Kärhanalar hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Kärhanalar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV, 31.03.2012 ý. № 297-IV, 04.05.2012 ý.

№ 300-IV, 09.11.2013 ý. № 452-IV, 28.02.2015ý. №197-V, 26.03.2016 ý. № 386-V, 04.11.2017 ý. № 636-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI we 08.06.2019 ý. № 152-VI Kanunlary

esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda kärhanalary döretmegiň, olaryň işiniň we işini bes etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1 madda. Kärhana

 

Kärhana hökmünde şu kanunyň talaplaryna laýyklykda önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti hasaplanýar.

 

2 madda. Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu kanundan, kärhanalaryň iş çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.

 

3 madda. Kärhanalaryň hukuk ýagdaýy

 

1. Kärhananyň hukuk ýagdaýy - munuň özi kanunçylyk tertibinde kärhananyň hukuk subýekti hökmünde hukuklarynyň we borçlarynyň berkidilen ulgamydyr.

2. Kärhana döwlet belligine alnan pursatyndan başlap, hukuk subýektine öwrülýär.

3. Kärhana öz adyndan hukuklara eýe bolýar we olary amala aşyrýar, öz üstüne borçlary alýar.

 

4 madda. Kärhanalaryň hukuklarynyň kepillikleri

 

1. Döwlet kärhanalaryň hukuklarynyň we onuň kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär, maddy, maliýe, zähmet we başga çeşmelere bolan rugsada deň mümkinçilikleri üpjün edýär, erkin bäsdeşligiň ösüşine ýardam edýär.

 

2. Kärhananyň gulluk ýa-da telekeçilik syryny düzýän habaryň goralmagy kepillendirilýär.

3. Kärhananyň işine döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär, muňa Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

 

5 madda. Kärhananyň alamatlary

 

1. Kärhananyň öz hususy ady, hukuk salgysy, möhüri bolýar.

2. Kärhananyň öz işinde peýdalanýan harytlyk we beýleki nyşanlaryny edinmäge haky bardyr.

 

6 madda. Kärhananyň ady

 

1. Kärhananyň öz ady bolýar. Kärhana öz ady bilen döwlet belligine alynmaga degişlidir.

2. Kärhananyň adynda şular bolmalydyr:

kärhananyň hereket edýän beýleki kärhanalardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän takyk ady;

guramaçylyk-hukuk görnüşiniň doly aňladylyşy ýa-da onuň gysgaldylan baş harplary.

Kärhana eýýäm bellige alnan başga kärhananyň ady bilen gabat gelýän ýa-da döwlet belligi edarasynyň kesgitlemegi boýunça meňzeş atlary peýdalanyp bilmez.

3. Kärhananyň şahamçalary we wekillikleri işi onuň adyndan amala aşyrýarlar.

4. Bellige alnan kärhananyň öz adyny harytlarda, olaryň daňylarynda, mazamnamalarynda, asma ýazgylarynda, neşir synlarynda, hasaplarynda, resmi kagyzlarynda we özüniň işi bilen baglanyşykly beýleki resminamalarynda peýdalanmaga kärhananyň aýratyn hukugy bardyr.

5. Daşary ýurduň gatnaşmagy bilen döredilýän kärhananyň adyna ony esaslandyryjylaryň döwlete degişliligi hakyndaky görkezme goşulup bilner.

 

7 madda. Hukuk salgysy

 

1. Kärhananyň hukuk salgysy hökmünde onuň ýerleşýän ýerini kesgitleýän, edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna resmi ýagdaýda bellige alnan we şoňa girizilen salga düşünilýär.

2. Kärhananyň diňe bir hukuk salgysy bolup biler.

 

8 madda. Kärhananyň möhüri we resmi kagyzlary

 

Kärhana öz işinde möhüri, möhürçeleri we resmi kagyzlary peýdalanýar. Kärhananyň möhürinde, möhürçelerindewe resmi kagyzlarynda kärhananyň resmi ady bolýar.

Guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça döwlet kärhanasy bolan we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girýän kärhanalaryň möhürlerinde we resmi kagyzlarynda olaryň ýokarda durýan döwlet edarasynyň ady we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekili ýerleşdirilýär.

 

9 madda. Kärhanany dolandyrmak

 

1. Kärhanany dolandyrmagyň tertibi şu kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenýär.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 04.05.2012 ý. № 300-IV Kanuny esasynda  güýjüni ýitiren.

 

10 madda. Kärhananyň işiniň möhletleri

 

Eger Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da kärhananyň esaslandyryş resminamalary bilen işiň başga möhletleri bellenilmedik bolsa, onda kärhana iş möhleti çäklendirilmezden döredilýär.

 

II BAP. KÄRHANALARY DÖRETMEK

 

11 madda. Kärhanany döretmegiň umumy şertleri

 

1. Kärhana ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär.

2. Kärhanany esaslandyryjylar hökmünde hukuk kämillikli fiziki we edara görnüşindäki taraplar, şol sanda daşary ýurtlaryň şeýle taraplary bolup biler.

3. Kärhanadan bir ýa-da birnäçe täze kärhananyň bölünip aýrylmagy, şeýle hem onuň bölünmegi netijesinde kärhana döredilip bilner.

 

12 madda. Kärhananyň esaslandyryş şertnamasy

 

1. Kärhanany döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryş şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama kärhanany esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar.

Esaslandyryş şertnamasy kärhananyň esaslandyryş resminamasy hasaplanýar.

2. Döwlet kärhanasy döredilende, şeýle hem, eger kärhana bir esaslandyryjy tarapyndan döredilse, esaslandyryş şertnamasy baglaşylmaýar.

3. Esaslandyryş şertnamasynda şular bolmalydyr, ýagny:

kärhanany döretmek hakyndaky karar, kärhananyň ady we ýerleşýän ýeri.

esaslandyryjylaryň sanawyny;

eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda esaslandyryjylaryň adyny, hukuk salgysyny, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli, eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa, onda onyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezmeli;

kärhanany döretmegiň tertibi;

kärhanany döretmek boýunça esaslandyryjylaryň işini amala aşyrmagyň şertleri;

esaslandyryjylaryň, şeýle hem kärhanany döretmegiň we bellige almagyň barşynda döredilýän kärhana wekilçilik edýän adamlaryň ygtyýarlarynyň kesgitlenilmegi;

esaslyk maýasynyň möçberi;

esaslyk maýasyna her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumynyň ýa-da natural görnüşde ýa-da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we möhletleri hakyndaky maglumatlar;

esaslyk maýasyna goşmaça goýumlary girizmek hakynda karary kabul etmegiň tertibi, şeýle hem goýumlary öz wagtynda geçirmezligiň netijeleri;

kärhananyň tertipnamasyny tassyklamak hakynda karar;

girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;

esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň düzüminden çykmagynyň tertibi.

Kärhananyň esaslandyryş şertnamasyna şu kanuna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna garşy gelmeýän kärhanany döretmäge we onuň işine dahylly beýleki şertler hem goşulyp bilner.

4. Esaslandyryş şertnamasynda kärhananyň işiniň özeni we maksatlary göz öňüne tutulyp bilner.

5. Şertnama ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.

Esaslandyryjylaryň wekilleriniň kärhanalary döretmäge we esaslandyryş şertnamasyna gol çekmäge hukuk berýän degişli ygtyýarlary bolmalydyr. Esaslandyryjylaryň sanawyna girýän edara görnüşindäki taraplar degişli edara görnüşindäki tarapyň adyndan ynanç hatsyz doly ygtyýarly hereket etmäge öz ýolbaşçylaryny görkezip bilerler.

6. Esaslandyryş şertnamasynyň şertleri şol şertnama gol çeken esaslandyryjylar, şeýle hem kärhana esaslandyrylandan we bellige alnandan soň oňa girýän täze gatnaşyjylar üçin hem hökmanydyr.

 

13 madda. Kärhananyň tertipnamasy

 

1. Kärhananyň tertpnamasy edara görnüşindäki tarap hökmünde kärhananyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasydyr. Kärhananyň tertipnamasy kärhananyň esaslandyryş resminamasy hasaplanylýar.

