Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 3, 53-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 09.11.2013 ý. № 448-IV Kanuny

esasynda girizilen üýtgetme bilen)

 

Şu Kanun ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň  kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ylmy işgäriň  hukuk ýagdaýy - Türkmenistanda eýeleýän orny:

- ylmy işgäriň özüniň iş borçlaryny ýerine ýetiren ýagdaýynda iş başaryjylyk ukybynyň, jogapkärçiliginiň, ylmy işini doredijilikli we netijeli berjaý ediş derejesiniň  döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy;

- ylmy işgäriň döwletiň öz öňünde goýan maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaklyga we öndürijilikli işlemeklige gönükdirilen zerur hukuk kepillikleriniň we şertleriň, maddy we ruhy höweslendirmeleriň berilmegi bilen häsiýetlendirilýän durmuş goraglylygy bilen kesgitlenilýär.

2) ylmy işgär – ýokary bilimli, zerur hünär taýýarlygy bolan we kärine görä ylmy-barlag, ylmy-tehniki iş  we (ýa-da) synag barlaglary (mundan beýläk – ylmy iş) bilen meşgullanýan  adam;

3) ylmy-barlag işi – täze bilimleri ele almaga hem-de ulanmaga gönükdirilen iş, şol sanda:

düýpli ylmy barlaglar – adamyň, jemgyýetiň, daşky tebigy gurşawyň gurluşynyň, işleýşiniň ýa-da hereket edişiniň we ösüşiniň esasy kanunalaýyklyklary hakyndaky täze bilimleri ele almaga gönükdirilen barlaglar;

amaly ylmy barlaglar – amaly maksatlara ýetmek we anyk wezipeleri çözmek üçin esasan täze bilimleri ulanmaklyga gönükdirilen barlaglar;

4) ylmy-tehniki işler – tehnologik, inženerçilik, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş, ynsanperwerlik we başga düýpli meseleleri çözmek üçin täze bilimleri ele almaga we ulanmaga, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bir bitewi ulgam hökmünde işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen işler;

5) synag barlaglary – ylmy barlaglary geçirmegiň netijesinde ýa-da durmuşa geçirilýän tejribäniň esasynda alnan bilimlere esaslanan we iş ýüzünde ulanmak üçin olary ýagdaýa görä uýgunlaşdyrmaga, barlamaga, mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen işler;  

6) ylmy işgäriň hünär taýýarlygy – ylmy işi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan biliminiň, endikleriniň we tejribesiniň barlygy bilen ýüze çykýan kärine hünär taýdan taýýarlyk derejesi.

 

2-nji madda. Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, ol ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy meselelerini düzgünleşdirýän şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Ylmy işgär we onuň hünär taýdan taýýarlyk derejesi hakynda umumy düzgünler

 

1.Ylmy işgärlere:

- ylmy guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň) ylmy iş bilen meşgullanýan işgärleri;

- ylmy işe gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň işgärleri;

- aspiranturada, adýunkturada, doktoranturada okaýanlar we (ýa-da) dalaşgärler;

- ylmy däl ugurly guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň),  halkara, döwlet ýa-da pudak ylmy-tehniki maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çäklerinde ylmy işe gatnaşýan işgärleri;

- ylmy işi özbaşdak amala aşyrýan şahsy taraplar deňleşdirilýär.

2.Ylmy işgäriň hünär taýýarlygy:

- ýokary biliminiň barlygy bilen;

- ýörite ylmy taýýarlygy (aspiranturany, adýunkturany, doktoranturany, dalaşgärligi) geçenligi bilen;

- alymlyk derejesiniň barlygy bilen;

- alymlyk adynyň barlygy bilen;

- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy ýa-da hakyky agzasy (akademik) alymlyk adynyň barlygy bilen;

- ylymda gazanan üstünlikleri üçin gazanan hormatly atlarynyň we sylaglarynyň barlygy bilen;

- çap edilen işleriniň, ýerine ýetiren ylmy işleriniň we barlaglarynyň möçberi bilen;

- bilimleriň degişli ugrunyň ylmy bileleşikleriniň we hünärmenleriniň beren bahasy bilen kesgitlenýär.

