Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 94 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 94 belgili buýrugy


 

Endokrinologiki keselleri ugry boýunça uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasyna laýyklykda,buýurýaryn

1. Endokrinologiki keselleri ugry boýunça uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3.Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow tabşyrmaly.


Ministr                                                                                   N.Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 13-nji aprelinde

çykaran 94 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça uly ýaşly adamlara 

saglygy goraýyş kömegini bermegiň 

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Endokrinologiki keselleri ugry boýunça uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we saglygy goraýyş edaralarynda endokrinologiki keselleri bilen kesellän uly ýaşly adamlara (mundan beýläk- endokrinologiýa keselli adamlar) endokrinologiki saglygy goraýyş kömegini (mundan beýläk – endokrinologiki kömegi) bermegiň tertibini kesgitleýär.

2. Endokrinologiki kömegi – endokrinologiýa keselli adamlara berilýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömeginiň esasy görnüşleriniň biridir. Endokrinologiki keselleri (süýjili diabet we onuň gaýra üzülmeleri) durmuş ähmiýetli toparlara degişlidir. Olaryň giňden ýaýrandygy, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň ýüze çykmagynyň we maýyplyga ilkinji gezek çykmagyň sebäbi bolup durmagynda ýokary görkezijileriniň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Endokrinolog, maşgala terapewt-lukmanlary, okulist we beýleki hünärmenler bilen özara ylalaşykly çalt aragatnaşygy endokrinologiýa keselli adamlar üçin maslahat berişiň we bejerişiň, şeýle hem endokrinologiýa keselli adamlara gatnawly şertlerde berilýän endokrinologik kömeginiň hilini ýokarlandyrmagyň hakyky şertleri bolup durýandyr.

3. Endokrinologiýa keselli adamlara saglygy goraýyş edaralarynda endokrinologik kömegini bermek, ýagny endokrinolog-lukmanynyň otagynda, kliniki-anyklaýyş otagynda, endokrinologiýa bölüminde, ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkezinde, şeýle hem, saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümlerinde näsäglara endokrinologiki keselleriniň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş, saglygy dikeldiş, sagdyn ýaşaýyş durmuşy alyp barmak çäreleri we maslahat kömegi amala aşyrylýar. Bu saglygy goraýyş edaralarynda berilýän endokrinologik kömegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan, saglygy goraýyş edaralarynda uly ýaşly adamlara endokrinologiki keselleri ugry boýunça berilýän endokrinologik kömeginiň hil standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Endokrinologiki kömegini bermekligi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralaryna guramaçylyk-usulyýet kömegi etrap, şäher, welaýat we döwlet derejesinde baş endokrinolog we berkidilen ýokary derejeli  hünärmenler tarapyndan  amala aşyrylýar.

4. Endokrinologiki kömegi şu görnüşlerde berilýär:

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

2) tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi;

3) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi;

4) saglygy goraýyş-durmuş kömegi;

5) şypahana kömegi;

6) palliatiw saglygy goraýyş kömegi;

7) derman kömegi.

5. Saglygy goraýyş kömegi şu aşakdaky şertlerde berilýär:

1) saglygy goraýyş edarasyndan daşarda – “Tiz kömek” gullugynyň lukman (feldşer) çagyryş toparynyň çagyrylýan ýeri boýunça, şeýle-de sanitar awiasiýa serişdesinde;

2) gatnawly şertlerde, şol sanda saglygy goraýyş işgäri çagyrylan mahalynda öýünde, gije-gündiz gözegçilik edilmezden we bejerilmezden;

3) gündizki ýatymlaýyn şertlerde - gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi talap etmeýän, diňe gündizine gözegçilik edilmegi we bejerilmegi;

4) ýatymlaýyn şertlerde-gije-gündiz gözegçilik edilmegi we  bejerilmegi.

Näsaglara maslahat bermegiň dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş kömegi telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen berlip bilner.

6. Saglygy goraýyş kömegi şu aşakdaky görnüşlerde  berilýär:

1) gaýragoýulmasyz kömegi – näsagyň janyna we saglygyna howp döredýän duýdansyz ýiti keseller ýüze çykan mahalynda, dowamly keseller ýitileşen ýagdaýlarynda;

2) meýilnamalaýyn kömegi – öňüni alyş çäreleri geçirilen mahalynda, näsagyň janyna we saglygyna howp döretmeýän we bejermegiň belli birwagta yza süýşürilmegi näsägyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýän mahalynda we ýagdaýlarda.


II bap. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi


7. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleriniň, keseli ir ýüze çykarmak, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we raýatlara sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje bermek maksatlary bilen amala aşyrylýan saglygy goraýyş kömeginiň her bir adam üçin esasy elýeterli görnüşi bolup durýar.

8. Saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleri adamlara dogry iýmitlenmegi (beloklar, uglewodlar, witaminler we beden üçin gerekli bolan mikroelementler göz öňünde tutulyar), dogry dynç almaklygy (wagtynda uklamak, aýdym saz diňlemek we medeni çärelere gatnaşmak) düşündirmekligi hem-de ýerine ýetirilmegini gazanmaklygy öz içine alýandyr.

9. Endokrinologiýa keselli adamlaryň keselini ir ýüze çykarmak üçin saglyk öylerinde ilaty saglygy goraýyş barlaglaryndan, inçe ugurly lukmanlaryň maslahatyndan geçirmeklik amala aşyrylýar.

10. Endokrinologiýa keselli adamlaryň keselini anyklaýyş endokrinolog tarapyndan ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly anyklaýyş maslahat-beriş merkezlerine ugratmaklyk arkaly amala aşyrylýar. Endokrinologiýa keselli adamlaryň keseliniň yüze çykarylan wagtynda, ýöriteleşdirilen bejeriş merkezlere ugratmaklyk arkaly amala aşyrylýar. 

11. Endokrinologiýa keselli adamlary bejeriş merkezlerinde bejergisini alandan soň saglyk öýleriniň endokrinolog, maşgala lukmanyň we başga hünärmenleriň gözegçiligine ugradylýar.

12. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek adamlarda dogry iýmitlenmek, dynç almak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak endikleriniň emele gelmegi babatda degişli işleriň geçirilmegini öz içine alýandyr.

Adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak işiniň amala aşyrylmagy zerurdyr.  Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy degişlidir.

Maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň beden taýdan dikeldilmegine we kadaly durmuş gurşawyna uýgunlaşdyrylmagyna, olaryň durmuşy doly derejede duýmagyna päsgel berýän psihologik päsgelçilikleri ýeňip geçmegine, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine öz şahsy goşandynyň zerurdygyna akyl ýetirmäge gönükdirilen bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň ýola goýulmagyna işjeň gatnaşylmalydyr.

13. Saglygy goraýyş edarasy:

1) bedenterbiýäni keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar;

2) keselleriň öňüni almakda we bejermekde bedenterbiýäniň esasy düzüm böleklerini netijeli peýdalanmagyň meseleleri boýunça, şeýle hem sport lukmançylygy, lukmançylyk gözegçiligi we bejeriş bedenterbiýesi babatda saglygy goraýşyň hünärmenleriniň taýýarlygyny we olaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar we amala aşyrýar;

3) ýurduň ilatynyň saglygyny pugtalandyrmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçilikleriniň maksatlaýyn wagyz-nesihatyny amala aşyrýar.

14. Raýatlara sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje bermeklik adamlar tarapyndan şahsy gigiýenanyň doly we dogry yerine yetirmekligini (saçyna we dyrnagyna serenjam bermek, wagtly-wagtynda ýuwunmak we ş.m.) gazanmak maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine laýyklykda, ilatyň aňynda ýokary sanitariýa medeniýetini terbiýelemek we ony öwretmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini ündemek boýunça işler geçirilýär.

15. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi bejeriş-öňüni alyş edaralary tarapyndan gatnawly şertlerde we gündizki ýatymlaýyn şertlerde berilýär. Endokrinologiki kömegi näsaga islendik wagty (bejeriş öňüni alyş edarasynyň iş wagtyna laýyklykda) sagatlaýyn gatnawly şertde berilýär. Gündizki ýatymlaýyn şertlerde näsaga saglygy goraýyş kömegi bejeriş öňüni alyş edarasynda gündiziň dowamynda irden agşama çenli berilýär.

16. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi şu aşakdaky kömekleri göz öňünde tutýar:

1) ilkinji kömek;

2) lukman gelmezinden öň berilýän saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

3) lukmançylyk saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

4) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi.

17. Ilkinji kömek lukman, orta saglygy goraýyş işgäri, şeýle hem ýörite taýýarlygy bolmadyk adam tarapyndan berlip bilner.

18. Lukman gelmezinden öňki ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala feldşerleri, maşgala şepagat uýalary we orta lukmançylyk bilimi bolan beýleki saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berilýär.

19. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala lukmanlary we hünärmen lukmanlar tarapyndan berilýär.

20. Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi hünärmen lukmanlar, şol sanda ýöriteleşdirilen, ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmen lukmanlary tarapyndan berilýär.

21. Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 13-nji iýulynda 1072 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän döwlet saglygy goraýyş edaralaryň Sanawyny, şeýle hem onuň berilmeginiň möçberini we tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran 186 belgili buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Lukmançylyk görkezmesi bolup, ýatymlaýyn şertlerde bejergi bermek zerurlygy bolmadyk halatynda lukman-terapewt, maşgala lukmany (feldşerler) ýa-da hirurg-lukman näsaglary, ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermek üçin, saglygy goraýyş edarasyndaky endokrinolog lukmanyň otagyna ugradýar.

Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, saglygy goraýyş edarasynyň endokrinology tarapyndan berilýär.

Lukmançylyk görkezmesi bolup, ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegininiň çäklerinde saglygy goraýyş kömegini bermek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda lukman-terapewt, maşgala lukmany (feldşer) näsagy endokrinologiki keselleri bilen kesellemeginde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin saglygy goraýyş edarasynyň endokrinolog lukmanynyň otagyna ugradylýar.


III bap. Tiz saglygy goraýyş kömegi


22. Tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini talap edýän keseller süýjili diabetli näsaglar ketoz, ketoasidoz, ketoasidoz komanyň öňündäki ýagdaý, ketoasidoz koma, gipoglikemiki koma, tireotoksiki kriz, gipotireoid koma ýagdaýlar bolan mahalynda berilýär.

23. Tiz saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömeginiň görnüşinde berlip bilner.

24. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara tölegsiz berilýär.

25. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş edarasyndan daşarda, şeýle hem gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berlip bilner.

26. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömegini çagyrmagyň ýeke-täk san belgisiniň ulgamy işleýär.

27. Adamyň janyna we saglygyna howp döredýän ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda saglygy goraýyş işgärleriniň zerur bolan islendik aragatnaşyk serişdesini we adamy iň ýakynda ýerleşýän tiz saglygy goraýyş kömegi gullugyna ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasyna alyp barmak üçin bar bolan islendik ulag serişdesini tölegsiz peýdalanmaga hukugy bar. 

28. Tiz saglygy goraýyş kömegini bermek zerurlygy ýüze çykan halatynda sanitar awiasiýasynyň serişdeleri peýdalanylýar.

29. Gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek talap edilýän ýagdaýlarda, tiz, şol sanda ýöriteleşdirilen gyssagly saglygy goraýyş kömegine mätäç endokrinologiýa keselli adamlara tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi çagyryş boýunça hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň feldşer toparlary, çagyryş boýunça hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň lukman toparlary tarapyndan berilýär.

30. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi saglygy goraýyş edarasynyň daşynda, şeýle hem gyssagly ýa-da gaýragoýulmasyz görnüşde berilýär.

Tiz saglygy goraýyş kömegi berilýän wagtynda, zerurlyk ýüze çyksa, sanitar awiasiýa ulagynda saglygy goraýyş kömegi berilýär we degişli saglygy goraýyş edarasyna alyp gidilýär.

Köp ugurly hassahanalaryň reanimasiýa bölümlerinde endokrinologiýa keselli adamlary, gyssagly ýagdaýda hassahana ýerleşdirmekde intensiw bejergi geçirilýär, tiz lukmançylyk kömegi hassahanalarda bolsa-gönümel endokrinologiýa bölümlerinde intensiw bejergi otaglarynda geçirilýär.


IV bap. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi


31. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

32. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi öňüni alyş çärelerini, anyklaýşy we keseli bejermegi, şol sanda ýörite usullaryň ulanylmagyny öz içine alýar.

33. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görnüşinde berlip bilner.

34. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi keseli bejermegiň täze çylşyrymly ýa-da özboluşly usullaryny, şeýle hem keseli bejermegiň ylmy taýdan subut edilen netijeliligi bolan usullarynyň ulanylmagyny, şol sanda öýjük (sütün öýjükleri) tehnologiýalarynyň, robotlaşdyrylan tehnikanyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň we saglygy goraýyş ylmynyň, ylymyň we tehnikanyň meňzeş pudaklarynyň gazananlarynyň esasynda işlenip düzülen genetik inženerçilik usullarynyň ulanylmagyny özünde jemleýär.

35. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleriniň sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berilýär.

36. Döwlet saglygy goraýyş edaralarynda berilýän saglygy goraýyş kömeginiň hil standartlary, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri we möçberleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan tertipde bellenilýär.

37. Ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi, endokrinolog lukmanlary tarapyndan ýatymlaýyn şertlerde we gündizki ýatymlaýyn şertlerde berilýär we ol öňüni alyş, anyklaýyş, ýöriteleşdirilen barlag usullaryny, çylşyrymly tehnologiýalary, keseliň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, ýöriteleşdirilen we lukmançylyk reabilitasiýasyny öz içine alýar.

38. Meýilleşdirilen saglygy goraýyş kömegi endokrin keselleriniň öňüni alyş çäreleri geçirilende, ýaşaýşa howp salmaýan, gyssagly we gaýra goýulmasyz kömegi talap etmeýän, endokrinologiki kömegi bermegiň möhletiniň belli bir wagta çenli yza çekilmegi näsagyň agyrlaşmagyna sebäp bolmaýan ýagdaýlarda berilýär.

39. Saglygy goraýyş edarasynyň ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek, lukmançylyk görkezmeleri esasynda şu aşakdaky ýagdaýlarda alnyp barylýar:

1) näsag özbaşdak ýüz tutanda;

2) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän saglygy goraýyş edarasynyň feldşerleri, lukman terapewtleri, maşgala lukmanlary, endokrinolog lukmanlary tarapyndan ugradylanda;

3) näsag tiz kömek gullugy tarapyndan getirilende.

40. Endokrinologiýa keselli adamlar tiz kömek gullugy tarapyndan, düzüminde “Endokrinologiýa”, “Anesteziologiýa we reanimasiýa” ugurlary boýunça gije-gündiziň dowamynda saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ugradylýar.

41. Saglygy goraýyş edaralaryna gelen endokrinologiýa keselli adamlar kabul ediş bölümi tarapyndan endokrinolog we/ýa-da beýleki ugurlar boýunça lukmanlar tarapyndan görkezmesi bolan halatynda we ýaşaýşyna howp salýan ýagdaýlar ýok bolsa, endokrinologiýa bölümine, eger-de ýaşaýşyna howp salýan ýagdaýlar bar bolsa, reanimasiýa ýa-da intensiw bejeriş bölümlerine ugradylýar.

42. Ýaşaýyşa howp salýan ýagdaýlar aradan aýrylanyndan soň, lukmançylyk görkezmeleri esasynda, näsaglar saglygy goraýyş edarasynyň endokrinologiýa bölümine ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin geçirilýär.

Endokrinologiki kesellerinde ilkinji kesel kesgidi, näsag saglygy goraýyş edaralaryna düşen ilkinji gününde kliniki-instrumental barlaglaryň we laborator barlaglaryň esasynda goýulýar.

Gutarnykly kesel kesgidi, näsagyň endokrinologiýa bölümine düşen gününden başlap, kliniko-endokrinologiki 3 (üç) senenama gününiň dowamynda parakliniki, instrumental we laborator barlaglaryň, dinamiki gözegçiligiň esasynda goýulýar.

43. Endokrinologik ulgamynyň kesellerinde saglygy goraýyş kömegi, endokrinologiki kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda berilýär.

44. Ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegine degişli däl, keseliň adaty däl geçişinde gutarnykly kesel kesgidini goýmak zerurlygy ýüze çykanda, geçirilýän bejerginiň netijesizliginde we (ýa-da) beýleki bejergi usullarynda netijäniň mümkinçiligi pes bolanda, esasy keseliň gaýraüzülen akymynda ýa-da utgaşykly keselleri bolanda, anyklamasy çylşyrymly ýagdaýlarda we (ýa-da) keseliň gaýraüzülmeli we utgaşykly keselleri bolan näsaglary operasiýadan öňki taýýarlygynda, gaýtadan hassahana ýerleşdirmek zerurlygy bolanda, saglygy goraýyş edaralarynyň ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şu Tertibe laýyklykda berilýär.

45. Endokrinologiýa keselli adamlara ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görkezmeler esasynda, düzüminde ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi berip bilýän enjamlar bar bolan bejeriş maslahat beriş merkezlerinde raýatlara ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

46. Kliniki beýanlarda, standartlarda we algoritmlerde göz öňünde tutulyşy ýaly, ýatymlaýyn şertlerde endokrinologiki bölümlerinde endokrinologiýa keseli bar bolan näsaglara endokrinologiki kömegini bermegiň möhleti tamamlanan ýagdaýynda, ýöne saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine mätäç näsagy soňky alyp barmagyň usuly we näsagyň reabilitasiýasy lukmanlaryň toparynyň maslahaty (konsilium) tarapyndan kesgitlenilýär.

47. Endokrinologiki kesellerinde lukmançylyk görkezmeleri bolan ýagdaýynda endokrinologiýa keselli adamlar palliatiw saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ugradylýar.

48. Gatnaw şertlerinden soňra saglygy goraýyş kömegini bermek üçin saglygy goraýyş edarasy saýlananda, umumy ýagdaýy boýunça baha bermek maslahat berilýär.


V bap. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi


49. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi-keseliň öňüniň alynmagyna, anyklanylmagyna, bejerilmegine, saglygynyň dikeldilmegine, gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlary, näsaglara, zähmete ukypsyz we maýyplygy bolan adamlara ideg edilmegini özünde jemleýän kömek bolup durýar.

50. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi raýatlara kesellän, zähmete ukyplylygyny ýitiren mahalynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ýagdaýlarda berilýär.

51. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi saglygy goraýyş we durmuş pudagynyň işgärleri tarapyndan berilýär.

52. Raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş-durmuş kömeginiň kepillendirilýän möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.

53. Raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň hereket ediş serişdeleri we beýleki ýörite serişdeler bilen ýeňillikli üpjün edilmäge hukugy bar.

54. Ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.

Maýyplygy bolan adamy durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek boýunça saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygyna laýyklykda işler amala aşyrylýar.

55. Maýyplygy bolan adamyň saglygynyň dikeldilmegi adam bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen wezipelerini, öz-özüne hyzmat etmek, hünär işiniň dürli görnüşlerine bolan ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen, saglygy goraýyş, hünär we durmuş çäreleriniň toplumyndan ybarat.

56. Maýyplygy bolan adamlary lukmançylyk, hünär we durmuş taýdan dikeltmek saglygy goraýyş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

57. Maýyplygy bolan adamlara durmuş kömegi pul tölegleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.

58. Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

 

VI bap. Şypahana kömeginiň berilmegi


59. Endokrinologiýa keselli adamlar, lukmançylyk görkezmeleri esasynda saglygy dikeldiş çärelerini guramak üçin şypahana edaralaryna ugradylýar.

Şypahana işi-tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda keselleriň bejerilmegini we öňüniň alynmagyny guramak hem-de amala aşyrmak boýunça ylmy-amaly işiň ähli görnüşleriniň jemini öz içine alýar.

60. Şypahana kömegi şu aşakdakylara gönükdirilýär:

1) adamyň zeper ýeten beden agzasynyň ýa-da beden ulgamynyň bozulan ýa-da ýitirilen işiniň doly ýa-da bölekleýin dikeldilmegine;

2) adamyň zeper ýeten beden agzalarynyň ýa-da beden ulgamynyň işiniň bolup biljek bozulmalarynyň öňüniň alynmagynyň irki anyklanylmagyna we düzedilmegine;

3) bolup biljek maýyplygyň öňüniň alynmagyna we derejesiniň peseldilmegine;

4) adamyň bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna.

61. Şypahana kömegi tebigy bejeriş we derman serişdeleriniň, şeýle hem öňüni alyş çäreleriniň we bejermegiň beýleki usullarynyň ulanylmagy bilen berilýär.

Endokrinologiýa keselli adamlara şypahana kömegi hem-de şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Şypahana kömeginiň berilmeginiň tertibine, şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawyna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de kesgitlenilýär.

62. Endokrinologiýa keselli adamlara şypahana edaralary şypahana hyzmatlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini edýär:

1) lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary;

2) klimatoterapiýa;

3) palçyk bilen bejeriş terapiýasy;

4) fizioterapiýa;

5) diýetaterapiýa;

6) fitoterapiýa;

7) dynç alşy guramak;

8) bejerişiň Türkmenistanyň bejeriş tebigy serişdeleriniň ulanylmagy esasyndaky başga görnüşleri.


VII bap. Endokrinologiýanyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlary


63. Endokrinologiýanyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlary diýlip kada bolşy ýaly endokrinologiýa keselli adamlaryň aňynyň bozulmagy we gyssagly anyklaýşyň geçirilmegini hem-de bejerilmegini talap edýän, saglygyň ähli ýiti bozulmalaryna düşünilýär.

64. Endokrinologiki kesellerinde gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi talap edýän esasy ýagdaýlaryna we kesellerine şu aşakdakylar degişli bolup durýar:

1) ketoasidoz ýagdaýy, diabetiň komadan öňki döwri (prekoma), diabetiň başlangyç komasy, diabetiň doly komasy;

2) giperosmolýar koma;

3) giperlaktasidemiki koma;

4) gipoglikemiki koma;

5) tireotoksiki koma;

6) gipotireoid koma;

7) ýiti böwreküsti mäzleriň ýetmezçiligi.

65. Süýjili diabetiň agyr ýagdaýlarynyň (ketoasidoz ýagdaýynyň) diabetiň komadan öňki döwrüniň (prekoma), diabetiň başlangyç komasynyň, diabetiň doly komasynyň sebäpleri şular bolup durýar:

1) komanyň şertinde ilki ýüze çykarylan süýjili diabeti (20-25%);

2) insulin bejerginiň bes edilmegi (15-20%);

3) infeksiýanyň goşulmagy (30-40%);

4) berhiziň gödek bozulmagy;

5) möhleti geçen ýa-da nädogry saklanan insuliniň goýberilmegi;

6) insuliniň goýberiş tehnikasynyň (dürs däl şprisiň ulanylmagy ýa-da şol bir ýere birnäçe gezek sanjylmagy) bozulmagy;

7) endokrinologiýa keselli adamlaryň talabyna seretmezden insuliniň möçberiniň azaldylmagy;

8) süýjili diabetli aýallaryň göwrelilik, dogrum we laktasiýa döwürlerinde nädogry bejerilmegi;

9) hirurgiki päsgelçilikler (operasiýa nädogry taýynlanylmagy, operasiýa we operasiýadan soňky döwürde nädogry bejerilmegi);

10) kortikosteroidleriň uzak we gözegçiliksiz bellenilmegi;

11) fiziki we psihiki şikesler;

12) miokardyň infarktynyň, insultyň goşulmagy.

 

VIII bap. Endokrinologiki keselleriniň anyklaýyş usullary


66. Endokrinolog lukman özüniň zerur bolan professional we gulluk borçlaryny ýerine ýetirende, özüniň ýokary derejeli taýýarlygyna laýyklykda differensial anyklaýyşy geçirmäge, goşmaça barlag, ýagny endokrinologiki keseliň howply netijelerini öňünden görmäge borçludyr.

67. Endokrinologiýa ugry boýunça kesel anyklaýyş onuň usulyna görä üç görnüşe bölünýär:

1) lukman barlaglary;

2) instrumental anyklaýyş;

3) barlaghana usuly.

68. Endokrinolog lukmany lukman barlaglary, anyklaýyş geçirende ilki bilen keseliň hemme ýagdaýy bilen tanyşýar. Keseliň taryhy, durmuşyň taryhy bilen tanyşýar. Süýjili diabetiň irki döwürlerini öz wagtynda ýüze çykarmak üçin ony şertleýin 4 (dört) döwre bölmek mümkin bolan keseliň şu aşakdaky döreýiş döwürlerini ýüze çykarmak zerurdyr:

1) diabetden öňki döwri;

2) bozulan ajöze glikemiýa;

3) glýukoza bozulan tolerantlylyk;

4) aýdyň süýjili diabet.

69. Diabetden öňki döwür-munuň özi süýjili diabetiň has irki döwrüdir. Bu döwürde madda çalşygynyň metaboliki häsiýetli bozulmagy bolýar. Ganyň glýukozasynyň hemme barlaghana görkezijileri kada çäginde (ganyň glýukozasy ajöze litrde 3,5-5,5 mmol çenli), sebäbi ýokary giperinsulinemiýa (onuň gandaky mukdary kadadan birnäçe esse ýokary) bolýar. Süýjili diabetiň döremeginiň öňüni almak üçin bu döwrüň wajyplygyny göz öňüne tutup, şu aşakdaky töwekgelçilik şertleri bolan adamlaryň toparyna üns bermek zerurdyr:

1) süýjili diabet boýunça nesil yzarlaýan adamlara;

2) ekiztaýy keselli, süýjili diabeti bilen kesellemeklik bir ýumurtgadan (monozigot) bolan ekiziň taýyna;

3) wisseral görnüşli semizligi bolan adamlara;

4) anamnezinde rezus bilen baglanyşykly bolmadyk ýygy öli dogurmalar we düşmeler bolan aýallara;

5) anamnezinde uly agramly (4,0-4,5 kg ýokary) çaga doguran aýallara;

6) uly agramly doglan çagalara.

70. Süýjili diabeti anyklamak boýunça öň bellenilmedik täze barlag topary bellenilýär. Bu topara “ajöze bozulan glikemiýa” diýilýär. Ajöze glikemiýa-munuň özi, 8 sagatdan az bolmadyk, 14 sagatdan köp bolmadyk gijeki açlykdan soň ganyň glýukozasynyň irki derejesi bolup, esasan bagryň glýukozany bazal öndürmegini häsiýetlendirýär. Netijede, ajöze bozulan glikemiýa ilkinji nobatda bagryň insuline rezistentligini şöhlelendirýär. Çünki bazal ýagdaýda ganyň glýukozasynyň köp bölegi insulin garaşsyz dokumalarda tutulýarlar. Sap kapillýar ganda glýukozanyň derejesiniň litrde 5,6-dan 6,0 mmol-a (we ganynyň plazmasyndaky ähmiýeti litrde 6,1-den 6,9 mmol-a çenli) çenli bolmagy bozulan ajöze glikemiýanyň kriteriýasydyr. Glýukoza tolerantlylygyň standart testi geçirilende-2 sagatdan soň ganyň glýukozasynyň derejesi litrde 7,8-e (sap kapillýar ganda) ýetmeli däldir. Näsaglar üçin diabetden öňki döwrüniň töwekgelçilikli şertlerinden başga şu aşakdakylar degişlidir:

1) ýaşy (ýaşynyň uly boldugyça süýjili diabetiň döreme töwekgelçiligi ýokarydyr);

2) bedeniň agramynyň ýokary indeksi;

3) iýmitiniň aýratynlygy-ýeňil özleşýän uglewodlaryň köp mukdary bolan ýokary kaloriýaly iýmitleriň iýilmegi;

4) az fiziki işjeňlik.

