Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2011 ý., № 4, 75-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 239-V, 20.03.2017 ý. № 534-V, 04.11.2017 ý.

№ 639-V, 01.12.2018 ý. № 107-VI we 24.10.2020 ý. № 314-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)


Şu Kanun döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, olaryň agzalarynyň we wezipeli adamlarynyň işiniň hukuk esaslaryny, tertibini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.


I bap. Umumy düzgünler


1-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary 

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary: welaýatda – welaýat halk maslahaty, welaýat hukukly şäherde – şäher halk maslahaty (mundan beýläk – welaýat halk maslahaty), etrapda – etrap halk maslahaty, etrap hukukly şäherde – şäher  halk maslahaty (mundan beýläk – etrap, şäher halk maslahaty) döredilýär.


2-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda kanunçylyk


Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.


3-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň düzümi

 

Welaýat halk maslahatynyň düzümi 40 agzadan, etrap, şäher halk maslahatynyň düzümi 20 agzadan ybaratdyr.


4-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä saklanylýar.


5-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi arkaly kesgitlenilýär.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty möhletinden öň ýatyrylan halatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi onuň ýatyrylan gününden üç aýdan gijä goýman halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi belleýär.


6-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işi meseleleri bileleşip çözmek, aýanlyk, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, onuň düzümleriniň we wezipeli adamlarynyň welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňündäki jogapkärçilik, hasabatlylyk ýörelgelerine esaslanýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty alyp barýan işleri hakynda ilaty habarly edýär.

 

61-nji madda Türkmenistanyň 24.10.2020 ý. № 314-VI Kanuny esasynda aýyrlan.

 

II bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň guralyşy


7-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň görnüşi

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işi mejlis görnüşinde amala aşyrylýar.


8-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi


1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisi zerur bolşuna görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar. Şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýarysyndan köpüsiniň talap etmegi bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisini çagyrmaga borçludyr.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň maslahatyna onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol ygtyýarlydyr.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisine onuň özüniň bellän tertibinde döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem raýatlar çagyrylyp bilner.

4. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisi welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar we saýlawlardan soň iki hepdäniň dowamynda geçirilýär. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy mejlisi açýar we welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilip hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy saýlanylýança mejlisi alyp barýar.

5. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär we oňa welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy we halk maslahatynyň mejlisiniň kätibi gol çekýär.

6. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisleri hakyndaky habar, onuň kabul eden kararlary ilatyň dykgatyna ýetirilýär.


9-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlary

 

1 Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kararlary kabul edýär.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi arkaly kabul edilýär.


10-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlarynyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän kararlaryny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


11-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipä saýlamak 

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy, onuň orunbasary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryndan onuň mejlisinde açyk ses bermek arkaly welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça degişli halk maslahatynyň mejlisinde garalyp bilner.

Şeýle hem etrabyň, şäheriň halk maslahatynyň başlygyny, başlygyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä degişli welaýatyň halk maslahatynyň teklipnamasy esasynda garalyp bilner.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda karar açyk ses bermek arkaly welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak üçin şular esas bolup durýar:

1) öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezligi;

2) wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan işlere baş goşmagy;

3) saglyk ýagdaýy sebäpli özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy;

4) şahsy haýyşy;

5) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyndan çykmagy;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

 

III bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyňwelaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň, onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklary


12-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň, welaýat hem-de degişli etrap, şäher halk maslahatynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

2) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň degişli çäkde ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşmak;

3) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak;

4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňlemek;

5) degişli çäkde kanunylygyň berjaý edilmegini we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyny, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, ilatyň durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün etmek, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek we olary degişli edaralara bermek;

6) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda olaryň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak;

7) welaýat ýa-da etrap hukukly şäheriň ýaşaýyş toplumlaryna, şaýollaryna, köçelerine, meýdançalaryna, seýilgählerine we gaýry düzüm böleklerine at dakmak, adyny üýtgetmek hakynda häkime teklip girizmek;

8) öz çägindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam etmek;

9) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürleýärler.

21. Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda olary gizlin ses bermek arkaly saýlaýarlar.

3. Eger degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmese, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ony wezipesinden boşatmak hakyndaky meseläni ýokarda durýan edaranyň öňünde goýmaga hukugy bardyr. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň bu baradaky karary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.


13-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna we onuň edarasyna ýolbaşçylyk etmek;

2) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň maslahatlaryna başlyklyk etmek;

3) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlaryna gol çekmek;

4) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam bermegi guramak;

6) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirmek.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklar  çykarýar.


