Ösümlikleriň karantini hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Ösümlikleriň karantini hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 3, 55-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 12.01.2016 ý. № 331-V, 03.06.2017 ý. № 578-V we 02.03.2019 ý.

№ 131-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu kanun döwletiň ykdysadyýetine zyýan ýetirmäge ukyply karantin we beýleki howply zyýan berijileriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň daşary döwletlerden geçmeginden Türkmenistanyň çäklerini goramak babatdaky döwlet çärelerini durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini kesgitleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ösümlikleriň karantini (fitosanitar gorag) – ýurdumyzyň ösümlik baýlyklaryny we ösümlikden alynan önümleri başga döwletlerden, şeýle-de ýurdumyzyň karantin zolaklaryndan karantin zyýan berijileriň gelmeginden we getirilmeginden goramaga, olaryň ýaýran ýagdaýynda bolsa – olaryň ýaýran ojaklaryny çäklendirmäge we ýok etmäge gönükdirilen döwlet çäreleriniň ulgamyny göz öňünde tutýan hukuk düzgüni;

2) ösümlikleriň karantinini üpjün edýän düzgünler we kadalar – ösümlikleriň karantinini üpjün etmek baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalary, kadalaşdyryjy tehniki we usulyýet resminamalary;

3) döwlet karantin fitosanitar gözegçiligi – karantin zyýan berijileri ýüze çykarmak, karantin astyndaky desgalaryň karantin fitosanitariýa ýagdaýyny anyklamak, ösümlikleriň karantinini üpjün etmek, ösümlikleriň karantinini üpjün etmegiň düzgünleri we kadalary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini amala aşyrmak boýunça çäreler;

4) ösümlikleriň  karantini boýunça gözegçilik – ösümlikleriň karantini boýunça kadalaryň, düzgünleriň we gözükdirijileriň talaplarynyň ýerine ýetirilişini barlamak boýunça ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly edaranyň jogapkär wezipeli adamlarynyň amala aşyrýan işleri;

5) karatnin astyndaky önümler (karantin astyndaky material, karantin astyndaky desgalar) – zyýanly organizmleriň gizlenip saklanmagyna gulluk edip biljek ýa-da zyýanly organizmleriň ýaýramagyna ýardam etjek, olar babatda fitosanitar çäreleri geçirmeklik zerur bolan islendik ösümlik, ösümlikden alnan önüm, ammar ýeri, gap, ulag serişdeleri, konteýnerler, toprak ýa-da islendik başga organizmler, desga ýa-da  material;

6) karantin astyndaky önümleriň toplumy – bir ýerde ýerleşen we bir ulag serişdesi bilen bellenen bir nokada bir alyja ibermek üçin niýetlenen karantin astyndaky birmeňzeş önümiň sany;

7) ösümlikden alnan önümler – ösümlikden alnan gaýtadan işlenmedik material (gallany hem goşmak bilen) şeýle hem özüniň tebigaty ýa-da gaýtadan işlenen usuly boýunça zyýanly organizmleriň gelmek we ýaýramak howpuny döredip biljek önümler;

8) introduksiýa – zyýanly organizmiň howa şertlerine uýgunlaşmagy arkaly geçmegi;

9) import karantin rugsatnamasy – ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaranyň kesgtleýän şertlerinde karantin astyndaky önümleri Türkmenistana getirmäge, şeýle-de üstäşyr geçirmäge rugsat berýän resminama;

10) fitosanitariýa güwänamasy – äkidilýän karantin astyndaky önümiň karantin ýagdaýyny tassyklaýan resminama;

11) fitosanitar güwälendirme – fitosanitariýa güwänamasyny bermeklige alyp barýan  fitosanitariýa çäreleriniň ulanylmagy;

12) karantin zyýan beriji – Türkmenistanyň çäklerinde bolmadyk ýa-da çäkli ýaýran, emma geçirilen ýa-da özbaşdak daşdan geçip biljek we ösümliklere hem-de ösümliklerden alynýan önümlere ep-esli zeper ýetirip biljek zyýankeşiň, ösümlikleriň keselini öjükdiriji organizmleriň ýa-da haşal otlaryň görnüşi;

13) karantin zyýan berijiniň ojagy – karantin zyýan berijiniň ýüze çykarylan we onuň daşynyň gabalmagy we ýok edilmegi boýunça çäreleriň amala aşyrylmaly ýa-da amala aşyrylýan ýeri;

14) karantin zolak – karantin zyýan berijiniň ýüze çykarylmagy sebäpli bellenen tertipde karantin astynda diýlip yglan edilen ýer;

