Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda



1-nji madda

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 23 382,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 23 282,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.


2-nji madda

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 76 443,2 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 76 343,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15 433,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 15 333,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.


3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2020-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:


goşulan baha üçin
salgytdan
peýdadan alynýan
salgytdan
ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan
Aşgabat şäheri
2,8%
2,8%
2,8%
Ahal welaýaty
100,0%
100,0%
100,0%
Balkan welaýaty
23,0%
23,3%
23,0%
Daşoguz welaýaty
100,0%
100,0%
100,0%
Lebap welaýaty
100,0%
100,0%
100,0%
Mary welaýaty
83,0%
81,2%
83,0%

 

 

4-nji madda

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 945,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:


Ahal welaýaty
88,3
mln. manat
Daşoguz welaýaty
1 362,0
mln. manat
Lebap welaýaty
495,2
mln. manat

 

5-nji madda

Ýerli býujetleri 9 894,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:


Aşgabat şäheri
1 790,7
    mln. manat
Ahal welaýaty
1 310,0
    mln. manat
Balkan welaýaty
1 208,8
    mln. manat
Daşoguz welaýaty
1 823,2
    mln. manat
Lebap welaýaty
1 975,1
    mln. manat
Mary welaýaty
1 786,2
    mln. manat


6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.


7-nji madda 

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet  nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

8-nji madda 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.



Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

№ 201-VI.