Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli

başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V, 08.11.2014 ý. № 147-V, 18.08.2015 ý.

№ 276-V, 20.03.2017 ý. № 529-V, 04.11.2017 ý. № 636-V we 25.11.2017 ý. № 658-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun paýly gurluşyk babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär, fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär, paýçylaryň we gurujylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň kepilliklerini belleýär.

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) paýly gurluşyk – gurluşygyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin, gurujylar tarapyndan paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginde alnyp barylýan görnüşi;

2) gurujy – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özüne berlen ýer böleginde ýaşaýyş jaýyny we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýekti öz güýji we (ýa-da) üçünji bir şahslary çekmek bilen gurmak üçin paýçylaryň pul serişdelerini çekýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs;

3) paýçy – gurujy bilen ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň paýly gurluşygyna gatnaşmagyň şertnamasyny (mundan beýläk – paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy) baglaşan Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, on sekiz ýaşyny dolduran Türkmenistanyň raýaty, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs;

4) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy – paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, gurujynyň we paýçynyň arasynda baglaşylýan ylalaşyk;

5) ýaşaýyş jaýlary – paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna gurulýan, ýaşaýyş jaý toplumyna girýänbir öýli ýaşaýyş jaýlary hem-de iki we şondan köp öýli ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem bu ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş wesöwda maksatly obýektler;

6) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektler – paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna gurulýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly aýratyn duran obýektler;

7) ulanylmaga berilmegine rugsat – döwlet kabul ediş toparynyň ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň kabul edilmegi hakynda ykrarhat.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň paýly gurluşyk babatdaky kanunçylygy

 

Türkmenistanyň paýly gurluşyk babatdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda aýyrlan.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi paýçylar bilen gurujylaryň arasynda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýa-da paýly gurluşyk bilen baglanyşykly başga şertnamalaýyn borçnamalara esaslanýan gatnaşyklara degişlidir.

2-nji bölegi Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

4-nji madda. Paýly gurluşygyň obýektleri

 

Şular paýly gurluşygyň obýektleri bolup durýarlar:

1) öýler we bir öýli  ýaşaýyş jaýlar (mundan beýläk – öý);

2) köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýektler ýa-da olaryň aýratyn bölekleri;

3) aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektler ýa-da olaryň aýry-aýry bölekleri.

 

2-nji bap. Paýly gurluşyk babatda döwlet tarapyndan

düzgünleşdirmek we gözegçilik

 

5-nji madda. Paýly gurluşyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik

 

Paýly gurluşyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem gurluşuk babatda ygtyýarlyk berlen edara (mundan beýläk – ygtyýarlyk berlen edara) we çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy amala aşyrylýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) paýly gurluşyk babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) paýly gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edarany kesgitleýär;

3-nji bendi Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4) paýly gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) paýly gurluşyk babatda gözegçiligi amala aşyrýar;

6) paýly gurluşyk babatda başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Ygtyýarlyk berlen edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlyk berlen edara:

1) paýly gurluşyk babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde paýly gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3-nji, 5-nji, 6-njy, 61-nji, 62-nji bentleri Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalaryny hasaba almagy amala aşyrýar;

7) raýatlaryň we ýuridik şahslaryň şu Kanunyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüz tutmalaryna garaýar;

8) paýçylara we gurujylara paýly gurluşygyň meseleleri boýunça zerur bolan maslahat kömegini berýär;

9) paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyny işläp düzýär we tassyklaýar;

10) paýly gurluşyk babatda onuň ygtyýarlygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guruja ýer bölegini berýärler we ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygyna rugsat berýärler;

11) guruja paýly gurluşygyň obýektini ulanyşa bermegi üçin rugsat berýärler;

12-nji bendi Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

2) gurujylara Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak hakynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary iberýärler, gurujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek üçin zerur bolan çäreleri görýärler;

3) raýatlaryň we ýuridik şahslaryň şu Kanunyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüz tutmalaryna garaýarlar;

4) paýly gurluşyk babatda olaryň ygtyýarlyklaryna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

9-njy madda Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

10-njy madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda bildirilýän talaplar

