Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1995 ý., № 4, 54- madda)

 

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" Rezolýusiýasynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we goldalan, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň syýasy" ykdysady we gumanitar esaslaryny kesgitleýär.  

 

1-nji madda. Türkmenistan özygtyýarly döwletiň mizemez hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özüniň hemişelik bitaraplygy hakynda meýletin yglan edýär we ony goldar hem yzygiderli durmuşa geçirer.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, regionyň we ähli dünýäniň döwletleri bilen onuň dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.

 

2-nji madda. Türkmenistan tarapyndan hemişelik bitaraplyk statusynyň kabul edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawyndan gelip çykýan Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegine täsir etmeýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna ýetmegi üçin hemmetaraplaýyn ýardam eder.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň kararlarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

 

3-nji madda. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, başga döwletler bilen gatnaşyklaryny deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.

 

4-nji madda. Türkmenistan harby bileleşiklere we soýuzlara, berk borçnamalary bilen ýa-da gatnaşyjylaryň kollektiwleýin jogapkärçiligini göz önünde tutýan döwletara birleşiklerine gatnaşmaýar. Türkmenistanyň daşary syýasat işi beýleki döwletleriň bähbitlerini çäklendirmeýär, zeper ýetirmeýär we olaryň howpsuzlygyna wehim salmaýar.

 

5-nji madda. Türkmenistan urşa we harby dawalara başlamazlygy, olara gatnaşmazlygy /özüni goramaga bolan hukugyny amala aşyrmak muňa girmeýär/, urşa ýa-da harby dawa getirip biljek syýasy, diplomatik ýa-da başga hereketleri amala aşyrmazlygy borç edinýär.

Türkmenistanyň garşysyna harby agressiýa amala aşyrylan halatynda, ol beýleki döwletlere ýa-da Birleşen Milletler Guramasyna kömek sorap ýüz tutmaga haklydyr.

 

6-njy madda. Türkmenistan ýadro, himiki we bakteriologiýa ýaraglaryny we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň gaýry görnüşlerini edinmez¸ öndürmez we ýaýratmaz, öz territoriýasynda daşary ýurt döwletleriniň harby bazalaryny ýerleşdirmez.

 

7-nji madda. Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deň hukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak esasynda, şeýle hyzmatdaşlyga ýurtlaryň we regionlaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär.

 

8-nji madda. Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady problemalary çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär.

Syýasy maksatlary gazanmagyň serişdesi hökmünde Türkmenistan döwletleriň biriniň beýlekilere zor salmagyny makul däl diýip hasap edýär we olar tarapyndan yglan edilýän ykdysady gabawlara gatnaşmaýar.

 

9-njy madda. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk normalarynda bellenilen adamyň we graždanyň esasy demokratik hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar edýär we hormatlaýar, olaryň netijeli amala aşyrylmagynyň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepilliklerini döredýär.

Türkmenistanda ähli milletleriň we halkyýetleriň deňhukuklylygy, dinleriň we dine ynanmalaryň azatlygy üpjün edilýär.

 

10-njy madda. Türkmenistan beýleki döwletler bilen olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda öz gatnaşyklaryny guraýar hem gumanitar gatnaşyklara halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasyndaky ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyna, medeniýetleriň özara ornaşmak we özara baýlaşmak proseslerine ýardam edýär.

 

11-nji madda. Türkmenistan bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we mejbury göçürip ýerleşdirilenleriň hukuklaryny üpjün edýän esasy halkara hukuk aktlaryna goşulýar, uruşlardan, dawalardan, tebigy betbagtçylyklardan, heläkçiliklerden, epidemiýalardan hem-de olaryň netijelerinden ejir çeken ýurtlara kömek bermek boýunça döwletleriň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan bütindünýä we regional gumanitar guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

 

12-nji madda. Türkmenistan öz içeri we daşary syýasy ugrunyň hemişelik bitaraplyk statusyna hem-de şunuň bilen baglanyşykly öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz we takyk laýyk gelmegini kepillendirýär.

 

             Türkmenistanyň            Saparmyrat

              Prezidenti                       Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 27-nji dekabry

№ 99-1