Awtomobil ulagy hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Awtomobil ulagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 6-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun awtomobil ulagynyň işlemeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

 

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) awtomobil ulag serişdesi (mundan beýläk – awtoulag serişdesi)– hereketlendiriji bilen herekete getirilýän we ýolagçylary, ýükleri ýa-da ýörite enjamy daşamak, şeýle hem işiň başga görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen ulag serişdesi (ulag serişdeleriniň biri ýa-da birnäçe birliklerden durýan düzümi);

2) awtomobil ulagynda daşaýjy (mundan beýläk – awtoulagda daşaýjy) –Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda ýolagçylary, ýükleri awtoulagda daşamagy (mundan beýläk – awtoulagda daşamak) ýerine ýetirýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

3) awtomobil ulagy –ulagyň, onda ýolagçylaryň, ýükleriň daşalmagy awtoulag serişdeleriniň we awtomobil ulag kommunikasiýalarynyň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän görnişi;

4) awtoulagda daşamagyň buýrujysy –ýolagçylaryň, ýükleriň awtoulagda daşalmagy, şeýle hem işleriň başga görnüşleri üçin buýurmany amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

5) awtomobil ulag kommunikasiýalary –ýolagçylaryň, ýükleriň awtoulag serişdeleri bilen daşalmagy ýerine ýetirilende peýdalanylýan, şeýle hem awtoulag serişdeleriniň saklanylmagy we hyzmat edilmegi üçin niýetlenilen awtomobil ýollary, terminallar we başga desgalar;

6) el goşy –ýolagçynyň,alamatlary, möçberleri we agramy boýunça ýolagçy awtoulag serişdesiniň içinde daşalmagy gadagan edilmedik hem-de ýolagçynyň jogapkärçiligi astynda daşalýan zatlary we başga emlägi;

7) goş –ýolagçynyň,alamatlary, möçberleri we agramy boýunça ýolagçy awtoulag serişdesiniň goş bölüminde daşalmagy gadagan edilmedik hem-de awtoulagda daşaýjy tarapyndan onuň jogapkärçiliginde daşalmaga alnan zatlary we başga emlägi;

8) ýolagçy – petek (mundan beýläk – ýol resminamasy) esasynda ýa-da başga kanuny esaslarda ýolagçy awtoulag serişdesinde gatnaýan fiziki şahs;

9) ýük – daşaýjy tarapyndan niýetlenilen nokadyna awtoulagda eltmek üçin kabul edilen maddy gymmatlyklar ýa-da haryt häsiýeti bolmadyk materiallar;

10) ýük ugradyjy –özadyndan ýüküň ugradylmagy resmileşdirilýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

11) ýük alyjy –awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasy esasynda ýa-da başga kanuny esaslarda ýük almaga ygtyýarlyk berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

 

2-nji madda. Türkmenistanyň awtomobil ulagy hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň awtomobil ulagy hakynda kanunçylygyTürkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanunyň hereketifiziki we ýuridik şahslaryň arasynda awtomobil ulagynyň peýdalanylmagy boýunça ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Awtomobil ulagynyň işlemeginiň esasy ýörelgeleri

 

Şular awtomobil ulagynyň işlemeginiň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) adamyň howpsuzlygy, janynyň we saglygynyň goralmagy, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagy;

2) awtomobil ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň deňligi;

3) awtomobil ulagy çygryndaky işleriň we hyzmatlaryň saýlanylyp alnyş erkinligi.

 

4-nji madda. Awtomobil ulagy çygryndaky hyzmatlar üçin bellenilen nyrhlar

 

1. Ýolagçylaryňşäher ugurlarynyňwagty bellenilenýolagçy gatnawy düzgüninde gatnadylmagynyňhyzmatlarynyň nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän kärhanalar, guramalar we edaralar üçin ýükleri awtoulagda daşamak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilmedik hyzmatlaryň nyrhlary şertnama esasynda bellenilýär.