 

1. Şu Kanunyň 14-nji maddasynda göz öňünde tutulan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda gurujy ygtyýarlyk berlen edara degişli arza bilen ýüz tutmalydyr we şu aşakdaky resminamalaryň göçürme nusgalaryny bermelidir:

1) ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleginiň berlendigi hakynda resminamanyň;

2) taslama beýannamasynyň;

3) gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen ygtyýarnamanyň. Eger ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy gurujy tarapyndan öz güýji bilen amala aşyrylmaýan bolsa, ol ygtyýarlyk berlen edara gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin şertnama baglaşan potratçy guramanyň şeýle işleri amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň göçürme nusgasynyň;

4) gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň;

5) Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar we beýleki hökmany tölegler boýunça bergisiniň ýokdugy hakynda salgyt edaralarynyň kepilnamasynyň.

Ygtyýarlyk berlen edara zerur bolan halatlarda berlen resminamalaryň deňeşdirilmegi üçin bu resminamalaryň asyl nusgalarynyň berilmegini talap etmäge haklydyr.

2. Ygtyýarlyk berlen edaranyň şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik resminamany talap etmäge haky ýokdur.

3. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň hasaba alynmagy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

3-nji bap. Paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin

esaslar we şertler

 

11-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy

 

1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyna laýyklykda ýazmaça görnüşde baglaşylýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar.

2. Paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bolup diňe Türkmenistanyň raýaty bolup durýan adam çykyş edip bilýär. Paýly gurluşygyň obýekti aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektleriň aýratyn bölegi, şeýle hem köp öýli ýaşaýyş jaýynda duran sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýekt ýa-da onuň aýratyn bölegi bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçylar bolup, diňe ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar çykyş edip bilýärler.

 

12-nji madda. Paýly gurluşyga gdtnaşmagyň şertnamasynyň baglaşylmagy

 

1. Raýatlaryň we ýuridik şahslaryň guruja beren ýazmaça ýüz tutmalary paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin esas bolup durýar.

2. Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin raýatlaryň we ýuridik şahslaryň ýazmaça ýüz tutmalaryny bellige almaga borçludyr.

3. Gurujy paýly gurluşygyň şertnamalaryny gelip gowşan ýazmaça ýüz tutmalaryň nobatlylygyny hasaba almak bilen baglaşýar.

4. Paýçy, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmazdan öň gurujydan tanyşmak üçin şu aşakdakylary talap etmäge haklydyr:

1) gurujynyň esaslandyryjy resminamalaryny;

2) gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamany;

3) salgyt edarasynda hasaba alnandygy hakynda şahadatnamany;

4-nji we 6-njy bentleri Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

5) oňa girizilen ähli üýtgetmeleri özünde jemleýän taslama resminamalaryny;

5. Eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmazdan öň paýçynyň tanyşmak üçin gurujydan onuň maliýe hojalyk işini amala aşyrmagynyň soňky ýyl üçin auditor netijenamasyny we gurujynyň gurulýan obýekti onuň gurluşygy alnyp barylýan döwründe we kepillikli ulanyş döwründe ätiýaçlandyrandygyny tassyklaýan resminamany talap etmäge hem hukugy bardyr.

 

13-nji madda. Şertnamanyň mazmunyna bildirilýän hökmany talaplar

 

1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda şular bolmalydyr:

1) paýly gurluşygyň obýekti ýerleşýän ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ýerleşýän ýeri we ady;

2) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmeginiň möhletleri;

3) paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy;

4) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;

5) paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň möçberi we töleniş möhletleri, şeýle hem paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy bozulan mahalynda paýçynyň pul serişdelerini yzyna gaýtarmagynyň şertleri we tertibi;

6) gurujyda (potratçyda) gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnamasynyň bardygy hakynda maglumatlar;

7) paýly gurluşygyň obýektiniň hiliniň kepilligi;

8) taraplaryň rekwizitleri.

