“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran 40-Ö belgili buýrugy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň

2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran 40-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda

 

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustyndaky 13180-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberlerine we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11350-nji karary bilen tassyklanan, Awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1699-njy kararyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak barada Gözükdirijini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýurgyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.


Başlyk                                                                                             O.Suhanow

 

 “Türkmenawtoulaglary”

agentliginiň başlygynyň

2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde

çykaran 40-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini

Ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak boýunça

Gözükdiriji

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri guramak barada Gözükdiriji (mundan beýläk - Gözükdiriji) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11350-nji karary bilen tassyklanan, Awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama, şeýle hem, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda cykaran 1699-njy kararyna laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanda awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işi hakynda ygtyýarnamany bermegiň, ygtyýarnama goşmaça girizmegiň, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmagyň, togtatmagyň, dikeltmegiň, möhletinden öň bes etmegiň we ony ýatyrmagyň şertlerini kesgitleýär.

2. Şu Gözükdirijiniň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar ulanylýar:

1) ygtyýarnamanyň talaplary we şertleri–işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda ygtyýarnamaly (ygtyýarnamanyň dalaşgäri) tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň we şertleriň jemi;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri–ygtyýarnamanyň  berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi hakynda arza bilen ygtyýarlylandyryjy edara ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

3) ygtyýarnamaly – ygtyýarnama alan fiziki ýa-da ýuridik şahs.

3. Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmaga “Türkmenawtoulaglary” agentligi (mundan beýläk – Agentlik) tarapyndan berlen ygtyýarnamalaryň esasynda fiziki we ýüridik şahslaryň amala aşyrmaga hukugy bardyr.


II bap. Ygtyýarnamany bermegiň, ygtyýarnama goşmaça girizmegiň, 

onuň hereketini uzaltmagyň tertibi

 

4. Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmaga bolan hukuk degişli ygtyýarnamanyň alnan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen ýitirilýär.

5. Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin berilýän ygtyýarnamanyň görnüşi ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň amala aşyrmaly hyzmatynyň görnüşine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleriniň “Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylýan işiň kiçi görnüşi” diýen sütünine esaslanyp kesgitlenilýär.

6. Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin berilýän ygtyýarnama 3 ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet kanunçylykda bellenen tertipde gysgaldylyp ýa-da uzaldylyp bilner.

7. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri Agentlige ygtyýarnamany berilmek, onuň hereketini uzaltmak barada arza bilen ýüz tutýar.

8. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama berilmegini sorap ýazan arzasynda işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň düzümine girýän hyzmatlaryň görnüşini, amala aşyryljak hyzmatlaryň ýerini görkezýär, şonuň ýaly-da ygtyýarlylandyrylyş tertibini we amala aşyryljak işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanşandygyny we olary ýerine ýetirmäge borçlanýandygyny görkezýär.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama berilmegini sorap ýazan arzasynyň ýanyna şulary goşýar:

1) Agentlik tarapyndan bellenen görnüş boýunça isleg bildirilen hyzmatlaryň ugry boýunça işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin maddy-enjamlaýyn binýady (awtomobil ulag serişdeleriniň sany we (ýa-da) jaýlary, ammar jaýlary, ýükleýji-düşüriji gurallary we beýleki desgalary) barada maglumatlary;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň- ýuridik şahsyň (awtoulag kärhanasynyň)  ygtyýarlylandyrylýan işe ýolbaşçylyk etmäge hukugynyň bardygyny we awtomobil ulag serişdeleriniň ulanyş  howpsuzlygy üçin jogapkär diýlip bellenendigini tassyklaýan buýrugyň göçürme nusgasyny we şu şahsyň ýörite okuw mekdebini tamamlandygy baradaky diplomynyň göçürme nusgasyny;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň-fiziki şahsyň, şonuň ýaly-da ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň we sürüjileriň (zähmet şertnamasy boýunça doly iş güni bilen işleýänler) düzüminiň hünär derejesini (kwalifikasiýalaryny) tassyklaýan resmi namalaryň göçürme nusgalaryny;

a) sürüjileriň sanawyny, degişli kategoriýalardaky awtomobil ulag serişdelerine erk etmäge hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalarynyň  göçürme nusgalaryny;

b) ýükler halkara ugur boýunça daşalanda we ýolagçylar halkara ugur boýunça gatnadylanda, awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş meýilnamalary boýunça okuwlary tamamlandyklary baradaky sürüjileriň  hünär (kwalifikasion) şahadatnamalarynyň  göçürme nusgalary;

