Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran MB-56 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran MB-56 belgili buýrugy

 

Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň usulyýet resminamasyny tassyklamak barada

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnamany, “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1138-nji karary bilen tassyklanan, Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. “Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň usulyýet resminamasyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýruk 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

3. Şu buýrugyň herekete girizilen gününden Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji  ýylyň 23-nji martynda 1127 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan “Önümçilik desgalarynda gurallaryň we esbaplaryň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň GUR 4.12-18 belgili gözükdirijisini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2018-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda çykaran MB-17 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Internet-saýtynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

5. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary Ç.Ahmedow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                 R.Gandymow

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we

binagärlik minisriniň

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde

çykaran MB-56 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


“Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly GUR 4.12-20 belgili

gurluşygyň usulyýet resminamasy


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu “Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň usulyýet resminamasy (mundan beýläk – Usulyýet görkezmeler) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnamada bellenen wezipeleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1138 belgili karary bilen tassyklanan, Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin işlenip taýýarlanyldy.

2. Şu Usulyýet görkezmeler önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň enjamlary, esbaplary we gurallary üçin çykdajylaryň çenlik kadalaryny işläp düzmegiň we ulanmagyň düzgünlerini kesgitleýär.

3. Şu Usulyýet görkezmeler Türkmenistanyň çäginde gurluşyk işine gatnaşýan fiziki şahslara we pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli ýuridik şahslara degişlidir.

4. Şu Usulyýet görkezmeler önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň (mundan beýläk-desgalar) enjamlaryň, esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň çenlik kadalaryny (mundan beýläk-çenlik kadalary) işläp düzmek, täze gurulýan, durky täzelenýän, şeýle hem giňeldilýän önümçilik, jemgyýetçilik we edara maksatly binalary ilkibaşdan (gurluşygyň başynda) zerur bolan enjamlar we abzallar bilen üpjün etmek üçin meýilnama hasaplary we çenliklerde pul serişdeleriniň möçberini anyklamak üçin niýetlenendir.

Şu Usulyýet görkezmeler işlenilende ulanylan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawy şu Usulyýet görkezmelere 1-nji goşundyda görkezilen.

 

II bap. Adalgalar we kesgitlemeler

 

5. Şu Usulyýet görkezmelerinde aşakdaky adalgalar we kesgitlemeler ulanylýar:

  • 1) önümçilik binalar - önümçilik kärhanalarynyň sehleri we binalary (şol sanda kömekçi binalary), şeýle hem önümçilik häsiýetli desgalar (buraw guýularyň, senagat estakadalaryň töwerekleýin gurnalmagy we ş.m.) degişli;
  • 2) jemgyýetçilik we edara binalary - Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň 1-nji goşundysynda görkezilen jemgyýetçilik binalar we desgalar;
  • 3) çenlik kadalary - täze gurulýan binalary we desgalary, durky täzelenýän ýa-da giňeldilýän kärhanalary, şeýle hem jemgyýetçilik we edara binalary enjamlaşdyrmak üçin zerur bolan önümçilik we hojalyk esbaplary, gurallary, enjamlary almaga gerek bolan serişdeleriň çenlik möçberini we çenlik hasaplamalaryny kesgitlemek üçin niýetlenen kadalar;
  • 4) gurallar – ýörite önümçilik, barlag-ölçeg, kesiji, zarba urujy, üpürdik (abraziw)-almaz, slesar-gurnama, kömekçi we beýleki abzallaşdyrylan zatlar, şeýle hem modeller, basyş edýän we beýleki gurluşlar, ulag gurluşygynda we beýleki senagat önümçiliginde ulanylýan görnüşler we beýleki abzallar hem-de mehanizmler;
  • 5) desgalaryň esbaplary – desgalaryň önümçilik we hojalyk esbaplary;
  • a) önümçilik esbaplary - önümçiligiň dolanyşyk ulgamyna gös-göni gatnaşman, emma ony amala aşyrmakda ýardam edýän önümçilik tapgyrlaryndaky zatlar: tekjeler, ýarymfabrikatlar we taýýar önümleri saklamak üçin şkaflar we arjalar (seýf), kabul ediş stollary, iş ýerlerini üpjün edýän oturgyçlar, demir galyndylary we sürtgüçler üçin gaplar, enjamlar üçin stollar we beýleki şuňa meňzeş ulanylýan esbaplar, şeýle hem sehleriň içinde we olaryň arasynda taýýarlanyp goýlan zatlaryň, şaýlaryň, düwünleriň gatnadylmagy üçin, ilkibaşdaky aýlanyş gaplaryň toplumy (konteýnerleri we aşagyna düşelýän zatlary we ş.m.);
  • b) hojalyk esbaplary - önümçilik otaglarynda kadaly zähmet şertleri üpjün etmek üçin sehleriň edara ediş we durmuş hyzmaty edilýän otaglarynyň zerur bolan enjamlarynyň esbaplary (resminamalary saklamak üçin şkaflar we seýfler, ýazgy stollary, oturgyç, geýim asgyç, geýimleri saklamak üçin şkaflar, jaýlary arassalamak üçin gurallar, zir-zibilleri salmak üçin gaplar we ş.m.), şeýle hem ýangyn-tehniki önümler (ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenilen ýörite tehniki, ylmy-tehniki we başga önümler, şol sanda ýangyn tehnikasy we enjamlar, ýangyn esbaplary, ot söndüriji we otdan goraýjy jisimler, ýörite aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri, elektron hasaplaýyş maşynlary we maglumatlar gorlary üçin maksatnamalar (programma), şeýle hem ýangynlaryň öňüni almagyň we söndürmegiň beýleki serişdeleri);
  • 6) önümçilik enjamlary – senagatyň dürli pudaklarynda ulanylýan umumy maksatly enjamlar, mysal üçin, metal işläp bejeriji stanoklar hem-de diňe kesgitlenen pudak üçin ýaramly ýöriteleşdirilen enjamlar, mysal üçin, tikin maşynlary.
  • 7) jemgyýetçilik we edara binalaryň enjamlary- tehnologiki hem-de barlaghana enjamlarynyň, abzallarynyň we esbaplarynyň (apparatlarynyň) usulyýet görkezmeleriniň hereket edýän döwründe düzümi we häsiýeti üýtgemeýän birkysmy  toplumlary degişlidir;
  •  
  • III bap. Desgalaryň enjamlary, esbaplary we gurallary üçin çykdajylaryň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň tertibi


