Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda(rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda
(rejelenen görnüşi)

 

Şu Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER


1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler


Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ygtyýarnama – ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý etmek şerti bilen ygtyýarnamala berilýän, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda telekeçilik işiniň hem-de hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek çygryndaky işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsat;

2) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi – Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin şu Kanuna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry görnüşi;

3) işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi – işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň düzüminde Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede – alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde) görkezilýän ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň anyk görnüşi;

4) ygtyýarnamanyň talaplary we şertleri – işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda ygtyýarnamaly (ygtyýarnamanyň dalaşgäri) tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň we şertleriň jemi, şunda bu talaplar we şertler işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşine göni degişli bolmalydyr;

5) ygtyýarnamaly – ygtyýarnama alan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

6) ygtyýarnamanyň dalaşgäri – ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi hakynda arza bilen ygtyýarlylandyryjy edara ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

7) ygtyýarlylandyrmak – ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnama bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, möhletinden öň bes etmek we ony ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyny ýöretmek we ondan maglumatlary bellenen tertipde bermek boýunça iş;

8) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy – ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ony gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ygtyýarnamany ýatyrmak hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan ýeke-täk usulyýet we programmalaýyn tehniki ýörelgelerde gurlan döwlet maglumat ulgamy;

9) ygtyýarnamasyz amala aşyrylan iş – şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň degişli ygtyýarnamany almazdan amala aşyrylmagy;

10) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri – ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala aşyrmaga niýetlenen we (ýa-da) ol iş amala aşyrylanda ulanylýan obýekt (jaýlar, binalar, desgalar, beýleki obýektler) bolup, onuň salgysy ýa-da beýleki kybaplaşdyryp boljak maglumatlary bolmalydyr. Ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ýgtyýarnamalynyň hukuk salgysy bilen gabat gelip biler.


2-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy


1. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdakylara degişli däldir:

1) intellektual eýeçiligiň obýektleri peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;

2) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan nebit işlerine;

3) hukuk tertibini, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe;

4) telekeçilik bolup durmaýan işe.


3-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri


1. Şular ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) ygtyýarlylandyrmagyň aýdyňlygyny üpjün etmek, bellenilen ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine jogap berýän, fiziki we ýuridik şahslar üçin deň esaslarda we deň şertlerde ygtyýarnamalar bermek;

3) ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda kanunylygy üpjün etmek;

4) Türkmenistanyň çäginde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň ýeke-täk sanawyny we ygtyýarlylandyrmagyň ýeke-täk tertibini şu Kanun bilen bellemek;

5) işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin fiziki we ýuridik şahslaryň jogapkärçiliginiň kadalaryny bellemek.

2. Daşary ýurt fiziki we ýuridik (şol sanda olaryň şahamçalary) şahslar, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyňky ýaly şertlerde we tertipde ygtyýarnama almaklyga hukugy bardyr, olaryň işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleri muňa degişli däldir.

3. Ygtyýarlylandyrmak telekeçilik işiniň we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiň monopoliýalaşdyrylmagyna ýa-da erkinliginiň çäklendirilmegine ýardam etmeli däldir.

Işiň görnüşini telekeçilik we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işe degişli etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


4-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary


Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary aşakdakylardyr:

1) sarp edijileriň hukuklaryny goramak;

2) ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmek;

3) harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;

4) raýatlaryň ömri, saglygy, emlägi, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri, tebigaty goramak, medeni miras üçin howply bolup biljek işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri bilen meşgul bolýan şahslara gözegçiligi amala aşyrmak.


5-nji madda. Işiň görnüşini ygtyýarlylandyrmaga degişli etmek üçin esaslar


Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek we olary ygtyýarlylandyrmakdan başga usullar bilen döwlet tarapyndan düzgünleşdirip bolmajak işiň görnüşleri degişli edilýär.

 

II BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGYŇ DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI


6-njy madda. Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi


Ygtyýarlylandyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem ygtyýarnama gözegçiligini amala aşyrýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarnama gözegçiligi edarasy) we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary (mundan beýläk – ygtyýarlylandyryjy edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.