ç) awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň lukman gözegçilik-barlagyndan geçendiklerini tassyklaýan lukman güwänamasynyň asyl nusgasyny;

4) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, ygtyýarnamanyň dalaşgariniň awtomobil ulag serişdelerine we/ýa-da jaýlara, ammar jaýlaryna, ýükleýji-düşüriji gurallara we beýleki desgalara eýeçilik etmäge ýa-da olary beýleki kanuny esaslarda peýdalanmaga hukugynyň bardygyny tassyklaýan resmi namalaryň göçürme nusgalaryny;

5) awtomobil ulag serişdeleriniň ätiýaçlandyrylandygy baradaky şertnamalaryň göçürme nusgalaryny;

6) öň alnan ygtyýarnamalary, şol sanda awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmak üçin hukuklarynyň bardygy baradaky maglumatlary.

10. Agentligiň şu sanawda göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalaryň berilmegini ygtyýarnamanyň dalaşgärinden talap etmäge haky ýokdur.

11. Ygtyýarnamanyň öwezligi (dublikaty), onuň ýitirilendigi ýa-da zeper ýetendigi hakyndaky arzanyň gelip gowşan gününden başlap bäş iş gününden gijä galman ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala berilýär.

12. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüne berlen ygtyýarnama işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşini girizilmek barada ýüz tutan halatynda, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi ygtyýarnamanyň berilmeginiň şu bapda göz öňünde tutulan tertibinde amala aşyrylýar.

 

III bap. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi

 

13. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza bermäge borçludyr.

14. Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň hakyky girizilenligini tassyklaýan resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.

Eger ygtyýarnama ýuridik şahsyň hukuk oruntutaryna gaýtadan resmileşdirilýän bolsa, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.

15. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilen gününden başlap ýa-da işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeriniň üýtgedilen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda Agentlige berilýär.

16. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan degişli arzanyň berlen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda Agentlik tarapyndan amala aşyrylýar.

17. Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilenden soň, on bäş senenama gününiň dowamynda döwlet pajynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň berilmezligi bellenilen tertipde ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak üçin esas bolup durýar.

18. Ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlar berlen mahalynda ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwrülip bilner.

19. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek hakynda ýüz öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen, ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamala ýa-da onuň hukuk oruntutaryna ýazmaça görnüşde habar berilýär.

 

IV bap. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, 

bes etmek we ýatyrmak

 

20. Agentlik özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler.

21. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden Agentlik   ýa-da beýleki gözegçilik ediji edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar. Görkezilen möhlet üç aýdan az, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda Agentlik ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler.

22. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky arzany Agentlige berýär.

23. Agentlik arzany alandan soň şu aşakdakylary amala aşyrýar:

1) on iş gününiň dowamynda ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag geçirmegi degişli bölüme tabşyrýar;

2) soňky üç iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýär we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýärler.

24. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary we çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner:

1) eger ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylan mahalynda kazyýetiň karary bilen.

Agentlik kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga borçludyr;

2) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetiren ýagdaýynda Agentligiň çözgüdi bilen.

25. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle çözgüdiň esaslandyrmasy bilen, ýazmaça görnüşde Agentlik tarapyndan ygtyýarnamala habar berilýär.

26. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär:

1) ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;

2) ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;

4) ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da aradan çykan ýagdaýynda;

5) kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;

6) ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt kabul edilen mahalynda.

27. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan,    ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.


V bap. Ygtyýarnamany bermek ýa-da onuň hereketini uzaltmak hakynda arza we oňa goşulan resminamalar boýunça seljerme işi


28. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzada we onuň ýanyna sanaw boýunça goşulýan resminamalarda olaryň Agentlige gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip kabul edilýär. Arzanyň nusgasy kabul edilen senesi hakynda bellik edilip ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar hem-de arza we oňa goşulan resminamalar Agentlik tarapyndan Agentligiň Ygtyýarnama bölüminiň (mundan beýläk-Ygtyýarnama bölümi) üsti bilen Agentligiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümine (mundan beýläk-Bölüm) seljerme işlerini amala aşyrmak üçin geçirilýär.

