Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y


Elektron resminama, elektron resminama

dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda

 

Şu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER


1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) adresat – gönüden-göni adyna elektron resminama ugradylan fiziki ýa-da ýuridik şahs (ýa-da resminamany alyjy);

2) köpugurly «Bir penjire» ulgamy – sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenmegi;

3) elektron habar – maglumat-telekommunikasiýa torundan peýdalanyjy tarapyndan geçirilen ýa-da alnan maglumat;

4) elektron maglumat – maglumat tehnologiýalarynda döredilen we sanly görnüşde berlen maglumat;

5) elektron maglumat göteriji (mundan beýläk – elektron göteriji) – maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen maglumaty ýazdyrmak we saklamak üçin niýetlenen maddy göteriji;

6) elektron maglumat ulgamy – elektron maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek üçin ulanylýan enjamlaryň, programma, programma-enjamlaýyn serişdeleriň, usullaryň we iş amallarynyň jemi;

7) elektron resminama – şu Kanunyň maksatlary üçin maglumat tehnologiýalary esasynda elektron görnüşde taýýarlanylan, özündäki habar elektron maglumat görnüşinde bellenen, elektron maglumat göterijide elektron sanly şekilde berlen, mazmunly we elektron sanly gol arkaly hakykylygy tassyklanylan resminama;

8) elektron resminama dolanyşygy – maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek boýunça awtomatlaşdyrylan iş amallarynyň jemi;

9) elektron resminama dolanyşygynda dellal (mundan beýläk –dellal) – elektron resminama dolanyşygynyň gaýry subýektleriniň tabşyrygy boýunça elektron resminamalary we (ýa-da) maglumat habarlaryny iberýän, alýan ýa-da saklaýan, telekommunikasiýa aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanyp, elektron resminama degişli beýleki hyzmatlary edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

10) elektron resminamany düzüji – elektron tehniki serişdelerden peýdalanyp, elektron resminamany düzen ýa-da elektron resminama onuň adyndan düzülen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

11) elektron resminamanyň asyl nusgasy – resminamany tassyklamaga ygtyýarlandyrylan şahsyň elektron sanly goly bilen tassyklanylan, ilkibaşda elektron resminama görnüşinde döredilen we kagyz göterijide deslapky asyl nusgasy bolmadyk resminama;

12) elektron resminamany iberiji – elektron resminamanyň rekwizitlerinde görkezilen we elektron resminamany adresata  iberýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

13) elektron resminamanyň bitewüligi – elektron resminamanyň oňa üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmändigini kesgitleýän häsiýeti;

14) elektron resminamanyň hakykylygy – elektron resminamanyň oňa hakyky elektron sanly gol (elektron sanly gollar) bilen gol çekilendigini kesgitleýän häsiýeti;

15) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy – elektron sanly gol bilen tassyklanan elektron resminamanyň maglumatyny we rekwizitlerini doly görkezýän hem-de şol resminamany tassyklamaga ygtyýarlyklara eýelik edýän şahs tarapyndan tassyklanylan kagyz göterijidäki resminama;

16) elektron sanly gol – elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanyp, deslapky maglumatlary belli bir kriptografik özgertmegiň netijesinde alnan we elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanylanda, şol maglumatlaryň degişliligini, hakykylygyny hem-de bitewüligini tassyklamaga mümkinçilik berýän, elektron resminamanyň rekwiziti bolup durýan elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi;

17) elektron sanly goluň şahsy açary – elektron sanly goluň serişdelerinden peýdalanylyp, elektron sanly goly döretmek üçin niýetlenen elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi bolup durýan, elektron sanly goly döretmegiň kriptografik algoritminiň diňe gol çekýän şahsa mälim we elýeterli ölçegleri;

18) elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi – kanuny esasda elektron sanly goluň açaryna eýelik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

19) elektron sanly goluň açyk açary – elektron sanly goly döretmegiň kriptografik algoritminiň elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi bolup durýan, elektron sanly goluň belli bir şahsy açaryna laýyk gelýän, ähli gyzyklanýan şahslar  üçin elýeterli we elektron resminamadaky elektron sanly goluň hakykylygyny tassyklamak üçin niýetlenen ölçegleri;

20) elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyjy – elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

21) elektron sanly goluň açyk açary üçin bellige alyş şahadatnamasy (sertifikaty) (mundan beýläk – sertifikat) – elektron sanly goluň hakykylygyny barlamak we elektron sanly goluň eýesini barabarlamak üçin şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan berilýän kagyz göterijidäki resminama ýa-da elektron resminama;

22) elektron sanly goluň hakykylygyny barlamak – elektron sanly gol çekilen elektron habary we gol çeken şahsyň açyk açaryny alan şahsa bu habara gol çeken şahsyň elektron sanly golunyň açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanylyp gol çekilendigini ýa-da çekilmändigini we elektron sanly gol döredilenden soň deslapky maglumatlaryň üýtgedilendigini ýa-da üýtgedilmändigini anyklamaga mümkinçilik berýän hereketleriň yzygiderliligi;

23) elektron sanly goluň serişdeleri – Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamynyň kadalary boýunça berlen laýyklyk sertifikaty ýa-da sertifikaty ykrar etmek hakyndaky şahadatnamasy bolan, olaryň kömegi bilen bir ýa-da birnäçe wezipeler (elektron sanly goly döretmek, elektron sanly goly barlamak, elektron sanly goluň şahsy açaryny ýa-da açyk açaryny döretmek) amala aşyrylýan kriptografik serişdeler;

24) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi – elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikat öz adyna berlen şahsyň elektron sanly golunyň şahsy açaryna laýyklygyny tassyklamaga, sertifikatlary we yzyna alnan sertifikatlaryň sanawlaryny neşir etmäge, ýaýratmaga, saklamaga bolan hukuk ygtyýarlyklara eýelik edýän, şeýle hem sertifikatyň ygtybarlylygyny tassyklaýan ýuridik şahs;

25) gol çekýän şahs – elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny eýelik edýän we öz adyndan ýa-da özüniň wekilçilik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahsynyň adyndan elektron resminamalara elektron sanly goly goýmak üçin ony ulanmaga hukugy bar şahs;

26) kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy – kagyz göterijidäki degişli resminamanyň maglumatyny we rekwizitlerini doly görkezýän we şol resminamany tassyklamaga ygtyýarlylyklara eýelik edýän şahsyň elektron sanly goly bilen tassyklanan elektron resminama;

27) korporatiw maglumat ulgamy – maglumat ulgamynyň gatnaşyjylary kesgitli şahslardan ybarat bolan maglumat ulgamy;

28) sanly hyzmatlar – elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmatlar;

29) sertifikatyň eýesi – sertifikatda görkezilen elektron sanly goluň açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny eýelik edýän, adyna sertifikat berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

30) şahsy durmuş barada maglumat (mundan beýläk – şahsy maglumatlar) – elektron, kagyz ýa-da gaýry maddy göterijide berkidilen, bu maglumatlaryň esasynda kesgitlenen ýa-da kesgitlenýän fiziki şahsa degişli bolan islendik maglumatlar;

31) wagt möhüri – elektron sanly gol çekilen elektron maglumatlara ygtyýarly şahs tarapyndan (şol sanda elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan) amala aşyrylýan we onuň elektron sanly goly bilen tassyklanylýan üýtgetmeler girizilende, senäniň we wagtyň bu belgini girizýän şahsyň elektron sanly goly bilen bagly belgilenmesi.


2-nji madda. Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy


Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.


3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry


1. Şu Kanunyň hereketi elektron resminamalar döredilende, işlenip taýýarlanylanda, iberilende, berlende, alnanda, saklanylanda, peýdalanylanda, goralanda, täzelenende, gözlenende, ýygnalanda, ýaýradylanda, gabalanda we ýok edilende hem-de sanly hyzmatlar bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

2. Şu Kanun döwlete dahylly we dahylsyz maglumat ulgamlarynda elektron resminama dolanyşygyny hem-de amala aşyrylýan sanly hyzmatlary düzgünleşdirýär.

3. Şu Kanunyň hereketi döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, gaýry ýuridik we fiziki şahslara degişlidir.

4. Şu Kanunyň hereketi aşakdakylara degişli däldir:

1) döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalara;

2) Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi kagyzlarynda ýerine ýetirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryna, kararlaryna we buýruklaryna ýa-da olaryň nusgalaryna;

3) öz eli bilen çekilen gollaryň beýleki şuňa meňzeş görnüşlerinden, şol sanda öz eli bilen çekilen goluň elektron görnüşe geçirilen şekilinden peýdalanylanda, elektron sanly goly ulanmagyň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara;

4) olaryň bitewüligini we hakykylygyny tassyklamak elektron sanly goly ulanmazdan amala aşyrylýan elektron görnüşdäki resminamalaryň dolanyşygy çygryndaky gatnaşyklara;

5) elektron resminamalary ulanmak we sanly hyzmatlardan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki çäklendirmelere.


II BAP. ELEKTRON RESMINAMA


4-nji madda. Elektron resminama bildirilýän esasy talaplar

 

1. Elektron resminama:

1) şu Kanun we bu ugurdaky kanunçylyk namalary esasynda düzülen elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyklar bilen bellenilen talaplara laýyk gelmelidir;

2) şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan gurluşda bolmalydyr we ony anyklamaga mümkinçilik berýän rekwizitli bolmalydyr;

3) elektron resminamanyň düzüjisini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmelidir we peýdalanylmalydyr;

4) adamyň kabul etmegi üçin düşnükli görnüşde berilmelidir (şekillendirilmelidir);

5) ondan birnäçe gezek peýdalanmak üçin elýeterli bolmalydyr;

6) bitewüligi üpjün edilen bolmalydyr (elektron resminamanyň ýeke-täkligi, hakykylygy);

7) saklanyş möhletiniň dowamynda goragly bolmalydyr.

2. Elektron resminama hakyky diýlip hasap edilýär, eger:

1) resminama, hakykatdan-da, onuň awtory diýlip hasap edilýän şahs tarapyndan döredilse;

2) elektron resminama görnüşinde taýýarlanylan pursadyndan bäri resminama üýtgetmeler girizilmedik bolsa, resminamany görkezmegiň, saklamagyň we ondan peýdalanmagyň barşynda bolup geçýän üýtgetmeler muňa degişli däldir. 

3. Elektron resminamanyň bitewüligini anyklamak gol çekýän şahsyň elektron sanly goluny barlamak arkaly amala aşyrylýar.


5-nji madda. Elektron resminamany bermegiň görnüşleri 


1. Elektron resminamany bermegiň içerki we daşarky görnüşleri bardyr.

2. Elektron resminamany düzýän maglumatyň elektron göterijidäki ýazgysy elektron resminamany bermegiň içerki görnüşi bolup durýar.

3. Elektron resminamanyň daşarky görnüşde berilmegi onuň adamyň kabul etmegi üçin düşnükli we elýeterli bolan görnüşde maglumatlary görkezýän elektron serişdede, kagyz ýa-da beýleki maddy göterijide şekillendirilmegi bolup durýar.