15) karantin fitosanitar çäreler – Türkmenistanyň çäklerine zyýan beriji organizmleriň gelmeginiň we (ýa-da) ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler;

16) introduksion-karantin nahalhanalary – daşary ýurtlardan getirilen nahallarda we tohumlarda karantin zyýankeşleriň, ösümlikleriň keselleriniň we başga aýratyn howply zyýanly organizmleriň gizlin ýokuşandygyny ýüze çykarmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan nahalhanalar;

17) ýokuşma – karantin asty önümde ösümlik ýa-da ösümlikden alynýan önüm üçin zyýanly  janly organizmiň bolmagy;

18) gözegçilik barlagy – barlaglaryň kömegi bilen belli bir zolakda zyýanly organizmiň barlygy ýa-da ýoklugy hakyndaky maglumatlary ýygnamak we bellige almak baradaky resmi iş;

19) reeksport ýük – bir ýurda getirilýän we soň şol ýurtdan daşary çykarylýan ýük;

20) biologik göreş – janly tebigy garşydaşlaryň, antogonistleriň, bäsdeşleriň ýa-da beýleki öz-özünden köpelýän organizmleriň ulanylmagyna esaslanan zyýanly organizmlere garşy göreşiň baş ugurlary;

21) biologik göreş agenti – zyýanly organizmlere garşy göreşde ulanylýan tebigy garşydaş, antogonist, bäsdeş ýa-da beýleki öz-özünden köpelýän biologik organizm;

22) antagonist – eýesine uly zeper ýetirmeýän, emma ony zyýanly organizm tarapyndan ýetirilip bilinjek uly zeperden goraýan organizm;

23) bäsdeş – zyýanly organizmler bilen daş-töweregiň esasy elementlerine (meselem iýmite, buky ýerlere) bäsdeşlik edýän organizmler;

24) zyýanly organizm – ösümlikler ýa-da ösümliklerden alynýan önümler üçin zyýanly patogen agentleriniň ýa-da haýwanlaryň, ösümlikleriň islendik biogörnüşi, görnüşi;

25) patogen – keseli öjükdirýän mikroorganizm;

26) fumigasiýa bölümi – karantin astyndaky önümi gazly dezinseksiýa, himiýa usuly we işläp bejermegiň beýleki görnüşleri bilen zyýansyzlandyrmagy ýerine ýetirýän ösümlikleriň  karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň düzüm birligi;

27) fitosanitar töwekgellik – introduksiýanyň we zyýanly organizmiň ýaýramagynyň ähtimallygy we olar bilen baglanyşykly anyk ykdysady netijeleriň gerimi;

28) fitosanitar düzgün – karantin zyýan beriji organizmleriň ýaýramagynyň we (ýa-da) introduksiýasynyň öňüni almak boýunça çäreler ulgamyny belli bir ýerde we belli bir wagtda çäklendirýän hukuk esasynda bellenilýän düzgünleriň jemi.

 

2-nji madda. Ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň ösümlikleriň karantini baradaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Ösümlikleriň karantininiň esasy wezipeleri

 

Ösümlikleriň karantininiň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň çäklerini onuň daşyndan halk hojalygyna uly ykdysady ýitgi getirip biljek karantin we beýleki howply zyýan berijileriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň geçmeginden goramak;

2) Türkmenistanyň çäklerinde karantin we beýleki howply zyýan ýetirijileri, ösümlikleriň kesellerini we haşal otlary öz wagtynda ýüze çykarmak, olary çäklendirmek we ýok etmek, şonuň ýaly-da olaryň bolmadyk ýerlerine ýaýramagynyň öňüni almak;

3) ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň hem-de bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

4) oba hojalyk we ösümlikden alynýan beýleki önümler öndürilende, taýýarlanylanda, daşalanda, saklanylanda, gaýtadan işlenende, ýerlenende we ulanylanda ösümlikleriň karantini boýunça çäreleri görmek.

 

4-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet çäreleri

 

Türkmenistanyň çäginde ösümlikleriň karantini boýunça döwlet çäreleri şulardan ybaratdyr:

1) ýurdumyzyň azyk we çig mal howpsuzlygyny saklamak maksady bilen ösümlik baýlyklaryny we ösümlikden alnan önümleri karantin zyýan berijileriň zaýalamagyndan we ýok etmeginden goralmagyny üpjün etmek;

2) ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik etmek;

3) fitosanitar töwekgelçiligiň barlagyny geçirmek we karantin zyýan berijileriň ösümlik baýlyklaryna we ösümlikden alnan önümlere edip biljek täsirine hakyky, ylmy taýdan esaslandyrylan baha bermek we olaryň edip biljek zyýanynyň öňüni almak;

4) ösümlikleriň karantini boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine ilatyň, ýuridik we fiziki şahslaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işeňňir gatnaşmagy;

5) degişli şertnamalar esasynda ösümlikleriň karantini babatynda halkara hyzmatdaşlyk.