7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy


Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitleýär;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralary kesgitleýär;

3) Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifıkatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň anyk görnüşleriniň sanawyny we ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberlerini tassyklaýar;

4) şu Kanunyň 22-nji maddasy bilen bellenilen sanaw boýunça işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary (mundan beýläk ‒ ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama) tassyklaýar. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda işiň aýry-aýry görnüşleri babatda çäklendirmeler bellenilip bilner.


8-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň ygtyýarlylygy


1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy:

1) şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

2) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek, şu Kanuna we ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalaryň taslamalaryna garaýar we ylalaşýar;

4) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, dikeltmek, möhletinden öň bes etmek hakyndaky arzanyň nusgasyny, şeýle hem ýüze çykarylan ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň bozulmalaryny düzetmek hakynda tabşyryknamanyň görnüşini tassyklaýar;

5) ygtyýarnamanyň ýeke-täk görnüşini tassyklaýar;

6) ygtyýarnamalylar tarapyndan ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilişine barlaglary geçirmegiň tertibini tassyklaýar;

7) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy boýunça barlaglary geçirmegiň tertibini tassyklaýar;

8) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny döredýär;

9) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini seljermegiň we Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankynyň esasynda ygtyýarlylandyrmak babatyndaky iş hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde maglumat berýär.

2. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy ygtyýarlylandyrmak babatynda şu aşakdakylara haklydyr:

1) ygtyýarlylandyryjy edaralardan zerur resminamalary we maglumatlary soramaga we almaga;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz tutmalaryň esasynda geçirmäge, ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzmäge;

3) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyndaky bar bolan maglumatlary kameral (deslapky) deňeşdirip barlamak arkaly, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň barlaglarynyň ykrarnamalarynyň esasynda olaryň işlerine seljerme geçirmäge;

4) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini görkezmek bilen, çözgütleri kabul etmäge;

5) şu Kanunyň we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň talaplaryny bozmak bilen kabul edilen çözgütleriň ýatyrylmagyny talap etmäge.

Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň çözgütleri onuň bellän möhletlerinde ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.


9-njy madda. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklary


1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) ygtyýarnamany bermek hakyndaky arza we oňa goşulan resminamalara seredýärler, ygtyýarnamany berýärler ýa-da ony bermekden ýüz öwürýärler;

2) ygtyýarnama goşmaça girizýärler ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz öwürýärler;

3) ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirýärler ýa-da gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürýärler;

4) ygtyýarnamanyň hereketini uzaldýarlar, togtadýarlar, dikeldýärler hem-de ygtyýarnamalynyň arzasy esasynda möhletinden öň bes edýärler ýa-da ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden ýüz öwürýärler;

5) ygtyýarnamany şu Kanunyň 17-nji maddasynyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen halatynda ýatyrýarlar ýa-da başga halatlarda ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar;

6) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen meselelere seredýärler;

7) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny döredýärler we ýöredýärler.

Ygtyýarnamalylar barada maglumatlary, ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenilen maglumatlar möçberinde özleriniň resmi Internet-saýtlarynda ýerleşdirýärler;

8) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyrmagy düzgünleşdirýän ähli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny özleriniň resmi Internet-saýtlarynda ýerleşdirýärler;

9) şu Kanuna laýyklykda barlaglary amala aşyrýarlar;

10) ygtyýarlylandyrmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň bozulandygy üçin maliýe jerimesini ulanýarlar;

11) şu Kanunda bellenen halatlarda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarlylandyrmak boýunça öz ygtyýarlyklaryny öz ýerli ýa-da beýleki düzüm birliklerine berip bilmezler.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilýär.


10-njy madda. Ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek


1. Ygtyýarlylandyrmak işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksadyna gönükdirilmelidir.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnamalylar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.

 

III BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGY AMALA AŞYRMAK


11-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketi


1. Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda berilýär.

2. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi ygtyýarnama alan şahs tarapyndan ýerine ýetirilip bilner we beýleki bir tarapa berlip bilinmez.

3. Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişlidir, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.


12-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti


1. Ygtyýarnama:

1) hünärmenlik hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi bolan bank işiniň amala aşyrylmagy üçin hereket ediş möhleti çäklendirilmezden;

2) telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak (bank işi, spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek muňa degişli däldir) üçin – kesgitli, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete;

3) spirti, Türkmenistanda öndürilmeýän we haryt nyşany (söwda markasy) bolan ýokary hilli alkogolly önümleri, şeýle hem temmäki önümlerini getirmek üçin – bir ýyldan artyk bolmadyk möhlete berlip bilner.

2. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyldan az bolmaly däldir, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň arzasyna laýyklykda onuň hereket ediş möhleti azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

3. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarnamalynyň arzasy boýunça uzaldylyp bilner. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda onuň berilmeginiň tertibinde amala aşyrylýar.


13-nji madda. Ygtyýarnama talaplary we şertleri


Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarnamaly tarapyndan şu aşakdakylaryň berjaý edilmeginiň hökmanylygy bellenilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýa-epidemiologik, gigiýena, ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň;

2) ygtyýarnamala bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň;

3) işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan halatlarda jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň ygtyýarnamala bildirilýän ýörite şertlere laýyk gelşiniň;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, içerki gözegçilik kadalarynyň bolmagynyň.


14-nji madda. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi


1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) ýuridik şahs üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýerleşýän ýeri;

2) fiziki şahs üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslar üçin), hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýerleşýän ýeri.

2. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:

1) ýuridik şahs üçin – esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty, hyzmatyň şertnamasy ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan buýruk;

2) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslar üçin) we onuň pasportynyň nusgasy.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen sanawy kesgitlenýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge özüniň mümkinçiligini tassyklaýan beýleki resminamalar goşulýar.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawy işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň düzüminde ygtyýarlylandyrylmaga degişli kiçi görnüşlere hem-de ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamada ygtyýarnamanyň dalaşgärine bildirilýän beýleki talaplara baglylykda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan kesgitlenýär.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň şu Kanunda we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalaryň berilmegini ygtyýarnamanyň dalaşgärinden talap etmäge haky ýokdur.

4. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna sanaw boýunça goşulýan resminamalar olaryň ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip kabul edilýär. Arzanyň nusgasy kabul edilen senesi hakynda bellik edilip ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

5. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap ýigrimi senenama gününiň dowamynda ondaky maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan bellenilen ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar, munuň esasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýärler;

2) çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda kabul edilen çözgüt barada sebäplerini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde habar berýärler.

Ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemegiň möhletini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

6. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama berlenden soň, ygtyýarnama bäş iş gününiň dowamynda berilýär. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajy dalaşgäriň özi tarapyndan ýa-da başga bir şahs tarapyndan tölenip bilner.

7. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri otuz senenama gününiň dowamynda döwlet pajyny tölemedik halatynda ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermek hakynda kabul eden çözgüdini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan çözgüt kabul edilip bilner.

8. Şu aşakdakylar ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek üçin esas bolup bilýär:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalarda doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlaryň bolmagy;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda onuň peýdalanýan jaýlarynyň, desgalarynyň, enjamlarynyň, beýleki tehniki serişdeleriniň, ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmezligi.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

10. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamany bermek ýa-da oňa goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamany ýatyrmak, onuň hereketini dikeltmek, uzaltmak ýa-da togtatmak hakynda özleri tarapyndan çözgüt kabul edilen gününden başlap, şeýle hem kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda degişli welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige alyş edarasyna we salgyt edarasyna degişli çözgüdiň kabul edilendigini tassyklaýan haty iberýärler.

11. Ygtyýarnamanyň öwezligi (dublikaty), onuň ýitirilendigi ýa-da zeper ýetendigi hakyndaky arzanyň gelip gowşan gününden başlap bäş iş gününden gijä galman ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala berilýär.

12. Ýuridik şahsyň we hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan öň, ygtyýarnamany almak talabyna ýol berilmeýär.

13. Fiziki şahs tarapyndan hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi amala aşyrmaga ygtyýarnamany almak üçin şeýle fiziki şahsyň hususy telekeçi hökmünde bellige alynmagy talap edilmeýär.

14. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüne berlen ygtyýarnama işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşiniň girizilmegi barada ýüz tutan halatynda, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi ygtyýarnamanyň berilmeginiň şu maddada göz öňünde tutulan tertibinde amala aşyrylýar.