6-njy madda. Elektron resminamanyň gurluşy

 

1. Elektron resminama  aýrylmaz iki bölekden – umumy we aýratyn böleklerden ybaratdyr.

2. Elektron resminamanyň umumy bölegi resminamanyň mazmunyny düzýän maglumatdan ybaratdyr. Adresat hakyndaky maglumat umumy bölege degişlidir.


3. Elektron resminamanyň aýratyn bölegi bir ýa-da birnäçe elektron sanly gollardan ybaratdyr.


7-nji madda. Elektron resminamanyň rekwizitleri 

 

1. Elektron resminamada aşakdaky rekwizitler ulanylyp bilner:

1) resminamanyň ady;

2) resminamanyň döredilen senesi;

3) resminamanyň bellige alnan senesi;

4) elektron sanly gol;

5) sözbaşy;

6) esasy resminamanyň we oňa goşundylaryň sahypalarynyň sany;

7) adresatyň ady;

8) adresatyň wezipesiniň ady (bolan mahalynda);

9) elektron resminamany iberijiniň – ýuridik şahsyň ady ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady;

10) elektron resminamany iberijiniň poçta we elektron salgysy.

2. Zerur bolan halatynda, elektron resminama elektron sanly goly barlamak we elektron resminamanyň hakykylygyny anyklamak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen bellenilýän goşmaça maglumatlary özünde saklap biler.

3. Elektron sanly gol elektron resminamanyň elektron resminama dolanyşygynyň beýleki subýektleri tarapyndan elektron resminamany iberijini anyklamak üçin ulanylýan hökmany rekwiziti bolup durýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen elektron resminamada elektron sanly gollaryň anyk görnüşlerini ulanmak boýunça talaplar bellenilip bilner.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen elektron resminamanyň beýleki rekwizitleri hem bellenilip bilner.

 

8-nji madda. Elektron resminamanyň asyl nusgasy 

 

1. Elektron resminamanyň asyl nusgasy diňe elektron görnüşde (elektron göterijide) bolýar. Elektron resminamanyň asyl nusgasy diýlip, hökmany rekwiziti – elektron sanly goly bolan we şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen beýleki rekwizitleri bolan resminamanyň elektron nusgasy hasap edilýär.

Elektron resminamalaryň elektron sanly gol çekilen, elektron göterijide bellenen we biri beýlekisine deň hasap edilen ähli nusgalary asyl nusga bolup durýarlar we birmeňzeş hukuk güýjüne eýedirler.

2. Elektron resminama birnäçe adresatlara iberilende ýa-da ol elektron göterijileriň birnäçesinde saklanylanda, elektron nusgalaryň her biri elektron resminamanyň asyl nusgasy hasap edilýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen elektron resminamanyň asyl nusgasy hökmünde berlip bilinmejek halatlary hem bellenilip bilner.

4. Elektron resminamanyň daşarky görnüşinde berlişiniň kagyz göterijide bellenilen görnüşini tassyklamak döwlet notariusy ýa-da notarial hereketleri amala aşyrmak hukugyna eýe bolan başga wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

 

9-njy madda. Elektron resminamanyň nusgasy


1. Elektron resminamanyň kagyz göterijide nusgasy bolup biler. Elektron resminamanyň nusgasy onuň degişli elektron resminamanyň nusgasy bolup durýandygyna bolan görkezmäni özünde saklap biler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylyp bilner.

2. Elektron resminamanyň kagyzdan başga, elektron göterijiden aýrylan beýleki maddy obýektdäki ýa-da göwnejaý ýagdaýda tassyklanmadyk kagyz göterijidäki nusgasynyň elektron resminamanyň nusgasy hökmünde hukuk güýji ýokdur.

3. Bir şahs tarapyndan kagyz göterijidäki resminama hem-de mazmuny boýunça oňa meňzeş elektron resminama döredilen  halatynda, resminamanyň ikisi-de özbaşdak resminamalar diýlip hasap edilýär. Şu ýagdaýda kagyz göterijidäki resminama elektron resminamanyň nusgasy bolup durmaýar.

 

10-njy madda. Elektron resminamanyň, kagyz göterijidäki resminamanyň we olaryň nusgalarynyň hukuk derejesi


1. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş elektron resminama we kagyz göterijidäki resminama birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

2. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş bolan elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy we kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

3. Resminamany, şol sanda ony ýazmaça subutnama hökmünde bermek babatdaky talap, eger kagyz göterijidäki resminamanyň asyl nusgasynyň ýa-da onuň elektron nusgasynyň ýerine elektron resminamanyň asyl nusgasy ýa-da onuň şu Kanunyň 9-njy maddasynyň talaplaryna laýyk gelýän kagyz göterijidäki nusgasy berilse, ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

4. Elektron resminamanyň subutnama hökmünde ýol bererliligi (elektron resminamanyň mazmunyna we niýetlenilişine garamazdan) onuň diňe elektron görnüşe eýediginiň esasynda ret edilip bilinmez.

5. Elektron resminama şu aşakdakylaryň asyl nusgasy hökmünde ulanylyp bilinmez:

1) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, diňe bir asyl nusgada döredilip bilinjek resminamanyň;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki resminamalaryň.

6. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat-hukuk geleşiginiň notarial taýdan tassyklanylmagy göz öňünde tutulan bolsa, elektron resminamany (elektron resminamalary) düzmek arkaly resmileşdirilen şeýle geleşik bu elektron resminama (elektron resminamalara) onuň sanly goluny goýmak arkaly döwlet notariusy tarapyndan tassyklanylmalydyr.

 

11-nji madda. Elektron resminamalaryň goragy


1. Elektron resminama ýok etmek, görnüşini üýtgetmek, ýoýmak, nusgasyny almak, gabamak maksady bilen rugsatsyz täsir edilmeginiň, aýan edilmeginiň we goralýan maglumatlaryň elýeterli bolmagynyň öňüniň alynmagyny kepillendirmäge mümkinçilik berýän goragyň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan zerur derejesini berjaý etmek bilen, elektron tehniki serişdeleriň we telekommunikasiýa aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi arkaly döredilmelidir, işlenip taýýarlanylmalydyr, saklanylmalydyr we berilmelidir.

2. Elektron resminama dolanyşygyny amala aşyrmagyň çäklerinde elektron resminama dolanyşygynyň taraplary üçin elýeterli bolan ähli şahsy maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygyny saklamagyň zerur kepillikleri bilen goralmalydyr.


3. Elektron resminama dolanyşygynyň her bir tarapy elektron resminamalary rugsat edilmedik elýeterlilikden goramak boýunça amallary berjaý etmäge we çäreleri görmäge borçludyr.

4. Elektron resminama dolanyşygyny guramak üçin maglumatlar ulgamlaryndan we kompýuter torlaryndan peýdalanylanda elektron resminamalaryň we olarda saklanylýan maglumatlaryň goragynyň zerur derejesi bu ulgamlaryň we torlaryň eýeleri tarapyndan üpjün edilýär.


12-nji madda. Ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalar


1. Döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syry bolup durýan maglumatlar, şeýle hem ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen ýa-da çäklendirilen beýleki maglumatlar elektron resminamalaryň mazmuny bolup biler. Şeýle maglumatlardan peýdalanmagyň kadalary we goramagyň çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalar bilen işlemek öz wezipelerine girýän döwlet edaralary, olaryň wezipeli adamlary, gaýry fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, maglumatlary goramagyň zerur çärelerini üpjün etmäge borçludyrlar.


13-nji madda. Elektron resminamalary saklamak we elektron resminamalaryň arhiwleri 

 

1. Elektron resminamalar olaryň bitewüligini we hakykylygyny barlamaga mümkinçilik berýän görnüşde maglumatyň elektron göterijisinde saklanylmalydyr.

2. Elektron resminamalary maglumatyň elektron göterijisinde saklamagyň möhleti kagyz göterijidäki degişli resminamalar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletden az bolmaly däldir, şol sanda raýat-hukuk gatnaşyklarynda taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny belleýän elektron resminamalar üçin hak isleýiş wagt möhletinden az bolmaly däldir.

3. Elektron resminamalary maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamlarynda kagyz göterijidäki degişli resminamalar üçin bellenilen möhletiň dowamynda saklamak mümkin bolmadyk halatynda, resminamalary maglumatyň elektron göterijisiniň birnäçesinde saklamak üçin çäreler görülmeli we olaryň nusgasynyň yzygiderli alynmagy amala aşyrylmaly. Elektron resminamalary mundan beýläk saklamak maksady bilen, olaryň nusgasyny almak işleri resminamalary hasaba almagyň we nusgasyny almagyň hereket edýän tertibine laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamyndan elektron resminamanyň nusgasy alnanda, bu enjamda maglumatlaryň bitewüligi hökmany suratda barlanylmalydyr we üpjün edilmelidir.

4. Elektron resminamalary maglumatlaryň bitewüligini üpjün etmek bilen, degişli maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamlarynda kagyz göterijidäki resminamalary saklamak üçin bellenilen möhletiň dowamynda saklamak mümkin bolmadyk halatynda, resminamanyň kagyz görnüşindäki asyl nusgasy bolmadyk şertinde, elektron resminamalar kagyz göterijidäki nusga görnüşinde saklanylmalydyr.

5. Elektron resminamalary saklamak bilen baglanyşykly borç elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň üstüne ýüklenilýär.

Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri elektron resminamalaryň saklanylmagyny özbaşdak, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary berjaý edilen şertinde, dellalyň, elektron resminama dolanyşygyndaky arhiw we beýleki edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp üpjün edip bilerler.

6. Elektron resminamalar saklanylanda şu talaplaryň berjaý edilmegi hökmanydyr:

1) elektron resminamalarda saklanylýan maglumat mundan beýläk ondan peýdalanmak, şol sanda kagyz göterijide elektron resminamalaryň nusgalaryny bermek üçin elýeterli bolmalydyr;

2) elektron resminamanyň onuň döredilen, iberilen ýa-da alnan ölçeginde dikeldilmek mümkinçiligi üpjün edilmelidir;

3) elektron resminamanyň gelip çykyşyny we niýetlenilişini, iberijisini, adresatyny, şeýle hem onuň iberilen ýa-da alnan senesini we wagtyny anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlar bolmalydyr;

4) elektron resminamalaryň ätiýaçlyk nusgalarynyň alynmagy hemişe üpjün edilmelidir;

5) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň şertnamasynda (ylalaşygynda) başgaça bellenilmedik bolsa, elektron resminamalar olaryň döredilen, iberilen ýa-da alnan ölçeginde saklanylmalydyr.

7. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, elektron resminamalar arhiwler we arhiw işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hemişelik saklanylmaga tabşyrylýar. Elektron resminamalar hemişelik saklanylmagy üçin kabul edilende, olaryň hakykylygy anyklanylmalydyr.