 

II bap. Ösümlikleriň karantini babatda döwlet düzgünleşdirmesi

 

5-nji madda. Ösümlikleriň karantini babatda döwlet düzgünleşdirilişini amala aşyrýan edaralar

 

Ösümlikleriň karantini babatda döwlet düzgünleşdirilişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär:

1) ösümlikleriň karantini we fitosanitar gözegçiligi babatda döwlet syýasatyny kesgitlemek;

2) ösümlikleriň karantini we fitosanitar gözegçiligi boýunça milli maksatnamalary tassyklamak;

3) ösümlikleriň karantini we fitosanitar gözegçiligi hem-de olaryň ýerine ýetirilişiniň guralyşy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryny tassyklamak;

4) şu Kanuna we ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

 

61-nji madda. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ygtyýarlyklary

 

Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär:

1) ösümlikleriň karantini we fitosanitar gözegçiligi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) Türkmenistanda ösümlikleriň daşky karantini we karantin zyýan berijileriniň Sanawy boýunça Kadalary tassyklamak;

3) ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary baradaky Düzgünnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp tassyklamak;

4) ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň teklibi esasynda iki we şondan köp welaýatlaryň çäklerinde karantin düzgünini girizmek we ony ýatyrmak bilen karantin zolagyny tassyklamak;

5) öz ygtyýaryna degişli bolan meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we usuly görkezmeleriň taslamalaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp tassyklamak;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça ösümlikleriň karantini meseleleri babatda halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek;

7) şu Kanuna we ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

 

7-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

1. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanda:

1) fitosanitar töwekgelçiligiň seljerişini geçirýär we onuň esasynda özleri babatda ösümlikleriň karantini boýunça döwlet çäreleri bellenilýän we amala aşyrylýan karantin zyýan berijileriniň Sanawyny işläp düzýär we ony Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine tassyklamaga hödürleýär;

2) ösümlikleriň keselleriniň ýaýramagyna garşylykly çäreleriň ulanylmagy boýunça umumy düzgünleriň we buýruklaryň, fitosanitar kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrýar;

3) karantin zyýan berijileriniň köpeliş ojaklary we olaryň köpelişleri barada maglumatlary ýygnamak maksady bilen, şeýle hem karantin zyýan berijileri bilen göreşmek üçin ösdürip ýetişdirilýän zolaklary we ýabany ösýän ösümlikleri hem goşmak bilen ösümlikleriň ösüş döwründäki, şeýle-de saklanylýan ýa-da ulaglara ýüklenilýän ösümlikleriň we ösümliklerden alynýan önümleriň barlagyny geçirýär;  

4) karantin zyýan berijileriň ýaýramagynyň hasabyny ýöredýär we gyzyklanýan taraplara maglumatlary berýär;

5) karantin düzgünini, karantin zolaklaryny belleýär we ýatyrýar;

6) öz ygtyýaryna degişli bolan meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we usuly görkezmeleriň taslamalaryny taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine tassyklamaga hödürleýär;

7) daşary döwletlerden tohumlaryň, ösümlikleriň we ösümliklerden alynýan önümleriň, senagat harytlarynyň getirilmeginiň, şol önümleriň Türkmenistanda daşalmagynyň karantin şertlerini işläp taýýarlaýar;

8) karantin çärelerine goýberilýän material we pul serişdeleriniň tygşytly we maksatly peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

9) getirilýän karantin astyndaky önümleriň fitosanitar gözegçiligini we barlaghana, karantin barlagyny  geçirýär;

10) karantin astyndaky önümiň, şeýle hem ösümlikleriň karantini boýunça gözükdirijilere we kadalara laýyklykda ulag serişdeleriniň ýokançsyzlandyrylmagyny guraýar we geçirýär;

11) daşary ýurtdan getirilen karantin asty ekilýän we tohum materiallarynyň introduksion-karantin nahalhanalaryndaky barlagyndan geçirilýär;

12) halkara kadalary we teklipleri esasynda ylmy-barlag edaralary bilen bilelikde karantin çärelerini işläp taýýarlaýar hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň olary ýerine ýetirişlerine gözegçiligi amala aşyrýar;

13) fitosanitariýa güwänamalaryny berýär, karantin astyndaky önümlere daşary ýurtdan getirilen önümleri ýurtdan çykarmaga fitosanitariýa güwänamalaryny we getirmek üçin karantin rugsatnamalaryny berýär;

14) Türkmenistandan daşary ýurtlara äkidilýän ösümliklere we ösümlikden alynýan önümlere fitosanitar güwälendirmäni geçirýär;

2. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ulgamyna şu aşakdakylar girýär:

1) merkezi we welaýat, şäher, etrap we etrabara gulluklary;

2) ösümlikleriň karantini boýunça serhet nokatlary;

3) merkezi karantin barlaghanasy;

4) fumigasion bölüm;

5) introduksion - karantin nahalhanasy.

