Lizing hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Lizing hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý., № 3, 45 -madda)

 

(Türkmenistanyň 31.03.2012 ý. № 297-IV Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun lizingiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we lizing işiniň esasynda maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.

 

1 madda. Şu Kanunda peýdalanylan esasy düşünjeler

 

Bu Kanunda şu esasy düşünjeler peýdalanyldy:

lizing-lizing şertnamasynda şertlenilen emläk lizing alyja peýdalanmak üçin kireýine berlende ýüze çykýan gatnaşyklardyr, ol lizing alyjy üçin lizing beriji tarapyndan taýýarlanylýar ýa-da öz eýeçiligine satyn alynýar;

lizing beriji-lizing predmetini lizing şertnamasy boýunça peýdalanmak üçin lizing alyja bermegi amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik tarapdyr;

lizing alyjy-lizing predmetini lizing şertnamasy boýunça peýdalanmak üçin alýan fiziki ýa-da ýuridik tarapdyr;

lizing predmetini satyjy-lizing berijiniň lizing predmetini alýan fiziki ýa-da ýuridik tarapdyr.

 

2 madda. Lizing hakyndaky kanunçylyk

 

1. Lizing hakyndaky kanunçylyk şu Kanundan we Türkmenistanyň gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki normatiw hukuk aktlaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga düzgünler göz öňünde tutulan bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

3 madda. Lizingiň predmeti

 

1. Kärhanalar we beýleki emläk toplumlary, jaýlar, desgalar, enjamlar, transport serişdeleri hem-de esasy serişdä dahylly gozgalýan we gozgalmaýan beýleki emläkler lizingiň predmeti bolup bilerler.

2. Ýer uçastoklary we beýleki tebigy obýektler, şeýle hem Türkmenistanda erkin dolanyşyk gadagan edilen ýa-da, oňa ýüzlenmäniň aýratyn tertibi bellenilen emläkler lizingiň predmeti bolup bilmezler.

 

4 madda. Lizingiň subýektleri

 

1. Lizing beriji, lizing alyjy we lizing predmetini satyjy lizingiň subýektleri bolup durýar.

2. Lizingiň subýektleriniň islendigi Türkmenistanyň wekili hem bolup biler, şeýle-de wekili  bolman hem biler.

3. Lizingiň anyk predmeti babatda şularyň bir şahsda jemlenmegine ýol berilmeýär:

lizing şertnamasy boýunça lizing berijiniň we lizing alyjynyň;

lizing predmetiniň lizing berijisiniň we lizing alyjysynyň kreditorynyň.

 

5 madda. Içerki we halkara lizingi

 

1. Içerki lizing amala aşyrylanda lizingiň subýektleri Türkmenistanyň wekilleri bolýar.

2.Halkara lizingi amala aşyrylanda lizing beriji ýa-da lizing alyjy Türkmenistanyň wekili bolmaýar.

 

6 madda. Lizing şertnamasy

 

1. Lizing şertnamasy lizing berijiniň, lizing alyjynyň we lizing predmetini satyjynyň gatnaşmagy bilen köptaraplaýyn ylalaşyk ýa-da lizing berijiniň we lizing alyjynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyk görnüşinde baglaşylyp bilner.

2. Lizing berijiniň we lizing predmetini satyjynyň arasynda ikitaraplaýyn şertnama baglaşylanda, eger lizing predmeti lizing berijiniň (şol tarapyndan taýýarlanylýar) eýeçiligindäki zat bolup durmaýan bolsa, lizing predmetini satmak-satyn almak barada goşmaça şertnama baglaşylýar.

3. Lizing subýektleri pul serişdeleriniň çekilendigi hakyndaky girew, kepil we başga hili ugurdaş şertnamalary baglaşyp bilerler.

 

7 madda. Lizilng şertnamasynyň mazmuny

 

1. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 600-nji maddasynda kesgitlenilen düzgünlerden başga lizing şertnamasy şulary öz içine almalydyr:

taraplaryň atlaryny;

lizingiň predmetine, ony bermegiň şertlerini we möhletlerini;

lizing şertnamasynyň baglaşylan möhletini;

taraplaryň lizing predmetini satyn almagy, bermegi we onuň mazmuny bilen baglanyşykly hukugyny we borçlaryny;

lizing şertnamasynyň gutarmagy boýunça taraplaryň hereketini;

taraplaryň jogapkärçiligini;

taraplaryň ýuridik adresini we bank rekwizitlerini;

şertnamanyň baglaşylan wagtyny we ýerini.

2. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça lizing şertnamasyna şu aşakdaky şertler hem girizilip bilner:

lizing predmetiniň strahowaniýesi;

fors-mažor ahwalaty;

lizing şertnamasynyň berjaý edilmegi üçin lizing subýektlerine gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda lizing şertnamasyna başga şertler hem girizilip bilner.

3. Lizingiň şertnamasynda lizing berijä lizing alyjy tarapyndan lizing predmetini peýdadanyp başlaýança-da, peýdalanýan prosesinde hem edýän goşmaça hyzmatlarynyň sanawy, möçberi we gymmaty göz öňünde tutulyp bilner.

4. Eger şertnamanyň taraplarynyň biri fiziki tarap bolup durýan bolsa, lizing şertnamasy notarial taýdan tassyklanylmaga degişlidir.

 

8 madda. Lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhleti

 

Lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhleti bellenilýär we ol:

eger onuň gulluk etmeli möhleti 10 ýyldan az bolsa, lizing predmetiniň gulluk möhletiniň 80 prosentinden geçmelidir; ýa-da

eger onuň gulluk etmeli möhleti 10 ýyldan köp bolsa, lizing predmetiniň gulluk etmeli möhetiniň 70 prosentinden geçmelidir.

Şonuň bilen birlikde, lizing predmetiniň kesilen galyndy bahasy lizing şertnamasynyň möhletiniň ahyrynda onuň deslapky (ilki başdaky) bahasynyň 20 prosentinden azrak bolmalydyr.

 

9 madda. Lizing şertnamasyny üýtgetmek we ýatyrmak

 

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, taraplaryň razylygy bilen lizing şertnamasyny üýtgetmek we ýatyrmak bolýar.

 

10 madda. Lizing işi

 

1. Lizing işi - lizing berijiniň lizing şertnamasy arkaly kesgitlenilen wezipelerini amala aşyrmak boýunça telekeçilik işiniň bir görnüşidir.

2. Lizing beriji şular bolup biler:

lizing kompaniýalary (firmalary) - lizing işini amala aşyrmak üçin ýörite döredilýän ýuridik taraplar, bular üçin ol esasy zat bolýar. Lizing kompaniýalarynyň (firmalarynyň) döredijileri Türkmenistanyň wekilleri we wekil dälleri ýaly, şu aşakdakylar ýuridik we (ýa-da) fiziki taraplar bolup bilerler;

banklar, olaryň döredilen dokumentlerinde lizing işi göz öňünde tutulan bolsa;

ýuridik taraplar, lizing işi olar üçin esasy zat bolup durmaýan we eger şeýle iş dörediliş dokumentlerinde göz öňünde tutulan bolsa;

fiziki taraplar - ýekebara (indiwidual) kärhanalar.

 

11-nji madda. Sublizing

 

Lizing şertnamasy boýunça alnan lizingiň obýektini lizing berijiniň ýazmaça beren ylalaşygy (razylygy) boýunça lizing şertnamasy esasynda, onuň öňünde jogapkär bolup galmak bilen, üçünji tarapa (sublizingi) wagtlaýyn eýelik etmek we peýdalanmak üçin tabşyrmaga lizing alyjy haklydyr.

Sublizing şertnama arkaly resmileşdirilýär. Şonda sublizingiň şertnamasynda şu Kanunyň düzgünleri sublizing beriji, sublizing alyjy we lizing predmetini satyjy babatda lizing beriji, lizing alyjy we lizing predmetini satyjy babatdaky laýyklykda ulanylýar.

Sublizing şertnamasynyň hereket edýän möhleti lizing şertnamasynyň hereket edýän möhletinden ýokary geçmeli däldir.