8. Elektron resminamalaryň arhiwleri rugsat edilmedik elýeterlilikden hem-de ýok edilmeden we (ýa-da) ýoýulmadan goralmaga degişlidir.

9. Elektron resminamalary saklamak üçin döredilýän elektron maglumatlar binýadynyň goragy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda üpjün edilmelidir.


14-nji madda. Elektron resminamalaryň kazyýetde ýa-da beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanylmagy 

 

1. Elektron resminama kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda öz ähmiýeti boýunça ýazmaça subutnamalara deň derejede subutnama diýlip ykrar edilýär.

2. Elektron resminamalary kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.


15-nji madda. Döwlet belligine alynmagyny talap edýän hereketler amala aşyrylanda elektron resminamalardan peýdalanylmagy

 

Döwlet belligine alynmagy talap edilýän hereketler amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän elektron resminamalardan peýdalanylyp bilner.

 

16-njy madda. Elektron resminamalaryň notarial taýdan tassyklanylmagy 

 

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron görnüşde döredilen resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagy talap edilse, onda elektron görnüşde döredilen resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, notarial taýdan tassyklanylmagyna degişlidir.

2. Elektron resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagynyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

17-nji madda. Daşary ýurt döwletiniň hukuk kadalaryna we halkara standartlaryna laýyklykda döredilen elektron resminamanyň ykrar edilmegi

 

Daşary ýurt döwletiniň hukuk kadalaryna we halkara standartlaryna laýyklykda döredilen elektron resminama, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar berjaý edilende, Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynyň we (ýa-da) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň çäginde ykrar edilýär.


III BAP. ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGY


18-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Şular elektron resminama dolanyşygynyň maksatlarydyr:

1) pudagyň içindäki we pudagara maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

2) dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini ýokarlandyrmak;

3) kagyz we elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has netijeli usulyny saýlamak;

4) maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini döretmek;

5) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň resminamalarynyň hasaba alynmagyny, gözegçiligini we saklanylmagyny guramak;

6) resminamalaryň ýitirilmeginiň öňüni almak;

7) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň binýadynda ulanylýan maglumatyň goraglylyk we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak;

8) elektron resminama dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüligini we elýeterliligini üpjün etmek.

2. Şular elektron resminama dolanyşygynyň wezipeleridir:

1) döwlet häkimiýet edaralary üçin dolandyrmagyň we ýerine ýetirmegiň gözegçiliginiň çeýe gurallaryny döretmek;

2) döwlet maglumat serişdelerini döretmek we olaryň elýeterliligini guramak;

3) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasynda elektron resminamalaryň alyş-çalşygyny guramak;

4) elektron resminama dolanyşygynda elektron resminamanyň we maglumatyň elektron alyş-çalşygynyň ýeke-täk ölçegini işläp taýýarlamak we girizmek;

5) elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanylanda iş dolandyryjylygynyň birsydyrgynlylyk talaplaryny üpjün etmek;

6) pudagara iş dolandyryjylygyny netijeli alyp barmak üçin hyzmat ediş wezipelerini guramak;

7) pudaklaryň arasynda maglumat alşylanda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryny ýerine ýetirmek.


19-njy madda. Elektron resminama dolanyşygynyň esasy ýörelgeleri 

 

Şular döwlet maglumat ulgamlarynda hem, döwlete dahylsyz maglumat ulgamlarynda hem amala aşyrylýan elektron resminama dolanyşygynyň esasy ýörelgeleridir:

1) maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak we bermek üçin işiň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylýan ähli çygyrlarynda elektron resminamalardan peýdalanylmagy;

2) elektron resminamanyň ony kesgitli anyklamaga mümkinçilik berýän bir gezek bellige alynmagy;

3) elektron resminamalaryň hereket ediş wagtyny gysgaltmaga we olardan peýdalanylmagynyň dessinligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän amallaryň birwagtda ýerine ýetirilmek mümkinçiligi;

4) resminamanyň hereketiniň elektron resminamanyň dolanyşygynyň (iş amalynyň) her bir pursadynda elektron resminamanyň (wezipäniň) ýerine ýetirilmegine jogapkäri anyklamaga mümkinçilik berýän üznüksizligi;

5) elektron resminama maglumatynyň elektron resminamalaryň gaýtalanmak mümkinçiligini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk (ýa-da ylalaşylyp paýlanan) binýatlylygy;

6) elektron resminamany agtarmagyň elektron resminama barada az maglumata eýe bolup, ony tapmaga mümkinçilik berýän netijeli guralan ulgamlylygy;

7) elektron resminama dolanyşygynyň iş amallary boýunça elektron resminamalaryň hereketine gözegçilik etmäge we şol hasabatlardaky maglumatlara esaslanyp, dolandyryjylyk çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň dürli hukuk derejeleri we nyşanlary boýunça hasabatlylygyň ösen ulgamlylygy;

8) elektron resminamalardan peýdalanylanda, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

9) elektron sanly gol esasynda elektron resminamanyň barabarlanmagynyň  we bitewüliginiň üpjün edilmegi.


20-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri

 

1. Elektron resminamalary işläp taýýarlamaga, ibermäge, bermäge, almaga, saklamaga, peýdalanmaga, goramaga, täzelemäge, gözlemäge, ýygnamaga, ýaýratmaga, gabamaga we ýok etmäge gatnaşýan döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň gaýry ýuridik we fiziki şahslary elektron resminama dolanyşygynyň subýektleridir.

2. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri elektron resminama dolanyşygynda gol çekýän şahs, adresat we dellal hökmünde çykyş edip bilerler.

3. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri maglumat we onuň goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän hukuklara we borçlara eýedirler.

4. Eger elektron resminama dolanyşygynyň barşynda elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilmedik goşmaça hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemekde zerurlyk ýüze çyksa, şeýle hukuklar we borçlar bu subýektler tarapyndan şertnamalaýyn başlangyçlarda bellenilip bilner.


21-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň esasy pudaklary (ugurlary)

 

Şu aşakdakylar elektron resminama dolanyşygynyň esasy pudaklarydyr (ugurlarydyr):

1) döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň gaýry ýuridik we fiziki şahslary, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan hyzmatlaryň edilmegi;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň pudagara we pudagyň içindäki elektron resminama dolanyşygy;

3) elektron görnüşdäki töleg;

4) elektron söwda;

5)Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki sanly hyzmatlar.

 

22-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň pudagara we pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy

 

1. Döwlet dolandyryşynda elektron resminama dolanyşygy döwlet häkimiýet edaralarynyň hem pudagara, hem pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygyny üpjün edýän köp derejeli ulgamdyr.

2. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň arasynda, hem-de sebitleriň maglumat ulgamlary bilen maglumat alşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýörelgelerde döredilýär.

Tehnologik nukdaýnazardan, pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy elektron resminama dolanyşygynyň pudaklaýyn ulgamlaryny öz içine alýan bir bitewi tor görnüşinde döredilýär.

3. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyny döretmek we onuň işlemegi üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynyň özara hereketiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeke-täk standartlary işlenip taýýarlanylýar.

4. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy döredilende elektron sanly goldan peýdalanmak bilen, elektron resminamalaryň ulanylmagyny üpjün edýän mehanizmler göz öňünde tutulmalydyr. Şu maksat üçin elektron sanly goluň açyk açarlaryny peýdalanmak bilen, pudagara elektron resminama dolanyşygynda elektron sanly goly ulanmaga bildirilýän talaplar kesgitlenilýär.

5. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça ähli guramaçylyk we tehniki çözgütler şu umumy ýörelgelere esaslanmalydyr:

1) möçberlilik – ulgam ilkibaşda döwlet häkimiýet edaralarynyň iş orunlarynyň birnäçesinde herekete girizilip bilner, soňra iş orunlarynyň çäklendirilmedik sanyna ýaýradylyp bilner;

2) çeýelik – edara gurluş taýdan üýtgedilip guralanda we resminamalar bilen işlemegiň alnyp barlyşy üýtgedilende, ulgam düýpli gaýtadan gurnalmagyny talap etmeli däldir;

3) tehnologik goraglylyk – peýdalanyjylara bellenilen tertibe  laýyklykda, pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamynyň maglumat serişdelerine bolan elýeterliligi bermek, maglumatyň kriptografik gorag serişdelerini we elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak, maglumat kompýuter torunyň üsti bilen berlende onuň bitewüligini üpjün etmek;

4) ulgamlylyk – ulgam elektron resminama dolanyşygynyň ähli wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine, ýagny resminamalary taýýarlamakdan, olary bellige almakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden başlap, hasabatlylygyň berilmegine, resminamalaryň agtarylmagyna we olaryň saklanylmagy üçin berilmegine çenli gönükdirilmelidir;

5) ulgamyň bitewüligi – pudagara elektron resminama dolanyşygynyň döredilýän ulgamy iş dolandyryjylygy goşmak bilen, elektron resminama dolanyşygynyň döwlet dolandyryşynda hereket edýän ähli ulgamlaryny bitewüleşdirmelidir, ýagny resminamalaryň geçmeginiň aýry-aýry tehniki böleklerini bitewi ulgama birleşdirmelidir;

6) ulgamlaýyn açyklyk – pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyna täze goşundylaryň, täze wezipeleriň ýönekeý goşulmagy ýa-da olaryň eýýäm bar bolanlarynyň kämilleşdirilmegi babatdaky mümkinçilik, şeýle hem beýleki elektron maglumat ulgamlary bilen maglumatlaryň alşylmagyny guramak mümkinçiligi;

7) uzakdan elýeterlilik – döwlet dolandyryşynda pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň dürli elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda resminamalaryň akymynyň hereketini üpjün etmäge gönükdirilendigine görä, ol telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça berilýän resmi maglumata bolan uzakdan elýeterliligiň mümkinçiligini üpjün etmelidir.

6. Pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy şu aşakdaky esasy kiçi ulgamlardan ybaratdyr:

1) iş dolandyryjylygy;

2) resminama dolanyşygy;

3) resminamalary dolandyrmak;

4) elýeterlilik hukuklaryny düzgünleşdirmek;

5) elektron resminamalaryň arhiwi;

6) ulgamyň maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak.

7. Iş dolandyryjylygyň kiçi ulgamy iş dolandyryjylygyň kabul edilen kadalaryna we standartlaryna laýyklykda, elektron resminamalary bellige almagyň, hasabyny ýöretmegiň, iberilmeli ugruny kesgitlemegiň we ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň üpjün edilmegi üçin döredilýär.

8. Resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamy guramanyň içinde we daşynda elektron resminamalary alyşmagyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasynyň esasynda awtomatlaşdyrylmagy üçin niýetlenendir.

9. Resminamalary dolandyrmagyň kiçi ulgamy peýdalanyjylaryň biriniň ýa-da peýdalanyjylaryň toparynyň elektron resminamalary bilen işi (döretmek, mazmunyny ýa-da derejesini üýtgetmek we beýleki işler) üpjün edýär.