2. Tertipnamada şu aşakdakylar bolmalydyr, ýagny:

kärhananyň ady, hukuk salgysy;

esaslandyryjylaryň sanawy;

eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda esaslandyryjylaryň adyny, hukuk salgysyny, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli;

eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa, onda onuň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezmeli;

kärhananyň işiniň maksatlary we görnüşleri;

esaslyk maýasynyň möçberi, kärhananyň emläginde esaslandyryjylaryň paýy hakyndaky maglumatlar;

kärhana gatnaşyjylaryň paýlarynyň birinden beýlekä geçiş tertibi;

kärhanany dolandyrýan we oňa gözegçilik edýän edaralar, olary düzmegiň tertibi hakyndaky maglumatlar we ygtyýarlygy;

girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;

işi üýtgedip guramagyň we bes etmegiň şertleri.

Eger kärhana bir adam tarapyndan döredilýän bolsa, onda onuň ustawynda emlägi döretmegiň we girdejileri paýlamagyň tertibi hem kesgitlenilýär.

Tertipnamada Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem görkezilip bilner.

3. Tertipnama esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynda biragyzdan tassyklanylmalydyr we ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär. Kärhana bir tarap bilen döredilen halatynda tertipnama esaslandyryjy tarapyndan tassyklanylýar we gol çekilýär.

4. Tertipnamanyň nusgalyklary, şeýle hem oňa soňraky girizilen üýtgetmeler hakyndaky ähli resminamalar döwlet belligini amala aşyran edarada saklanylýar.

 

III BAP. KÄRHANALARYŇ DÖWLET BELLIGI

 

14 madda. Kärhanalaryň döwlet belliginiň maksatlary we wezipeleri

 

Kärhanalaryň döwlet belligi şu maksatlar üçin amala aşyrylýar, ýagny:

Türkmenistanda kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa-da ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak üçin;

Türkmenistanda döredilýän, şeýle hem üýtgedilip guralmaga ýa-da ýatyrylmaga degişli kärhanalaryň ýeke-täk hasabyny ýöretmek üçin;

Türkmenistanyň çäginde döredilen, üýtgedilip guralan ýa-da ýatyrylan kärhanalar hakynda edara görnüşindäki we fiziki taraplary degişli habar bilen üpjün etmek üçin.

 

15 madda. Kärhanalaryň döwlet belligi

 

1. Kärhanalaryň döwlet belligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan onuň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki kiçi bölümleri tarapyndan berilýän netijeler esasynda amala aşyrylýar.

2. Kärhanalaryň döwlet belligini amala aşyrmak üçin sanawy şu kanunyň 17 maddasynda bellenilen resminamalaryň hödürlenmegi talap edilýär.

3. Döwlet belliginden geçen kärhana döwlet belligi hakynda şahadatnama berilýär.

4. Döwlet belliginiň maglumatlary edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna goşulýar, onuň eýesi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

5. Kärhananyň bellige alnandygy hakyndaky karar kabul edilenden soňra Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni on gün möhletde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň Merkezi bankyna iberýär.

Bäşinji böleginiň ikinji tesimi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda  güýjüni ýitiren.

 

16 madda. Kärhanany döwlet belligine almagyň möhleti

 

Kärhanany döwlet belligini almak hakynda ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz öwürlendigi hakynda esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar beren pursatyndan başlap, iki hepdäniň dowamynda karar kabul edilýär.

 

17 madda. Kärhanany döwlet belligine almak üçin hödürlenilýän resminamalar

 

1. Kärhanany döwlet belligine almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir, ýagny:

kärhanany döwlet belligine almak üçin ony esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da kärhanany döretmäge esaslandyryjylar tarapyndan ygtyýarly edilen tarapyň gol çekilen arza;

esaslandyryş resminamalary;

Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda kärhananyň döwlet belligi üçin alnan ýygymyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

2. Kärhanany bellige almak hakyndaky arza şulardan ybarat bolmalydyr, ýagny:

ady we hukuk salgysy;

esaslyk maýasynyň möçberi;

esaslandyryjylaryň sanawyny;

eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda esaslandyryjylaryň adyny, hukuk salgysyny, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli; eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa, onda onuň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny görkezmeli.

Arzanyň ýanyna şular goşulmalydyr, ýagny:

pul görnüşli däl goýumy bolan kärhana döredilende goýumyň bahasy hakyndaky resminama;

kärhana döwlet belligine alynmazdan öň esaslyk maýasynyň bir bölegini töländigini tassyklaýan resminama.

 

18 madda. Kärhananyň döwlet belligine alynmagyndan ýüz öwürmek

 

1. Kärhanany döwlet belligine almakdan ýüz öwürmäge şu halatlarda ýol berilýär:

esaslandyryş resminamalary şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;

şu Kanunyň 17 maddasynyň birinji punktunda göz öňünde tutulan resminamalaryň haýsydyr biriniň esaslandyryjylar tarapyndan berilmedik ýagdaýynda;

esaslandyryjylar tarapyndan kärhanany döretmegiň şu Kanunda göz öňünde tutulan tertibi bozulan mahalynda;

eger Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kärhananyň işiniň görnüşleri gadagan edilende.

Kärhanany bellige almakdan ýüz öwürmäge başga esaslarda ýol berilmeýär.

Kärhanany bellige almakdan ýüz öwrülen halatynda bellige alyjy edara bellige almaga hödürlenen resminamalary ýüz öwrülmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde düşündirip, arzaça gaýtaryp bermelidir.

2. Kärhanany bellige almakdan ýüz öwrülendigi, kärhanany bellige almak üçin bellenilen möhletiň berjaý edilmändigi hakynda kärhanany esaslandyryjylar tarapyndan suda arz edilip bilner.

 

19 madda. Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji nusgalygy

 

Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnama ýitirilen halatynda  kärhananyň ýazmaça arzasy esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bäş kalendar günüň dowamynda döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji nusgalygyny bermegi amala aşyrýar.

 

20 madda. Kärhanany döwlet belligine almak üçin ýygym

 

Kärhananyň döwlet belligine alnandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilyän möçberlerde ýygym tölenilýär.

 

21 madda. Kärhanany gaýtadan bellige almak

 

1. Esaslandyryş resminamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende kärhana bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bir hepdäniň dowamynda habar bermäge borçludyr.

2. Kärhananyň adynyň üýtgedilip guralmagyny, onuň eýesiniň ýa-da hukuk salgysynyň çalyşmagyny, esaslandyryjylaryň düzüminiň, esaslyk maýasynyň möçberiniň ýa-da kärhananyň işiniň görnüşiniň (görnüşleriniň), onuň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň täzeden üýtgedilmegini, golçur kärhanasynyň döredilmegini, onuň şahamçasyny ýa-da wekilligini döretmegi göz öňünde tutýan esaslandyryş resminamalaryndaky üýtgetmeler diňe kärhananyň gaýtadan bellige alynmagy geçirilen pursatyndan güýje girýär.

Kärhanany gaýtadan bellige almak kärhanany bellige almak üçin göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

22 madda. Kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmak

 

1. Kärhanany ýatyrmak, batyp galmak hakyndaky önümçilik bilen baglanyşykly işler tamamlananda, şeýle hem ýalňyş bellige alnanda ýa-da kärhananyň döredilmegi kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilende, döwlet belligini geçiren edara şol kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmaga borçludyr.

2. Bellige alnyş, şonuň ýaly-da, kärhana gatnaşyjylaryň islendik biriniň ýa-da islendik üçünji tarapyň talaby esasynda kazyýetň çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner.

3. Kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmak onuň edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylmagyna eltýär.

 

23 madda. Kärhananyň şahamçalarynyň we wekillikleriniň döwlet belligi

 

1. Kärhananyň şahamçalary we wekillikleri kärhanalary bellige almak üçin bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir we edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna goşulýar.

2. Şahamçany we wekilligi bellige almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenilýär:

a) şahamçany ýa-da wekilligi döretmek hakynda kärhananyň ýolbaşçy edarasynyň karary;

b) şahamçanyň ýa-da wekilligiň işiniň özeni hakynda maglumat;

ç) şahamçasy ýa-da wekilligi döredýän kärhananyň tertipnamasynyň göçürmesi;

d) şahamçanyň ýa-da wekilligiň işini alyp barmak tabşyrylan adamy bellemek hakynda karar;

e) şahamçany ýa-da wekilligi döredýän kärhananyň bellige alnandygy hakynda şahadatnama.