15-nji madda. Ygtyýarnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar


1. Ygtyýarnamada şu aşakdakylar görkezilýär:

1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady;

2) ýuridik şahsyň doly ady, hukuk salgysy, guramaçylyk-hukuk görnüşi ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary;

3) döwlet tarapyndan bellige alnan resminamanyň belgisi we senesi (hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işden başga);

4) işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşi, onuň kiçi görnüşleri;

5) ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti;

6) hususy salgyt belgisi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri;

8) ygtyýarnamanyň belgisi;

9) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek we gaýtadan resmileşdirmek hakynda çözgüdiň kabul edilen senesi.

Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň we kiçi görnüşiniň atlarynyň ýazgysynyň, işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeriniň ýazgysynyň ygtyýarnamada ýerleşmedik ýagdaýynda, olar ygtyýarnamanyň goşundysynda görkezilýär.

Ygtyýarnamanyň goşundysy ygtyýarnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we ygtyýarnama çatylyp tikilýär we ygtyýarlylandyryjy edaranyň möhüri bilen tassyklanýar. Ygtyýarnamanyň goşundysynyň nusgasy ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan kesgitlenýär.

2. Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi ygtyýarnamada Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede – alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde) görkezilýär.

3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň arzasy we onuň ýanyna goşulýan resminamalar, ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, ony togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak hakynda kararlar we çözgütler, ygtyýarnamanyň göçürilen nusgasy, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň barlanylmagynyň ykrarnamalary we beýleki resminamalar ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň ygtyýarnama işini düzýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyryjy edarada saklanylmaga degişlidir.


16-njy madda. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi


1. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza bermäge borçludyr.

Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň hakyky girizilenligini tassyklaýan resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.

Eger ygtyýarnama ýuridik şahsyň hukuk oruntutaryna gaýtadan resmileşdirilýän bolsa, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilen gününden başlap ýa-da işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeriniň üýtgedilen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyryjy edara berilýär.

2. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan degişli arzanyň berlen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilenden soň, on bäş senenama gününiň dowamynda döwlet pajynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň berilmezligi şu Kanunyň 17-nji maddasynda bellenilen tertipde ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak üçin esas bolup durýar.

4. Ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlar berlen mahalynda ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwrülip bilner.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek hakynda ýüz öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen, ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamala ýa-da onuň hukuk oruntutaryna ýazmaça görnüşde habar berilýär.


17-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak


1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar. Görkezilen möhlet üç aýdan az, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler.

2. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky arzany ygtyýarlylandyryjy edara berýär.

3. Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzany alandan soň, on iş gününiň dowamynda ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag geçirýärler;

2) soňky üç iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýärler we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýärler.

4. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary we çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner:

1) eger ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylan mahalynda kazyýetiň karary bilen.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga borçludyrlar;

2) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirse, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde göz öňünde tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaralaryň çözgüdi bilen.

5. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle çözgüdiň esaslandyrmasy bilen, ýazmaça görnüşde ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala habar berilýär.

6. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär:

1) ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;

2) ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;

4) ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da aradan çykan ýagdaýynda;

5) kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;

6) ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt kabul edilen mahalynda.

7. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan, ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna, ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.


18-nji madda. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi hakyndaky maglumatlara barlag geçirmegiň tertibi


1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamaly hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini berjaý edişine barlag geçirmek ygtyýarlylandyryjy edaralar ýa-da ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan tabşyryk berlen olaryň düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edara barlaglar geçirende:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden we ygtyýarnamalydan zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

2) barlaglaryň netijeleriniň esasynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek bilen ykrarnamalary düzýär;

3) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini görkezmek bilen, ygtyýarnamala talaplary bildirýär;

4) ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilýär;

5) zerur halatlarda degişli ygtyýarly edaralardan hünärmenleri (bilermenleri) çekip bilýär;

6) şahsy ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda günäli bilip, ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrandygy üçin şahsdan işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakdan alnan peýdany Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirmek görnüşinde maliýe jerimesini ulanmak hakynda çözgüt kabul edýär, eger şahs tarapyndan maliýe jerimesi meýletin tölenilmedik halatynda kazyýete hak isleýiş arza bilen ýüz tutýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak isleýjä degişli edilen hukuklary amala aşyrýar. Maliýe jerimesiniň möçberi şeýle peýdanyň möçberinden tölenen salgytlaryň möçberine laýyklykda azaldylýar.

