Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y


Türkmenistanyň Senagatçylar we

telekeçiler birleşmesi hakynda

(rejelenen görnüşi)


Şu Kanun Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi

 

1. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (mundan beýläk – Birleşme) öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw berýän, eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary (mundan beýläk – Birleşmäniň agzalary) birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

Birleşme öz işini Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Birleşmäniň gurluş düzüm birligi ‒ guramasy, bölümi (şahamçasy), wekilligi döredilen beýleki döwletleriň çäklerinde amala aşyryp biler.

2. Birleşme täjirçilik däl ýuridik şahs bolup durýar.

3. Birleşme eýeçilik hukugynda özüne degişli aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär, öz borçnamalary boýunça şol emläk bilen jogap berýär, öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary edinip we jogapkärçilikleri çekip, kazyýetde hak isleýji we jogap beriji bolup biler.

Birleşme öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we Birleşmäniň agzalary hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.

Birleşmäniň öz agzalary tarapyndan berlen emläk Birleşmäniň emlägi bolup durýar. Birleşme şu Kanunda we Tertipnamasynda bellenen maksatlaryna ýetmek hem-de wezipelerini ýerine ýetirmek üçin öz eýeçiliginde, peýdalanmagynda duran emläge Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçilik edýär we ony peýdalanýar.

4. Birleşmäniň döwlet dilindäki doly ady bardyr we ol gysgaldylan adyny edinmäge haklydyr.

Birleşme, şeýle-de daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan ady edinmäge haklydyr.

«Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi» diýen söz düzümi diňe Birleşmäniň ulgamyna girýän kärhanalar we guramalar, şeýle hem Birleşme esaslandyryjysy bolup gatnaşýan kärhanalar tarapyndan öz atlarynda peýdalanylyp bilner. Görkezilen söz düzümi Birleşmäniň beýleki agzalary tarapyndan ulanylan ýagdaýynda, ulanmaga bolan bu hukuk şertnamalaýyn we tölegli esasda bolup biler.

5. Birleşmäniň öz nyşany we «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi» ýazgysy bolan möhüri bardyr. Birleşmäniň nyşany kanunda bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir we Birleşmäniň rugsady bolmazdan ulanylyp bilinmez.

6. Birleşmäniň ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheri bolup durýar.


II BAP. BIRLEŞMÄNIŇ MAKSATLARY,

ESASY WEZIPELERI WE IŞLERI

 

3-nji madda. Birleşmäniň maksatlary we esasy wezipeleri

 

1. Şular Birleşmäniň maksatlary bolup durýar:

1) döwletiň senagatçylyk we telekeçilik işjeňliginiň ösmegine, döwletiň çäginde, şonuň ýaly-da halkara derejede özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän ykdysady syýasatyny amala aşyrmakda Birleşmäniň agzalarynyň tagallalaryny jebisleşdirmek we utgaşdyrmak;

2) Birleşmäniň agzalarynyň maddy, ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini özara bähbitli birleşdirmek arkaly ykdysady ösüşiň milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;

3) Birleşmäniň agzalaryna olaryň döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine işjeň gatnaşmaklarynda hemmetaraplaýyn ýardam bermek;

4) döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, ykdysady işiň beýleki subýektleri bilen gatnaşyklarynda öz hukuklaryna, öz agzalarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de goramak;

5) işewürlik we telekeçilik işjeňliginiň, bazar gatnaşyklarynyň usullarynyň üstünlikli ösmegi, durmuş hyzmatdaşlygynyň ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, telekeçileriň ykdysady, medeni, bilim, maglumat üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek;

6) halkara guramalary, ilkinji nobatda, ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş ugurly guramalar bilen işjeň gatnaşyklary üpjün etmek we ösdürmek;

7) ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam bermek, häzirkizaman senagatçylyk we telekeçilik ulgamyny emele getirmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek;

8) täze iş ýerlerini döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak.