71. Süýjili diabetiň II görnüşiniň döremeginiň başky iki döwri dogry geçirilen bejergi usulynda keseliň mundan beýläk ösmegini duýduryp bolýan döwürleridir.  Bejeriş görnüşleri rasional iýmitlenmeden yzygiderli ölçegli fiziki agramdan bedeniň agramyny kadalaşdyrmakdan ybaratdyr. Zerur bolan halatlarynda der¬man serişdeleri bilen bejergi ulanylýar hem-de berk gözekçilikde saklanýar.

Süýjili diabetiň II görnüşiniň döremeginde glýukoza tolerantlylygyň bozulmagyny tranzitor döwri hasaplanylýar. Süýjili diabetiň bu döwri, şu aşakdakylara degişli bolan alamatlar bilen häsiýetlendirilýär:

1) ýaranyň erbet bitmegi;

2) operasiýadan soňky ýaranyň ikilenç çekilme bilen bitişmegi;

3) köplenç halatlarda jyns agzalaryň töwereginde bolýan deri gijemesi;

4) iriňlije keselleriň (furunkullar, karbunkullar) bolmagy;

5) paradontoz, gingiwit, stomatit bolmagy;

6) kömelejik keselleri, köplenç halatlarda epidermofitiýalar bolmagy;

7) çagalarda tiz döreýän şowakörlülik (miopiýa).

72. Glýukoza tolerantlylygyň bozulmagynda glýukozanyň derejesi ajöze kada çägindedir. Süýjiligiň bu döwrüni anyklamak üçin glýukozaperoral tolerantlylyk testi geçirilýär. Synag geçirilýän gün ilki ajöze ganyň glýukozasy barlanýar, soň endokrinologiýa keselli adamlar 200-250ml suwda eredilen 75gr glýukozany 5 minudyň dowamynda içýär. Çagalar üçin  içilýän glýukozanyň mukdary bedeniň agramynyň 1kg 1,75gr deň bolmaly, ýöne 75gr-dan köp bolmaly däldir. Glýukoza içilenden soňra onuň gandaky derejesi 1 we 2 sagatdan soň kesgitlenilýär. Test geçirilende glýukozanyň ajöze derejesi esasan bagryň glýukozany bazal öndürmegini (bagryň insuline rezistentliligi) häsiýetlendirýär. Postprandial glikemiýa ilkinji nobatda bagryň we periferiki insulin garaşly dokumalaryň (muskul we ýag) insuline duýujylygyna, şeýle-de β-öýjükleriň insulini bölüp çykaryşyna baglydyr. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, glýukoza tolerantlylygyň bozulmagy periferiki insulin garaşly dokumalaryň we bagryň insuline duýujylygyny we insuliniň bölünip çykarylmagynyň bozulmagyny şöhlelendirýär.

Ganyň glýukozasy sap ganda ýa-da ganyň plazmasynda özi hem wena ýa-da kapillýar ganynda kesgitlenilýär we bu onuň görkezijilerine täsir edýär.

Ganyň glikemiýasynyň sap gandaky ähmiýeti ganyň plazmasyna garanyňda pesdir, sebäbi glýukoza saklamaýan eritrositleriň toplumy bilen garyşýar.

73. Tireotoksiki kriz - näsagyň janyna howp salýan, agyr zäherli zobyň gaýraüzülmesi bolup, tireotoksikozyň alamatlarynyň birden ýitileşmegi bilen häsýetlenýär. Tireotoksiki kriz örän seýrek duş gelýär we onuň ýüze çykmasy şu aşakdakylar sebäp bolup durýar:

1) infeksion-alawlama hadysalar;

2) agyr psihiki şikes

3) aşa fiziki dartgynlylyk;

4) miokardyň infarkty;

5) dürli operatiw bejergiler;

6) göwrelilik we dogrum, göwrelileriň toksikozy;

7) uzak wagtlaýyn antitireoid bejerginiň bolmazlygy;

8) radioaktiw ýod bilen bejergi ýa-da galkan şekile mäziň subtotal rezeksiýasy, eger-de eutireoza getirilmedik bolsa;

9) galkan şekilli mäziň aşa palpirlenmegi, hasda ulalan ýagdaýynda.

74. Tireotoksiki kriziň alamatlary-näsagyň aňy saklanan, kriziň başynda ýiti gyjynjylyk, samahyllama bilen psihoz we gallýusinasiýalar bolýar, komadan öň gyjynjylyk prostrasiýa, adinamiýa, uly myşsa gowşaklygy, apatiýa bilen çalyşynýar, gurwakganyň durky, artikulýasiýasynyň bozulmasy, ýüzi giperemirlenen, reňkiniň saralmagy, gözleriniň giň açylmagy, aýdyň ekzoftalm, güýçli derlemeklik, derisi gyzgyn, beden gyzgynlygy ýokarlan, ýürek bulanma we gaýtarma, dili we dodaklary jaýryklanan we gurak, güýçli iç geçme, kä ýagdaýda ýaýraň iç agyry, gepatomegaliýa, pulsy ýygylaşan, aritmiki, gowşak, tahikardiýa, mersatel aritmiýa, sistoliki arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, diastoliki basyşyň peselmegi, gormonlar ganda-tiroksin we triýodtironin ýokarlanan, kortizol peselen.

Tireotoksiki kriziň bejerilişinde gandaky tireoid gormonlaryň peseldilmegi, böwrek üsti mäziň ýetmezçiliginiň bejerilmegi, degidratasion bejergi, dezintoksikasion bejergi, elektrolit bozulmalaryna garşy göreşmeli.

75. Gipotireoid koma - gipotireozyň agyr ýagdaýy bolup, galkan şekilli mäziň gormonlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüze çykýan, keseliň hemme alamatlarynyň ýitileşmegi we huşyň ýitmegi bilen häsýetlendirilýär.

76. Gipotireoid komanyň sebäpleri-güýçli üşemeklik, infeksiýalar, hirurgiki emeller, insult, miokardyň infarkty, şikesler, uly möçberde sedatikleriň, trankwelizatorlaryň, neýroleptikleriň ulanylmagy, uzak wagtlaýyn anyklanylmadyk gipotireoz we onuň netijesinde bejerginiň uzak wagytlaýyn bolmazlygy, nädogry bejergi, arakhorlyk, gipoglikemiýa, gipoksiýa (örän seýrek duş gelýär, hasda gartaşan adamlarda güýz we gyş  pasyllarda). Alamatlary: ysgynsyzlyk, ukuçylyk, huşuň ýitmegi bilen çalşylýar. Derisi gurak, tozgalanýan, sowuk, açyk sary, beden gyzgynlygy peselen, ýüzi çiş, ýellenen, solak sary, elleriniň, aýaklarynyň dykyz çişmegi. Aýdyň bradikardiýa, arterial gipotenziýa, seýrek dem alyş, garynyň, plewranyň, perikardyň boşluklarynda suwuklygyň ýygnanmagy, oligoanuriýa, ýylmanak muskulaturanyň atoniýasy, T3, T4-peselmegi.

Gipotireoid komanyň bejergisi-tireoid we glýukokortikoid derman serişdeleri berilýär, gipowentilýasiýa we giperkapniýa bilen garşy göreşmek, oksigenobejergi, gipoglikemiýany, gipotermiýany, gan azlygy bejermek, ýürek- damar ulgamyny kadalaşdyrmak bolup durýar.

77. Böwreküsti mäziniň ýiti ýetmezligi–munuň özi böwreküsti mäzleriniň funksional mümkinçiliginiň duýdansyz ýiti ýetmezçiligi netijesinde glýukokortikoidleriň we mineralkortikoidleriň emele gelmeginiň azalmagy bilen jana howp salýan agyr ýagdaýdyr.

78. Böwreküsti mäziniň ýiti ýetmezçiligine şu aşakdakylar sebäp bolup biler:

1) böwreküsti mäzleriniň gabygynyň ilkinji ýetmezçiligi (Addisonyň keseli);

2) iki taraplaýyn adrenalektomiýasy;

3) Nelsonyň sindromy (adrenalektomiýadan soňra gipokortisizmiň fonunda (şertinde) gipofiziň reaktiw adenomasy);

4) Şmidtiň sindromy (autoimmun tereoiditiň fonunda/şertinde gipokortisizm we gipotireoz);

5) antikoagulýantlar gözegçiliksiz bellenende, hirurgiki operasiýalar wagtynda, ýanyk keselinde böwreküsti mäzlerine gan inmesi;

6) glýukokortikoid bejerginiň bes edilmegi;

7) böwreküsti mäzleriniň wenalarynyň trombozy we emboliýasy;

8) böwreküsti mäzleriniň ýaýraň şikes zeperlenmeleri.

79. Böwreküsti mäziniň ýiti ýetmezliginiň alamatlary:

1) ilkinji alamatlary-duýdansyz ýiti gowşaklyk, kelle agyry, gusma, arterial basyşyň peselmegi;

2) kliniki alamatlarynyň ýaýbaň döwri-üşütme, üznüksiz gaýtarma, garyn agyry, ýygy suwuk täretleme, arterial gan basyşynyň progressirleýji peselmegi, gipotermiýa, sowuk derleme, deri örtükleriniň sianoz alamatly solaklygy, ýürek tonlarynyň tutuklygy, bilek arteriasynda pulsyň peselmegi ýa-da ýitmegi, aňyň bulaşmagy we ýitmegi, meningial alamatlary we epilepsiýa görnüşli damar çekmeler, oligouriýa we anuriýa.

Keseliň kliniki alamatlary birnäçe sagadyň dowamynda döräp, eger näsaga gaýra goýulmasyz kömek berilmese onda näsagy ölüme çenli eltýär.

Böwreküsti mäziniň ýiti ýetmezliginiň bejergisi-Glýuko-mineralokortikoidleriň ýetmezçiligi ilkinji nobatda gidro¬kortizonyň serişdeleriniň goýberilmegi bilen kompensirlenýär. Suwsuzlanmagyň alamatlaryny aýyrmak üçin damardan günüň dowamynda 3,5 litre çenli natriý hloridiniň izotoniki ergini we glýukozanyň 5%-li ergini damardan goýberilýär. Gidrokortizonyň uly möçberleri bilen birlikde glýukozanyň goýberilmegi gipoglikemiýany kupirlemäge itergi berýär. Böwreküsti mäzlerinde steroidgenezi stimulirlemek maksady bilen askorbin turşusynyň 5%-li ergini damardan goýberilýär. Sistoliki basyşyň simap sütüninde 100 mm-den peselende goşmaça günüň dowamynda 1-2 gezek DOKSA 1 ml-den (5 mg) ýanbaşa bellenilýär. Şeýle hem şol bir wagtda köp suwuklyk (hlorid-natrili mineral suwlar, miwe şerbetleri, çaý) içmek maslahat berilýär. Soňundan 4-5 günüň dowamynda arterial basyşyň we ganyň elektrolitleriniň mukdarynyň gözegçiliginde gidrokortizon günüň dowamynda 25-50 mg-dan 2-4 gezek ýanbaşdan goýberilýär. Intensiw bejergi başlanandan 8-10 gün soň, näsagy kortinef (kortizon-asetat) bilen utgaşdyryp möçberi indiwidual saýlanylyp prednizolonyň içme görnüşine geçirilip bilner. Ýokançlaryň utgaşmagynda antibiotikler bellenilýär.

80. Instrumental anyklaýyş öz içine:

1) şöhleli usullary:

a) kompýuter tomografiýa barlagy - bu usul gatlaklaýyn içki agzalaryň patologiýasyny kesgitlemek;

b) ýader magnit-rezonans tomografiýasy - bu usul boýunça ýumşak dokumalaryň gatlaklaýyn patologiýasyny kesgitlemek;

2) ultrasesli usullary:

a) aşaky ahyrlaryň damarlarynyň ultrasesli dopplerografiýasy-bu usul damarlarda gan aýlanyş tizligini hasaba almaga esaslanan, barlaglar gan aýlanyşyň güýçli bozulmalary,yagny diabetiň mikro we makro-angiopatiýsy ýaly gaýra üzülmelerini wagtynda kesgitlemek;

b) ehokardiografiýa-ýürek kesellerini, uly damarlary anyklamak üçin ulanylýan ýüregiň ultrases barlagy, esasy diabetiň makro-angiopatiýasyny anyklamak üçin we uly damarlaryň işleýişiniň bozulmagynyň sebäplerini ýüze çykarmak;

ç) galkan şekilli mäziniň we içki agzalarynyň ultrases barlaglary geçirmgek.

81. Barlagyň laboratoriýa usullary - ganyň derňewleri (biohimiki, ganda glýukoza, glikolizirlenen gemoglobin, insulin, C peptid), peşewde aseton derňewleri geçirilýär.


IХ bap. Bejeriş we iýmit


82. Endokrinologiýa keselli adamlary bejeriş Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan, Saglygy goraýyş edaralarynda uly ýaşly adamlara endokrin keselleri ugry boýunça berilýän endokrinologik kömeginiň hil standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bejergi endokrinologiki kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda bellenilenilýär.

83. Süýjili diabetli näsaglaryň bejergisi diabetiň görnüşini, kliniki geçişiniň aýratynlyklaryny, ötüşmelerini we utgaşýan keselleri göz öňünde tutmak bilen toplumlaýyn bolmalydyr. Uglewod çalşygynyň kadalaşmagy ýag, protein we suw-duz çalşygynyň gowulaşmagyna getirýär. Süýjili diabetiň bejergisine şular degişlidir:

1) berhiz bejergi;

2) ölçegli fiziki agramy;

3) derman serişdeleriniň (insulin bejergi we peroral antidiabetik serişdeler) ulanylmagy;

4) ötüşmeleriň we utgaşýan keselleriň öňüni almak we bejermegi;

5) dermanlyk ösümlikler bilen bejergi;

6) näsagy okatmak we öz-özüne gözegçiligi.

84. Endokrinologiki kesellerinde berhizleriň we iýmitlenmegiň düzgünleriniň esasy maksady iýmitlenmegi bir kada getirip, onuň endokrinologik ulgamyna agyr täsirini azaltmak bolup durýar. Endokrinologiki kesellerinde näsaglara berhiz tutmaklyk maslahat berilýär. Endokrinologiki kesellerinde berhizler  Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda 1099 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň  2017-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 286 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyna laýyklykda 8 we 9 belgili Saçak bellenilýär.

Berhiziň bu görnüşiniň aýratynlygy rugsat berilýän iýmitleriň köpdürliligidir. Birnäçe onýyllyklar bäri berhiz bejergi we fiziki agram süýjili diabetde madda çalşygyny kadalaşdyrmaga itergi beriji wajyp şert hasaplanylýar. Energiýanyň düşmegi proteinleriň, ýaglaryň we uglewodlaryň iýmitdäki mukdaryna bagly bolup, her iýmit iýlende ol dürli-dürli bolýar. Günüň dowamynda kaloriýa bolan talap, energiýanyň harçlanylyşy bilen kesgitlenilýär. Näsagyň beden energiýasynyň harçlanylyşy esasy çalşykdan we energiýanyň iýmiti siňdirmäge harçlanylyşyndan we fiziki işjeňlikden düzülýär.

85. Esasy çalşyga, ýaşa, jynsa, beden gurluşyna we genetiki faktorlara baglylykda, näsagyň beden energiýasynyň 60-dan 75%-ne çenlisi gidýär. Her 10 (on) ýyldan energiýanyň esasy çalşyga harçlanylyşy ortaça 2-3%-i peselýär, çagalaryň we ýetginjekleriň her 1 (bir) kg agramyna kaloriýalaryň ýokary talaby şunuň bilen düşündirilýär. Iýmitiň siňmegi üçin harçlanýan energiýa (iýmit maddalaryň sorulmagy, metabolizmi we ätiýaçlanmagy üçin zerur kaloriýanyň mukdary) hemişelikdir we günüň dowamynda harçlanýan energiýanyň 10%-i tutýar. Berhiz süýjili diabetli näsaglaryň ömürlik toplumlaýyn bejergisiniň esasy özenidir

86. Berhize bildirilýän umumy talaplar:

1) iýmitiň düzümi boýunça fiziologiki bolmagy;

2) iýmitlenmegiň ýygylygy (günüň dowamynda 4-6 gezek);

3) ýeňil siňňitli uglewodlary aýyrmak;

4) iýmit süýümleriniň (kletçatkalaryň) ýeterlik mukdarynyň bolmagy.

Ösümlik ýaglarynyň mukdary ýaglaryň umumy mukdaryndan 40-50 %-ni tutmalydyr.

Berhiz süýjili diabetiň I görnüşinde izokaloriýaly, II görnüşinde subkaloriýaly bolmalydyr.

87. Süýjili diabetde näsaglaryň iýmitiniň umumy energiýa gymmatlylygy 50-60%-ni uglewodlaryň, 20-30%-ni ýaglaryň, 10-20%-i bolsa proteinleriň hasabyna ýapylýar. Süýjili diabetde berhiz gipolipidemiki ugra eýermelidir. Doýgun däl ýaglar umumy energiýa gymmatlylygyň 10%-den azragyny, mono-we iýmitlenmegiň kadalaryny saklamalydyr we diňe zähmeti däl, eýsem näsagyň ýaşy, agramy, jynsy, boýy we beýleki şertler hem göz öňüne tutulmalydyr.

Günüň dowamynda köp gezek iýmitlenme (4-6 gezek) sag adamlarda ganyň glýukozasynyň we insuliniň derejesiniň arasyndaky deňagramlylygyň görkezijilerini golaýlatmaga mümkinçilik berýär. Näsagyň iýmitlenme düzgünine onuň zähmetiniň häsiýetini, howa şertlerini medeni we milli däp-dessurlaryny göz öňünde tutmak bilen üýtgeşme girizmek bolar.

Uglewodlar iýmitiň esasy bölegini tutup, energiýa gymmatlygynyň 50-60%-ni üpjün edýärler.

88. Süýjili diabetiň II görnüşiniň barlaglarynda iýmitde uglewodlaryň 50%-den köp bolmagy, madda çalşygynyň erbetleşmegi bilen birlikde glýukozanyň we trigliseridleriň derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezdi. Insuline rezistentlik we iýmitde uglewodlaryň köp mukdary bilen erbetleşýän giperinsulinemiýa bagyrda örän pes dykyzlykly lipoproteidleriň emele gelmegine getirýär.

Özleşýän uglewodlaryň (ýagny iýmit süýümi bolmadyk) mukdarynyň esasy ölçeg birligi hökmünde köplenç halatlarda çörek birligi (mundan beýläk - ÇB) kabul edilendir. Bir çörek birligi üçin uglewodyň 10-12 gramyny saklaýan (täze çowdary çöreginiň 30 g) önümleriň mukdary kabul edilýär. Bir önümde ÇB-ny bilip, ony beýleki birmeňzeş ýa-da ÇB-ne golaý önüme çalyşmak bolýar. Iýlen her bir ÇB ganyň glýukozasynyň derejesini takmynan litrde 2,5 mmola ýokarlandyrýar, insuliniň her bir birligi bolsa, ganyň glýukozasynyň derejesini takmynan litrde 2,2 mmol peseldýär.

89. Ýaglar günüň dowamynda energiýa gymmatlylygynyň ortaça 30%-ni üpjün edýär. Olar öýjükleriň we öýjük düzümine girýärler, çalşyk hadysalaryna gatnaşýarlar. Normoglikemiýany goldamakda berhiziň orny keseliň görnüşine baglydyr. Süýjili diabetiň I görnüşinde berhiz bejergi – bu süýjili diabetiň kompensasiýasyny goldamaga itergi beriji iýmitlenme we ýaşaýyş şertidir. Süýjili diabetiň I görnüşli, aýratynam insulin bejergi alýan näsaglar iýmiti saýlamakda has erkindirler. Sebäbi, hemme üýtgemeleri insuliniň möçberiniň ütgedilmegi bilen kompensirlemek bolýar. Bu näsaglara izokaloriýaly berhiz (bedeniň agramynyň 1kg-ne 35-40kkal) bellenilýär.

Günüň dowamynda iýmitiň 5-6 gezege paýlanylmagy rasional hasaplanylýar: ertirlik-30%, günortanlyk-40%, agşamlyk-20%. Köp gezeklik sanjym düzgüninde insulin alýan näsaglar, adatça 6 gezeklik iýmitlenmä mätäç bolýarlar. Bu ýagdaýda ertirlige we günortanlyga 20%-den, agşamlyga 30%, galan 30%-i ikinji ertirlige, öýlänlige we ýatmazdan öň ýeňil iýmek bolar.

90. Süýjili diabetiň I görnüşinde berhiz bejergi näsagyň bedeniniň agramyna baglydyr. Kadaly beden agramynda rasionyň energiýa gymmatlylygy jynsy, ýaşy we fiziki işjeňliginiň derejesini (bedeniň 1 kg agramyna ortaça 25-30 kkal) göz öňünde tutmak bilen iýmitlenmegiň fiziologiki kadasyna laýyk bolmalydyr. Iýmitiň mukdar we hil taýdan ýag düzümi uly ähmiýete eýedir. Iýmitde umumy ýaglaryň iýilmegini we doýgun ýag turşuly ýaglaryň iýilmegini çäklendirmelidir. Sag adamlarda bolşy ýaly, uglewodlar bilen üpjünçilik energiýanyň günüň dowamyndaky talabynyň 55-60%-ni tutup biler.

Süýjili diabetiň II görnüşinde semizlik bilen utgaşanda (bedeniň 1kg agramyna 20-25 kkal) berhiz 9B maslahat berilýär. Bu ýagdaýda günüň dowamynda gymmatlylygy 1600-1800 kkal deňdir. Şeýle berhizde näsaglar bedeniň agramynyň hepdede 300-400g töweregini ýitirmelidirler. Eger hasaplanan berhizde bedeniň agramy peselmese, onda näsagyň berhizine, şeýle hem derman bejergisine gaýtadan seretmelidir.

91. Fiziki agram süýjili diabetiň bejergisiniň döwrebap kompleksine girmelidir we esasy bejeriş çärelerine goşulmalydyr. Fiziki maşklar kelle beýniniň gabygynyň üsti bilen bedeniň ulgamlaryna fiziologiki mehanizmleri işjeňleşdirýär, kelle beýniniň gabygynyň üsti bilen bedeniň hemme ulgamlaryna stimulirleýji we sazlaýjy täsir edýär. Sag adamlarda işleýän muskullarda glýukozanyň süýjiniň 20 esse ýokarlanýandygyna garamazdan, fiziki agramlar ganyň glýukozasynyň üýtgemegine getirmeýär.

92. Euglikemiýa bagryň glýukozany takyk sazlamagynda we onuň işleýän muskullarda öýjük derejesinde laýyk harçlanylmagynyň netijesinde ýetilýär. Sazlaýjy mehanizm insuliniň ingibisiýasynyň we kotrinsulýar gormonlaryň (glýukagon, kateholaminler, kortizol, ösüş gormony) ýokarlanmagynyň arasyndaky gormonal balansy çekýär. Bedeniň energiýa gomeostazynyň goldanmagyny sazlaýan gormonlaryň bölüp çykyşy we madda çalşygynyň üýtgemegi gysga we uzak döwürleýin fiziki agramlarda birmeňzeş bolmaýar.

93. Fiziki agramyň başlanylmagynyň ilkinji 5-10 minudynda energiýanyň çeşmesi hökmünde muskullaryň glikogeni ulanylýar, ýöne energiýanyň glikogen görnüşindäki ätiýaçlygy, ýag dokumasyndaky bilen deňeşdirilende ujypsyzdyr. Işiň ilkinji sagadynda ganyň glýukozasynyň derejesi onuň periferiýada harçlanylyşynyň ýokarlanmagyna garamazdan bagyrda glýukogenoliz (70-75%) we glýukoneogenez (25-30%) hadysalarynyň netijesinde glýukozanyň emele gelmeginiň tizliginiň yokarlanmagynyň hasabyna üýtgemeýär diýen ýalydyr. Haçan-da maşklaryň uzak ýerine ýetirilmeginde bagryň glikogeniniň has azalmagyna getirip glýukoneogenez wajyp hadysa öwrülýär we bagyrda glýukozanyň öndürüjiliginiň 45-50%-ni kesgitleýär. Sag adamlarda ujypsyz fiziki agram döwründe bagyrda glýukozanyň emele gelmeginiň sazlanyşynyň we ganda glýukozanyň mukdarynyň arasynda otrisatel gaýdymly ters baglanyşyk bolýar. Eger fiziki agram dowam etdirilýän bolsa, onda birinji we ondan soňky sagatlaryň ahyryna ganyň glýukozasynyň mukdary peselýär. Uzak fiziki agram (1-2 sagatdan köp) ganyň suwuklygynda insuliniň derejesiniň peselmegi, glýukagonyň kateholaminleriň, kartizolyň, prolaktiniň, TTG-niň konsentrasiýasynyň biraz köpelmegi we ösüş gormonynyň derejesiniň has ýokarlanmagy bilen geçýär. Bu gormonlar glýukozanyň öndürilmegini we adiposit dokumalardan erkin ýag turşularynyň mobilizirlenmegini ýokarlandyrýar.

94. Sag adamlarda erkin ýag turşularynyň konsentrasiýasy rahatlykdaky bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarlanýar. Munuň özi gormonlaryň mukdarlarynyň we olaryň biri-birleri we nerw ulgamy bilen özara baglanyşygynyň glýkozanyň gomeostazynyň sazlanyşygynda ornunyň bardygyny görkezýär. Fiziki agram döwründe muskullarda glýukozanyň siňmeginiň ýokarlanmagy insulin bilen üpjün edilýär. Fiziki agramyň täsiri astynda eritrositleriň reseptorlary bilen insuliniň baglanyşygy ýokarlanýar.

Yzygiderli fiziki işjeňlik olaryň ýagdaýlaryny we utgaşýan kesellerini göz öňünde tutmak bilen süýjili diabetli näsaglaryň hemmesine maslahat berilýär. Süýjili diabetli näsaglar üçin esasan hem aram we ölçegli fiziki agram maksadalaýykdyr. Lipid çalşygyna oňaýly täsir aram fiziki agramda ýüze çykarylan, ýagny ýanmagyň we kardiowaskulýar ulgam maşklaryň kömegi bilen gowulaşdyrmagyň has täsirli ýoly – bu maşklary netijede ýygy dem alma däl-de, eýsem maşklary 20-30 minutdan az bolmadyk döwürde dowam etmäge mümkinçilik berjek intensiwlilikde geçirilmegidir. Fiziki agramlar gysga, dowamly we ýokary intensiwli bolanda energiýanyň (anaerob) gözbaşy hökmünde erkin ýag turşulary däl-de, eýsem glikogen ulanylýar.