3. Ylmy işgärleriň hünär taýýarlygynyň derejesine baha bermegiň hukuk esaslary we baha bermegiň ölçegleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde kesgitlenýär.

4. Döwlete degişli ylmy guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň) ylmy işgärleri özleriniň hünär taýýarlygyny we ýerine ýetirýän işleriniň netijeliligini tassyklatmak üçin wagtal-wagtal ylmy dolandyrýan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenen tertipde ylmy guramada (edarada, kärhanada) döredilen hünär synagy boýunça iş topary tarapyndan amala aşyrylýan hünär synagyndan geçýärler.

Ylmy işgär Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hünär synagynyň netijeleri bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda onuň şikaýat bilen ýüz tutmaga haky bardyr.

 

4-nji madda. Ylmy iş alyp barmagyň erkinligi

 

1. Her bir raýatyň, özüniň ykdysady we jemgyýetde eýeleýän ornunyň ýagdaýyna, haýsy jynsa we millete degişliligine, gelip çykyşyna, ýaşyna, dine bolan garaýşyna we dini-ygtykatyna, diline, syýasy we beýleki garaýyşlaryna, işleýän hem-de ýaşaýan ýerine garamazdan, ylmy işi erkin alyp barmaga hukugy bardyr.

2. Ylmy işgär ylmy barlagynyň ugruny, temasyny we usullaryny saýlamakda erkindir, ol özüniň ylmy bähbidini we ylmyň ynsanperwerleşme ýörelgesini goldanýar, ylmy işiniň mazmuny, ygtybarlylygy hem-de ony durmuşa geçirmegiň netijeleri üçin jogapkärçilik çekýär.

Ylmy iş jemgyýete we daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir, adamlaryň ömrüne we saglygyna howp salmaly däldir.

3. Döwlet howpsuzlygynyň berjaý edilmegi, ýurdy goramagyň üpjün edilmegi we ekologik howpsuzlygyň saklanmagy üçin ylmy işleriň käbir görnüşleri gadagan edilip ýa-da şeýle barlaglaryň alnyp barylmagy çäklendirilip bilner.

Şeýle işleriň sanawy we olary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

II bap. Ylmy işgäriň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi

 

5-nji madda. Ylmy işgäriň hukuklary

 

Ylmy işgäriň:

- ylmy işiň islendik görnüşi bilen, şol sanda özbaşdak alnyp  barylýan ylmy işiň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik görnüşi bilen meşgullanmaga;

- döwlet býujetiniň, ylmy işi goldamak üçin döredilen gaznalaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmeýän beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirmek üçin geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga;

- özüniň işleýän ylmy guramasynyň (edarasynyň, kärhanasynyň) ylmy-barlag ugurlarynyň çäklerinde  hem-de özüniň hünär taýýarlygyna laýyklykda ylmy gözlegi amala aşyrmaga we barlaglaryň usullaryny saýlap almaga;

- özüniň ýerine ýetirýän ylmy işiniň netijelerini ulanmagyň maksatlaryny, çygryny we usullaryny kesgitlemäge gatnaşmaga;

- adamlara we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän ylmy işinde esasly töwekgelçilik etmäge;

- geçirilýän ylmy iş, onuň usullary we netijeleri  dogrusynda öz pikiriňi başga adamlaryň namysyny we mertebesini kemsitmezden, erkin aýtmaga;

- adama, jemgyýete we daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän  ylmy barlaglara gatnaşmakdan delilli boýun gaçyrmaga;

- ylmy işde öňe sürülýän çaklamalary  we onuň netijelerini, eger olaryň mazmunynda döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli maglumatlar ýok bolsa, hiç hili päsgelçiliksiz beýan etmäge we çap etmäge, şol netijeleriň  durmuşa geçirilip, iş ýüzünde peýdalanylmagyna gatnaşmaga;