3. Şahamçanyň ýa-da wekilligiň döredilendigi hakynda şahamçany döredýän kärhananyň ýerleşýän ýeri boýunça sanawa habar berilýär.

 

IV BAP. KÄRHANALARYŇ IŞINIŇ

GURAMAÇYLYK–HUKUK GÖRNÜŞLERI

 

24 madda. Kärhanalaryň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri

 

1. Kärhanalar işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar:

döwlet kärhanasy;

ýekebara kärhana;

hyzmatdaşlyk kärhanasy;

bilelikdäki kärhana;

jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy;

hojalyk şereketi;

paýdarlar jemgyýeti.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň hem döredilmegi göz öňünde tutulyp bilner.

 

25 madda. Döwlet kärhanasy

 

1. Döwlet kärhanasy - munuň özi döwlet serişdeleriniň hasabyna döredilen ýa-da bellenilen tertipde döwlet eýeçiligine berlen kärhanadyr, ol özüne berkidilen emläge eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýarlyk edýär.

2. Döwlet kärhanasy döwlet emlägine eýelik etmek, ondan peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek hukuklaryny Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde we çäklerde amala aşyrýar.

3.Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da öz ygtyýarlygyna laýyklykda beýleki ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan döwlet kärhanasynyň döredilmegi hakynda kabul edilen nama onuň döredilmeginiň hukuk esasy bolup durýar.

4. Döwlet kärhanasynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi onuň döredilmegi hakynda namany kabul eden döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Döwlet kärhanasynyň işi bellenilen tertipde bellige alnan kärhananyň tertipnamasy (düzgünnamasy) arkaly kesgitlenilýär.

6. Esaslandyryjy döwlet kärhanasynyň öňünde şu aşakdaky wezipeleri bellemäge haklydyr, ýagny:

hökmany işleri (tabşyryklary, ýumuşlary);

harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň bahalaryny we nyrhlaryny, şeýle hem olary hasaplamagyň düzgünlerini;

esaslandyryjy tarapyndan işgärleri bellenilýän dolandyryş wezipelerini.

7. Döwlet kärhanasynyň düzüm gurluşy, şeýle hem döwlet kärhanasyny dolandyrmak ony esaslandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we kärhananyň esaslandyryş resminamalarynda berkidilýär.

8. Döwlet kärhanasy öz borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emläk bilen jogap berýär.

Döwlet kärhanasy esaslandyryjynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, kärhananyň esaslandyryjysy bolsa, kärhana berkidilen emläkden başgasyna, kärhananyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär.

 

26 madda. Ýekebara kärhana

 

1. Ýekebara kärhana diýlip, bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar.

2. Ýekebara kärhana emlägiň eýesiniň çözgüdi boýunça döredilýär. Ýekebara kärhananyň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan onuň ustawydyr.

3. Ýekebara kärhana beýleki bir eýä degişli kärhananyň fiziki tarap tarapyndan edinilmegi netijesinde döredilip bilner.

4. Ýekebara kärhananyň emlägi fiziki tarapyň emläginden, girdejilerden we beýleki kanuny çeşmelerden emele gelýär.

5. Ýekebara kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 25 esse möçberden ybarat bolmalydyr.

6. Ýekebara kärhanany dolandyrmak onuň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýekebara kärhananyň eýesi kärhananyň işlerini alyp barmagyň ygtyýarlaryny şertnama (kontrakt) boýunça beýleki adama (dolandyryja, ýerine ýetiriji direktora) bermäge haklydyr.

7. Ýekebara kärhananyň eýesi ýekebara kärhananyň alan borçnamalary boýunça doly emläk jogapkärçiligini çekýär.

 

27 madda. Hyzmatdaşlyk kärhanasy

 

1. Hyzmatdaşlyk kärhanasy diýlip, onuň işine her bir agzasynyň
şahsy gatnaşmagyna esaslanýan kärhana hasaplanylýar.

2. Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň emlägi onuň agzalarynyň pul we emläk tölegleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik girdejileriň we başga çeşmeleriň hasabyna emele getirilýär.

3. Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 50 esse möçberden ybarat bolmalydyr.

4. Hyzmatdaşlyk kärhanasyny dolandyrmak hyzmatdaşlyk kärhanasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan amala aşyrylýar.

Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň işlerini alyp barmak üçin onuň umumy ýygnagy ýerine ýetiriji edarany döredip biler.

Hyzmatdaşlyk kärhanasyny dolandyrmagyň we onuň işlerini alyp barmagyň tertibi tertipnama bilen kesgitlenilýär.

5. Hyzmatdaşlyk kärhanasy öz eýeçiliginiň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.

Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň paýçylary öz paýynyň çäklerinde kärhananyň borçnamalary boýunça raýdaş jogapkärçilik çekýärler.

 

271-nji madda. Bilelikdäki kärhana

 

1. Bilelikdäki kärhana - Türkmenistanyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň umumylaşdyrylan emläkleriniň hasabyna peýda görmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen kärhana.

2. Bilelikdäki kärhana ony esaslandyryjylaryň arasynda baglaşylan şertnama esasynda döredilýär. Şunda esaslyk maýasyndaky her bir esaslandyryjynyň paýy umumy paýyň 10 göteriminden az bolmaly däldir.

3. Bilelikdäki kärhananyň emlägi onuň gatnaşyjylary bolan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyndaky paýlarynyň (goýumlarynyň) birleşmeginiň, şeýle hem girdejileriň hasabyna emele gelýär.

4. Bilelikdäki kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat bolmalydyr.

5. Bilelikdäki kärhana öz üstüne alan borçnamalary boýunça öz eýeçiliginiň çäklerinde jogapkärçilik çekýär.

6. Bilelikdäki kärhananyň ýokary guramasy oňa gatnaşyjylaryň umumy ýygnagydyr. Umumy ýygnagy çagyrmagyň we geçirmegiň möhletleri, tertibi bilelikdäki kärhananyň esaslandyryş resminamalary boýunça kesgitlenilýär.

 

28 madda. Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy

 

1. Jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalary hökmünde jemgyýetçilik birleşikleri, dini guramalar, haýyr-sahawat ýa-da gaýry jemgyýetçilik hazynalary tarapyndan döredilýän kärhanalar hasaplanylýar.

2. Kärhanalary döretmek hukugy jemgyýetçilik guramalarynyň esaslandyryş resminamalarynda berkidilen bolmalydyr.

Jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalarynyň işi jemgyýetçilik guramalarynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmalydyr.

3. Jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalary şol guramalaryň serişdeleriniň we (ýa-da) beýleki esaslandyryjylaryň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik beýleki pul we emläk serişdeleriniň hasabyna döredilýärler.

4. Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat bolmalydyr.

5. Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasyny dolandyrmagyň tertibi kärhananyň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

6. Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy özüne degişli ähli emläk bilen öz borçnamalary boýunça jogap berýär.

Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy onuň eýesiniň emläk borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, kärhananyň eýesi kärhana berkidilen emläkden başgasyna, kärhananyň borçnamalaryna jogap bermeýär.

 

29 madda. Hojalyk şereketi

 

1. Hojalyk şereketi diýlip, bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin iki we şondan köpräk fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň birleşigi hasaplanylýar.

2. Hojalyk şereketi ony esaslandyryjylaryň arasynda baglaşylýan şertnama esasynda döredilýär.

3. Hojalyk şereketiniň emlägi hojalyk şereketine gatnaşyjylar bolan fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň esaslyk maýasyndaky paýlaryň (goýumlaryň) birleşmeginiň hasabyna emele gelýär.

4. Hojalyk şereketiniň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat bolmalydyr.

5. Hojalyk şereketiniň ýokary edarasy oňa gatnaşyjylaryň umumy ýygnagydyr. Umumy ýygnagy çagyrmagyň we geçirmegiň möhletleri, tertibi hojalyk şereketiniň esaslandyryş resminamalary bilen kesgitlenilýär.

Hojalyk şereketini dolandyrmagyň tertibi we onuň işlerini alyp barmak tertipnama bilen kesgitlenilýär.

6. Emläk jogapkärçiliginiň görnüşlerine baglylykda gatnaşyjylar şereketiň borçnamalary boýunça öz ähli emlägi bilen biri-biri bilen raýdaş jogapkärlik çekýän hojalyk şereketi döredilip bilner, şeýle hem gatnaşyjylar tarapyndan şereketiň esaslyk maýasyndaky öz goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberleriniň çäklerinde jogapkärlik çekýän hojalyk şereketleri döredilip bilner.