95. Hemme ýokary intensiwli fiziki agramlarda lipid çalşygy erbetleşýär (ganda umumy holesteriniň, pes dykyzlykly lipoproteidleriň, holesteriniň, trigliseridleriň mukdary ýokarlanýar), munuň özi aterosklerozyň progressirlenmegine itergi berýär. Süýjili diabetli näsaglarda fiziki agramyň insuliniň eritrositler bilen baglanyşmagynyň, insuliniň reseptorlarynyň duýujylygynyň ýokarlanmagynyň metabolizmiň gowulaşyandygyny glikemiýanyň peselendigine, insuline rezistentligiň azalandygyna şaýatlyk edýän insuline bolan talabyň peselmeginiň bolýan¬dygyny köpsanly barlaglar tassyklady. II görnüşli süýjili diabetli näsaglarda fiziki agramdan 12-16 sagat geçenden soň, insuline bolan periferiki duýujylygyň takyk ýokarlanýandygy ýüze çykaryldy.

Ölçegli fiziki agram ganyň glýukozasynyň agram döwründe şeýle hem ondan soň hem, peselmegine itergi berýär. Munda ganyň suwuklygynda insuline bolan duýujylygyň ýokarlanmagy babatynda edýän insuliniň bazal we postprandial derejesinň peselmegi şaýatlyk edýär. Bedeniniň ýokary agramy bolan näsaglar birmeňzeş görkezijileri bolan kadaly agramlylar bilen deňeşdirilende fiziki işe ukyplylygynyň peselendigi bellenilýär, şunda diabetiň agyrlyk derejesine garaşlylyk saklanýar

96. Fiziki agramlar semizlikde bedeniň agramynyň peselmegine itergi berýärler. Süýjili diabetiň I görnüşi we semizligi bolan gartaşan adamlarda fiziki işjeňlikde ýokarlandyrylmagy (hepdede 4-6 gezek dowamlylygy 30 minut bolan ädimi çala tizleşdirilen gezelenç) artykmaç agram peselmese-de, dokumalaryň insuline bolan duýujylygy artýar. Näsagyň ýaşyna garamazdan gündelik fiziki maşklar hökmanydyr. Fiziki agramyň göwrümi näsagyň ýaşyny, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny we uglewod çalşygynyň kompensasiýasyny göz öňünde tutmak bilen kesgitlenilmelidir.

Ölçegli fiziki agram diabetiň geçmişine oňaýly täsir edýär we insuline talap peselende onuň durnukly kompensasiýasynyň goldalmagyna itergi berýär. Yzygider türgenleşme mikrosirkulýasiýany gowulaşdyrýar, lipid çalşygyny  kadalaşdyrýar, fibrinolizi işjeňleşdirýär, kateholaminleriň ýokary sekresiýasyny kadalaşdyrýar. Energiýanyň harçlanylyşy zähmetiň dürli görnüşlerinde dürli-dürlüdir. Ýeňil fiziki agram – adaty öý işleri – sagatda 180 kkal; orta agyr fiziki agram-haýal gezelenç (sagatda 4 km) – 210 kkal, tigir sürme (sagatda 9km) 210 kkal, bagda ýeňil işler – 220 kkal, tiz ýöreme (sagatda 6 km ) – 300 kkal, ýüzme (sagatda 0.5 km) – 300 kkal, tanslar - 300 kkal, woleýbol – 350 kkal, dartgynly fiziki işjeňlik –pilli ýer depme - 400kkal, agajy çapma we ýonma – 400 kkal, tennis – 420 kkal, tiz tans – 490 kkal, ylgama – 585 kkal, futbol – 600 kkal.

97. Ýaşy uly adamlarda anamnezinde miokardyň infarktyny geçiren we gipertoniýasy bolan näsaglara fiziki maşklaryň göwrümi lukman tarapyndan kesgitlenilmelidir. Eger-de başga görkezmeler bolmasa, gündelik 30 minutlyk gezelenç (10 minutdan 3 gezek) bilen çäklenilse bolar. Süýjili diabetiň dekompensasiýasynda fiziki agramlar az täsirlidir. Diabeti ýeterlik kompensirlenmedik näsaglarda fiziki agram giperglikemiýa we ýeňil ketoasidozyň döremegine getirip biler. Bu peşewde asetonyň ýokarlanmagy bilen geçýär. Giperglikemiýa litrde 16,6 mmoldan (%-de 300mg-dan) ýokary bolanda bagyrda glýukozanyň emele gelşine ýag turşularynyň keton bedenjiklerine çenli dargamagy muskullaryň olary ulanmak mümkinçiliginden artýar. Bu ýagdaýda fiziki agramlar glýukokortikoidleriň, kateholaminleriň we ösüş gormonynyň has-da, ýokarlanmagyna getirýär.

98. Giperglikemiýaly näsaglarda fiziki agramlar oňat kontrola ýetilýänçä maslahat berilmeýär, ýöne ýumşak we orta giperglikemiýaly (ganyň glýukozasy litrde 11 mmoldan az) ketozsyz näsaglarda orta depginli fiziki agramlar netijede ganyň glýukozasynyň derejesini peseldýändigi barada maglumatlar bar. Ýokary depginli ýa-da uzak dowamly adekwat däl fiziki agramlar süýjili diabetli näsaglarda gipoglikemiýanyň döremegini getirip biler. Ganyň glýukozasynyň peselmegi işleýän muskulda gandan glýukozanyň siňmeginiň ýokarlanmagy we sanjylan ýerinden (adatça el-aýakdan) gan aýlanyşygyň güýçlenmegi sebäpli insuliniň sorulmagynyň tizleşmegi bilen baglanyşyklydyr.

99. Gipoglikemiýany duýdurmak üçin bedenterbiýe maşklarynyň ediljek güni insuliniň sanjymyny garnyň töweregine etmeli. Fiziki agramyň öňüsyrasynda uglewodlaryň uly bolmadyk mukdaryny goşmaça kabul etmeli. Adatça fiziki agrama çenli we eger maşk uzak edilýän bolsa, sagatsaýyn 20g uglewod maslahat berilýär. Intensiw fiziki agramda insuliniň möçberini azaltmak we uglewodlary her sagatda 40g iýmek maslahat berilýär. Fiziki işjeňlik döwründe (irden ýa-da günortan) insuliniň umumy möçberiniň 10%-ni azaltmak maslahat berilýär.

Eger fiziki işjeňlik günüň ahyryna meýilleşdirilýän bolsa, onda insuliniň görnüşini hem (gysga we orta) 10%-den, ýagny umumy möçberden 20% azaltmalydyr. Ganyň glýukozasyny maşklardan öň, arasynda we soňunda, aýratynam ölçegli fiziki agram boýunça täze meýilnama başlanýan halatynda barlamak maslahat berilýär. Muskul we bagyr glýukogeniniň öwezini dolmak 24 sagatdan 48 sagada çenli çekýär.Süýjili diabetiň ötüşmeleri ýa-da ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň utgaşmalary bolan näsaglara ölçegli fiziki agram garşy görkezilen bolup biler. Bu retinopatiýalara degişlidir.

100. Fiziki maşklar bilen meşgullanylýan döwürinde süýjili diabetiň II görnüşli geçişi bolan näsaglaryň diastoliki we sistoliki gan basyşynyň derejesi sag adamlaryňka garanyňda köp ýokarlanýar. Retinopotiýada, aýratynam onuň proliferasiýa döwründe maşklary ýerine ýetirmek gözüň port damarlarynyň gatamagy we gemorragiýalaryň prowosirlenmeginiň mümkinligi sebäpli töwekgel¬çiliklidir. Şeýle näsaglara ylgamakdan, tennis, basketbol, woleýbol oýnamakdan, gezmek, tigir sürmek, ýüzmek has peýdalydyr. Neýropatiýaly näsaglaryň fiziki agramlarda aýagyna şikes ýetirmegi bolup biläýjek hadysadyr.

Eger näsaglar hünärmenleriň ägä bolmak baradaky maslahatlaryny berjaý etmeseler anda olara ylgamak, bökmek, ýöremek aýaklaryň şikesine getirip biler. Nefropatiýaly näsaglaryň ýagdaýyna görä laýyk bolmadyk fiziki agram proteinuriýanyň güýçlenmegine we ýagdaýynyň erbetleşmegine getirip biler. Utgaşýan kesellerden näsagyň umumy ýagdaýyny erbetleşdirmezlik üçin ýürek- damar ulgamlarynyň kesellerine üns bermek zerurdyr. Fiziki agramlar biraz tebigy ýadawlykdan ötri, näsagyň özüni duýşuny erbetleşdirmegine, tabynyň gitmegine we apatiýa getirmeli däldir.

101. Derman serişdeleriniň (insulin bejergi we peroral antidiabetik serişdeler) ulanylmagy uly adamyň aşgazanasty mäzi kadada gije-gündizde bedeniň agramynyň 1kg 0,6-1,2 BR deň bolan 35-50 BR insulin bölüp çykarýar. Insuliniň bölünip çykmagy sag adamda bazal we iýmite bölünýär. Insuliniň bazal bölünip çykyşy gije-gündiziň dowamynda hemişe bolup, onuň tizligi her sagatda 1-2 birlikdir. Bazal insuliniň sekresiýasy adamyň ukudamy ýa-da däl, iýmit iýýänine ýa-da iýmeýänine bagly bolmaýar, ýöne uzak fiziki agramda ýa-da uzak açlykda sagatda 0,5 birlige çenli azalýar. Öýjükleriň energiýa çalşygynyň goldawy üçin zerur bolan insuliniň bazal sekresiýasynyň şertinde iýmit iýilmegine jogap bolup, iýmit insulininiň bölünip çykmagy bolup geçýär.

102. Sag adamda insulin iýlen iýmitiň özleşmegi üçin näçe zerur bolsa, şonçada bölünip çykarylýar. Adam günüň dowamynda näçe gezek saçaga otursa, iýmitden 1,5-2 sagat geçenden soň, onda şonçada ganda glýukozanyň mukdary ýokarlanýar. Muňa jogap bolup, ganda glýukozanyň ýokarlanyp başlanmagyndan edil 20 min. soň, insuliniň adekwat sekresiýasy başlanýar. Bedeniň hemme agzalarynyň we dokumalarynyň funksionirlenmegi üçin zerur insuliniň sekresiýasynyň bu mehanizmi organizmde glýukozanyň gomeostazyny saklamaga mümkinçilik berýär. Iýmit insulininiň mukdary kabul edilen, özleşdirilýän uglewodlaryň, ýagny 10-12g. (1ÇB) uglewodlara 1-1,5 BR töweregi möçberde laýyk gelýär. Iýmit insulinine gije-gündiz bölüp çykarylýan gormonyň 50-60%-i, bazal insulinine bolsa, 40-50% düşýär.

103. Insuliniň sekresiýasy gije-gündiz fiziologiki üýtgemelere sezewar bolýar, ýagny insuline bolan talap ir daň sagatlary (sagat 4 töwereklerinde başlap) ýokarlanýar. Şonuň üçin ertirlik sagatlarynda, her 10-12g. özleşýän uglewoda 1,5-2,5BR insulin bölünip çykýar, gündiz günortanlyk we agşamlyk sagatlary uglewodlaryň şonça mukdaryna laýyklykda -1,0-1,2BR we 1,1-1,3BR insulin bölünip çykýar. Insulinler 2 topara: iri şahly mallaryň we doňzuň aşgazanasty mäzinden alynýan haýwan insulinlerine we adam insulinlerine bölünýärler. Agzalan insuliniň serişdeleri biri-birinden aminturşy yzygiderliligi bilen tapawutlanýarlar.

104. Öküz insulini adam insulininden üç aminturşusy, doňuz insulini bolsa, diňe bir aminturşusy bilen tapawutlanýarlar. Häzirki döwürde ösen ýurtlarda öküz insulinini goýbermek we ulanmak bes edilen. Garyndylardan oňat arassalamak monopikli ýa-da monokomponentli insulinleriň döredilmegine getirdi. Adam insulinini iki ýagny, polisintez we biologiki sintez (genli inžener tehnologiýasy) usullary bilen alýarlar. Polisintez usulynda fermentli-himiki reaksiýalaryň kömegi bilen alanin aminturşusy (insuliniň B zynjyrynyň 30-njy ýagdaýy) treonine çalşylmagy amala aşyrylýar.

105.    Insulinler adaty şprisler üçin konsentrasiýasy 1ml-de 40BR ýa-da 100 BR bolan flakonlarda, 1ml-de 100 BR bolan galam-şprisler üçin penfillerde (kartrijlerde) we Fleks Pen, galam-şprislerde goýberilýär. Galam-şprisler „Novo“ şereketi 80-nji ýyllaryň başlarynda ilkinji gezek Novo Pen-1 galam-şprisini goýberenden soň, has giň ýaýrady. Galam-şprisler ýörite kiçi diametrli (0,36, 0,32 we häzirki döwürde bolsa, hatda 0,3 mm.) insuliniň sanjymyny tas agyrysyz edýän goşa lazer ýylmanmasy bilen üpjün edilen.

Penfiller we sanjym iňňeler şu galam-şprislere, ýagny Novo Pen 1, Novo Pen 2, Lilli Pen, BD Pen özara çalşylýandyr. Sanalan galamlara penfiller 1ml-de 100BR konsentrasiýada insuliniň 1,5 ml erginini saklaýarlar. Opti Pen 1,2 we 4, Novo Pen 3, 4 we Lilli Pen 3 şpris-galamlara ml/100BR konsentrasiýaly 3 ml insulin saklaýan penfiller öndürilýär, ýöne kartrijleri gabat gelmeýärler. „Novo“ we „Lilly“ şereketi Fleks Pen hem öndürýär-bu galam bir gezeklik bolup, eýýäm insulinden doldurylan kartrij saklaýar (gutuda 5 Fleks Pen galamy), gutarandan soň galam zyňylýar. Insuliniň serişdesi kadaly saklananda gutuda görkezilen ulanyş müddetiniň ahyryna çenli öz häsiýetlerini saklaýar. Açylmadyk flakony has gowusy +2°C-den +8°C çenli temperaturada mümkin bolsa sowadyjynyň gapysynyň aşaky tekjelerinde, garaňkyda saklanmalydyr (buz kamerasynda saklamak bolmaýar). Doňdurylan insulini ulanmak bolmaýar. Insulin otag howasynyň temperaturasynda (+18°C +20°C) hem, açylmadyk gutuda hem uzak wagtlap işjeňligini ýitirenok, ulanyş möhleti geçýänçä, açyk flakonda bolsa, bir aýlap saklap bolar. Insuliniň serişdeleri hiç haçan günüň göni şöhleleriniň astynda saklanmaly däldir, çünki şunda insuliniň işjeňligi onlarça esse peseler.

106. Penfillerde termostabil insulin ulanylýar, munuň özi penfil gapgarylan galam-şprisleri daşky gurşawyň temperaturasynyň täsiri astynda insuliniň dargamagynda we onuň biologiki işjeňliginiň 30 (otuz) senenma gününiň dowamynda peselmeginden heder etmezden öz ýanyň bilen (jübiňde) götermäge mümkinçilik berýär. Täsir ediş wagty boýunça insulinler 3 topara ýagny, gysga, orta we uzak täsirlililere bölünýärler. Insuline proteiniň ýada sinkiň goşulmagy serişdäniň prolongirlenen görnüşleriniň döredilmegine getirdi. Orta uzak täsirli insulinler üçin häzirki döwürde esasan (NPH-insulin) Hagedornyň neýtral  protaminli insulinleri ulanylýar. Protamin bu insuliniň täsirini haýalladýan balyk süýdünden alynýan proteindir. Insulinleriň tasirini uzaltmak üçin esasan sink ulanylýar.

107. Gysga täsirli insulinler deri astyna goýberilenden 20-30 minutdan soň täsiri başlaýar, doly güýje 2-3 sagatdan girýär (maksimal täsiri- 2-3 sagatdan, dowamlylygy bolsa 6-8 sagatdyr). Insulinleriň bu toparyna Aktrapid MC we HM („Novo“ Daniýa), Humulin R (regulýar), Iletin II P („Lilly“, ABŞ), Insuman Rapid („Aventis“, Germaniýa), Insulrap SPP („Pliva“, Ýugoslawiýa) degişlidir. Ereýänler diýip atlandyrylýan bu serişdeleri deri astyna, zerur halatynda bolsa, damardan ýada ýanbaşdan göýberlip bilner.

Gysga täsirli insulinleriň täsiriniň başlangyç we täsiri ýetiş wagty goýberiş ýoluna baglydyr. Damardan goýberilen halatynda gysga täsirli insuliniň täsiriniň 15-30 minutdan, ýanbaşdan bolsa 60-90 minutdan ýetýär. Insuliniň sorulma tizligi onuň goýberilen ýerine (garyn, but, çigin) baglydyr we dürli-dürlüdir (garyndan deri astyna goýberilende täsiri 15-30 minutdan, butdan edilende 60-90 minutdan, çiginden edilmegi bolsa aralyk wagty alýar). Insuliniň sorulyş tizligi deriniň temperaturasyndan göni korrelýasion baglylyga eýedir. Orta uzak täsirli insulinleriň täsiri goýberlenden 2-2,5 sagat soň başlanyp, 4-6-8 sagada çenli täsiri ýetýär, täsiriniň dowamlylygy 12-16-18 sagatdyr. Bu topara Protofan MC we HM, monotard Mc we HM („Novo“), Humulin NPH, Iletin II („Lilly“), Insuman bazal („Aventis“), degişlidir. Prolongirlenen serişdeleriň köpüsiniň pH-nyň derejesi organizmiň dokumalarynyň pH-na golaý bolup, goýberlen ýerinde dargaman işjeňligini 100% saklaýarlar.Uzak insulinleriň täsiri goýberlenden 3-4 sagat soň başlanýar, täsiriniň derejesi 8-10-12 sagatdan ýetýär, täsiriniň dowamlylygy 24-36 sagatdyr. Insulinleriň bu toparyna Ultratard HM („Novo“), Humulin ultralente („Lilly“) degişlidir.

108. Kombinirlenen täsirli insulinler aýratyn topara bölünýärler. Olaryň düzümine gysga we orta täsirli insulinleriň dürli kombinasiýalary girýär. „Nordisk“ şereketi adam insulininiň kombinirlenen täsirli serişdelerini penfilde we flakonda Mikstard 10 HM, Mikstard 20 HM, Aktrofan HM ýa-da Mikstard 30 HM, Mikstard 40 HM we Mikstard 50 HM atlar bilen öndürýär. „Lilly“ şereketi bolsa, kombinirlenen täsirli insulinleri “Profil” ady bilen, ýagny Profil 2 (Humulin M2), profil 3 we Profil 6 çenli öndürýär. Iki şereketiň hem goýberýän insulinleriniň sanlary gysga täsirli adam insulinleriniň göterim gatnaşygyny görkezýär. „Aventis“ şereketi kombinirlenen täsirli insulinleriniň serişdelerini 15/85, 25/75, 50/50 görnüşli Insuman komb ady bilen öndürýär. Insuman komb 15/85 gysga täsirli insuliniň 15%-ni orta uzak täsirli(bazal) insuliniň bolsa, 85%-ni saklaýar. Bu şereketiň beýleki kombinirlenen insulinleriniň hem göterim gatnaşygy şeýle hasaplanýar. Kombinirlenen täsirli serişdeleriň hemmesini sanjymdan öň, bir görnüşli suspenziýa bolýança doly çaýkamalydyr.

109. Insulin tebigy görnüşleriniň esasynda döredilip, olaryň täsiri insuliniň belli serişdeleriniň täsirlerinden tapawutlanýarlar. Insuliniň molekulasynyň strukturasynyň üýtgedilmeginiň geçirilmegi insuliniň biologiki häsiýetleriniň üýtgemekligine getirýär. Deri astyna goýberlende şeýle insulin tebigy insuline garanyňda tiz täsir edip başlaýar. Gysga täsirli insuliniň tradision serişdeleri monomeriň we özara kowalent baglanyşan her biri sinkiň iki ionyny saklaýan dimerleriň, tetramerleriň we geksamerleriň deň agramly garyndysydyr. Adam insulininiň molekulalary erginde biri-birleri bilen baglanyşmagyň tebigy tendensiýasyna eýedir. Haçanda 2 molekula gönüden-göni ýakynda ýerleşende olaryň arasynda gaýdymly baglanyşyk döreýär we insuliniň dimeri emele gelýär. Insuliniň deri asty sanjymyndan soň, onuň aýry-aýry molekulalarynyň ulgamlaýyn gan aýlanyşyga düşmegi üçin geksamerler dissosiirlenmelidirler.

110. Ýönekeý adam insulininiň täsiriniň profili insuliniň geksamerleriniň dissosiasiýasy üçin zerur wagt interwalyny şöhlelendirýärler. Insulin diňe biologiki işjeň görnüşi bolan monomerler görnüşinde sirkulirlenýär. Şonuň üçin insuliniň sanjymyndan onuň täsirine çenli bolan wagt, tetra we geksamerleriň monomerlere dissosiasiýasy üçin zerur wagtdyr. Häzirki zaman gysga tasirli insulinleri özleriniň maksimal işjeňlik wagty boýunça iýmitden soňky glýukozanyň derejesiniň (postprandial glikemiýa) maksimal ýokarlanmagy bilen gabat gelmeýär. Ganyň glýukozasynyň iýmitden soň ýokarlanmagynyň, süýjili diabetiň ötüşmeleriniň onuň derejesi bilen baglanyşyklydygy sebäpli ilkinji derejeli ähmiýeti bardyr. Insuliniň iýmitden soň, glýukozanyň maksimal derejesine deň geläýjek täsirli serişdelerini döretmek zerurdy. Insuliniň has tiz täsirli görnüşleriniň gözleginde molekulalary az baglanyşjak we şoňa laýyklykda monomerlere ýeňil dissosiirlejek insulin döretmäge synanyşdylar.

111. Adam insulininde prolin we lizin aminturşulary degişlilikde B-zynjyryň 28 we 29 ýagdaýlaryny eýeleýär. Olary biri-birinden çalyşmak ýoly bilen molekulasy ýönekeý adam insulininiň molekulasyna garanyňda öz-özünden assosiasiýa az ýykgynlylygy bolan insuliniň analogy-insulin lizpro alyndy. Insulinleriň-analoglaryň toparyna insulin lizpro (Humalog) we aspart (nowolog, noworapid) degişlidir. Bu insulinleriň täsir ediş wagty 3-5-den 10-15 minuta çenli, maksimal täsiri 1-1,5 sagat, täsiriniň uzaklygy bolsa, 3-5 sagatdyr. Bu insulinleri iýmezden 10-15 minut öň, ýa-da naharlanmazdan göni öň goýbermelidir. Ýönekeý adam insulini ýaly insulin lizpro hem erginde sinkiň we konserwantyň bolmagynda aýratyn geksamerleri emele getirýär. Ýöne, lizpro insuliniň geksamerleri gysga täsirli adam insulininiň geksamerlerine garanyňda, monomerleri tiz dissosiirleýärler.

112. Deri asty sanjymdan soň munuň özi gysga täsirli adam insulini bilen deňeşdirilende lizpro insulininiň has tiz absorbsiýasyna, täsiriniň bolsa, has tiz başlanmagyna we has gysga bolmagyna getirýär. Nowo Rapid prolin aminturşusy B28 ýagdaýda asparagin turşusyna çalşylan Saccharomyces cerevisial ştammynyň ulanylmagy bilen rekombinant DNT biotehnologiýa usuly bilen öndürilýär. Munuň özi molekulalaryň geksamerleriň emele gelmegine ýykgynlylygyny peseldýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Nowo Rapid ergin adam insulinine garanyňda deri asty ýag gatlagyndan has tiz sorulýar we has tiz täsir edip başlaýar.Soňky ýyllarda insulinleriň analoglarynyň uzak täsirlileri glargin (lantus-„Aventis“) we detemir (lewemir-„Novo“) alyndy. Glargin insulininiň molekulasynyň strukturasy adam insulininiň molekulasynyň strukturasyndan B-zynjyrynyň C-ahyrly galyndysynda arginin goşmaça iki položitel zarýadlanan molekulalarynyň bardygy bilen tapawutlanýarlar.

113. Strukturanyň bu üýtgemegi glargin insulininiň molekulasynyň pH-yň çala turşy ähmiýetinde has ergin we pH-yň fiziologiki görkezijilerinde pes erginli bolmagyna getirdi. Deri asty goýberlende, ýagny pH-yň neýtral (fiziologiki) görkezijilerinde insuliniň durnukly geksamerleri bolan we agregat görnüşleri bolan glargin onuň sanjym ýerlerinden absorbsiýasyny haýalladýan presipitatlary emele getirýär. Munuň özi onuň gan aýlanşygyna tas birmeňzeş tizlikde düşmegi bilen geçýär. Lewemir serişdesiniň prolongirlenen täsiri sanjym ýerlerinde detemir insulininiň molekulasynyň berk özara baglanyşygy we olara ýag turşusynyň gapdal zynjyrynyň üsti bilen albuminiň birleşmegi bilen şertleşendir. Lewemir serişdesiniň täsiri astynda ganda glýukozanyň derejesiniň peselmegi insulin reseptorlary bilen baglanyşandan soň, muskul we ýag öýjükleriniň, ony tutmagynyň ýokarlanmagy netijesinde we şol bir wagtda bagyr öýjüklerinden glýukozanyň çykmagynyň togtamagy netijesinde bolup geçýär. Ganyň suwunda goýberlenden 6-8 sagat soň maksimal konsentrasiýasyna ýetýär.

114. Lewemir serişdesiniň möçberini indiwidual saýlaýarlar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda näsaga Lewemiri gije-gündiziň dowamynda 1 ýa-da 2 gezek goýberilýär. Häzirki döwürde insuliniň analoglarynyň garyndysyndan durýan iki fazaly suspenziýa ýagny, insulin aspart (gysga täsirli adam insulininiň analogy) we protamin insulin aspart (orta uzak täsirli adam insulininiň analogy) goýberilýär. Bu insulin Nowo Miks 30 Penfill („Novo“), ol ergin aspart insuliniň 30%-ni we protamin aspart insulininiň 70%-ni saklaýar. Aspart insulininiň täsiri astynda ganyň glýukozasynyň derejesiniň peselmegi onuň insulin reseptorlary bilen baglanyşandan soň bolup geçýär. Munuň özi, glýukozanyň muskul we ýag öýjükleri tarapyndan tutulmagyna we şol bir wagtda glýukozanyň bagyrdan çykmagynyň togtamagyna itergi berýär.