- Türkmenistanyň çäginde hem-de onuň çäklerinden daşarda islendik ylmy gatnaşyklary erkin ýagdaýda amala aşyrmaga;

- bellenilen tertipde rugsat berilýän maglumatdan başga halatlarda ylmy we ylmy-tehniki maglumatlara päsgelçiliksiz goýberilmäge;

- ylmy iş bilen bir hatarda özüniň ylmy hünäriniň ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga;

- aspiranturanyň, adýunkturanyň, doktoranturanyň, dalaşgärligiň üsti bilen ylmy taýýarlygyny ýokarlandyrmaga;

- ylmy jemgyýetleriň, assosiasiýalaryň, kärhanalaryň, firmalaryň, birleşikleriň, paýdarlar jemgyýetleriniň, beýleki ylmy we innowasiýa guramalarynyň, kollektiwleriň we bileleşikleriň esaslandyryjysy ýa-da gatnaşyjysy bolmaga, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik islendik görnüşdäki täjirçilige degişli hem degişli bolmadyk guramalary döretmäge;

- ýurduň içinde we daşary ýurtlarda ylmy bileleşiklere erkin girmäge   ýa-da saýlanmaga;

- geçiren ylmy işiniň awtory bolmaga we şol netijeleri peýdalanmak hukugyny başga birine beren ýagdaýynda, awtorlyk hukugynyň saklanmagyna;

- ylmy işi özbaşdak geçiren halatynda, şeýle-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda alnan netijelere eýeçilik etmäge;

- işiniň netijelerine we zähmet şertnamalarynyň şertlerine laýyklykda ýerine ýetiren işi üçin zähmet hakyny we beýleki tölegleri almaga;

- ylmy işgäriň zähmet gatnaşygynda durýan we ylmy işiň netijelerine eýelik edýän guramasynda (edarasynda, kärhanasynda) şertnama ýa-da guramada (edarada, kärhanada) hereket edýän düzgünlere laýyklykda zähmet hakyny almaga, şeýle-de, eger eýesi bilen ylmy işgäriň arasynda öňünden şertleşilen bolsa, eýesiniň şol ylmy işiň netijelerini durmuşa geçirmekden alan girdejisinden düşýän paýyny almaga;

- ylmy işi gazanan üstünlikleri üçin maddy we ruhy taýdan höweslendirilmäge;

- howpsuz zähmet şertlerine;

- Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda dynç almaga;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş üpjünçiligine;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda işgäre ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

- onuň ylmy işiniň üpjünçiligi ýa-da şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklarynyň amala aşmasy bilen bagly meseleler boýunça islendik döwlet häkimiýeti we dolandyryş edarasyna gönüden-göni ýüz tutmaga;

- ylmy barlaglaryň maksadyna ýetmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry hereketleri amala aşyrmaga hukugy bardyr.

 

6-njy madda. Ylmy işgäriň borçlary

 

Ylmy işgär:

- Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň bir ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen ylmy işi amala aşyrmaga;

- amala aşyrylýan ylmy işiň maksatlaryna, usullaryna we netijelerine  mümkingadar onuň ynsanperwerlik we ekologik netijelerini hasaba almak arkaly garamaga;

- ylmy işiň gidiş ýagdaýyny we netijelerini, şol sanda şahsy bähbidiňden, ylymda ykrar edilen adamlaryň täsirinden, köpler tarapyndan ykrar edilen garaýyşlardan, betnebislik häsiýetli peýdadan geçip bilmän ýoýmazlyga;

- ylmy işiň netijeleri hem-de ony ýöretmegiň usullary üçin jogapkärçilik çekmäge, jemgyýete we döwlete, adamyň hukuklaryna we azatlygyna, saglygyna we mertebesine, daşky gurşawa zyýan ýetirmezlige;

- kabul edip alan şertnamalaýyn we başga borçnamalaryny ýerine ýetirmäge;

- beýleki ylmy işgärleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini berjaý etmäge, beýleki ylmy işgärleriň erkin döredijiligini çäklendirmezlige we şeýle herekete päsgel bermäge;