 

30 madda. Paýdarlar jemgyýeti

 

Paýdarlar jemgyýetini döretmegiň we onuň iş tertibi «Paýdarlar jemgyýetleri hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny tarapyndan kesgitlenilýär.

 

V BAP. GOLÇUR KÄRHANALARY, ŞAHAMÇALAR WE WEKILLIKLER

 

31 madda. Golçur kärhanalary, şahamçalar we wekillikler

 

1. Kärhanalaryň edara görnüşindäki tarapyň hukugy bilen golçur kärhanalaryny döretmäge hukugy bardyr.

Eger kärhananyň esaslyk maýasynyň ýa-da emläginiň 50 göterimden köp, ýöne 100 göterimden az bölegi başga kärhana degişli bolsa, şonuň ýaly kärhana garanda ol golçur kärhanasy bolýar.

Golçur kärhanasy kärhanalary döwlet belligine almak üçin şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir.

2. Kärhanalaryň öz şahamçalary we wekilliklerini döretmäge hukugy bardyr, ýöne olar edara görnüşindäki tarap däldirler.

Kärhananyň şahamçalarynyň we wekillikleriniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Raýat kodeksi bilen kesgitlenilýär.

Kärhananyň filiallary we wekillikleri şu kanunyň 23 maddasynyň düzgünlerine laýyklykda döwlet belligine alynmaga degişlidir.

3. Türkmenistanyň kärhanalary daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde olaryň milli kanunçylygyna laýyklykda we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda özüniň golçur kärhanalaryny, şahamçalary, wekilliklerini we beýleki aýry kiçi bölümlerini döretmäge haklydyr.

 

VI BAP. BILELIKDÄKI IŞ KÄRHANALARYŇ BIRLEŞIGI

 

32 madda. Kärhanalaryň bilelikdäki işi

 

Kärhanalar bilelikdäki iş hakyndaky şertnama boýunça şerekete birleşip bilerler. Şereketi döretmegiň we onuň iş tertibi Türkmenistanyň Raýat kodeksi tarapyndan düzgünleşdirilýär.

 

33 madda. Kärhanalaryň birleşigi

 

1. Kärhanalar öz aralaryndaky şertnama boýunça edara görnüşindäki tarapyň hukuklaryna eýe bolan assosiasiýalara, konsernlere we birleşikleriň beýleki görnüşlerine birleşip bilerler.

2. Assosiasiýanyň, konserniň we birleşigiň beýleki görnüşiniň düzümine girýän kärhana öz özbaşdaklygyny, edara görnüşindäki tarapyň hukuklaryny we borçlaryny saklap galýar.

3. Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi şolara girýän kärhanalar tarapyndan tassyklanylan tertipnama esasynda hereket edýärler we olar bilen baglaşylan şertnamalar esasynda öz wezipelerini ýerine ýetirýärler. Olaryň işiniň maksady we esasy wezipeleri olara girýän kärhanalaryň işleri ýa-da islegleri bilen baglanyşykly bolmalydyr.

4. Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi kärhanalary döwlet belligine almak üçin şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir.

5. Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi oňa girýän kärhanalaryň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, kärhanalar bolsa, eger birleşigiň tertipnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, birleşigiň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler.

 

VII BAP. KÄRHANALARYŇ YKDYSADY IŞINIŇ ESASLARY

 

34 madda. Kärhananyň iş çygry

 

1. Eger kärhananyň işiň amala aşyrylýan görnüşleri, ulanylýan usullar we serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen zatlara degişli bolmasa, kärhananyň iş çygry çäklendirilmeýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler kabineti diňe döwlet kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýan işiň görnüşlerini kesgitläp biler.

3. Kärhana işiň bir ýa-da birnäçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr.

4. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan diňe ýörite rugsat
(ygtyýarnama) esasynda amala aşyrylýan kärhanalaryň işiniň aýratyn görnüşleri kesgitlenýär. Ygtyýarnamalar kärhanalara şolar döwlet belligine alnandan soň berilýär.

5. Kärhanalar ähli kararlary öz başlangyjy boýunça kabul etmäge we ygtyýarynda kanun esasynda bar bolan emlägi peýdalanmak bilen, eger olar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, islendik hereketi amala aşyrmaga haklydyr.

 

35 madda. Kärhanalaryň buhgalteriýa hasaby we hasabatlylygy

 

1. Kärhanalar buhgalteriýa hasabyny we hasabatlylygy buhgalteriýa hasaplaşygynyň Türkmenistanda bellenilen kanunçylyga we ölçeglere laýyklykda alyp barýarlar.

Işleriň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan kärhanalar üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan buhgalteriýa hasabyny we hasaplaşygyny alyp barmagyň başga düzgünleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

2. Kärhanalar statistik hasabatlylygy statistika babatda Türkmenistanyň kançylygynda bellenilen tertipde alyp barýarlar we berýärler.

 

36 madda. Kärhanalara bank hyzmaty

 

1. Kärhana pul serişdelerini saklamak we hasaplaşyk, karz hem-de kassa amallarynyň ähli görnüşlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň karz edaralarynda bank hasaplaryny açmaga haklydyr.

2. Kärhanalaryň daşary ýurt karz edaralarynda bank hasaplarynyň açylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

3. Kärhanalar özleriniň amala aşyrýan hasaplaşyk, karz hem-de kassa amallary boýunça maliýe tertip-düzgüniniň berjaý edilmegi üçin doly jogapkärçilik çekýärler.

 

37 madda. Kärhananyň pul hasaplaşyklary

 

1. Kärhananyň öz borçnamalary boýunça pul hasaplaşyklary, düzgün bolşy ýaly, nagt däl tertibinde karz edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

2. Kärhananyň nagt pul hasaplaşyklary hasaplaşyklaryň, karzlaýyn we kassa hereketlerini amala aşyrmagyň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylan tertibe laýyklykda geçirilýär.

 

38 madda. Kärhanalarda nyrhyň emele gelmegi

 

1. Kärhana öz önümlerini, işlerini, hyzmatlaryny, önümçilik galyndylaryny özbaşdak bellän nyrhlary we tarifleri boýunça ýa-da şertnamalaýyn esasda, Türkmenistanyň kanunçylyk namalary tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, döwlet nyrhlary boýunça ýerleşdirýär.

2. Döwlet önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerine
nyrh babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrmaga haklydyr.

 

39 madda. Daşary ykdysady iş

 

Kärhana daşary ykdysady işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.

 

40 madda. Kärhanada zähmet gatnaşyklary

 

1. Kärhana öz işini işgärleriň zähmetini ulanmak bilen amala aşyrýar. Kärhananyň we işgäriň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet şertnamasy, köpçülikleýin şertnama bilen düzgünleşdirilýär.

Işgäriň ýagdaýyny Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen deňeşdirilende ýaramazlaşdyrýan zähmet şertnamasynyň şertleri hakyky däldir.

2. Kärhana işgärlere Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberini, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini üpjün edýär.

3. Kärhana işgäriň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan(zelel) üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.

4. Kärhananyň işgärleriniň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy we meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy, pensiýa üpjünçiligi we durmuş goraglylygynyň çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

5. Kärhanany durmuş taýdan ösdürmegiň, zähmete hak tölemegiň görnüşiniň we ulgamynyň, zähmetiň we dynç almagyň düzgünleriniň, işgärleriň zähmetini goramagyň meseleleri, beýleki zähmet hem-de durmuş-ykdysady meseleler Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda köpçülikleýin şertnama bilen düzgünleşdirilip bilner.

 

41 madda. Kärhanalara salgyt salynmagy

 

Kärhanalara salgyt salynmagy Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

42 madda. Önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň hiline bildirilýän  talaplar

 

1. Kärhanalar özleriniň öndürýän önümleriniň, ýerine ýetirýän işleriniň, hyzmatlarynyň hili üçin jogapkärçilik çekýärler.

2. Döwlet ölçegleri tarapyndan bellenilen önümler, işler, hyzmatlar şol ölçeglere laýyk gelmelidirler.

Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda kärhana tarapyndan ýerleşdirilýän önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň hiliniň tassyklaýyş şertnamasy ýa-da degişli laýyk nyşany bolmalydyr.