  • 6. Desgalaryň enjamlaryna, gurallaryna we esbaplaryna çenlik kadalary buýrujy tarapyndan tassyklanan taslama tabşyrygy, taslama ýa-da işçi resminamalar bilen kesgitlenilýär. Täze gurulýan önümçilik kärhanalar, jemgyýetçilik we edara binalaryň esbaplary we gurallary üçin çykdajylaryň çenlik kadalary aýratynlykda işlenilip taýýarlanylýar.

7. Tehnologik ýagdaýlary (prosesleri) üçin gurluşygy we maýa goýumlaryny meýilnamalaşdyrmak boýunça çenlik resminamalary işlenip düzülende, çenlik kadalary enjamlaryň, gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň birkysmy toplumlaryndan ugur alyp düzülýär.

8. Çenlik kadalary enjamlaryň, esbaplaryň we gurallaryň nyrhlarynyň monitoringiniň geçirilmegiň netijesinde alnan nyrhlara görä işläp taýýarlamak, şu aşakdaky tertipde ýerine ýetirilýär:

1) ykdysadyýet we senagat pudaklary, jemgyýetçilik we edara toplumlary boýunça kärhananyň obýektleriniň görnüşlerini saýlap almak;

2) önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň obýektleriniň görnüşlerine görä nomenklaturasyny işläp düzmek;

3) hereket edýän kärhanalaryň görnüşlerine görä, düzülen nomenklatura laýyklykda bar bolan gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň maglumatlaryny toplamak;

4) gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň birkysmy toplumlaryny işläp düzmek.

Kärhanalarda ministrlik (pudaklaýyn dolandyryş edaralary) tarapyndan tassyklanan gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň birkysmy toplumlary bar bolsa, şol tassyklanan birkysmy toplumlar hem esas edip alynýar.

Monitoring geçirmegiň netijesinde alnan nyrhlar esasynda, gabyň hem-de gaplamanyň, ulag we ammar-taýýarlaýyş çykdajylarynyň kadaly harçlamalaryny we çenlik kadalarynyň işlenip taýýarlanylyşyny hasaba almak bilen, enjamlaryň gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň birkysmy toplumlarynda göz öňünde tutulan çenlik bahalar kesgitlenilýär.

  • 9. Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalary üçin esasan ulanylýan ýörite gurallaryň, önümçilik esbaplaryň çenlik kadalaryny işläp taýýarlamak öňdebaryjy önüm öndürýän kärhanalardaky gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň balans nyrhlarynyň maglumatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Enjamlaryň, gurallaryň we esbaplaryň bahasy, Buýrujy tarapyndan berlen taslamanyň tabşyrygynda başlangyç maglumat hökmünde görkezilýär.