 

12 madda. Lizing berijiniň hukuklary we borçlary

 

Lizing berijiniň şulara hukugy bardyr, ýagny:

lizing şertnamasynyň we beýleki ugurdaş şertnamalarynyň şertleriniň lizing alyjy tarapyndan berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

lizing predmetiniň ýagdaýyny we peýdalanylyşynyň şertlerini barlamaga;

Türkmenistanyň kanunçylygynda we lizing şertnamasynda bellenilen halatlarynda ähli lizing tölegleriniň gyssagly girizilmegini ýa-da ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen lizing şertnamasynyň ýatyrylmagyny, ýa-da lizing predmetiniň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge;

satmak-satyn almak şertnamasynyň şertleri bozulan halatlarynda lizing alyjynyň razylygy bilen onuň mynasyp ýerine ýetirilmegini gazanmaga ýa-da lizing alyja başga lizing predmetini teklip etmäge;

maliýe gözegçiligini amala aşyrmak üçin zerur bolan we lizing predmetiniň ýagdaýy hakyndaky maglumatlary soramaga we almaga;

lizing alyjynyň maliýe ýagdaýy barada auditor netijäni almaga;

döredijileriň we lizing alyjylaryň dolandyryş organlarynyň lizing predmeti meseleleri baradaky umumy ýygnaklaryna ses bermek hukugy bolmazdan gatnaşmaga, öz talaplaryny mälim etmäge;

lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýe bolmaga.

Lizing beriji şulara hukuklydyr, ýagny:

lizing predmetiniň şertnamasynda göz öňünde tutulanlary taýýarlamaga we satyn almaga;

lizing alyjy üçin emlägi satyn alyp, lizing predmetini satyja emlägiň lizing bermek üçin niýetlenilendigi hakynda habar bermäge;

lizing alyja lizing predmetini lizing şertnamasynyň şertlerine we onuň maksadyna laýyk gelýän ýagdaýda bermäge;

eger lizing şertnamasynda bu ýagdaý göz öňünde tutulan bolsa, lizing predmetiniň möhletiniň geçmegi bilen lizing predmetini lizing alyjydan kabul edip almaga;

lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan başga borçlary öz wagtynda we doly möçberde ýerine ýetirmäge.

 

13 madda. Lizing alyjynyň hukuklary we borçlary

 

Lizing alyjynyň şulara hukugy bardyr, ýagny:

lizing berijiden lizing şertnamasy boýunça özüniň alan borçlaryny berjaý etmegini talap etmäge, şeýle hem lizing şertnamasyny ýerine ýetirmänliginiň ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmänliginiň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolup bermegini talap etmäge;

lizing predmetini satyja üpjün etmegiň hili, doly bolmagy, möhleti baradaky talaplary, eger lizing şertnamasynda bu ýagdaý göz öňünde tutulan bolsa, satyn almak-satmak şertnamasyndan gelip çykýan beýleki talaplary-da gös-göni bildirmäge;

lizing predmeti kabul edilip alnanda kemçilikler ýüze çykarylan halatynda, olary aradan aýyrmak mümkin däl, lizing predmetini mundan beýläk ulanyp bolmaýan bolsa, lizing şertnamasyny ýatyrmak we (ýa-da) lizing predmetinden ýüz öwürmek barada talap etmäge;

lizing şertnamasy möhletinden öň ýatyrylan halatynda lizing tölegleriniň awansy hökmünde onuň öňki tölänlerini we lizing predmeti peýdalanylan döwürde öndürilen peýdany aýranyňda galýan beýleki summany gaýtaryp bermegini talap etmäge;

lizing şertnamasy boýunça lizing töleglerinden düşýän galyndy puly lizing şertnamasynyň ýatyrylmagy we lizing predmetiniň alynmagy bilen bir wagtda üçünji tarapyň lizing predmetine tölegi ulanyşyga girende onuň eýeçiligine bir wagtda girizmäge;

lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýe bolmaga.

Lizing alyjy şulara borçludyr, ýagny;

lizing predmetini kabul etmäge we degişli derejesinde peýdalanmaga, ony lizing şertnamasynyň şertlerine laýyklykda saklamaga;

lizing töleglerini öz wagtynda we doly möçberde tölemäge;

lizing şertnamasynda başga ýagdaý bellenilmedik bolsa, lizing predmetiniň ýeňil remontyny öz hasabyna geçirmäge, ony saklamak üçin beýleki çykdajylary çekmäge;

lizing berijä onuň inwestision çykdajylarynyň öwezini dolup bermäge we oňa el haky tölemäge;

lizing predmetiniň we öz maliýe ýagdaýyň hakynda lizing berijä habar berip durmaga;

eger lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhleti gutaranyndan soň ony yzyna satyn almak göz öňünde tutulmadyk bolsa, lizing şertnamasy ýatyrylanda lizing predmetini yzyna gaýtarmaga;

lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary öz wagtynda we doly möçberde berjaý etmäge.

