Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y 

 

Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri 

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2005 ý¸  № 1¸ 5-madda)


(Türkmenistanyň 14.03.2020 ý. № 240-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, ýaşlaryň zähmete bolan hukugyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň, Halkara zähmet guramasynyň mejbury zähmeti ýatyrmak hakynda, Çaga zähmetiniň iň agyr görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda konwensiýalarynyň, şeýle hem zorlugy ulanmak arkaly ykdysady taýdan ezilmeginden çagany goramaklygy düzgünleşdirýän Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň kadalarynyň hökmany we dogry ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem onuň saglygy üçin howp döredip ýa-da onuň bilim almagyna päsgel berip biljek ýa-da onuň saglyk ýagdaýyna, beden, akyl we ruhy taýdan ösüşine zeper ýetirip biljek, wyždan azatlygy ýörelgesiniň amala aşyrylmagyna päsgel berip biljek ýagdaýlara ýol bermezlige gönükdirilen. 

 

1-nji madda.

On sekiz ýaşa ýetmedik adamlar bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmaga ýol berilmeýär (muňa Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda olar bilen zähmet şertnamasyny baglaşmaga ýol berilýän aýratyn halatlar degişli däldir).  

 

2-nji madda. 

Iş berijilere ‒ guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslara we fiziki şahslara on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmetini zähmet şertleri zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) işlerde ulanmak gadagan edilýär.

 

3-nji madda.

Ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara on sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryny hemişelik işlenilýän işlerde, aýratyn-da çagalaryň okuwdan alnyp galynmagy bilen baglanyşykly işlerde ulanmak çaganyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda berkidilen hukuklarynyň we bähbitleriniň bozulmagyna eltýändigi sebäpli gadagan edilýär. 

 

4-nji madda.

On sekiz ýaşa ýetmedik ýaşlaryň zähmetini goramak bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek borjy Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda iş beriji diýlip ykrar edilýän hemme iş berijilere degişlidir.

 

5-nji madda. 

On sekiz ýaşa ýetmedik çagalaryň, olaryň saglygyna ýa-da ahlak ösüşine zyýanly bolmadyk zähmet işi, onuň haýsy görnüşde amala aşyrylýanlygyna, wagtlaýynlygyna ýa-da möwsümleýinligine garamazdan, olaryň umumy orta bilim almagyna päsgel bermeli däldir.

 

 


Türkmenistanyň                                                 Saparmyrat

Prezidenti                                                             Türkmenbaşy     


Aşgabat şäheri

2005-nji ýylyň 1-nji fewraly

№ 5-III