29. Bölüm arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap on bäş senenama gününiň dowamynda ondaky maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan bellenilen ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar. Geçirilen barlagyň netijesinde degişli teklipnama resmileşdirilýär we Ygtyýarnama bölümine  tabşyrylýar.

Ygtyýarnama bölümi Bölüm tarapyndan düzülen teklipnama esasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda netijenamany resmileşdirip, dalaşgäriň arzasyny we oňa goşulan resminamalaryndan ybarat bolan iş toplumlaryny degişli çözgüdi kabul etmek üçin Agetligiň başlygyna geçiriýär.

30. Agentligiň başlygy tarapyndan ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüdi kabul edýär. Eger ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüdi kabul edilen bolsa, oňda ýüz öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen Ygtyýarnama bölümi tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde habar berilýär.

31. Türkmenistanyň welaýatlarynda ýazgyda duran ýa-da salgyt gullugynda hasaba duran fiziki we ýuridik şahslar-ygtyýarnamanyň dalaşgäri özleriniň islegine görä, ygtyýarnama berilmegini sorap ýazan arzasyny hem-de oňa goşulan resminamalary Agentligiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlardaky bölümlerine tabşyryp biler.

32. Agentligiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky bölümleri tarapyndan kabul edilen resminamalar toplumy iki iş gününiň dowamynda Agentlige ugradylýar. Welaýatlardan gelip gowşan resminamalar toplumyna serediş möhleti, onuň Agentlik tarapyndan kabul edilendigi baradaky bellik edilen senesinden başlanýar, ýone bu möhlet welaýatlardaky bölümlere ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arzany we oňa goşulan resminamalaryň tabşyrylan gününi hasaba almak bilen, otuz senenama gününden geçmeli däldir .

33. Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama Agentligiň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilip, möhür bilen tassyklanýar.

34. Ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemegiň möhletini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

35. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama berlenden soň, ygtyýarnama bäş iş gününiň dowamynda berilýär. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajy dalaşgäriň özi tarapyndan ýa-da başga bir şahs tarapyndan tölenip bilner.

36. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri otuz senenama gününiň dowamynda döwlet pajyny tölemedik halatynda ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermek hakynda kabul eden çözgüdini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda Agentlik tarapyndan çözgüt kabul edilip bilner.

37. Şu aşakdakylar ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek üçin esas bolup bilýär:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalarda doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlaryň bolmagy;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda onuň peýdalanýan jaýlarynyň, desgalarynyň, enjamlarynyň, beýleki tehniki serişdeleriniň, ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmezligi.

38. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň Bölüm tarapyndan serjerme işleriniň netijesinde düzülen ykrarnamada görkezilen ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň degişli ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine gabat gelmeýändigi baradaky netije Agentlik tarapyndan ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüdi kabul etmek üçin esas bolup durýar.

39.  Bölümiň ykrarnamada görkezilen bellikleri aradan aýrylandan soň, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarnama berilmegini sorap, gaýtadan arza bermäge hukugy bardyr.

40. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr

41. Bilermenleriň zähmetleri bilen bagly tölegler, şonuň ýaly-da garaşsyz bilermenler seljermesiniň geçirilmegi bilen bagly beýleki çykdajylar ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan tölenýär.


VI bap. Jemleýji düzgünler


42. Agentlik ygtyýarnamany bermek ýa-da oňa goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamany ýatyrmak, onuň hereketini dikeltmek, uzaltmak ýa-da togtatmak hakynda özleri tarapyndan çözgüt kabul edilen gününden başlap, şeýle hem kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda degişli welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige alyş edarasyna we salgyt edarasyna degişli çözgüdiň kabul edilendigini tassyklaýan haty iberýärler.

43. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň arzasy we onuň ýanyna goşulýan resminamalar, ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, ony togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak hakynda kararlar we çözgütler, ygtyýarnamanyň göçürilen nusgasy, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň barlanylmagynyň ykrarnamalary we beýleki resminamalar ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň ygtyýarnama işini düzýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyryjy edarada saklanylmaga degişlidir.

44. Şu Gözükdirijide düzgünleşdirilmedik meseleler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgüleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda 1329 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.