10. Enjamlaryň, gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplaryň birkysmy toplumlary taslama edaralarynyň, hereket edýän meňzeş kärhanalarynda toplanan maglumatlara görä, ýerine ýetirilen hasaplamalaryň esasynda işlenip düzülýär.

11. Çenlik kadalary drob görnüşde düzülip, sanawjyda (çyzygyň ýokarsynda) umumy çykdajylar, maýdalawjyda (çyzygyň aşagynda) bolsa bahasy arzan we çalt hatardan çykýan esbaplaryň we gurallaryň nyrhlary görkezilýär.

Çenlik kadalary manatda umumy bir bina (kärhana) boýunça ýa-da aýratyn önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalar boýunça kabul edilýär.

Aýratyn kärhanalar, binalar boýunça çenlik kadalary manatda bu kärhana, bina üçin has häsiýetli bolup durýan ölçeýjiniň görkezijisinde kesgitlemek rugsat berilýär, 1 stanok üçin, 1 tonna önüm üçin, 1 işleýän adam üçin, 1 kwt kesgitlenen güýçdäki enjamlar üçin we ş.m. görnüşde.


  • IV bap. Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň enjamlaryna, esbaplaryna we gurallaryna çenlik kadalaryň çykdajylaryny ulanmak
  • boýunça düzgünler

12. Ediniljek enjamlaryň, gurallaryň, desgalaryň esbaplarynyň çenlik bahalary çenlik kadalaryň düzülişine baglylykda ýa-da umumy bir kärhana boýunça ýa-da aýratyn her bir desga boýunça düzülen çenlik kadalary esasynda kesgitlenilýär we desganyň çenlik hasaplamalaryna (desga çenligi) we gurluşygyň bahasynyň jemleýji çenlik hasaplamalaryna laýyklykda goşulýar.

13. Enjamlar, gurallar, ulanyşa taýýarlama we tehnologik ýagdaýlary (prossesi) boýunça we önümçilik esbaplaryna bolan çykdajylar “çenlik bahasy” diýen setiriň “enjamlar, mebeller we esbaplar” diýen setirinde görkezilýär, hojalyk esbaplaryna bolan çykdajylar “çenlik bahasy” diýen setiriň “gaýry çykdajylar” diýen setirinde görkezilýär.

Gurluşygyň çenlik bahasy maýa goýumlaryň tehnologik düzümlerine we gurluşyk-gurnama guramalaryň amala aşyrýan işleriniň tertibine laýyklykda, özünde şu aşakdakylary jemläp biler:

1) gurluşyk işleriniň bahasy;

2) enjamlary gurnamak işleriniň bahasy;

3) enjamlaryň, mebelleriň we esbaplaryň satyn alynmagy (ýasalmagy) üçin edilen çykdajylary;

4) gaýry çykdajylar.

Önümçilik we hojalyk esbaplarynyň düzümi we mukdary taslamadaky maglumatlara görä kesgitlenilýär.

14. Taslamadaky göz öňünde tutulan her desganyň çenlik bahasy çykdajylaryň maglumatynda (şu Usulyýet görkezmelere 2-nji goşundy) görkezilen, şu aşakdaky setirler boýunça paýlanylýar:

1) çenlik bahasy manatda:

a) gurluşyk we gurnama işleri;

b) enjamlar, mebeller we esbaplar;

ç) gaýry çykdajylar;

2) Umumy çenlik bahasy, manatda. Şol sanda yzyna gaýtarylmaly tölegiň tölegiň bahasy.

15. Enjamlaryň, gurallaryň, önümçilik we hojalyk esbaplarynyň sanawy çäkli çykdajylar sanawyna (şu Usulyýet görkezmelere 3-nji goşundy) laýyklykda düzülip, onda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) tehnologik ýagdaýlarynyň we onuň amallarynyň atlary;

2) esbaplaryň, gurallaryň hem-de olaryň görnüşleriniň we belgileriniň atlary;

3) esasy tehniki häsiýetnamalary, ähli ölçütleri (parametri);

4) mukdary.

16. Hereket edýän önümçilik binalarynyň giňeldilmeginiň, durkunyň täzelenilmeginiň we gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň çenlik resminamalary işlenip düzülende, çenlik kadalary taslamada kabul edilen görkezijilere ösdürip (öndürijilik, işleýän işgärleriň sany, önümçilik meýdany we başgalar) ulanylýar.


“Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň

esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň

 çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we

ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly

 GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň

usulyýet resminamasyna

1-nji goşundy

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawy


1. Türkmenistanyň Raýat Kodeksi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ýyl, № 2, 39-njy madda).

2. “Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 97-nji madda), (Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen).

  • 3. “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda), (Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 32-VI we 14.03.2020 ý. № 231-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen).
  • 4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 9-njy awgustynda 406 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşykda kadalaşdyryş resminamalaryň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler. Işläp taýýarlamagyň, beýan etmegiň, resmileşdirmegiň, tassyklamagyň düzgünleri” atly 1.01.01-94 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligi tarapyndan 2006-njy ýylyň 19-njy iýulynda tassyklanan, “Gurluşykda kadalaşdyryş resminamalaryň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler. Işläp taýýarlamagyň, beýan etmegiň, resmileşdirmegiň, tassyklamagyň düzgünleri” atly TGK 1.01.01-94* belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
  • 5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 28-nji noýabrynda 472 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Kärhanalary, jaýlary we desgalary gurmaklyga taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaklygyň, ylalaşmaklygyň hem-de tassyklamaklygyň düzümi, tertibi hakynda Gözükdiriji” atly TGK 1.02.01-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk ministriniň 2008-nji ýylyň 5-nji noýabrynda çykaran  MB-215 buýrugy bilen tassyklanan, “Kärhanalary, jaýlary we desgalary gurmaklyga taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaklygyň, ylalaşmaklygyň hem-de tassyklamaklygyň düzümi, tertibi hakynda Gözükdiriji” atly TGK 1.02.01-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
  • 6. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 15-nji iýunynda 384 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşygyň buýrujysy baradaky Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministriniň 2006-njy ýylyň 8-nji iýunynda çykaran MB-49 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Gurluşygyň buýrujysy barada Düzgünnama.
  • 7. “Önümçilik jaýlary”  atly TGK 3.04.08-94 belgili Türkmenistanyň gurluşuk kadalary. 
  • 8. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili  buýrugy bilen tassyklanan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
  • 9. “Edara jaýlary we durmuş binalary” atly TGK 3.04.07-94 belgili Türkmenistanyň gurluşuk kadalary. 

“Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň

esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň

 çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we

ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly

 GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň

usulyýet resminamasyna

2-nji goşundy


Çykdajylaryň maglumaty

Ministrlik,

Pudaklaýyn dolandyryş edara _______________________________________

Baş müdirlik,

(müdirlik) _______________________________________________________

____________________manat çykdajylarynyň baha maglumaty tassyklanyldy.


Şol sanda _________________________ manat gaýtarylmaly tölegiň bahasy.

___________________________________________________________________

(tassyklanandygy baradaky resminama salgylanmaly)

20__ ý.________________

                                         ___________________________________________________________________

(gurluşygyň ady)


________ ýylyň bahalarynda düzüldi



T/b


Çykdajylaryň atlary

Önümçilik maksatly desgalary

Durmuş infrastrukturasynyň obýektleri

Gurluşyk – senagat bazalary

Inženerçilik we ulag desgalary hem-de kommunikasiýalary


Hemmesi

1

2

3

4

5

6

7

1.

Çenlik bahasy, manatda:

a) Gurluşyk we gurnama işleri;

b) enjamlar, mebeller we esbaplar;

ç) gaýry çykdajylar.






2.

Umumy çenlik bahasy, manatda.

Şol sanda yzyna gaýtarylmaly tölegiň bahasy






Taslama guramasynyň direktory ýa-da

baş inženeri _______________  ____________________________________

                              (goly)                                       (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Taslamanyň baş inženeri ______________________________________

                                                     (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

_______________    bölümiň başlygy _________________________

              (bölümiň ady)                                  (goly)            (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Buýrujy ____________________________________________________

                           (goly)                                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)


“Önümçilik, jemgyýetçilik we edara binalaryň

esbaplarynyň we gurallarynyň çykdajylarynyň

 çenlik kadalaryny işläp taýýarlamagyň we

ulanmagyň Usulyýet görkezmeleri” atly

 GUR 4.12-20 belgili gurluşygyň

usulyýet resminamasyna

3-nji goşundy


Çäkli çykdajylar sanawy


t/b

Tehnologik ýagdaýlarynyň we onuň amallarynyň atlary

Esbaplaryň, gurallaryň hem-de olaryň görnüşleriniň we belgileriniň atlary

Esasy tehniki häsiýetnamalary, ähli ölçütleri (parametri);

Mukdary

1

2

3

4

5








Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda 1328 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.