2-nji bölegi Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

3. Aýry-aýry halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň mazmunyna başga talaplar hem bellenilip bilner.

 

14-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylmagy we bellige alynmagy

 

1. Gurujy paýçy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna ýa-da oňa goşmaça ylalaşyga gol çekilen gününden otuz senenama gününiň dowamynda ygtyýarlyk berlen edara olaryň şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýändiginiň barlanylmagy üçin agzalan şertnamanyň ýa-da goşmaça ylalaşygyň bäş nusgalygyny, şeýle hem taslama beýannamasyny berýär. Ygtyýarlyk berlen edara paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna ýa-da onuň goşmaça ylalaşygyna on iş gününiň dowamynda seredýär we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy agzalan talaplara gabat gelmedik halatynda ýa-da goşmaça ylalaşyk bilen paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň arasynda çaprazlyklar ýüze çykarylan halatynda, gabat gelmezlikleri we (ýa-da) çaprazlyklary aýyrmak üçin olary guruja gaýtarýar.

2. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde bildirilýän talaplara laýyk gelende ýa-da goşmaça ylalaşyk bilen paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň arasynda çaprazlyklar bolmadyk mahalynda şetrnamanyň ýa-da goşmaça ylalaşygyň her bir nusgalygynda ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan "Seredildi" diýlen belgisi bolan möhürçe goýulýar.

3. "Seredildi" belgili paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy, oňa goşulýan goşmaça ylalaşyk kepillendiriş taýdan tassyklanylmaga degişlidir.

4. Paýly gurluşugyň obýekti öý bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylany üçin dowlet pajy töletdirilmeýär. Paýly gurluşugyň obýekti şu Kanynyň 4-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen obýektler bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylany üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet pajy töletdirilýär.

5. Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy, oňa goşulýan goşmaça ylalaşyk kepillendiriş taýdan tassyklanylan gününden otuz senenama gününiň dowamynda agzalan şertnamanyň, oňa goşulýan ylalaşygyň her biriniň dört nusgalygyny hasaba alynmaklary üçin ygtyýarlyk berlen edara berýär.

6. Ygtyýarlyk berlen edara paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygy bellige almagy gurujy tarapyndan ol berlenden soň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygyň her bir nusgalygyna "Hasaba alyndy" belgili möhürçäniň goýulmagy arkaly on iş gününiň dowamynda amala aşyrýar we paýça hem-de guruja gol çekdirip, her haýsyna bir nusgadan tabşyrýar.

Eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnamanyň bellige alynmagy mugt amala aşyrylýar.

Paýly gurluşygyň obýekti şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen obýektler bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bellige alynmagy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan bellenilen tölege amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy

 

1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda olaryň aýratynlykda görkezilmegi bilen, paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasynyň we gurujynyň onuň gurluşygy boýunça hyzmatlarynyň bahasynyň jemi pul möçberi ýaly hasaplanylýar.

2. Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasy ylalaşylan hyrhlardan ugur alnyp kesgitlenilýär. Şonda paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasy gurluşyk meýdançasynyň çäklerinde geçirilen daşky ulgamlara birikdirmek boýunça çykdajylary hem öz içine alyp biler, maliýeleşdirilmegi ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hasabyna amala aşyrylýan daşky ulgamlaryň özleriniň gurluşygy, düýpli ýa-da gündelik abatlanylmagy boýunça çykdajylar muňa degişli däldir.

Gurujynyň hyzmatlarynyň bahasy şertnamanyň taraplarynyň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär.

3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şertnamanyň bahasy taraplaryň ylalaşmagy arkaly ol baglaşylandan soň hem üýtgedilip bilner.

4. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bilen gurujynyň arasyndaky islendik özara hasaplaşyklar diňe paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ygtyýarlyk berlen edarada hasaba alnandan soň amala aşyrylyp bilner.

5. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasynyň tölenilmegi paýçy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň ýanyna goşulýan töleg tertipnama laýyklykda ýörite bank hasabyna pul serişdeleriniň nagt ýa-da nagt däl görnüşde geçirilmegi arkaly birwagtlaýyn ýa-da tapgyrlaýyn geçirilýär.

6. Bank hyzmaty hakyndaky şertnama boýunça we gurujynyň ýazmaça arzasy esasynda ýörite bank hasaby her bir ýaşaýyş jaýy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde karz edarasynda açylýar.