14-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary öz ygtyýarlyklaryny borçlaryň paýlanyşyna we welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirýär, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy ýok ýa-da ol öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda başlygyň wezipelerini ýerine ýetirýär.

 

IV bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy

 

15-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy 

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy şulara hukuklydyr:

1) welaýat, etrap, şäher halk maslahaty tarapyndan döredilýän toparlara saýlamaga hem-de saýlanmaga;

2) mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere garamagyň tertibi hem-de olaryň mazmuny barada teklipler girizmäge;

3) kararlaryň taslamalaryny we taslamalara düzedişleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň garamagyna girizmäge;

4) saýlawçylaryň (raýatlaryň) islegleri bilen bagly meseleleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňünde goýmaga;

5) degişli çäkde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişi, raýatlaryň hukuklarynyň goralyşy, ilatyň durmuş ýagdaýy hakyndaky meseleler boýunça degişli döwlet edaralaryndan, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan hojalygy ýörediji subýektleriň ählisinden zerur maglumatlary sorap almaga, zerur bolan mahalynda onuň işini gowulandyrmak we ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek hakynda teklipleri girizmäge;

6) öz ygtyýarlyklaryna degişli meseleler barada kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlary tarapyndan gaýra goýulman kabul edilmäge.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy şulara borçludyr:

1) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işine gatnaşmaga;

2) saýlawçylary (raýatlary) kabul etmäge;

3) welaýat, etrap, şäher halk maslahaty tarapyndan tabşyrylan işleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

4) saýlawçylaryň (raýatlaryň) sargytlary bilen bagly meseleleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňünde goýmaga;

5) öz işi barada saýlawçylaryň öňünde ýylda iki gezek hasabat bermäge.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary saýlaw okrugynda welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyna saýlawçylar bilen duşuşyk geçirmegine ýardam edýärler we raýatlary kabul etmek üçin zerur şertleri döredýärler.

 

16-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak üçin şular esas bolup durýar:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozmagy;

11) şol bir wagtda başga saýlawly edaralara saýlanmagy;

2) häkim, häkimiň orunbasary wezipelerine bellenilmegi;

3) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýatyrylmagy;

4) ol hakynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi;

5) degişli çäkden başga ýere hemişelik ýaşamaga göçüp gitmegi;

6) şahsy haýyşy;

7) saglyk ýagdaýy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi;

71) ölmegi ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

Şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky teklibi degişli saýlaw okrugynyň saýlawçylary tarapyndan degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň garamagyna hödürlenip bilner. Şunda teklip şol okrugyň saýlawçylarynyň jemi sanynyň azyndan üçden bir böleginiň goldamagy bilen kabul edilmelidir.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky karar welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

17-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň işiniň hukuk kepillikleri

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy welaýat, etrap, şäher halk maslahatyndan razylyk alynman işleýän (gulluk edýän) ýerinde eýeleýän wezipesinden boşadylyp ýa-da pes hak tölenilýän işe geçirilip (wezipesinden peseldilip) bilinmez.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyna öz ygtyýarlyklaryny bökdençsiz we doly amala aşyryp bilmegi üçin şertleri, şahsy eldegrilmesizligi, onuň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, janynyň, abraýynyň we mertebesiniň goralmagy kepillendirilýär.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasy welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň razylygy bolmasa, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen azatlykdan mahrum edilip, kazyýet tertibinde bellenilýän administratiw temmi çärelerine sezewar edilip bilinmez.

4. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyny jenaýat jogapkärçiligine çekmek ýa-da tussag etmek üçin prokuror degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna teklipnama girizýär.

Teklipnama welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyna aýyplama bildirilmezden ýa-da tussag etmäge rugsat berilmezden ýa-da administratiw hukuk bozulmalary baradaky iş kazyýete ugradylmazdan öň girizilýär.

5. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty on bäş günden gijä goýman prokuroryň teklipnamasyna garaýar. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty teklipnamada görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary prokurordan sorap biler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty degişli mesele hakynda karar kabul edýär we bu barada prokurora habar berýär.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyny eldegrilmesizlikden mahrum etmek hakyndaky meselä garalanda onuň welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga haky bardyr.

6. Eger-de welaýatyň prokurory etrap, şäher halk maslahatynyň karary bilen ylalaşmasa, ol şu meselä gaýtadan garalmagy hakynda welaýat halk maslahatyna teklipnama girizmäge haklydyr.