2. Şular Birleşmäniň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) telekeçileriň birleşmegini jebisleşdirmek;

2) telekeçilik işiniň subýektleri bilen döwlet edaralarynyň netijeli özara gatnaşyklaryny guramak;

3) Türkmenistanda telekeçilik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleriniň döredilmegine ýardam bermek;

4) Türkmenistanda telekeçilik işi bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek işine gatnaşmak;

5) Birleşmäniň agzalaryna wekilçilik etmek hem-de olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

6) senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini, senagat zolaklaryny, şeýle hem ulag-logistika merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmek hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda erkin ykdysady zolaklaryň işini ýöretmek;

7) agrosenagat toplumynyň we ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek;

8) Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçiligiň subýektlerini jebisleşdirmek, olaryň işini utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gatnaşmak;

9) importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini goldamak hem-de olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini ilerletmek;

10) telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şol sanda ýokary, orta hünär bilim edaralaryny döretmek, şeýle hem Türkmenistanda hem-de ýurduň çäginden daşarda hünärmenleriň tejribeliklerini guramak arkaly ýardam bermek;

11) Birleşmäniň agzalarynyň daşary ykdysady işe, sebitara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiliginiň artmagyna ýardam bermek;

12) jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň has möhüm meseleleri boýunça Birleşmäniň nukdaýnazaryny emele getirmek;

13) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna Birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagyna ýardam bermek;

14) döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz hukuklaryna, öz agzalarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek;

15) döwlet-hususy hyzmatdaşlygynda kärhanalaryň döredilmegine we ösdürilmegine, olaryň bazar ykdysadyýeti şertlerine uýgunlaşmagyna Birleşmäniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kömek bermek;

16) Birleşmäniň agzalaryna ykdysady, hukuk, maglumat beriş häsiýetli meseleler boýunça maslahat hem-de kömek bermek, olaryň durmuş we beýleki hukuklarynyň goralmagyna goldaw bermek;

17) Birleşmäniň agzalarynyň arasynda maglumatlaryň, öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyny we ýaýradylmagyny guramak;

18) bellenilen tertipde ykdysady, ylmy-tehniki, hukuk, ekologiýa we durmuş meseleleri boýunça döwletara ylalaşyklarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

19) ugurlary Birleşmäniň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyk gelýän öz maksatnamalaryny we taslamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak;

20) özbaşdak ýa-da beýleki guramalar bilen bilelikde gaznalary, maslahat beriş, maglumat-marketing merkezlerini, synag barlaghanalaryny, okuw, ylmy, medeni, mahabat, syýahatçylyk we beýleki guramalary döretmek;

21) habar beriş we redaksion-neşirýat guramalaryny we gaýry köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek;

22) ykdysadyýetiň ösmegine we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň, telekeçileriň işewürlik we hünärmenlik derejelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sergileri, okuw we ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek.

 

4-nji madda. Birleşmäniň işleri

 

1. Birleşme şu Kanunda kesgitlenilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda şu işleri amala aşyrýar, ol:

1) öz agzalarynyň adyndan hereket edýär we olaryň döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistandaky we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitleri babatda wekilçilik edýär;

2) ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň ösüş maksatnamalarynyň jemgyýetçilik bilermenler seljermesini amala aşyrýar;

3) öz ygtyýarlylygyna girýän meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

4) Türkmenistanda telekeçiligiň ýagdaýyny seljerýär, ony ösdürmegiň höweslendiriliş çäreleri hakynda teklipleri işläp düzýär;

5) ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna, şol sanda umumy döwlet ylmy-barlag işlerine we işläp düzmelere gatnaşýar;

6) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar;

7) täze senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

8) Birleşmäniň agzalarynyň arasyndaky jedellerde taraplary ylalaşdyrmak üçin, olaryň ýüz tutmagy boýunça kazyýete çenli seretmegi amala aşyrýar;

9) hukuk, ykdysady, statistik, şeýle hem daşary ýurt tejribesini özünde jemleýän gaýry maglumatlary saklaýan sanly maglumatlar binýadyny döredýär;

