Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 142-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 142-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Sport eminleri hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada


“Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Sport eminleri hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                              D.Gulgeldiýew


Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

 syýasaty ministriniň

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde

çykaran 142-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy



Sport eminleri hakynda 

Düzgünnama

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Sport eminleri hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de sport eminlerine hünär derejesini bermegiň tertibini we bu derejeleri bermek üçin dalaşgärlere bolan hünär talaplarynyň mazmunyny, şeýle hem sport eminleriniň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýär.

2. Sport emini – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesini alan, sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga sport ýaryşynyň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan fiziki şahs.

3. Türkmenistanda sport eminlerine şu aşakdaky hünär derejeleri dakylýar:

1) milli derejeli sport emini;

2) birinji derejeli sport emini;

3) ikinji derejeli sport emini;

4) üçünji derejeli sport emini;

5) sport boýunça emin.

4. Sport emini üçin her sportuň görnüşine baglylykda hünär talaplar bellenilýär, şol hünär talaplar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) tarapyndan tassyklanylýar.


II bap. Sport eminlere hünär derejeleri bermek boýunça hödürlenilýän resminamalary seljermek hem-de hünär synagyny geçirmegiň tertibi


5. Sport eminlerini hünär synagyna hödürlemek üçin bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan degişli tertipde Ministrlige olar babatda degişlilikde şu görkezilen resminamalar hödürlenilýär:

1) “Sport boýunça emini”, “Üçünji derejeli sport emini”, “Ikinji derejeli sport emini” we “Birinji derejeli sport emini” diýen hünär derejeleriň berilmegi üçin:

a) sport eminiň pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň nusgasy;

b) hünär talaplaryna laýyklykda beriljek degişli hünär derejesiniň şertleriniň ýerine ýetirilendigi hakynda maglumatlar, ýagny sport eminiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesinden göçürmesi;

2) “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesiniň berilmegi üçin:

a) pasportyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň nusgasy;

b) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de bedenterbiýe we sport guramalaryň hünär derejesini bermek boýunça hödürnamasyna hünär talaplaryna laýyklykda “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesiniň şertleriniň ýerine ýetirilendigi hakynda maglumatlar, ýagny sport eminiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesinden göçürmesi.

6. Ministrlik tarapyndan sport eminleri babatynda hödürlenilen resminamalaryň we maglumatlaryň dolulygy hem-de dogrulygy şol resminamalaryň hödürlenen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda barlanylýar.

Hödürlenilen resminamalar göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilmedik ýa-da resminamalaryň doly bolmadyk toplumy berlen, resminamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda resminamalar toplumy 3 (üç) iş gününiň dowamynda bedenterbiýe we sport guramasyna hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryna düzetmek üçin yzyna gaýtarylýar.

7. Resminamalar talabalaýyk hödürlenen ýagdaýynda, Ministrlik tarapyndan şol resminamalar hödürlenen gününden başlap 2 (iki) iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň buýrugy bilen döredilen Sport eminleriniň hünär synagyny geçirmek boýunça topara (mundan beýläk - Topar) geçirilýär.

8. Sport eminleriniň hünär derejeleri şu Düzgünnamanyň degişli hünär derejeleriniň talaplaryny ýerine ýetirenlerinden soňra berilýär. Toparyň mejlisi zerurlygyna görä geçirilýär. 

9. Hünär synagyna goýberilýändigi barada sport eminlerine degişlilikde bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň üsti bilen, hünär synagyny geçirmegiň güni, wagty we ýeri barada habar berilýär.

Hünär synagyna esasly sebäpler bolmazdan gatnaşmadyk ýa-da gatnaşmazlygynyň esasy sebäplerini tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda, sport emini hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar hem-de Topar tarapyndan hünär synagyndan geçmändigi barada çözgüt kabul edilýär.

Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada sport eminlerinee degişlilikde bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň üsti bilen ýazmaça görnüşinde Toparyň kätibi tarapyndan 2 (iki) iş gününiň dowamynda habar edilýär.

10. Hünär synagyny geçirmegiň senesi şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde sport emini gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) sport emini tarapyndan hünär synagynyň başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarynda.

11. Hünär synagy, synaga goýberilen sport emini bilen sorag-jogap görnüşinde geçirilýär.

12. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar.

Ses berlen mahaly synagdan geçýäniň iş döwri, iş tejribesi, häsiýetnamasy we hödürnamasy, zehini, şeýle hem eger alan bolsa, ozalky alan hünär derejesi nazara alynýar.

13. Topar tarapyndan sport eminine hünär derejesini bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär. Toparyň çözgüdi teswirnama görnüşinde resmileşdirilýär.

14. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri tarapyndan tassyklanylýar.

15. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1) hünär synagyna sport emin gatnaşmasa;

2) sport emini, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;

3) sport emini hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.


III bap. “Birinji derejeli sport emini”, “Ikinji derejeli sport emini”, “Üçünji derejeli sport emini” we “Sport boýunça emin” diýen hünär derejelerini bermegiň tertibi


16. “Sport boýunça emin”, “Üçünji derejeli sport emini”, “Ikinji derejeli sport emini” we “Birinji derejeli sport emini” diýen hünär derejeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sportuň ugurlaryny ykrar etmegiň tertibine laýyklykda ykrar edilen we Sport görnüşleriniň döwlet sanawyna girizilen sport görnüşine görä berilýär.

17. Sport eminlerine hünär derejelerini bermegiň yzygiderlilik ýörelgesi berjaý edilmelidir, ýagny:

1) “Sport boýunça emin” diýen hünär derejesi bolmadyk sport emini “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejä;

2) “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolmadyk sport emini “Ikinji derejeli sport emini” diýen hünär derejä;

3) “Ikinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolmadyk sport emini “Birinji derejeli sport emini” diýen hünär derejä;

4) “Birinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolmadyk sport emini “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejä hödürlenilmeýär.

18. “Sport boýunça emin” diýen hünär derejesi:

1) eminlik boýunça geçirilýän okuwlara gatnaşan;

2) sportuň görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilişiniň düzgünini bilýän;

3) sport mekdeplerinde geçirilen sport ýaryşlarynda iki gezek eminlik, iki gezek baş kätiplik we bir gezek baş eminlik eden fiziki şahsa berilýär.

19. “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi:

1) “Sport boýunça emin” diýen hünär derejesi bolan;

2) eminlik boýunça geçirilýän taýýarlyk seminarlara gatnaşan;

3) sport mekdeplerinde, ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynda hem-de welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde geçirilýän sport ýaryşlarynda iki gezek eminlik, iki gezek baş kätiplik we bir gezek baş eminlik eden fiziki şahsa berilýär.

20. “Ikinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi:

1) “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolan;

2) eminlik boýunça geçirilýän taýýarlyk seminarlara gatnaşan;

3) sport mekdeplerinde, ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynda hem-de welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde geçirilýän sport ýaryşlarynda iki gezek eminlik, iki gezek baş kätiplik we bir gezek baş eminlik eden fiziki şahsa berilýär.

Bu hünär dereje “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi berlen gününden başlap bir ýyldan az bolmadyk wagt geçenden soň berilýär.

21. “Birinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi:

1) “Ikinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolan;

2) eminlik boýunça geçirilýän taýýarlyk seminarlara gatnaşan;

3) welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň geçiren ýaryşlarynda iki gezek eminlik, iki gezek baş kätiplik we bir gezek baş eminlik eden fiziki şahsa berilýär.

Bu hünär dereje “Ikinji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi berlen gününden başlap iki ýyldan az bolmadyk wagt geçeninden soň berilýär.

22. Topar tarapyndan sport eminine hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri tarapyndan hünär derejesini bermek hakynda buýruk kabul edilýär. Hünär derejesini beren Ministrlik tarapyndan sport emininiň alan hünär derejesine görä hünär dereje depderçesi hakynda şahadatnamasy we nyşany berilýär.


IV bap. “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesini bermegiň tertibi


23. “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bellenilen tertipde ykrar edilen we Sport görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilen sport görnüşlerine görä, sportuň görnüşleri boýunça Milli federasiýalaryň hem-de bedenterbiýe we sport guramalaryň hödürlemegi boýunça Ministrlik tarapyndan berilýär.

24. “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesiniň berilmegi üçin, hökmany:

1) “Birinji derejeli emini” hünär derejesi bolan;

2) Türkmenistanyň çempionatynda, birinjiliginde ýa-da kubogynda eminlik eden;

3) eminlik boýunça geçirilýän taýýarlyk seminarlara gatnaşan;

4) sportuň görnüşleri boýunça Milli federasiýalary hem-de bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan geçirilýän synagda nazary we fiziki taýýarlyk boýunça bellenilen kadalary ýerine ýetiren fiziki şahsa berilýär.

25. Topar tarapyndan sport eminine “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri tarapyndan “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesini bermek hakynda buýruk kabul edilýär. “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejesi berlen sport eminlerine Ministrlik tarapyndan hünär dereje depderçesi hakynda şahadatnama we nyşany berilýär.