7. Gurujynyň paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň hakyky bahasynyň maliýeleşdirilmegi karz edarasy tarapyndan paýçylaryň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleriniň hasabyna hakyky ýerine ýetirilen işleriň möçberlerini tassyklaýan resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýatyrylanda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga esaslar ýüze çykan halatynda paýçylaryň ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleri karz edarasy tarapyndan degişli resminamalaryň esasynda öz eýelerine gaýtarylyp berilýär.

Şu bölekde görkezilen resminamalaryň sanawy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär.

 

16-njy madda. Paýly gurluşyk amala aşyrylýan mahalyndaky çäklendirme

 

Gurujynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar (paçlar) we beýleki hökmany tölegler boýunça bergisi emele gelen halatynda, gurujy degişli bergisini üzýänçä täze paýçylaryň pul serişdelerini çekmäge haky ýokdur.

 

17-nji madda. Taslama beýannamasy

 

1. Taslama beýannamasy gurujy we gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlary özünde jemleýär.

Ikinji we dördünji bölekleri Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

3. Taslama beýannamasyna üýtgetmeler girizilen halatynda gurujy ol üýtgetmeler barada üç iş gününiň dowamynda paýçylara habar bermäge borçludyr.

5. Gurujy tarapyndan şu Kanunda bellenilen taslama beýannamasyna bildirilýän talaplar bozulan halatynda, paýçy geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

6. Taslama beýannamasynyň asyl nusgasynyň saklanylmagy gurujy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Gurujy hakynda maglumatlar

 

1. Gurujy hakynda maglumatlarda şular görkezilýär:

1) gurujynyň, onuň esaslandyryjylarynyň doly ady we ýerleşýän ýeri;

2) gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň berlen senesi we belgisi;

3) gurujyda tertip san belgisiniň, şu ygtyýarnamanyň berlen senesiniň we möhletiniň görkezilmegi bilen gurluşyk-gurnama işleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamasynyň barlygy;

4) gurujy tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy üçin karz (nesýe) serişdeleriniň çekilmegi baradaky maglumatlar;

2. Ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy gurujynyň öz güýji bilen alnyp barylmaýan bolsa, şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji, 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan maglumatlar ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygyny amala aşyrýan potratçy gurama babatda berilýär.

 

19-njy madda. Gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlar

 

Gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlarda şular görkezilýär:

1) gurluşygyň taslamasynyň maksady we onuň durmuşa geçirilmeginiň möhletleri;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guruja ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy üçin ýer böleginiň berilmegi barada kararynyň senesi we san belgisi;

3) gurulýan ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ýerleşýän ýeri;

4) paýçylaryň ýaşaýyş jaýyndaky we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektdäki umumy emläginiň düzümi;

5-nji bendi Türkmenistanyň 03.05.2014 ý. № 84-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

6) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň bahasy;

7) işe çekilen gurluşyk-gurnama we başga işleri amala aşyrýan guramalaryň sanawy.

 

20-nji madda. Paýly gurluşygyň obýektiniň gurujy tarapyndan paýça berilmeginiň möhletleri

 

1. Gurujy paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde paýça bermäge borçludyr, şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen halaty muňa degişli däldir.

2. Eger ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy şertnamada göz öňünde tutulan möhletde tamamlanyp bilinmejek halatynda, gurujy agzalan möhletiň geçmeginden azyndan iki aý öň paýça degişli maglumatlary we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny üýtgetmek hakynda teklibi ibermäge borçludyr.

Gurujy tarapyndan paýly gurluşygyň obýektiniň paýça berilmeginiň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletiniň üýtgedilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Gurujy tarapyndan paýça paýly gurluşygyň obýektiniň berilmegi ol ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegine rugsat alandan soň amala aşyrylýar.

4. Gurujy paýly gurluşygyň obýektiniň berilmeginiň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilen möhleti gelmezinden azyndan bir aý öň paýça ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň tamamlanýandygy hakynda habar bermäge hem-de paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda paýça paýly gurluşygyň obýektini kabul etmegiň zerurdygy hakynda duýdurmaga borçludyr.