 3. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipeli adamlary ösümlikleriň karantini boýunça döwlet gözegçileri bolup durýarlar we olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýörite lybaslar bilen üpjün edilýär.

Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň, şeýle hem onuň ýerlerdäki edaralarynyň döwlet gözegçileriniň wezipeleri işgärler düzümine laýyklykda tebigy bilim, zootehniýa we weterinariýa, agronomiýa ugurlary boýunça taýýarlanylýan, degişli ýokary we orta hünärmen okuw jaýlaryny tamamlan hünärmenlerden bolan adamlar kabul edilýär. Döwlet gözegçileri üç ýyldan bir gezek, şeýle-de ösümlikleriň karantini boýunça döwlet edaralar ulgamyna işe girenlerinde, ýokary wezipä hödürlenende hökmany hünär synagyndan geçýärler.

4. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ösümlikleriň karantini babatda hünärmenlere bolan zerurlygy kesgitleýär we olary taýýarlamagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň we daşary döwletleriň bu ugurdaky okuw mekdeplerine sargyt edýär.

Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaranyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň binýadynda, şeýle hem ýokary we orta hünärmen okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.

5. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy öz işini serhet, gümrük, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde amala aşyrýar.

6. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistana getirilýän tohumlary, nahallary we beýleki gözegçilikdäki karantin asty ösümlik önümini, şeýle hem Türkmenistanyň üsti bilen geçirilýän karantin asty ýükleri barlagdan geçirýär we karantin rugsatnamalaryny berýär.

Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaranyň ygtyýarlarynyň çäklerinde kabul edilen kararlary ýuridik we fiziki şahslar üçin  ýerine ýetirilmegi hökmany bolup durýar.

 

8-nji madda. Ösümlikleriň karantini babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaralary we onuň edaralaryna muzdsuz esasda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen üstlerine ýüklenen wezipelerini ýerine ýetirmek üçin şertleri döredýärler;

2) olar bilen bilelikde deňiz we derýa portlarynda, gämi duralgalarynda, demirýol beketlerinde, uçar menzillerinde, poçta aragatnaşygy kärhanalarynda, bazarlarda, awtomenzillerde, awtobeketlerde we beýleki karantin asty desgalarda karantin çäreleriniň geçirilişine barlag işlerini guraýarlar we amala aşyrýarlar;

3) özleriniň golasty çäklerindäki ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaralarynyň görkezmesi boýunça karantin düzgünini girizmek we ony ýatyrmak bilen karantin zolagyny bellemek barada karar kabul edýärler.

 

III bap. Ösümlikleriň karantinini üpjün etmek

 

9-njy madda. Türkmenistanyň çägini karantin zyýan berijilerden goramak

 

1. Eger bellenilen önümleri getirmek üçin resminamalary hem-de şeýle önümleriň ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalaryň we düzgünleriň, ösümlikleriň karantinine degişli Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyklygyny tassyklaýan resminamalar bar bolsa, karantin astyndaky önümleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine  rugsat berilýär.

2. Karantin zyýan berijileri ýokuşan karantin astyndaky önümleri (ösümlikleriň karantinini üpjün etmegiň kadalarynda we düzgünnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga), şeýle-de karantin astyndaky önümler getirilende ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalar we düzgünler bozulanda karantin astyndaky önümleriň Türkmenistanyň çäklerine getirilmegi gadagan  edilýär.

3. Karantin astyndaky önümleri diňe ösümlikleriň karantinini üpjün etmegiň kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan serhet geçelgelerindäki karantin gulluklary bar bolan Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän nokatlardan Türkmenistanyň çäklerine getirmäge rugsat berilýär.

4. Türkmenistanyň çäklerine getirilýän karantin astyndaky önüm hökmany döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligine – barlagyna degişlidir. Türkmenistanyň çäklerine getirilýän karantin astyndaky önüm Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän nokatlarda ilkinji döwlet karantin fitosanitar gözegçiligine, şol sanda barlagyna degişlidir we bellenilen ýerlerinde ikinji gezek döwlet karantin fitosanitar gözegçiligine – barlagyna degişlidir.