V bap. Sport eminlere bildirilýän hünär talaplar


26. Sport eminlere bildirilýän hünär talaplary şu Düzgünnamada bellenilenlere laýyk gelmelidir.

27. Hünär talaplary  şu aşakdakylary özünde jemleýär:

1) sportuň görnüşleri boýunça hünär derejesini bermegiň şertlerini:

a) yzygiderlilik boýunça alynmaly hünär derejäniň berilmegi üçin sport ýaryşlarynda ýerine ýetirmeli sport eminligiň möçberi we oňa baha berlişini;

b) teoriýa taýdan taýýarlygy geçmegiň we hünär synagyny tabşyrmagyň şertlerini;

ç) geçiren sport eminlik seminarlarynyň möçberi, şeýle-de beýleki usulyýet (metodiki) işlerine gatnaşandygy barada maglumatlaryny (şu Düzgünnamanyň on ýedinji bölegine laýyklykda yzygiderlilik ýörelgesine görä talap edilýän hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin);

d) sportuň görnüşi boýunça eminlik eden iş döwri barada maglumatlary (talap edilýän hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin);

e) hünär derejesini ýokarlandyrmagyň tertibini, şertlerini we hünär derejäniň yzygiderliligi, şeýle hem hünär derejesini tassyklatmak üçin gaýtadan taýýarlamagyň we hünär synagyny geçirmek barada maglumatlary;

ä) fiziki taýýarlyk boýunça bellenilen kadalary (hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin);

2) geçirilýän sport çäräniň hukuk ýagdaýyna we sport emininiň hünär derejesine baglylykda, sport eminlerini ýaryşyň baş eminler toparyna girizmekligiň şertlerini;

3) sport eminleriniň hünär derejesine baglylykda, olaryň Türkmenistanyň çempionatlarynda, birinjiliklerinde we kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlarda wekilçilik etmeginiň şertlerini;

4) sportuň eminlik hünärini ýokarlandyrmagyň tertibini we şertlerini;

5) bellenilen sport görnüşine laýyklykda sport eminlik wezipesi üçin olaryň ýerine ýetirýän borçlaryny we wezipelerini;

6) ýaryşlaryň baş eminlik toparyny döretmegiň tertibini, düzümini we möçberini;

7) sport eminleriniň meselelerine seredýän edarany döretmegiň tertibini we onuň işiniň reglamentini;

8) sport eminlerini höweslendirmegiň we düzgün-nyzam temmi çärelerini ulanmagyň tertibini we şertlerini;

9) şu Düzgünnama çapraz gelmeýän beýleki zerur bolan hünär talaplaryny.

28. Ýaryşlara eminlik etmeklige sportuň görnüşine görä Ministrlik tarapyndan tassyklanylýan, Hünär talaplara laýyklykda hünär synagyndan geçen sport eminler goýberilýär.

29. Hünär talaplary baradaky maglumatlar Ministrlige iki nusgada, şeýle hem elektron görnüşde hödürlenilýär.

30. Tassyklanan hünär talaplar Ministrligiň ýörite saýtynda ýerleşdirilýär.

31. Ministrlik tarapyndan tassyklanan Hünär talaplar ýok bolan ýagdaýynda, şol sportuň görnüşi boýunça hünär derejeleri berilmeýär.


VI bap. Sport eminleriniň hukuklary we borçlary


32. Sport eminleriniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) özüniň hünärine, eminlik kärine we hünär derejesine baglylykda ýaryşlarda eminlik etmäge, döşe dakylýan eminlik nyşanyny, şeýle hem eminlik emblemasyny dakynmaga;

2) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de bedenterbiýe we sport guramalarynyň tabşyrmaklary boýunça seminarlary we gözükdiriji işlerini geçirmäge (bu “Sport boýunça emini” diýen hünär derejesi we “Üçünji derejeli sport emini” diýen hünär derejesi bolan sport eminlerine degişli däldir);

3) eminlik kitapçasynyň (şahadatnamasynyň) nusgasyny bermek hakynda haýyşnama bilen ýüz tutmaga;

4) Hünär talaplaryna laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyrmak hakynda haýyşnama bilen ýüz tutmaga.

33. Sport emini şu aşakdakylara borçludyr:

1) sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

2) sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) düzgünlerini bilmäge, olaryň talaplaryny ýerine ýetirmäge, eminlik tärlerini bilmäge we olary tejribede dogry ulanmaga;

3) eminligi hünärli we ýalňyşlyga ýol bermän alyp barmaga, ýaryşlaryň netijelerine täsir etjek ýalňyşlyklary aradan aýyrmaga, şeýle hem ýaryşlaryň gidip duran wagtynda ýüze çykýan soraglary obýektiw we öz wagtynda çözmäge;

4) ýaryşa gatnaşyjylara we tomaşaçylara sypaýy, hoşniýetli we mylaýym bolmaga hem-de şol ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmaga;

5) ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) düzgünleriniň, düzgün-nyzamyň berjaý edilmegini, ýaryşa gatnaşýanlar, tälimçiler we wekilçilik edýänler tarapyndan düzgün bozulmalaryň we gödekligiň öňüni almaga;

6) eminlik hünäriniň derejesini ýokarlandyrmaga, öz bilimini we tejribesini beýleki sport eminler bilen paýlaşmaga, sport boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmaga;

7) ýaryş hakyndaky düzgünnamada (dessurda) bellenilen sport eminleriniň borçlaryny ýerine ýetirmäge;

8) hünär derejesinden mahrum edilende, eminlik kitapçasyny (şahadatnamasyny) we nyşanyny olary beren edara yzyna gaýtarmaga.

