Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykaran 92-Ö belgili B U Ý R U G Y

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykaran 92-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Hasaba alyş syýasatyny emele getirmek boýunça gözükdirijini tassyklamak barada

 

“Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna we “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji, 44-nji maddalaryna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Hasaba alyş syýasatyny emele getirmek boýunça gözükdirijini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasarlary, R.Nurýagdyýew, M.Serdarow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                        E.Annamuhammedow


Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministriniň

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde

çykaran 92-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy



HASABA ALYŞ SYÝASATYNY EMELE GETIRMEK BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJI

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER


1. Şu Hasaba alyş syýasatyny emele getirmek boýunça gözükdiriji (mundan beýläk – Gözükdiriji) “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 6-njy martynda 633 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Maliýe hasabatlylygyny düzmegiň we bermegiň konsepsiýasyny, täjirçilik kärhanalary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryny we olaryň sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2012-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 12-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Täjirçilik kärhanalary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2013-nji ýylyň 16-njy aprelinde 686 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2013-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykaran 57-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartyna (mundan beýläk - maliýe hasabatlylygynyň milli standartlary) laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

2. Gözükdirijini öz hasaba alyş syýasatyny emele getirmekde karz we býujet edaralaryndan başga ykdysady subýektler (mundan beýläk – subýektler) ulanýarlar.

3. Hasaba alyş syýasaty ykdysady subýektiň ykdysady işiniň faktlarynyň ilkinji gözegçilik edilmeginiň, bahalandyrylmagynyň, bellige alynmagynyň, gündelik toparlanylmagynyň we jemlenip umumylaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagynyň maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynda bellenilen anyk usullarynyň we tärleriniň jemini özünde jemleýär.

4. Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň anyk bir obýekti babatynda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň usullary ýok bolsa, subýekt hünärli buhgalterçilik çemeleşmelerine esaslanmak bilen we “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan, maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryndan ugur alyp şunuň ýaly usuly özbaşdak işläp taýýarlaýar.

5. Subýekt özüniň hasaba alyş syýasatyny ykdysady işiň maksatlaryndan, wezipelerinden we aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, özbaşdak kesgitleýär.

6. Hasaba alyş syýasaty subýektiň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

7. Hasaba alyş syýasaty aktiwleri hasaba almagyň oýlanyşykly ulgamyny döretmäge, olaryň hereketiniň dogry we öz wagtynda görkezilmegine, olara baha bermäge ýardam edýär, şeýle hem subýektiň maliýe ýagdaýynyň görkezijileriniň ululygyna düýpli täsir edýär.

8. Subýektiň ýolbaşçy düzümi maliýe hasabatlylygy maliýe hasabatlylygynyň her bir ulanarlykly milli standartynyň ähli talaplaryna laýyk geler ýaly görnüşde hasaba alyş syýasatyny saýlap almalydyr we ulanmalydyr.

9. Hasaba alyş syýasaty saýlanyp alnanda, buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň subýekt tarapyndan saýlanyp alnan usullary maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda, olaryň ýerleşýän ýerine garamazdan, şahamçalary, wekilhanalary we beýleki düzüm birlikleri (aýratyn balansa bölünip aýrylanlary hem goşmak bilen) tarapyndan ulanylýar. Subýektde golçur we assosirlenen kärhana bar bolanda, subýekt ýeke-täk hasaba alyş syýasatyny tassyklamalydyr.

10. Täze döredilen subýekt saýlanyp alnan hasaba alyş syýasatyny şu bölüme laýyklykda, maliýe hasabatlylygy ilkinji gezek tabşyrylmazyndan öň, ýöne özüniň ýuridik şahs hökmünde degişli tertipde döwlet tarapyndan bellige alnan gününden 90 günden gijä galman resmileşdirýär. Täze döredilen subýekt tarapyndan kabul edilen hasaba alyş syýasaty ýuridik şahs hökmünde degişli tertipde döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap ulanylýan hasap edilýär.