 

5-nji madda. Awtomobil ulagy çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi

 

Awtomobil ulagy çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Awtoulag serişdeleriniň bellige alynmagy we toparlara bölünmegi. Awtoulagda daşamagyň toparlara bölünmegi

 

1. Awtoulag serişdeleri döwlet tarapyndan bellige alynmaga we toparlarabölünmäge degişlidir.

Awtoulag serişdeleri şu aşakdaky görnüşler boýunça toparlara bölünýär:

1) ýolagçy awtoulag serişdeleri–awtobuslar, mikroawtobuslar, ýeňilawtomobiller,ýolagçyawtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;

2) ýük awtoulag serişdeleri –ýük awtomobilleri, tirkeg çekiji awtomobiller, ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;

3) ýörite awtoulag serişdeleri – esasan ulaga degişli bolmadyk dürli ýörite işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen awtomobiller, tirkegler we ýarym tirkegler;

4) аwtoulag serişdeleriniň başga görnüşleri.

Awtoulag serişdeleriniň bellige alynmagy we toparlara bölünmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Awtoulagda daşamak aşakdaky toparlara bölünýär:

1) görnüşi boýunça– içerki we halkara gatnawlar;

2) wezipesi boýunça– ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak;

3) hereketiň düzgüni boýunça–wagty bellenilen we wagty bellenilmedik.

Awtoulagda daşamagyňtoparlara bölünmegi Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerine, Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerinelaýyklykda amala aşyrylýar.

3. Awtoulagda içerki gatnawlar– Türkmenistanyň çäginiň içinde ýerine ýetirilýän gatnawlar.

4. Awtoulagda halkara gatnawlar– Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýerine ýetirilýän gatnawlar.

5. Ýolagçylaryň awtoulagda gatnadylmagy– ýolagçylaryň ýolagçy awtoulag serişdelerinde ýerine ýetirilýän gatnamalary.

6. Ýükleriň awtoulagda daşalmagy– ýükleriň ýük awtoulag serişdelerinde ýerine ýetirilýän daşalmalary.

7. Wagty bellenilen awtoulag gatnawy– bellenilen nyrhlary, işiniň başlanýan we tamamlanýan wagty, ýolagçylaryň münýän we düşýän ýerleri bolan, kesgitlenilen ugur, tertip, hereket ýygjamlygy boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlar.

8. Wagty bellenilmedik awtoulag gatnawy– buýurma boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlar.

 

7-nji madda. Awtomobil ulagynyň mobilizasiýa taýýarlygy

 

1. Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary awtomobil ulagynyň hemişelik mobilizasiýa taýýarlygyny amala aşyrmaga we saklamaga borçludyrlar.

2. Awtomobil ulagynyň mobilizasiýa taýýarlygyTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Awtoulagda daşaýjylaryň adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmäge çekilmegi

 

1. Tebigy ýa-da tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda awtoulagda daşaýjylar adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmegiň dolandyrylmagyny amala aşyrýan döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň  kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, şeýle hem bu maksatlar üçin öz ygtyýarlygynda bar bolan maddy we beýleki serişdelerini ulanmaga borçludyrlar.

2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmäge, heläkçilikden halas ediş işleriniň ýerine ýetirilmegine çekilýän awtoulagda daşaýjylaryň çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

3. Awtoulagda daşaýjylaryň adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmäge çekilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

9-njy madda. Awtomobil ulagy çygrynda ygtyýarlylandyrmak

 

Awtomobil ulagy çygrynda ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

 

2-nji BAP.AWTOMOBIL ULAGY ÇYGRYNDA DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE DOLANDYRMAK

 

10-njy madda. Awtomobil ulagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) awtomobil ulagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiwe dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

2. Awtomobil ulagy çygrynda döwlet tarapyndan dolandyrmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, beýleki döwletedaralarytarapyndan amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) awtomobil ulagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň awtomobil ulagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) şulary tassyklaýar:

a) Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini;

b) Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini;

ç) Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakynda düzgünnamany;

d) Fiziki we ýuridik şahslara degişli awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlanylmagy hakynda düzgünnamany;

e) Daşaýjylaryň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegi hakynda düzgünnamany;

ä) Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çägine girýän awtoulag serişdeleriniň eýelerinden ýygymlaryň tutulyp alynmagynyň tertibini;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ýgtyýarly edara:

1) awtomobil ulagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) awtomobil ulagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) awtomobil ulagyny ösdürmegiň we onuň işlemeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri boýunça ylmy barlaglary guraýar;

4) ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýyny seljerýär we awtomobil ulagyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitleýär;

5) awtomobil ulagy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary berýär;