- ylmy işi ýöretmegiň barşynda onuň zyýanly jemgyýetçilik-durmuş, ekologik ýa-da ahlak netijeleri ýüze çykan ýagdaýynda şeýle ylmy işi  alyp barmagy bes etmäge we bu barada jemgyýetçiligi öz wagtynda habarly etmäge;

- ylmy maksatnamalaryň, taslamalaryň, dissertasiýalaryň we beýleki ylmy işleriň netijeleriniň seljermesini adalatly geçirmäge;

- döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli maglumatlary äşgär etmezlige;

- özleriniň borçlaryny maksadalaýyk ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolan hünär taýýarlygynyň derejesini hemişe ýokarlandyrmaga we saklamaga;

- kesp-kär edebiniň kadalaryny we ahlak düzgünlerini berjaý etmäge borçludyr.

 

7-nji madda. Ylmy işgäriň jogapkärçiligi

 

1. Ylmy işgär:

- Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi we Türkmenistanyň halkynyň hal-ýagdaýynyň abadanlygy üçin, ýurduň dünýä ykdysadyýetiniň, ylmynyň we medeniýetiniň öňdebaryjy sepgitlerine çykmagy üçin;

- özleriniň geçirýän ylmy işleriniň ugry, usullary we ygtybarlylygy hem-de netijeleri üçin we şol netijeleri peýdalanmagyň şertleriniň we düzgünleriniň bozulan ýagdaýlaryndan başga halatlarda olaryň durmuşa geçirilip ulanylyşy üçin;

- kesp-kär edebiniň kadalaryny we ahlak düzgünlerini bozandygy üçin;

- şu Kanunyň 6-njy maddasynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlaryny ýerine ýetirmändigi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Özüniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeýän ylmy işgär Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

III bap. Ylmy işgäriň zähmet şertleri we ylmy taýýarlygyny ýokarlandyrmak

 

8-nji madda. Gurama (edara, kärhana) bilen zähmet gatnaşygyndaky ylmy işgäriň zähmet şertleri  we onuň zähmetine hak tölenişi

 

1. Adamlary ylmy işgär wezipesine kabul etmeklik Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda olar ylmy işgäriň wezipesine geçmek üçin bäsleşikden geçenlerinden soň amala aşyrylýar.

Bäsleşik boýunça saýlanmak zähmet şertnamasyny baglaşmagyň esaslandyrmasy bolup durýar. Bäsleşigiň netijesini ylmy guramanyň (edaranyň, kärhananyň) ýa-da ýokary okuw mekdebiniň alymlar geňeşi kesgitleýär.

2. Gurama (edara, kärhana) anyk ylmy wezipeleri çözmek üçin  ýuridik şahslary döretmezden şahsy taraplary özünde jemleýän we bäsleşik boýunça alan grantyna ýa-da şertnama laýyklykda ylmy işi amala aşyrýan wagtlaýyn ylmy kollektiwleri döretmäge haklydyr.

Wagtlaýyn ylmy kollektiwleri döretmegiň tertibi we olaryň işiniň şertleri ylmy dolandyrýan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýär.

3. Ylmy işgär hünär taýýarlygyny talap etmeýän işe çekilmeli däldir.

4. Ylmy işgäriň iş wagty oňa ylmy gatnaşyklary amala aşyrmaga, kitaphanalarda işlemäge, maslahat beriş we mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermeklik göz öňünde tutulyp düzgünleşdirilmelidir.

5. Guramanyň (edaranyň, kärhananyň) administrasiýasynyň başlangyjy boýunça ylmy işgäri işden boşatmaklyk (şertnamany ýatyrmaklyk) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet ylmy guramalarynyň (edaralarynyň we kärhanalarynyň) ylmy işgäri işden boşadylmazyndan ozal guramanyň (edaranyň, kärhananyň) alymlar geňeşi onuň ylmy işini we hünär taýýarlyk derejesini kesgitläp karar çykarmalydyr.