II bap. HASABA ALYŞ SYÝASATYNY EMELE GETIRMEGIŇ ESASLARY

 

11. Hasaba alyş syýasaty maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda emele getirilýär.

12. Subýektiň hasaba alyş syýasaty subýektiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan emele getirilýär we tassyklanýar. Şunda onuň ýanyna şular goşulýar:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda 1175 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplarynyň iş meýilnamasyny düzmek boýunça gözükdirijini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 433-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplarynyň iş meýilnamasyny düzmek boýunça gözükdirijä laýyklykda işlenip taýýarlanan, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplarynyň iş meýilnamasy (mundan beýläk – Hasaplaryň iş meýilnamasy), onda hasaba alnyşyň we hasabatlylygyň öz wagtyndalygyna, dolulygyna bildirilýän talaplara laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmek üçin zerur bolan hemişelik we wagtlaýyn hasaplar bolýar;

2) ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň mysaly görnüşleri göz öňünde tutulmadyk hojalyk işleriniň faktlaryny (ýagdaýlaryny) resmileşdirmek üçin ulanylýan ilkinji hasaba alyş resminamalaryň görnüşleri, şeýle hem içerki buhgalterçilik hasabatlylygy üçin resminamalaryň görnüşleri we ulanylýan hasaba alyş registrleriniň görnüşleri;

3) aktiwlere, borçnamalara tükellemegi geçirmegiň, möhletleri we olaryň netijelerini görkezmegiň tertibi;

4) aktiwlere we borçnamalara baha bermegiň usullary;

5) resminamalar dolanyşygynyň kadalary we hasaba alyş maglumatlaryny işlemegiň tehnologiýasy;

6) hojalyk amallaryna gözegçilik etmegiň tertibi;

7) buhgalterçilik hasaba alnyşyny guramak üçin zerur bolan beýleki çözgütler.

13. Hasaba alyş syýasatyny emele getirmäge täsir edýän ýagdaýlara şular degişlidir:

1) subýektiň hukuk we ykdysady derejesi;

2) eýeçilik görnüşi (döwlet, hususy eýeçilik we beýlekiler);

3) işiň gerimleri (önümçiligiň we önümleri ýerleşdirmegiň möçberi, işleýänleriň sany, subýektiň aktiwleriniň gymmaty);

4) şahamçalaryň bolmagy;

5) hojalyk işini düzgünleşdirýän kanunçylyk;

6) subýektiň maliýe strategiýasy (mysal üçin: subýektiň gymmatly kagyzlaryň gymmatyny ýokarlandyrmaga, önümçiligi giňeltmäge ýa-da onuň durkuny täzelemäge, gündelik harajatlary azaltmaga bolan islegi we ş.m.);

7) pudaklaýyn degişliligi ýa-da işiň görnüşi;

8) maddy binýat (kompýuter tehnikasy bilen üpjünçiligi, programma üpjünçiliginiň bolmagy we ş.m.).

14. Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda hasaba alyş syýasatyny emele getirmek üçin ýol berilýän usullar, tärler we çemeleşmeler giňeşleýin şu Gözükdirijä goşundyda görkezilen.


III bap. AKTIWLERE WE BORÇNAMALARA BAHA BERMEGIŇ TÄRLERINI WE USULLARYNY SAÝLAP ALMAK

 

15. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň we guramagyň anyk ugry boýunça subýektiň hasaba alyş syýasaty emele getirilende maliýe hasabatlylygyny tabşyrmagyň maksatlaryndan ugur almak bilen, maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynyň we bar bolan kanunçylygyň esasynda anyk çemeleşmeleri, peýdalanylýan baha bermeleri, ulanylýan kadalary (tärleri) saýlap almak amala aşyrylýar. Şunda maliýe hasabatlylygynyň standartlara laýyk gelmegi subýektiň maliýe hasabatlylygynyň her bir ulanarlykly milli standartynyň ähli talaplaryny ýerine ýetirýän halatynda berjaý ediler. Haýsydyr bir amallaryň maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynda görkezilmedik ýagdaýynda, şular ýaly amallar babatynda hasaba alyş syýasaty ýolbaşçy düzüminiň garaýyşlarynyň esasynda gurulýar. Emma, bu garaýyş şulara esaslanmalydyr:

1) maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň şoňa meňzeş ýa-da baglanyşykly meselelere täsir edýän talaplaryna;

2) maliýe hasabatlylygyny düzmegiň we bermegiň Konsepsiýasynda bellenen, aktiwleri, borçnamalary, girdejileri we çykdajylary kesgitlemegiň, ykrar etmegiň we olara baha bermegiň ölçeglerine.

16. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň görnüşleri, usullary we tärleri saýlanyp alnanda ol ýa-da beýleki usulyň önümiň özüne düşýän gymmatynyň, peýdanyň, peýdadan alynýan salgytlaryň görkezijileriniň, subýektiň maliýe ýagdaýynyň görkezijileriniň ululygyna nähili täsir edýändigi we ş.m. hasaba alynmalydyr. Mysal üçin, maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda esasy serişdeleriň ulanyş tutumyny hasaplap ýazmak şu usullaryň biri bilen geçirilýär:

1) gönümel usul;

2) azalýan galyndy usuly;

3) önümiň öndürilen birligi usuly.