10. Elýeterlilik hukuklaryny düzgünleşdirmegiň kiçi ulgamy ygtyýarlyklary çäklendirmegiň we resminamalara bolan elýeterlilige gözegçilik etmegiň gurallarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

11. Elektron resminamalaryň arhiwiniň kiçi ulgamy iş dolandyryjylygyň kabul edilen kadalaryna we standartlaryna laýyklykda, elektron resminamalaryň nusgalarynyň saklanylmagyny, elektron arhiwleriň pudaklaýyn ulgamlarynyň döredilmegini we olaryň pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamy bilen bitewüleşdirilmegini üpjün edýär.

12. Ulgamyň maglumat howpsuzlygyny dolandyrmagyň kiçi ulgamy elektron resminama dolanyşygynyň maglumat ulgamlarynyň we aragatnaşyk kanallarynyň goragyny üpjün edýän ulgamyň dolandyrylmagyny hem-de gözegçiliginiň hemişe alnyp barylmagyny üpjün edýär.

13. Şu maddanyň altynjy böleginde görkezilen kiçi ulgamlaryň merkezi bölegi bolup elektron dolandyryş dessury hyzmat edýär.

Elektron dolandyryş dessury pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň standartlaryna we talaplaryna laýyklykda, pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy ulgamyndaky elektron resminamalar bilen işlemegiň kadalaryny we tertibini (ulanylýan elektron resminamalaryň ölçeglerini, ibermegiň ugurlaryny, resminamalary hasaba almagyň, saklamagyň tertibini we beýlekileri) kesgitleýär.

14. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň tehnologiýasyny pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň şu aşakdaky funksional mümkinçilikleri goldaýarlar:

1) elektron poçta boýunça berlen, şol sanda elektron sanly gol bilen tassyklanylan hem-de kriptografik gorag bilen üpjün edilen resminamalary awtomatlaşdyrylan düzgünde bellige almak;

2) elektron görnüşdäki faýllara berkidilen resminama bolan elýeterlilik hukuklaryny çäklendirmek;

3) her bir wezipeli adama – iş dolandyryjylyga gatnaşyja öz şahsy wirtual otagyny bermek bilen, wezipeli adamyň diňe öz ygtyýarlylygyna degişli resminamalara elýeterliligini gazanmak;

4) tor boýunça (wezipeli adamlaryň iş otaglary boýunça) elektron resminamalary we olar boýunça tabşyryklary ibermek;

5) resminamalaryň taslamalaryny ylalaşmak iş amallaryny üpjün etmek;

6) uzak aralykdan doly ýazgyly gözlegi goşmak bilen, elektron resminamalaryň doly ýazgyly we atributiw gözlegi;

7) elektron sanly gol bilen we maglumaty goramagyň sertifikatlaşdyrylan serişdeleriniň kömegi bilen şifrlenip goralan elektron çykyş resminamalaryny elektron poçta arkaly ibermek ýa-da döwlet häkimiýet edarasynyň maglumat portalynda çap etmek;

8) işi döretmek we resmileşdirmek: işleriň nomenklaturasyna we işiň içerki resminamalarynyň ulgamlaşdyrylyşyna laýyklykda, ýerine ýetirilen resminamalary iş bukjalarynda toparlara bölmek;

9) elektron resminamalaryň, işleriň arhiwleýin saklanylyşy.

15. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň bitewülik gurşawynda pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň funksional mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek aşakdakylaryň bolmagyny talap edýär:

1) resminamalar bilen işleýän ähli gullukçylar kompýuterler bilen hökmany doly üpjün edilende öndürijiligi boýunça ornaşdyrylýan programma üpjünçiligine meňzeş hasaplaýjy tehnikanyň serişdeleriniň we elektron resminama dolanyşygynyň pudagara we pudaklaýyn ulgamlarynyň programma üpjünçiliginiň;

2) meňzeş geçirijilik ukyby bolan pudagara we içerki pudaklaýyn kompýuter torlarynyň;

3) kagyz göterijidäki resminamalary elektron görnüşe geçirmegiň tehniki mümkinçilikleriniň.

16. Pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň funksional mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän serişdelere we tehnologiýalara şular degişlidir:

1) kagyz göterijidäki resminamalary elektron görnüşe geçirmegiň serişdeleri we tehnologiýalary (skanerler we degişli programma goşundysy);

2) öz eli bilen çekilen goluň oňa deň bolan elektron görnüşi;

3) elektron maglumatlary bermegiň serişdeleri;

4) elektron maglumaty saklamagyň serişdeleri;

5) maglumaty goramagyň serişdeleri.

17. Döwlet häkimiýet edaralarynyň elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlarynyň arasynda maglumat alyşmagyň ýaşyrynlygyny üpjün etmek döwlet maglumat ulgamlaryny goramak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

18. Pudagara elektron resminama dolanyşygy durmuşa geçirilende, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmagy hökmanydyr.


IV BAP. ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURALYŞY WE IŞLEÝŞI

 

23-nji madda. Elektron resminamalaryň berlişi

 

Elektron resminamalary bermek gol çekýän şahsyň (gol çekýän şahs tarapyndan elektron resminamalary ibermäge ygtyýarly edilen dellalyň) we adresatyň elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda bellenilen ýa-da gös-göni aragatnaşyk arkaly, ýa-da dellallaryň elektron maglumat ulgamlarynyň serişdeleriniň kömegi bilen bu elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak arkaly,   ýa-da ýatda saklaýjy enjamlarda bermek arkaly amala aşyrylýar.


24-nji madda. Elektron resminamalary ibermek

 

1. Eger elektron resminama gös-göni gol çekýän şahs tarapyndan ýa-da onuň elektron resminamalary awtomatik düzgünde ibermek üçin programmirlenen elektron maglumat ulgamynyň üsti bilen iberilen bolsa, şeýle hem gol çekýän şahs tarapyndan resminamalary onuň adyndan ibermäge ygtyýarly edilen dellal tarapyndan iberilen bolsa, ol gol çekýän şahs tarapyndan iberilen diýlip hasap edilýär.

2. Eger gol çekýän şahs we adresat başga zat hakynda deslapdan ýazmaça görnüşde şertleşmedik bolsalar, elektron resminamanyň ony iberen şahs tarapyndan ýatyrylyp bilinmejek senesi we wagty elektron resminamanyň iberilen senesi we wagty diýlip hasap edilýär. Elektron resminama elektron göterijide iberilen halatynda, onuň iberilmegi üçin aragatnaşyk kärhanasyna tabşyrylan senesi we wagty elektron resminamanyň iberilen senesi we wagty diýlip hasap edilýär.

3. Eger gol çekýän şahs we adresat başga zat hakynda deslapdan ýazmaça görnüşde şertleşmedik bolsalar, resminamanyň iberilen elektron maglumat ulgamy başga ýerde ýerleşýän hem bolsa, elektron resminama gol çekýän şahsyň ýerleşýän ýerinden (fiziki şahslar üçin – ýaşaýan ýerinden) iberilen diýlip hasap edilýär. Görkezilen taraplaryň ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, eger resminamalaryň buýurmaly hat bilen iberilmegi ýa-da olaryň gol çekdirilip berilmegi talap edilýän bolsa, şeýle talap elektron resminamalara degişli däldir. Şeýle ýagdaýlarda elektron resminamalaryň hakyky alnandygyny tassyklamak şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Adresata aşakdakylar mälim bolan halatynda, elektron resminama iberilmedik diýlip hasap edilýär:

1) resminamada onuň düzüjisi hökmünde görkezilen şahsyň hakykat ýüzünde elektron resminamany düzmändigi ýa-da ibermändigi;

2) resminamanyň ýoýulmalar bilen alnandygy;

3) elektron sanly goluň tassyk bolmandygy.

 

25-nji madda. Elektron resminamalaryň alynmagy

 

1. Eger elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen ýa-da Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gol çekýän şahsyň elektron resminamasynyň, hakykatdan-da, alnandygy barada adresatyň habarynyň gol çekýän şahsa gelip gowşan pursadyndan elektron resminama adresat tarapyndan alnan diýlip hasap edilýär.

2. Eger Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen elektron resminamanyň, hakykatdan-da, alnandygynyň awtomatik tassyklanylmagy göz öňünde tutulmasa, bu hakykaty tassyklamak elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Eger elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen elektron resminamanyň alnandygyny tassyklamagyň tertibi kesgitlenilmedik bolsa, ol islendik tertipde, awtomatlaşdyrylan ýa-da başga usul bilen maglumatlary habar bermek görnüşinde, ýa-da resminamanyň kagyz göterijidäki görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Görkezilen tassyklama alnan elektron resminamany we bu tassyklamany iberijini belleýän maglumatlary özünde saklamalydyr.

4. Elektron resminamanyň, hakykatdan-da, alnandygy baradaky tassyklama gol çeken şahsa gelip gowuşmadyk halatynda, elektron resminama adresat tarapyndan alynmadyk diýlip hasap edilýär, gol çeken şahs bolsa, adresatyň öňünde öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça başga çäreleri görmelidir.

5. Eger gol çeken şahs we adresat deslapdan ýazmaça görnüşde başgaça ylalaşmadyk bolsalar, hatda elektron maglumat ulgamy başga ýerde ýerleşse-de, onuň kömegi bilen alnan resminama adresatyň ýerleşýän ýerinde (fiziki şahslar üçin – ýaşaýan ýerinde) alnan diýlip hasap edilýär. Görkezilen taraplaryň ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda  kesgitlenilýär.

6. Eger resminamany alan şahs, hakykatdan-da, bu resminamanyň gönükdirilen adresaty bolup durmasa ýa-da iberijiniň pikirine görä, bu resminama onuň üçin niýetlenilmese, elektron resminama alynmadyk diýlip hasap edilýär.


26-njy madda. Çäklendirilen elýeterlilikli maglumaty özünde saklaýan elektron resminamalaryň dolanyşygy

 

1. Elektron resminama dolanyşygynyň ony baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrýan subýektleri ýaşyryn maglumaty özünde saklaýan elektron resminamalara bolan elýeterlilik düzgünini özbaşdak kesgitleýärler we olar üçin gorag ulgamyny (usullaryny) belleýärler.

2. Döwlet syrlaryna degişli maglumatlary, şeýle hem döwlet we kanun taýdan goralýan başga syry bolan maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalaryň özara alşylmagyny üpjün edýän elektron maglumat ulgamlarynda özara ylalaşylan we özara üstüni ýetirýän guramaçylyk çäreleri, şeýle hem maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de maglumatyň kriptografik goragyny üpjün etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bu maglumaty goramagyň kriptografik we tehniki usullary, serişdeleri göz öňünde tutulmalydyr.


