Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 27-Ö belgili BUÝRUGY

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 27-Ö belgili 

BUÝRUGY

 

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek puluny tölemegiň tertibini hem-de Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak we tölemek boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 96-njy maddasynyň we Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek puluny tölemegiň tertibini;

2) Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak we tölemek boýunça Gözükdirijini.

2. Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we beýleki döwlet edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek puluny tölemegiň tertibiniň hem-de Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak we tölemek boýunça Gözükdirijiniň herekete girizilendigi barada habar bermeli.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                               M.Sylapow

 

Ylalaşyldy

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri                                                                         EAnnamuhammedow 

«25» fewral 2020 ý.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministri                                                           N. Amannepesow

«25» fewral 2020 ý.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 

Milli merkeziniň başlygy                                                               G.Ataýewa

«25» fewral 2020 ý.


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş

taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda

 çykaran 27-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we

döwlet kömek puluny tölemegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek puluny tölemegiň tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 96-njy maddasyna we Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 83-nji hem-de 85-nji maddalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny hasaplamagyň we tölemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertip guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen daşary ýurtly ýuridik şahslarynyň şahamçalary (mundan beýläk-kärhana) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler üçin hökmany bolup durýar.

 

II bap. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat


3. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsada şu aşakda görkezilýän aýallaryň göwreliliginiň 32 hepdesinden hukugy bardyr:

1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýänler;

2) harby gullugy, içeri işler edaralarynda gullugy geçýän, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri hökmünde gulluk edýän harby gullukçylar;

3) şol bir wagtda belli bir edarada işleýän umumy bilim edaralarynyň okuwçylaryna, başlangyç hünär bilimi, orta hünär bilimi hem-de ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplaryna, kliniki ordinatorlary, aspirantlary;

4) önümçilik tejribesi döwründe, haçan-da ýokary, orta ýa-da başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar işçi, gullukçy hökmünde işleýän bolsalar ýa-da oba hojalyk işlerine ugradylanda diňe önümçilik tejribesi gutarýança;

5) önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we akademiýalarda okaýanlar;

6) kärhanalaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly işden çykarylan aýal maşgalalaryň işden çykarylan pursatyndan üç aýdan köp bolmaly däldir.

4. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat 112 senenama gününden az bolmadyk dowamlylykda berilýär we çaga dogulmazyndan öňki we doglanyndan soňky rugsatlardan ybarat.

Çaga dogulmazyndan öňki rugsat işleýän (okaýan) aýallaryň göwreliligiň 32-nji (otuz iki) hepdesinden başlap dowamlylygy 56 (elli alty) senenama gününe barabar möhlet bilen berilýär.

Çaga möhletinden öň doglanda çaga dogulmazyndan öňki rugsadyň bellenilen dowamlylygy üýtgemeýär.

Çaga doglanyndan soňky rugsat 56 (elli alty) senenama güni dowamlylygynda berilýär. Çaganyň dogulmagy agyr bolup geçen halatynda göwrelilik möhletine garamazdan (öz wagtynda ýa-da wagtyndan öň), çaga doglanyndan soňky rugsat 16 senenama gününe, iki we ondan köp çaga doglanda (dogrumyň möhletine garamazdan çagalary diri bolan halatynda) – 40 senenama gününe uzaldylýar.

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly aýallara çaga dogulmazyndan öňki we çaga dogulanyndan soňky döwür üçin birwagtda, olaryň esasy iş (gulluk) ýerinden, aspiranturada, doktoranturada we akademiýada okaýan ýerinden tölenilýär.

5. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty bilen resmileşdirilýär. Göwreliligiň dowam edişine baglylykda, bejerýän lukmanyň çözgüdi boýunça, rugsat doly möhlet üçin ýa-da bölekleýin resmileşdirilip bilner.

6. Çagany (çagalary) perzentlige alan adama göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat, çaganyň perzentlige alnan gününden başlap, onuň doglan gününden soň 56 (elli alty) senenama gününi öz içine alýan döwür üçin bellenilýär.

7. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat aýallara şu aşakdaky şertlerde hem berilýär:

1) çaga möhletinden öň doglanda ýa-da göwreliligiň 154 güni tamamlanandan soň çaga düşen ýagdaýynda -çaga doglanyndan soňky rugsat;

2) kärhanalaryň işi wagtlaýyn togtadylanda - umumy esaslarda. Işi togtadylan kärhananyň işe girizileninden soň ýa-da ol ýapylandan soň göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat (başlanan wagtyna garamazdan) dowam eden halatynda, kömek puly işgäriň şol kärhananyň hereket eden döwründe alan gazanjyndan (zähmet hakyndan) ugur alnyp hasaplanylyp berilýär;

3) wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işlenilen döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat ýüze çykanda, - wagtlaýyn diýlip bellenilen döwür tamamlanýança şeýle gün bellenilmedik bolsa ýerine işlenilýän işgäriň işe çykan gününe çenli;

4) zähmet rugsady döwründe göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat ýüze çykanda – umumy esaslarda.

Şunlukda, her ýylky esasy rugsat göwrelilik we çaga dogurmak boýunça gabat gelen rugsadyň senenama günleriniň sanyna uzaldylýar.

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly her ýylky esasy rugsady döwründe bellenen halatynda döwlet kömek puly rugsadyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty bilen güwä geçilen ähli günleri üçin umumy esasda berilýär.

8. Haçan-da, çaga dogulmazyndan öňki we doglanyndan soňky rugsatlaryň döwürlerinde göwrelilik bilen bagly bolmadyk başga sebäplere görä wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy ýüze çykanda, çaga dogulmazyndan öňki (doglanyndan soňky) rugsady üçin belli bir güne çenli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň barlygy sebäpli, ikinji wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty şol döwür üçin aýallara berilmeýär.