Nowo Miks 30 Penfiliň täsiri deri asty sanjymdan 10-20 minutdan soň başlanýar, maksimal täsiri 1-4 sagatdan soň, täsiriniň uzaklygy bolsa 18-24 sagada deňdir. Nowo Miks 30 Penfill serişdesiniň täsiri iki fazaly adam insulinine görä, tiz ýüze çykýandygy sebäpli ,ony edil iýmit iýmezden öň, ýa-da iýmit iýlenden biraz salym soň etmelidir. Insulin Humalog Miks 25 („Lilly“) lizpro insuliniň 25%-den we lizpro insulininiň protaminli suspenziýasynyň 75%-den durýan insuliniň garyndysydyr. Insulin bejergä görkezmeler absolýut we otnositel diýlen iki topara bölünýär:

1) absolýut görkezmeler:

a) süýjili diabetiň I görnüşi (çagalar, ýetginjekler, ýaşlar);

b) ketoasidoz ýagdaýy, komanyň öňündäki döwri, diabetiň ketoasidoz komasy, giperosmolýarly koma;

ç) aýallaryň göwrelilik, dogrum we laktasiýa döwründäki süýjili diabeti;

d) aşgazanasty mäziniň doly aýrylmagy;

e) gan keselleri;

ä) peroral süýjini peseldiji serişdelere allergiýa reaksiýasy;

f) peroral süýjini peseldiji serişdelere rezistenlik;

2) otnositel görkezmeler:

a) süýjili diabetiň agyr derejesi;

b) süýjili diabetiň ötüşmeleri (diabetiň nefropatiýasy, polineýropatiýasy, retinopatiýasy , diabetiň daban sindromy);

ç) aşgazan-içege ýolunyň keselleri (aşgazanyň we 12 barmak içegäniň ýarabaş keseli), bagyr keselleri (bagyr parenhimasynyň funksional bozulmasy-gepatit, sirroz), böwrek keselleri;

d) hirurgiki päsgelçilikler (operasiýa taýynlyk , operasiýa, operasiýadan soňky döwür);

e) deriniň agyr distrofiki zeperlenmeleri (karbunkullar, furunkullar, trofiki ýaralar, gangrena);

ä) haýsydyr bir agzanyň uzaklaşan alawlama prosesleri (inçekesel, pnewmoniýa, piýelonefrit we beýlekiler);

f) agyr utgaşýan keseller (miokardyň infarkty, insult);

g) näsagyň aşa arryklygy;

h) berhiz bejergiden we peroral süýjini peseldiji serişdelerinden täsir bolmadyk halatlarynda;

115. Süýjili diabetiň insuliniň dürli serişdeleri bilen bejergisiniň birnäçe shemalary bar. 1922-nji ýylda ilkinji gezek insulin ulanylyp başlanan wagtyndan 1939-njy ýyla çenli diňe gysga täsirli insulinler (günde 3-4 gezek) ulanylypdyr. 1940-njy ýyldan başlap protamin-sink insulininiň alynmagy bilen onuň gysga täsirli insulin bilen ulanylyşynyň birnäçe shemalary hödürlenen. 50-nji, 70-nji ýyllarda insulin bejergide insuliniň prolongirlenen täsirli serişdelerine örän uly ähmiýet berildi, sebäbi onuň kömegi bilen sanjymyň sanynyň azaldylmagyna (gije-gündizde 2 gezege çenli) ýetildi. Bejerginiň bu usulyna “tradision insulin bejergi” diýilýär. Soňky barlaglar bu usul bilen keseliň kompensasiýasyna ýetip bolmaýandygyny we süýjili diabetiň ötüşmeleriniň döremeginiň ýokary göterimini görkezdi. Tradision insulin bejerginiň esasy aýratynlygy günüň dowamynda iýmit iýilmegine we fiziki agrama baglylykda üýtgäp durýan glikemiýanyň derejelerine, insuliniň möçberiniň çeýe uýgunlaşmagynyň bolmaýandygydyr. Tradision insulin bejergide näsag iýmitlenme düzgünine, günüň düzgünine we meýilleşdirilen fiziki agramlara bakna ýaly bolýar.

116. Iýmitiň öz wagtynda iýilmezligi ýa-da uly fiziki agram gipoglikemiýalaryň döremegine getirýär. Häzirki döwürde bu shemany ulanmak üçin kombinirlenen serişdeleriň toparyndan bolan insulinler maslahat berilýär.Insuliniň fiziologiki sekresiýasyna has golaýy bazis-bolýus we intensiw insulin bejergidir. Bazis-bolýus insulin bejergide insuliniň bazal sekresiýasyna laýyklykda insuline bolan talap orta täsirli insuliniň dozasynyň jeminiň gije-gündiz talabynyň ýarysyna deň iki sanjymy (irden we agşam) bilen üpjün edilýär. Insuliniň bolýus (iýmit) sekresiýasy üçin her gezek iýmit iýmezinden (ertirlikden, günortanlykdan we agşamlykdan) öň gysga täsirli insulin ulanylýar. Bolýus insulinlerine insuliniň gije-gündiz dozasynyň galan ýarym bölegi bellenilýär. Käbir halatlarda bazis-bolýus bejergä guşlukdan öň we öýlänlikden öň gysga täsirli insuliniň sanjymyny goşmaly bolýar. Insuliniň köp sanly sanjymly we mikrosorujynyň kömegi ýa-da insuliniň dozatorynyň kömegi bilen geçirilýän şeýle düzgüni intensiw insulin bejergi usulyna degişli edilen.

117. Intensiw insulin bejergide her gezek näsagyň özi insuliniň zerur möçberini  kesgitlemeli bolýar, munuň üçin ol günüň dowamynda glikemiýanyň derejesini kesgitlemeli we iýilmeli iýmitindäki uglewodlaryň mukdaryny bilmeli bolýar. Bu shemany geçirmek üçin näsag insulin bejerginiň we özüňe kontrollygyň endikleri boýunça okuw kursuny işjeň geçmeli bolýar. Insuliniň dozasy hasaplananda bedeniň agramyndan, ulanylýan insuliniň görnüşinden, ganyň glýukozasynyň görkezijisinden, günüň  çagyndan, iýmitdäki uglewodlaryň ortaça mukdaryndan  (Ç B), iýmitden öň we soň fiziki işjeňlikden ugur alynýar. Bedeniň agramy boýunça insuliniň dozasy şeýle hasaplanylýar ýagny, haýwan gelip çykyşly insulin ulanylanda her 1 kg.-a  0,6-0,8 BR aýratyn halatlarda bolsa, 1,0 birlige çenli; adam insulini bedeniň agramynyň 1 kg 0,4-0,6, aýratyn halatlarda bolsa 0,8 BR möçberde hasaplanylýar. Şeýle hem, süýjili diabetiň I görnüşiniň geçiş aýratynlyklaryny göz öňüne tutmak zerurdyr ýagny, diabetiň debýutynda bedeniň  1 kg  0,5-0,6 BR, „bally aýynda“  0,5 BR az, prepubertatda 0,6-1,0 BR, pubertatda 1,0-2,0 BR möçberde bellenilýär.

118. Günüň dowamynda süýjili diabetiň kompensasiýasyna ýetmek üçin glýukozanyň ajöze derejesini kadalaşdyrmak ähmiýetlidir. Ajöze ýokary giperglikemiýa birnäçe sebäpler bilen ýagny, gije ulanylýan prolongirlenen ýa-da gysga täsirli insuliniň dozasynyň az bolmagy, „daň şapagy“ sindromynyň bolmagy, Somojyň sindromynyň bolmagy bilen şertleşip biler. Giçki täsirli insuliniň dozasynyň ýetmezçiligi bilen ýüze çykýan irki giperglikemiýany kadalaşdyrmak üçin insuliniň dozasyny köpeltmek ýa-da onuň sanjym wagtyny üýtgetmek zerurdyr. Bazis-bolýus insulin bejergide bazal insuliniň agşamky möçberi irden turulmazdan 8-9 sagat öň goýberilýär, şonuň üçin, insulin 22-23 sagatlarda bellenilýär. Eger näsag ir (daňdan sagat 5-lere) turýan bolsa, onda orta uzak täsirli insulini gysga täsirli insulin bilen birlikde agşamlykdan öň etmek bolar. „Daň şapagy“ sindromy süýjili diabetli näsaglarda ganyň glýukozasynyň daňdan 6-dan 9-a çenli bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

119. Süýjili diabetli näsaglarda glýukozanyň gomeostazynyň, kontrinsulýar gormonlaryň sekresiýasynyň şeýle hem, insuliniň adekwat sekresiýasynyň bozulmagy „daň şapagy“ sindromyna getirýär. Insuline bolan talabyň gije sagat 24-den daňdan 6-a çenli aralyga garanyňda, daňdan sagat 6-dan 9-a çenli ýokary bolýandygy kesgitlenen. „Daň şapagy“ sindromyny duýdurmak üçin ilkinji nobatda gije sagat 3-de ganyň glýukozasyny kesgitlemek zerurdyr, bu sindrom üçin glýukozanyň ýokary derejesi häsiýetlidir. Ondan soňra orta uzak täsirli insuliniň agşamky möçberini gije sagat 3-de glikemiýanyň derejesiniň gözegçiligi astynda has giçki wagta geçirmeli we insuliniň möçberini gerek bolsa köpeltmeli. Somojyň sindromy bu postgipoglikemiki giperglikemiýa-agşamky insuliniň dozasynyň hroniki ýokary bolmagy bilen baglanyşykly giçki (gije sagat 2-3-lerde) gipoglikemiýadyr. Alamatlaýyn ol erbet düýşürgemegi uky, ukuda huşsuz hereketler, irki kelle agyry we bütin süňňüňde owranma duýgusy ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler.

120. Gije döreýän gipoglikemiýa glýukagonyň we beýleki kontrinsulýar gormonlaryň irki sagatlarda giperglikemiýa getirýän kompensator sekresiýasyna getirýär. Somojyň sindromyny anyklamak üçin gije sagat 3-de giperglikemiýanyň derejesini bu sindromda lukmanyň taktikasy agşamky göýberilýän orta täsirli insuliniň möçberini azaltmaga ýa-da onuň wagtyny üýtgetmäge gönükdirilen bolmalydyr. Ganyň glýukozasynyň ajöze derejesini kadalaşdyrylandan soň iýmitden 1-1,5 sagat soň ganyň glýukozasynyň görkezjisini kadalaşdyrmaga girişmeli bu dereje iýmitdäki çörek birliginiň mukdary bilen kesgitlenýän iýmitden öňki insuliniň dozasynyň kybapdaşdygyna şaýatlyk edýär.

Organizmde insulin bolmadyk halatynda 1Ç B-ni saklaýan iýmit iýlenden soň glikemiýanyň derejesi litrde 1,6-2,2mmola çenli ýokarlanýar ýagny, ganyň glýukozasynyň derejesi ortaça 1 BR insulin goýberilende ortaça peselişi ýaly peselýär. Şeýlelikde iýilmegi meýilleşdirilýän iýmitde saklanýan her bir Ç B-ne öňünden (gije-gündiziň wagtyna baglylykda) 1BR töweregi insulin goýbermek zerurdyr. Ganyň glýukozasynyň derejesini gije-gündiziň dowamynda kontrolda saklamak insulin bejerginiň aýrylmaz bölegidir. Birnäçe ýurtlarda parenteral däl insuliniň serişdelerini almak boýunça işler geçirilýär. Bu insuliniň peroral serişdeleri we ingalýasion görnüşleridir. Bu işleriň hemmesi boýunça barlaglar dürli derejelerde alnyp barylýar.

121. Insulin bejerginiň ötüşmeleri. Allergiýa reaksiýalary ýerli we tutuşlaýyn bolup biler. Allergiýa reaksiýalary insuline we insuliniň serişdeleriniň düzümindäki komponentlere antitelalaryň emele gelmegi bilen baglanyşykly diýlip hasaplanylýar. Insuliniň we serişdeleriň komponentleriniň antitelalar bilen özara täsirleşmegi ýokary duýgurlyk reaksiýasyna getirýän gistaminiň we beýleki mediatorlaryň boşamagyna getirýär. Allergiýa reaksiýasynyň bejergisi özünde şu aşakdaky çäreleri ýagny, insuliniň serişdesini çalyşmak, antigistamin serişdeleri, zerur bolan halatynda bolsa, glýukokortikoidleri ulanmak ýaly çäreleri öz içine alýar. Häzirki döwürde insuliniň adam we doňuz monokomponent görnüşleriniň giňden ulanylmagy sebäpli allergiýa ötüşmeleriniň mukdary azaldy. Insuline rezistentlik goýberilýän insuline duýujylygyň peselmegine diýlip, şol sebäpli serişdäniň dozasy köpeldilip gije-gündiziň dowamynda 60BR-den hem ýokary bolýar. Insuline rezistentlige dürli şertler getirip biler.

Onuň insuline ýa-da insuliniň reseptorlaryna antitelalaryň emele gelmegi bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Käbir halatlarda ýagny, infeksiýalarda, stressde, diffuz zäherli zobda, akromegaliýada, feohromositomada, giperkorti-sizmde we beýleki kesellerde insuline rezistentlik döreýär. Lukmanyň taktikasy ilkinji nobatda insuline rezistentligiň tebigatyny kesgitlemekden ybaratdyr. Dowamly infeksiýalaryň ojaklaryny (gaýmorit, otit, tonzillit, holesistit) sanasiýa etmek, insuliniň bir görnüşini beýleki görnüşine çalyşmak, içki sekresiýa mäzleriniň kesellerini işjeň bejermek zerurdyr. Bu çäreleriň hemmesi oňat netijeler berýär. Lipoatrofiýalaryň gipertrofiki we atrofiki görnüşleri bolýar. Käbir halatlarda atrofiki lipoatrofiýalar biraz ýa-da birnäçe wagtlap bolan gipertrofiki lipoatrofiýadan soň döreýär. Lipoatrofiýanyň döremeginiň esasynda soňundan ýerli neýrotrofiki bozulmalara getirýän periferiki nerwleriň ownuk şahajyklarynyň uzak wagtlaýyn şikeslenmegi ýa-da sanjym üçin ýeterlik derejede arassalanmadyk insuliniň ulanylmagy ýatýar diýlip çaklanylýar. Şeýle hem, lipoatrofiýanyň ojaklarynda insuliniň kompleksleriniň-antitelalaryň çökündileri hem ýüze çykarylýar.

122. Bu ötüşmäniň immun mehanizmini adam we doňuz insulinleriniň monokomponent serişdeleriniň ulanylmagynyň lipoatrofiýanyň ýygylygynyň has peselmegine getirmegi hem tassyklaýar. Lipoatrofiýalary öňüni almak üçin birnäçe ýagny, insuliniň gündelik sanjymynyň ýerleriniň çalşylyp durulmagy, otag temperaturasyndaky bolan insulinleriň goýberilmegi, sanjymdan soňky owkalamanyň ýeterlik bolmagy ýaly düzgünleriň saklanylmagy zerurdyr. Süýjili diabetiň II görnüşi bolan näsaglaryň 60%-70%-den gowuragy süýjini peseldiji peroral serişdeler bilen bejergi alýar. Süýjili diabetiň II görnüşinde adekwat terapiýany saýlamak we keseliň kompensasiýasyna ýetmek keseliň patogeneziniň geterogenligi sebäpli belli bir derejede kynçylyk döredýär. Süýjili diabetiň II görnüşiniň bejergisinde ulanylýan süýjini peseldiji serişdeleriň arsenaly ýeterlik uludyr we gitdigiçe täze görnüşleri bilen doldurylýar. Süýjili diabetiň II görnüşiniň bejergisinde ulanylyp başlanan ilkinji serişdeleriň biride sulfonilmoçewinanyň serişdeleridir.

123. Sulfonilmoçewinanyň serişdeleri (tolbutamid) 1956-njy ýylda ulanylyp başlandy. Bu serişdeler aşgazanasty mäziniň β-öýjüklerinde insuliniň endogen sekresiýasyny güýçlendiriji sekretogenlere degişlidir. Häzirki döwürde sulfonilmoçewinanyň önümleri 3 generasiýa bölünýär. 1-nji generasiýa-1969-njy ýyla çenli alnanlar bolup, olara tolbutamid (butamid), karbotamid (bukarban), hlorpropamid (diabinez) degişlidir. Häzirki döwürde bu toparyň serişdelerinden süýjisiz diabetiň hem bejergisinde ulanylýan hlorpropamid ulanylýar. Hlorpropamid wazopressiniň bölünip çykmagyna täsir edýär we onuň böwrek kanaljyklaryndaky täsirini potensirleýär. 1969-njy ýylda glibenklamid alnany bäri 2-nji generasiýanyň serişdeleri ulanylýar. 2-nji generasiýanyň serişdeleri özüniň süýji peseldiji täsirleri boýunça 1-nji generasiýanyň serişdelerine garanyňda 50-100 esse işjeňdir. Olar köplenç halatlarda grammyň müň ülşünde goýberilýändigi sebäpli, olar ulanylanda dürli ýaramaz täsirleri seýrek duş gelýär. 1995-nji ýyldan bäri 3-nji generasiýaly sulfonilmoçewina serişdesi-glimepirid (amaril) ulanylyp başlandy.

124. Sulfonilmoçewina serişdeleriniň täsir ediş mehanizmi olaryň pankreatiki we ekstrapankreatiki täsirleri bilen şertleşendir. Sulfonilmoçewinanyň serişdeleri β-öýjükleriň membranalarynda özleriniň mahsusy reseptorlary bilen baglanyşýarlar. Munuň özi ATF-duýujylykly kaliý kanallarynyň ýapylmagy bilen geçýär. Öýjükiçre kaliniň derejesiniň ýokarlanmagy β-öýjükleriniň membranasynyň depolýarizirlenmegine itergi berýär, bu bolsa öz gezeginde kalsiý kanaljyklarynyň açylmagyna getirýär. Kalsiniň ionlarynyň öýjügiň içine girmegi we onuň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagy β-öýjüklerinden insuliniň boşamagyny, soňundan bolsa, gana düşmegini güýçlendirýär. Sulfonilmoçewina serişdeleriniň insuliniň sekresiýasyna stimulirleýji täsiri esasan 2-nji fazasynda bolup, insuliniň sekresiýasynyň 1-nji fazasynda bolmaýar.

125. Süýjili diabetiň II görnüşi patogenez taýdan insuliniň sekresiýasynyň 1-nji fazasynyň bolmaýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu serişdeleriň toparlary sowatly ulanylan halatynda β-öýjükleriň glikemiýa bolan fiziologiki duýujylygyny dikeldýärler we glikemiýanyň täsiri astynda insuliniň sekresiýasynyň goýberiş şerti bolup hyzmat edýärler. Sulfonilmoçewina serişdeleriniň ekstrapankreatiki täsiri insuline bolan reseptorlaryň mukdaryny köpeltmekde, olaryň özüne çekijiliginiň (affinliliginiň) ýokarlanmagynda, bagyrda we myşsalarda glýukozanyň harçlanşynyň ýokarlanmagy we olarda glikogeniň emele gelmeginiň güýçlenmeginde ýüze çykýar.

126. Glibenklamid (daonil, maninil, euglýukon, glýukobene, glýukored)-serişdesi has güýçli süýjini peseldiji täsire eýedigi sebäpli, kybapdaş täsirli täze sintezirlenen süýjini peseldiji serişdelere baha bermekde „altyn standart“ hökmünde ulanylýar. Süýjini peseldiji täsiri içilenden 40 minut soňra başlanýar, maksimal täsiri 2 sagat soň, käbir ýazarmanlaryň maglumatlaryna görä 4-6 sagatdan soň, hut şu hem gizlin ýa-da aýdyň gipoglikemiki ýagdaýlaryň ýygy sebäpleriniň biri bolup hyzmat edýär. Täsiriniň dowamlylygy 10-12, käbir maglumatlara görä 20-24 sagatdyr. Bagyrda metabolizirlenýär, esasan metabolitler görnüşinde 50% göterimi peşew bilen, 50% öt bilen çykarylýar. Bejergini minimal dozalardan başlamaly, ýagny, serişdäniň 2,5 mg (1/2 gerdejik) irden. Täsir bolmadyk halatynda birnäçe günden haýallyk bilen möçberini köpeltmek bolar

Glibenklamidiň möçberiniň 15 mg. ýokary köpeldilmegi onuň täsiriniň güýçlenmegine getirmeýär. Soňky ýyllarda „Berlin Hemi“ şereketi serişdäniň täze mikronizirlenen görnüşüni 1,75mg we 3,5mg gerdejik görnüşüni işläp düzdi. Maniniliň mikronizirlenen görnüşleri serişde erginden soň, 5-10 minudyň dowamynda täsir ediji maddasynyň doly boşamagyny üpjün edýär we 100% biologiýalaýyn ýetijilige, adaty görnüşiniň biologilaýyn ýetijiligi bolsa, 24-69%-e deňdir. Mikronizirlenen görnüşleriniň (1,75 we 3,5mg) ýokary biologiýalaýyn ýetijiligi bolany sebäpli, içilenden 1,5-2,5 sagat soň bejeriş konsentrasiýasyna ýetýär, bu bolsa, postprandial giperglikemiýa gabat gelýär, serişdäniň başlangyç dozasy 1,75mg, maksimal dozasy bolsa, 10,5mg deňdir

127. Gliklazid (diabeton, diamikron, predian)-süýjini peseldiji täsirinden başga-da, bu serişdäniň ganyň realogiki häsiýetine, mikrosirkulýasiýa, gemostaza we gematologiki görkezjilere oňaýly täsir edýär. Serişde aşgazan-içege ýolunda doly sorulýar, täsiri 30 minutdan başlanýar, maksimal konsentrasiýasy 2-3-6 sagatdan, täsiriniň dowamlylygy bolsa, içilenden 12 sagada çenli dowam edýär. Bagyrda metabolirlenýär, 60-80%-i böwrekden, 20%-den gowragy bolsa, aşgazan-içege ýollaryndan çykarylýar. Gije-gündizde başlangyç möçberi 40-80mg, maksimal möçberi 320mg bolup, günüň dowamynda 2 gezek içilýär. Bu serişdeleriň toparlary insuliniň boşamagyny stimulirlemeden başga-da, onuň bölünip çykmagynyň 1-nji fazasyny dikeldýär, bu bolsa, giperinsulinemiýanyň öňüni almaga ýardam berýär. Süýjili diabetiň II görnüşinde insuliniň sekresiýasynyň bozulmagynyň esasy ýüze çykmalarynyň biri-de iýmit iýlenden soň, glikemiýanyň ýokarlanmagyna päsgel berýän, insuliniň bölüp çykyş jogabynyň 1-nji fazasynyň-insuliniň tiz bölünüp çykmagynyň bolmazlygy süýjili diabetiň II görnüşinde, insuliniň sekresiýasynyň bozulmagynyň esasy ýüze çykmalarynyň biridir.

128. Diabeton trombositleriň adgezasiýasyny we agregasiýasyny peseldýär, prostoglandinleriň metabolizmini kadalaşdyrýar, damarynyň fibrinomatiki işjeňligini güýçlendirýär, damarlaryň geçirjiligini kadalaşdyrýar we mikrotromboza we aterogeneze garşy täsir edýär. Diabeton glýukozanyň bagyrda sintezlenmegini peseldýär, muskul dokumasynda glikogensintazanyň işjeňliginiň ýokarlanmagynyň hasabyna muskullarda glýukozanyň harçlanylyşyny we glýukozanyň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Şoňa görä-de, diabeton perifiriki dokumalarda we bagyrda insuliniň täsirini güýçlendirýär, şonuň bilen birlikde II görnüşli diäbetiň gelip çykyşynyň hökmany komponenti bolan, insulin rezistentligiň güýçleniş derejesini peseldýär. Häzirki döwürde „Serve“ şereketi diabeton MB (modifisirlenen boşaýan gliklazid) öndürýär, munuň özi serişdäniň möçberini onuň süýjini peseldiji täsirini azaltmazdan, 80-den 30mg çenli peseltmäge mümkünçilik berýär.

129. Glipizid (minidiab, glibinez)-aşgazanasty mäziniň β-öýjüklerinden insuliniň boşamagyny stimulirleýär. Süýjini peseldiji täsiri içilenden 10-30 minutdan soň başlaýar. Maksimal konsentrasiýasy1-3 sagat, täsiriň dowamlylygy 8-10 sagada çenlidir. Bagyrda inaktiwirlenýär, metabolitleriň 90%-i peşew bilen bölünip çykarylýar, galan bölegi bolsa, aşgazan-içege ýollaryndan çykarylýar, başlangyç dozasy 2,5-5mg, gije-gündizde ýokary möçberi 40 mg çenli. Esasy iýmit iýilmelerinden öň içilmelidir, täze gastrointestinal terapewtiki ulgam (mundan beýläk-GITU) diýip atlandyrylýan forma bolýar.

Glipizidiň bu GITU formasy günüň dowamynda bir gezek kabul edilende ganyň suwuklygynda serişdäniň zerur mukdaryny 24 sagadyň dowamynda üpjün edýär. Serişdäniň prolongirlenen täsiri içine suwuklyk geçirýän ýörite polimer bilen örtülen strukturasynyň aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Gerdejik aşgazan-içege ýolundan ýarym göýberiji membrana düşýän suwuklygy tutýan osmotiki-işjeň ýadrony saklaýar. Munda öýjügiň içindäki basyş ýokarlanýar we serişdäniň işjeň bölegi aşgazan içege ýoluna iteklenýär. Gerdejigi çeýnemek we böleklere bölmek bolmaýar.

130. Glikwidon (glýurenorm)-bu böwrek keselleri bolan näsaglara belläp bolaýjak ýeke-täk serişdedir. Sebäbi glýurenormyň 95% içegeden, 5% bolsa böwrekden bölünip çykarylýar. Glýurenormyň täsiri içileninden 40 min. soň başlanýar, maksimal täsiri 2 sagatdan, täsiriniň dowamlylygy 6-8 sagada ýetýär. Başlangyç möçberi 30 mg, täsir bolmadyk halatynda assa-assadan 120mg. çenli köpeldilýär. Günüň dowamynda 2-3 gezek kabul etmeli. Diabetiň nefropatiýasy bolan ýa-da bolmadyk näsaglarda hem, glýurenorm uzak wagtlap kabul edilende albuminuriýanyň we proteinuriýanyň peselýändiginiň bellige alnandygy kesgitlenen. Ýeňil we orta agyrlyk derejeli gipertoniýasy bolan näsaglarda glýurenormuň kabul edilmeginiň şertinde arterial basyşyň peselmegi ähtimal.

131. Glimepirid (amaril, glemaz). 1995-nji ýylda „Aventis“ şereketi sulfonilmoçewina serişdesiniň 3-nji generasiýasyndan bolan amarili göýberip başlady. Içileninden soň, amaril aşgazan-içege ýolunda tiz we doly sorulýar, 2,5 sagatdan maksimal konsentrasiýasyna ýetýär, dowamlylygy 24 sagatdyr. Başlangyç möçberi 1mg bolup, täsiri bolmadyk halatynda 1-2 hepdeden 2, 3, 4, 6 mg çenli köpeltmeli. Näsaglaryň ¾-de gije-gündiz täsirli möçberi 4mg deň we ondan hem pesdir. Glimepirid g.g.1-4mg möçberde lipoproteidleriň aterogen görnüşleriniň mukdaryny möçbere baglylykda peseldýär. Serişdäni günde 1-2 gezek bellemek bolar, täsir ediş täsiri üýtgemeýär. Maslahat berilýän ýokary dozasy günde 8mg çenlidir. 100% biologiki ýetijilige eýedir. Ganda serişde doly diýen ýaly albuminler bilen baglanyşýar (erkin fraksiýasy 1% töweregini tutýar). Serişde bagyrda metabolirlenip, onuň 60%-ne golaýy böwrekden, 40%-i bolsa, aşga¬zan-içege ýollaryndan metabolitler görnüşinde çykarylýar.