27-nji madda. Elektron resminama dolanyşygy guralanda ulanylýan programma-tehniki we beýleki serişdelere bildirilýän talaplar

 

1. Döwlet syrlaryna degişli maglumatlary ýa-da goragy döwlet tarapyndan kepillendirilýän maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalaryň dolanyşygyny üpjün edýän elektron maglumat ulgamlary, elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda, döwlet seljermesine degişlidir.

2. Elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek üçin ulanylýan programma-tehniki serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir we olaryň laýyklyk sertifikaty bolmalydyr.

3. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynda elektron sanly goldan peýdalanmak üçin niýetlenen elektron sanly goluň serişdeleriniň kriptografik gorag serişdeleri hakynda Türkmenistanyň degişli kanunçylygynda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan bolmagy hökmanydyr.

4. Döwlet syrlaryna degişli maglumatlaryň we kanun tarapyndan goralýan gaýry syry özünde saklaýan maglumatlaryň elektron resminama dolanyşygyny guramaga döwlet syry bolup durýan maglumatlary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat berilýär.

5. Elektron resminama dolanyşygy guralanda, degişli ulgamyň we maglumatlaryň goragy döwlet maglumat ulgamlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilmelidir.

6. Ulanylýan programma üpjünçiliginiň ätiýaçlyklary döredilip, betbagtçylykly hadysalardan ýa-da enjamlaryň näsazlygyndan soň ähli gerekli programma üpjünçiliginiň gaýtadan dikeldilmegi üçin zerur ätiýaçlandyryş serişdeleri bilen üpjün edilmelidir.

7. Elektron resminama dolanyşygy guralanda Türkmenistanda maglumatlaryň kriptografik goragyny üpjün etmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary berjaý edilmäge degişlidir.


V BAP. ELEKTRON SANLY GOL

 

28-nji madda. Elektron sanly goluň niýetlenilişi

 

1. Elektron sanly gol aşakdakylar üçin niýetlenendir:

1) elektron resminamanyň umumy bölegini düzýän maglumaty tassyklamak;

2) elektron resminamanyň hakykylygyny we bitewüligini tassyklamak.

2. Elektron resminamanyň umumy bölegini düzýän maglumaty tassyklamak bu resminama gol çekýän şahsyň elektron sanly golunyň şahsy açaryndan peýdalanmak bilen, elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak arkaly geçirilýär.

3. Elektron resminamanyň hakykylygy we bitewüligi resminamanyň, hakykatdan-da, elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi tarapyndan döredilendigini we bu resminama üýtgetmeleriň girizilmändigini tassyklaýar.

Elektron resminamanyň hakykylygyny we bitewüligini tassyklamak elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak we elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanmak bilen, elektron resminama gol çeken şahsyň goluny barlamak arkaly geçirilýär.

4. Elektron sanly goldan peýdalanylmagy geleşikleri ýazmaça görnüşde amala aşyrmak üçin şertnamalara we beýleki resminamalara gol çekmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibini üýtgetmeýär.

5. Elektron resminamalarda elektron sanly goluň hakykylygyny tassyklamak boýunça notarial taýdan hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Elektron sanly goluň hukuk derejesi

 

1. Elektron sanly gol fiziki şahsyň, şol sanda ýuridik şahsyň ygtyýarly wekiliniň öz eli bilen çekilen goly bilen deňdir, eger:

1) gol çeken şahs elektron sanly goly döretmek üçin ulanylýan şahsy açara kanuny taýdan eýelik etse;

2) elektron sanly gol çekilen pursadynda hereket etse;

3) elektron sanly gol sertifikaty bar bolan elektron sanly goluň açyk açarynyň kömegi bilen hakykylygyna barlagdan geçse;

4) elektron sanly gol sertifikatda görkezilen maglumatlara laýyklykda peýdalanylsa.

2. Elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanmaga ygtyýarly wezipeli adamyň adyny görkezmezden, ýuridik şahsa berlen sertifikat ýuridik şahsyň esaslandyryjy resminamalarynyň güýjünde onuň adyndan çykyş edýän şahsyň adyna berlen diýlip hasap edilýär.

3. Elektron sanly gol çekilen elektron resminamanyň ähli nusgalary asyl nusganyň güýjüne eýedir.

4. Elektron sanly goldan peýdalanmagyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

5. Gol çekýän şahs öz elektron sanly golunyň kömegi bilen gol çekmäge bolan ygtyýarlyklary degişli ýagdaýda ygtyýarly edilen wekile bermäge haklydyr.

6. Elektron sanly goluň açarlaryny döretmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda  amala aşyrylýar.

7. Elektron sanly goluň şahsy açary oňa kanuny esasda eýelik edýän şahsyň eýeçiligi bolup durýar.

Şahs özüniň kanuny esaslarda alnan elektron sanly golunyň şahsy açarlarynyň çäklendirilmedik sanyna eýe bolup biler.

Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi öz bähbitlerinde ony syr edip saklamalydyr we onuň tötänleýin ýok edilmeginden ýa-da üýtgedilmeginden  goragyny üpjün etmelidir.

8. Elektron sanly goluň açyk açary elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak arkaly elektron sanly goluň şahsy açarynyň binýadynda döredilýär.

9. Elektron sanly goluň açyk açarynyň elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesine degişliligi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynda elektron sanly goluny (sertifikatyň kagyz görnüşinde goluny we mohürini) goýmak arkaly tassyklanylýar.

10. Elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikaty gol çekilen elektron resminamalaryň hakykylygyny barlamak üçin elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsy tarapyndan elektron sanly goluň açyk açarynyň peýdalanyjysyna berilýär.

11. Elektron sanly goluň açyk açarynyň peýdalanyjysy özi tarapyndan ulanylýan elektron sanly goluň açyk açarynyň elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynda bellenilen açara barabarlygyny üpjün etmäge borçludyr.

Elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynyň görnüşi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan bellenilýär.

12. Elektron sanly goluň tassyklanylan açyk açarlary elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsy tarapyndan ähli gyzyklanýan şahslaryň ulanmagy üçin şu aşakdakylar arkaly ýaýradylýar:

1) elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatyny peýdalanyjynyň özüne gowşurmak;

2) kagyz göterijidäki resminama görnüşinde poçta arkaly ibermek;

3) elektron resminama görnüşinde ibermek.


30-njy madda. Elektron sanly goluň serişdelerinden peýdalanmak

 

1. Elektron sanly goluň serişdeleriniň sertifikatlaşdyrylmagy sertifikatlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryň elektron sanly goluň serişdelerini edinmegi, sertifikaty almagy we elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


31-nji madda. Sertifikatlary saklamagyň möhleti

 

Sertifikatlary saklamagyň möhleti Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilip bilner, ýöne bäş ýyldan az bolmaly däldir. Sertifikatyň nusgasy elektron sanly goluň açyk açary bilen bilelikde elektron sanly goluň bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde saklanylýar.

Eger sertifikat ýatyrylsa, ol elektron sanly goluň açyk açary bilen bilelikde arhiwe saklanylmagy üçin tabşyrylýar. Olary saklamagyň möhleti arhiwler we arhiw işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

32-nji madda. Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesiniň we elektron sanly goluň açyk açarynyň peýdalanyjysynyň hukuklary we borçlary

 

1. Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi elektron sanly goluň şahsy açaryny rugsatsyz peýdalanmak bilen, ony göwnejaý goramazlygyň netijesinde ýetirilen ýitgiler üçin elektron sanly goluň degişli açyk açarynyň peýdalanyjysynyň öňünde jogapkärçilik çekýär.

2. Eger elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi elektron sanly goluň sertifikatda görkezilen açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna bolan elýeterliligi çäklendirmek düzgüniniň mümkin bolan bozulmasy hakynda bilse ýa-da çak etse, onda ol degişli elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinden sertifikatyň hereketiniň togtadylmagyny ýa-da onuň ýatyrylmagyny talap etmäge borçludyr.

3. Elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyjy aşakdakylary tassyklamak üçin sertifikaty beren elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezine ýüz tutmaga haklydyr:

1) elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatyň eýesine degişlidigini;

2) elektron sanly goluň hakykylygyny.

4. Elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyjy, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, elektron sanly gol çekilen elektron resminamadaky bar bolan şahsy maglumatlaryň goragyny üpjün etmäge borçludyr.


33-nji madda. Sertifikatyň mazmuny

 

1. Sertifikat şu aşakdaky hökmany maglumatlary özünde saklamalydyr:

1) ýuridik şahsyň adyny ýa-da fiziki şahsyň – elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesiniň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny (bu şahsyň islegine görä – lakamyny);

2) sertifikatyň belgisini, onuň hereket ediş möhletiniň başlanýan we tamamlanýan senesini;

3) elektron sanly goluň açyk açaryny;

4) elektron sanly goluň olaryň kömegi bilen elektron sanly goluň bu açyk açaryndan peýdalanmak mümkin bolan serişdeleriniň adyny;

5) sertifikaty beren elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň adyny we ýuridik salgysyny;

6) sertifikaty beren elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň sertifikatyň elektron görnüşinde ony tassyklaýandygy baradaky elektron sanly goluny;

7) elektron sanly goluň görnüşiniň ýa-da ony ulanmagyň çygrynyň çäklendirmesi baradaky maglumatlary (amallaýyn sertifikat baradaky maglumatlary, sertifikatyň eýesiniň kämillik ýaşyna ýetmändigi baradaky görkezme we beýleki maglumatlar);

8) sertifikatyň eýesiniň wekiliniň ygtyýarlyklary baradaky maglumatlary;

9) bu sertifikatyň girizilen elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatlarynyň Sanawynda sertifikatyň barabarlygyny we onuň çap edilen ýerini (şol sanda umumy elýeterli kompýuter torlarynda) anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlary.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesi bilen ýazmaça görnüşde aňladylan ylalaşyk boýunça sertifikata beýleki maglumatlary (şol sanda sertifikatyň eýesiniň pasport maglumatlaryny ýa-da fiziki şahsy kesgitli barabarlamaga mümkinçilik berýän beýleki maglumatlary) girizip biler.


34-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan elektron sanly goldan peýdalanylmagy

 

1. Elektron sanly gol döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda çykarylýan islendik elektron resminamalar maglumat ulgamy boýunça berlende we elektron maglumatlar binýatlarynda saklanylanda ulanylýar.

2. Elektron sanly gol çekilen elektron resminamalary iberýän döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan bellenilen tertipde berilýän sertifikaty edinmäge borçludyrlar.

Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan bu edaralara iberilen we elektron sanly gol çekilen elektron resminamalary diňe şu Kanuna laýyklykda, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan bu şahslara berlen sertifikat bar bolan mahalynda kabul edýärler.

3. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan elektron sanly goldan peýdalanmagyň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

4. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň elektron sanly gollarynyň hakykylygyny tassyklamak üçin sertifikatlary berýän elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş pudaklaýyn we sebitleýin merkezleri döredilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen görkezilen merkezleriň goşmaça wezipeleri, şol sanda öz hukuk ýagdaýy boýunça elektron sanly goldan peýdalanýan wezipeli adamlara elektron sanly goluň açarlaryny döretmek we elektron sanly gol çekilen elektron resminamalaryň adresatlaryna elektron sanly goluň açyk açarlaryny bermek bellenilip bilner.

5. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem döwlet kärhanalary, edaralary we guramalary tarapyndan elektron sanly goly ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň karz edaralarynda elektron görnüşde tölegler amala aşyrylanda elektron sanly goly ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.


35-nji madda. Açyk maglumat ulgamlarynda elektron sanly goldan peýdalanmak

 

1. Açyk maglumat ulgamlaryndan maglumat berlende şeýle ulgamyň eýesi berilýän maglumaty elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde bellige alnan elektron sanly gol bilen tassyklamaga borçludyr.

2. Açyk maglumat ulgamlaryndan maglumat alýan elektron resminama dolanyşygynyň subýekti onuň dogrulygyny ulgamyň eýesiniň elektron sanly golunyň açyk açarynyň kömegi bilen barlamaga borçly däldir.


36-njy madda. Korporatiw maglumat ulgamlarynda elektron sanly goldan peýdalanmak

 

1. Korporatiw maglumat ulgamlarynda elektron sanly goldan peýdalanmagyň tertibi ulgamyň içerki namalary bilen ýa-da ulgamyň eýesi bilen ondan peýdalanyjylaryň (müşderileriň) arasyndaky ylalaşyklar bilen düzgünleşdirilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen namalar ýa-da ylalaşyklar elektron sanly goly ulanýan şahslaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi baradaky, şeýle hem korporatiw maglumat ulgamynyň gatnaşyjylarynyň arasynda nädogry elektron sanly gol ulanylanda ýitgileriň töwekgelçiliklerini paýlamak baradaky düzgünleri özünde saklamalydyr.

3. Korporatiw maglumat ulgamlarynda elektron sanly goldan peýdalanylanda işledilýän elektron sanly goluň serişdeleri şu Kanuna laýyklykda gurnalmalydyr we işledilmelidir.

 

37-nji madda. Elektron sanly gol bilen gol çekilen elektron habaryň kazyýet seljermelerinde subutnama hökmünde peýdalanylmagy

 

Şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, elektron sanly gol bilen gol çekilen we elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan tassyklanan elektron habarlaryň kazyýete subutnama hökmünde berilmegine ýol berilýär.


38-nji madda. Daşary ýurt sertifikaty bar bolan elektron sanly goluň ykrar edilmegi

 

Daşary ýurt sertifikaty bar bolan elektron sanly gol Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, elektron sanly gol diýlip ykrar edilýär. 


VI BAP. ELEKTRON SANLY GOLY BELLIGE

ALYŞ WE TASSYKLAÝYŞ MERKEZI

 

39-njy madda. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň hukuk derejesi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň aýrybaşgalanan düzüm birligi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bolup biler.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezini döretmek döwlet akkreditasiýasy arkaly mälim etmek tertibinde amala aşyrylýar, onuň şertleri we tertibi, şeýle hem akkreditasiýa alnanda şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýuridik şahslara bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň akkreditasiýa edilmegi üçin, milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda berlen ýörite  rugsatnamanyň bolmagy hökmanydyr.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektron sanly goluň açyk açarlarynyň hereketiniň bellige alynmagyny, tassyklanylmagyny we elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň pudaklaýyn we sebitleýin merkezleriniň akkreditasiýasyny üpjün etmek üçin elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasynyň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezini kesgitleýär.

Zerur mahalynda döwlet edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, degişli pudagyň we sebitiň kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna, şol sanda fiziki şahslara hyzmatlary edýän öz elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezlerini kesgitleýärler. Şunda döwlet edaralaryna degişli pudagyň we sebitiň kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem fiziki şahslara hyzmatlary edýän elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezlerinde elektron sanly goluň serişdeleriniň ulanylmagy şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

5. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi özi tarapyndan berilýän sertifikatlary tassyklaýan özüne degişli elektron sanly goluň açyk açary üçin sertifikaty edinmäge borçludyr.

Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň sertifikaty elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň sertifikatlarynyň Döwlet sanawyny ýöredýän we bu sanawa çäklendirilmedik elýeterliligi üpjün edýän ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

6. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň sertifikatlarynyň Döwlet sanawyna elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi baradaky aşakdaky maglumatlar girizilýär:

1) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň akkreditasiýa belgisi we senesi;

2) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň salgysy;

3) hereketi togtadylan sertifikatlar hakynda maglumatlar;

4) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işiniň bes edilmegi baradaky maglumatlar.

7. Islendik şahs umumy elýeterli telekommunikasiýa aragatnaşyk kanallaryndan peýdalanmak ýa-da başga hilli ýol bilen, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň sertifikatynyň hakykylygyny barlamak mümkinçiligine eýe bolmalydyr.

8. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara hyzmat edilmegi şertnamalaýyn başlangyçlarda amala aşyrylýar.

9. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlarynyň birnäçesine hyzmat edip biler.

10. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde kriptografik gorag serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylyk namalary esasynda sertifikatlaşdyrylan elektron sanly goluň serişdeleriniň ulanylmagy hökmanydyr.


40-njy madda. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň wezipeleri

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi:

1) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ýüz tutmasy boýunça elektron sanly gollaryň açarlaryny döredýär;

2) elektron sanly goluň şahsy açarlaryny bikanun elýeterlilikden goramak boýunça çäreleri görýär;

3) fiziki we ýuridik şahslaryň sertifikatlaryny elektron resminamalar görnüşinde we kagyz göterijidäki resminamalar görnüşinde berýär, bellige alýar, yzyna alýar;

4) elektron sanly goluň açyk açarynyň bellenilen tertipde berlen sertifikatlarynyň Sanawyny ýöredýär, onuň öz wagtynda täzelenilmegini we oňa fiziki we ýuridik şahslaryň erkin elýeterlilik mümkinçiligini üpjün edýär;

5) sertifikatlaryň hereketini togtadýar we täzeden dikeldýär, şeýle hem olary ýatyrýar;

6) hereket edýän we yzyna alnan sertifikatlary hasaba alýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan elektron sanly goluň bellige alnan açyk açarynyň degişliligini we hakykylygyny tassyklaýar;

8) fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalary boýunça sertifikatlaryň nusgalarynyň berilmegini, şeýle hem togtadylan we ýatyrylan sertifikatlar baradaky maglumatlara erkin elýeterliligi üpjün edýär;

9) elektron sanly gol bilen gol çekilen kagyz göterijidäki elektron resminamalaryň nusgalarynyň tassyklanylmagyny amala aşyrýar;

10) sertifikatdan mundan beýläk peýdalanylmak mümkinçiligine täsir edip biljek ýagdaýlar barada elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesine habar berýär;

11) elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýelerine elektron sanly goldan peýdalanmagyň kadalarynyň öwredilmegini üpjün edýär;

12) elektron sanly gol ulgamynyň howpsuz işlemegini üpjün edýär;

13) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, elektron resminama we elektron resminama dolanyşygy babatda beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron sanly goluň saklanyşda durýan açyk açarlarynyň ýitirilmeginiň, üýtgedilmeginiň we galplaşdyrylmagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi maglumaty goraýjy kriptografik serişdeleri üpjün etmek we işe girizmek babatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda, milli howpsuzlyk edaralary bilen ylalaşmalydyr.

4. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde elektron sanly goluň eýeleriniň şahsy açarlaryny saklamak we olar bilen tanyşdyrmak gadagandyr.

5. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmezligi üçin elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.


41-nji madda. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işi

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi degişli sertifikaty bermek arkaly elektron sanly goluň anyk şahsy açarynyň we elektron sanly goluň oňa laýyk gelýän açyk açarynyň anyk peýdalanyja degişlidigini (sertifikatyň berlen pursadynda) tassyklaýar.

2. Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesiniň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde bellige alynmagy ýazmaça görnüşde düzülen haýyşnamanyň esasynda geçirilýär. Haýyşnamada arza beriji – fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs hakyndaky maglumatlar bu merkez tarapyndan öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin gerek bolan möçberde görkezilen bolmalydyr. Şunda elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi arza berijiden degişli maglumatyň dogrulygynyň tassyklanylmagyny talap etmäge haklydyr.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikat berlende şu aşakdakylary kepillendirýär:

1) sertifikatdaky maglumatlaryň dogrulygyny;

2) sertifikatyň şu Kanuna laýyk gelmegini, şol sanda sertifikatda onuň ygtybarlylygy üçin möhüm bolan, şu Kanunda göz öňünde tutulan ähli maglumatlaryň bolmagyny ýa-da şeýle maglumatlaryň sertifikata salgylanma görnüşinde girizilmegini;

3) sertifikatyň döwlet akkreditasiýasynyň talaplaryna laýyk gelmegini;

4) elektron sanly goluň açyk açarynyň eýesi tarapyndan bu sertifikatyň kabul edilmegini;

5) sertifikat berlende elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi tarapyndan tassyklanan, elektron  sanly goluň şahsy açarynyň elektron sanly goluň açyk açaryna laýyklygyny;

6) sertifikatyň eýesi hakynda şu Kanunda göz öňünde tutulan ähli maglumatlaryň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinde bolmagyny;

7) sertifikatlary ýatyrmak, yzyna almak, gabamak we täzelemek baradaky arzalaryň gije-gündiz kabul edilmeginiň üpjün edilmegini;

8) hereket edýän, ýatyrylan, yzyna alnan we gabalan sertifikatlaryň elektron sanawynyň ýöredilmegini;

9) umumy elýeterli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň üsti bilen elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň sertifikatlara gije-gündiz elýeterliliginiň üpjün edilmegini;

10) döredilen sertifikatlaryň degişli resminamalary kagyzda saklamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möhletiň dowamlylygynda saklanylmagynyň üpjün edilmegini;

11) elektron sanly gol bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlaryň berilmegini.

4. Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň, ýa-da elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyjynyň talap etmegi boýunça elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi tarapyndan gol çekilen elektron maglumatlary wagt möhüri bilen üpjün etmäge we elektron sanly goluň hakykylygyny barlamaga borçludyr.

5. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň şu maddada bellenilen kepilliklerden ýüz döndermegini göz öňünde tutýan ýa-da olary çäklendirýän islendik ylalaşygyň hukuk güýji ýokdur.

6. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesi hakyndaky maglumatlary, onuň razylygy bilen, elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatlarynyň Sanawyna girizmäge we bu sanawa çäklendirilmedik elýeterliligi üpjün etmäge borçludyr. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bu Sanawyň ýöredilmegini özbaşdak amala aşyrýar.

7. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi islendik şahsa umumy elýeterli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça ýa-da başga görnüşde elektron sanly goluň açyk açarynyň elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesine degişlidigini tassyklamak mümkinçiligini bermäge borçludyr.