5. Türkmenistanyň çäklerine getirilýän we Türkmenistanyň çäklerinden çykarylýan karantin astyndaky önümlere döwlet fitosanitariýa karantin gözegçiligi ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanyň çäklerine karantin zyýan berijileri ylmy barlaglar üçin getirmek, ösümlikleriň karantinini üpjün etmegiň düzgünlerinde we kadalarynda düzgünleşdirilyär .

7. Ösümlikleriň karantinini üpjün etmegiň kadalarynda we düzgünlerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdarlarda karantin zyýan berijiler bilen ýokuşan karantin astyndaky desgalary ulanmak gadagan edilýär.

8. Ösümlikleriň karantinini üpjün etmäge degişli bolmadyk wezipeleri çözmek üçin karantin fitosanitariýa çärelerini we çäklendirmelerini (olaryň islendik görnüşlerinde) ulanmak gadagan edilýär.

 

10-njy madda. Ösümlikleriň karantini boýunça gözegçilik desgalary

 

Ösümlikleriň karantini boýunça gözegçilik desgalary şulardan ybaratdyr:

1) karantin zyýan berijileriň ýaýradyjysy bolup biljek oba hojalyk, tokaý we bezeg agaçlarynyň, ösümlikleriniň tohumlary we nahallary, ösümlikler we olaryň bölekleri (çybyklar, sogana meňzeş düýpler, hasyl, ýapraklar, miweler), şeýle-de ösümlikden alnan islendik başga önümler;

2) ösümlikleriň kesellerini döredijiler – diri kömelekleriň, wiruslaryň, barlaghanalarda alnan bakteriýalaryň jemi, şeýle-de biologik göreşiň agentlerini we ösümlik üçin peýdaly beýleki organizmleri hem goşmak bilen, nematodalar, sakyrtgalar, mör-möjekler we ş.m.;

3) mör-möjekleriň, ösümlikleriň, tohumlaryň kesellerini döredijileriň we gerbariýleriň ýygyndysy;

4) karantin zyýan berijileriň ýaýradyjysy bolup biljek topragy işläp bejermek üçin oba hojalyk maşynlary we gurallary, ulag serişdeleri, gaplaryň hemme görnüşleri, gaplamak üçin zatlar, senagat harytlary we ösümlikden alnan önümler, monolitler we toprak nusgalyklary;

5) edara tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ösümlikden alynýan önümleri ösdürip ýetişdirýän, taýýarlaýan, ammarlara ýerleşdirýän, gaýtadan işleýän, ulag bilen daşaýan we satýan kärhanalaryň, guramalaryň, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň mellekdäki hojalyklaryň ýerleşýän ýerleri we jaýlary, oba hojalyk, tokaý, suw we bagşa maksatly ýerler.

 

11-nji madda. Karantin astyndaky önümleri getirmegiň we çykarmagyň tertibi

 

1. Karantin astyndaky önümleri bilen üpjün etmäge ýa-da olaryň üstaşyr geçmegi üçin şertnama baglaşylanda üpjün ediji ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyndan karantin çäreler hakynda zerur maglumatlary almaga borçludyr we karantin zyýan berijileriň getirilmeginiň öňüni almagyny üpjün edýän şertleri göz öňünde tutmalydyr.

Ýaşyryn häsiýetli maglumatlary saklaýan baglaşylan şertnama üpjün edijiniň ýazmaça razylygy bolmasa aýan edilmeli däldir.

2. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýüküň ýurda getirilmegine çenli 30 günden köp bolmadyk döwürde hereket edýän getirmek üçin karantin rugsatnamasy we alyp gaýdylýan ýurduň milli karantin gulluklarynyň fitosanitariýa güwänamalary bar bolsa, karantin astyndaky önümleri ösümlikleriň karantini boýunça serhet nokatlaryň üsti bilen getirmäge we üstaşyr geçirmäge rugsat berilýär.

Döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini geçenden soň karantin astyndaky önümleriň gümrük resminamalary resmileşdirilýär.

Başga ýurtlaryň karantin çäreleri Türkmenistanda kabul edilen fitosanitariýa goragyň degişli derejesini üpjün edýän bolsa we derejesi şondan pes bolmasa, ykrar edilýär.

3. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň fitosanitariýa güwänamalary bar bolsa, karantin astyndaky önümleri karantin astynda diýlip yglan edilen zolakdan karantin zyýan berijileriň ýok zolaklaryna çykarmaga rugsat berilýär.