Sport eminleriniň hukuklary we borçlary sport görnüşine görä Ministrlik tarapyndan tassyklanan, Hünär talaplarynda hem bellenilip bilner.


VII bap. Sport eminlerini hünär derejesinden mahrum etmegiň we şol derejeden peseltmegiň, şeýle hem sport eminligini ýerine ýetirmekden wagtlaýyn çäklendirmegiň tertibi


34. Sport eminleri öz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýa-da bolmalysy ýaly ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, ol hünär derejesinden mahrum edilip ýa-da peseldilip, şeýle hem sport eminligini ýerine ýetirmekden wagtlaýyn çäklendirilip bilner.

35. “Sport boýunça emini”, “Üçünji derejeli sport emini”, “Ikinji derejeli sport emini” we “Birinji derejeli sport emini”, “Milli derejeli sport emini” diýen hünär derejeleri bolan sport eminleriniň sport eminligini  ýerine ýetirmekden wagtlaýyn çäklendirmek hakynda çözgüdi sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de bedenterbiýe we sport guramalarynyň hödürlemegi boýunça Ministrlik tarapyndan kabul edilýär.

36. Sport eminleriniň hünär derejesini peseltmek hakynda çözgüt sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de bedenterbiýe we sport guramalaryň hödürlemegi boýunça Ministrlik tarapyndan kabul edilýär.

37. Sport eminleri peseldilen hünär derejeleri üçin bildirilýän hünär talaplary we şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda, olara şol hünär derejeleri şu Düzgünnama laýyklykda umumy esaslarda gaýtadan berlip bilner.

38. Hünär derejesinden mahrum edilen sport eminlerine hünär derejeler gaýtadan şu Düzgünnama laýyklykda “Sport boýunça emini” diýen hünär derejesinde başlamak bilen berilýär.

39. Eger-de, sport emini sport eminligini ýerine ýetirmekden 1 (bir) ýyldan az bolmadyk möhlete mahrum edilen bolsa, onda ol agzalan möhlet gutarandan soň ýaryşlara sport eminlik wezipesine hünär synagyndan geçenden soň goýberlip bilner.

40. Hünär derejelerinden peseldilen ýa-da mahrum edilen sport eminler hakynda maglumatlary Ministrlik tarapyndan 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna habar berilýär.

41. Hünär derejelerinden peseldilen ýa-da mahrum edilen sport eminleri hakynda maglumatlar sport emininiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesine girizilýär.


VIII bap. Sport eminleriniň eminlik işlerini hasaba almak


42. Sport eminleriniň ýerine ýetiren işlerini hasaba almak sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary hem-de bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

43. Sport emininiň ýerine ýetiren işleri sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary hem-de bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan olaryň sport emininiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçä resmileşdirilýär.

44. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary hem-de bedenterbiýe we sport guramalary eminleriň alyp barýan işini hasaba almagyny kämilleşdirmek maksady bilen, olaryň sport emininiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesinden başga-da beýleki maglumat göteriji enjamlary ulanyp bilerler.

45. Eger-de, sport emininiň ýaşaýan ýeri üýtgän ýagdaýynda, onuň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesinde hasaba almak täze göçüp baran ýerindäki sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary hem-de bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

46. Eger-de, sport emininiň ýerine ýetiren işini hasaba alýan depderçesi ýitirilen, ogurlanan ýa-da ulanylyp bolmajak başga ýagdaýa getirilen bolsa, onda sport eminiň arzasy esasynda, Ministrlik tarapyndan şol depderçäniň nusgasy berilýär.

47. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar hem-de bedenterbiýe we sport guramalary hünär synagyndan geçen sport eminleriniň sanawyny ýöredýärler.


IX bap. Sport eminleriniň halkara işi


48. Sport eminleri halkara ýaryşlarynda eminlik etmek üçin gatnaşdyrylyp we hödürlenip bilner.

49. “Milli derejeli sport emini” sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan “Halkara derejeli emin” hünär derejesini almak üçin halkara federasiýalara hödürlenip bilner.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda 1330 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.