10) Birleşmäniň agzalaryna hukuk maslahatlaryny berýär;

11) işjeň önümçilik, maýa goýum we daşary ykdysady iş üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär;

12) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde sergileri, ýarmarkalary, okuw maslahatlary we gaýry çäreleri guraýar we geçirýär, ol çärelere Birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagyny üpjün edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda halkara guramalary, daşary ýurt döwletleriniň senagatçylarynyň we telekeçileriniň jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklary ýola goýýar we ösdürýär;

14) Türkmenistanda telekeçilik işini alyp barmagyň şertleriniň garaşsyz barlaglary hökmünde «Işewürlik ýagdaýy» reýtingini alyp barýar, şeýle hem pudaklar boýunça telekeçiligiň subýektleriniň reýtingini düzýär;

15) telekeçilik işiniň jemgyýetçilik monitoringini amala aşyrýar;

16) döwlet edaralarynyň telekeçiligiň meseleleri boýunça işini kämilleşdirmek babatda teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

17) Türkmenistanda telekeçilik işewürliginiň ýagdaýy hakynda her ýylky hasabaty taýýarlamak we çap etmek arkaly döwleti we jemgyýeti maglumatlar bilen üpjün edýär;

18) kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde:

a) ykdysady zolaklaryň döredilmegine we (ýa-da) dolandyrylmagyna gatnaşýar;

b) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy esasynda Türkmenistanyň döwlet edaralary we kärhanalary bilen bilelikde işleri  amala aşyrýar;

ç) korporatiw dolandyryş tejribesini seljermegi we umumylaşdyrmagy amala aşyrýar;

d) döwlet edaralaryna senagat zolaklaryny döretmegiň meseleleri boýunça teklipleri hödürleýär;

e) okuwlary guraýar, telekeçilige başlamak we ony alyp barmak boýunça maslahat hyzmatlaryny edýär, şol sanda täjirçilik-inkubatorlaryň döredilmegini guraýar;

19) telekeçilik işiniň subýektleri üçin ýeke-täk internet portalyny döredýär we ony dolandyrýar;

20) kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanda önümçiligi goldamak boýunça we döwlet satyn alşynda ýerli önümçiligiň paýyny artdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga gatnaşýar, şol sanda Birleşmäniň agzalary tarapyndan öndürilýän harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň ýeke-täk sanawyny ýöredýär;

21) ykdysadyýetiň pudaklarynyň zähmet bazarynyň isleglerine laýyklykda işgärleri taýýarlamaga döwlet sargydyny emele getirmek hem-de ýerleşdirmek üçin teklipleri hödürleýär;

22) telekeçiligiň subýektleriniň we hünärli işgärleriniň zerurlyklarynyň monitoringini geçirýär;

23) hünärmenleri işe ýerleşdirmäge ýardam bermek boýunça çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

24) hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw merkezlerini döredýär;

25) Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt guramalary bilen bilelikde işewür geňeşleri we başga maslahat beriş guramalaryny döredýär;

26) dünýä bazarynda Türkmenistanda öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň öňe sürülmegi üçin halkara marketingini we mahabat goldawyny amala aşyrýar;

27) öz agzalaryna eksporty we importy düzgünleşdirmegiň meseleleri, geçirilýän ýarmarkalar, sergiler, halkara haryt dolanyşygy we tölegleri, söwda we içki hojalyk işi bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň ýagdaýy barada daşary ýurtlaryň kanunçylygy hakynda maglumatlary toplamagy, seljermegi we hödürlemegi amala aşyrýar;

28) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga işleri amala aşyrýar.