4. Karantin astyndaky önümleri, ýükleri we ulag serişdelerini barlamak we zyýansyzlandyrmak, karantin resminamalaryny bermek, bar bolan nyrhlara laýyklykda olaryň eýeleriniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Nyrhlar ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tassyklanylýar.

 

12-nji madda. Karantin astyndaky önümi almak, ýok etmek, yzyna gaýtarmak

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerine karantin zyýan berijileriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň görkezmeleri boýunça karantin astyndaky önüm alnyp, ýok edilip we yzyna gaýtarylyp bilner.

 

13-nji madda. Karantin astyndaky önümiň barlaghana seljermesi we derňewi

 

Karantin astyndaky önümiň karantin fitosanitariýa ýagdaýyny anyklamak maksady bilen döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligine, şol sanda barlaga we zerurlyk bolsa barlaghana seljermesine we derňewe degişlidir.

Karantin astyndaky önümiň (karantin asty materialyň, karantin  asty desganyň) karantin fitosanitariýa ýagdaýyny anyklamak maksady bilen barlaghana seljermesi we derňewi ösümlikleriň  karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň merkezi barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýär.

 

14-nji madda. Karantin zyýan berijileri ýüze çykarmak we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak

 

Karantin zyýan berijileri öz wagtynda ýüze çykarmak, olaryň ojaklarynyň serhedini anyklamak maksady bilen karantin astyndaky desgalar Türkmenistanda zyýanly ösümliklere umumy gözegçiligiň çäklerinde geçirilýän yzygiderli karantin fitosanitariýa barlagyna degişlidir.

Türkmenistanyň çäklerine getirilýän däne, dänäni gaýtadan işlenip alynan önümler, ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalarda we düzgünlerde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda tohumlaryň gögermek ukybynyň mahrum edilmegini üpjün edýän tilsimatlara laýyklykda gaýtadan işlenmäge degişlidir. Dänäni, dänäniň gaýtadan işlenen önümlerini gaýtadan işlenen ýerlerinden gögermäge ukyply tohumlar bilen çykarmaga rugsat berilmeýär.

 

15-nji madda. Karantini goýmak we aýyrmak tertibi

 

1. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň teklibi boýunça karantin düzgünini girizmek ýa-da ony ýatyrmak bilen karantin zolagyny bellemek baradaky karary:

1) iki we şondan köp welaýatlaryň çäklerinde – Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi;

2) welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň we şäheriň çäklerinde – degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary kabul edýärler.

2. Karantin zolaklarynda karantin zyýan beriji ýokuşan karantin astyndaky önümleri çykarmaga gadaganlyk ýa-da çäklendirilmeler girizilýär, karantin zyýan berijileriň ojaklaryny çäklendirmek we ýok etmek boýunça çäreler işläp taýýarlanylýar we amala aşyrylýar, karantin asty önümiň zyýansyzlandyrylmagy, onuň tehniki gaýtadan işlenmegi geçirilýär.

Karantin zolakdan çykarylan, ýokuşan önüm yzyna gaýtarylmaga, zyýansyzlandyrylmaga ýa-da ony gaýtadan işleýän edaralara geçirilmäge degişlidir.

Ýokuşan önümi zyýansyzlandyrmak we gaýtadan işlemek mümkin bolmasa, ol Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde alynmaga we ýok edilmäge degişlidir.

Karantin zyýan berijileri çäklendirmek we ýok etmek boýunça karantin çäklendirmeleriň we çäreleriň sanawy ýuridik we fiziki şahslaryň we karantin zolagynyň ilatynyň dykgatyna ýetirilýär.

Karantin zolagynyň we karantin düzgüniniň öz wagtynda bellenilmänligi üçin ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýolbaşçysy jogapkärçilik çekýär.

 

16-njy madda. Karantin astyndaky önümleri zyýansyzlandyrmak, arassalamak, zähersizlendirmek

 

1. Ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalarda we düzgünlerde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň çäklerine getirilýän, karantin zyýan berijiler bilen ýokuşan karantin astyndaky önüm Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän nokatlarynda ýa-da bellenen ýerlerinde zyýansyzlandyrmaga degişlidir.

Ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalarda we düzgünlerde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, karantin zyýan berijileriň ýaýran ýurtlaryndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän karantin astyndaky önüm öňüni alyş zyýansyzlandyrylmagyna degişlidir.

2. Karantin astyndaky önümi daşamak üçin ulanylan ulag serişdeleri hökmany suratda arassalanylmaga ýa-da gerek bolan ýagdaýynda ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda zyýansyzlandyrylmaga degişlidir.