Döwlet ylmy guramalarynyň (edaralarynyň we kärhanalarynyň) ylmy işgäriň zähmetiniň tölegi, şol sanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin goşmaça tölegleri bellemeklik Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna, şu Kanuna we işgär bilen hakyna tutujynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Ylmy guramalarda (edaralarda, kärhanalarda) we ýokary okuw mekdeplerinde işgärler sanawyna girýän wezipelerde işleýän ylmy işgärler, şeýle-de beýleki guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň) işgärleri ylmy işi amala aşyran ýagdaýynda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda olara:

- ylymlaryň doktory we kandidaty alymlyk derejeleri we uly ylmy işgär, dosent we professor alymlyk atlary üçin, olaryň zähmet hakynyň daşyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberlerde we tertipde goşmaça pul bellenýär;

- her ýyl tölegli esasy zähmet rugsady berilýär, şol sanda ylymlaryň doktory alymlyk derejesi bolanlara ýylda dowamlylygy kyrk bäş senenama güni, ylymlaryň kandidaty derejesi bolanlara bolsa – otuz alty senenama güni bellenýär.

7. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hakyky agzalaryna (akademiklerine) we habarçy agzalaryna, şol sanda  görkezilen akademiki atlary bolan pensionerlere Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy (akademigi) we habarçy agzasy diýen akademiki atlary üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde we tertipde aýlyk haky bellenýär.

8. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hakyky agzasy (akademigi) we habarçy agzasy akademiki alymlyk ady üçin aýlyk haky bellenen işgärleriň zähmet haklarynyň daşyndan olara alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin goşmaça pul tölenmeýär.

9. Ylmy işgäriň zähmetiniň tölegi, şol sanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin goşmaça tölegleri bellemeklik döwlet eýeçiliginde bolmadyk edaralarda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna, şu Kanuna we işgär bilen hakyna tutujynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.

10. Ylmy işgär bilen guramanyň (edaranyň, kärhananyň) administrasiýasynyň arasyndaky zähmet jedellerine Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda garalýar.

 

9-njy madda. Özbaşdak ylmy işi amala aşyrýan ylmy işgäriň zähmet şertleri

 

1. Özbaşdak ylmy işi amala aşyrýan ylmy işgär ylmy barlagyň ugruny, temasyny we usullaryny saýlamakda, ony geçirmegiň şertlerini, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini, maddy-tehniki we başga üpjünçiligini, şeýle hem ylmy işiniň netijelerini durmuşa geçirmegiň şertlerini kesgitlemekde çäklendirilmeýär.

Döwlet býujetiniň serişdeleri, banklaryň karzlary, baglaşylan şertnamalar boýunça berilýän serişdeler, täzeçillik we beýleki gaznalaryň serişdeleri, ylmy işgäriň şahsy serişdeleri, grantlar we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik başga çeşmeler özbaşdak ylmy işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup biler.

2. Ylmy işgär özbaşdak ylmy işi döwlet we halkara ylmy-tehniki maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde-de amala aşyryp biler.

3. Ylmy işgäriň girdejileri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde salgyt salynmaga degişlidir.

 

10-njy madda. Ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärleri taýýarlamak

 

1. Ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärler Türkmenistanyň ylmy guramalary (edaralary, kärhanalary) we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem bellenen tertipde muňa hukuk alan beýleki guramalary tarapyndan taýýarlanýar. Şeýle taýýarlyk aspiranturanyň, adýunkturanyň, doktoranturanyň, dalaşgärligiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärler bellenen tertipde daşary ýurt okuw mekdeplerinde we ylmy guramalarynda hem taýýarlanylyp bilner.

2. Ylmy işgärleriň hünär taýýarlygyny aspiranturalarda, doktoranturalarda we dalaşgär hökmünde ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň ylmy guramalar we ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşan şertnamalary boýunça fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

3. Dissertasiýa işini goran adamlara bellenen tertipde döwlet ylmy dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawyna laýyklykda ylmyň pudagy boýunça ylymlaryň kandidaty ýa-da ylymlaryň doktory alymlyk derejesi berilýär.