5. Paýly gurluşygyň obýekti berilmäge taýýar bolan mahalynda paýçy bu obýekti bäş iş gününiň dowamynda kabul etmäge borçludyr.

6. Paýly gurluşygyň obýekti şu Kanunyň 21-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen talaplara laýyk gelmedik halatynda, paýçy gurujydan şol laýyk gelmezlikleriň görkezilmegi bilen ykrarhatynyň düzülmegini talap etmäge hem-de gurujy şu Kanunyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan öz borçlaryny ýerine ýetirýänçä kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekmekden boýun gaçyrmaga haklydyr.

7. Paýçy paýly gurluşygyň obýektini kabul etmekden boýun gaçyran ýa-da ýüz dönderen halatynda, ýa-da paýçynyň ýerleşýän ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatynda gurujy iki aý geçenden soň ygtyýarlyk berlen edara bilen bilelikde paýly gurluşygyň obýektiniň paýça berilmeginiň mümkin däldiginiň sebäplerini görkezmek bilen ykrarhatyny düzmäge haklydyr. Şunda paýly gurluşygyň obýektine tötänlikden zeper ýetmeginiň ýa-da tötänlikden ýok bolmagynyň töwekgelçiligi şeýle ykrarhat düzülen gününden başlap paýça geçen diýlip hasaplanylýar.

 

21-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan hiliň kepillikleri

 

1. Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerine, taslama-smeta resminamalarynyň talaplaryna we başga hökmany talaplara laýyk gelýän hili bolan paýly gurluşygyň obýektini paýça bermäge borçludyr.

2. Eger paýly gurluşygyň obýekti gurujy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerinden we (ýa-da) şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şeýle obýektiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiren hökmany talaplaryň ýoýulmagy bilen ýa-da ol paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan ulanylmagy üçin ýaramsyz edýän kemçilikler bilen gurlan bolsa, paýçy öz garamagyna görä gurujyny şulara borçly etmäge haklydyr:

1) kemçilikleri muzdsuz düzetmäge;

2) şertnamanyň bahasyny barabarlykda azaltmaga;

3) kemçilikleri aýyrmak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga.

3. Paýly gurluşygyň obýektiniň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň düzümine girýän tehnologik we inženerçilik enjamlaryny hem goşmak bilen paýly gurluşygyň obýekti üçin kepillik möhleti paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilýär we bir ýyldan az bolup bilmez. Kepillik möhleti paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekilen gününden başlap hasaplanylýar.

4. Paýçynyň paýly gurluşygyň obýektiniň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly, eger şeýle hili kepillik möhletiniň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, guruja talaplaryny bildirmäge haky bardyr.

5. Eger kemçilikler ulanylmagyna bildirilýän talaplaryň bozulmagy ýa-da paýçynyň özi tarapyndan geçirilen ýa-da onuň işe çeken üçünji şahslarynyň geçiren göwnejaý däl abatlamagy netijesinde bolup geçendigini subut etse, onda gurujy kepillik möhletiniň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň ýetmezçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

22-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça talabyň başga birine berilmegi

 

1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça talabyň başga birine berilmegi şertnama ygtyýarlyk berlen edarada hasaba alnan pursatyndan başlap taraplaryň paýly gurluşygyň obýektini kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çeken pursatyna çenli rugsat berilýär.

2. Talabyň başga birine berilmeginiň amala aşyrylmagy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna goşmaça ylalaşyk bilen resmileşdirilýär, onda özi boýunça paýçynyň geçirýän, täze paýçynyň bolsa edinýän paýly gurluşygyň obýektine talap bildirmek hukugynyň bahasy hakynda maglumatlar bolmalydyr.