6) şulary işläp düzýär:

a) Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini;

b) Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini;

ç) Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakynda düzgünnamany;

d) Fiziki we ýuridik şahslara degişli awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlanylmagy hakynda düzgünnamany;

e) Daşaýjylaryň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegi hakynda düzgünnamany;

ä) Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çägine girýän awtoulag serişdeleriniň eýelerinden ýygymlaryň tutulyp alynmagynyň tertibini;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda awtoulagda daşamagyň aýry-aýry görnüşleri üçin nyrhlary belleýär;

8) awtoulagda daşamagyň ýerine ýetirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek  boýunça çäreleri görýär;

9) wagty bellenilen gatnawda awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň şäherara we halkara ugurlaryny açmak üçin rugsatnamalary berýär;

10) awtomobil ulagynyň ulanylmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

11) awtomobil ulagy çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar hem-de halkara we döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

13-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) awtomobil ulagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

2) wagty bellenilen awtoulag gatnawynda ýolagçy gatnatmagyň şäher we şäherýaka ugurlaryny açmak üçin rugsatnamalary berýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;

3) ilatyň wagty bellenilen awtoulag gatnawynda ýolagçy gatnatmagyň awtobus ugurlarynyň ýerine ýetirilişiniň tertibi we şertleri hakynda maglumatlar bilen öz wagtynda üpjün edilmegini guraýarlar;

4) wagty bellenilen awtoulag gatnawy düzgünindäki umumy peýdalanylýan şäher ýolagçy awtoulagynyň ugurlar ulgamyny kämilleşdirmegi amala aşyrýarlar;

5) awtoulagda daşaýjylar bilen bilelikde ýol resminamalarynyňsatylmagyny weolaryň ýolagçylarda bardygyny barlamagy guraýarlar;

6) awtobuslar üçin duralga meýdançalarynyň, ýol dispetçerçilik nokatlarynyň we awtobeketleriň gurluşygyny we olaryň ulanylmagyny, şeýle hem gatnaw ugurlary boýunça köçeleriň we awtomobil ýollarynyň saklanylmagyny üpjün edýärler;

7)awtoulagda daşaýjylar bilen ýolagçylaryň awtoulagda gatnadylmagyny guramak hakynda şertnamalary baglaşýarlar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

3-nji BAP. ÝOLAGÇYLARYŇ AWTOULAGDA

GATNADYLMAGY

 

14-nji madda. Ýolagçylaryň gatnadylmagy boýunça hyzmatlar

 

1. Ýolagçylaryň hyzmatlaryň görnüşleri boýunça awtoulagda gatnadylmagy ýolagçylaryň awtobuslarda, ugur boýunça ýöreýän taksilerde we ýeňil taksilerde gatnadylmagyna bölünýär.

2. Ýolagçylaryňumumy peýdalanylýan awtobuslarda we ugur boýunça ýöreýän taksilerde gatnadylmagybellenilen ugur boýunça amala aşyrylýar.

3. Raýatlara awtobus ugurlary boýunça hyzmatlar ýolagçylaryň ulaga münýän we ondan düşýän öňünden kesgitlenilen duralgalarynda ýerine ýetirilýär.

4. Ýolagçylary ýeňil taksilerde gatnatmak boýunça hyzmatlar raýatlara taksi duralgalarynda, taksiniň gidip barýan ýolunyň ugrunda, şeýle hem buýurma boýunça nobatadurmak tertibinde ýerine ýetirilýär.

5. Ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlar Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

15-nji madda. Awtobus ugurlarynyň toparlara bölünişi

 

1. Awtobus ugurlary ýolagçy gatnatmagyňwagty bellenilen düzgüninde we buýurma boýunça amala aşyrylýar.

2. Ýolagçy gatnatmagyňwagty bellenilen awtoulag gatnawy düzgüninde amala aşyrylýan awtobus ugurlary şäher, şäherýaka, şäherara we halkara ugurlaryna bölünýär.

3. Şäheriň çäginde ýerine ýetirilýän ugurlar şäher ugurlary bolup durýar.

4. Şäherden ýetmiş kilometriň çäklerinde ýerleşýän ilatly ýere çenli ýerine ýetirilýän ugurlar şäherýaka ugurlary bolup durýar.