 

43 madda. Kärhananyň girdejisi

 

1. Kärhananyň girdejisi onuň işiniň umumylaşdyrylan görkezijisi bolup durýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan özleri üçin bellenilen salgytlary we býujete beýleki hökmany tölegleri töleýänçä kärhananyň öz girdejilerine ygtyýarlyk etmäge haky ýokdur.

3. Salgytlar we býujete beýleki hökmany tölegler we serişdeler tölenilenden soň galýan girdeji, eger onuň esaslandyryş resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kärhananyň ygtyýaryna gowuşýar.

 

44 madda. Kärhanalaryň işine gözegçilik

 

1. Audite degişli kärhanalaryň maliýe işine gözegçilik «Türkmenistanyň auditorçylyk babatda kanunçylygyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary tarapyndan özlerine kärhanalaryň işine gözegçiligi we gözegçik barlagyny amala aşyrmak wezipesi ýüklenilen salgyt, tebigaty goraýyş we beýleki edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kärhanalaryň işine barlaglary amala aşyrýarlar.

 

VIII BAP. KÄRHANANYŇ EMLÄGI. KÄRHANANYŇ

ESASLYK MAÝASY

 

45 madda. Kärhananyň emlägi

 

1. Kärhanalaryň emlägi edara görnüşindäki we fiziki taraplara degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik girdejilerden we beýleki çeşmelerden alnan emläkden emele gelýär.

2. Emläk goýumy hökmünde pul serişdeleri (manatlardan we (ýa-da) daşary ýurt pulunda), gymmatly kagyzlar, beýleki zatlar, emläk hukuklary ýa-da pul gymmaty bolan beýleki hukuklar bolup biler.

Şahsy emläk däl hukuklar we beýleki maddy däl eşretler görnüşinde goýum goýulmagyna ýol berilmeýär.

3. Esaslyk maýasyna goýulýan emläk gymmatlyklary esaslandyryjynyň (gatnaşyjynyň) eýeçiligi bolmalydyr, olaryň beýany aňrybaş derejede takyklanylan bolmalydyr. Goýulan emläk goýumynyň bahasy esaslandyryş şertnamasy baglaşylýança gatnaşyjylar (esaslandyryjylar) bilen ylalaşylmalydyr.

4. Goýum hökmünde kärhana emläkden peýdalanmak hukugy berlen halatlarynda bu goýumyň möçberi esaslandyryş resminamalarynda görkezilen möhletiň tutuş dowamynda peýdalanmak üçin hasaplanylyp çykarylan töleg arkaly kesgitlenilýär.

Umumy ýygnagyň razylygy bolmazdan, emlägiň möhletinden öň alynmagyna ýol berilmeýär, ony peýdalanmak hukugy kärhananyň esaslyk maýasyna goýum bolup hyzmat edýär.

Eger esaslandyryş resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda tötänleýin heläk bolmak ýa-da kärhana peýdalanmak üçin berlen emlägiň zaýalanmak (hatardan çykmak) howpy emlägiň eýesiniň üstüne ýüklenilýär.

5. Kanunçylyk namalary we esaslandyryş resminamalary arkaly kärhananyň ätiýaçlyk we beýleki hazynalaryny döretmek göz öňünde tutulyp bilner.

6. Kärhananyň emlägi onuň balansynda göz öňünde tutulýar.

 

46 madda. Kärhananyň esaslyk maýasy

 

1. Kärhananyň esaslyk maýasy esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan pul serişdelerini, şeýle hem emlägi (jaýlary, desgalary, maşynlary, enjamlary, materiallary we ş.m.), pul bahasy bolan emläk we beýleki hukuklary goýmak ýoly bilen ony esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) goýumlarynyň jeminden emele gelýär.

2. Eger esaslandyryş şertnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, her bir gatnaşyjynyň esaslyk maýasynyň umumy jemine bolan goýum gatnaşygy gatnaşyjynyň esaslyk maýasyndaky paýy bolup durýar. Şeýle paý bütiniň bir bölegi görnüşinde ýa-da göterimlerde aňladylyp bilner. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň esaslyk maýasyndaky goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberi, eger şu kanun tarapyndan başgaça bellenilmedik bolsa, esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) arasyndaky ylalaşyk boýunça takyklanylýar.

3. Degişli guramaçylyk-hukuk görnüşlerindäki kärhanalaryň esaslyk maýasynyň möçberi şu kanun tarapyndan bellenilen pes möçberlerden az bolup bilmez.

4. Iş hakyny, baýraklary we beýleki tölegleri tölemäge peýdalanmak ýoly bilen esaslyk maýasynyň möçberini azaltmaga kärhananyň hukugy ýokdur. Kärhananyň esaslyk maýasynyň möçberi diňe şu kanun tarapyndan bellenilen halatlarda azaldylyp bilner.

 

47 madda. Esaslyk maýasyna goýumlary (paýlary) goýmagyň  möhletleri

 

1. Esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan goýumlary (paýlary) goýmagyň anyk möhletleri kärhananyň esaslandyryş resminamalarynda görkezilmelidir. Esaslandyryş resminamalaryna gol çekilenden soňky döwürde we kärhanany bellige almak hakyndaky arza berilýänçä esaslandyryjylar tarapyndan goýumlaryň bellenilen möçberiniň azyndan 50 göteriminiň goýulmagy hökmanydyr.

2. Pul we (ýa-da) emläk goýumynyň ikinji bölegi kärhana bellige alnandan soň ýylyň dowamynda goýulýar.

3. Esaslyk maýasy şu kanun tarapyndan kesgitlenilen möhletlerde doly tölenilmedik halatynda kärhana özüniň esaslyk maýasynyň azalýanlygy hakynda yglan etmelidir we bu ahwalaty bellenilen tertipde bellige almalydyr ýa-da öz işini ýatyrylmagy arkaly bes etmelidir.

 

48 madda. Goýumy (paýy) goýmagyň möhletini geçirmegiň hukuk netijeleri

 

1. Eger esaslandyryjy (gatnaşyjy) kärhananyň esaslyk maýasyna bellenilen möhletde we şertlenilen möçberde goýumy (paýy) goşmasa, onda oňa goýumyň ýetmeýän bölegni goşmagyň täze möhletini görkezmek bilen duýduryş iberilýär. Goýumuň galan bölegini goşmak üçin goşmaça möhlet üç aýdan köp bolmaly däldir.

2. Eger goýumyň (paýyň) ýetmeýän bölegini goşmak baradaky borçnama berlen goşmaça möhletde hem ýerine ýetirilmese, onda gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy bergidary kärhana gatnaşyjylaryň düzüminden çykarýar we oňa bu barada habar berýär.

3. Şu maddanyň ikinji bölegi esasynda çykarylan gatnaşyjy goýumyny (paýyny) tölemän kärhana ýetiren zyýany üçin jogapkärlik çekýär.

4. Kärhananyň galan gatnaşyjylary çykarylan gatnaşyjynyň goýumyny (paýyny) esaslyk maýasyndan çykaryp ýa-da esaslyk maýasyna goýumy (paýy) özleriniň goýumlarynyň ululygyna ölçegdeş doly möçberde töläp (goýup) hem bilerler. Şeýlelikde, olaryň goýumlary (paýlary) tölenen (goýlan) pullaryň ululygyna artýar.

5. Esaslyk maýasyndan çykarylan goýum (paý) ýa-da ol galan gatnaşyjylar tarapyndan tölenilen (goşulan) halatynda çykarylan gatnaşyjy esaslyk maýasyna diňe öz goşan (tölän) goýum (paý) bölegini yzyna gaýtaryp almaga bolan hukygy bardyr.

 

49madda. Kärhananyň esaslyk maýasynyň artmagy

 

1. Kärhananyň esaslyk maýasyny artdyrmak hakyndaky karar kärhananyň tertipnamasyna üýtgetmeler girizmek bilen gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilýär. Kärhananyň esaslyk maýasyny artdyrmaga onuň doly töleginden soň ýol berilýär.