5-nji madda. Birleşmäniň işiniň ýörelgeleri

 

1. Birleşmäniň işi şu ýörelgelere esaslanýar:

1) özbaşdaklyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk;

2) telekeçiligiň Birleşmä agza bolan ähli subýektleriniň deňhukuklylygy;

3) kabul edilýän çözgütleriň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine ugurdaşlygy;

4) jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň, kanunylygyň we aýanlygyň sazlaşmagy;

5) işiniň aýdyňlygy, öz agzalarynyň öňünde hasabatlylygy, jogapkärçiligi;

6) çözgütleri kabul etmekde we olary durmuşa geçirmekde netijeliligi, ulgamlaýynlygy we dessinligi;

7) pudagara, pudaklaýyn birleşmeleriň ösdürilmegi;

8) telekeçiligiň durmuş taýdan jogapkärçiligi;

9) adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berilmegi;

10) jemgyýetiň we telekeçiligiň bähbitleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmegi.

2. Birleşme öz işini şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

3. Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işini amala aşyrýar, ol işden alnan girdejiler diňe Tertipnamada görkezilen maksatlar üçin peýdalanylyp bilner. Telekeçilik işinden alynýan girdejiler Birleşmäniň agzalarynyň arasynda paýlanylyp bilinmez.

 

6-njy madda. Birleşmäniň we döwletiň özara gatnaşyklary


1. Birleşme döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.

2. Gözegçilik barlag ýa-da gözegçilik wezipelerini amala aşyrmak boýunça kanunyň düzgünleri bilen şertlendirilen halatlardan başga ýagdaýlarda Birleşmäniň işine döwlet, jemgyýetçilik ýa-da gaýry guramalaryň, edaralaryň, birleşikleriň gatyşmagyna ýol berilmeýär.

3. Birleşme döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň subýekti hökmünde çykyş edip biler.

 

III BAP. BIRLEŞMÄNIŇ DÖREDILMEGI, ÜÝTGEDILIP GURALMAGY, IŞINIŇ BES EDILMEGI WE ÝATYRYLMAGY

 

7-nji madda. Birleşmäni döretmegiň umumy şertleri

 

1. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzalary bolup bilerler.

Holdingler, kompaniýalaryň toparlary, birleşikler (assosiasiýalar) Birleşmäniň agzalary bolup we öz düzümleriniň adyndan çykyş edip bilerler.

2. Birleşmäniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslandyryjy resminamalary bardyr.

3. Birleşmäniň döwlet belligine alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar hem-de ol baradaky maglumatlar Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýär.

4. Telekeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw berilmegini, şeýle hem telekeçiligiň subýektleriniň jebisleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik işiniň ýyllyk dolanyşygynyň möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberiniň 1250 essesinden köp bolan eýeçiligiň hususy görnüşindäki ýerli telekeçilik subýektleri Birleşmäniň agzalygyna girýärler.

5. Birleşmäniň agzalary möçberleri Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýan giriş we her ýylky agzalyk gatançlaryny töleýärler.

Birleşmäniň Müdiriýetiniň Birleşmäniň aýry-aýry hyzmatlary boýunça başga gatançlary we (ýa-da) tölegleri bellemäge hukugy bardyr.

Birleşmäniň agzalygyndan çykan halatynda onuň agzalarynyň tölän giriş we agzalyk gatançlary, şeýle hem goşan meýletin gatançlary yzyna gaýtarylmaýar.

6. Birleşmäniň agzalaryny bellige almak Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

7. Birleşmäniň hünärmençilik birleşiklerini, şonuň ýaly-da telekeçilik bähbitleriniň umumylygy boýunça birleşiklerini (assosiasiýalary) döretmäge hukugy bardyr.

Iri telekeçileriň birleşigi (assosiasiýasy) şeýle birleşikleriň biri bolup biler. Telekeçiligiň şu subýektleri görkezilen birleşigiň (assosiasiýanyň) agzalary bolup bilerler:

1) holdingler hökmünde hereket edýän we bäşden az bolmadyk subýektleri özünde jemleýänler, ýa-da:

2) ýyllyk dolanyşygynyň möçberi Türkmenistanda bellenen zähmet hakynyň iň pes möçberiniň 2500 essesinden geçýän;

3) düzüminde 1000 ýa-da ondan köp adam işleýän;

4) gozgalmaýan emläginiň jemi bahasy Türkmenistanda bellenen zähmet hakynyň iň pes möçberiniň 25000 essesinden geçýän;

5) içerki bazarda öndürýän önümi bilen öňdebaryjy orny eýeleýän haryt öndürijiler;

6) daşarky söwdadan alýan ýyllyk girdejisi Türkmenistanda bellenen zähmet hakynyň iň pes möçberiniň 1500 essesinden geçýän haryt öndürijiler.