Bu talap elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň salgylary baradaky maglumatlara, gabalan sertifikatlar  ýa-da elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň haýsydyr bir merkeziniň işiniň bes edilmegi ýa-da togtadylmagy baradaky maglumatlara hem degişlidir.

8. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bu elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesiniň, elektron sanly goluň degişli açyk açaryndan peýdalanyjynyň, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasynyň we kazyýetiň talap etmegi boýunça bu merkez tarapyndan şahsy açary üçin sertifikat berlen elektron sanly gol bilen gol çekilen kagyz göterijidäki elektron habaryň nusgasynyň tassyklanylmagy barada resminama bermäge borçludyr. Şunda resminamada tassyklamagyň ýeri we senesi, şeýle hem barlagyň serişdesi we degişli sertifikat görkezilýär. Resminama elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň wezipeli adamynyň goly we möhüri bilen tassyklanylýar.


42-nji madda. Sertifikat berlende elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň borçnamalary

 

Eger elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi we sertifikatyň eýesi başga hili ylalaşmasalar, onda bu merkez sertifikat berlende onuň bu sertifikaty kabul eden eýesiniň öňünde aşakdaky borçnamalary öz üstüne alýar:

1) sertifikatyň hereketini togtatmak ýa-da ýatyrmak üçin şu Kanunyň 44-nji we 45-nji maddalaryna laýyklykda, talabalaýyk hereket etmek;

2) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezine mälim bolan, berlen sertifikatyň hukuk güýjüne düýpli ýagdaýda täsir edýän ähli ýagdaýlar barada bellenen möhletiň dowamynda sertifikatyň eýesine habar bermek.


43-nji madda. Sertifikat kabul edilende sertifikatyň eýesiniň borçnamalary

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan berlen sertifikat kabul edilende, onuň eýesi aşakdaky borçnamalary öz üstüne alýar:

1) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyja berilýän maglumatyň dogrulygyny kepillendirmek;

2) elektron sanly goluň sertifikatda görkezilen açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny ýagdaýda eýelik etmek;

3) elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek we elektron sanly goly döretmäge ygtyýary bolmadyk haýsydyr bir şahsa onuň açylmagynyň öňüni almak.

2. Sertifikatyň kabul edilmegi onuň mazmuny bilen eýesiniň ýazmaça görnüşde mälim edilmeli razylaşygyny aňladýar.

3. Eger sertifikatyň eýesi elektron sanly goluň sertifikatda görkezilen açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna elýeterlilik düzgüni bozulandyr diýip çak etse, sertifikatyň yzyna alynmagyny elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinden talap etmäge haklydyr.


44-nji madda. Sertifikatyň hereketiniň togtadylmagy

 

1. Eger elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bilen sertifikatyň eýesiniň arasynda ylalaşyk bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu sertifikaty beren elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň görkezmesi boýunça onuň hereketini iki iş gününden köp bolmadyk möhlete togtadýar.

Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasynyň ýa-da kazyýetiň karary boýunça sertifikatyň hereketini togtadýar.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň hereketini togtatmak bilen bir wagtda sertifikatyň hereketini togtatmak hakyndaky habary sertifikatda görkezilen elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatlarynyň Sanawynda çap edýär, şeýle hem bu hakda sertifikatyň eýesine habar berýär.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi şu maddanyň birinji böleginde görkezilen taraplaryň arzasy boýunça sertifikatyň hereketini dikeldýär. Eger sertifikatyň hereketini dikeltmek barada arza şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhlet tamamlanýança gelip gowuşmasa, sertifikat ýatyrylmaga degişlidir.


45-nji madda. Sertifikatyň ýatyrylmagy

 

1. Sertifikaty beren elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron sanly goluň açyk açarynyň onda görkezilen eýesiniň ýa-da onuň sertifikaty ýatyrmaga hukugy bolan ygtyýarly wekiliniň talap etmegi boýunça sertifikaty ýatyrmaga borçludyr.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň ýazmaça arzasyny, ýa-da elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasynyň, ýa-da kazyýetiň kararyny alanyndan soň, bir iş gününiň dowamynda sertifikaty ýatyrýar.

3. Şu aşakdaky ýagdaýlarda elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatda görkezilen eýesiniň razyçylygyna garamazdan, sertifikaty ýatyrmaga  ýa-da onuň hereketini togtatmaga borçludyr, eger ol:

1) sertifikatyň eýesiniň ölüm hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasyny ýa-da beýleki subutnamalaryň esasynda onuň aradan çykmagynyň tassyknamasyny alsa;

2) sertifikatyň ýuridik şahs bolup durýan eýesiniň üýtgedip guralmagyny ýa-da ýatyrylmagyny tassyklaýan resminamalary, ýa-da onuň üýtgedilip guralmak ýa-da ýatyrylmak ýagdaýynyň beýleki subutnamalaryny alsa;

3) sertifikatyň möhleti dolsa;

4) şu Kanunyň 43-nji maddasynda göz öňünde tutulan  borçnamalarynyň sertifikatyň eýesi tarapyndan ýerine ýetirilmändigini ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmändigini anyklasa.

4. Sertifikatyň hereketiniň togtadylmagy ýa-da ýatyrylmagy güýje gireninden soň, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sanly goluň açyk açarynyň sertifikatda görkezilen eýesine haýal etmän habar bermäge borçludyr.

Sertifikat ýatyrylandan soň, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bu barada köpçülige mälim edýär we bu sertifikaty onuň girizilen elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatlarynyň Sanawyndan aýyrýar.


46-njy madda. Şahsy  maglumatlaryň goralmagy

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesiniň ol tarapyndan berlen resminamalardaky şahsy maglumatlarynyň şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralmagyny üpjün edýär.

Görkezilen şahsy maglumatlar elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatlarynyň Sanawyna girizilmeýär.

2. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň sertifikaty bermegiň maksatlaryna laýyk gelmeýän şahsy maglumatlary talap etmäge haky ýokdur.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan sertifikatyň eýeleriniň şahsy maglumatlarynyň açylmagyna diňe olaryň razyçylygy bilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuk goraýjy edaralaryň talap etmegi boýunça ýol berilýär.

4. Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi lakamy bilen bellige alnan halatynda, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi hukuk goraýjy edaralara, olaryň kanuny talaby boýunça, lakamyň we sertifikatyň eýesiniň birmeňzeşligi barada habar bermäge borçludyr. Şunda, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesine lakamyň açylmalydygy barada habar bermäge borçludyr.


47-nji madda. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň jogapkärçiligi

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatda berlen, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň barlamaga we tassyklamaga borçly maglumatlaryna bolan ynamyň netijesinde şahs tarapyndan çekilen hakyky zyýanyň möçberindäki ýitgiler üçin jogapkärçilik çekýär.

Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň jogapkärçiligi jerime temmi çärelerini, elden gidirilen peýdanyň tölenilmegini, ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny öz içine almaýar.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da taraplaryň şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi öz borçlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmeginiň ýeňip geçip bolmajak güýjüň, ýagny şu şertlerde adatdan daşary we öňüni alyp bolmajak ýagdaýlaryň netijesinde mümkin däldigini subut etmese, jogapkärçilik çekýär.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekmeýär:

1) eger elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikat babatda şu Kanunyň ähli möhüm talaplaryny ýerine ýetirse, onuň eýesiniň hakyky bolmadyk ýa-da galp elektron sanly gola bolan ynamynyň netijesinde çekilen ýitgiler üçin;

2) sertifikatda görkezilen, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň barlamaga we tassyklamaga borçly maglumatlaryna bolan ynamyň netijesinde çekilen, ynamyň bellenilen çägi (çäklendirmesi) hökmünde sertifikatda görkezilen pul möçberinden ýokary zyýan üçin.

 

48-nji madda. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işiniň bes edilmegi

 

1. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bes edilýär.

2. Iş bes edilen halatynda, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi öz işiniň bes edilmegine çenli otuz senenama gün galanda öz hyzmat edýän elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynyň ähli gatnaşyjylaryna we elektron resminama dolanyşygy babatda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasyna bu barada habar bermäge borçludyr.

3. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işi bes edilende onuň beren sertifikatlary we elektron sanly goluň degişli açarlary, sertifikatlaryň eýeleri hakyndaky maglumatlar sertifikatlaryň eýeleri bilen ylalaşylyp, elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň beýleki merkezlerine berilýär.

4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen möhlet tamamlanandan soň, elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň beýleki merkezlerine berilmedik sertifikatlar we elektron sanly goluň degişli açarlary öz hereketini bes edýärler we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saklanylmaga degişlidir.

Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işi bes edilende, elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň beýleki merkezlerine  berilmedik sertifikatlary we elektron sanly goluň degişli açarlaryny ulanan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.


VII BAP. SANLY HYZMATLAR

 

49-njy madda. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde edilmegi

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde edilmegi bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Anyk hyzmaty etmek mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik halatynda, islendik ýüz tutan şahsa hyzmatlar sanly görnüşde edilýär.

3. Sanly hyzmatlaryň sanawy ählumumy elýeterlilik üçin açykdyr.

4. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň töleg almazdan amala aşyrylýan sanly hyzmatlarynyň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

5. Sanly hyzmatlar Internetde ýörite saýtlar arkaly edilýär.

Internetde ýörite saýt Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär we aşakdakylary üpjün etmelidir:

1) sanly hyzmatlaryň edilmegini, şeýle hem şu Kanunyň 51-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen ugurlar boýunça bu hyzmatlaryň sanawynyň özünde saklanylmagyny;

2) sanly hyzmatlary almak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşde doldurmagyň mümkinçiligini;

3) sanly hyzmatlary almak üçin resminamalary elektron görnüşde bermek mümkinçiligini;

4) sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň barşy hakynda maglumaty elektron görnüşde almak mümkinçiligini;

5) eger şeýle mümkinçilik bu hyzmatyň düýp mazmunyna garşy gelmese, sanly hyzmatlaryň netijesini elektron görnüşde almak mümkinçiligini;

6) sanly hyzmatlaryň berilmegi üçin tölegi elektron görnüşde girizmegiň mümkinçiligini;

7) sanly hyzmatlary köpugurly «Bir penjire» ulgamyndan almak mümkinçiligini.

6. Sanly hyzmatlar elektron görnüşde berlende sanly hyzmatlaryň şu maddanyň birinji bölegindäki subýektleri degişli hyzmat üçin ýüz tutan şahslaryň şahsy maglumatlarynyň aýan edilmezligini hem-de sanly hyzmatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.


50-nji madda. Sanly hyzmatlaryň maksatlary


Şular sanly hyzmatlaryň maksatlarydyr:

1) ilata hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine döwlet hyzmatlaryny etmegiň has netijeli usullaryny saýlamak;

2) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan ilata hyzmatlaryň edilmeginiň has netijeli usullaryny saýlamak;

3) döwlet hyzmatlaryndan hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hyzmatlaryndan peýdalanylanda, raýatlaryň öz-özüňe hyzmat etmek mümkinçiliklerini goldamak we giňeltmek;

4) sanly görnüşdäki hyzmatlardan peýdalanylanda raýatlaryň tehnologik habarlylygynyň we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek;

5) sanly görnüşdäki hyzmatlardan peýdalanylanda, geografik ýerleşişiň faktorynyň täsirini peseltmek.