Eger geçirilýän barlaglaryň barşynda peýdanyň we degişli çykdajylaryň hasaba alynmandygy ýa-da şeýle maglumatlaryň berilmeýändigi ýüze çykarylsa, onda ygtyýarlylandyryjy edara (beýleki gözegçilik edarasy) özünde bar bolan maglumatlaryň esasynda, degişli ýagdaýlarda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesilen bahasyny, 25 göterim möçberinde (söwda işleri üçin – haryt dolanyşygynyň 8 göterimi möçberinde) düşewüntliligi ulanyp, peýdanyň çak edilýän möçberini hasaplamaga we bellemäge haklydyr. Peýdanyň çak edilýän möçberini hasaplamaga we bellemäge doly mümkinçilik bolmadyk halatynda ygtyýarlylandyryjy edara ony kesgitlemek üçin degişli ygtyýarly edaralara ýüzlenmäge haklydyr;

7) beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.

3. Ygtyýarlylandyryjy edara, bu edara tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen, ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamaly bolup durmaýan şahslaryň barlaglaryny delilli esas bolan halatynda geçirmäge haklydyr.

Barlagyň netijeleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edara:

1) öz barlagynyň netijeleri boýunça ykrarnamanyň düzülen senesinden, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylan barlaglaryň ykrarnamalarynyň gelip gowşan senesinden otuz senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulandygy ýa-da bozulmandygy barada çözgüt çykarýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan hereketleri amala aşyrýar;

2) şu maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýar.

4. Beýleki gözegçilik ediji edaralar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) geçirilýän resminamalaýyn barlaglaryň barşynda şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar we düzgün bozulmalar ýüze çykarylanda olar barada ygtyýarlylandyryjy edaralara habar berýärler;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň başlangyjy bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin geçirilýän barlaglara gatnaşýarlar.

5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly), barlaglar geçirilende zerur bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ygtyýarlylandyryjy edaralara bermäge borçludyr.


19-njy madda. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy


1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen möçberde işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny döredýärler we:

1) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak, dikeltmek ýa-da bes etmek, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüdiň kabul edilen;

2) ýuridik şahsyň we hususy telekeçileriň döwlet tarapyndan bellige alyş edaralaryndan ýuridik şahsy ýatyrmak ýa-da ony üýtgedip gurmak hakynda, hususy telekeçiniň işini bes etmek hakynda habary alan;

3) ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren kararynyň alnan gününden soň gelýän günden gijä galman degişli maglumatlary olara girizýärler.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny hasabat döwründen soň gelýän aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä her aýda kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerinde bermäge borçludyrlar.

2. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar banky ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan her aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä berilýän Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny birleşdirmek arkaly döredilýär.

3. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginde, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda bellenilen maglumatlar;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralar hakynda maglumatlar;

3) ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi, ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi we hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy hakynda arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan kabul edilen senesi hakynda maglumatlar;

4) ygtyýarnamanyň bellige alnan senesi we tertip belgisi;

5) ygtyýarnamanyň hereketini togtatmagyň we dikeltmegiň esaslary we möhleti;

6) ygtyýarnamany ýatyrmagyň esaslary we senesi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmagyň hakyky ýerleşýän ýeri;

8) ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmegiň esasy we senesi.

4. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda bar bolan maglumaty:

1) Türkmenistanyň salgyt we beýleki gözegçilik edaralaryna olaryň soramagy boýunça;

2) ygtyýarnamalylara, degişli arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralara gelip gowşan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda olardan göçürmeler görnüşinde berýärler.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyndan degişli maglumatlary özleriniň resmi Internet-saýtlarynda ýerleşdirip bilerler.


20-nji madda. Döwlet pajy


Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi (kanunçylygyň üýtgänligi üçin girizilýän goşmaçalardan başga), ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi, ygtyýarnamanyň öwezliginiň (dublikatynyň) berilmegi üçin möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen döwlet pajy tölenilýär.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagyndan alnan peýdany Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine almak hakynda kazyýete hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutan halatlarynda, döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.


21-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň we ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek


1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek:

1) býujetden maliýeleşdirilýänlerde – Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden olary saklamak üçin berilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar;

2) býujetden maliýeleşdirilmeýänlerde – öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.