3. Paýçynyň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça talabyň başga birine berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi

 

1. Paýçynyň borçnamalary pul serişdelerini doly möçberde geçiren we paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda alan pursatyndan ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

2. Gurujynyň borçnamalary ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegi üçin rugsat alandan soň kepillik möhletiniň geçmegi bilen ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

3. Paýly gurluşygyň obýektiniň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň bellenilen tertipde paýça berilmeginden öň tötänlikden zeper ýetmek ýa-da tötänlikden ýok bolmak töwekgelçiligini bellenilen tertipde gurujy çekýär. Taraplar paýly gurluşygyň obýektini kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekenden soň onuň tötänlikden zeper ýetmeginiň ýa-da tötänlikden ýok bolmagynyň töwekgelçiligi paýça geçýär.

 

24-nji madda. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň üýtgedilmegi we ýatyrylmagy

 

1. Eger paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda we (ýa-da) oňa goşulýan goşmaça ylalaşykda ony üýtgetmegiň halatlary we şertleri göz öňünde tutulan bolsa, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertleri gurujynyň we paýçynyň ylalaşygy boýunça ol baglaşylandan soň hem üýtgedilip bilner.

2. Paýçynyň talaby boýunça paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bozulyp bilner:

1) gurujy tarapyndan paýly gurluşygyň obýektiniň berilmegi boýunça borçnama paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilen şeýle obýektiň berilmeli möhletinden üç aý geçýän möhletde ýerine ýetirilmese;

2) gurujy tarapyndan şu Kanunyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan borçlar ýerine ýetirilmese;

3) paýly gurluşygyň obýektiniň hiline bildirilýän talaplar bozulsa;

4) paýly gurluşygyň obýektiniň düzümine girýän, gozgalmaýan emläge degişli gurulýan obýektiň taslama resminamalary, şeýle hem  paýly gurluşygyň obýektiniň möçberi üýtgedilse;

5) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň başga şertleri berjaý edilmese.

3. Gurujynyň talaby boýunça paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy şu halatlarda bozulyp bilner:

1) paýly gurluşygyň obýektiniň töleginiň hasabyna pul serişdelerini geçirmegiň möhleti on iki aýyň dowamynda iki gezekden köp bozulanda;

2) paýly gurluşygyň obýekti üçin tölegiň hasabyna pul serişdeleriniň geçirilmeginiň bellenen töleniş möhleti yzygiderli iki gezek geçirilende.

4. Taraplar paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny bozan halatynda gurujy bu şertnamanyň hasaba alynmagyny amala aşyran ygtyýarlyk berlen edara ýedi iş gününiň dowamynda şertnamanyň bozulandygy barada habar bermäge borçludyr.

 

25-nji madda. Paýly gurluşygyň obýektine bolan paýçynyň eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

 

1. Gurujy ýaşaýyş jaýy ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýekt ulanylmaga kabul edilenden soň bir aýyň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň gutarnykly hasaplamasyny bermäge borçludyr. Gurujy paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy doly tölenilenden soň üç iş gününiň dowamynda paýça paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugyny resmileşdirmegi üçin zerur bolan resminamalary bermäge borçludyr.

2. Paýçy tarapyndan paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugynyň resmileşdirilmegi üçin zerur bolan resminamalar berlen mahalynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň degişli ýerli edaralary tarapyndan paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugy döwlet tarapyndan bellige alynýar.

 

4-nji bap. Paýçynyň we gurujynyň hukuklary we borçlary

 

26-njy madda. Paýçynyň hukuklary we borçlary

 

1. Paýçynyň şulara hukugy bardyr:

1) taslama beýannamasy hakynda doly maglumat almaga;

2) gurluşyga barmaga we gurluşygyň gidişi bilen tanyşmaga;

3) gurujydan ýazmaça ýüz tutmak bilen ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň gidişi, ulanylmaga berilmeginiň möhletleri hakynda maglumatlary almaga;

4) gurujydan paýly gurluşygyň obýektine eýeçilik hukugyny resmileşdirmegi üçin zerur bolan resminamalary almaga;

5) ýaşaýyş jaýyna we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýekte hyzmat etmegiň kepillik möhletiniň bütin döwründe ýetmezçilikleriň aýrylmagyny talap etmäge;

6) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde gurujy tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp bilinmedik mahalynda ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryja özbaşdak ýüz tutmaga;

7) şu Kanunda bellenilen halatlarda gurujy bilen paýly gurluşyk hakynda şertnamany bozmaga.