2. Kärhananyň esaslyk maýasyny artdyrmak şu aşakdaky ýollar arkaly amala aşyrylyp bilner:

a) kärhananyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan geçirilýän goşmaça ölçegdeş goýumlar bilen;

b) esaslyk maýasynyň möçberini kärhananyň hususy maýasynyň hasabyna, şol sanda ätiýaçlyk maýasynyň hasabyna artdyrmak bilen;

ç) kärhananyň sap aktiwlerine (hususy maýasyna) täzeden nyrh kesmek bilen, olaryň hakyky bahasy olaryň balans bahasyndan ýokary geçýär. Täzeden nyrh kesmek işi diňe garaşsyz bilermenler tarapyndan geçirilip bilner;

d) bir ýa-da birnäçe gatnaşyjylar tarapyndan muňa galan ähli gatnaşyjylaryň razylygy bilen goşmaça goýumlaryň goýulmagy bilen.

e) kärhananyň düzümine täze gatnaşyjylary kabul etmek bilen.

3. Esaslyk maýasynyň möçberi şu maddanyň ikinji bölegindäki «a», «b», «ç» punktlarynda göz öňünde tutulan tertipde artan wagtynda esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) paýlarynyň möçberleri üýtgemeýär.

4. Esaslyk maýasy şu maddanyň ikinji böleginiň «d» we «e» punktlarynda göz öňünde tutulan tertipde artanda, ähli gatnaşyjylaryň esaslyk maýasyndaky paýlaryna olaryň öňki tölegleriniň möçberini hasaba almak bilen täzeden hasaplaşyk geçirilýär.

 

50 madda. Kärhananyň esaslyk maýasynyň azalmagy. Goýumlaryň (paýlaryň) yzyna gaýtarylmagy

 

1. Kärhananyň esaslyk maýasynyň azaldylmagy kärhana gatnaşyjylaryň ählisiniň goýumlarynyň möçberini ölçegdeş azaltmak ýoly bilen ýa-da aýry-aýry gatnaşyjylaryň paýlaryny doly ýa-da bölekleýin üzülişmek arkaly amala aşyryp bolar.

Munuň üçin gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy kärhananyň tertipnamasyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky karary kabul edýär. Kärhana esaslyk maýasyny azaltmak bilen baglanyşykly hasaplaşyklary diňe kärhanany şu kanunyň 21 maddasyna laýyklykda gaýtadan bellige almagy geçireninden soň geçirmäge haklydyr.

2. Eger kärhananyň nobatdaky maliýe ýylynda eden işiniň jemleri boýunça onuň sap aktiwleriniň bahasy ustaw hazynanyňkydan az bolsa, onuň işiniň birinji ýyly muňa girmeýär, onda kärhana ony gysgaltmaga we esaslyk maýasyny bellenilen tertipde bellige almaga borçludyr. Eger sap aktiwleriň bahasy esaslyk maýasynyň iň pes möçberinden hem aşak düşse, onda kärhana ýatyrylmaga degişlidir.

3. Esaslyk maýasy gatnaşyjynyň paýyny üzülişmek ýoly bilen azaldylanda galan gatnaşyjylaryň paýlary ölçegdeş üýtgeýärler.

4. Kärhananyň esaslyk maýasynyň azaldylmagyna onuň ähli algydarlaryna habar berlenden soňra ýol berilýär. Algydarlar kärhananyň borçnamalaryny möhletinden öň ýerine ýetirmegi ýa-da bes etmegi hem-de özlerine ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmagy talap etmäge haklydyr.

5. Kärhananyň dolandyryjy edaralary esaslyk maýasyny azaltmak hakyndaky karary çap etmäge borçludyrlar, kärhananyň gös-göni algydarlaryna bolsa, bu hakda karar çykarylandan soň 15 günüň dowamynda ýazmaça mälim edilmelidir. Bildirişde esaslyk maýasynyň azaldylmagyna närazy algydarlar bilen boýun alnan borçnamalar esasynda üpjün etmäge ýa-da üzülişmäge taýýardyklary hakynda habar bolmalydyr.

6. Eger bildiriş çap edilenden ýa-da her birine aýratyn habar edilen gününden soň 30 güne çenli möhletde olar özleriniň närazylygy barada ýazmaça arz etmeseler, onda esaslyk maýasynyň azaldylmagy boýunça algydarlaryň razylygy alyndygy hasap edilýär.

7. Döwlet kärhanasynyň esaslyk maýasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp bilner.

8. Goýumyň yzyna gaýtarylmagy esaslyk maýasynyň azaldylmak hakyndaky bellige alnandan soň 12 (on iki) aýyň geçmegi bilen hem bolup biler. Gatnaşyja goýumynyň gaýtarylyp berilmeginiň hasabyna kärhananyň esaslyk maýasynyň azalan soňky möçberi şu kanun tarapyndan bellenilen iň pes möçberden az bolup bilmez.

 

IX BAP. KÄRHANANYŇ ÜÝTGEDILIP GURALMAGY

 

51 madda. Kärhananyň üýtgedilip guralmagy

 

1. Üýtgedip guramak - munuň özi ýatyrmak çäresini geçirmezden kärhanany gaýtadan döretmekdir.

2. Kärhanany goşulmak, birleşmek, bölünmek, aýrylmak, täzeden döretmek görnüşde üýtgedip guramak ony esaslandyryjynyň ýa-da kärhananyň şeýle etmäge esaslandyryş resminamalary tarapyndan ygtyýarly edilen ýokary dolandyryjy edarasynyň meýletin gelen karary esasynda amala aşyrylyp bilner.

3. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly bellenilen halatlarda, bir kärhananyň düzüminden bir ýa-da birnäçe kärhanany bölmek ýa-da bölünip aýrylmak görnüşde kärhanany üýtgedip guramak ygtyýarly döwlet edaralarynyň karary boýunça ýa-da kazyýetiň karary boýunça amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly bellenilen halatlarda goşulmak ýa-da birleşmek gornüşinde kärhanany üýtgedip guramak diňe ygtyýarly döwlet edaralarynyň razylygy bilen amala aşyrlyp bilner.

5. Üýtgedilip guralan kärhananyň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň mirasdüşerleri üýtgedip guramak ýoly arkaly täze döredilen we öz işini bellige alnandan soň dowam etdirýän kärhana bolup durýar. Üýtgedip guralan kärhananyň emlägi Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda ýa-da üýtgedip guramak baradaky kararda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň bellige alnan pursatyndan başlap, onuň emlägi miras hakly adama düşýär.

6. Üýtgedilip guralan kärhana şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir.

 

52 madda. Kärhanalaryň goşulmagy, birleşmegi

 

1. Iki ýa-da birnäçe kärhananyň goşulmagy olaryň emläginiň doly birleşdirilmegi esasynda täze kärhanany döretmek arkaly amala aşyrylýar. Goşulmaga gatnaşýan kärhanalar öz işlerini bes edýärler. Şunlukda olaryň her biriniň ähli hukuklary we borçlary tabşyryş namasyna laýyklykda täzeden döredilýän kärhana geçýär.

Eger birleşýän kärhanalaryň gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary esaslyk maýasyna paý gatnaşygy ýörelgesi boýunça esaslanmadyk bolsa, onda kärhanalaryň goşulýandygy hakyndaky kararda täze kärhananyň gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary kesgitlenilmelidir.

2. Bir ýa-da birnäçe kärhananyň başga bir kärhana birleşmegi goşulýan kärhanalaryň emläginiň özüne birleşdirýän kärhananyň emläginiň üstüne goşulmagy arkaly amala aşyrylýar. Şonda goşulýan kärhanalar edara görnüşindäki taraplar hökmünde öz işlerini bes edýärler, olaryň ähli hukuklary we borçlary bolsa tabşyryş namasyna laýyklykda olaryň goşulýan kärhanasyna geçýär, onuň dörediji resminamalaryna üýtgedip guramak bilen baglanşykly üýtgetmeler goşulýar.

Goşulýança hereket eden, soňra goşulan kärhanalara gatnaşyjylaryň esaslyk maýasyndaky paý gatnaşygynyň baglanyşygy goşulýan kärhanalaryň onuň düzümine giriş şertlerine laýyklykda üýtgäp biler.

3. Kärhanalaryň goşulýandygy, birleşýändigi hakyndaky kararlar ýa-da şertnamalar esasynda goşulýan, birleşýän kärhanalara gatnaşyjylar esaslandyryş ýygnagynda esaslandyryş şertnamasyny işläp düzýärler, oňa gol çekýärler, özara goşulanlarynda bolsa, täzeden döredilen kärhananyň tertipnamasyny tassyklaýarlar hem onuň ýerine ýetiriji we beýleki edaralaryny saýlaýarlar.