Eger-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk dogrumdan soňky rugsadyň möhleti gutarandan soň hem dowam edýän bolsa, onda şol sebäpli onuň gutaran gününden täze wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty açylyp umumy düzgün boýunça uzaldylýar.


III bap. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak we tölemek

 

9. Saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty, ol ýitirilen halatynda bolsa - onuň öwezligi göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň  bellenilmegi üçin esas bolup durýar.

Beýleki resminamalar göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin esas bolup bilmeýär.

10. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly aýallaryň esasy iş (gulluk) ýeri boýunça, aspiranturada, doktoranturada we akademiýada okaýan ýeri boýunça tölenilýär.

11. Kärende şertlerinde, daýhan birleşiklerinde, daýhan ýa-da fermerçilik hojalyklarynda, ýuridik  şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçilerde zähmet çekýän aýallaryň, raýatlaryň öý hojalygynda zähmet şertnamasy esasynda işleýän aýallaryň, dini guramalarda işleýän aýallaryň hem göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet  kömek puluna hukugy bardyr.

12. Çaga (çagalar) perzentlige alnanda, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly perzentlige alnan gününden başlap, çaganyň doglan gününden soň elli alty senenama güni tamamlanýan döwür üçin hasaplanylýar.

13. Rugsat doly möhletde berlen ýagdaýynda, çaga doglan wagtynda ýa-da şondan soň aradan çyksa, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly tutulyp alynmaýar.

14. Çaga seretmek boýunça rugsatda bolup, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny alýan we göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsada çykýan aýallara, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly beýleki çaga üçin çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny alýandygyna garamazdan hasaplanylýar.

15. Işleýän maýyplygy bolan raýatlara göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly olara maýyplyk boýunça pensiýanyň (döwlet kömek pulunyň) tölenýändigine garamazdan doly möçberde berilýär.

16. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsada çykylmazyndan öňki on iki senenama aýynyň ortaça aýlyk we ortaça bir günlük zähmet hakyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

17. Ortaça aýlyk we ortaça bir günlük zähmet hakyny hasaplamak Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 131-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça bellenilýän döwlet kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük zähmet hakyny göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň senenama günleriniň sanyna köpeltmek arkaly hasaplanylýar.

18. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyna çykýan pursatynda iş (gulluk) döwri on iki senenama aýyndan az bolan aýallara ortaça aýlyk zähmet haky hakyky işlenilen senenama aýlary üçin hasaplanylýar.

19. Çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan aýal maşgala göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlende, döwlet kömek puly göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyna çykan aýynda wezipe sanawyndaky degişli wezipe boýunça bellenilen wezipe aýlyk hakyndan ýa-da tarif möçberinden hasaplanylýar.

Başga ýagdaýlarda (potratçylyk esasynda zähmet haky tölenilende we ş.m.) döwlet kömek pulunyň aýdaky möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýän iň pes aýlyk hakyndan pes bolmaly däldir.

20. Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda zähmet haky ýokarlandyrylanda göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy üçin kabul edilýän zähmet haky, zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.


IV bap. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri


21. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary:

1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda – olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralarda – zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna olaryň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinde bölünip berlen serişdeleriň çäginde maliýeleşdirilýär.

22. Kesgitli bahalar we tarifler boýunça önüm öndürýän we hyzmat edýän, ýitgi çekip işlemegi meýilnamalaýyn göz öňünde tutulan hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar, guramalar we edaralar göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek boýunça çykdajylary meýilnamalaýyn ýitgileriň üstüni ýapmak üçin alynýan ýardam pulunyň hasabyna amala aşyrýarlar.


V bap. Býujet edaralary we guramalary tarapyndan göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin töleg resminamalaryny resmileşdirmek we geçirmek


23. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin býujet we töleg resminamalaryny resmileşdirmek, zähmet hakyny tölemek üçin býujet we töleg resminamalarynyň resmileşdirilişi ýaly amala aşyrylýar.

24. Býujet edaralary töleg resminamalary bilen birlikde, býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet kömek puluny tölemek üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler barada kepilnama (şu Tertibe goşundy) boýunça, býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet kömek puluny tölemek üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler baradaky güwänamany berýärler.

 

VI bap. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek we olary çykdajylaryň çenlikleriniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatda görkezmek


25. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda 832 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň harçlanylyşyna gözegçilik etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2015-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran 1-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň harçlanylyşyna gözegçilik etmegiň tertibine laýyklykda, Merkezleşdirilen we ýerli býujetde durýan edaralar boýunça kassa ýüztutmalaryny resmileşdirmek, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça  döwlet kömek puluny tölemek üçin çykdajylary bölüp bermezden, 1.1."Döwlet gullukçylarynyň zähmet haky" maddasy boýunça amala aşyrylýar.

Merkezleşdirilen býujetde durýan edaralar boýunça çykdajylaryň tertibini resmileşdirmek we ýerli býujetdäki edaralar boýunça maliýeleşdirmek, şeýle hem hakyky gerek bolan nagt serişdeler baradaky güwänamalar, çykdajylaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda: zähmet hakyny hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin amala aşyrylýar.

26. Döwlet kömek pullaryny tölemek üçin kassa çykdajylary 3.3. "Ilata geçirmeler" maddasynyň ykdysady toparlara bölmegiň degişli kiçi maddalary boýunça (3.3.1. göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly) degişli edilýär. 3.3.1 kiçi madda boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin kassa çykdajylary şu kiçi madda boýunça karzlary açmak bilen, 1.1. maddada göz öňünde tutulan serişdeleriň umumy möçberiniň çäklerinde amala aşyrylýar.