Uly ylmy işgär, dosent we professor alymlyk atlary hünärler boýunça döwlet ylmy dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanda alymlyk atlaryny dakmagyň hünär sanawyna laýyklykda dakylýar.

4. Aspirantura giriş synaglaryna goýberilen adamlara Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, bellenen dowamlylykdaky wagtyň daşyndan zähmet haky tölenmeýän we okuw jaýyna barmaly we yzyna gaýtmaly wagty hasaba alynmazdan, dowamlylygy on bäş senenama günlük rugsat berilýär.

Önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada okaýan adamlar stipendiýalar bilen üpjün edilýär we her ýyl altmyş günlük rugsatdan (kanikuldan) peýdalanýar.

5. Aspirantura, doktorantura kabul edilen ýa-da alymlyk derejesiniň dalaşgärleri hökmünde ýokary okuw mekdeplerine we ylmy edaralara berkidilen raýatlary harby gulluga çagyrmaklyk “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Doktorantlara stipendiýalar tölenýär we her ýyl altmyş günlük okuw rugsady berilýär. Doktorantlaryň doktorantura girmeginden öňki işleýän ýerlerinde ähli hukuklary (ýaşaýyş jaý almak, alymlyk ady dakylmak hukuklary we başga hukuklary), şeýle hem öňki işleýän ýerlerine gaýdyp barmak hukugy saklanýar.

7. Aspirantlar we doktorantlar abzallardan, barlaghanalardan, okuw-usuly iş otaglaryndan, kitaphanalardan mugtuna peýdalanýar, şeýle hem ekspedisiýalara gatnaşmak we iş saparlaryna gitmek, şol sanda ýokary okuw mekdeplerine we daşary döwletleriň esasy ylmy edaralaryna gitmek hukugyndan, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-mugallymçylyk işgärleri hem-de ylmy guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň) ylmy işgärleri bilen bir hatarda, saýlap alan ylmy barlag temalary boýunça işlemek üçin peýdalanýarlar.

8. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okaýan her bir aspiranta we doktoranta Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde her ýyl onuň iki aýlyk stipendiýasynyň möçberinde ylmy edebiýatlary satyn almak üçin harajat puluny tölemeklik göz öňünde tutulýar.

9. Önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturany ýa-da doktoranturany tamamlan (şol sanda möhletinden öň tamamlan) we bellenilen talaplary doly ýerine ýetiren adamlara otuz senenama gün dowamynda okuw rugsady berilýär.

Kanikul döwri üçin döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okan adamlara olaryň aspiranturany we doktoranturany geçen ýerindäki stipendiýalar gaznasynyň serişdelerinden, hödürnama boýunça we guramalaryň (edaralaryň, kärhanalaryň) serişdeleriniň hasabyna okanlara bolsa, zähmet haky gaznasynyň serişdelerinden bir aýlyk stipendiýa berilýär.

10. Ylymlaryň kandidaty ýa-da ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa ýazyp gutarmak üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerine işleýän ýerlerinden Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda degişlilikde üç we alty aý dowamlylykdaky döredijilik rugsatlary berilýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolan işgärleri doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin iki ýyllyk möhlete çenli ylmy işgär wezipesine geçirilip bilner. Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgär wezipesine geçirilen işgärleriniň öňki işlän ýerlerine gaýdyp barmak hukugy saklanýar.

11. Aspirantlaryň we doktorantlaryň ylmy ýolbaşçylarynyň (maslahatçylarynyň) zähmet haky bir aspirant, doktorant üçin ýylda 50 sagat hasabyndan tölenýär.

Dalaşgärleriň ylmy ýolbaşçylarynyň (maslahatçylarynyň) zähmet haky bir dalaşgär üçin ýylda 25 sagat hasabyndan tölenýär.