132. Metabolitler farmakologiki işjeň däldir, şonuň üçin glimeperidi böwregiň funksiýasy bozulan näsaglara hem bellemek bolar. Sulfonilsmoçewinanyň beýleki serişdeleri ýaly, amaril hem, β-öýjükleriň plazmatiki membranalarynda sulfanilmoçewina reseptorlary bilen, kompleksirlenýär. Onuň mehanizmi beýleki serişdeleriňki ýalydyr. Onuň täsiriniň mehanizminiň aýratynlygy molekulýar agramy 65000 (65 kDa) bolan, sulfonilmoçewinanyň reseptorynyň subbirligi bilen kompleksirlenmegindedir. Sulfonilmoçewinanyň beýleki serişdeleri hususunda glibenklamid ilki molekulýar agramy 140000 (140 kDa) bolan reseptoryň subbirligine täsir edýän soňundan bolsa, ereme tapgyryny geçirip, domene eýýäm 65 kDa bilen täsir edýär. Bu aýratynlyklary amarila birnäçe artykmaçlyk berýär. Birinjiden, sulfonilmoçewinanyň beýleki önümleri bilen deňeşdirilende amaril öz reseptorlary bilen 2,5-3 esse tiz baglanyşýar. Şonuň üçin onuň kadaly öýjüklerdäkiden tapawutlanmaýan täsiriniň tiz başlangyjy bolýar we 1-6mg diapazonda doza garaşly häsiýete eýe bolýar. Ikinjiden, amaril beýlekilerden tapawutlylykda reseptor bilen baglanyşykdan 8-9 esse tiz boşanmaga ukyplydyr. Insuliniň sekresiýasyna amariliň has az stimulirleýji täsiri gipoglikemiýanyň döremeginiň töwekgelçiliginiň pes bolmagyny üpjün edýär.

133. Glimepiridiň farmakodinamikasynyň aýratynlyklary ony ýaşy uly adamlara, ýüregiň işemiýa keseli we arterial gipertoniýasy bolan näsaglara has giň ulanmaga mümkinçilik berýär. β-öýjükleriň kaliý kanallarynyň ýapylmagy bilen şertleşen sulfonilmoçewinanyň önümleriniň pankreatiki täsiri kardiomiositlerde we ýylmanak muskully öýjüklerde kaliý kanallaryň ýapylmagy bilen geçýär, olaryň işemiýada fiziologiki açylmagy bilen kardioprotektor mehanizmini baglanyşdyrýarlar. Fiziologiki ýagdaýlarda ýüregiň kaliý kanallary ýapykdyr, işemiýada bolsa, açylýarlar. Kardio protektor mehanizminiň manysy özüne kaliý kanallarynyň açylmagyny kaliniň öýjüklerden çykyşynyň güýçlenmegine we netijede öýjügiň membrana potensialynyň üýtgemegini we repolýarizasiýanyň tizlenmegini öz içine alýar.

134. Sulfonilmoçewinanyň önümleri bu kardioprotektor mehanizminiň amala aşmagyna päsgel berýärler. Olaryň täsirleri damar daraldyjy täsirden koronar gan aýlanyşygynyň peselmegi bilen birlikde, koronar rezistentliginiň ýokarlanmagyndan ýüregiň muskullarynyň elektrik işjeňliginiň peselmeginden, miokardda kislorodyň harçlanmagynyň ýokarlanylmagyndan, kardiomiositlerde repolýarizasiýanyň haýallamagyndan, ýürek gysylmalyrynyň ritminiň üýtgemelerinden ybaratdyr. Munuň özi, sulfonilmoçewinanyň önümleriniň serişdeleriniň himiki düzüminde ýürekde we damarlarda kybapdaş reseptor bilen baglanyşmaga mümkinçilik berýän benzamid halkajygy bardygy bilen baglanyşyklydyr. Amaril modifisirlenen strukturalary bolup, benzamid halkajygyny saklamaýar. Şonuň üçin ýürek-damar ulgamyna täsir etmeýär diýen ýalydyr. Amariliň sulfonilmoçewinanyň reseptorlaryna täsiri aşgazanasty mäzi bilen (reseptorlaryň SUR-1 synpasty) çäklenendir. Ol ýüregiň kowumdaş (SUR-2) reseptorlaryna az täsir edýär, şeýle ýagdaý sulfonilmoçewinanyň önümleriniň beýleki köpleri üçin hem häsiýetlidir.

135. Sulfonilmoçewina „ýürek“ reseptorlary wazospastiki reaksiýalarynyň amala aşmagy üçin kesgitli orun tutýar diýip çaklanylýar, şonuň üçin olara täsir edilmegi miokardyň kliniki ähmiýetli işemiýasyna getirmegi mümkin. Sulfonilmoçewina serişdeleriniň glimepiridden başga köpüsi umumy we dokuma renininiň boşamagyna itergi berýär. Ahyrky netijede renin periferiki we koronar damarlarynyň tonusyny ýokarlandyrýan angiotenzin II-niň emele gelmegini ýokarlandyrýar. Glibenklamidden tapawutlylykda glimepirid „ýürek“ kanallaryna täsir etmeýär we işemiýa jogap bolup, damarlaryň dilatasiýasyna böwet bolmaýar. Ýiti koronar sindromynyň we şonuň bilen, baglanyşykly aritmiýalarynyň döremegine howpy ýokarlandyrmaýar.

Amariliň has güýçli süýjini peseldiji täsiri onuň sulfonilmoçewinanyň beýleki serişdelerine garanyňda periferiki täsiriniň has güýçlüdigine şaýatlyk edýär. Glýukozanyň transportynyň molekulýar mehanizmi özleriniň funksiýalaryny agzalara we dokumalara baglylykda ýerine ýetirýän 5-görnüşli transportýor proteinleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Muskul we ýag öýjüklerinde bu funksiýany GLÝT-4 amala aşyrýar. Görlüp oturylsa, amariliň getirýän insulinrezistent öýjüklerdäki GLÝT-yň translokasiýasynyň stimulýasiýasy 3 esse ýokarlanyp, kadaly öýjüklerdäkiden hiç-hili tapawutlanmaýar diýen ýalydyr. Glimepirid hem glibenklamid ýaly glikogen-sintazanyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Onuň täsiri astynda bagyrda glýukozanyň emele geliş tizligi peselýär.

136. Amariliň antiagregasiýa we muskul we ýag öýjüklerinde antiaterogen, lipolizi togtadyjy täsiri barada düýpli maglumatlar bar. Soňky ýyllarda glimeperidiň adiponektiniň öndürilmegine ýaramly täsiri barada maglumatlar alyndy. Adiponektin golaýda açylan gormon bolup, diňe ak ýag dokumalyrynda esasan hem kiçi adipositlerde emele gelýär we gan aýlanyşda köp mukdarda aýlanýar. Ganda aýlanýan adiponektiniň derejesi görkezilişi ýaly, bedeniň agramyndan, glýukozanyň, triglisiritleriň we insuliniň derejesinde ters garaşly bolýar. Adiponektin glýukozanyň we lipidleriň çalşygynda dokumalarda insulinsensibilirleýji täsiri bilen birlikde güýçli alawlama garşy we angiprotektor häsiýetlerini ýüze çykarýar. Wisseral semizlikde aterogen adipositokinleri emele getirýän esasan hem, uly adipositler agdyklyk edýär. Wisseral semizlikde ganda aýlanylýan adiponektinleriň azaldylan derejesi insuline rezistentligiň döremegine we disglikemiýa, şeýle hem metaboliki sindroma häsiýetli bolan, endotelial disfunksiýanyň döremegine getirýär.

137. Sirkulirlenýän adiponektiniň azaldylan derejesi, süýjili diabetiň II görnüşiniň şertinde koronar arteriýalaryň aterosklerozy we aterosklerozly kardiosklerozy bolan näsaglarda ýazyp beýan edilen. II görnüşli süýjili diabetli näsaglarda diabetsizlere garanyňda diňe bir adiponektiniň azaldylan derejesi başlangyç (bejergisiz) ýagdaýda dälde eýsem, aterosklerozyň döremeginde itergi bolup biljek koronar arteriýalarda we ýürekde adiponektiniň harçlanyşynyň erbetleşmegini ýüze çykarýarlar. Süýjili diabetiň II görnüşi bolan uly ýaşly näsaglaryň bejergisinde glimerid insuline duýujylygy takyk ýokarlandyrýar we sirkulýasiýada adiporektiriniň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýandygy kesgitlenildi.

138. Glimeperidiň täsiri astynda adinonektini işjeň emele getiriji kiçi adipositleriň mukdarynyň ýokarlanýandygyna tejribe maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu glimeperidiň glikemiki gözegçilikden daşary amala aşyrylýan makrodamar ötüşmelerine potensial ingibirleýji täsirini delillendirýär. Glimepirid-bu diňe bir insuliniň bozulsa sekresiýasyna täsir edýän, eýsem adinonektine täsir edip insulin rezistentligiň gitdigiçe progressirlenmegini azaldýan sulfonilmoçewinanyň önümleriniň ýeke-täk serişdesidir.

139.    Sulfonilmoçewinanyň serişdelerini ulanmaga görkezmeler. Sulfonilmoçewinanyň serişdeleri näsaglara bellenende şu aşakdakylara üns bermek zerurdyr ýagny:

1) ýaşy 35-den ýokary (ketoasidozsyz);

2) ajöze glikemiýa litrde 10 mmoldan ýokary bolan ilkinji ýüze çykarylan II görnüşli süýjili diabet;

3) berhiz we ölçegli fiziki agram bilen keseliň kompensasiýa ýetilmezligi;

4) kadaly ýa-da artykmaç agramly bolan II görnüşli diabetli näsaglara;

5) uglewod çalşygynyň kompensasiýasy gije-gündizde insuliniň 20-30BR ýokary bolmadyk näsaglara;

6) insuline bolan talap gije-gündizde 10 BR geçmeýän halatlarda bejergini göni sulfonilmoçewinanyň önümlerine geçirmek bolar.

140. Serişdeleriň gezeklik we gije-gündizki möçberini glikemiki profili göz öňüne tutmak bilen indiwidual saýlanýar. Süýjili diabetiň II görnüşiniň bejergisi üçin sulfonilmoçewinanyň önümleri adaty ülňi („tradision shema“) boýunça gije-gündizde bir gezek (irden) ýa-da iki gezek (irden we agşam) bellenilýär. Saglygy goraýyş edaralaryň bazasynda bazis-bolýus ýörelgelerine esaslanýan bejergi usuly ulanylýar, ýagny sulfonilmoçewinanyň önümleri az möçberde bölekleýin bellenilýär. Hödürlenýän bu usulyň manysy, irden we agşam bazis insuliniň sekresiýasyny güýçlendirmek üçin serişdeleriň esasy azaldylan (2/1 derman serişdelerinden 2 gezek ýa-da 4/1-den 2 gezek) möçberleri bellenilýär, bolýus insuliniň bölünip çykarylmagy güýçlendirmek üçin bolsa, günortanlykdan we agşamlykdan bir-iki sagat öň, serişdäniň kiçi (4/1 bölegi) möçberleri bellenilýär.

141. Sulfonilmoçewinanyň önümleriniň adekwat däl uly möçberleriniň ulanmagy β-öýjüklerden insuliniň bölünip çykarylmagynyň güýçlenmegine getirýär, giperinsulinemiýa döreýär. Munuň özi, β-öýjükleriň tapsyzlygyna, soňundan bolsa, şu toparyň serişdelerine rezistentligine döretmegine getirýär. Bejerginiň hödürlenen taktikasy ulanylanda giperin¬sulinemiýa döremeýär. Şoňa görä-de β-öýjükleriň arryklamasynyň öňi alynýar, şeýle hem gizlin we aýdyň gipoglikemiýalar duýdurylýar. Günüň dowamynda glýukozanyň ýiti yrgyldamalary bolmaýar, bu bolsa damar ötüşmeleriniň döreme töwekgelçiliginiň peselmegine getirýär. Serişdäniň möçberiniň dogrudygyna 1-nji hepdäniň ahyryna baha bermek bolar. Serişdäniň gowy göterilmeginde günüň dowamynda normoglikemiýa we aglýukozuriýa täsirliligiň kriteriýalarydyr.

Käbir halatlarda sulfonilmoçewinanyň önümlerine näsaglarda rezistentlik döreýär. Eger-de serişdeleriň çalşylyp we mümkin bolan möçberiniň bellenmegine garamazdan bejerginiň ilkinji günlerinden garaşylýan süýjini peseldiji täsiri bolmadyk halatynda sulfonilmoçewinanyň önümlerine ilkinji rezistentlik barada aýdylýar. Ilkinji rezistentlik ilki ýüze çykarylan näsaglarda 5%-de ýüze çykarylýar. Bu ulularyň haýal progressirleýji autoimmun diabeti-LADA (Latent autoimmune diabetes of adults) diýip atlandyrylýan haýal progressirleýji podtipinde bolup biler. Şeýle näsaglarda eýýäm diabetiň manifastasiýasynda aşgazanasty mäziniň adajyklarynyň antigenlerine dürli antitelalar kesgitlenilýär.

142. Näsaglaryň bu toparynyň sulfonilmoçewinanyň önümlerine rezistentligi hususy endogen insuliniň galyndy sekresiýasynyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu görnüşli geçişinde diňe insulinbejergi bellenilýär. Süýjili diabetiň I görnüşiniň LADA podtipi ikinji wariant boýunça hem döräp biler. Bu 25-35 ýaşly näsaglaryň topary bolup, olarda süýjili diabet manifestasiýadan soň, insuline talapsyz geçdi. Keseliň irki döwürlerinde süýjili diabetiň kompensasiýa üçin berhiziň saklanylmagy ýeterlik boldy, gitdigiçe prosesiň progressirlemegi peroral antidiabetiki serişdeleriň zerurlygyny ýüze çykardy, soňundan bolsa, bu serişdelere ikilenç rezistentlik döredi. Ikilenç rezistentlik dörän halatynda bejerginiň 2 usuly, ýagny insulinbejergi we kombinirlenen bejergi ulanylýar.

143. Kombinirlenen bejergide insulin we sulfonilmoçewinanyň önümleri bellenilýär. Adatça, ortauzak täsirli insulini gije sagat 22-de ýa-da 23 sagatlarda bellemek maksada laýykdyr. Insuliniň bu serişdesiniň işjeň täsiri irki sagatlara ýa-da bagryň glýukozany artyk öndürýän wagtyna gabat gelýär. Munuň netijesinde, ajöze glikemiýa has peselýär. Käbir halatlarda, insulini 2 gezek sançmak (irden we 22-23 sag) zerur bolýar. Insuliniň az 6-8BR möçberinden başlamak we ajöze glikemiýa kadalaşýança 2-4BR köpeltmek gerek. Günüň dowamynda süýjini peseldiji täsiri goldamak üçin sulfonilmoçewinanyň serişdelerini gije-gündizde bir-iki gezek içmek maslahat berilýär. II görnüşli diabeti bolup, dürli sebäplere görä, insulinbejergi alan näsaglaryň bejergisi başgaçarak geçirilýär. Eger insuliniň möçberi 10-20BR ýokary bolmasa, sulfonilmoçewinanyň serişdeleri bilen bejergä, esasanam günüň dowamynda, 2 derman serişde (uzak täsirli serişdelerden başgalary) bellemek bilen geçirliýär. Eger uglewod çalşygy gije-gündizde insuliniň 40-60BR bilen kompensirlenen bolsa, onda ilki kombinirlenen bejergä (her 5-7 günden insuliniň möçberiniň 3/1-ni azaldylýar we sulfonilmoçewinanyň serişdeleriniň bolsa, dozalary köpeldilýär) geçilýär.

144. Adatça 10-14 günden näsag sulfonilmoçewinanyň serişdesine geçirilýär. Näsagy insulinbejergiden we insulinbejergä geçirilmegi ýatymlaýyn şertlerde amala aşyrylmagy maksadalaýykdyr. Birnäçe derman serişdeleri sulfonilmoçewinanyň serişdeleriniň süýjini peseldiji täsirini potensirleýärler. Olaryň bilelikde ulanylmagy gipoglikemiýa ýagdaýlarynyň sebäpleri bolmagy mümkin. Bu maddalara alkagol, salisilatlar, PASK, sulfanilamidler, hloramfenikol, oksitetrasikliniň gidrohloridi, siklofosfamid, β-adrenergiýa reseptorlarynyň blokatorlary, simpatiki ulgamynyň depressantlary (rezerpin, ismelin, klofelin we başg.), probenesid, steroid däl alawlama garşy serişdeler, butazolidin we pirazolonyň beýleki önümleri, MAO-nyň ingibitorlary degişlidir. Käbir derman serişdeleri sulfonilmoçewinanyň serişdeleriniň süýjini peseldiji täsirini peseldýärler. Bu serişdelere glýukokortikoidler, tiazid diurektikleri, furosemid, etakrin turşusy, adrenalin, efedrin, peroral kontraseptiwler, metilksantinler (kofein, teofillin, teobromin), nikotin turşusy degişlidir. Sulfonilmoçewinanyň serişdelerine garşy görkezmeler 2 topara, ýagny absolýut we otnositel garşy görkezmelere bölünýärler, hususan-da, şular hem insulin bejergä görkezmeler bölup durýar.

145. Sulfonilmoçewinanyň serişdeleri bilen bejergä hemme görkez¬meleri we garşy görkezmeleri göz öňünde tutmak bilen dogry saýlanan näsaglara bellenen halatynda serişdäniň ýaramaz täsiri näsaglaryň ujypsyz böleginde duşýar. Köplenç halatlarda, güýçli saliwasiýa, ýürek bulaşma, epigastriý töwereginde ýakymsyz duýgy ýa-da agyry görnüşli dispepsiýa bozulmalary gözegçilik edilýär. Ýöne bu bozulmalar iýmit siňdiriş ýollarynyň organiki keselleri ýa-da öňisyrasynda funksional bozulmalar bolan halatynda ýüze çykýar. Deriniň çala gijemesi, seýrek halatlarda bolsa, boýnuň we eliň barmaklarynyň derisinde urtikar örgünler görnüşinde, 2,5-3,5% halatlarda allergiýa reaksiýalarynyň bolmagy mümkin. Näsaglaryň 1% töwereginde süňk ýiliginiň funksiýasynyň peselmeginiň alamatlary ýüze çykýar. Leýkopeniýanyň, trombositopeniýanyň, agranulositozýň döremegine getirýär. Bagra, böwrege zäherli täsir etmegi mümkin. Sulfonilmoçewinanyň serişdeleri aterogen täsir edip, aýratynam, miokardyň işemiýasynyň şertinde ýürek-damar ulgamynyň görkezijilerine täsir edip biler.

146. Repaglinid (nowonorm, „Nowo“) – bu karbamoilmetilbenzoý turşusynyň önümi. Täsiri tiz başlanýar, maksimal täsiri 30 minut, dowamlylygy 1 sag. Serişde bagyrda işjeň däl birleşmelere metabolizirlenýär we öt bilen bölünip çykarylýar. Serişde 0,5, 1 ýa-da 2 mg möçberlerde esasy iýmitlenmelerden öň içilýär. Iýmitlenme wagty sypdyrylsa, serişde içilmeýär. Gije-gündizki möçberi 6-10 mg, zerur halatlarda 16 mg çenli ýokarlandyrylyp bilner. Repaglinid ATF-garaşly kaliý kanallaryny böwetläp, aşgazanasty mäziniň betta- öýjükleriniň membranalarynyň depolýarizasiýasyna getirip, sulfonilmoçewina serişdelerine kybapdaş täsir edýär, şeýlelikde insuliniň bölünip çykmagynyň güýçlenmegine getirýär. Sulfonilmoçewina önümlerinden tapawutlylykda repaglinid betta-öýjükleriň kaliý kanallaryna täsir etmeden başga insuliniň boşamagyny güýçlendirmägede, insuliniň biosintezini basmaga hem, täsir etmeýär.

147. Nowonormyň sulfonilmoçewinanyň önümlerinden wajyp farmakologiki we kliniki aýratynlyklarynyň biri-de, onuň diňe glýukozanyň bolmagynda insuliniň sekresiýasyna stimulirleýji täsiridir. Şeýlelikde, repaglinid insuliniň glýukoza arkaly sekresiýasyny gowulaşdyrýar. Başlangyç täsiri tiz we täsiriniň uzaklygy gysga bolan esasy iýmitlenmelerden öň, kabul edilýän nowonorm iýmit bilen iýilýän uglewodlaryň aşgazanasty mäziniň betta öýjüklerini postprandial döwürde dowamly stimulýasiýasyz harçlanylyşyny üpjün edýär. Nowonorm insuliniň bölünip çykarylyşyny selektiw ýokarlandyryp, glýukozanyň prandial sazlaşygyny amala aşyrýar, şeýlelikde glikemiýanyň prandial ýokarlanmagyny çäklendirýär.

148. Nateglinid-D-fenilalaniniň önümi, iýmitden 10-30 min öň, günde 3 gezek 30,60 we 120 mg möçberde bellenilýär. Serişde glýukozanyň gysga täsirli prandial sazlaýjysydyr. Serişdäniň 60 we 120 mg möçberde tas deň derejeli süýjini peseldiji täsirlidigi we gipoglikemiýa reaksiýalaryny ýüze çykarmaýandygy tassyklanan. Nateglinid bagyrda metabolirlenýär. Bagyr metabolitleriniň ekskresiýasy ilki bilen böwreklerde geçýär. Sekiz metabolitleri peşewde, ikisi bolsa ötde identifisirlenen. Birnäçe metabolitleri farmakologiki işjeňligi saklaýar. Nateglinid insuliniň sekresiýasyny ATF-duýgur kaliý kanallarynyň ýapylmagy arkaly hem stimulirleýär. Bu serişdelere garşy görkezmeler beýleki esasy peroral antidiabetiki serişdeleriniňki ýalydyr. Nateglinid insuliniň sekresiýasyny güýçlendiriji serişdeler bilen kombinasiýada ýa-da insuliniň sekresiýasyny güýçlendiriji serişdeleriň ýerine ulanmaly däldir.

149. Biguanidler. Süýjini peseldiji serişdeleriň ikinji toparyny biguanidler tutýar. Bu toparyň serişdeleri bilen süýjili diabeti bejermek ilkinji gezek sintolin, ýagny guanidin önümi (sintolin A we B) bilen synanyşyldy. Halk lukmançylygynda özünde guanidiň izoamilenini saklaýan ösümlik galega (fransuz benewşesi) ulanylýardy. Ýöne bu serişdäniň täsirliligi pesdi, zäherliligi bolsa (esasan hem bagra) ýokarydy, şonuň üçin kliniki amalda onuň ulanylyşy gadagan edildi. Himiki düzümi boýunça biguanidler 3 topara ýagny, fenetilbiguanid (fenformin), NN-dimetilbiguanid (metformin) we L-butilbiguanide (buformin, glibutid, adebit, silubin) bölünýärler.

Biguanidleriň täsiri astynda süýt turşusynyň (laktatyň) emele gelýän mukdary piroüzüm turşusyndan (piruwatdan) ýokary bolýar. Bu bolsa süýtturşy asidozynyň (laktatasidozyň) döremegine sebäp bolýar. Laktatasidoz esasan hem fenformin ulanylanda ýygy duşýar. Ferforminden soň laktatasidozy döretme mümkinçiligi boýunça biguanidlerden süýjini peseldiji işjeňligi iň pesi bolan buformin (silubin, adebit, glibutid) durýar.

150. Süýjili diabetiň irki damar ötüşmeleriniň biride, köplenç gözüň damarlarynda we torly gatlagynda döreýän görüş agzasynyň zeperlenmegidir. Diabetiň retinopatiýasy görüşiň doly ýitmegine we maýyplçylyga getirýän göz keselleriň arasynda ilkinji orunlary eýeleýär. Diabetiň retinopatiýasynyň döremegine süýjili diabetiň görnüşi täsir edýär. Süýjili diabetiň I görnüşinde kesel ýüze çykarylan pursaty (çaga ýaşy) retinopatiýa seýrek duşýar. 2 ýyldan soň, diabetiň retinopatiýasy näsaglaryň 2%-de döreýär. I görnüşli süýjili diabetli 30 ýaşa çenli näsaglarda 10 ýyl gözegçilikden soň, diabetiň retinopatiýasy 89% halatlarda döreýär. Olaryň 30%-i diabetiň proliferatiw retinopatiýasyna düşýär. Süýjili diabetiň II görnüşinde kesel giç anyklanylýandygy sebäpli diagnoz goýlan pursatynda näsaglaryň 20-25%-nde diabetiň ýönekeý retinopatiýasy ýüze çykarylýar, 20-25 ýyldan soň näsaglaryň 85%-niň göz düýbünde üýtgeşmeler tapylýar.

151. Dowamly giperglikemiýa (diabetiň kanagatlanarsyz kompensasiýasy) we ganyň glýukozasynyň derejesiniň günüň dowamynda üýtgäp durmagy diabetiň retinopatiýasynyň döremeginiň esasy alamatydyr. Retinopatiýanyň progressirlenmegi glikemiýanyň we glikirlenen gemoglobiniň derejesi bilen göni proporsional baglanyşyklydyr. Glikirlenen gemoglobin her 1% ýokarlanmagyna diabetiň retinopatiýasynyň progressirleme töwekgelçiligi 50% ýokarlanýar. retinopatiýanyň progressirlenmeginde bu faktordan başga-da arterial gipertenziýa, böwrekleriň keselleri, giperholesterinemiýa, uzak we has dekompensirlenen süýjili diabetiň tiz kompensasiýasy uly orun tutýar.

152. Diabetiň retinopatiýasy-bu gözüň torly perdesinde öýjük metabolizminiň retinal gan aýlanşygynyň bozulmagynyň we ganyň dowamly ýokarlanmagy bilen baglanyşykly gurluş, fiziologiki we biohimiki üýtgeşmeleriň netijesinde retinal kapillýarlaryň funksionirlenmeginiň bozulmagydyr. Diabetiň retinopatiýasynyň gelip çykyşynyň esasy arabaglanyşykly döwürleri:

1) gipoperfuziýanyň döremegi bilen damarlaryň boşlugynyň daralma¬gyna getirýän torly perdesiniň damarlarynyň mikroangiopatiýasy;

2) peselen retinal gan aýlanyşyk;

3) retinal peptidleriň mukdarynyň azalmagy (giperglikemiýa torly perdede apoptoz hadysalaryny işjeňleşdirýär);

4) mikroanewrizmalaryň emele gelmegi bilen damarlaryň degenerasiýasy;

5) täze damarlaryň proliferasiýasyny stimulirleýän progressirleýji gipoksiýa;

6) işemiýa getirýän retinal kapillýarlaryň we arteriolalaryň obliterasiýasy;

7) mikroanewrizmalaryň şuntlarynyň we dürli ululykly gan öýmeleriň işjeň emele gelmegi bilen täze damarlaryň proliferasiýasy.

153. Klassifikasiýa boýunça üç döwre bölýärler:

1) proliferatiw däl;

2) preproliferatiw;

3) proliferatiw.

Emele gelýän retinopatiýanyň ilkinji alamaty bolup, torly perdäniň wena-larynyň giňelmegi hyzmat edýär. Kadada torly perdäniň wenalary arteriýalardan 1,5 esse (arteriýalaryň we wenalaryň giňliginiň deňagramlylygy 2:3-e deňdir) giňdir. Retinopatiýanyň döremeginiň irki döwürlerinde arteriýanyň giňligi kada çäginde. Wenalaryň giňligi bolsa, eýýäm 2-3 esse ýokarlanan. Torly perdäniň diabetiki angiopatiýasy diýlip atlandyrylýan bu üýtgeşmeler adatça proliferatiw däl retinopatiýanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyndan 2 ýyl öň bolýar.