Esasy serişdeler boýunça ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň usullary saýlanyp alnanda gönümel usulda ulanyş tutumlarynyň geçirimleriniň ululygynyň her bir doly ýylda peýdaly ulanylýan möhletiniň dowamynda bir meňzeş bolup galýandygy nazara alynmalydyr. Azalýan galyndy usuly bolsa çaltlandyrylan görnüşde ulanyş tutumyny almak usuly bolup durýar, bu usul peýdalanylanda ilkinji ýyllarda önümçilik üçin harajatlar köpelýär, bu bolsa peýdanyň pul möçberiniň we peýdadan alynýan salgyt boýunça çykdajylaryň azalmagyna getirýär.


IV bap. BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞYNYŇ TEHNIKASYNY, GÖRNÜŞINI WE GURALYŞYNY SAÝLAMAK


17. Hasaplaryň iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, ýagny:

1) subýekt hasaplaryň iş meýilnamasyny  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplarynyň iş meýilnamasyny düzmek boýunça gözükdirijä laýyklykda özbaşdak işläp taýýarlaýar. Subýektiň ähli hasaplaryň arasyndan özüne zerur bolanlaryny saýlap almaga, hasaplaryň boş duran kodlaryny peýdalanmak bilen täze hasaplary girizmäge haky bardyr. Şonuň üçin hem buhgalterler şu aşakdaky ýagdaýlary ýüze çykarmak maksady bilen, özleriniň bar bolan hasaplarynyň iş meýilnamalaryna aşakda görkezilen soraglar boýunça seljerme  geçirmelidirler:

2) bar bolan hasaplaryň ählisi gündelik amallary görkezmek üçin hemişelik esasda peýdalanylýarmy?

3) ol ýa-da beýleki amal, şunuň ýaly amallary hasaba almak üçin niýetlenilmedik hasaplar derejesinde görkezilipdirmi?

Hasaplaryň iş meýilnamasyny ýönekeýleşdirmek we tertipleşdirmek üçin şu maslahatlar berilýär:

1) peýdalanylmadyk hasaplaryň ählisi ýapylmalydyr. Eger geljekde haýsydyr bir täze hasaplara zerurlyk ýüze çyksa, onda olar täzeden dikeldilip bilner;

2) eger amallar hasaplaryň nädogry derejelerinde görkezilen bolsa, onda bu hasaplar ýapylmalydyr we degişli derejelerde täze hasaplar açylmalydyr.

18. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň görnüşini saýlap almak-Subýektler hasaba alnyşyň žurnal-order, memorial-order, kompýuter programmalarynyň esasynda awtomatlaşdyrylan hasaba alyş görnüşlerini peýdalanýarlar. Hasaba almak üçin kabul edilen ilkinji hasaba alyş resminamalarynda bar bolan maglumatlar buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinde yzygiderlilik esasynda ulgamlaşdyrylýar, umumylaşdyrylýar we toplanýar.

19. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny guramak-subýekt buhgalterçilik hasaba alnyşy ulgamyny onuň döredilen (bellige alnan) pursatyndan ýatyrylýan pursatyna çenli kabul edilen hasaba alyş syýasatyna laýyklykda guraýar.

Buhgalterçilik hasaba alnyşy şu aşakdaky ýollar arkaly guralyp bilner:

1) degişlilikde başlyk ýa-da baş buhgalter tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmek boýunça aýratyn düzüm birliginiň döredilmegi ýa-da buhgalterçilik hasaba alnyşynyň merkezleşdirilen buhgalteriýa tarapyndan ýöredilmegi;

2) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň wezipeleriniň şertnamalaýyn esasda ýöriteleşdirilen buhgalteriýa ýa-da auditor guramasyna ýa-da buhgalter-hünärmene berilmegi;

3) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ykdysady subýektiň ýolbaşçysynyň özi tarapyndan ýöredilmegi.

Eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki subýektler, buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça aýratyn düzüm birligini döretmek ýa-da buhgalterçilik hasaba alnyşyny merkezleşdirilen buhgalteriýa tarapyndan ýöretmek arkaly buhgalterçilik hasaba alnyşyny guraýarlar.

20. Aktiwlere we borçnamalara tükelleme geçirmegiň döwürleýinligini kesgitlemek-buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň maglumatlarynyň dogrulygy we hakykylygy aktiwlere we borçnamalara geçirilen tükellemäniň netijeleri bilen tassyklanýar. Tükellemegiň tertibi (hasabat ýylynda geçirilmeli tükelleýiş işleriniň sany, olaryň geçirilmeli senesi, olaryň her birinde barlanylmaly emläkleriň we borçnamalaryň sanawy) we olary geçirmek subýektiň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenýär, tükelleme geçirmegiň hökmany bolup duran ýagdaýlary muňa girmeýär.