5. Ýetmiş kilometrden uzak dowamlylygy bolan ugurlar şäherara ugurlary bolup durýar.

6. Türkmenistanyň Döwlet serhedini kesip geçmek bilen ýerine ýetirilýän ugurlar halkara ugurlary bolup durýar.

 

16-njy madda. Awtobus ugurlarynyň açylmagy, üýtgedilmegi,ýapylmagy

 

1. Awtobus ugurlarynyň açylmagyna, üýtgedilmegine we ýapylmagyna şular rugsat berýärler:

1) şäher we şäherýaka ugurlary üçin -ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary;

2) şäherara we halkara ugurlary üçin - ygtyýarly edara.

2. Awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

17-nji madda. Awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň şertnamasy

 

1. Awtoulagda daşaýjy awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň  şertnamasy boýunça ýolagçyny degişli tölegi üçin barmaly ýerine çenli eltmäge, ýolagçy goşuny tabşyran halatynda bolsa – ony hem degişli duralga eltmäge we ýolagça goşuny bermäge borçlanýar.

2. Ýolagçy awtoulagda daşamagyň şertnamasynda bellenilen nyrh boýunça gatnatmagyň bahasyny, onuň ýanynda daşaýjy tarapyndan bellenilen ölçegden geçýän goşy bolan mahalynda bolsa, ölçegden ýokary geçýän goşuň äkidilmeginiň bahasyny hem tölemäge borçlanýar.

3. Awtobus ugurlary bilen awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň  şertnamasy ýol resminamasy bilen, ölçegden ýokary geçýän goş äkidilen halatynda bolsa, goş töleg haty bilen tassyk edilýär. Taraplar - awtoulagda daşaýjy bilenawtoulagda daşamagyň buýrujysytarapyndan, ýolagçynyň her birine ýol resminamasy satylmazdan, resmileşdirilen resminama hem awtoulagda daşamagyň şertnamasy bolup durýar.

4. Awtobusda buýurma boýunça ýerine ýetirilýän awtoulagda ýolagçylary gatnatmagyňşertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Şertnamanyň görnüşi awtoulagda daşaýjy tarapyndan bellenilýär.

5. Ugur boýunça ýöreýän taksilerde we ýeňil taksilerde ýolagçylary gatnatmagyň şertnamasy dilden baglaşylýar. Ýeňil taksiniň sürüjisi ýolagçy bilen hasaplaşanda ýolagçynyň talaby boýunça töleg kagyzçasyny bermäge borçludyr.

 

18-nji madda. Ýol resminamalarynyň nusgalary

 

Awtoulagda daşaýjylar üçin ýol resminamalarynyň nusgalary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

19-njy madda. Ýolagçynyň esasy hukuklary we borçlary

 

1.Ýolagçynyň şulara hukugy bardyr:

1) awtoulagda daşaýjydan, sürüjiden, umumy peýdalanylýan awtobus ugurlarynyň duralgalarynda, awtobeketlerde we awtomenzillerde umumy peýdalanylýan ýolagçyawtomobil ulagynyň hyzmatlary barada maglumat almaga;

2) ýolagçy gatnawlary üçin açylan islendik ugra ýol resminamasyny satyn almaga, onda görkezilen orny eýelemäge;

3) şulary öz ýany bilen tölegsiz äkitmäge:

a) wagty bellenilen awtoulag gatnawyşäher we şäherýaka ugurlarynyň awtobuslarynda - ýedi ýaşyna çenli çagalary;

b) şäherara ugurlarynyň awtobuslarynda - bäş ýaşyna çenli bir çagany, aýratyn orun berilmezden;

4) bellenilen kadalaryň çäklerinde el goşuny we goşy öz ýany bilen tölegsiz äkitmäge;

5) awtoulagda gatnaw başlanmazyndan öň ýol resminamasyny yzyna tabşyrmaga we Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerinde bellenilen tertipde tölenilen pulmöçberini yzyna almaga. Ýitirilen we zaýalanan ýol resminamalary dikeldilmeýär we olar üçin tölenilen pullar gaýtarylmaýar.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna umumy peýdalanylýan ýolagçy awtoulagyndan peýdalanylan mahalynda ýeňilliklere hukuk berilýär.