154. Proliferatiw däl retinopatiýa-torly perdäniň muňa häsiýetli üýtgemeleri mikroanewrizmalary, gan öýmeleri we gaty eksudatlary öz içine alýar. Retinopatiýanyň bu döwrüniň ilkinji alamaty, adatça kapilýarlaryň diwarlarynyň uly bolmadyk pökgermesi bolan ownuk, tegelek, gyzyl nokatlar mikroanewrizmalardyr. Kapilýarlaryň gowşan bu ojaklaryndan gan öýmeler torly perdäniň ýüzleý gatlaklarynda ýalynyň dili ýaly görünýär. Torly perdäniň has çuň gatlaklarynyň gan öýmeleri köpüsi uly, nokat ýa-da tegmil şekilli bolýar. Mundan başga-da, torly perdä süzülip onda aýdyň çäkli sary ýa-da ak tegmil-gaty eksudaty emele getirýän lipidler üçin kapilýarlaryň geçirijiligi ýokarlanýar.

Kapilýarlardan eritrositlersiz diňe plazma çykýar. Beýan edilen üýtgemeler mikroanewrizmalar, gan öýmeler we eksudatlar-ýitýärler we ýene gaýtadan peýda bolýarlar. Olar eger sary tegmile düşmeseler görüşi bozulmaýar. Gaty eksudatlar adatça sary tegmili halka şekilli gabaýarlar. Sary tegmiliň merkezi görüşi üpjün edýändigi üçin bu ýerde çişli eksudatlaryň (sary tegmiliň çişi) emele gelmegi görüşiň peselmegine getirip biler. Sary tegmiliň çişi köplenç gartaşan näsaglarda bolýar. Diabetiň preproliferatiw retinopatiýasy. Bu döwürde wenalaryň giňligi gyradeň bolmaýar (segmentirlemeli we giňelmeli). Olar egrem-bugram, halkalaýynlyk, takyk görnüşlilik ýüze çykýar.

155. Damarlaryň kalibrleriniň aýdyň üýtgemeleri bolýar. Bu döwürde wajyp alamatlaryň biri-de, pamyk şekilli eksudatlardyr. Olar kapilýarlaryň oklýuziýasyny we torjagazlaryň aýratyn ojaklarynyň işemiýasyny görkezýärler. Pamyk şekilli eksudatlar takyk, çäksiz, solak-sary tegmildir. Beýleki wajyp alamat torly perdäniň ýüzüne çykman we ony bozman içki çäkleşýän gatlagyň astynda ýerleşýän inraretinal mikroangiopatiýalar – täze emele gelen kapilýarlaryň bogdagydyr. Diabetiň proliferatiw retinopatiýasy. Bu diabetiň retinopatiýasynyň 5-10% halatlaryny tutýar. Onuň tapawutly alamaty torly perdäniň ýüzünde damarlaryň ösmegi ýa-da olaryň aýna görnüşli bedene ösmegidir. Täze emele gelen damarlaryň diwarlary inçe we portdyr. Inçe we port bolmagy ýygy gan öýmelere we görüşiň erbetleşmegine getirýär. Gan öýmeler çekilenden soňra olaryň ýerinde köplenç birleşdiriji dokumaly ýara yzlary emele gelýär. Olar torly perdäni ýapýarlar we deformirleýärler. Bu bolsa, onuň traksion gopmagyna getirip biler. Bejergisiz täze damarlaryň emele gelmegi gözüň bölegine – älemgoşara we öňki kameranyň burçuna ýaýrap biler. Damarlaryň öňki kameranyň burçuna ösmegi suwly nemiň akmagyny kesýär we gözüň içki basyşynyň ýiti ýokarlanmagyna (neowaskulýar glaukoma) getirýär.

156. Ganyň glýukozasynyň derejesini kada çägine golaý derejede goldamak we arterial basyşy kadalaşdyrmak bejerginiň hökmany pursatlarydyr. Arterial basyşyň we plazmanyň glýukozasynyň derejesiniň durnukly kadalaşdyrylmagy diabetiň retinopatiýasynyň döremegini duýdurýar. Diabetiň retinopatiýasynyň esasy bejeriş usuly lazer ýa-da ýagtylyk fotokoagulýasydyr, belli görkezmelerde bolsa witrioretinal hirurgiýadyr. Soňky ýyllarda diabetiň retinopatiýasynyň gelip çykyşyna täsir edýän derman serişdelerini almak boýunça önjeýli işler alnyp barylýar. Üstünde işlenilýän serişdeleriň toparlarynyň biri ösüş faktorlaryň, hususanda damar endotelial ösüş faktoryny (VEGF-vascular endothelial growth factor) basmak üçin ulanylýan serişdedir. Ol makulanyň çişine we retinal neowaskulirlenmegine getirýär diýip çaklanylýar. Bu serişdeleri intrawentral sanjymlar görnüşinde ulanýarlar. Ikilenç glaukomada olaryň neowaskulirlenmäni basyjy täsiri aýratyn bellenendir.

157. Lazer koagulýasiýany ulanmak mümkinçiligi bolmadyk halatynda intrawitral sanjym üçin ranibizumab (lusentis) maslahat berilýär. Beýleki serişdeleriň täsiri süýjili diabetini indusirleýän biohimiki üýtgemeleriň korreksiýasyna gönükdirilendir. Olar C-proteinkinazanyň ingibitorlary bilen selebreksi (celebrex) insulin kybapdaş 1-nji ösüş faktorynyň (somatostatin) ingibitorlary we E witamini bilen barlaglary öz içine alýar. Kliniki barlaglaryň deslapky döwürlerinde somatostatiniň we E witaminiň oňaýly täsiri ýüze çykarylmady. C-proteinkinazanyň ingibitorlary, ruboksistaurin (ruboxistaurin) boýunça käbir oňaýly netijeler alyndy. Olar retinopatiýanyň proliferatiw däl döwri bolan näsaglarda ulanylanda görüşiň ýitme töwekgelçiligi peseldi. Häzirki döwürde ýokarda agzalan serişdeleriň hemmesi kliniki synaglaryň dürli döwürlerindedir.

158. Diabetiň nefropatiýasy–munuň özi, ýumajyklaryň soňundan düwünli     ýa-da diffuz sklerozirlenmegini döredýän patologiki üýtgemeler (bazal membrananyň galňamagy, mezangiumyň giňelmegi) bilen häsiýetlendirilýän süýjili diabetiň giçki ötüşmesidir. Bu ötüşme süýjili diabetiň I görnüşli näsaglaryň 35%-ne çenlisini, II görnüşlisini bolsa, 30-40%-ni zeperleýär. Nefropatiýanyň aýdyň alamatlary süýjili diabetiň I görnüşi ýüze çykarylandan 10-15 ýyldan soň bildirip başlaýar. Süýjili diabetiň I görnüşli geçişli näsaglaryň 20-30%-de 15 ýyldan soňra, mikroalbuminuriýa döreýär. II görnüşli süýjili diabetde mikroalbuminuriýanyň ýygylygy keseliň 10 ýylyndan soň 25%-e, makroalbuminuriýa (gije-gündiz ≥ 300mg) bolsa, 5%-ni tutýar.

159. Süýjili diabetiň II görnüşinde dowamly böwrek ýetmezçiliginiň terminal döwrüniň tas 20%-de süýjili diabet bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki keselleriň şertinde döreýändigini bellemelidir. Olaryň sebäpleri:

1) genetiki meýillilik-bu faktoryň barlygy şeýle ötüşmäniň maşgala halatlarynyň ýazyp beýan edilendigine esaslanýar. Süýjili diabetli näsagyň maşgalasynda diabetiň nefropatiýasy bolan näsaglar (ata-eneler, dogany ýa-da aýal dogany) bar bolsa, onda süýjili diabetiň I we II görnüşinde hem onuň döreme töwekgelçiligi has hem ýokarlanýar. Şeýle-de genetiki meýillilik barada diabetiň nefropatiýasy bolan näsaglaryň garyndaşlarynda arterial gipertenziýanyň ýokary ýygylygynyň bolýandygy bilen kesgitleýärler. Soňky ýyllarda diabetiň nefropatiýasyna meýillilige jogap berýän hromosomyň mahsusy ojaklary ýüze çykaryldy, ýöne genler häzire çenli doly identifisirlenmedi. Angiotenzin konwertirleýji fermenti kodirleýji AGÝ geniň ol ýa-da beýleki allelleriniň göterijiligi böwrek ýetmezçiliginiň töwekgelçilik faktory hasaplanylmaýar, ýöne onuň progressirleme tizligine täsir edýär;

2) diabetiň nefropatiýasynda, dowamly giperglikemiýanyň wajyp orny eýeleýän diabetiň mikroangiopatiýasynyň gelip çykyşynyň şol bir mehanizmi göýberilýär;

3) gemodinamiki bozulmalar – ýumajykiçre basyşyň ýokarlanmagy.

160. Gelip çykyşy. Diabetiň nefropatiýasynyň döremegine dürli patogenetiki mehanizmler gatnaşýarlar. Böwrekleriň zeperlenmegi giperglikemiýa we gemodinamiki faktorlarynda geçýän metaboliki bozulmalaryň özara patologiki täsirleşmegi bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýar. Dowamly giperglikemiýa bilen baglanyşykly metaboliki bozulmalar matriksiň öndürilmegini ýokarlandyryp, gönüden-göni mezangiumyň (ýumajygyň kapilýar ara dokumasy) zeperlenmegine we giňelmegine getirip bilýän giperglikemiýa bilen hem ýüze çykýar. Mezangiýa öýjükleri ýumajyklaryň kadaly funksiýasyny saklamakda uly orun oýnaýar, öýükdaşky matriksi emele getirýärler. Matriksiň proteinleriniň glikirlenmegi güýçlenýär. Munuň özi bazal membrana çökýän glikirlenmäniň ahyrky gaýdymsyz önümleriniň emele gelmegine getirýär. Bu bolsa, onuň galňamagyna we häsiýe¬tiniň üýtgemegine getirýär. Dowamly giperglikemiýa glýukozanyň metabolizminiň poliol ýoluny işjeňleşdirýär, netijede sorbitolyň we fruktozanyň emele gelmegi güýçlenýär. Giperglikemiýa C-proteinkinazanyň işjeňleşmeginiň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa, bazal membrananyň albuminiň geçirijiligine täsir edýär we damar – endotelial ösüş faktorynyň ekspresiýasyny güýçlendirýär.

161. Bazal membranada zarýad selektiwlilik bozulýar. Bu bolsa, membranalaryň albuminiň geçmegi üçin geçirijiligini ýokarlandyrýar, mikroalbuminuriýa döreýär. Metaboliki bozulmalar bilen birlikde ýumajykiçre arterial gipertenziýa görnüşinde ýüze çykýan gemodinamiki bozulmalar bolup geçýär. Ýumajykiçre gipertenziýanyň sebäbi arteriýalaryň tonusynyň bozulmagydyr: getirijiniň giňemegi we çykaryjynyň daralmagydyr. Süýjili diabetde getiriji arteriolanyň giňelmegi giperglikemiýa, glýukagon, ulgamlaýyn arterial basyş we azodyň oksidiniň emele gelmeginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Çykaryjy arteriolanyň tonusy ýokarlanýar we ol kateholaminler, angiotenzin II, endotelin I ýaly wazokonstriktorlaryň täsiriniň hasabyna daralýar. Bu damarlaryň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagy ýumajyk gipertenziýa we ýumajyklaryň kapilýarlarynyň gidrostatiki basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bu hadysalar endoteliositleriň ýüzüniň zeperlenmegine we ýumajyk böwediniň gurluşynyň bozulmagyna getirýärler. Onuň netijesinde albuminiň ilki mikroalbuminuriýa, soňundan proteinuriýa görnüşli bölüp çykýar.

162. Diabetiň nefropatiýasy 5 döwre bölünýär.

1) I döwri - Süýjili diabetiň ilki ýüze çykmalary ýaly bolup, ýumajyklaryň filtrasiýasynyň tizliginiň (ÝFT) kada bilen deňeşdirilende 30-40% ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär we köplenç golaýda başlan süýjili diabetli (has ýygy I görnüşi) näsaglarda ýüze çykarylýar. ÝFT-niň ösmegi böwrekleriň ulalmagy we ýumajykiçre basyşyň ýokarlanmagy bilen geçýär;

2) II döwri – böwrek ýumajyklaryň ilkinji gurluş üýtgemeri başlaýar, ol albuminiň kadaly ekspresiýasy (gije-gündizde 30mg-dan az) bilen häsiýetlendirilýär. ÝFT ýokarlygyna saklanýar. Munuň özi diabetiň nefropatiýasynyň progressirlenmeginiň ýokary töwekgelçiligine şaýatlyk edýär;

3) III döwri (daşary ýurt edebiýatlarynda latent diýip hem atlandyrylýar) – prenefrotiki döwri mikroalbuminuriýa (gije-gündiz 30-300mg) bilen häsiýetlendirilýär. Prospektiw barlaglarda albuminiň kadaly ekskresiýasynda (gije-gündizde 30mg çenli) ÝFT adatça ýokarlanan, ýeňil mikroalbuminuriýada (gije-gündizde 30-100 mg) ÝFT kada çäginde saklandy, güýçli mikroalbuminuriýada (gije-gündizde 101-300 mg) ÝFT-niň peselmegi bellenildi. Şeýlelikde, ýumajyklaryň filtrasiýa tizligi diabetiň nefropatiýasynyň latent döwründe peselip başlaýar. Bu döwürde arterial basyş kada çäginde durýar, ýöne adatça sagdynlaryňkydan ýokary, fiziki agramda bolsa ýokarlanýar. Mikroalbuminuriýany plazmanyň glýukozasynyň derejesini we arterial basyşyny kadalaşdyrma ýoly bilen peseltmek ýa-da aýyrmak başardýar;

4) IV döwri – diabetiň aýdyň nefropatiýasy proteinuriýa, peşew bilen proteiniň ekskresiýasy gije-gündizde 0,5g ýokary bolýar. Diabetiň aýdyň nefropatiýasynyň irki döwürlerinde ÝFT kada çäginde saklanyp biler, ýöne gyşarnyksyz peselýär. Bu döwürde arterial basyşy ýokarlanyp, onuň işjeň bejergisi ÝFT-niň peselmegini haýallaýar;

5) V döwri – terminal, dowamly böwrek ýetmezçiligi döreýär. Ýokary arterial basyşy, aýdyň proteinuriýa bolýan dowamly böwrek ýetmezçiligi döreýär. Dowamly böwrek ýetmezçiligi artýan ysgynsyzlygy, ukuçylygy, çişi, işdäniň peselmegini, ýürek bulanmany, gusmany, iç geçmäni, gijelewügi, gipotenziw bejerginiň peýdasyzlygyny, gan azlygy we elektrolit bozulmalary öz içine alýar. ÝFT peselýär. Ol dürli usullar bilen hasaplanyp bilner. Ýöne köplenç Kokroft-Goltuň formulasy ulanylýar.

a x [140-ýaş (ýyly) x bedeniň kg-da agramy] 

    ganyň kreatinini (litrde mkmol)

163. Bejergisi. Diabetiň nefropatiýasyny bejermegi we öňüni almagy üç esasy pursaty bölýärler:

1) glikemiýany maksimal mümkingadar kada golaýlaşdyrmak;

2) ýokarlanan arterial basyşynyň berk gözegçiligi we ilkinji nobatda angiotenzin öwrüji fermentleriň ingibitorlary ýa-da angiotenzin reseptorlaryň blokatorlary bilen onuň kadalaşdyrylmagy;

3) albuminuriýa berk gözegçilik.

Diabetiň nefropatiýasynyň bejergisiniň esasy şerti uglewod çalşygynyň berk kompensasiýasyna (ajöze glikemiýa litrde 5,5-6,1 mmola çenli; postprondial glikemiýa litrde 7,5-9,0mmol, glikirlenen gemoglobin 6,2-7,0%) ýetilmegidir.

164. Ýumajykiçre gipertenziýany aýyrýan serişdeleriň bellenilmegi. Diabetiň nefropatiýaly näsaglarynyň ilkinji saýlama serişdeleri AÖF-leriň ingibitorlarydyr. Olar ýumajykiçre basyşy peseldýärler, çykaryjy ýumajyk arteriolalaryny giňeldýärler, arterial basyşy peseldýärler. Serişdeleriň bu toparyndan başgada angiotenziniň reseptorlarynyň blokatorlary selektiw β-blokatorlar, kalsiý kanallaryň blokatorlary we diuretikler (halkaly, az möçberlerde tiazid) ýaly serişdeler ulanylýar. Berhiz bejergi. Diabetiň nefropatiýasynyň progressirlenmegini peseltmek üçin az proteinli berhiz bellenilýär. Çäklendirilen proteinleriň berhizi proteinuriýany peseldýändigi we ÝFT-niň düşmegini biraz haýallandyrýandygy görkezdi. Soňky (V) döwründe dürli böwrek dializiniň usullarynyň arasynda köplenç gemodializ ulanylýar. Peritoneal dializiň hem ulanylmagy gowy täsir berýär. Peritoneal dializ ýaşaýyş usulyny has işjeň goldamaga mümkinçilik berýär.

165. Diabetiň neýropatiýasy. Neýropatiýa – süýjili diabetiň iň ýygy duşýan kliniki ötüşmesidir. Süýjili diabetden 25 ýyl we ondan hem köp ejir çekýän näsaglaryň her ikinjisinde neýropatiýa ýüze çykarylýar. Barlaglaryň maglumatlaryna görä, näsaglaryň 7,5%-de neýropatiýa diagnoz kesgitlemezden öň anyklanylýar. Neýropatiýa süýjili diabete utgaşýan metaboliki bozulmalaryň netijesinde periferiki we/ýa-da awtinim nerw süýümjikleriň diffuz ýa-da ojaklaýyn zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän kliniki we subkliniki sindromlaryň kompleksidir. Diabetiň neýropatiýasynyň birnäçe klassifikasiýasy bolup, olaryň içinde dünýäde iň ýaýrany ýazarmanlar bilen P.K.Thomasyň klassifikasiýasy hasaplanylýar.

166. Diabetiň polineýropatiýasynyň klassifikasiýasy


                                          (Thomas P.K., Ward J.D., Greene D.A.)


1) I-Sensomotor neýropatiýasy:

a) simmetriki;

b) fokal (mononeýropatiýa) ýa-da polifokal (kranial, proksimal motorly, göwräniň we el-aýaklaryň mononeýropatiýasy);

2) II- Awtonom (wegetatiw) neýropatiýa:

a) kardiowaskulýar (ortostatiki gipotenziýa, ýürek denerwasiýa sindromy);

b) gastrointestinal (aşgazanyň atoniýasy, öt ýollarynyň diskineziýasy, diabetiň enteropatiýasy);

ç) urogenital (peşew haltasynyň funksiýasynyň bozulmagy bilen, jynsy funksiýasynyň bozulmagy bilen);

d) näsagyň gipoglikemiýany aňmaga ukybynyň bozulmagy;

e) görejiň funksiýasynyň bozulmagy;

ä) deri mäzleriniň funksiýalarynyň bozulmagy (distal angidrozy, iýende gipergidroz).

167. Sebäpleri we gelip çykyşy. Diabetiň neýropatiýasynyň esasy sebäbi giperglikemiýadyr, ol bolsa, şu aşakdaky bozulmalara getirýär:

1) Wasa nerworumyň mikroangiopatiýasy. Onuň netijesinde kapilýar gan aýlanşygynyň haýallamagy we soňundan işemiýa getirýän nerwleriň gipoksiýasy bolup geçýär. Periferiki nerwleriň gurluşynyň bir sydyrgynsyzlygy we degeneratiw üýtgemeler döreýär;

2) nerw öýjükleriň membrana we sitoplazmiki proteinleriň enzimatiki däl glikozilirlenmegi. Damarlaryň nerw öýjüklerinde glikizilirlenmäniň ýygnanmagy nerwlerde gurluş we funksional üýtgemelere getirýär;

3) glýukozanyň metabolizminiň poliol ýolunyň işjeňleşmegi nerw öýjüklerinde sorbitolyň we fruktozanyň ýygnanmagyna we aksonyň mioinozitolyň mukdarynyň peselmegine getirýär. Netijede nerwde energiýa çalşygy, nerw impulslarynyň berlişiniň tizligi bozulýar;

4) giperglikemiýa we insuliniň ýetmezçiligi erkin radikallaryň emele gelmeginiň ýokarlanmagyna getirýän okislenme stresiň döremegine itergi berýär. Bu birleşme öýjük membranalaryň we nerw dokumasynyň funksiýalarynyň bozulmagyna getirýär. Azodyň oksidiniň emele gelmegi peselýär, Wasa nerworumyň tonusy ýokarlanýar, bu bolsa gipoksiýa getirýär. Ýokarlanan okislenme stersi aksonlaryň degenerasiýasyna we nerw süýümleriniň atrofiýasyna getirýär.

Gistologiki neýropatiýa uly, şeýle hem ownuk miýelinleşdirilen nerw süýümleriniň ýitmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi dürli derejeli demiýelinleşme birleşdiriji dokumalaryň proliferasiýasy we nerwleriň kapilýarlarynyň bazal membranalarynyň galňamagy we olaryň bitişmegi bilen geçýär.

168. Alamatlary. Diabetiň distal simmetrik sensomotor neýropatiýasy. Distal simmetrik polineýropatiýa – süýjili diabetiň gönüden-göni uzaklygy bilen baglanyşykly diabetiň neýropatiýasynyň iň ilki we has ýygy görnüşidir. Onuň bilen ortaça diabetli näsaglaryň 25-den 35%-e çenlisi ejir çekýär. Gaýra üzülme haýal başlap, adatça progressirleýji geçişli tutuşlaýyn polineýropatiýa bilen häsiýetlenýär. Alamatlardan ilkinji bolup “garynja ýörän ýaly” awuşama ýaly duýgular bilen ýüze çykýan paresteziýa görnüşinde duýujylyklaryň bozulmagy, şeýle-de ýeňil galtaşma, güýçli giperesteziýa bolup biler. Gipoesteziýa ilki bilen el-aýaklaryň distal böleklerinde bolup, duýujylygyň “ellik” we “jorap” – görnüşli ýitmegi bilen häsiýetlenýär. Polineýropatiýa güýjedigiçe dabanlaryň gurşmagy ýüze çykýar we şikesi duýma ukyby ýitýär. Aýaklarda köplenç gijelerine biýnjalyk edýän ýiti ýa-da çuň, kütek ýa-da ýürek gyýdyryjy agyrylar häsiýetlidir.

Käbir halatlarda neýropatiki agyrylar aýratynam ownuk süýümler zeperlenenende çydar ýaly bolmaýar, birnäçe ýyldan soň olar atrofirlenenden soň agyry öz-özünden kesilýär. Aýaklaryň agyrysy fiziki hereketde aýrylýar. Hereket süýümleriniň zeperlenmegi soňundan dabanlaryň deformasiýasyna we aýratyn ojaklarynda agramynyň ulalmagyna getirýän muskullaryň ysgynsyzlygyny we atrofiýasyny döredip biler. Trofiki innerwasiýasynyň bozulmagy deriniň, süňkleriň we siňirleriň degeneratiw üýtgemelerine getirýär. Agyry duýujylygynyň bozulmagy ýeňil infisirlenýän näsaglaryň wagtynda aňşyrmaýan dabanlaryň mikrotrawmasyna getirýär. Seredilende siňir refleksleriň ir ýitmegi, wibrasiýa we galtaşma duýujylygynyň peselmegi bellenilýär.

169. Wegetatiw (awtonom) neýropatiýa süýjili diabetiň I görnüşinde wegetatiw bozulmalaryň alamatlary kesel anyklanan pursatynda 25%-den hem ýokary halatlarda ýüze çykarylýar. Wegetatiw neýropatiýany birnäçe görnüşlere bölýärler. Ýürek-damar awtonom neýropatiýasy (kardiowaskulýar görnüşi) has ýygy duş gelýän görnüşidir. Şeýle näsaglarda ölümçilik döränden 5 ýyla golaý wagtdan soň 25%-e ýetip, ýokary ölümçiligiň töwekgelçiliginiň garaşsyz şertidir. Rahatlykda tahikardiýa, gijeki kadaly bradikardiýanyň bolmazlygy we dem alyş aritmiýasynyň ýitmegi ýürek-damar neýropatiýasynyň iň irki alamatlarydyr. Bu üýtgemeleriň hemmesi uzynlygy sebäpli beýlekilerden ir zeperlenýän, iň uzyn nerw bolan azaşan nerwiň zeperlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Agyr awtonom neýropatiýaly näsaglarda ýatma ýagdaýyndan oturma we dik durma geçende ýürek ýygrylmagynyň ýygylygy ýeterlik ulalmaýar we plazmanyň noradrenaliniň derejesi galmaýar. Bu bolsa, ortastatiki gipotoniýa getirýär.

170. Goşmaça iki şert awtonom neýropatiýaly näsaglaryň gipotoniýasyny erbetleşdirip biler, ýagny iýmitiň iýilmegi, diňe şu näsaglarda insulin arterial basyşyny peseldýär. Soňundan fiziki agramynyň erbet göterilmegine getirýän kardiowaskulýar refleksleriň simpatiki denerwasiýasy döreýär. Ganda aýlanýan kateholaminlere ýüregiň giperduýujylygy sebäpli tahiaritmiýanyň we duýdansyz ölümiň döremegi inkär edilmeýär. Şunuň bilen birlikde ol miokardyň agyrsyz infarktynyň döremegine itergi berýär. Awtonom neýropatiýada aşgazan-içege ýollaryň: gyzylödegiň, aşgazanyň, öt haltanyň, içegäniň inçe we ýogyn bölümleriniň hersiniň hem zeperlenmegi bolup biler. Içgin barlaglarda gyzylödegiň hereketiniň bozulmagy diabetli näsaglaryň 75%-nde ýüze çykarylýar. Gyzylödegiň hereketiniň bozulmagy distrofiýa, kükrekarka ýakymsyz duýgy we ýüregiň töwereginde awuşama bilen ýüze çykýar. Aşgazanyň hereketiniň bozulmagy dürli derejeli bolup biler.

171. Diabetiň parezinde-aşgazan ulalan, süýnen, tonusy peselen. Onuň boşamagynyň saklanmagy (gastroparez), işdäniň peselmegine, çalt doýmagy, iýmitden soň çişme duýgusynyň ýürek bulaşmanyň, iýmitden soň gaýtarmanyň, garnyň ýellenmeginiň, seýrek bolýan epigastriýdäki agyrylaryň döremegine getirýär. Aşgazanyň diabetiki parezinde az göwrümli, ýygy (günüň dowamynda 6-8 gezek) esasan suwuk ýa-da ýumşak, ýagsyz, az kletçatkaly iýmitleri iýmek maslahat berilýär. Içegäniň zeperlenmegi (diabetiň enteropatiýasy) iç gatama (köplenç), iç geçme ýa-da iç gatamanyň we iç geçmäniň gezekleşmegi bilen ýüze çykýar. Diabetiň diareýasy diabetli näsaglaryň 20%-de duşýar. Adatça agyrysyz döremegi gije mahsus bolan we täreti saklamazlyk (göni içegäniň duýujylygynyň neýrogen bozulmalarynyň netijesinde) bilen geçip biler. Täretiň ýygylygyny antidiareýa serişdeleri loperamid we difenoksilat azaldyp biler. Peşew-jyns ulgamynyň zeperlenmegi peşew haltanyň neýrogen disfunksiýasy, erkeklerde bolsa, erektil disfunksiýa we retrograd eýakulýasiýa bilen ýüze çykýar.