8. Birleşmäniň agzalarynyň şu maddanyň ýedinji böleginde görkezilen birleşiklere (assosiasiýalara) girmegi we ondan çykarylmagy baradaky çözgüt Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýar.

9. Iri telekeçileriň birleşiginiň (assosiasiýasynyň) agzalary babatynda Birleşme olaryň telekeçilik taslamalary boýunça, şeýle hem döwlet buýurmalaryna gatnaşmaklarynda, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeginde, karzlary almagynda we döwlet eýeçiliginiň salgyly hususylaşdyrylmagynda kepil bolup çykyş edip biler.

 

8-nji madda. Birleşmäniň Tertipnamasy


1. Birleşmäniň Tertipnamasy onuň esaslandyryjy resminamasy bolup durýar.

2. Birleşmäniň Tertipnamasynda şular bolmalydyr:

1) Birleşmäniň ady, maksatlary, wezipeleri we işleri, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşi;

2) Birleşmäniň gurluşy, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralary;

3) Birleşmäniň öz işini amala aşyrýan çägi;

4) Birleşmede agzalygy gazanmagyň we ýitirmegiň şertleri hem-de tertibi, agzalarynyň hukuklary we borçlary;

5) Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň ygtyýarlylygy we dörediliş tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlyk möhletleri;

6) Birleşmäniň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri;

7) Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň maslahatlaryny bellemegiň we olar tarapyndan çözgütleriň kabul edilmeginiň tertibi;

8) Birleşmäniň pul serişdelerini we başga emlägini emele getirmegiň çeşmeleri, emlägi dolandyrmak boýunça Birleşmäniň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň hukuklary;

9) Birleşmäniň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;


10) Birleşmäni üýtgedip guramagyň, ýatyrmagyň, şeýle hem Birleşme ýatyrylandan soň galýan emlägi paýlamagyň tertibi;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler.

3. Tertipnama Birleşmäniň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylýar we oňa Birleşmäniň Müdiriýetiniň başlygy tarapyndan gol çekilýär.

 

9-njy madda. Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy

 

Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.


IV BAP. BIRLEŞMÄNIŇ EÝEÇILIGI WE

ONUŇ EMLÄGINI DOLANDYRMAK

 

10-njy madda. Birleşmäniň eýeçiligi we eýeçilik hukugynyň subýektleri

 

1. Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur bolan aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär.

2. Birleşmäniň agzalarynyň Birleşmä degişli emläge eýeçilik hukugy ýokdur.

3. Birleşme şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak üçin, ýerli ýa-da daşary ýurt döwletlerinde beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň esaslandyryjysy (gatnaşyjysy) bolup biler.

 

11-nji madda. Birleşmäniň işiniň maliýeleşdirilmegi

 

Birleşmäniň serişdeleriniň çeşmeleri:

1) möçberi Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýan giriş, ýyllyk we maksatlaýyn agzalyk gatançlar;

2) fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin gatançlarynyň ähli görnüşleri, şol sanda Birleşmä onuň agzalary tarapyndan berlen emläk;

3) Birleşme tarapyndan şu Kanuna we öz Tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän çärelerden, şeýle-de ýerine ýetirilýän işlerden we hyzmatlardan gelýän serişdeler;

4) Birleşmäniň emläginden, onuň döreden telekeçilik subýektleriniň işinden we raýat-hukuk geleşiklerinden gelýän girdejiler;