3. Karantin astyndaky desgalary gazlandyrma usuly bilen zyýansyzlandyrmak we olary zähersizlendirmek, himiki we işläp bejermegiň beýleki görnüşleri boýunça işler ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär.

Karantin astyndaky desgalary zyýansyzlandyrmak, arassalamak, zähersizlendirmek ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Ösümlikleriň karantinini üpjün etmek babatda  ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

 

1. Karantin astyndaky önümleri öndürýän, taýýarlaýan, Türkmenistanyň çäklerine getirýän, onuň çäklerinden çykarýan, daşaýan, saklaýan, gaýtadan işleýän, ulanýan we satýan ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) karantin astyndaky önümler öndürlende, taýýarlananda, Türkmenistanyň çäklerine getirilende, Türkmenistanyň çäklerinden çykarylanda, daşalanda, saklananda, gaýtadan işlenende, ulanylanda we satylanda ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalary we düzgünleri ýerine ýetirmäge;

2) karantin astyndaky önümiň gelmegi barada ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýerlerdäki edaralaryna  haýal etmän habar etmäge;

3) ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýazmaça rugsady bolmasa, Türkmenistanyň çäklerine gelen karantin astyndaky önümli ulag serişdeleriň we konteýnerleriň açylmagyna ýol bermezlige;

4) öz wagtynda döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini, şol sanda barlagyny amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge;

5) karantin astyndaky önümleri saklamak üçin karantin fitosanitar talaplaryna laýyk gelýän jaýlary bölüp bermäge we şolar ýaly önümiň goragyny üpjün etmäge;

6) karantin astyndaky önümli ulag serişdesini barýan ugrunda arassalanmagyna, şeýle-de munuň üçin niýetlenmedik ýerlerde arassalanmagyna ýol bermezlige;

7) döwlet karantini fitosanitariýa gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň başlamagyna çenli karantin astyndaky önümiň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmäge;

8) karantin astyndaky önümleri zyýansyzlandyrmagy, arassalamagy, zähersizlendirmegi we işläp bejermegiň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak üçin ulag serişdelerini, ýörite enjamlaşdyrylan gämi duralgalaryny, meýdançalary, jaýlary, zerurlyk bolsa işgärleri bermäge;

9) karantin astyndaky desgalaryň karantin zyýan berijiler bilen ýokuşan alamatlary ýüze çykarylandygy barada ösümlikleriň karantini boýunça ýerlerdäki ygtyýarly döwlet edarasyna haýal etmän habar etmäge;

10) karantin astyndaky önümleriň ýitgilerine we Türkmenistanyň çäklerine karantin zyýan berijileriň ýaýramak mümkinçiligine ýol bermezlik boýunça çäreleri üpjün etmek bilen daşamaklygy amala aşyrmaga;

11) ösümlikleriň karantinini üpjün etmek babatda başga borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna, ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda ýerine ýetirmäge.

2. Karantin zyýan berijileri ýüze çykarmak we olara garşy göreşmek, ojaklaryny çäklendirmek, ýok etmek boýunça çäreler karantin astyndaky desgalaryň eýeleriniň, ulanyjylaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Karantin astyndaky önümi barlamak, zyýansyzlandyrmak, tutmak, ýok etmek we yzyna gaýtarmak hususyýetçileriň, eýeleriniň, ulanyjylaryň, ýüki alýan ýa-da ibermek bilen meşgul bolýan guramalaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Işi karantin astyndaky önümler bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň, guramalaryň, şeýle hem eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki ýuridik şahslaryň ýolbaşçylarynyň we fiziki şahslaryň borçlary

 

Işi karantin astyndaky önümleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we satmak bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň, guramalaryň wezipeli adamlary, şeýle hem haýsy edara degişlidigine we eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary, fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) şu Kanunyň talaplaryny, ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ösümlikleriň karantini baradaky düzgünlerini we degişli karantin çäreleri geçirmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

2) ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly edaranyň gözegçileriniň talaby boýunça karantin astyndaky önümleriň we karantin zyýan berijileriň bolmagy barada maglumat bermäge;

3) karantin astyndaky önümler saklanýan ammarlaryň, ýerleriň, ekinleriň, jaýlaryň we beýleki desgalaryň yzygiderli barlanmagyny üpjün etmäge, şeýle-de bar bolan karantin astyndaky önümleri barlamaga we derňew üçin bermäge;

4) karantin zyýan berijileriň ýüze çykarylan ýagdaýynda, bu barada haýal etmän ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge.