172. Diabetde peşew haltanyň disfunksiýasynyň sebäbi peşew haltanyň wisserosensor innerwasiýasynyň ýitmegine getirýän diabetiň neýropatiýasydyr. Peşew haltanyň newrogen disfunksiýasy süýjili diabetiň I görnüşinde ýygy (40-50%) duşýar, II görnüşinde bolsa, iki jynsda-da deň derejede (25%) bolýar. Diabetiň sistopatiýasy. Diabetiň sistopatiýasy ilki peşew haltanyň dolma duýgusynyň peselmegi (kadada adatça ol 300-400ml suwuklyk ýygnananda döreýär), buşukma ýygylygynyň peselmegi (günüň dowamynda 2-3 gezek) bilen ýüze çykýar. Soňundan peşew haltanyň doly boşamazlygyna, peşewiň akymynyň gowşamagyna, buşukma wagtynyň uzalmagyna, peşewiň kesilip gelmegine ýaly arzlar ýüze çykýar. Bularyň hemmesi peşew haltanyň doly boşamazlygyna we onda peşewiň saklanmagyna getirýär. Bu bolsa, näsaglaryň peşew ýollarynyň infeksiýasyna ýykgynlygy bilen geçýär.

173. Bejergi neýropatiýanyň öňüni almaga we progressirlenmegine gönükdirilendir. Esasy bejergi usuly – bozulan uglewod çalşygynyň kompensasiýasydyr. Ýöne kompensasiýa günüň dowamynda ýetilmelidir, sebäbi glikemiýanyň üýtgäp durmagynyň neýropatiýanyň döremegine we progressirlenmegine öjükdirýändigi kesgitlenendir. Durnukly we güýçli agyry neýropatiýada agyryny aýyrmak üçin ulanylýan öz içine analgetikleri we beýleki maddalary alýan dürli serişdeler bilen bejerilýär. Agyryly neýropatiýanyň bejergisi üçin damar çekmä garşy serişdeler-karbamazepin, gabapentin we täze lirika (pregabalin) serişdeleri ulanylýar. Ýerli agyryda 0,075%-li kpsaisinli krem ulanylýar. Diabetiň neýropatiýasyny hemme görnüşlerinde α-lipoý turşusy maslahat berilýär. α-lipoý turşusynyň lipidleriň perekisli okislenmegine böwet bolýandygy we antioksidant fermentleriň – katalazanyň we superoksid dismutazanyň işjeňligini ýokarlandyrýandygy kesgitlenendir. Oksidatiw stresi peseltmek bilen α-lipoý turşusy bozulan endonewral gan aýlanyşy we impulsyň geçirijiliginiň bozulan tizligini kadalaşdyrýar.

174. Diabetiň daban sindromy. Diabetiň daban sindromy – bu diabetiň neýropatiýasy, angiopatiýasy, osteo – we artropatiýalary, iriňli-nekrotiki hadysalarynyň ötüşmeleriniň döremegi bilen şertlenen dabanyň anatomo funksional üýtgemeleriniň toplumydyr. Bu sindrom süýjili diabetiň giçki ötüşmesi hökmünde döreýär. Şikes bilen baglanyşykly bolmadyk amputasiýa sezewar bolan näsaglaryň arasynda süýjili diabetli näsaglar 45-den 70%-ni tutýarlar. Amputasiýa 70% halatlarda dabanyň ýaralary öňbaşçylyk edýär, diabetiň gangrenasynyň döreme töwekgelçiligi tas 20 esse ýokarydyr. Diabetli näsaglarda amputasiýanyň ýygylygy ýaşa görä artýar we umuman erkeklerde aýallara garanyňda ýokarydyr. Süýjili diabetiň şertinde dabanyň iriňli-nekrozly zeperlenmeli näsaglaryň arasynda adatça, dürli kesellerden ejir çekýän ýaşy 55-den 74-e çenli bolan adamlar 60%-ni tutýar. Dabanyň diabetiki zeperlenmeleriniň ýygylygy ösýär we bu şu aşakdaky sebäpler bilen baglanyşyklydyr:

1) süýjili diabetiň keselçiliginiň ösmegi;

2) süýjili diabetli näsaglaryň ömrüniň uzaklygyna laýyklykda keseliň geçişiniň uzalmagy;

3) ilatyň umumy ýaşynyň uzalmagy;

4) çilimkeşlik, arakhorluk we ş.m.;

5) gipertenziýa, giperholesterinemiýa, semizlik ýaly töwekgelçilik şertleriniň utgaşmagy.

175. Diabetiň daban sindromynyň gelip çykyşynda esasy şu aşakdakylar esasy faktorlarydyr:

1) neýropatiýa;

2) aýaklaryň arteriýalarynyň zeperlenmegi (mikro-makroangiopatiýalar);

3) ýokançlar.

176. Diabetiň daban sindromynyň – birnäçe klassifikasiýalary bolsada, üç görnüşini tapawutlandyrýan, aşakdaky sindromlar ulanylýar:

1) neýropatiki;

2) osteoartopatiýasyz;

3) diabetiki osteoartropatiýaly;

4) işemiki;

5) neýroişemiki (garyşyk).

Diabetiň daban sindromynyň neýropatiki görnüşi. Diabetiň ilkinji esasy töwekgelçilik faktory her biriniň güýçlüligi dürli-dürli bolan sensor, motor we awtonom nerw süýümleriniň kombinirlenen zeperlenmegi bilen ýüze çykýan neýropatiýa hasaplanylýar. Ilkinji nobatda sensor süýümleri ejir çekýärler, polineýropatiýa aýaklaryň distal bölekleriniň zeperlenmelerinden başlaýar we soňundan proksimal ýaýraýar. Näsaglary awuşama, guruşma, fiziki agramda geçýän köplenç gijelerinde aýak agyry biynjalyk edýär. Neýropatiýa güýjedigiçe duýujylygyň aýratyn görnüşleriniň we refleksleriň zeperlenmegi ýüze çykýar. Ilkinji nobatda wibrasiýa duýujylygy we ahilliň refleksleri peselýär. Duýu¬jylyklaryň aýratyn görnüşleriniň bozulma derejesi deň gelmeýär. Uly süýümleriň zeperlenmegi, wibrasiýa we galtaşma, kiçileriňki bolsa, agyry we temperatura duýujylyklarynyň bozulmagy bilen ýüze çykýar. Hereket bozulmalary – dabanyň penjäniň muskullarynyň ysgynsyzlygy we atrofiýasy has giçki döwürlerde ýüze çykýar.

177. Adatça sagdyn adam ýörände ýa-da ylganda duýujylygyna görä hemişe dabanyň dürli bölümlerine düşýän agramy duýujylygyna görä hemişe üýtgedýär, duýujylygy bozulan diabetli näsag muny etmeýär. Motor süýümleriniň hem goşulmagy dabanyň kiçi muskullarynyň işjeňliginiň bozulmagyna getirýär. Bu bolsa, dabanyň gurluşynyň üýtgemegine getirýär. Bu dabanyň daban astynyň plantar ýüzüniň ýokary basyşly zolagynyň (ökje, daraklyk süňkleriniň kellejiginiň proýeksiýasynda) düşýän agramy öňküdenem güýçlendirýär we ol ýerde deri galňaýar, giperkeratoz emele gelýär, gabarçak emele gelýär. Dabanyň neýropatiki başy somatiki polineýropatiýanyň agyr ötüşmesidir. Agyry duýyjylygynyň ýitmegi we dabanyň derisiniň şikeslenmegi onuň döremeginiň esasy sebäpleridir. Deriniň ownuk ýaryklaryna ilki dabanyň ýarasyna, soňundan bolsa gangrenasyna getirýän infeksiýa düşýär. Agyry duýujylygynyň peselmeginiň we diabete mahsus bolan osteoporozyň döremeginiň ýykgynlylygyň ýerinde mikroşikesler süňkleriň çat açmagyna we döwülmegine getirip biler.

178. Rentgen suratlarda bogunlaryň töwereginde we içinde kalsinozly dargamany, süňkleriň owranmagyny we fragmentirlenmegini ýüze çykarýarlar. Diabetiň daban sindromynyň işemiki görnüşi diabetiň mikro- we makro-angiopatiýalaryň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Bu görnüşine aýaklaryň orta we uly kalibrli damarlarynyň aterosklerozynyň netijesi bolan makroangiopatiýalar getirýärler. Diabet keselli näsagyň dabanynyň işemiki görnüşli näsaglaryň aýaklarynyň üşeme duýgusy fiziki agramda (ýöreme ýa-da ylgawda) güýçlenýän muskullaryň agyrysy biynjalyk edýär. “Geçýän agsaklyk” alamaty döreýär. Şeýle näsaglarda dabanyň derisi gögümtil solak, ellenende sowuk, damarlaryň urgusy peselen ýa-da ýok. Baş defektleri köplenç dabanyň barmaklarynyň ujunda esasan birinji we ikinji barmaklaryň we ökjeleriň gyraky ýüzlerinde döreýär. Trofiki başlaryň iki görnüşinde hem bejergisi ilkinji nobatda şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) süýjili diabetiň günüň dowamynda hökmany kompensasiýasy. Süýjili diabetiň I görnüşinde zerur bolsa insuliniň möçberini köpeltmeli, II görnüşinde bolsa insulin bejergä geçirmeli;

2) berhiz bejergi;

3) ekilen mikroflorany we antibiotiklere duýujylygy göz öňüne tutmak bilen güýçli antibakterial bejergi bellenilýär;

4) ýaranyň ýerli idegi;

5) aýaklaryň idegi;

6) ýöriteleşdirilen köwüşiň dogry saýlanmagy we geýilmegi.

179. Absses we flegmona bilen ötüşen dabanyň iriňli nekrozly zeperlenmeleri bolanda häzirki döwürde iki tapgyrlaýyn bejergi hödürlenilýär: ilki iriňli ojagyň aýrylmagy, bejergi kursundan soňra netijeliligine baglylykda zerur bolsa amputasiýa. Şeýle näsaglar bejerilende süýjili diabetiň kompensasiýasyna berhiz bilen insulin bejerginiň (gysga täsirli insuliniň 4 sanjymy) utgaşmagynda ýetmek bejerginiň esasy komponentidir. Iriňli hadysa bolan halatynda süýjili diabetiň medikamentoz bejergisi öz içine detoksikasiýa we metaboliki hadysalaryň kadalaşmagyna gönükdirilen infuziýa bejergisini almalydyr, şeýle hem adekwat antibakterial bejergi saýlanmalydyr. Dogry geçirilen taktikada umumy ölümçilik 10,2-den 4,4%-e çenli peselýär.

Zerur bolanda näsag hirurgiki bejergä adaty ýagdaýda taýýarlanylýar. Süýjili diabetinde taýynlyk gysga täsirli insulinde operasiýadan öň, operasiýa wagtynda we ondan soňky döwürde kompensasiýa ýa-da subkompensasiýa etmekden durýar.

180. Diabetiň makroangiopatiýasy. Süýjili diabetde ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK), periferiki arteriýalaryň obliterirleýji aterosklerozy we serebrowaskulýar bozulmalary has ýygy we irki ýaşlarda döreýär. Diabetsizlere garanyňda has ýaýraň zeperlenmeleri we agyr geçişi bolýar. Bu keseller diabetiň makroangiopatiýasynyň ýüze çykmalarydyr. Olaryň patogenetiki esaslary – süýjili diabetli näsaglarda orta we uly kalibrli damarlaryň aterosklerozydyr. Diabetli näsaglaryň ýürek-damar kesellerinden ölümçiligi ilatyň başga kesel bilen deňeşdirende has ýokarydyr. Süýjili diabetiň I görnüşinde eger-de ol 20 ýaşa çenli ýaşda dörän bolsa, ýürek-damar keselleriň ölümçiligi 25%-e deňdir. Köplenç bu töwekgelçilik faktory gipertenziýa hem bolan diabetli nefropatiýaly näsaglarda bolup geçýär.

181. Diabet ýürek-damar keselleriniň howply toparynyň garaşsyz faktory bolup, olaryň döremeginiň töwekgelçiligini erkeklerde şeýle hem aýallarda 2-3 esse ýokarlandyrýar. Oňat kompensirlenen süýjili diabetde lipidleriň derejesi kada çäginde. Süýjili diabetiň dekompensasiýasynda, umumy holesteriniň, trigliseridleriň, pes dykyzlykly lipoproteidleriň mukdary ýokarlanýar, ýokary dykyzlykly lipoprtoteidleriňki peselýär. Barlaglarda diabetiň intensiw bejergisiniň we glikirlenen gemoglobiniň derejesiniň 7%-den pes saklanylmagynyň örän pes dykyzlykly lipoproteidleriň derejesiniň peselmegi infarktlaryň ýygylygynyň azalmagy, periferiki damarlaryň zeperlenmegi we ýürek-damar ölümçiliginiň azalmagy bilen geçýändigi görkezildi. Miokardyň infarkty. Süýjili diabetde miokardyň infarkty ilatyň adaty populýasiýasy bilen deňeşdirilende 2-4 esse ýygy döreýär. Süýjili diabetde miokardyň infarktynyň atipiki geçişi bolýar.

182. Miokardyň ýiti infarktly näsaglaryň 30%-de onuň mahsus alamatlary (döş kapasasynda agyry, döş arkasynda basylma duýgusy, çep gola ýaýraýan agyry) bolmaýar. Diabetde atipiki alamatlara boýnunda ýa-da aşaky äňde agyry, gusma bilen geçýän epigastral agyry, özbaşdak demgysma degişlidir. Çalt ýadawlyk ýürek ýetmezçiligiň tiz döremegi we uglewod çalşygynyň ketoasidoza çenli erbetleşmegi ýaly atipiki alamatlar miokardyň agyrysyz işemiýanyň alamatlary bolup biler. Atipiki geçmegini kardiowaskulýar neýropatiýa bilen baglanyşdyrýarlar. Diabetde ýürek ýetmezçiliginiň döreme töwekgelçiligi erkeklerde 6 esse, aýallarda bolsa       9 esse ýokarlanýar. Ýürek işemiýa keseliniň klinikasy şu aýratynlyklar bilen häsiýetlenýär:

1) ÝIK-ň erkeklerde we aýallarda deň ýygylykda döremegi;

a) miokardyň infarktynyň we ÝIK-niň agyrysyz (lal) görnüşleriniň ýokary ýygylygy;

b) “Duýdansyz ölümiň” ýokary töwekgelçiligi;

2) infarktdan soňky ötüşmeleriň ýokary ýygylygy:

a) ýürek ritminiň ýygylygy;

b) çep garynjygyň ýetmezçiligi;

ç) trombly emboliýa.

183. Miokardyň infarkty 35% halatlarda häsiýetli EKG üýtgeşmelersiz geçýär. Şonuň üçin näsaglar öz wagtynda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmaýarlar, geçişi atipiki bolany sebäpli kesel giç anyklanylýar we zerur bejeriş taktikasynyň öz wagtynda geçirilmezligi miokardyň ýaýraň transmural infarktynyň döremegine getirýär. Süýjili diabetli näsaglarda miokardyň infarkty dörände diňe bir miokardyň infarkty boýunça bejerginiň hemme toplumy geçirilmän, eýsem süýjili diabet boýunça hem bejergi geçirilýär. Giper we gipoglikemiýa miokardyň infarktynyň geçişini erbetleşdirýär. Glikemiýanyň derejesiniň litrde 4-5 mmoldan pese düşmeginden gaça durmak zerurdyr. Miokardyň infarktynyň ilkinji üç gününde preprandial glikemiýany litrde 6,1 mmoldan ýokary, günüň dowamynda glikemiýanyň maksimal derejesi litrde 10,0-11,0 mmoldan ýokary bolmaly däldir. Bejergi meýilnamasynda berhizi insulin bejergi bilen (ganyň glýukozasynyň gözegçiliginde gysga täsirli insulin) utgaşdyrylýar. Metformin we tiazolidindionlaryň önümleri miokardyň ýiti infarktynda garşy görkezilendir.

184. Süýjili diabetiň fitoterapiýasy. Dürli ösümlikleriň melhem häsiýetleri gadym zamandan bäri ulanylyp gelýär. Häzirki zamanda derman serişdeleriniň köpüsi özüniň gözbaşyny derman ösümliklerinden alýar ýa-da tutuşlygyna onuň gaýtadan öndürilmegine esaslanandyr. Fitoterapiýada ösümlik çig maly köplenç halatlarda gaýnatma we ergin görnüşinde ulanylýar. Fitoterapiýanyň şekeri peseldiji täsiriniň mehanizmini düşündirýän birnäçe nukdaý nazar, ýagny glýukozanyň özleşmegini gowulaşdyrýan ösümliklerdäki insuline kybapdaş maddalaryň bolmagynda, insulini bölüp çykarýan aşgazanasty mäziň β- öýjüklerini dikeldiji täsirine çenli pikirler ýöredilýär. Häzirki döwürde fitoterapiýa süýjili diabetiň bejergisi üçin aýratyn usul hökmünde ulanylman, eýsem beýleki bejeriş usullary bilen bilelikde hökmany kombinasiýada ulanylýar.

185. Fitoterapiýa uglewodlara bolan tolerantlygy bozulan näsaglara berhiz we ölçegli fiziki agram bilen bilelikde bellenip bilner. Diabetiň I görnüşinde fitoterapiýa insulin bejergi, berhiz, ölçegli fiziki agram bilen kompleksde ulanylýar. Bu ýagdaýda insuliniň dozasy azaldylyp bilner. Diabetiň II görnüşindede fitoterapiýa, berhiz, antidiabetiki peroral serişdeler we ölçegli fiziki agram bilen kompleksde ulanylýar. Şeýle toplumlaýyn bejergi serişdeleriň dozasynyň azaldylmagyna getirip biler. Häzirki döwürde derman ösümlikleriniň serişdelerini synplaşdyrmaga synanyşylýar. Gerdejik serişdelerine kybapdaş täsir edýän we insulini fermentleriň täsirinden goraýan ýaly täsirli otlar. Bu topara geçigulagyň (galega) oty, noýbanyň gabygy, çernikanyň ýapragy, eleuterokok, zamaniha, safora görnüşli lewzeýa (maraliň köki), ak tuduň ýapragy degişlidir. Bu otlaryň her birini aýratynlykda we garylan görnüşinde ulanylmak bolar.

186. Noýbanyň gabygy gaýnatma görnüşinde ulanylýar, taýýarlamak üçin çig malyň 15-20 gramyna 1 litr suw guýup gaýnatmaly, demini alandan soň, süzmeli we gaýnagyň 150ml-ni günde 3 gezek nahardan öň içmeli. Çernika. Maý, iýun aýlarynda ýygnanan ýapraklaryny ergin görnüşinde ýarym stakandan günde 4-5 gezek iýmezden öň içmeli. Eleuterokkuň ekstraktyny 20-30 damjadan irden we günortan iýmezden öň içmeli. Zamanihanyň erginini 30-40 damjadan ertirlikde we günortanlykda içmeli. Eleuterokk we zamaniha nerw gyjynyjylygynda, ukusyzlykda, arterial gan basyşy ýokarlananda, ýürek işjeňliginiň bozulmalarynda garşy görkezilendir. Glýukozanyň çalşygyna täsir edýän we insuliniň emele gelmegine gatnaşýan mikroelementleri, sinki, hromy saklaýan ösümlikler. Serişdeleriň bu toparyna arnikanyň gülleri, berýozanyň ýapraklary we pyntyklary, sporyşyň otlary, lawryň ýapragy, süle, mekge gulpagy, imbir, şalfeýiň oty degişlidir. Lawryň ýapragy: 10 ýapragyna 2 bulgur güýçli gaýnag suw guýmaly, 2-3 sagat saklamaly. Ýarym bulgurdan günde 3 gezek içmeli.

Süle ergin görnüşinde ulanylýar: 100 gram dänesine 3 bulgur suw guýmaly we 1 sagatlap gaýnatmaly, soňunden 7-8 sagatlap demini aldyrmaly, süzmeli we ýarym bulgurdan günde 3-4 gezek iýmezden öň içmeli. Uglewodlaryň özleşmeginiň beýleki ýollar bilen geçmegine mümkinçilik berýän ösümlikler. Olaryň esasynda taýynlanan erginler glýukoza garanda çalşygy başga ýol bilen geçýän fruktozanyň emele gelmegine getirýär. Bulara dewýasiliň, tozgabaşyň, topinamburyň, syçratgynyň kökleri degişlidir. Tozgabaş köküniň ownuk kesilen 1 çaý çemçesini 1 bulgur gaýnagda çaý ýaly demlemeli, 20 minut demine durandan soň, sowatmaly, süzmeli we bulguryň 4/1 böleginden 3-4 gezek günde içmeli. Syçrytgy ergin görnüşinde ulanylýar. Onuň owradylan köküniň 2 çaý çemçesini 1 bulgur gaýnagda demleýärler (gündelik möçberi). Aşgazanasty mäziniň öýjükleriniň regenerasiýasyna itergi berýän ösümlikler. Ekme zygyrynyň tohumynyň, buýanyň we ýasy ýapragyň köküniň, çernikanyň ýapragynyň serişdeleri degişlidir. Adaptogen ösümlikler. Ženşen, limonlyk, eleuterokokk, altyn kök (gülgüli rodiola). Bu ösümlikler gormonlaryň we madda çalşygynyň hadysalarynyň sazlaşygyna gatnaşýarlar.

187. Derman ösümlikler ganyň glýukozasyny peseltmekde dürli nokatlara täsir edýän çylşyrymly ýygyndylar hökmünde ulanylýar. Çernikanyň ýapragy 50g, noýbanyň gaby 50g, galega otunyň-50gramy, narpyzyň ýapragynyň 50 gramynyň ýygyndysyndan 2 nahar  çemçesine 0,5 litr güýçli gaýnag suw guýmaly we 30 minut saklamaly, 1 bulgurdan günde 3-4 gezek içmeli. Galega otunyň 25 gramynyň, noýbanyň gabynyň 25 gramynyň, çernikanyň ýapragynyň 25gramynyň, tozgabaşynyň köküniň 25 gramynyň, çit-çitiniň ýapragynyň 25 gramynyň ýygyndysynyň 1 nahar çemesine 1 bulgur gaýnag guýmaly, 30 min saklamaly we 1 bulgur ergini günde 3-4 gezek iýmezden öň içmeli.Çernikanyň ýapragynyň 25 gramynyň, ýasy ýapragyň köküniň 25 gramynyň erginini 1 nahar çemçeden günde 3-4 gezek iýmezden öň içmeli.

Çernikanyň şahajyklarynyň 20 gramynyň, noýbanyň gabynyň 20 gramynyň, manjur araliýasynyň köküniň 10 gramynyň, kyrkbogunyň 15 gramynyň, itburunyň miwesiniň 15 gramynyň, jerebaý otunyň 10 gramynyň, çopantelpegiň otunyň 10 gramynyň ergini 1 nahar çemçesinden günde iýmezden öň içilýär. Böwürsleniň gögümtil ýapragynyň 20 gramyna gara smorodinanyň ýapragynyň 20 gramyna, narpyz ýapragynyň 20 gramyna, monjuklynyň ýapragynyň, çernikanyň ýapragynyň hersinden 20 gram garyndysyndan 1 nahar çemçesine 1 bulgur gaýnag guýmaly we 30 minut demini aldyryp, 0,5 bulgurdan günde 3 gezek içmeli. Zamanihanyň köküniň 10 gramyndan, meýdan kyrkbogunynyň 10 gramyndan, itburunyň miwesiniň, dewýasiliň köküniň 10 gramyndan, çernikanyň ýapragynyň 20,0-dan, jerebaý otunyň 10,0-dan, çopantelpegiň gülüniň 10,0-dan, narpyz otunyň 10,0-dan durýan garynda 1 bulgur gaýnag suw guýup, 30 min. demine goýmaly we günde 0,5 bulgurdan çörek iýmezden öň içmeli.

188. Grek hozunyň ýapragynyň 20,0-dan, çernikanyň ýapragynyň 20,0-dan, noýbanyň ýapragynyň 20,0-dan, ýasyýapragynyň köküniň 20,0-dan, buzinanyň köküniň ýa-da gülüniň 20,0-dan durýan garynda 2 bulgur gaýnag guýup, 5 sagat demine goýmaly, süzmeli we 0,5 bulgurdan günde 3 gezek iýmitden soň içmeli. Çernikanyň ýapragynyň 25,0-dan, böwürsleniň gök ýapragynyň 25,0-dan, tokaý zemlýanikasynyň ýapragynyň 25,0-dan, adaty itburunyň miweleriniň 25,0-dan durýan owradylan garyndynyň 1 nahar çemçesine 1 bulgur gaýnag guýmaly we 30 minut demine goýmaly, süzmeli we 0,5 bulgurdan günde 3 gezek iýmitden öň içmeli.

189. Fitoterapewtler uzak wagtlap derman ösümlikleri ulanylanda olaryň täsirine duýujylygyň peselýändigini nygtaýarlar. Şonuň üçin fitoterapiýanyň dowamlylygyny 20-30 gün geçirip, soňundan 10-20 gün arakesme bermegi maslahat berýärler. Arakesme döwründe beýleki garyndylary ýa-da aýratyn ösümlikleri ulanmak bolar. Birnäçe ösümlikler giň terapewtik täsire eýedir, ýagny olar poliwalentdirler. Bu bolsa, bejergi üçin ösümlik serişdelerini her bir näsag üçin has oňaýlysyny saýlamaga we maslahat bermäge ygtyýar berýär. Derman ösümlikleri bellenilende dürli adamlaryň dürli ösümlik ýygyndylarynyň düzümindäki maddalaryň täsirini öňünden bilip bolmaýandygy üçin indiwidual duýujylygyny göz öňünde tutmalydyr.

190. Süýjili diabetiň bejergisiniň täsirliligini lukmanyň we näsagyň keseliň kompensasiýasyna gönükdirlen bilelikdäki tagallalaryna baglydyr. Eger-de ýokary derejeli lukman-endokrinologyň maslahatlary we bejergileri ýerine ýetirilmese, onda ol mejalsyz bolýar. Ömrüniň köp bölegini näsag öz keseli bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hroniki keselleri bolan näsaglar köp halatlarda saglyk ýagdaýyna jogapkärçiligi öz üstüne almalydyrlar. Häzirki döwürde näsaglary okatmak geçirilýän bejerginiň esasy komponentidir. Okuwyň maksady näsagyň öz keseli we onuň bejergisi barada düşünjelerini progressiw üýtgetmekdir. Bu bilim lukman bilen işjeň näsagyň özüni alyp barşynyň üýtgemegine, süýjili diabetiň bejergisine hakyky dolandyrmak ukybynyň ösmegine getirýär.