21. Hasaba alyş, hasabatlylyk we içerki gözegçilik ulgamy-subýektiň ýolbaşçysy hasaba alyş, hasabatlylyk we içerki gözegçilik ulgamyny, daşarky peýdalanyjylar üçin maliýe hasabatlylygynyň öz wagtynda taýýarlanmagyny we hökmany audit barlagynyň geçirilmegini üpjün etmäge borçludyr.


V bap. HASABA ALYŞ SYÝASATYNY ÜÝTGETMEK


22. Subýektiň ykdysady işiniň şertleri düýpli üýtgände, şeýle hem Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny, maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň üýtgän halatlarynda hasabat ýylynyň başyndan başlap hasaba alyş syýasatyny üýtgetmäge ýol berilýär.

Peýdalanylýan baha bermelerdäki, ulanylýan kadalardaky (tärlerdäki) we usullardaky üýtgemelere, eger olaryň esaslanýan ýagdaýlary üýtgeýän bolsa we buhgalterçilik baha bermelerdäki üýtgemeler hökmünde topara bölünmeli bolsa, gaýtadan seredilip bilner.

23. Hasaba alyş syýasatyny üýtgetmek esaslandyrylmalydyr we subýektiň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen resmileşdirilmelidir.

24. Hasaba alyş syýasatyndaky üýtgemeleri görkezmäge we açmaga iki hili çemeleşme bardyr: gaýdymlaýyn ulanmak we geljegi göz öňünde tutup ulanmak.

Gaýdymlaýyn ulanmak wakalar we geleşikler babatynda täze hasaba alyş syýasaty hemişe ulanylyp gelýän ýaly görnüşde ulanylýan täze hasaba alyş syýasatynyň emele getirilmegine getirýär.

Şunda hasabatlylykda görkezilen iň irki döwürdäki öz maýasynyň şu üýtgemeleriň täsir eden her bir böleginiň başlangyç galyndysyna düzediş girizilýär. Şeýle hem, görkezilen geçen döwürleriň her biriniň açylan beýleki deňeşdirilýän maglumatlary hem düzedilýär.

Geljegi göz öňünde tutup ulanmak çemeleşmesi täze hasaba alyş syýasatynyň ol üýtgedilen senesinden soňky bolup geçen wakalar geleşikler babatynda ulanylýandygyny aňladýar. Geçen döwürler babatynda, ol ýylyň başynda paýlanmadyk peýdanyň galyndysy ýa-da şu döwrüň arassa peýdasy ýa-da ýitgisi bolsada, hiç hili düzedişler geçirilmeýär, sebäbi gündelik galyndylar gaýtadan hasaplanmaýar. Täze hasaba alyş syýasaty üýtgetmäniň girizilen senesinden başlap bar bolan galyndylar babatynda ulanylýar.

25. Hasaba alyş syýasatyndaky üýtgetmeler gaýdymlaýyn ulanylmalydyr, haçan-da belli bir döwre degişli täsiri ýa-da üýtgemeleriň kumulýatiw täsirini kesgitlemegiň iş ýüzünde mümkin bolmadyk ýagdaýlary muňa girmeýär.

 Subýektiň hasaba alyş syýasatyny ulanmagyň geçen ähli döwürlere edýän kumulýatiw täsirini kesgitläp bilmeýändigi sebäpli, subýekt tarapyndan täze hasaba alyş syýasatyny gaýdymlaýyn ulanmagyň iş ýüzünde mümkin bolmadyk ýagdaýynda, subýekt täze hasaba alyş syýasatyny ulanmagyň iş ýüzünde amala aşyrarlykly bolan iň irki döwründen başlap, ony geljegi göz öňünde tutup ulanýar.

26. Şu aşakdaky hereketler hasaba alyş syýasatyndaky üýtgetmeler bolup durmaýar:

1) düýp esasy boýunça ozal bolup geçen amallardan, şertlerden we gaýry wakalardan tapawutlanýan amallar, şertler we gaýry wakalar üçin hasaba alyş syýasatyny kabul etmek;

2) ozal bolup geçmedik ýa-da möhüm bolmadyk amallar, şertler we gaýry wakalar üçin täze hasaba alyş syýasatyny kabul etmek.