27. Býujet edaralarynda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleri göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda maliýeleşdirmek aşakdaky tertipde geçirilýär:

1) merkezleşdirilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça – ulgamynda býujet edarasy bolan ministrlik (pudaklaýyn dolandyryş edarasy) boýunça tutuşlygyna alanyňda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, şunda býujet bellemelerine degişli takyklama girizilýär;

2) ýerli býujetlerden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça – ulgamynda býujet  edarasy bolan, welaýat, şäher, etrap, häkimliginiň Müdirligi (bölümi) boýunça tutuşlygyna alanyňda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, onuň ýeterlik bolmadyk halatynda bolsa, tutuşlygyna alanyňda welaýat, şäher, etrap býujeti boýunça zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, şunda býujet bellemelerine degişli takyklama girizilýär, geňeşligiň býujetlerden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça-degişli etrabyň býujetiň zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna.

28. Şu Tertibiň ýigrimi ýedinji böleginde görkezilen tygşytlanan serişdeler ýeterlik bolmadyk ýa-da ýok bolan halatynda göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujeti boýunça tutuşlygyna alanyňda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Býujet bellemelerine takyklama girizmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri tarapyndan kabul edilýär.

29. Şu Tertipde bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär


Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça

rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek

 puluny tölemegiň tertibine

Goşundy


Býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet kömek puluny tölemek üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler barada

kepilnama


20____ ýylyň _________________aýy


_________________________________________________________ boýunça

(ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy, edara)


Kepilnamanyň düzülen senesi 20__ ýylyň __________aýynyň   "____"


Kömek puluny alýanlaryň sany _______________ adam


şol sanda:  göwrelilik we çaga dogurmak boýunça __________ adam


20__ ýylyň ______ aýynyň "___" ___ belgili sanaw boýunça hasaplanyp

ýazylan kömek puly______________________________________ müň manat


şol sanda: göwrelilik we çaga dogurmak boýunça ___________ müň manat


Tölemek üçin (pul möçberleri sanlar we söz bilen ýazylýar)________________

_______________________________________________________________


 ________________ belgili çek boýunça.


                Edaranyň ýolbaşçysy                                        ________________

                                                                                                        (goly) (familiýasy, ady)

                Baş buhgalter                                                   _________________

                                                                                                         (goly) (familiýasy, ady)

edaranyň

m.ý.


Gaznaçylygyň jogapkär işgäriniň berlen resminamalaryň

laýyklygy barada bellikleri


gaznaçylygyň jogapkär işgäriniň                                       __________________

                                                                                                            (goly) (familiýasy, ady)

gaznaçylygyň                   

möhürçesi                           


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş

taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda

 çykaran 27-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny

hasaplamak we tölemek boýunça

Gözükdiriji

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak we tölemek boýunça Gözükdiriji (mundan beýläk- Gözükdiriji) Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 154-nji maddasyna we Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 82-nji maddalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamagyň we tölemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Gözükdiriji guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen daşary ýurtly ýuridik şahslarynyň şahamçalary (mundan beýläk-kärhana), ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler üçin hökmany bolup durýar.


II bap. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna hukuk we onuň möhleti

 

3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna, işleýän döwründe umumy kesellemäniň, zähmet şikesiniň, hünär keseli bilen näsaglamagyň netijesinde zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren we saglygy goraýyş edarasy tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berlen adamlaryň hukugy bardyr.

4. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almaga şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:

1) näsaglyk ýa-da zähmet şikesini almagyň netijesinde saglygy goraýyş gözegçiliginde bolmaga we saglygyny dikeltmäge mätäç adamlar - zähmete ukypsyzlygynyň ilkinji gününden başlap onuň doly sagalan ýa-da maýyplygynyň kesgitlenen wagtyna çenli döwürde;

2) hünär keseli ýa-da inçekesel, ýa-da bedende ýokanç keselleri döredijileriň bardygy bilen baglanyşykly başga işe geçirilende - iki aýdan köp bolmadyk döwürde;

3) ýokanç keselleriň dörän ýerlerindäki işden çetleşdirilenlere - karantin düzgününiň dowam edýän döwründe;

4) mekdebe çenli çagalar edaralarynda karantin düzgüni girizilen döwürde çaga seretmek boýunça- 14 senenama gününden köp bolmazdan.

5) mekdebe çenli çagalar edaralarynda syrkawy aýrybaşdan saklamak düzgüni girizilende çaga seretmek üçin;

Gatnaw şertlerinde bejergi alnanda:

6) maşgalanyň näsag agzasyna seredýänler - 7 senenama günden köp bolmazdan;

7) 14 ýaşy dolmadyk näsag çaga seredýänler - 14 senenama günden köp bolmazdan;

Ýatymlaýyn şertlerde bejergi alnanda:

8) ýatymlaýyn bejergi alýan, 7 ýaşyna çenli näsag çaga seretmek, şeýle hem çylşyrymly operasiýadan, şikesden ýa-da ýanmakdan soňky döwürde agyr keselden ejir çekýän 14 ýaşy dolmadyk çaga seretmek boýunça -122 senenama gününden köp bolmadyk döwür.

5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda 1251 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda çykaran 221 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilermenler seljermesini geçirmegiň Tertibine laýyklykda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň hakyky dowamlylygy kesgitlenilýär we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanýar.

6. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin esasy resminama bolup durýar. Beýleki resminamalar şol döwlet kömek pulunyň tölenilmegi üçin esas bolup bilmez.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty ýitirlen halatynda, iş ýerinden häzirki wagtda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmändigi barada kepilnama getiren ýagdaýynda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny beren saglygy goraýyş edara tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň nusgasy berilýär.

7. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň berlişi, uzaldylyşy we ýapylyşy saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenen tertipde raýatlaryň ýaşaýan ýerleri boýunça ýa-da beýleki ygtyýarly saglygy goraýyş edaralary tarapyndan: alty senenama gününe çenli-özbaşdak berilmegi arkaly; ýediden otuz senenama gününe çenli soňky gününi hasaba goşmak bilen bölüm müdiriniň ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

Saglygy goraýyş edarasy göz öňünde tutulmadyk wahta iş usuly boýunça we oba ýerlerinde işleýän syrkawlara şol ýerdäki lukmançylyk nokatlarynyň feldşeri ýa-da bejeriji lukmany tarapyndan geçirilen lukmançylyk barlagynyň esasynda, otuz senenama gününe çenli soňky gününi hasaba goşmak bilen döwre wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär.

8. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilen bagly näsag adamyň saglygy goraýyş edarasyna işden boşadylan gününde ýüz tutanda, oňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty şu gün berilýär we umumy esaslara görä onuň möhleti uzaldylýar hem-de degişli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilýär. Işden boşadylandan soň ertesi gün näsag adam saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutsa, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär we döwlet kömek puly bellenilmeýär.

9. Kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly işden boşadylan ýarawsyz raýatlaryň işden boşadylanyndan soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işe ýerleşmek üçin bellenilen döwürde üç aýyň dowamynda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.

10. Işden boşatmagy bile bagly jedel dörän döwründe wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýüze çykanda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly işgär yzyna işe dikeldilen halatda bellenilýär. Şunda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly yzyna işe dikeltmek hakyndaky zähmet jedellerine garaýan edaranyň çözgüdi çykarylan gününden başlap tölenilýär.

11. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy hemişelik ýaşaýan ýerinden başga ýerde ýüze çykan raýatlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty olaryň wagtlaýyn bolan ýerindäki  saglygy goraýyş edarasynyň lukmanlary, feldşerleri tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy anyklanan ilkinji gününden şol edaranyň baş lukmanynyň (direktorynyň, baş direktorynyň) tassyklamasy esasynda berilýär.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty ýapylanda bejeriji lukmanyň, feldşeriň we saglygy goraýyş edarasynyň baş lukmanynyň (direktorynyň, baş direktorynyň) goly hem-de tugraly möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

12. Türkmenistanyň raýaty ýurdumyzyň çäginden daşynda zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren ýagdaýynda (ýiti kesellerde, dowamly keselleriň ýitileşmeginde, şikes alnanda we ş.m.) olara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty degişli saglygy goraýyş edarasynyň lukmanlary, feldşerleri tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň anyklanan ilkinji gününden ony anyklanan saglygy goraýyş edarasynyň baş lukmanynyň (direktorynyň, baş direktorynyň) tassyklamasy esasynda berilýär. Näsagyň bejergide bolan edarasy tarapyndan tassyklanan we möhürlenen saglygy goraýyş resminamalary (ambulator depderçesinden ýa-da kesel taryhyndan göçürme, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň berilmegine esas bolup biler.

13. Her ýylky esasy zähmet rugsadynda bolýan döwründe işgäriň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy ýüze çykan halatynda, zähmet rugsadynyň günleri şol döwüre gabat gelýän wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň senenama günleriniň sanyna uzaldylýar ýa-da rugsat başga bir wagta geçirilýär.

14.Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda 1251 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda çykaran 221 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk  bilermenler seljermesini geçirmegiň Tertibinde bellenilen kada laýyklykda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň berilmeýän ýagdaýlarynda wagtlaýyn zähmete ukypzylyk boýunça döwlet kömek puly bellenilmeýär.

15. Raýat zähmet haky tölenilmeýän rugsatda, şol sanda çaga üç ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek üçin rugsat döwründe bolanda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýüze çyksa, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty we döwlet kömek puly berilmeýär we rugsat uzaldylmaýar. Zähmet haky tölenilmeýän rugsady gutaryp, haçan-da syrkaw işe çykmaly wagty keseli dowam etse, onda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty umumy esaslarda berilýär we işe çykmaly gününden başlap wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilýär.

Şu halatlarda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilmeýär:

1) umumy bilim edaralarynyň okuwçylaryna, başlangyç hünär bilimi, orta hünär bilimi hem-de ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplaryna, kliniki ordinatorlara, aspirantlara we jemgyýetçilik zähmeti bilen meşgullanmaýan raýatlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär. Şunda görkezilen şahslar şol bir wagtda belli bir edarada işleýän bolsalar onda olara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär;

2) önümçilik tejribesi döwründe, haçan-da ýokary, orta ýa-da başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar işçi, gullukçy hökmünde işleýän bolsalar ýa-da oba hojalyk işlerine ugradylanda wagtlaýyn zähmete ukyplylygyny ýitiren ýagdaýynda, diňe önümçilik tejribesi gutarýança wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär. Eger şikes ýa-da keseliň geçişi uzaga çeken ýagdaýynda, önümçilik tejribesinden soň, okap başlan wagtynda hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk dowam etse, onda ony tassyklaýan resminama kepilnama bolup durýar;

3) dowamly keselli syrkawlara keseliň ýitileşmedik döwründe hem-de şol syrkawlara seretmek üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilmeýär;

4) syrkawyň ýatymlaýyn bejergi almaklygy ýaşaýyş üçin zerur bolup, syrkawyň özüniň we hossarlarynyň bejergiden ýüz dönderen halatynda onuň hossaryna syrkawa seretmek üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär;

5) daşary ýurt döwletinde maslahatda ýa-da bejergide bolan syrkaw çaganyň ata-enesine ýa-da başga garyndaşyna wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilmeýär. Bu ýagdaý saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen netijenamasy ýa-da maslahaty esasynda Türkmenistanyň çäginden daşary ýurda maslahata ýa-da bejergä iberilýän syrkawlara degişli däldir. Şunda bu barada berlen maslahat saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen resmileşdirilmeli;

Adamyň her ýylky esasy rugsadyndan peýdalanýan döwründe näsag çaga     ýa-da başga mätäçlik çekýän maşgala agzasyna seretmeli bolan halatynda, seredýäniň zähmet rugsadynyň uzaldylmagy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Näsag çaganyň ýa-da başga mätäçlik çekýän maşgala agzasynyň ýarawsyzlygy, seredýäniň esasy zähmet rugsady tamamlanandan soň hem dowam etse, onda döwlet kömek puly işgäriň işe çykmaly gününden başlap tölenilýär.