2. Paýçy şulara borçludyr:

1) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda pul serişdelerini tölemäge;

2) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň kabul ediş-tabşyryş pursatyndan başlap bir aýdan gijä galman gurujydan degişli resminamalary almaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde eýeçilik hukugyny resmileşdirmäge;

3) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň saklanylmagyny we ulanylmagyny amala aşyrýan gurama bilen bir aý möhletde şertnama baglaşmaga.

 

27-nji madda. Gurujynyň hukuklary we borçlary

 

1. Gurujynyň şulara hukugy bardyr:

1) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň meýilnamalaşdyrylýan ýerindäki resmi metbugatda taslama beýannamasyny çap etmäge we paýçydan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň baglaşylmagy, şeýle hem ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan resminamalary almaga;

2) paýçydan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda pul serişdelerini almaga;

3) şu Kanunda bellenilen halatlarda paýçy bilen paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny bozmaga;

4) paýçy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyran halatynda bellenilen tertipde paýçyny başga şahs bilen çalyşmaga ýa-da paýly gurluşygyň obýektini satmaga.

2. Gurujy şulara borçludyr:

1) gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilmegine tehniki gözegçiligiň geçirilmegini üpjün etmäge;

2) ygtyýarlyk berlen edara taslama beýannamasyny bermäge;

3) paýçylar tarapyndan geçirilen pul serişdelerini diňe maksatlaýyn wezipesi boýunça peýdalanmaga;

4) hususy, şeýle hem çekilen serişdeleri peýdalanmak bilen, ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň umumy maliýeleşdirilmegini amala aşyrmaga;

5) paýçy ýüz tutan mahalynda gurluşygyň barşy, gurluşygyň möhletine täsir edýän ýagdaýlar barada habar bermäge, şeýle hem oňa paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan başga maglumatlary habar bermäge;

6) ýaşaýyş jaýynda we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektde (paýly gurluşygyň obýektinde) oturdylan enjamlaryň onuň paýça geçirilýänçä abatlygyny üpjün etmäge;

7) paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde ulanyşa tabşyrmaga;

8) paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekmäge we ony bellenilen tertipde paýça bermäge.";

Üçünji bölegi Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda aýyrlan.

 

5-nji bap. Jemleýji düzgünler

 

28-nji madda. Taraplaryň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça jogapkärçiligi

 

1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy bozulan halatynda, gurujy ol bozulandan soň ýigrimi iş gününiň dowamynda paýça obýektiň bahasynyň hasabyna tölän pul serişdelerini gaýtaryp bermäge, pul serişdeleri öz wagtynda gaýtarylmadyk halatynda bolsa, Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda kesgitlenilen möçberde puşmana tölegini tölemäge borçludyr.

2. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilen pul serişdelerini geçirmegiň möhleti bozulan halatynda paýçy guruja Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda kesgitlenilen möçberde puşmana tölegini töleýär.

3. Şu Kanunda göz öňünde tutulan talaplar bozulan halatynda gurujynyň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

29-njy madda. Jedelleriň çözülişi

 

Paýçy bilen gurujynyň arasynda paýly gurluşyk babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

291-njy madda.Geçiş düzgünleri

 

1. Şu Kanuna laýyklykda Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasy tassyklanylmazdan öň baglaşylan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalary ýa-da paýly gurluşyk bilen baglanyşykly başga şertnamalar, olara goşulýan goşmaça ylalaşyklar ygtyýarlyk berlen edarada hasaba alynmaga degişlidirler. Şonda olaryň bellige alynmagy şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde we 14-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen talaplar bildirilmezden amala aşyrylýar.

2. Şu Kanun güýje girmezinden öň baglaşylan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalaryna ýa-da paýly gurluşyk bilen baglanyşykly başga şertnamalara laýyklykda gurlan paýly gurluşygyň obýektlerine bolan eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berilmegi, olar ygtyýarlyk berlen edarada bellige alnandan soň amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2012-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň kanunçylygyna şu Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Mejlisine bermeli.

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 31-nji marty.

№ 289-IV.