51-nji madda. Sanly hyzmatlaryň esasy ugurlary hem-de goşundysynyň çygyrlary


1. Şular sanly hyzmatlaryň esasy ugurlarydyr:

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we raýatlaryň arasynda;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň arasynda;

3) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň we raýatlaryň arasynda;

4) kiçi we orta telekeçiligiň dürli subýektleriniň arasynda.

2. Şular sanly hyzmatlaryň goşundysynyň çygyrlarydyr:

1) ykdysady;

2) hukuk;

3) ylym-bilim;

4) durmuş;

5) lukmançylyk;

6) ýaşaýyş jaý-jemagat.


52-nji madda. Elektron görnüşdäki tölegler

 

Türkmenistanyň karz edaralarynda tölegleri elektron görnüşde amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.

Halkara elektron töleglerini geçirmegiň tertibi degişli şertnamalar arkaly bellenilýär.


53-nji madda. Elektron söwda

 

1. Elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýär.

Elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz, bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagy degişlidir.

2. Şular elektron söwda gatnaşýarlar:

1) satyjy – elektron resminamalary peýdalanmak bilen, telekeçilik çygrynda harytlaryň satuwyny, işleriň tölegli ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini, beýleki işleri amala aşyrýan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

2) satyn alyjy:

- elektron söwdany amala aşyrýan şahs bilen baglaşylan şertnama esasynda emlägi almaga, işlere we hyzmatlara hukugy bar bolan, şeýle hem gaýry hukuklary bar bolan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

- harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) edinilmeginiň telekeçilik işi bilen bagly bolmadyk maksady bilen Internet ulgamyndan peýdalanýan fiziki şahs. Uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşi hökmünde Internet torunda söwdanyň amala aşyrylmagynyň düzgünleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär;

3) maglumat dellaly – elektron resminamalary başga bir şahsyň adyndan iberýän, alýan ýa-da saklaýan, ýa-da bu maglumatlar babatynda beýleki hyzmatlary edýän şahs.

3. Elektron söwdanyň ähli gatnaşyjylary elektron resminamalary alyşmagyň barşynda hem iberijiler bolup, hem adresatlar bolup çykyş edip bilerler.

4. Satyjynyň we satyn alyjynyň özara hereketi geleşigi baglaşmagyň ähli tapgyrlarynda satyn alyjynyň satyjy bilen özara hereketini telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň üsti bilen üpjün edýän maglumat we tehniki çözgütleriň toplumy bolup durýan elektron söwda ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Satyn alyjylar elektron söwdalary (bäsleşikli söwdalary, bäsleşikleri, nyrhlaryň we teklipleriň talap edilmegini) geçirýärler, satyjylar bolsa, geçirilýän satyn alyşlara gatnaşýarlar, teklip edilýän harytlar (işler, hyzmatlar) baradaky maglumaty ýerleşdirýärler.

5. Satyjylar özleri tarapyndan teklip edilýän harytlar (işler, hyzmatlar) baradaky ähli maglumatlary olaryň ýörite bilimi bolmadyk adresatlaryna alnan maglumatyň elektron söwda degişlidigini anyk kesgitlemäge we elektron söwdany amala aşyrýan şahsyň hukuk ýagdaýy, onuň harytlary (işleri, hyzmatlary), olaryň nyrhlary we olary edinmegiň şertleri barada dogry düşünje edinmäge mümkinçilik berýän görnüşde bermelidirler.

6. Geleşik boýunça elektron söwdadaky ähli elektron amallar taraplaryň ylalaşygy we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen talaplara we tertibe laýyklykda resmileşdirilmelidir.

7. Elektron söwdada şertnama şertnamanyň şertleriniň ylalaşylmagynyň we ony elektron geleşigiň taraplarynyň arasynda elektron resminamalary alyşmak arkaly döretmegiň netijesi hökmünde resmileşdirilýär.

Elektron şertnama elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmagyň esasynda amala aşyrylýan raýat-hukuk şertnamasy hökmünde kesgitlenilýär.

Elektron geleşigiň taraplary elektron şertnamanyň dogrulygyny we bitewüligini barlamagyň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän amallary barada özara deslapky ylalaşyga gelip bilerler.

8. Elektron geleşigi resmileşdirmek we amala aşyrmak bilen baglanyşykly elektron şertnama we elektron resminamalar mazmuny we görnüşi boýunça şu Kanunyň hem-de Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

9. Elektron söwda çygrynda hyzmatlary edýän edaralar we guramalar öz hukuklaryny we borçlaryny (borçnamalaryny) tertipnamalaryna, düzgünnamalaryna, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda olar tarapyndan baglaşylan şertnamalara laýyklykda berjaý edýärler.

10. Elektron geleşigiň taraplarynyň maliýe hasaplaşyklary elektron geleşigiň tarapy bilen töleg ulgamynyň operatorynyň arasyndaky ylalaşyk bilen bellenilen borçnamalarynyň çäklerinde elektron töleg ulgamlarynyň operatorlarynyň üsti bilen geçirilip bilner.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank däl karz edaralary ýa-da aragatnaşyk operatorlary we beýleki ýuridik şahslar elektron geleşigiň tarapy bilen şertnamanyň (goşulyşmak şertnamasynyň) şertlerinde elektron töleg ulgamlarynyň operatorlary bolup bilerler.

11. Elektron söwda gatnaşyjylar söwdanyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, şu aşakdaky talaplary ýerine ýetirmäge borçludyrlar:

1) öz elektron maglumat ulgamlarynyň, maglumatlar binýatlarynyň, elektron resminamalary saklamagyň serişdeleriniň we gurşawynyň, resminamalaryň özüniň zerur goraglylyk derejesini kesgitlemäge we üpjün etmäge, şeýle hem olaryň dogrulygyny üpjün etmegiň we barlamagyň usullaryny kesgitlemäge;

2) hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni alyş we duýduryş serişdelerinden, öz işiniň hukuk we beýleki üpjün ediş monitoringinden peýdalanyp, elektron söwdada töwekgelçilikleri peseltmek, wehimleriň we dawalaryň, şeýle hem kezzapçylygyň öňüni almak boýunça hereketler etmäge;

3) sarp edijilerden we beýleki fiziki şahslardan diňe olarsyz elektron geleşik boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmejek şahsy maglumatlaryny talap etmäge we elektron geleşikleri baglaşmagyň maksatlaryna laýyk gelmeýän şahsy maglumatlary talap etmezlige;

4) şahsy maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalaryň, şeýle hem, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron geleşikleri resmileşdirmegiň we amala aşyrmagyň barşynda üçünji şahslardan alnan elektron resminamalardan özlerine mälim bolan, sarp edijileriň we beýleki fiziki şahslaryň şahsy maglumatlarynyň goralmagyny we goragyny üpjün etmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde elektron geleşigiň gatnaşyjylarynyň şahsy maglumatlaryny ulanmaga we goramaga;

6) resminamalaryň belli bir görnüşleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen saklamak möhletleri tamamlanandan soň amala aşyrylan elektron geleşikler boýunça şahsy maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalary ýok etmäge;

7) şahsy maglumatlardan rugsatsyz peýdalanylandygy ýa-da olaryň ýaýradylandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, raýat, administratiw we jenaýat jogapkärçiligini çekmäge;

8) aýan edilendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik bellenilen döwlet syryny we kanun tarapyndan bellenen beýleki syry düzýän maglumatyň ýaşyrynlygyny berjaý etmäge.

12. Elektron söwda çygrynda iş amala aşyrylanda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak meýletin ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýetiň çözgüdi boýunça geçirilýär.


VIII BAP. ELEKTRON RESMINAMA, ELEKTRON

RESMINAMA DOLANYŞYGY WE SANLY HYZMATLAR

BABATYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

54-nji madda. Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda:
  • 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
  • 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
  • 3) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini düzgünleşdirýär;

4) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini guraýar;

5) ygtyýarly döwlet edarasyny we onuň wezipelerini kesgitleýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

55-nji madda. Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly döwlet edarasy elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda:

1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

4) usulyýet kömegini berýär;

5) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet akkreditasiýasyny amala aşyrýar, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplaryň elektron sanly goly bellige almagyň we tassyklamagyň akkreditirlenen merkezleri tarapyndan berjaý edilişine barlaglary geçirýär;

6) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

7) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly gollarynyň açyk açarlarynyň sertifikatlarynyň ýeke-täk döwlet Sanawyny ýöredýär we oňa fiziki we ýuridik şahslaryň erkin elýeterliligini üpjün edýär;

8) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň ygtyýarly şahslaryna elektron sanly gollaryň açyk açarlarynyň sertifikatlaryny berýär;

9) fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalary boýunça elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly golunyň hakykylygyny tassyklamagy amala aşyrýar;

10) elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda ulgamlar döredilende, ulanylanda, üýtgetme girizilende maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek işleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün edýär;

11) elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda döredilýän, ulanylýan ulgamlaryň elýeterliligini we ygtybarlylygyny hemişe üpjün etmek maksady bilen, ulgamlaryň işjeňligine we howpsuzlygyna gözegçilik etmäge niýetlenilen Gözegçilik merkeziniň işiniň ýola goýulmagyny üpjün edýär;

12) elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.


IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

56-njy madda. Jedelleriň çözülişi

 

1. Elektron resminamanyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň subýektleriniň arasynda jedelleri çözmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Elektron resminamanyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň subýektleriniň arasyndaky jedellere seredýän edara elektron resminamalaryň düzülmegine, berilmegine, alynmagyna, işlenip geçilmegine we saklanylmagyna gatnaşýan ähli subýektlerden jedeliň närsesine dahylly zerur materiallary we resminamalary talap etmek, şeýle hem elektron sanly goluň degişli serişdeleriniň berilmegini talap etmek hukugyna eýedir.

3. Elýeterlilik hukuklary çäklendirilen elektron resminamanyň aýan edilmegi ýa-da şeýle maglumatyň gaýry bikanun ulanylmagy bilen baglylykda hukuklary we kanuny bähbitleri bozulan şahslar öz hukuklarynyň goralmagy üçin, şol sanda ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy, namysynyň, mertebesiniň we işewür abraýynyň goralmagy hakyndaky hak islegi bilen kazyýete bellenilen tertipde ýüz tutmaga haklydyr. Ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy baradaky talap maglumatyň ýaşyrynlygyny berjaý etmek we maglumaty goramak öz borçlary bolup duran şahs tarapyndan berlen halatynda, ol kanagatlandyrylyp bilinmez.


57-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär subýektleri we beýleki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.


58-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 3-4, 40-njy madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda) XХХIV bölegini.



Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 14-nji marty.

№ 226-VI.