16. Maýyplygy bolan çaga seretmek üçin, eger-de, maýyplygy bolan çagada gaýragoýulmasyz ýagdaýlary (keseliniň ýitileşmegi, ýokanç keseller ýokuşmagy) ýüze çykanda, oňa seretmek üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty açylýar we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilýär.

17. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berilýän wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty esasynda işgäriň esasy iş ýerinde (gullugynda) bellenilýär we tölenilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty işe çykylan güni iş berijä (kärhananyň ýolbaşçysyna) berilýär.

Esasy iş ýerinden başga utgaşdyrmak boýunça iş ýeri bolan adamlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly utgaşdyrmak boýunça zähmet haky nazara alynman, esasy iş ýerindäki zähmet hakyndan ugur alnyp bellenilýär we tölenilýär.

18. Uzak wagtlap zähmete ukyplylygyny ýitirenlere şol bir kesel boýunça üznüksiz 4 (dört) aýa ýa-da umumylykda arakesmeli 5 (bäş) aýa çenli soňky bir ýylyň dowamynda, ilkinji gezek inçekesel bilen kesellänlere üznüksiz 10 (on) aýdan (300-üç ýüz senenama günden) köp bolmadyk ýa-da umumylykda soňky iki ýylyň dowamynda arakesmeli jemi 12 (on iki) aýa (bir ýyla) çenli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär. Şol görkezilen möhletler geçenden soň syrkaw lukman maslahat beriş toparynyň (mundan beýläk – LMBT) üsti bilen maýyplyk toparyny anyklamak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary (mundan beýläk - HMAT) HMAT-a iberilýär.

Haçanda HMAT syrkawa gutulýança bejerilmek üçin rugsat beren ýagdaýynda, seljeriş toparyň görkezen möhletine çenli ýa-da kliniki we zähmet çaklamasy seljerilýänçä, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly tölenilýär we ýöne bu döwür seljeriş geçirilen gününden başlap 4 (dört) aýdan köp bolmaly däldir.

19. Işleýän pensiýa alýan raýatlaryň we işleýän maýyplygy bolan adamlaryň (inçekesele ýolukmagy sebäpli maýyp diýlip ykrar edilenler muňa girmeýär) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy inçekesele ýolukmagy sebäpli ýüze çykanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty olar doly sagalýança, ýöne üznüksiz 10 (on) aýdan (300 (üç ýüz) senenama gününden) köp bolmadyk we iki ýylyň dowamynda umumylykda arakesmeli 12 (on iki) aýdan (bir ýyldan) köp bolmadyk möhlete bellenilýär. Inçekesele ýolukmagy sebäpli maýyp diýlip ykrar edilen işleýän maýyplaryň şol keseli ýitileşende olara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty üznüksiz 4 (dört) aýdan köp bolmadyk, soňky 12 (on iki) aýyň (bir ýylyň) dowamynda arakesmeli 5 (bäş) aýdan (150 - bir ýüz elli) senenama günden köp bolmadyk möhlete bellenilýär.

20. Göwreli aýallaryň göwreliliginiň emeli usul bilen aýrylmagy lukmançylyk amaly bilen baglanyşykly halatda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly umumy esasda bellenilýär.

21. Kanuna garşy gelmeýän hereketler bilen bagly bolmadyk halatlarda, zähmet şikesiniň alynmagy netijesinde zähmete ukypsyzlyk ýüze çykanda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly şu ýagdaýlarda bellenilýär:

a) işgär öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirende, şol sanda iş berijiniň bähbitleri üçin hereket edip, tabşyryk berilmedik halatlarynda işleri ýerine ýetirende (oňa gulluk iş sapary wagty hem girýär);

b) işgär öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirende iş beriji tarapyndan berlen ulag bilen ýa-da ýolbaşçynyň rugsady esasynda resmileşdirilen özara ylalaşyk boýunça işgäre degişli bolan ulag bilen (şol sanda, iş beriji ulag serişdesi bilen üpjün etmedik ýagdaýynda, öz hususy awtoulagynda ýa-da hakyna tutma ulag serişdesinde) başga bir iş ýerine baranda ýa-da işden gaýdyp gelende;

ç) kärhananyň çäginde ýa-da kärhanadan daşarda iş wagtynda, şol sanda kesgitlenen arakesmelerde;

d) Iş berijiniň görkezmesi esasynda geçirilýän ýerine garamazdan, köpçülikleýin jemgyýetçilik çärelere gatnaşanda;

e) iş berijiniň enjamlarynda, abzallarynda we önümçilik desgalarynda;

ä) iş berijiniň ulag serişdelerinde we ulag serişdeleriniň duralgalarynda, şeýle hem gäminiň giren portunda, wahta şäherçesiniň çäginde, iş çalşygyndan dynç alyş wagtynda;

f) wahta görnüşindäki iş çalşygynyň dowamynda;

g) iş wagtynda hakyky iş ýerinden iş alnyp barylýan beýleki desgalara ulag serişdelerinde ýa-da pyýada gidende;

h) işgäriň iş wagty hususy ulagynda, onuň gulluk iş saparlary üçin ulanmaga iş berijiniň resmi buýrugy ýa-da dil üsti bilen berlen tabşyrygy bolan mahaly;

j) iş ýerinde tassyklanan tertip boýunça nobatçylyk geçirende;

k) iş wagtynda ýerine ýetirýän işi bilen baglanyşykly başga bir adam tarapyndan saglygyna zeper ýetirilende ýa-da bilkastlaýyn öldürilende. Derňew topary şeýle betbagtçylykly hadysa hakynda ykrarnamany düzmek we ony hasaba almak meselelerini degişli hukuk goraýjy edaralaryň netijenamasy esasynda çözýär;

l) öz işine degişli bolmazdan betbagtçylyga uçranlara kömek bermek bilen raýatlyk borjuny ýerine ýetirende.