27. Hasabat döwründen soňky ýyl üçin hasaba alyş syýasatynyň üýtgemegi subýektiň maliýe hasabatlylygyna goşulan bellikde yglan edilýär.


VI bap. HASABA ALYŞ SYÝASATYNY AÇMAK


28. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň anyk meseleleri boýunça subýektiň hasaba alyş syýasaty hakynda maliýe hasabatlylygynda açylmaga degişli maglumatlaryň düzümi we mazmuny maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda, buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça degişli kadalaşdyryjy resminamalarda bellenýär.

29. Hasaba alyş syýasatyny açmak maliýe hasabatlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Subýekt buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaba alyş syýasaty emele getirilende kabul edilen, maliýe hasabatlylygyndan gyzyklanýan peýdalanyjylar tarapyndan berilýän baha we kabul edilýän çözgütlere täsir edýän usullaryny açmalydyr.

30. Maliýe hasabatlylygy düzülende ulanylýan usullar, maliýe hasabatlylygy bilen gyzyklanýan peýdalanyjylar subýektiň maliýe ýagdaýyna, onuň pul serişdeleriniň hereketine ýa-da onuň işiniň maliýe netijelerine dogry baha berip bilmedik ýagdaýynda möhüm usullar hasap edilýär.

31. Subýektiň buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň hasaba alyş syýasaty emele getirilende kabul edilen we maliýe hasabatlylygynda açylmaga degişli usullaryna şular degişlidir (ýöne olar bilen çäklenmeýär):

1) esasy serişdelerden, maddy däl we beýleki aktiwlerden ulanyş tutumyny almagyň usullary;

2) önümçilik ätiýaçlyklaryna, harytlara, tamamlanmadyk önümçilige we taýýar önüme baha bermegiň usullary;

3) önümleri, harytlary, işleri, hyzmatlary ýerlemekden alnan peýdany ykrar etmek;

4) şu Gözükdirijiniň talaplaryna laýyk gelýän beýleki usullar.

32. Eger-de hasaba alyş syýasatynyň üýtgemegi häzirki döwre we görkezilen geçen döwürleriň islendik birine degerli täsir edýän bolsa ýa-da soňky döwürlere degerli täsir edip biljek bolsa, subýekt şu maglumatlary açmalydyr:

1) standartyň adyny;

2) hasaba alyş syýasatyndaky üýtgemeleriň häsiýetini;

3) häzirki döwür we hasabatda görkezilen geçen döwürleriň her biri üçin düzedişleriň pul möçberini;

4) deňeşdirilýän maglumata goşulanlardan öňki döwürlere degişli düzedişleriň pul möçberini;

5) eger-de belli bir geçen döwür ýa-da görkezilenlerden ozalky döwürler üçin deňeşdirilýän maglumatlary bermek iş ýüzünde amala aşyrarlykly bolmasa, şunuň ýaly şertleriň bolmagyna getiren ýagdaýlary we hasaba alyş syýasatyndaky üýtgetmeleriň haýsy pursatdan başlap ulanylýandygynyň beýanyny.


Hasaba alyş syýasatyny emele

getirmek boýunça gözükdirijä

Goşundy


Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda hasaba alyş syýasatyny emele getirmek üçin ýol berilýän usullar, tärler we çemeleşmeler

 

MHMS-nyň ady we Baha berilýän obýekt

Ýol berilýän usullar, tärler we çemeleşmeler

Gysgaça beýany

"Pul serişdeleriniň hereketi barada hasabat" MHMS


Amal, maýa goýum we maliýe işinden alnan pul serişdelerini görkezmek

1. Göni usul



2. Gytaklaýyn usul



















3. Netto usuly

1. Jemi pul gelip gowuşmalarynyň we tölegleriniň esasy görnüşleri barada maglumat açylýar.

2. Peýda ýa-da ýitgä pul däl häsiýetli amallaryň, amallar işiniň barşynda ýüze çykýan islendik gaýra goýlan ýa-da hasaplanyp ýazylan geçen ýa-da geljekki pul gelip gowuşmalarynyň ýa-da tölegleriniň maýa goýum ýa-da maliýe işiniň çäklerinde pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy ýa-da tölenmegi bilen baglanyşykly girdeji ýa-da çykdajy maddalarynyň netijelerini hasaba almak bilen düzediş girizilýär.

Subýektler tarapyndan amal işinden gelýän pul serişdeleriniň hereketi barada maglumatlary bermegiň göni usulynyň peýdalanylmagy gollanylýar. Göni usul pul serişdeleriniň geljekki akymlaryna baha bermek üçin gytaklaýyn usuldan peýdalanylanda elýeterli bolmadyk peýdaly maglumaty üpjün edýär.