5) paýlardan, obligasiýalardan, beýleki gymmatly kagyzlardan we goýumlardan gelýän diwidendler (girdejiler, göterimler);

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridik şahslardan, şol sanda daşary ýurt täjirçilik däl guramalaryndan maksatlaýyn maliýeleşdirilýän we gelip gowuşýan serişdeler (höweslendirmeler görnüşinde), Birleşmäniň maksatnamalary üçin gelip gowuşýan maksatlaýyn serişdeler;

7) Birleşmäniň agzasy bolup durmaýan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar tarapyndan berlen gatanç, sowgat, bagyş etmek ýa-da wesýetnama boýunça serişdeler görnüşinde pul serişdeleri we başga emläk;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry serişdeler.

 

V BAP. BIRLEŞMÄNIŇ HUKUKLARY WE 

BORÇLARY

 

12-nji madda. Birleşmäniň hukuklary

 

1. Birleşme öz Tertipnamasyna laýyklykda maksatlaryny, wezipelerini we işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýedir.

2. Birleşmäniň şulara hukugy bardyr:

1) öz hukuklaryna wekilçilik etmäge we olary goramaga, Birleşmäniň agzalarynyň adyndan hereket etmäge we olaryň döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitleri babatda wekilçilik etmäge;

2) jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň meseleleri boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge, ol meseleler boýunça döwlet edaralaryna teklipleri bermäge;

3) telekeçilik, şol sanda maýa goýum işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň emlägine eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga, oňa ygtyýarlyk etmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulary döretmäge:

a) Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurt döwletlerinde gurluş düzüm birliklerini ‒ guramasyny, bölümini (şahamçasyny), wekilligini;

b) kärhanalary, guramalary we edaralary, şol sanda karz edaralaryny, ýokary we orta hünär bilimi, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan bilim edaralaryny;

6) köpçülikleýin habar beriş serişdelerini esaslandyrmaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde neşirýat we mahabat işini amala aşyrmaga;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda paýly gurluşyga gatnaşmaga;

8) öz işiniň amala aşyrylmagynyň usullaryny, Birleşmäniň düzümini kesgitlemäge, onuň wezipe sanawyny, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň işgärleriniň zähmet haklarynyň we höweslendiriş tölegleriniň görnüşini, ulgamyny we möçberlerini tassyklamaga.

 

13-nji madda. Birleşmäniň borçlary

 

Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyny, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri hakynda, işleriň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerini amala aşyran mahalynda işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygy, halkara hukugynyň onuň işiniň çygryna degişli umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge borçludyr.

 

VI BAP. BIRLEŞMÄNIŇ TELEKEÇILIK IŞI WE 

OŇA SALGYT SALYNMAGY

 

14-nji madda. Birleşmäniň telekeçilik işi

 

Tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek üçin Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işi bilen meşgullanyp biler. Ol işden alnan girdejiler diňe Tertipnamada görkezilen maksatlar üçin peýdalanylyp bilner.


15-nji madda. Birleşmä salgyt salynmagy

 

Birleşmä salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


16-njy madda. Birleşmäniň işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy

 

Döwlet Birleşmäniň we onuň agzalarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär, onuň işine goldaw berýär.


VII BAP. BIRLEŞMÄNIŇ ÝOLBAŞÇY WE

GÖZEGÇILIK EDARALARY

 

17-nji madda. Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary

 

1. Şular Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary bolup durýarlar:

1) Birleşmäniň umumy ýygnagy;

2) Birleşmäniň Müdiriýeti.

2. Azyndan ýylda bir gezek çagyrylýan umumy ýygnagy Birleşmäniň ýokary ýolbaşçy edarasy bolup durýar.

Nobatdan daşary umumy ýygnak Birleşmäniň agzalarynyň azyndan ondan bir böleginiň talap etmegi ýa-da Birleşmäniň Müdiriýetiniň çözgüdi boýunça çagyrylyp bilner.

3. Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň ygtyýarlylygy we dörediliş tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri Birleşmäniň Tertipnamasynda bellenilýär.

 

18-nji madda. Umumy ýygnagyň ygtyýarlyklary

 

1. Umumy ýygnagyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Birleşmäniň Tertipnamasyny tassyklamak, oňa üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizmek;

2) Birleşmäniň Müdiriýetiniň agzalaryny, Birleşmäniň gözegçilik-derňew toparynyň agzalaryny saýlamak we boşatmak;

3) Birleşmäniň Müdiriýetiniň we gözegçilik-derňew toparynyň hasabatlaryny tassyklamak;

4) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmäge degişli bolan, Birleşmäniň işiniň netijeleri hakynda her ýylky hasabaty tassyklamak.

2. Umumy ýygnaga saýlanylan wekilleriň umumy sanynyň ýönekeý köplügi gatnaşan mahalynda umumy ýygnagyň çözgüt kabul etmäge hukugy bardyr.

Umumy ýygnagyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça çözgütler gatnaşan wekilleriň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermek hukugynyň başga birine berilmegine, şonuň ýaly-da, başga şahs üçin ses berilmegine ýol berilmeýär.

3. Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň umumy ýygnaga saýlanylmagynyň tertibi Birleşmäniň Tertipnamasynda bellenilýär.

 

19-njy madda. Birleşmäniň Müdiriýeti we onuň başlygy

 

1. Birleşmäniň Müdiriýeti (mundan beýläk – Müdiriýet) onuň işine gündelik ýolbaşçylygy amala aşyrýar.

2. Müdiriýet umumy ýygnaga hasabat berýär. Müdiriýetiň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti we san düzümi Birleşmäniň Tertipnamasynda bellenilýär.

3. Müdiriýete umumy ýygnak tarapyndan saýlanylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär.

4. Müdiriýetiň ygtyýarlyklaryna şu Kanuna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda umumy ýygnagyň ygtyýarlyklaryna degişli bolmadyk meselelere seretmek we çözgütleri kabul etmek degişlidir, şol sanda:

1) Birleşmäniň esaslandyryjy hökmünde gatnaşmagynda ýuridik şahslary döretmek hakynda çözgütleri kabul etmek, olaryň maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek;

2) Birleşmäniň maliýe meýilnamasyny tassyklamak;

3) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň çäginde Birleşmäniň şahamçalaryny we wekilhanalaryny döretmek hakynda çözgütleri kabul etmek;

4) Birleşmäniň agzalaryna edilýän hyzmatlaryň sanawyny tassyklamak;

5) hökmany agzalyk gatançlaryny tölemekden boşatmak hakynda çözgütleri kabul etmek;

6) Umumy ýygnaga welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gatnaşýan wekilleriň sanyny tassyklamak.

5. Müdiriýetiň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşan halatynda onuň mejlisiniň hukuk güýji bardyr. Çözgütler Müdiriýetiň ýygnaga gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Sesleriň sany deň gelen ýagdaýynda başlyklyk edijiniň sesi gutarnykly häsiýete eýedir.

6. Müdiriýetiň başlygyndan we onuň orunbasarlaryndan başga beýleki agzalary Birleşmäniň beýleki ýolbaşçy edaralaryna saýlanyp bilinmez.

7. Müdiriýetiň başlygy:

1) Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda Birleşmäniň bähbitlerine wekilçilik edýär we onuň adyndan ynanç hatsyz hereket edýär;

2) Birleşmäniň adyndan onuň esasy işi bilen baglanyşykly şertnamalary baglaşýar we beýleki namalary kabul edýär;

3) döwlet edaralary hem-de beýleki guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

4) Müdiriýetiň agzalaryndan müdiriýetiň başlygynyň orunbasarlaryny wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

5) Birleşmäniň işini guraýar, wezipe sanawyny, wezipe aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini tassyklaýar, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar, olar babatynda höweslendirme çärelerini ýa-da düzgün-nyzam temmilerini ulanýar;

6) şu Kanuna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda Birleşmäniň serişdelerine we emlägine ygtyýarlyk edýär;

7) Birleşmäniň agzalarynyň sanawyny ýöretmegi guraýar;

8) Birleşmäniň işiniň, onuň umumy ýygnagynyň, Müdiriýetiniň we gözegçilik-derňew toparynyň işiniň netijeleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda Internet ulgamynda maglumatlaryň ýerleşdirilmegini guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrýar.