 

53 madda. Kärhanalaryň bölünmegi, bölnüp aýrylmagy

 

1.Kärhananyň bölünmegi şol kärhananyň emlägini täzeden döreýän iki ýa-da birnäçe kärhananyň arasynda paýlamak arkaly amala aşyrylýar. Şonda bölünýän kärhanalaryň hukuklary we borçlary bölüji balansa laýyklykda täzeden ýüze çykýan kärhana geçýär. Kärhananyň bölünmegi onuň edara görnüşindäki tarap hökmünde hereket etmegini bes edýär.

2. Kärhanadan bir ýa-da birnäçe kärhananyň bölünip aýrylmagy oňa degişli bolan emlägiň bölünip aýrylmagy we onuň täzeden ýüze çykýan bir ýa-da birnäçe kärhana geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Şonda üýtgedilip guralýan kärhananyň hukuklarynyň we borçlarynyň bir bölegi bölüji balansa laýyklykda täzeden döreýän kärhana geçýär. Özünden başga bir kärhana bölnüp aýrylan esasy kärhana ykdysady işiň özbaşdak subýekti bölünip galmagyny dowam etdirýär.

3. Eger esaslyk maýasyna paý gatnaşygy ýörelgesine esaslanan kärhananyň tertipnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol bölünende, bölünip aýrylanda her bir gatnaşyjynyň üýtgedilip guralýan kärhananyň esaslyk maýasyndaky özüniň bar bolan paýyna barabar paýy täzeden döreýän kärhanalaryň her biriniň  esaslyk maýasyndan almaga haky bardyr. Kärhanalar bölünende, bölünip aýrylanda gatnaşyjylaryň esaslyk maýasynda bölünmäge çenli hereket eden paý gatnaşygy täze döredilen kärhanalarda üýtgemegi mümkin.

 

54 madda. Ygtyýarly döwlet edarasynyň ýa-da kazyýetiň kärhanany mejbury ýagdaýda bölmek, bölüp aýyrmak hakyndaky kararynyň ýerine ýetirilmeginiň netijeleri

 

1. Eger kärhana kazyýetiň karary boýunça mejbury ýagdaýda üýtgedilip guralanda bölmek, bölüp aýyrmak işlerini geçirmäge ygtyýarly ýerine ýetiriji edaralar kazyýetiň kararynda kesgitlenilen möhletde kärhanany bölmegi, bölüp aýyrmagy amala aşyrmasa, onda sud bu kärhananyň emlägine ynanylan dolandyryjyny belleýär we oňa bölmegi, bölüp aýyrmagy tabşyrýar.

2. Ynanylan dolandyryjy bellenilen pursatyndan başlap kärhanany dolandyrmak boýunça ygtyýarlyklar oňa geçýär.

3. Ynanylan dolandyryjy kazyýetde kärhananyň adyndan çykyş edýär, bölüji balansy düzýär we ony kärhanalaryň bölünmegi, bölünip aýrylmagy netijesinde döreýän esaslandyryş resminamalary bilen bilelikde kazyýetiň tassyklamagyna berýär. Görkezilen resminamalaryň kazyýet tarapyndan tassyklanylmagy täzeden döredilýän kärhanalaryň döwlet belligine alynmagy üçin esas bolýar.

 

55 madda. Kärhananyň gaýtadan üýtgedilmegi

 

1. Kärhananyň gaýtadan üýtgedilmegi onuň guramaçylyk – hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi bilen tamamlanylýar.

2. Kärhananyň bir guramaçylyk - hukuk görnüşinden başgasyna üýtgedilmegi üýtgedilýän kärhananyň hereket etmeginiň bes edilmegine we onuň esasynda täze kärhananyň döremegine getirýär.

3. Täze döredilen kärhana tabşyryş namasyna laýyklykda üýtgedilen kärhananyň mirasdüşeri bolýar.

4. Kärhana üýtgedilende esaslandyryjylaryň onuň guramaçylyk- hukuk görnüşiniň üýtgedilmegine çenli hereket eden paý gatnaşygynyň täze döredilen kärhanada üýtgemegi mümkin.

 

56 madda. Kärhana üýtgedilip guralanda tabşyryş namasy we bölüji balans

 

1. Kärhana üýtgedilip guralanda düzülýän tabşyryş namasynda we bölüji balansynda üýtgedilip guralýan kärhananyň ähli algydarlar we bergidarlar babatda, jedelleşýän taraplaryň borçlaryna goşmak bilen ähli borçnamalary boýunça mirasdüşerlik hakyndaky düzgünler öz beýanyny tapmalydyr.

2. Tabşyryş namasy we bölüji balans kärhananyň gatnaşyjylary ýa-da kärhanany üýtgetmek hakynda karar kabul eden edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Tabşyryş namasy we bölüji balans täze döredilen kärhanany döwlet belligine aldyrmak ýa-da hereket edýän kärhananyň dörediji dokumentlerine üýtgetmeler girizmek üçin esaslandyryş resminamalar bilen bilelikde tabşyrylýar.

Tabşyryş namasynyň we bölüji balansyň dörediji resminamalar bilen bilelikde berilmezligi, şeýle hem olarda üýtgedilip guralýan kärhananyň borçnamalary boýunça mirasdüşerlik hakyndaky düzgünleriň bolmazlygy täze döredilen kärhanany döwlet belligine almakdan boýun gaçyrylmagyna getirýär.

 

57 madda. Üýtgedilip guralýan kärhananyň algydarlarynyň hukuklarynyň kepillikleri

 

1. Üýtgedilip guralmaga gatnaşýan her bir kärhana üýtgedip guramak hakyndaky kararyň kabul edilen pursatyndan başlap, bu hakdaky karary üýtgedilip guralýan kärhananyň algydarlaryna ýazmaça görnüşde habar bermäge ýa-da resmi metbugat edaralarynda degişli habary (bildirişi) ýerleşdirmäge borçludyr.

2. Üýtgedilip guralýan kärhananyň algydarynyň bergidardan borçlaryny möhletinden öň ýerine ýetirmegini ýa-da olary özüne amatly kanuny usul (hasaplaşyk geçirmek, şertnamany ýatyrmak ýoly arkaly) bilen bes etmegi we şonuň bilen ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmagy talap etmäge haky bardyr.

3. Eger bölüji balans üýtgedilip guralan kärhananyň mirasdüşerlerini kesgitlemäge mümkinçilik bermese, onda täzeden ýüze çykýan kärhanalar üýtgedilip guralan kärhananyň borçnamalary boýunça onuň kreditorlarynyň öňünde raýdaşlyk jogapkärçiligini çekýärler.

 

X BAP. KÄRHANANYŇ IŞINIŇ TOGTADYLMAGY WE BES EDILMEGI. KÄRHANANYŇ ÝATYRYLMAGY

 

58 madda. Kärhanalaryň işiniň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň esaslary we tertibi

 

1. Kärhananyň işi meýletin ýa-da mejbury tertipde, şeýle hem şu maddada göz öňünde tutulan ahwalatlar aralaşan halatynda bes edilip bilner.

2. Kärhananyň işi meýletinlik tertibinde islendik wagtda şu aşakdakylaryň kabul eden kararlary esasynda bes edilýär:

döwlet kärhanasynyň, jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň eýesiniň;

ülüş (paý) eýeçiliginiň hukugyna esaslanan kärhananyň ähli gatnaşyjylarynyň.

Kärhananyň işini bes etmek hakyndaky karar, eger oňa onuň gatnaşyjylarynyň ýarysy ses beren bolsa, eger onuň esaslandyryş resminamalary tarapyndan başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kabul edildi diýlip hasaplanylýar.

