Türkmenistanyň Araçy suduny döretmek hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Araçy suduny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. №2¸ 24-njimadda)

 

Jemgyýetde durnukly hukuk ýagdaýyny döretmek Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet-hukuk baş ugrunyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu umumy döwlet wezipeleriniň netijeli çözülmegi köp babatda sud ulgamynyň sazlaşykly işlemegine baglydyr, ol bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga hyzmat etmelidir. Türkmenistanyň sud ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, emläk babatdaky jedellere oňat hilli garalmagyny üpjün etmek, şeýle hem sud çözgütlerini netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen:

1.Türkmenistanyň Araçy suduny döretmeli.

2. Türkmenistanyň ýapylan Ýokary hojalyk sudunyň we welaýat hojalyk sudlarynyň ygtyýaryna degişli edilen we şu Kanun kabul edilýänçä olaryň garamagyna gelip gowşan işler birinji dereje boýunça Türkmenistanyň Araçy sudunda garalmaga degişlidir.

3.Türkmenistanyň Araçy sudunyň çözgüdi barada nägilelik we gözegçilik tertibinde Türkmenistanyň Ýokary suduna şikaýat edilip bilner.

4.Türkmenistanyň Araçy sudunda işlere garalşyna sud gözegçiligini amala aşyrmagy Türkmenistanyň Ýokary sudunyň üstüne ýüklemeli.

5.Araçy sud önümçiliginiň meselelerini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary kabul edilýänçä Türkmenistanyň Araçy sudy işlere garanda we Türkmenistanyň Ýokary sudy araçy işlerine nägilelik we gözegçilik tertibinde garanda Türkmenistanyň Hojalyk prosessual kodeksini we Türkmenistanyň Raýat prosessual kodeksini goldanmaly.

 

Türkmenistanyň           Saparmyrat

Prezidenti                      Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 14-nji fewraly

№  16-II