20-nji madda. Birleşmäniň gözegçilik-derňew topary

 

Birleşmäniň maliýe-hojalyk işine gözegçilik etmek üçin Birleşmäniň umumy ýygnagy Müdiriýetiň düzümine girmeýän agzalaryndan gözegçilik-derňew toparyny saýlaýar.

Gözegçilik-derňew toparynyň agzalarynyň sany Birleşmäniň umumy ýygnagy tarapyndan kesgitlenilýär.

Gözegçilik-derňew toparynyň işleri Birleşmäniň Tertipnamasy esasynda alnyp barylýar.


VIII BAP. BIRLEŞMEDE HASABA ALYŞ WE

HASABATLYLYK

 

21-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk

 

Birleşme buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygy düzmegi we bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barýar.


22-nji madda. Birleşme tarapyndan resminamalaryň hasabynyň ýöredilişi we saklanylyşy

 

Birleşme resminamalaryň hasabynyň ýöredilmegini we saklanylmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barmaga borçludyr.

 

IX BAP. BIRLEŞMÄNIŇ AGZALARYNYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

23-nji madda. Birleşmäniň agzalarynyň hukuklary we borçlary

 

1. Birleşmäniň agzalarynyň şulara hukugy bardyr:

1) Birleşmäniň hünärmençilik goldawyndan we goragyndan, şeýle hem onuň Tertipnamasynda görkezilen hyzmatlardan peýdalanmaga;

2) Birleşmäniň ýolbaşçy edaralaryna saýlamaga we saýlanylmaga;

3) Birleşmäniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Birleşmä ýazmaça talap bilen ýüz tutmaga we delillendirilen jogaby almaga, onuň işiniň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmäge;

4) şu Kanunda we Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Birleşmäni dolandyrmaga gatnaşmaga;

5) Birleşme tarapyndan, şol sanda tölegli esasda guralýan okuwlary geçmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga, gaýtadan taýýarlanmaga;

6) maglumat-seljeriş hünärmençilik goldawyny, şol sanda dürli ugurdaky garaşsyz bilermenleriň hyzmatlaryny almaga;

7) Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Birleşmäniň işi barada hasabaty diňlemäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry hukuklardan peýdalanmaga.

2. Birleşmäniň agzalary hökmany agzalyk gatançlaryny tölemäge, şeýle hem Birleşmäniň talap etmegi boýunça öz işi hakynda ýaşyryn däl maglumatlary bermäge, Birleşmäniň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

3. Birleşmäniň agzalary deňhukuklydyrlar.

4. Birleşmäniň telekeçiligiň subýektleriniň işine gatyşmaga, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaga hukugy ýokdur.


24-nji madda. Hökmany agzalyk gatançlary we gaýry tölegler

 

1. Hökmany agzalyk gatançlarynyň Müdiriýet tarapyndan tassyklanylýan möçberi Birleşme tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär, şol sanda Internet ulgamynda ýerleşdirilýär.


2. Müdiriýet tarapyndan hökmany agzalyk gatançlarynyň möçberlerini tassyklamak maksady bilen, Birleşmäniň agzalarynyň toparlar boýunça yzygiderliligi kesgitlenilip bilner.

3. Müdiriýetiň çözgüdi boýunça Birleşmäniň agzalary üçin, şol sanda Birleşmäniň agzalary bilen şertnama esasynda başga tölegler bellenilip bilner.

 

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

25-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Birleşmäniň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

27-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.



Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

     Prezidenti                                                          Berdimuhamedow



Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.

№ 177-VI.