Eger welaýat halk maslahaty etrap, şäher halk maslahatynyň kararyny tassyklasa ýa-da welaýat halk maslahatynyň agzasyny jogapkärçilige çekmäge razylyk bermese, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamasy boýunça bu mesele Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan çözülýär.

7. Eger prokuroryň şu maddada göz öňünde tutulan tertipde girizen teklipnamasyna degişli halk maslahatlary tarapyndan on bäş günüň dowamynda garalmadyk bolsa, onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Baş prokuroryň girizen teklipnamasy boýunça, oňa haýal edilmän garalmagyny üpjün etmek üçin çäreleri görýär.

8. Prokuror işiň derňelişiniň ýa-da oňa garalyşynyň netijeleri hakynda welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna habar bermäge borçludyr.

 

18-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza saýlamak

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlanylýar.


19-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy


1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasyna onuň ygtyýarlyklary ykrar edilenden soň degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahaty tarapyndan şahsyýetnama berilýär.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasynyň nusgasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tassyklaýar.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan mahalynda, ol şahsyýetnamasyny degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna gaýtaryp berýär.


V bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işini üpjün etmek.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasy

 

20-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň iş toparlary

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, kabul edilen kararlary durmuşa geçirmek üçin welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň iş toparlary döredilip bilner.

2. Iş toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň karary bilen döredilýär. Olaryň wezipeleri welaýat, etrap, şäher halk maslahaty tarapyndan kesgitlenilýär. Toparyň düzümine degişli hünärmenler hem goşulyp bilner.

3. Iş toparlary öz işleri barada welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna hasabat berýärler.

 

21-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň üpjünçiligi 

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işiniň guramaçylyk, maddy-enjamlaýyn we gaýry üpjünçiligi welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasynyň maliýe üpjünçiligi ýerli býujetiň hasabyna amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasy

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasy welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işini guraýar, gündelik we gaýragoýulmasyz meselelere garaýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasyna welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasynyň gurluşy, işgär wezipe sany, şeýle hem ony maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.


23-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasynyň wezipeleri

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň edarasynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlislerini geçirmäge taýýarlyk görmekden, olaryň gün tertibine degişli bolan teklipleri taýýarlamakdan;

2) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlislerini we beýleki çärelerini guramaçylyk, maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmekden;

3) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynda garalmaly meseleleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmekden, taslamalary taýýarlamakdan ýa-da olary deslapdan gözden geçirmekden;

4) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlislerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda aýdylan, şeýle hem raýatlardan gelip gowşan teklipleri we bellikleri hasaba almakdan we umumylaşdyrmakdan;

5) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň resminamalaryny saklamagyň tertibini berjaý etmekden;

6) raýatlaryň ýüztutmalaryna garamakdan;

7) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň gündelik we gaýragoýulmasyz meselelerine garamakdan;

8) onuň berjaý etmegine degişli edilen beýleki meselelere garamakdan.

 

VI bap Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary

 

24-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary tarapyndan bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýola goýýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär.


25-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara gatnaşyklary

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda olaryň işlerine zerur bolan ýardamy berýär.


26-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.


VII bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatyny möhletinden öň ýatyrmak. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty we dolandyryş-çäk 

gurluşynyň üýtgemegi


27-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatyny möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan şu ýagdaýlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozan halatynda;

2) öz ygtyýarlyklaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik mahalynda;

3) dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öz-özüni ýatyrmak hakynda karar kabul edip biler.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty möhletinden öň ýatyrylan mahalynda onuň agzalarynyň ygtyýarlyklary hem möhletinden öň ýatyrylan diýlip hasap edilýär.


28-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty we dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi

 

1. Eger dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi netijesinde degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahaty agzalarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, degişli çäkde welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

2. Dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemeginiň käbir halatlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny saklamak hakynda karar kabul edip biler.

 

VIII bap. Jemleýji düzgünler


29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Şu Kanunyň 15-nji maddasynyň üçünji bölegi halk maslahatlarynyň nobatdaky saýlawlary geçirilenden soň güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Etrap, şäher halk maslahaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-88);

2) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Welaýat halk maslahaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-90);

3) 2007-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 27-nji madda);

4) 2007-nji ýylyň 3-nji iýulynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň III we V böleklerini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 54-nji madda);

5) 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň I we III böleklerini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 65-nji madda).

 

 

   Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

        Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

№ 231-IV.