 

IV bap. Ösümlikleriň karantini babatda döwlet gözegçiligi

 

19-njy madda. Ösümlikleriň karantini babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak

 

Ösümlikleriň karantini babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň üstüne ýüklenýär.

 

20-nji madda. Döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hukuklary

 

1. Döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň jogapkär wezipeli adamlary amala aşyrýarlar.

2. Döwlet karantin fitosanitariýa gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara hukugy bardyr, ýagny:

1) bellenilen tertipde kärhanalara, edaralara, guramalara, hususy kärhanalara we raýatlara degişli bolan karantin astyndaky desgalara, şeýle hem görkezilen desgalaryň ýerleşýän ýerlerine, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak, gümrük işini, içeri işler, howpsuzlyk, goranmak meselelerini alyp barýan döwlet edaralarynyň, harby bölümleriň ýerleşýän ýerlerine şeýle-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli desgalaryna päsgelçiliksiz girmäge;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edaralaryndan, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan, guramalardan, hususy telekeçilerden we raýatlardan ösümlikleriň karantinine bagly bolan resmileşdirilen maglumatlary almaga;

3) karantin astyndaky desgalaryň we karantin astyndaky önümleriň, şol sanda olaryň taýýarlanylýan we iberilýän ýerleriniň karantin fitosanitariýa barlagyny geçirmäge;

4) karantin astyndaky desgalardan barlag üçin nusgalary we nusgalyklary almaga;

5) karantin astyndaky önümleri öndürmegi, taýýarlamagy, Türkmenistanyň çäklerine getirmegi, Türkmenistanyň çäklerinden çykarmagy, daşamagy, saklamagy, gaýtadan işlemegi, ulanmagy we satmagy togtatmaga ýa-da gadagan etmäge;

6) kärhanalara, edaralara, guramalara, hususy telekeçilere we raýatlara bellenen möhletde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ösümlikleriň karantinini üpjün edýän kadalaryň we düzgünleriň bozulmagyny ýok etmek baradaky görkezmeleri bermäge;

7) karantin astyndaky önümleri zyýansyzlandyrmak, arassalamak, zähersizlendirmek, yzyna gaýtarmak baradaky karary kabul etmäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karantin astyndaky önümleri almaga ýa-da ýok etmäge;

9) ösümlikleriň karantini babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

 

21-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary

 

Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň nyşany we ýörite lybaslary bardyr. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary baradaky Düzgünnama Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

 

V bap. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly

döwlet edarasynyň işini we karantin çärelerini maliýeleşdirmek

 

22-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň işini maliýeleşdirmek

 

Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy öz işini:

- ösümlikden alnan önümleri, ammarlary, ulag serişdelerini zyýansyzlandyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilendigi üçin;

- geçirilýän derňewler we karantin seljerişi;

- getirilýän we äkidilýän önümleriň barlanylandygy we resminamalarynyň resmileşdirilendigi we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegi üçin gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna hojalyk hasaplaşygy ýörelgelerinde amala aşyrýar.

 

23-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet çärelerini maliýeleşdirmek

 

1. Karantin zyýankeşleriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň Sanawyna laýyklykda karantin zyýan berijileri çäklendirmek we ýok etmek boýunça Döwlet çärelerini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerindäki görkezmeler boýunça döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk desgalarda, şeýle-de ýuridik we fiziki şahslaryň ýerlerinde ösümlikleriň karantini boýunça çäreleri geçirmek olaryň eýeleriniň we ýerden peýdalanýanlaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

VI bap. Jedelleri çözmek we ösümlikleriň karantini

boýunça kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

24-nji madda. Ösümlikleriň karantini babatdaky jedelleri çözmek

 

Ösümlikleriň karantini babatdaky jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

25-nji madda. Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Ösümlikleriň karantini boýunça kanunçylygy bozan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýärler.

2. Jerimäniň ýa-da başga  temmi beriş çäreleriniň bellenmegi günäkär ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyndan boşatmaýar.

3. Ösümlikleriň karantini boýunça kanunçylygyň bozulandygy üçin alnan serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Döwlet býujetine geçirilýär.

 

VII bap. Ösümlikleriň karantini babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

26-njy madda. Ösümlikleriň karantini babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgeleri

 

Türkmenistan karantin zyýan berijileriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň iki taraplaýyn howpsuzlygyny berjaý etmek ýörelgelerinden ugur alyp, ösümlikleriň karantini babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar.

 

27-nji madda. Halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda ösümlikleriň karantini babatda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

 Türkmenistanyň      Gurbanguly

     Prezidenti Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.

№ 54-IV