3. Kärhananyň  işi mejbury tertipde kazyýetiň karary boýunça şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

a)batyp galmak netijesinde;

b)bellige alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy bilen baglanşyklylykda kärhananyň bellige alnyşynyň hakyky däldigi ykrar edilende, onuň tersine özgermeýän häsiýeti bolýar;

ç) eger ol ygtyýarnama almaga degişli bolup, işini ygtyýarnamasyz amala aşyrsa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen işi amala aşyrsa;

d) kalendar ýylynyň dowamynda bikanun işleri ençeme gezek amala aşyrsa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyny gödek bozan halatlarynda;

e)Türkmenistanyň kanunçylyk namalary tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

4. Kärhananyň işi, şu maddanyň ikinji we üçünji punktlarynda göz öňünde tutulan esaslardan başga-da, şu aşakdaky ahwalatlar ýüze çykanda bes edilýär:

kärhananyň işiniň tertipnamada görkezilen möhletiniň gutarmagy;

eger esaslyk maýasynyň azalmagy netijesinde onuň möçberi guramaçylyk-hukuk görnüşine degişli kärhanalar üçin şu kanun tarapyndan göz öňünde tutulan iň pes möçberden kiçi bolanda;

eger gatnaşyjylar şu kanun tarapyndan bellenilen möhletlerde kärhananyň esaslyk maýasyny döretmese;

kärhana üýtgedilip guralandaky degişli halatlarda.

5. Şu maddanyň üçünji böleginiň «b», «ç», «d» bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça kärhananyň işini bes etmek hakyndaky talap bilen bellige alýan edara, ygtyýarnama bermäge we gözegçilik wezipesini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralary, algydarlar tarapyndan kazyýete ýüz tutulyp bilner.

6. Şu maddanyň üçünji bölegindäki «d» bendinde göz öňünde tutulan hatatlarda kazyýet kärhananyň işini bes etmek hakyndaky çözgüdiniň ýerine şeýle işi togtatmak hakyndaky karary çykaryp biler.

Salgyt salýan, ygtyýarnamalar berýän, ekologiýa, sanitariýa, binagärlik, tehniki howpsuzlyk we ýangyna garşy goranyş meselelerini alyp barýan edaralaryň kärhananyň işini togtatmak hakynda teklip girizmäge hukugy bardyr. Bu meseleler boýunça jedeller sud tertibinde çözülýär.

7. Kärhananyň işi, onuň edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylan pursatyndan başlap, bes edilen hasap edilýär.

 

59 madda. Kärhananyň ýatyrylmagy

 

1. Kärhananyň ýatyrylmagy onuň işiniň, hukuklary we borçlary başga kärhana mirasdüşerlik tertibinde geçmezden bes edilmegine getirýär.

2. Kärhana eýesi, kazyýet ýa-da kärhanany esaslandyran edara kärhanany ýatyrmak hakynda karar kabul edýär. Olar ýatyrylyşygy geçirmegiň tertibini we möhletlerini belleýärler, ýatyryş toparyny (ýatyryjyny) belleýärler.

Kärhananyň ýerine ýetiriji edarasy ýatyryş toparynyň (ýatyryjynyň) bellenilen gününden başlap, kärhanany dolandyrmak boýunça öz ygtyýarlyklaryndan mahrum bolýar, onuň wezipesi ýatyryş topary (ýatyryjy) tarapyndan ýerine ýetirilýär.

3. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) döwlet bellige alyş edarasyna kärhananyň hukuk ýagdaýynyň üýtgänligi hakyndaky habary we topar (ýatyryjy) hakyndaky maglumatlary berýär. Şonuň bilen birlikde edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawynda kärhananyň ýatyryş ýagdaýynyň gidişinde durýandygy hakynda bellik edilýär.

4. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) kazyýetde ýatyrylýan kärhananyň wekili bolup çykyş edýär, algydarlaryň ýüze çykarylmagy we debitor bergileriniň alynmagy üçin degişli çäreleri görýär.

Ýatyrylýan kärhana diňe özüniň ýatyrylýandygy bilen baglanşykly geleşikleri, şeýle hem ýatyrmak hakyndaky kararda göz öňünde tutulan geleşikleri baglaşyp biler. Kärhana ýatyryjy toparyň (ýatyryjynyň) işi üçin jogapkärçilik çekýär.

5. Kärhananyň ýatyrylýandygy hakynda her bir algydara ýazmaça görnüşde habar edilýär. Resmi metbugat edaralarynda kärhananyň ýatyrylýandygy, onuň algydarlary tarapyndan talaplary bildirmegiň tertibi we möhletleri hakynda habar (bildiriş) ýerleşdirilýär.

6. Algydarlar tarapyndan talaplaryň bildirilmegi üçin bellenilen möhlet tamamlanandan soň ýatyryjy topar aralyk ýatyryş balansyny düzýär, onda ýatyrylýan kärhananyň emläginiň düzümi hakyndaky maglumatlar, algydarlar tarapyndan bildirilen talaplaryň sanawy we olara seretmegiň netijeleri öz beýanyny tapmalydyr. Aralyk ýatyrylyş balansy kärhanany esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) ýa-da kärhanany ýatyrmak hakyndaky karary kabul eden dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

7. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) algydarlar bilen hasaplaşyklary amala aşyrýar. Eger kärhanada bar bolan pul serişdeleri algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmasa, ýatyryjy topar (ýatyryjy) ýatyrylýan kärhananyň emläginiň satuwynyň açyk söwdasyny amala aşyrýar.

8. Ýatyrylýan döwlet kärhanasynyň emlägi algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterliksiz ýagdaýynda soňkularyň talaplarynyň galan bölegini bu kärhananyň emläginiň eýesiniň hasabyna kanagatlandyrmak hakyndaky talap bilen suda ýüz tutmaga haky bardyr.

9. Algydarlar bilen hasaplaşyklary tamamlanlaryndan soň ýatyryjy topar ýatyryş balansyny düzýär, ol kärhanany esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) ýa-da kärhanany ýatyrmak hakyndaky karary kabul eden kärhananyň dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylýar, şeýle hem garasşyz auditor tarapyndan tassyklanylýar.

10. Kärhana edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandan soň, kärhananyň ýatyrylmagy gutardy, kärhana bolsa dowam etmegini bes etdi diýlip hasaplanýar.

 

  1.  madda. Kärhana ýatyrylanda onuň emläginiň paýlanylşy

 

1. Kärhana ýatyrylanda onuň algydarlaryň talaplary şeýle nobatlylyk boýunça kanagatlandyrylýar:

birinji nobatda ýatyrylýan kärhananyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirenligi üçin öňünde jogapkärçilik çekýän raýatlaryň talaplary kanagatlandyrylýar;

ikinji nobatda işden boşadylanda berilýän kömek pulunyň we kärhanada zähmet şertnamasy (kontrakty) boýunça işleýän adamlar bilen zähmet hakynyň tölegleri, şeýle hem awtorlyk şertnamasy boýunça pul haklarynyň hasaplaşygy geçirilýär;

üçünji nobatda algydarlaryň ýatyrylýan kärhananyň emläginiň girewi bilen üpjün edilen borçnamalary boýunça talaplary kanagatlandyrylýar;

dördünji nobatda hökmany salgyt we döwlete hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna beýleki tölegler boýunça bergiler, şeýle hem bank algydarlary boýunça bergiler üzülişilýär;

bäşinji nobatda beýleki algydarlar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.

Her nobatyň talaplary şonuň öň ýanyndaky nobatyň talaplary kanagatlandyrylandan soň kanagatlandyrylýar.

2. Algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň ýatyrylýan kärhananyň galan emlägi onuň şu emlägi zat hukugy ýa-da bu kärhana babatda borçnama hukugy bolan gatnaşyjylara berilýär.

 

61 madda. Kärhananyň bergidar bolmagy (batyp galmagy) netijesinde ýatyrylmagy

 

Kärhananyň batyp galmagy diýilip kazyýet tarapyndan ykrar edilmeginiň ýa-da onuň özüniň batyp galandygyny yglan etmeginiň esaslary, şeýle hem bular ýaly kärhananyň ýatyrylmagynyň tertibi «Batyp galmak hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny tarapyndan bellenilýär.

 

XI BAP. KÄRHANALAR HAKYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK.

KÄRHANALARYŇ JEDELLERINE SEREDILIŞI

 

62 madda. Kärhanalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Kärhana öz işini amala aşyranynda Türkmenistanyň kanunçylygyny, raýatlaryň, beýleki kärhanalaryň we döwletiň hukuklaryny hem-de kanun tarapyndan goralyan bähbitlerini bozmaly däldir.

2. Kärhanalaryň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlary kärhanalaryň işini düzgünleşdirýän şu kanuny we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryny bozandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

 

63 madda. Kärhanalaryň jedellerine seredilişi

 

Kärhanalaryň jedellerine Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýän tertipde seredilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                             Saparmyrat

Prezidenti                                                                        Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 15-nji iýuny

№ 28-II