3. Subýekt özüniň hasabatynda maýa goýum we maliýe işiniň barşynda ýüze çykýan jemi pul gowuşmalarynyň we jemi pul tölegleriniň esasy görnüşlerini aýratynlykda beýan etmelidir, hasabatly-lykda netto-esasda beýan edilýän şu pul serişdeleriniň şu akymlary muňa girmeýär:

a) pul serişdeleriniň hereketiniň kär-hananyň işini däl-de müşderiniň işini beýan edýän halatynda müşderileriň adyndan pul gelip gowuşmalary we tölegler;

b) dolanyşygyň çaltlygy, uly pul möç-berleri we üzmegiň gysga möhletleri bilen häsiýetlendirilýän maddalar boýunça pul gelip gowuşmalary we tölegler.

"Ätiýaçlyklar" MHMS


Özüne düşýän gymmatyny kesgitlemek usullary

 

1. Ölçegleýin harajatlar boýunça hasaba alyş usuly





2. Bölek satuw söwda bahalary boýunça hasaba alyş usuly

1. Çig maly we materiallary, zähmeti sarp etmegiň, kuwwatlyklardan peýdalanmagyň netijeliliginiň we olaryň öndürijiliginiň kadaly derejeleri göz öňünde tutulýar. Olara yzygiderli seljerme geçirilýär we zerur bolan halatynda häzirki şertleri hasaba almak bilen gaýtadan seredilýär.

2. Bölek satuw söwdasynda köplenç peýdanyň birmeňzeş ölçegi bolan köp sanly çalt üýtgäp durýan maddalardan ybarat bolan, olar babatynda özüne düşýän gymmatyny kesgitlemegiň başga usul-laryny peýdalanmak iş ýüzünde mümkin bolmadyk ätiýaçlyklar üçin peýdalanylýar. Ätiýaçlyklaryň birliginiň özüne düşýän gymmaty ätiýaçlyklaryň şu birliginiň ýerlenýän bahasyny jemi peýdanyň degişli göterimine görä azaltmak ýoly bilen kesgitlenýär. Peýdalanylýan göterimiň ululygy kesgitlenende gymmaty olaryň ilkibaşky ýerleme bahasynyň derejesine çenli peseldilen ätiýaçlyklar hasaba alynýar. Köplenç bölek söwdanyň her bir bölümi üçin göterimiň ortaça ähmiýeti peýdalanylýar.

Ätiýaçlyklaryň özüne düşýän gymmatyny hasaplamagyň usullary

1. Anyk harajatlary özüne mahsus tapawutlandyrmak usuly








2. FIFO usuly






3. Ortaça ölçenen gymmat usuly

1. Anyk harajatlar ätiýaçlyklaryň tapawutlandyrylan maddalaryna degişli edilýär. Hasaba alnyşyň bu usuly olaryň satyn alnandygyna ýa-da öndürilendigine garamazdan, anyk taslamalar üçin bölünip berlen maddalara laýyk gelýär. Şeýle-de bolsa, harajatlaryň özüne mahsus tapawutlandyrylmagy adatça birini beýle-kisi bilen çalşyp bolýan ätiýaçlyk maddalarynyň sanynyň köp bolan halatynda kabul ederlikli däldir.

2. Ätiýaçlyklaryň ilkinji bolup alnan ýa-da öndürilen maddalary birinji satylar we degişlilikde, ýylyň ahyrynda ätiýaçlyklarda galýan maddalary bolsa iň soňky bolup satylar ýa-da öndüriler diýen ýol bermelerden ugur alýar.

3. Her bir maddanyň özüne düşýän gymmaty döwrüň başynda şoňa meňzeş maddalaryň özüne düşýän gymmatynyň ortaça ölçenen ähmiýetiniň we döwrüň dowamynda satyn alnan ýa-da öndürilen şoňa meňzeş maddalaryň özüne düşýän gymmatynyň esasynda kesgitlenýär. Ortaça ähmiýet döwürleýin esasda ýa-da kärha-nanyň işiniň aýratynlygyna baglylykda ätiýaçlyklaryň her täze tapgyry alnanda hasaplanyp bilner.

"Esasy serişdeler" MHMS


Esasy serişdelere soňundan baha bermek

 

1. Hakyky harajatlar boýunça hasaba alyş modeli




2. Gaýtadan baha berlen gymmaty boýunça hasaba alyş modeli

1. Esasy serişdeleriň obýekti ilkibaşda aktiw hökmünde ykrar edilenden soň toplanan ulanyş tutumynyň we gymmatyň gaçmagyndan toplanan ýitgileriň ähli pul möçberini aýyrmak bilen özüne düşýän gymmaty boýunça hasaba alynýar.

