TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we
güýje girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 3, 61-nji madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksini, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
4-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň gümrük işi babatda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.
5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirilýänçä Türkmenistanyň Gümrük kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.
№ 137-IV.