22. Zähmet şikesi sebäpli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilen önümçilikdäki betbagtçylykly hadysa hakynda ykrarnama bar bolan ýagdaýynda döwlet kömek puly bellenilýär.

23. Wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işlän döwründe wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan adama döwlet kömek puly başga biriniň ýerine işlemeli döwri tamamlanýan gününe çenli, şeýle gün bellenilmedik bolsa-ýerine işlenilýän adamyň işe çykan gününe çenli bellenilýär.

24. Kärhananyň işi wagtlaýyn togtadylan (duruzylan) döwründe, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýüze çykan halatynda, döwlet kömek puly umumy esaslarda tölenilýär.

25. Işgär töweregindäki adamlaryň kesellemegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary tarapyndan çetleşdirilen bolsa, oňa döwlet kömek puly ýokanç kesele baglylykda karantin döwri üçin berilýär.

26. Eger işgär inçekesele ýa-da hünär keseline ýolukmagy sebäpli öz zähmet borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, ýöne bejerişiň kadaly akymyny bozman, başga bir işi ýerine ýetirip bilýän bolsa, onda lukmanlaryň maslahat beriş toparynyň (LMBT) netijenamasy boýunça, şeýle topar döredilmedik halatynda bolsa bejeriji lukmanyň saglygy goraýyş edarasynyň baş lukmany tarapyndan tassyklanylan netijenamasy boýunça ol şeýle işe wagtlaýyn geçirilýär. Başga işe geçirilmeli döwür kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşylyp iş beriji tarapyndan çözülýär.

Eger işgäriň wagtlaýyn geçirilen işi üçin onuň öňki iş hakyndan az tölenilýän bolsa, onda döwlet kömek puly başga işe geçirilen döwrüniň bütin dowamynda, ýöne 2 (iki) aýdan uzak bolmadyk möhlet üçin berilýär.

Wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly umumy kadalar boýunça hasaplanylýar, ýöne ýerine ýetirilýän iş boýunça zähmet hakynyň möçberine goşulanda şol işe geçirilmänkä alýan hakyky zähmet hakyndan köp bolmaz ýaly möçberde tölenilýär.

27. Wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly ähli halatlarda işgär başga işe geçirilmände oňa berilmäge degişli kömek pulunyň möçberinden köp bolmaly däldir.

Şunda, hünär keseli sebäpli başga işe geçirilene kömek puly onuň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda kärhananyň oňa öňki zähmet haky bilen täze iş boýunça zähmet hakynyň arasyndaky tapawudy tölemegine hukugy bolmanda tölenilýär.

28. Eger başga iş, iş beriji tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynda görkezilen möhletlerde hödürlenmese, onda bu sebäpli boş geçirilen günler üçin wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly umumy esaslarda berilýär.

29. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň protez-ortopediki önümçilik bölüminde ýerleşdirilende döwlet kömek puly bölüminde bolnan wagt üçin hem-de bölümine barmaga we yzyňa gaýtmaga sarp edilýän wagt üçin berilýär.

30. Ýeňillikler boýunça söweş hereketleriniň maýyby bolan adamlara deňleşdirilen, işleýän we maýyplygy bolan adamlara zähmet şikesi sebäpli ýa-da hünär keselinden başgalaryna eger-de kanunçylykda başgalar göz öňüne tutulmadyk bolsa, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly üznüksiz 4 (dört) aýa çenli möhletde bellenilýär. Maýyplygy radiasiýa betbagtçylygynyň we heläkçilikleriň zyýanly netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek sebäpli ýüze çykan, işleýän maýyplygy bolan adamlara-da döwlet kömek pullary hut şol möhletlerde bellenilýär. 

31. Eger işleýän maýyplygy bolan adamyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň sebäbi zähmet şikesi ýa-da hünär keseli bolsa, onda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty syrkaw sagalýança ýa-da maýyplyk toparynda gaýtadan seredilýänçä, ýöne yzygider 4 (dört) aýdan köp bolmadyk möhlete çenli berilýär.     

32. Işleýän maýyplygy bolan adamlarda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýüze çyksa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly olaryň maýyplyk üçin döwlet kömek puluny (pensiýasyny) alýandygyna garamazdan, doly möçberde bellenilýär.

33. Möwsümleýin ýa-da wagtlaýyn işlerde işleýän adamlara zähmet şikesi ýa-da hünär keseli netijesinde wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty sebäpli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly umumy esaslarda berilýär, beýleki sebäpler esasynda dörän wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bolsa - diňe olaryň önümçiligiň şertleri boýunça hakykatda işe çekilmeli günleri üçin berilýär.

34. Kärende şertlerinde, daýhan birleşiklerinde, daýhan ýa-da fermerçilik hojalyklarynda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçileriň hakyna tutma şertlerinde işleýän adamlaryň, raýatlaryň öý hojalygynda zähmet şertnamasy boýunça işleýänleriň, dini guramalaryň işgärleriniň hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.

35. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, işgäriň günäsi bilen işden çetleşdirilmegi (işe goýbermezligi) netijesinde zähmet hakynyň tölegi togtadylyp işlemedik döwründe zähmete ukypsyzlyk ýüze çykan halatynda, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilmeýär.

Eger zähmete ukypsyzlyk işgäriň işlemegine ygtyýar berlenden soň hem dowam etse, onda döwlet kömek puly işgäriň işe çykmaly gününden başlap tölenilýär.

36. Işgär öz günäsi bolmazdan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk babatynda okuw geçmedikligi, bilimleriň we endikleriniň barlagyny we hökmany deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini geçmedikligi, aýratyn goralýan zonalara ygtyýar almadyklygy sebäpli işden çetleşdirilen halatlarynda oňa edil boş durlandaky ýaly işden çetleşdirilmeginiň bütin döwri üçin töleg geçirilýär we şol döwürde ýokardaky sebäpler boýunça işden çetleşdirilip kesellän ýagdaýynda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly tölenilýär.

36. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň başlanmagynyň öň ýanynda esasly sebäpler bolmazdan işe gelmedik işgärlere gelmedik gün üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly bellenilmeýär.

37. Wahta usulynda işleri ýerine ýetirýän işgärleriň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy olara wahta aralygynda berilýän dynç (boş) günlerinde ýüze çykan bolsa, dynç günleri bilen gabat gelen günleri üçin zähmete ukypsyzlyk döwlet kömek puly tölenilmeýär. Eger-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk dynç günler tamamlanandan soň hem dowam etse, onda döwlet kömek puly işgäriň işe çykmaly gününden başlap tölenýär. Şunda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen we iş wagtyň kadalaryna laýyklykda düzülen iş tertipnamasy boýunça, zähmete ukypsyzlyk netijesinde goýberilen iş sagatlary üçin döwlet kömek puly bellenilýär.


III bap. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek

pulunyň möçberini hasaplamak


38. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 131-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde, ortaça aýlyk we ortaça günlük hasaplanan zähmet hakynyň hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň senenama günlerde bolan dowamlylygy esasynda hasaplanylýar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi hasaplananda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenilýän zähmet hakynyň ähli görnüşine şol sanda rugsatlaryň tölegleriniň jemini hasaba almak bilen (esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky, şeýle hem zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamy bilen şertlendirilmedik tölegler girmeýär) hakyky iş hakyna goşulýar.

Ortaça bir günlük iş hakynyň möçberi ortaça bir aýlyk iş hakyny 29,7-ä bölmek ýoly bilen hasaplanylýar.

Eger-de işgärleriň ýagdaýyny kynlaşdyrmaýan bolsa, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, zähmete ukypsyzlygy ýitirmeginiň öň ýanyndan gelýän iki senenama aýyň ortaça aýlyk we ortaça günlük zähmet hakyndan hasaplanyp bilner.

39. Ýyllyk (çärýeklik) işiň jemleri boýunça höweslendirme ortaça zähmet hakynyň möçberinde göz öňünde tutulýar, ol bolsa zähmet hakynyň umumy möçberini şol döwürdäki (çärýekdäki, ýyldaky) aýlaryň sanyna bölmek arkaly kesgitlenilýär.

Eger-de zähmet hakyny hasaplamak üçin alynýan döwürde işgär tertipnama (grafik) boýunça ähli günlerini işlemedik bolsa, onda höweslendirmeleriň ortaça aýlyk möçberi her aýda işlenilen wagta barabarlykda hasaplanylýar.

40. Döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin kesgitlenilýän döwürde raýatyň kesellemeginiň netijesinde öň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puluny alan bolsa ýa-da zähmet haky tölenmesiz zähmet rugsadynda bolan bolsa we beýleki ýagdaýlarda, onda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly işgäre hasaplanan hakyky zähmet hakyndan we onuň şol döwürde işlän hakyky wagtyndan ugur alnyp bellenen tertipde hasaplanylýar.

41. Eger-de kömek puluny hasaplamak üçin döwrüň dowamynda, işgäriň doly işlän aýy we bellenilen aýlyk haky bolmasa, (uzak wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, boş durmagy bilen bagly zähmet haky tölenilmeýän rugsat we beýlekiler), onda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň görkezilen gününde bellenen wezipe hakyndan (tarif möçberinden) hasaplanylýar.

Başga ýagdaýlarda döwlet kömek pulunyň aýdaky möçberi (potratçylyk esasynda zähmet haky tölenilende we ş.m.) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýän iň pes zähmet hakyndan pes bolmaly däldir.

Işe täzeden kabul edilen ýa-da zähmet işiniň arasyny bölen, şol sanda çaga seretmek boýunça rugsatda bolup işe çykan adamlar üçin, kömek puluny hasaplamak üçin göz öňüne tutulan döwürden az döwürde işlän işgärler üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzyk boýunça döwlet kömek puly ýokarda agzalan tertibe laýyklykda hasaplanýar.

42. Wahta usulynda işleri ýerine ýetirýän işgäriň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly hasaplananda bir sagatlaýyn ortaça iş haky (ortaça sagatlaýyn iş haky) hasaplanýar. Ortaça sagatlaýyn iş haky zähmete ukypsyzlygyň ýüze çykan aýyndan hakyky işlenen, emma wahtanyň bellenen dowamlylygyndan köp bolmadyk ähli sagatlar üçin zähmet hakynyň umumy möçberini şol sagatlaryň sanyna bölmek bilen kesgitlenýär. Döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak işgäriň ortaça sagatlaýyn iş hakynyň we wahtada iş tertibi boýunça iş sagatlarynda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň dowamlylygynyň esasynda geçirilýär.

43. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça bellenilýän döwlet kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük zähmet hakynyň wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolunan senenama günlere köpeldilmeginden alnan ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylara deňdir:

1) 60 göterim – iş döwrüniň dowamlylygy 5 ýyla çenli bolan ýagdaýynda;

2) 80 göterim – iş döwrüniň dowamlylygy 5 ýyldan 8 ýyla çenli bolan ýagdaýynda;

3) 100 göterim – iş döwrüniň dowamlylygy 8 ýyl we ondan köp bolan ýagdaýynda.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin alynýan iş döwri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksiniň 29-njy maddasyna laýyklykda hasaplanylýar.

44. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan, şu Gözükdirijiniň kyrk altynjy böleginiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanylan ululygyň 100 göterim möçberinde şu aşakdakylara tölenilýär: 

1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy zähmet şikesi ýa-da hünär keseli sebäpli ýüze çykan adama;

2) 18 ýaşy dolmadyk adama;

3) 21 ýaşy dolmadyk ýetim (ata-enesiniň howandarlygyndan galan) adama;

4) bellenilen tertipde maýyp diýlip ykrar edilen adama;

5) 18 ýaşyna çenli maýyplygy bolan çagany terbiýeleýän ýa-da öz eklenjinde 16 ýaşy dolmadyk üç ýa-da şondan köp çagalary bolan enä (hossara, howandarа);;

6) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy donorlyk wezipelerini ýerine ýetiren mahaly ýüze çykan adama;

7) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranyna;

8) kesellemegine ionlaşdyryjy we rentgen şöhlelenmesi sebäp bolan adama.

45. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi we senenama aýy üçin berilýän zähmet haky bilelikde alnanda iki aýlyk zähmet hakyndan ýa-da iki tarif möçberinden ýokary bolmaly däldir.

46. Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda zähmet hakynyň möçberi ýokarlandyrylanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän zähmet haky, zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.

47. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puluna salgyt salmaklyk Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


IV bap. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet

kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri


48. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly:

1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda – olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralarda – zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, olaryň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinde bölünip berlen serişdeleriň çäginde maliýeleşdirilýär.

49. Býujet edaralarynda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleri döwlet kömek puluny tölemek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda maliýeleşdirmek aşakdaky tertipde geçirilýär:

1) Merkezleşdirilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça – ulgamynda býujet edarasy bolan ministrlik (pudaklaýyn dolandyryş edarasy) boýunça tutuşlygyna alanyňda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, şunda býujet bellemelerine degişli takyklama girizilýär;

2) ýerli býujetlerden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça:

a) ulgamynda býujet  edarasy bolan, welaýat, şäher, etrap, şäherdäki etrabyň, etrap hukukly şäheriň, häkimliginiň Müdirligi (bölümi) boýunça tutuşlygyna alanyňda zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, onuň ýeterlik bolmadyk halatynda bolsa, tutuşlygyna alanyňda welaýat, şäher, etrap, býujeti boýunça zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, şunda býujet bellemelerine degişli takyklama girizilýär, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça- olaryň tutuş býujeti boýunça zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna.

Býujet bellemelerine takyklama girizmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri tarapyndan kabul edilýär.

50. Kesgitli bahalar we tarifler boýunça önüm öndürýän we hyzmat edýän, meýilnamalaýyn-ýitgili hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin çykdajylary meýilnamalaýyn ýitgileriň üstüni ýapmaga gönükdirilýän ýardam pulunyň hasabyna amala aşyrýarlar.


V bap. Býujet edaralar tarapyndan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin töleg resminamalaryny resmileşdirmek we geçirmek


51. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin býujet we töleg resminamalaryny resmileşdirmek, zähmet hakyny tölemek üçin býujet we töleg resminamalarynyň resmileşdirilişi ýaly amala aşyrylýar.

52. Býujet edaralary töleg resminamalary bilen birlikde, býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet kömek puluny tölemek üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler barada kepilnama (şu Tertibe goşundy) boýunça, býujet edaralarynyň işgärlerine kömek puluny tölemek üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler baradaky güwänamany berýärler.

 

VI bap. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwletiň kömek puluny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek we olary çykdajy

sanawlarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatda görkezmek


53. Merkezleşdirilen we ýerli býujetde durýan edaralar boýunça kassa ýüztutmalaryny resmileşdirmek, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylary bölüp bermezden 1.1."Döwlet gullukçylarynyň zähmet haky" maddasy boýunça geçirilýär.

Merkezleşdirilen býujetde durýan edaralar boýunça çykdajy rejenamalaryny (raspisniýe) resmileşdirmek we ýerli býujet edaralary boýunça maliýeleşdirmek, şeýle hem hakyky gerek bolan nagt serişdeler baradaky güwänamalar, zähmet hakyny hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek boýunça çykdajylaryň her biri babatda resmileşdirmek işleri amala aşyrylýar.

54. Döwlet kömek puluny tölemek boýunça kassa çykdajylary ykdysady toparlanmanyň (klassifikasiýasynyň) 3.3. “Ilata geçirmeler” maddasynyň 3.3.3. kiçi maddasyna (wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puluny tölemek) degişli edilýär. 3.3.3. kiçi madda boýunça döwlet kömek puluny tölemek üçin kassa çykdajylary 1.1. maddada göz öňünde tutulan pul serişdeleriniň umumy möçberiniň çäklerinde bu kiçi madda üçin karzlaryň açylmagy bilen amala aşyrylýar.

55. Şu Gözükdiriji  bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär


Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça

döwlet kömek puluny hasaplamak we

tölemek boýunça Gözükdirijä

goşundy


Býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet kömek puluny tölemek

üçin hakyky zerur bolan nagt serişdeler barada

kepilnama

 

20____ ýylyň _________________aýy


________________________________________________________ boýunça

(ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy, edara, kärhana, gurama)


Kepilnamanyň düzülen senesi 20___ ýylyň __________aýynyň   "______"


Döwlet kömek puluny alýanlaryň sany _______________ adam


şol sanda: wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça __________ adam


20__ ýylyň ______ aýynyň "___" ___ belgili sanaw boýunça hasaplanyp

ýazylan döwlet kömek puly_________________________________ müň manat


Tölemek üçin (pul möçberleri sanlar we söz bilen ýazylýar)_______________

_______________________________________________________________


 ________________ belgili çek boýunça.


                Edaranyň ýolbaşçysy                                        ________________

                                                                                                          (goly) (familiýasy, ady)

                Baş buhgalter                                                    __________________

                                                                                                             (goly) (familiýasy, ady)

edaranyň

m.ý.


Gaznaçylygyň jogapkär işgäriniň berlen resminamalaryň

laýyklygy barada bellikleri


Gaznaçylygyň jogapkär işgäri                                                _______________

                                                                                                               (goly) (familiýasy, ady)

gaznaçylygyň                     

möhürçesi                          



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 26-njy martynda 1309 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.