 

14 madda. Lizing predmetini satyjynyň hukuklary we borçlary

Lizing predmetini satyjynyň lizing predmetini satyn almak-satmak şertnamasy, degişli halatlarda bolsa, lizing şertnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuklary we borçlary bardyr.

 

15 madda. Lizing berijiniň we lizing alyjynyň öz hukuklaryny üçünji şahsa (tarapa) bermegi

 

1. Lizing beriji lizing şertnamasy we lizing predmetini satyn almak-satmak şertnamasy boýunça öz hukuklaryny üçünji şahsa  (tarapa) bu barada lizing alyja mälim etmek bilen, dolulygyna ýa-da bölekleýin berip biler.

2. Lizing alyjy lizing şertnamasy boýunça öz hukuklaryny üçünji şahsa (tarapa), lizing berijiniň rugsat bermegi bilen we lizingiň beýleki subýektleriniň hukuklaryny berjaý etmek bilen, dolulygyna ýa-da bölekleýin berip biler.

3. Eýeçilige bolan hukuk lizing berijiden üçünji şahsa (tarapa) geçeninde lizing alyjy bilen baglaşylan lizing şertnamasy täze hojaýyn üçin hem öz güýjüni saklap galýar.

 

16 madda. Lizing predmetine eýelik etmek hukugy

 

1. Lizing şertnamasynyň hereket etmeli bütin dowamynda lizing predmeti lizing berijiniň eýeçiligindäki zat bolýar.

2. Lizing predmetinden peýdalanmak hukugy lizing alyja diňe lizing şertnamasynda kesgitlenilen  şertlerde degişlidir.

3. Lizing predmetine eýelik etmek hukugy lizing alyja lizing şertnamasynyň gutarmagy boýunça lizing şertnamasynyň şertlerine laýyklykda ýa-da ähli lizing tölegleriniň tölenilen şertlerinde lizing şertnamasynyň möhletinden ön ýerine ýetirilmegi bilen geçýär.

4. Lizing predmetine lizing alyjy tarapyndan edilen bölekleýin gowulandyrma (kämilleşdirme), eger lizingiň şertnamasynda başga hili ýagdaý görkezilmedik bolsa, onuň öz eýeçiligindäki zady bolup durýar.

5. Eger lizing alyjynyň lizing berijiniň ýazmaça beren razylygy bilen öz serişdesiniň hasabyna lizing predmetine şol predmete zyýan ýetirmezden, bölüp aýryp bolmaýan gowulandyrma (kämilleşdirme) girizen halatynda lizing alyjynyň lizing şertnamasynyň bes edilmeginden soň, eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, girizen şeýle gowulandyrmasynyň bahasyny töledip almaga haky bardyr.

6. Lizing alyjynyň batan, tussag edilen ýa-da onuň emlägi konfiskasiýa edilen halatynda lizing predmeti lizing alyjynyň umumy emläginden bölünip aýrylýar we lizing berijä gaýtarylyp berilmäge degişli bolýar. Lizing berijä ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we lizing şertnamasy arkaly kesgitlenilýär.

 

17 madda. Lizing predmetini bellige almak

 

1. Döwlet organdarynda bellige alynmagy talap edilýän lizing predmetleri lizing berijiniň ýa-da lizing alyjynyň adyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynýar. Şonda ol bellige alynýan dokumentlerde lizing predmetiniň hojaýyny we eýesi (ony peýdalanýan adam) hakyndaky maglumatlar hökmany suratda görkezilýär.

2. Lizing şertnamasynyň ýatyrylan we lizing predmetiniň lizing beriji tarapyndan yzyna gaýtarylan halatynda, lizing predmeti zerur bolan halatynda gaýtadan ýazgy edilmäge degişlidir.

 

18 madda. Lizing predmetiniň amortizasiýasy

 

1. Lizinge goýberilen amortizasion pul emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaplanyp çykarylýar.

2. 8 maddadaky talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin lizing şertnamasynyň taraplarynyň özara ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, lizing predmetiniň çaltlandyrylan amortizasiýasyny ulanmaga-da hukugy bardyr.

 

19 madda. Lizing predmetiniň girew hökmünde peýdalanylmagy

 

1. Lizing berijiniň lizing predmetini girew hökmünde ulanmaga, lizing alyjyny bu hakda deslapdan mälim etmek şerti bilen, eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, haky bardyr.