IV BAP. YGTYÝARLYLANDYRYLMAGA DEGIŞLI IŞIŇ

GÖRNÜŞLERI


22-nji madda. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawy


1. Işiň aşakdaky görnüşleri şu Kanuna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir:

1) lukmançylyk işi;

2) farmasewtik iş;

3) lukmançylyk-tehniki işi;

4) dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirmek boýunça iş;

5) weterinariýa işi;

6) tohumçylyk işi;

7) tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;

8) nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;

9) spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini öndürmek, getirmek we ýerlemek babatynda iş;

10) çagalar üçin süýt garyndylaryny, süýt we beýleki iýmitlendiriji önümleri, bir görnüşe getirilen iýmitleri öndürmek işi;

11) sarp edijileri gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;

12) senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş;

13) ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;

14) awiasiýa işi;

15) deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işi;

16) ulag-ekspedisiýa işi;

17) awtomobil ulagynda daşamak işi;

18) elektroenergetika babatynda iş;

19) aragatnaşyk babatynda iş;

20) kiber howpsuzlyk babatynda iş;

21) himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;

22) geodeziýa we kartografıýa işi;

23) gurluşyk babatynda iş;

24) bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;

25) neşirýat işi;

26) çaphana işi;

27) syýahatçylyk işi;

28) humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;

29) auditorçylyk işi;

30) ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;

31) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;

32) baha kesmek işi;

33) bank işi;

34) gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;

35) fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işi;

36) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş;

37) raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;

38) medeniýet we sungat çygryndaky iş;

39) audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly iş.

2. Işiň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi diňe şu Kanunda göz öňünde tutulan, amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň Sanawyna goşmaçalary girizmek arkaly mümkindir.

3. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilner.


23-nji madda. Işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan ýuridik şahslar


1. Şu aşakdakylar işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döredilip, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda işiň degişli görnüşleri göz öňünde tutulan döwlet karhanalary, işiň şol görnüşleri boýunça;

2) işiň degişli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ygtyýarlylandyryjy edaranyň düzümine girýän, işiň bu görnüşlerini amala aşyrýan döwlet kärhanalary;

3) erkin ykdysady zolagyň (milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler) çäginde işi bellenilen tertipde amala aşyrýan şahslar, görkezilen iş bu zolagyň çägi bilen çäklenýän şertinde we (ýa-da) konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde;

4) Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň esasynda bellenilen tertipde döredilen, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýan, bu işi Türkmenistanda amala aşyrmaga daşary ýurt döwletiniň rugsady (ygtyýarnamasy) bolan bilelikdäki bilim edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyrlar.


V BAP. IŞIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINI

YGTYÝARLYLANDYRMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN

JOGAPKÄRÇILIK. JEDELLERI ÇÖZMEK


24-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik


1. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň wezipeli adamlary ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik we hukuga garşy hereketleri (hereketsizligi) amala aşyran halatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Ygtyýarnamany bermekden, ygtyýarnama goşmaça girizmekden, gaýtadan resmileşdirmekden, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden, ygtyýarnamanyň öwezligini (dublikatyny) bermekden esassyz ýüz öwrülmegi ýa-da ygtyýarnamalynyň hukuklarynyň bozulmagy bilen dörän ýitgileriň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-da olar tarapyndan ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüdiniň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Şeýle işden alnan peýda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine alynmaga degişlidir.


25-nji madda. Jedelleri çözmek


Ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.


VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER


26-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi


1. Şu Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilýär.

2. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary onuň herekete girizilen gününden gijä galman şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Şu Kanunyň 22-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawynda bellenilmedik işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak şu Kanunyň herekete giren gününden başlap togtadylýar.

4. Şu Kanunyň herekete girizilmegine çenli döwürde fiziki we ýuridik şahslara berlen ygtyýarnamalar:

1) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen işiň aýry-aýry görnüşleri üçin berlen bolsa, olaryň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli hukuk güýjüne eýedirler;

2) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilmedik işiň aýry-aýry görnüşleri üçin berlen bolsa, şu Kanunyň herekete girizilen gününden başlap güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilýär.



Türkmenistanyň                                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

№ 205-VI.