçiligiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenilip düzülmegi, kabul edilmegi, bellige alynmagy, şeýle hem üýtgetme girizilmegi we ýatyrylmagy boýunça berlen ähli maglumatlaryň we resminamalaryň dogrulygyna, şeýle-de şu Tertibiň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçiligi çekýärler.

23. Şu Tertipde göz öňüne tutulan kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenilip düzülmegi, kabul edilmegi, bellige alynmagy, şeýle hem üýtgetme girizilmegi we ýatyrylmagy boýunça resminamalary seljermek hem-de seljermeler boýunça netijeleri kabul etmek işleri Gullugyň kadalaşdyryjy resminamalaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

24. Şu Tertipde kesgitlenmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny goldanylýar.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda 1331 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.