12. Alymlyk derejelerini bermegiň we alymlyk atlaryny dakmagyň, alymlyk derejelerinden we alymlyk atlaryndan mahrum etmegiň (dikeltmegiň), alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakyndaky daşary ýurt resminamalarynyň nostrifikasiýasynyň (barabarlygynyň), daşary döwletlerde alymlyk derejelerini ýa-da alymlyk atlaryny alan adamlary gaýtadan hünär synagyndan geçirmegiň hukuk esaslary we tertibi, şeýle hem ylymlaryň kandidaty we doktory alymlyk derejelerini almak üçin dissertasiýalardan hem-de alymlyk derejeleriniň we alymlyk atlarynyň dalaşgärlerinden edilýän talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

IV bap. Ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijiliginiň

we durmuş goraglylygynyň kepillikleri

 

11-nji madda. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijiligini we durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlygy

 

1. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary:

- ylmy işgäriň hukuklaryny, onuň döredijiliginiň we ylmy gatnaşyklarynyň erkinligini berjaý etmekligi üpjün edýärler;

- ylmy iş durmuşa geçirilende, eýeçiligiň hemme görnüşleriniň goraglylygyny üpjün edýärler;

- döredijilikli iş üçin has amatly şertleri döredýärler;

- ylmy işgärleriň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyny we durmuş üpjünçiligini amala aşyrýarlar;

- zähmetiň zyýanly we howply şertleri bolan ylmy iş ulgamlarynda işleýän ylmy işgäriň durmuş goraglylygyny kepillendirýärler;

- ylmy işi maliýeleşdirmek we ylmy işgärlere kömek bermek üçin ylmyň ösüş gaznalaryny döredýärler;

- düýpli we amaly ylmy barlaglary maliýeleşdirmegi amala aşyrýarlar;

- bellenen tertipde ylmy işleriň netijelerini alyşmagyň erkinligini kepillendirýärler;

- döwlet gaznalaryndan ylmy-tehniki maglumatlary almak mümkinçiligini üpjün edýärlar;

- ylmyň gazananlarynyň adamlary ezmek, olaryň saglygyna zyýan ýetirmek, daşky gurşawy weýran etmek üçin ulanylmagynyň öňüne böwet bolýarlar;

- ylmy işgäriň ýerine ýetirýän işine we onuň ylmy işiniň netijelerine hakyky baha berilmegi üçin çäreler görýärlar;

- Türkmenistanyň we daşary döwletleriň esasy ylmy guramalarynda (edaralarynda, kärhanalarynda) we ýokary okuw mekdeplerinde okamak, tälim alyş saparlaryny geçmek, dissertasiýalary taýýarlamak we goramak, şeýle hem hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň beýleki görnüşlerini ulanmak arkaly ylmy işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin şertler döredýärler;

2. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bäsleşikler esasynda döwlet ylmy maksatnamalaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmegi üpjün edýärler.

Bäsleşiklere ylmy guramalaryň (edaralaryň we kärhanalaryň), ylmy kollektiwleriň, aýratyn ylmy işgärleriň, şol sanda özbaşdak ylmy işi amala aşyrýan işgärleriň gatnaşmaga hukugy bardyr.

Bäsleşikler taslamalaryň ylmy, ynsanperwer we ekologik gymmatlykdygyndan ugur alnyp, kararlaryň aýanlyk we demokratik ýagdaýda kabul edilmegi arkaly geçirilýär.

Bäsleşikleri geçirmegiň, ýeňijileri kesgitlemegiň we bäsleşikli maksatnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

3. Döwlet alymlyk derejeleri we (ýa-da) alymlyk atlary bar bolan adamlara Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenen möçberiň daşyndan goşmaça ýaşaýyş otagyny, şeýle hem gurluşyk etmek (täzeden gurmak) we ýaşaýyş jaý satyn almak üçin ýeňillikli uzak möhletli karzlary berýär.

Goşmaça ýaşaýyş otagyny we ýeňillikli uzak möhletli karzlary bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

V bap. Jemleýji düzgünler

 

12-nji madda. Halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige getirýär.

 

    Türkmenistanyň Gurbanguly

         Prezidenti                        Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.

№ 52-IV