191. Süýjili diabetiň bejergisiniň aýratynlygy näsaglaryň bütin durmuşynda çylşyrymly bejergini özbaşdak geçirmeli bolýandygyndadyr. Munuň üçin ol öz keseliniň dürli aspektlerine oňat düşünýän we haýsydyr bir ýagdaýlara görä bejergisini üýtgetmäge ukyply bolmalydyr. Okuw meýilnamasy süýjili diabetiň geçiş görnüşlerinde (I ýa-da II görnüş) görä düzülmelidir. Süýjili diabetiň I görnüşinde çagalar üçin we olaryň ene-atalary üçin aýratyn, II görnüşinde peroral antidiabetiki bejergidäkilere we insulin bejergidäkilere aýratyn geçirmelidir. Näsaglara diabetiň özi, onuň getirýän ötüşmeleri we maksadalaýyk bejergi barada bilmek zerurdyr. Ol berhiz barada we onuň uglewod çalşygyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen bejerginiň esasydygyny bilmelidir. Näsag iýmit önümlerindäki çörek birliginiň mukdarlaryny hasaplamagy we şoňa görä insuliniň möçberini hasaplamagy, zerur halatynda onuň möçberlerini üýtgetmekligi oňarmalydyr. Näsag hut öz keseliniň kompensasiýasyny häsiýetlendirýän ganyň glýukozasynyň derejesini bilmäge borçludyr.

192. Okuw meýilnamasynda ketoasidozyň we gipoglikemiýanyň ilkinji alamatlary we bu ýagdaýlara getirýän sebäpler barada maglumat bermek zerurdyr. Näsag gipoglikemiýany duýdurmak, wagtynda aňmak we dogry bejermek üçin bilimleriň ätiýajyny etmelidir. Ol ganyň glýukozasynyň litrde 4 mmol peselmeginiň kontrinsulýar gormonlaryň bölüp çykarmasyny güýçlendirýändigini, munuň bolsa öz nobatynda giperglikemiýa getirýändigini bilmelidir. Näsaga dabana ideg etmegiň usullaryny we ölçegli fiziki agramyň prinsiplerini okatmak zerurdyr. Näsag glikemiýa profilini geçirmegiň düzgünleri barada bilim alýar we onuň interpretasiýasyny öwrenýär. Şoňa laýyklykda süýjili diabeti kompensirlemegi öwrenýär. Öwrenme prinsipine şeýle hem, öz-özüňe gözegçiligiň serişdeleri-test çöpi we glýukometrleri ulanmaklygy başarmak girýär. Näsagyň ykbaly, saglyk ýagdaýy, uzak döwrüň dowamynda işe ukyplylygyny saklamaklygy süýjili diabetiň kompensasiýa derejesine baglydygyna düşünmegi, şonuň bilen birlikde alan bilimlerini iş ýüzünde amal etmäge ukyby okuwyň esasy netijesi bolmalydyr.

 

Х bap. Endokrinolog lukmanynyň otagynyň işini guramak


193. Saglygy goraýyş edarasynyň ilkinji ýöriteleşdirilen lukmançylyk- sanitariýa kömegini amala aşyrýan endokrinolog lukmanynyň otagynyň işi şu bapda görkezilen tertipde guralýar.

194. Endokrinolog lukmanynyň otagynyň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany endokrinolog-lukmanyň otagy döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, endokrinolog-lukmanyň otagyna teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

195. Endokrinolog lukmanyň otagynyň endokrinolog lukman wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we endokrinologiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

196. Endokrinolog lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

197. Endrokrinolog lukmanyň otagynyň esasy işi şulardan ybaratdyr:

1) endokrinologiýa keselli adamlara gözegçilik, anyklaýyş, bejergi geçirmek;

2) lukmançylyk görkezmesi bolanda,  endokrinologiýa keselli näsaglary ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak;

3) endokrinologiki keselleriň ýaýramagynyň sebäplerini öwrenmek;

4) endokrinologiýa keselli adamlary kliniki-anyklaýyş otagyna ugratmak;

5) endokrinologiýa keselli adamlary saglygy goraýyş dikeldişe we şypahana bejergisine ugratmak;

6) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bilermenler seljermesini geçirmäge gatnaşmak;

7) zähmete ukyplylygy durnukly ýitirilende saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesini geçirmek üçin näsaglary hemaýata mätäçligi anyklaýjy topara ugratmaga gatnaşmak;

8) endokrinologiýa ulgamynyň keselleri boýunça saglygy goraýyş kömegini bermek babatdaky soraglar boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

9) amalyýetde, endokrinologiýa ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek we öňüni almak barada täze usullary girizmek;

10) ýöredilişi, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan, hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

198. Endrokrinolog-lukmanyň otagynyň abzallaşdyrylmagy Endokrinolog-lukmanyň otagynyň abzallaşdyrylmagynyň kadalaryna (şu Tertibe 1-nji goşundy) laýyklykda geçirilýär.


ХI bap. Endokrinologiýa bölüminiň işini guramak


199. Endokrinologiýa bölüminiň işini guramak şu bapda bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

200. Endokrinologiýa  bölüminiň saglygy  goraýyş we beýleki işgärleriniň sany endokrinologiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna  baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Endokrinologiýa bölüminiň we Endokrinologiýa merkeziniň teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

201. Endokrinologiýa bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine we endokrinolog wezipesine saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we endokrinologiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.  Endokrinolog lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar.

202. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

203. Endokrinologiýa bölüminiň düzüminde şu aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) bölüm müdiriň otagy;

2) lukmanlar üçin otag;

3) bejeriş bedenterbiýe bilen özbaşdak meşgullanmak üçin otag;

4) funksional anyklaýyş otagy;

5) sanjym otagy;

6) näsaglar üçin otaglar;

7) näsaglara seretmek üçin otaglar;

8) trenažer zal;

9) lukmançylyk işgärleri üçin otag;

10) baş şepagat uýasynyň otagy;

11) lukmançylyk enjamlary saklanýan otag;

12) hojalyk uýasynyň otagy;

13) bufet we paýlanýan otag;

14) arassa düşek daşlary üçin otag;

15) hapa düşek daşlary ýygnalýan otag;

16) lukmançylyk işgärleri üçin duş we hajathana;

17) näsaglar üçin duş we hajathana;

18) sanitar otagy;

19) soramaga gelýänler üçin otag;

20) okuw otagy;

21) näsaglar gündiz bolar ýaly ýer (holl).

204. Endokrinologiýa bölümi özüniň işini üpjün etmek üçin saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň razylygy bilen şol edaranyň kesel bejeriş-anyklaýyş we kömekçi bölümçeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanyp biler.

205. Endokrinologiýa bölüminiň esasy ýerine ýetirýän işleri şulardan ybaratdyr:

1) mäz keselli endokrinologiýa keselli adamlara anyklaýyş, bejergi we keseliň öňüni alyş kömegini bermek;

2) endokrinologiýa ugry boýunça lukmançylyk kömegi berilýan endokrinologiýa keselli adamlara dispanser gözegçiligini üpjün etmek;

3) endokrinologiki keselleriň öňüni almak, bejermek, dispanser hasaba almak boýunça çärelerini geçirmek we ol çäreleriň hilini ýokarlandyrmak;

4) endokrinologiki keselleriň öňüni almak maksady üçin okuw meýilnamalaryny girizmek we alyp barmak ;

5) endokrinologiýa ugry boýunça lukmançylyk kömegini bermek we öňüni almak babatynda lukmançylyk hünärmenleriniň hünär-kämilleşdirilişiniň ýokarlandyrylmagyna gatnaşmak;

6) endokrinologiýa keselli adamlar bilen sanitariýa-okuw çärelerini geçirmek;

7) endokrinologiýa keselli adamlara ýatymlaýyn bejergi şertlerinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek;

8) endokrinologiýa keselli adamlara we hirurgiki amaldan soňky näsaglara saglygy dikeldiş çärelerini ambulator şertlerinde geçirmek;

9) özüne hyzmat edip bilýän endokrinologiýa keselli adamlara lukmançylyk görkezmelerini kesgitläp, olary ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralaryda  ambulator şertlerinde saglygy dikeldiş çärelerini geçirmek we palliatiw saglygy goraýyş kömegi bermek üçin ugratmak;

10) saglygy goraýyş edarasynyň intensiw bejergi we reanimasiýa bölümindäki endokrinologiýa keselli adamlara lukmançylyk maslahat kömegini bermek;

11) endokrinologiki keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek  meseleleri boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

12) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilermenler seljermesini geçirmek;

13) endokrinologiýa ugry boýunça lukmançylyk kömegini bermek baradaky meseleler boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

14) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

206. Endokrinologiýa bölüminiň abzallaşdyrylmagy Endokrinologiýa bölümini abzallaşdyrmagyň kadalaryna (şu Tertibe 2-nji goşundy) laýyklykda geçirilýär.

 

ХII bap. “Diabetiki daban” otagynyň işini guramak


207. “Diabetiki daban” otagy - Endokrinologiýa merkezinde, hassahanalarda we saglyk öýlerinde ýerleşýän, endokrin-hirurg lukmany wezipesine, kämilleşdiriş talabyna laýyk gelýän, ýokary we ýokary hünär okuwyndan soňky lukmançylyk bilimi bolan, padist hünärmen bellenilýär.

208. “Diabetiki daban” otagynyň esasy işi şu aşakdaky endokrinologiýa keselli adamlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr:

1) diabetiki daban sindromyna getirjek ýokary howp topardakylary;

2) diabetiki daban sindromynyň neýropatiki we neýro-işemiki görnüşleri, diabetiki osteoartropatiýalary (şarkonyň dabany);

3) dabanyň agyr işemiýasy bar bolanlardan başga, diabetiki daban sindromly;

4) endokrinologiýa keselli adamlary dispanser gözegçilikde saklamak, diabetiki daban sindromynyň döremeginiň ýokary howpy bolanlary hasaba almaklygy;

5) diabetiki osteoartropatiýaly endokrinologiýa keselli adamlary alyp barmak we her biri üçin aýratyn polimer sargylary taýýarlamagy;

6) endokrinologiýa keselli adamlara we olaryň garyndaşlaryna dabana, aýaga we dowamly ýaralara ideg etmegi öwretmegi;

7) zeperlenmäniň agyr görnüşleri bar bolanlary ýatymlaýyn şertlerde bejergi almak üçin köpugurly hassahanalara we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömegini bermek mümkinçiligi bar bolan edaralara ugratmagy;

8) kesimleri we (ýa-da) hersine niýetlenen ortopediki köwüşleri taýýarlamak üçin ugratmagy.

209. “Diabetiki daban” otagynyň abzallaşdyrylmagy “Diabetiki daban” otagyny abzallaşdyrmagyň kadalaryna (şu Tertibe 3-nji goşundy) laýyklykda geçirilýär.


ХIII bap. “Diabetiki retinopatiýa” otagynyň işini guramak


210. “Diabetiki retinopatiýa” otagy-Endokrinologiýa merkezinde, hassahanalarda we saglyk öýlerinde ýerleşýär.

211. “Diabetiki retinopatiýa” otagynyň oftalmolog-lukmany wezipesine kämilleşdiriş talabyna laýyk gelýän, ýokary we ýokary hünär okuwyndan soňky lukmançylyk we dermanhana ugry boýunça bilimi bolan, oftalmologiýa ugry boýunça hünärmen bellenilýär.

212. “Diabetiki retinopatiýa” otagynyň esasy işi şulardan ybaratdyr:

1) süýjili diabetli endokrinologiýa keselli adamlaryň göz düýbüni barlamak üçin oftalmoskopiýasyny geçirmek;

2) göz torjagazynyň lazer koagulýasiýasyny geçirmek;

3) aýdyň tapgyrdaky diabetiki retinopatiýaly we oftalmologiki amallardan soňky endokrinologiýa keselli adamlary gözegçilikde saklamak we hasaba alyp, elektron maglumatlaryny döretmek.

213. “Diabetiki retinopatiýa” otagynyň abzallaşdyrylmagy “Diabetiki retinopatiýa” otagyny abzallaşdyrmagyň kadalaryna (şu Tertibe 4-nji goşundy) laýyklykda geçirilýär.


ХIV bap. “Diabet  Mekdebi” otagynyň işini guramak

 

214. “Diabet  Mekdebi” otagy-Endokrinologiýa merkezinde, hassahanalarda we saglyk öýlerinde ýerleşýär. “Diabet Mekdebi” otagy saglygy goraýyş edarasynyň düzüm birligi hökmünde döredilýär. “Diabet  Mekdebi” otagynyň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany “Diabet Mekdebi” otagy döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, “Diabet  Mekdebi”otagyna teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

215. “Diabet  Mekdebi”otagda degişli okuw sapaklaryny geçen endokrinolog- lukman (lukman-diabetolog), şepagat uýasy endokrinologiýa keselli adamlary okadýar.

216. “Diabet  Mekdebi” otagynyň esasy işi şulardan ybaratdyr:

1) dürli derejeli süýjili diabetli endokrinologiýa keselli adamlara ýörite meýilnamalar boýunça okuw sapaklaryny geçirmek ;

2) okuw sapaklarynyň ilkinji we gaýtadan tapgyrlaryny geçirmek;

3) her endokrinologiýa keselli adamlara özbaşdak maslahat beriş işlerini geçirmek.

217. “Diabet Mekdebi” otagynyň abzallaşdyrylmagy “Diabet Mekdebi” otagyny abzallaşdyrmagyň kadalaryna (şu Tertibe 5-nji goşundy) laýyklykda geçirilýär.

 

ХV bap. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkeziniň işini guramak


218. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkezi endokrinologiýa keselli adamlara, ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly kömegi berýän, özbaşdak saglygy goraýyş edara hökmünde ýa-da öz düzüminde lukmançylyk reabilitasiýasy bölümi we birden köp endokrinologiýa bölümi bolan, saglygy goraýyş edarasynyň bölümi hökmünde döredilýär.

219. Saglygy goraýyş edarasynyň düzüminde döredilýän Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkeze ýolbaşçy şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

220. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkeziň ýolbaşçysy, onuň bölüminiň ýolbaşçysy, endokrinolog lukmany wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we endokrinologiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

221. Endokrinolog lukmanyň otagyna orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar.

222. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

223. Ýöriteleşdirilen  endokrinologiýa merkeziň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany Endokrinologiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna  baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Endokrinologiýa bölümine we Endokrinologiýa merkezine teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

224. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkeziň düzüminde aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) bölüm müdüriň otagy;

2) lukmanlar  üçin otag;

3) newropatologyň otagy;

4) okulistiň otagy;

5) terapewtiň otagy;

6) umumy bejeriş bedenterbiýe sapaklary üçin otag;

7) kardiologyň otagy;

8) funksional anyklaýyş otagy;

9) sanjym otagy;

10) näsaglar üçin otaglar;

11) näsaglara seretmek üçin otaglar;

12) trenažer zal;

13) saglygy goraýyş  işgärleri üçin otag;

14) baş şepagat uýasynyň otagy;

15) lukmançylyk enjamlary saklanýan otag;

16) hojalyk uýasynyň otagy;

17) arassa düşek daşlary saklanylýan otag;

18) ulanylan düşek daşlary saklanylýan otag;

19) saglygy goraýyş  işgärleri üçin duş we hajathana;

20) endokrinologiýa keselli adamlar üçin duş we hajathana;

21) sanitar otagy;

22) soramaga gelýänler üçin otag;

23) okuw otagy;

24) näsaglar gündiz bolar ýaly ýer (holl).

225.    Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkezi özbaşdak saglygy goraýyş edarasy hökmünde döredilende, Merkezde şu aşakdakylary göz öňunde tutmaklyk maslahat berilýär:

1) administratiw-hojalyk bölümi;

2) düzüminde hasaba alyş, guramaçylyk-metodiki (lukmançylyk satatistika) otaglary bolan, maglumatlar-analitiki bölümi;

3) funksional anyklaýyş bölümi;

4) şöhle anyklaýyş bölümi;

5) ultrases anyklaýyş bölümi.

Merkeziň işlemegini üpjün edýän beýleki düzüm bölümleri.

226. Saglygy goraýyş edarasynda döredilen Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkez ýolbaşçysynyň buýrugy bilen edaranyň düzümindäki bejergi-anyklaýyş we goşmaça bölümlerinden hem peýdalanyp biler.

227. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkeziň esasy ýerine ýetirýän işleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) endokrinologiki keselleri bilen kesellän näsaglara gündizki ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde ýöriteleşdirilen kömegi bermek;

2) endokrinologiki keselleri bilen kesellän näsaglara dinamikada gözegçilik etmek;

3) endokrinologiki kesellerinden ölen we maýyp bolan nasaglaryň lukmançylyk-statistikasynyň seljermesini we monitoringini geçirmek;

4) dürli hünärli lukmanlara endokrinologiki keselleri boýunça maslahatlary gurnamak;

5) hasabat we hasaba alyş resminamalaryny ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

228. Ýöriteleşdirilen endokrinologiýa merkezi orta lukmançylyk mekdepleriniň, lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş edaralarynyň, şeýle hem lukmançylyk kömegini berýän ylmy okuw edaralary hökmünde ulanylyp bilner.


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

1-nji goşundy


Endokrinolog - lukmanyň otagynyň abzallaşdyrylmagynyň 

kadalary


T/B
Abzallaryň we gurallaryň atlandyrylşy
Talap edilýän sany


Elektron terezi
1

Boý ölçenýän
1

Santimetr lentasy
1

Arterial gan basyşy ölçemek üçin tonometr
1

Diabetiki neýropatiýany anyklamak üçin newrologiki gurallar toplumy (monofilament 10 g, belliklenen kamerton, newrologiki çekişjik )
1

Glýukometr
1

Glýukometr üçin test-taýajyklar
1 iş gününe 15 sany













Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

2-nji goşundy


Endokrinologiýa bölümini abzallaşdyrmagyň

kadalary 

 

T/B
Abzalyň we esbaplaryň atlandyrylyşy
Talap edilýän sany
1.
Elektron tereziler
1
2.
Boý ölçeýji
1
3.
Santimetr lentasy
1
4.
Arterial gan basyşyny ölçemek üçin tonometr
1
5.
Diabetiki neýropatiýany anyklamak üçin newrologiki gurallar toplumy (monofilament 10g, belliklenen kamerton, newrologiki çekişjik)
1
6.
Glýukometr
2
7.
Glikemiýany gije- gündiziň dowamynda ölçeýji ulgam
2
8.
Insulini deri astyna goýbermk üçin göterilýän ulgamlar
2
9.
 USB-guraly
1
10.
Mini-dopler guraly
2
11.
Ýazgy we beýleki programmalar bilen üpjün edilen şahsy kompýuter
1


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

3-nji goşundy


“Diabetiki daban” otagyny abzallaşdyrmagyň kadalary


T/B
Abzallaryň we esbaplaryň atlandyrylyşy
Talap edilýän mukdary, sany
1.
Bir gabsaly lukmançylyk şkafy
2
2.
Gurallar üçin kiçi stol
3
3.
Bakterisid lampasy
1
4.
Kiçi biksler
3
5.
Lukmançylyk gurallary:
Pinsetler,
aýrylýan skalpeller (№15),
aýrylýan skalpeller (№11),
Skalpel üçin tutawaç,
zondlar,
gaýçylar,
“moskit” görnüşli gysgyç

20
300
300
5
2
2
2
6.
Lukmançylyk kuşetka
1
7.
Negatoskop
1
8.
Belliklenen kamerton 128 Gs
1
9.
Monofilament 10 gr
1
10.
Newrologiki çekiçjik
1
11.
Ultrases dopler analizatory
1
12.
Gurallar üçin gury bugly şkaf
1
13.
Giperkeratozy aýyrmak üçin ýörite skaler guraly
1
14.
Skaler üçin frez toplumy
Talaba görä
15.
Frez üçin skaler zyýansyzlandyryjysy
1
16.
Dyrnaklar üçin piljagaşlar
4
17.
Gysgyçlar (kusaçki)
4
18.
Ulaldyjy lampa
1
19.
Podiatriki oturgyç
1
20.
Aýlanýan oturgyç
2
21.
Otag üçin mebeller:
hat ýazylýan stol,
oturguçlar,
Kompýuter üçin stol,
Egin eşikler üçin şkaf,
resminamalar üçin tekje

1
4
2
1
1
22.
Elektrokardiograf
1
23.
Ýazgy we beýleki programmalar bilen üpjün edilen şahsy kompýuter
1


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

4-nji goşundy


“Diabetiki retinopatiýa” otagyny abzallaşdyrmagyň kadalary


T/B
Abzallaryň we esbaplaryň atlandyrylyşy
Talap edilýan mukdary, sany
1.
Bir gabsaly lukmançylyk şkafy
2
2.
Gurallar üçin kiçi stol
3
3.
Otag üçin mebeller:
hat ýazylýan stol,
oturgyçlar,
Kompýuter üçin stol,
Egin-eşikler üçin şkaf,
resminamalar üçin tekje

1
4
2
1
1
4.
Lukmançylyk kuşetkasy
1
5.
Printerli şahsy kompýuter
1
6.
Kontaktsyz tanometr
1
7.
Äýnekleriň synag aýnalar toplumy
1
 8.
Ekzoftalmometr
1
 9.
Belgileriň proektory
1
10.
Yşly lampa
1
11.
Awtokeratorefraktometr
1
12.
Awtomatlaşdyrylan kompýuter perimetri
1
13.
Göni oftalmoskop
1
14.
Göz torjagazy lazer koagulýasy amalyny geçirmek üçin köp tolkunly lazer
1
15.
Göz torjagazy lazer koagulýasy üçin linzalar
2
16.
Test - çyzyjyk toplumy bolan glýukometr
1


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

5-nji goşundy


 “Diabet  Mekdebi”  otagyny abzallaşdyrmagyň kadalary


T/B
Abzallaryň we esbaplaryň  atlandyrylyşy
Talap edilýän
mukdary, sany
1.
Oturgyçlar
12
2.
Tumbasyz stollar
         5
3.
Sapak geçýän üçin kreslo
1
4.
Ýazylýan tagta (markerler toplumy bilen)
1
5.
Tumbalar
2
6.
Egin-eşik üçin şkaf
1
7.
Görkezme esbaplar üçin şkaf
1
8.
Insulin we beýleki sanjym edilýän derman serişdeleriň nusgalary

9.
Glýukometr
2
10.
Terezi (iýmitleri ölçemek üçin 1gr - dan bölünen )
1
11.
Endokrinologiki keselleri bilen kesellän uly ýaşly  adamlary ölçemek üçin terezi
1
12.
Ýasalan (mulýažnyý) iýmit önümleriniň toplumy
1
13.
Okuw meýilnamalaryň toplumy

14.
Kopiýa apparaty
1
15.
Printerli kompýuter
1
16.
Multimediýaly proektor
1
17.
Glikemiýany anyklamak üçin test- taýajyklary
5 sany /1 endokrinologiki keselleri bilen kesellän uly ýaşly adamlara/ günde
18.
Peşewde keton bedenjikleri anyklamak üçin test-taýajyklary
5 gap 50 sany ýylda
19.
Barmakdan gan almak üçin lansetler
100 gap
100 sany ýylda


Endokrinologiki keselleri ugry boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş

kömegini bermegiň Tertibine

6-njy goşundy


Kliniki-anyklaýyş otagyny abzallaşdyrmagyň kadalary


T/B
Abzallaryň we esbaplaryň  atlandyrylyşy
Talap edilýän mukdary, sany
1.
Polisomnografiýa apparaty
1
2.
AGB-ny gije-gündiz monitorirleme ulgamy
2
3.
EKG-ny gije-gündiz monitorirleme ulgamy
2
4.
Ekzoftalmometr
2
5.
Ýokary ýük göterýän weloergometr
1
6.
Resminamalar, psihotrop we ýokary täsirli derman serişdeler üçin seýf
1
7.
Awtomatlaşdyrylan rentgen şekili bolan angiograf
1
8.
Awtomatlaşdyrylan inýektor
1
9.
Daşky kardiostimulýasiýa üçin kardiostimulýator
1
10.
Defibrilýator-kardiowerter
1
11.
Şprisli nasos
2
12.
Izowolemiki howa beriji (nasos)
2
13.
Göterilýän awtomatlaşdyrylan rentgen şekili bolan angiograf
1
14.
Tredmil test geçirmek üçin ulgam
2
15.
Ekspert ulgamly gyzylödekden geçýän datçigi bolan ehokardiografly ultrases ulgamy
3
16.
Birmeňzeş(sinhronozasiýa) ulgamy bolan iki fazaly defibrilýator
1
17.
Elektrokardiostimulýator
2
18.
Ýüregi we damarlary barlamak üçin ultrases  mobil apparaty
1
19.
Ballonly aortaiçki kontrpulsasiýa geçirmek üçin apparat
1
20.
Rentgen anyklaýyş apparaty
2
21.
300 kg çenli agramy göterýän stoly bolan rentgen osteodensitometr
2
22.
Sifrowoý rentgen mammograf
1
23.
Angiografiki apparat
1
24.
Multispirally kompýuterleşdirilen rentgen tomografy
1
25.
Göterilýän otag rentgen apparaty
1
26.
Magnitli- rezonansly tomograf
1
27.
Ekspert synply ultrases anyklaýyş ulgamy
2
28.
Göçme ultrases skaner
1
29.
Ehokardiografiki ultrases ulgamy
1
30.
El-aýak uçluklarynyň damarynyň doplerografiýanyň funksiýasy bilen bilelikde ultrases anyklaýyş ulgamy
1
31.
Spirometriýa apparaty(sifrowoý)
1
32.
Endoskopiki ultrases merkezi
1
33.
Gastroduodenofibroskop
1
34.
Gastrofibroskop
1
35.
Bronhofibroskop
1
36.
Laringofibroskop
1
37.
Kolonofibroskop
1
38.
12 äkidijili elektrokardiograf
4
39.
Ionoselektiw blogy bolan awtomatlaşdyrylan biohimiki analizator
2
40.
Glikirlenen gemoglobiniň awtomatlaşdyrylan analizatory
2
41.
Peşewiň köp  komponentli analizatory
1
42.
Gandaky elektrolitleriň we gazlaryň awtomatlaşdyrylan analizatory
2
43.
Awtomatlaşdyrylan gematologiki analizatory
2
44.
Awtomatlaşdyrylan immunohimiki analizatory
2
45.
Ganyň lagtalanyş faktoryny kesgitleýän awtomatlaşdyrylan ulgam
1
46.
Osmometr
1
47.
Laktatyň we glýukozanyň awtomatlaşdyrylan analizatory
2
48.
Awtomatlaşdyrylan EÇT ölçeýän analizator
1
49.
Immunoferment barlag üçin enjamlar toplumy
2
50.
Yşyklandyryjyly we immersiýaly binokulýar mikroskop
2
51.
Barlamhana sentrifugasy
2
52.
Refrižerator barlamhana sentrifugasy
2
53.
Çekmeli şkaf
2
54.
Nusgalary saklamak üçin sowadyjy şkaf
2
55.
Nusgalary saklamak üçin doňduryjy şkaf
2
56.
Reaktiwler üçin  sowadyjy şkaf
4
57.
Awtomatlaşdyrylan agregasiýaly trombosit anazitor
1
58.
Dionizirlenen suwy almak üçin apparat
1
59.
 Barlamhana maglumatlar ulgamy
1
60.
Ýokary täsir suwuk hromatografyň we mass- spektometriň bazasynda biologiki maddalaryň we olaryň metabolitleriniň analizatory (tandem mass- spektrometr)
1
61.
PSR üçin toplum
1
62.
Awtomatlaşdyrylan sekwenator
1
63.
Dolygenomly sekwenator
1
64.
Akar sitometr
1



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda 1327 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.