2. Lizing alyjynyň lizing predmetini girew hökmünde peýdalanmaga haky ýokdur.

3. Lizing predmeti eger çekilen serişdeleriň hasabyna satyn alnan bolsa we serişdeleri çekmek baradaky şertnama boýunça girewiň predmeti bolup durýan bolsa, oňa gaýtadan girew goýmaga ýol berilmeýär.

 

20 madda. Lizing predmetiniň strahowaniýesi

 

Lizing beriji lizing predmetiniň strahowaniýesini onuň lizing alyja berilmeginden öň amala aşyryp biler we onuň amala aşyrylmagyna edilýän çykdajylary inwestision harajatlara-da goşmaga haklydyr.

 

21 madda. Lizing predmeti bilen baglanyşykly töwekgellik

 

Lizing predmeti bilen baglanyşykly ähli töwekgelligi, şol sanda onuň tötänden ýitmek (wepat bolmak) ýa-da tötänden zaýalanmak, şeýle hem ogurlanmak, wagtyndan öň dagamak, döwülmek töwekgelligini eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, lizing predmetini kabul edip alnan pursatyndan başlap, lizing alyjy edýär.

 

22 madda. Lizing berijiniň inwestision çykdajylary

 

Lizing berijiniň inwestision çykdajylary diýlip, lizing alyjynyň lizing predmetini satyn almak we peýdalanmak bilen baglanyşykly çykdajylaryna we harajatlaryna düşünilýär, şol sanda:

lizing predmetiniň bahasy (gymmaty);

lizing predmetini saklamak, daşamak, gurmak (oturtmak) we montaž etmek üçin, eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý bellenilmedik bolsa, edilen çykdajylar;

lizing predmetini peýdalanmak bilen baglanyşykly personaly okatmak üçin çykdajylar;

gümrük resmileşdirmesi we lizing predmeti bilen baglanyşykly gümrük ýygymlarynyň, tarifleriniň we paçlarynyň, şeýle hem lizing predmeti Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna getirilende tölenilýän salgytlaryň çykdajylary;

eger lizing şertnamasy arkaly başga hili ýagdaý bellenilmedik bolsa, lizing predmetiniň strahowaniýesi üçin çykdajylar;

çekilen serişdeleriň peýdalanylandygy üçin prosentleriň we lizing predmetini satyjylara tölegleri tölemegiň möhletiniň yza süýşürilip berlendigi üçin tölegleriň çykdajylary;

lizing berijä lizing predmeti bilen baglanyşykly kepilligiň berlendigi we kepil bolnandygy üçin töleg;

lizing predmetiniň satyn alynmagy we berilmegi bilen baglanyşykly çykdajylar, şeýle hem ony saklamak we oňa hyzmat etmek üçin çykdajylar;

söwda agentiniň komission ýygymy;

lizing predmetini bellik etdirmek, lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan goşmaça hyzmatlary etmek üçin çykdajylar;

lizing predmetiniň peýdalanylandygy we ulanylandygy bilen baglanyşykly başga çykdajylar.

 

23 madda. Lizing tölegleri

 

1. Lizing şertnamasy boýunça lizing predmetini peýdalanmak üçin berlen töleg lizing alyjy tarapyndan lizing tölegleri görnüşinde lizing alyjy tarapyndan amala aşyrylýar.

Lizing tölegleri lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhletiniň bütin dowamyna paýlanylýar we bölekleýin tölenilýär. Lizing tölegleriniň möçberi we möwsümleýinligi lizing şertnamasy arkaly bellenilýär.

2. Lizing tölegleri natural görnüşde, şol sanda lizing predmetiniň kömegi bilen öndürilýän önüm görnüşinde amala aşyrylýan wagtynda hasaplaşyklar lizing şertnamasynyň taraplarynyň ylalaşygy bilen kesgitlenilýän baha (nyrh) boýunça geçirilýär.

 

24 madda. Lizingiň subýektleriniň jogapkärçiligi

Lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan borçlaryň berjaý edilmändigi üçin lizingiň subýektleri lizing şertnamasyna we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

25 madda. Lizing şertnamasy boýunça jedelleriň çözülişi

 

Lizing şertnamalaryndan ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sud tertibinde çözülýär.

Halkara lizing şertnamalaryndan ýüze çykýan jedellere şertnamada şertlenilen ýurduň kanunçylygyna laýyklykda sud tertibinde seredilip bilner.

 

Türkmenistanyň                                                    Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 15-nji sentýabry

№ 391-1