2. Esasy serişdeleriň obýekti ilkibaşda aktiw hökmünde ykrar edilenden soň toplanan ulanyş tutumlarynyň we gymmaty gaçmakdan çekilen ýitgileriň ähli pul möçberlerini aýyrmak bilen, onuň gaýtadan baha berlen senesindäki adalatly gymmatyna deň bolan gaýtadan baha berlen ululyk boýunça hasaba alynýar. Gaýtadan baha bermek balans gymmatynyň hasabat senesindäki ýagdaýa görä adalatly gymmaty peýdalanylanda kesgitlenilýän gymmatdan düýpli tapawudynyň bolmagyndan gaça durmak üçin, ýeterlik derejede yzygiderli geçirilmelidir.

Esasy serişdelere gaýtadan baha bermek

1. Ilkibaşky gymmatyna we toplanan ulanyş tutumyna deň ölçegli gaýtadan baha bermek





2. Toplanan ulanyş tutumynyň azalmagy

1. Toplanan ulanyş tutumyna aktiwe gaýtadan baha berlenden soň aktiwiň balans gymmatynyň onuň gaýtadan baha berlen gymmatyna deň bolar ýaly görnüşde, aktiwiň jemi balans gymmatynyň üýtgeýşine barabarlykda gaýtadan baha berilýär. Bu usul köplenç aktiwe indeksirleme ýoly bilen ulanyş tutumy tutulan dikeldiş gymmatyna çenli gaýtadan baha berlende peýdalanylýar.

2. Toplanan ulanyş tutumy jemi balans gymmatynyň tersine eliminirlenýär, arassa ululyk bolsa aktiwiň gaýtadan baha berlen gymmatyna çenli gaýtadan hasaplanýar. Bu usul köplenç binalar babatynda ulanylýar.

 

Ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň usullary

1. Gönümel usul




2. Azalýan galyndy usuly


3. Önümiň öndürilen birligi usuly

1. Aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletiniň dowamynda ulanyş tutumynyň hemişelik pul möçberi hasaplanyp ýazylýar, eger şunda ýatyryş gymmaty üýtgemeýän bolsa.

2. Aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletiniň dowamynda hasaplanyp ýazylýan ulanyş tutumlarynyň möçberi azalýar.

3. Ulanyş tutumlaryň möçberi garaşylýan peýdalanyşyň ýa-da garaşylýan öndü-rijiligiň esasynda hasaplanyp ýazylýar.

"Maddy däl aktiwler" MHMS


Maddy däl aktiwlere soňundan baha bermek

1. Hakyky harajatlar boýunça hasaba alyş modeli




2. Gaýtadan baha berlen gymmat boýunça hasaba alyş modeli

1. Maddy däl aktiw ilkibaşda ykrar edilenden soň, toplanan islendik ulanyş tutumlaryny we gymmaty gaçmakdan toplanan islendik ýitgileri aýyrmak bilen, özüne düşýän gymmaty boýunça hasaba alynýar.

2. Maddy däl aktiw ilkibaşda ykrar edilenden soň, gaýtadan baha berlen gymmaty boýunça hasaba alynmalydyr, bu gymmat, toplanan islendik ulanyş tutum-laryny we gymmaty gaçmakdan toplanan islendik ýitgileri aýyrmak bilen, onuň adalatly gymmatyna deňdir. Adalatly gymmaty işjeň bazara salgylanmak bilen kesgitlenmelidir. Gaýtadan baha bermek balans gymmatynyň hasabat senesindäki ýagdaýa görä adalatly gymmaty peýda-lanylanda kesgitlenilýän gymmatdan düýpli tapawutlanmagyndan gaça durmak üçin ýeterlik derejede yzygiderli geçirilmelidir.


Maddy däl aktiwlere gaýtadan baha bermek

1. Ilkibaşky gymmatyna we toplanan ulanyş tutumyna deň ölçegli gaýtadan baha bermek

2. Toplanan ulanyş tutumynyň pul möçberiniň azalmagy

1. Toplanan ulanyş tutumy gaýtadan baha berlenden soň aktiwiň balans gymmaty onuň gaýtadan baha berlen gymmatyna deň bolar ýaly görnüşde aktiwiň jemi balans gymmatynyň üýtgeýşine barabarlykda gaýtadan hasaplanylýar.

2. Toplanan ulanyş tutumy aktiwiň jemi balans gymmatyndan aýrylýar, arassa ululyk bolsa aktiwiň gaýtadan baha berlen ululygyna çenli gaýtadan hasaplanylýar.

Ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň usullary

1. Gönümel usul





2. Azalýan galyndy usuly


3. Öndürilen önümiň birligi usuly


1. Aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletiniň dowamynda ulanyş tutumynyň hemişelik pul möçberini hasaplap ýazmakdan ybaratdyr, eger şunda ýatyryş gymmaty üýtgemeýän bolsa.

2. Hasaplanyp ýazylýan ulanyş tutumynyň pul möçberi peýdaly ulanylýan möhletiniň dowamynda azalýar.

3. Ulanyş tutumynyň geçirimleri garaşylýan peýdalanmagyň ýa-da garaşylýan öndüri-jiligiň esasynda hasaplanyp ýazylýar.

Aktiwden gelýän ykdysady peýdalary sarp etmegiň häsiýetini ygtybarly kesgitlemek mümkin bolmasa, onda gönümel usuldan peýdalanylmalydyr.

"Maýa goýum emlägi" MHMS


Maýa goýum emlägine soňundan baha bermek

1. Özüne düşýän gymmaty boýunça hasaba alyş modeli









2. Adalatly gymmat boýunça hasaba alyş modeli

1. Maýa goýum emlägi ilkibaşda ykrar edilenden soň oňa "Esasy serişdeler" MHMS-nyň şu modele bildirýän talapla-ryna laýyklykda baha berilýär. "Ýerlemek üçin niýetlenen uzak möhletli aktiwler" MHMS-na laýyklykda ýerlemek üçin niýetlenen hökmünde topara bölmegiň ölçeglerine laýyk gelýän (ýa-da ýerlemek üçin niýetlenen hökmünde topara bölünen, çykyp gidýän toparyň düzümine girýän) maýa goýum emlägi muňa girmeýär.

2. Maýa goýum emlägi ilkibaşda ykrar edilenden soň oňa adalatly gymmaty boýunça baha berilýär (aktiwi ýerlemek ýa-da onuň başga hili çykyp gitmegi üçin mümkin bolan harajatlary aýyrmazdan). Adalatly gymmatynyň üýtgemegi peýdada ýa-da ýitgide ykrar edilýär.

Maglumatlary goşmaça açmak

1. Özüne düşýän gymmaty boýunça hasaba alyş modeli













2. Adalatly gymmat boýunça hasaba alyş modeli

1. Subýekt goşmaça şulary açmalydyr:

а) ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň peýdalanylýan usullaryny;

b) ulanylýan, peýdaly ulanylýan möhlet-lerini ýa-da ulanyş tutumyny almagyň ölçeglerini;

ç) döwrüň başyndaky we ahyryndaky jemi balans gymmatyny we toplanan ulanyş tutumyny (gymmatyň gaçmagyndan toplanan ýitgiler bilen bilelikde);

d) maýa goýum emläginiň döwrüň başyndaky we ahyryndaky jemi balans gymmatynyň deňeşdirmesini ("Maýa goýum emlägi" MHMS-nyň 58-nji bölümine seret).

2. Subýekt maýa goýum emläginiň döwrüň başyndaky we ahyryndaky jemi balans gymmatynyň ähmiýetleriniň arasyndaky deňeşdirmäniň maglumatlaryny aşakdaky ýagdaýlary görkezmek bilen goşmaça açmalydyr:

а) aktiwiň balans gymmatynda ykrar edilen artmalary, satyn almalardan artan möçberleri we soňky çykdajylaryň netije-leri bolup durýanlary aýratynlykda görkezmek bilen;

b) kärhanalar birleşdirilende obýektleri satyn almagyň netijesinde maýa goýum emläginiň gymmatynyň artmagyny;

ç) ýerlemek üçin niýetlenen hökmünde topara bölünen ýa-da ýerlemek üçin niýetlenen hökmünde topara bölünen, çykyp gidýän topara goşulan aktiwleri we beýleki çykyp gitmeleri;

d) adalatly gymmatyna düzediş girizmegiň netijesinde alnan arassa peýdany ýa-da çekilen ýitgini;

e) maýa goýum emlägi obýektlerini ätiýaçlyklar we eýesi tarapyndan eýelenýän gozgalmaýan emläk toparyna ýa-da onuň tersine topara bölünişini;

ä) gaýry üýtgemeleri.

"Kärende" MHMS


Ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň usuly

"Esasy serişdeler" MHMS-na we "Maddy däl aktiwler" MHMS-na laýyklykda hasaplanýar

"Esasy serişdeler" MHMS-na we "Maddy däl aktiwler" MHMS-na seret.




Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 06-njy maýynda 1324 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.