3. Ýolagçy şulara borçludyr:

1) Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini berjaý etmäge, şeýle hem  awtoulagda daşaýjy bilen baglaşylan şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmäge;

2) awtoulagda daşaýja we başga adamlara öz günäsi bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmaga;

3) ýol resminamasynysatyn almaga ýa-da ulaga münüp barýan wagtynda ýanynda ulagda gitmäge hukuk berýän degişli resminamasynyň bolmagyna;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda goş äkidilmeginiň hakyny tölemäge.

 

20-nji madda. Awtoulagda ýolagçylary gatnatmagyň buýrujysynyň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Awtoulagda ýolagçylary gatnatmagyň buýrujysynyň ýolagçylaryň saglygyna ýetirilen zyýan (zelel) üçin, ýüke zeper ýetirileni ýa-da zaýalanany üçin, ýa-da ýolagçylaryň, olaryň goşlarynyň barmaly nokadyna ýa-da degişli duralga (ýere) öz wagtynda eltilmändigi zerarly öweztölegini almaga hukugy bardyr.

2. Awtoulagda ýolagçylary gatnatmagyň buýrujysy şulary üpjün etmäge borçludyr:

1) ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamak üçin resminamalary öz wagtynda we doly resmileşdirmäge;

2) bellenilen tertipde ýolagçylary ätiýaçlandyrmaga.

 

21-nji madda. Awtoulagda daşaýjylaryň awtoulagda ýolagçylary gatnatmagy ýerine ýetirende esasy hukuklary we borçlary

 

1. Awtoulagda daşaýjylaryň ýolagçylary awtoulagda gatnatmagy ýerine ýetirende şulara hukuklary bardyr:

1) ýolagçydan awtoulagda daşamagyň şertnamasynyň şertlerini, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini berjaý etmegini talap etmäge;

2) özüne ýolagçynyň günäsi bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öweziniň dolunmagyny talap etmäge;

3) şu Kanunyň 22-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda ýolagçylary awtoulagda gatnatmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaga.

2. Awtoulagda daşaýjy-ýuridik şahs ýolagçylary awtoulagda gatnatmagy ýerine ýetiren mahalynda şulara borçludyr:

1) ýolagçylary awtoulagda gatnatmagy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerine  laýyklykda ýerine ýetirmäge;

2) ýolagçylaryň ulaga mündirilmegi we ugradylmagy üçin awtoulag serişdeleriniň öz wagtynda berilmegini amala aşyrmaga;

3) awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň ýola (reýse) ugramazdan öň we ondan gelenden soň lukmançylyk gözegçiliginden geçmegini üpjün etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sürüjiniň (ekipažyň) we ýolagçylaryň ätiýaçlandyrylmagyny amala aşyrmaga;

5) awtoulagda gatnatmagyň we onuň ýerine ýetirilmeginiň şertleri hakynda ýolagçylara zerur bolan maglumatlary bermäge;

6) awtoulagda gatnatmagy ýerine ýetirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ekologiýa we sanitariýa-gigiýena kadalaryny berjaý etmäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýolagçy awtoulag serişdesini kassa enjamy bilen enjamlaşdyrmaga;

8) ýolagçylara, awtoulagda gatnatmak boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmändigi üçin ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öwezini dolmaga;

9) tehniki ýa-da başga sebäpler boýunça awtoulagda gatnatmagyň arasy üzülen halatlarynda ýolagçylardan goşmaça töleg alynmazdan, ýolagçynyň barmaly nokadyna ýa-da degişli duralga (ýere) eltilmegini üpjün etmäge.

3. Ýolagçylary awtoulagda gatnatmagy ýerine ýetirýän  awtoulagda daşaýjy-fiziki şahs şulara borçludyr:

1) ýolagçylary awtoulagda gatnatmagy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerine  laýyklykda ýerine ýetirmäge;

2) awtoulag serişdesini göwnejaý tehniki we sanitariýa ýagdaýynda saklamaga;

3) saglygy goraýyş çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge;

4) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde awtoulag serişdesini her ýylky tehniki gözegçilikden geçirmäge.

 

22-nji madda. Awtoulagda gatnadyjynyň ýolagçyny awtoulagda gatnatmakdan ýüz öwürmegi

 

Şu ýagdaýlarda awtoulagda gatnadyjynyň ýolagçyny awtoulagda gatnatmakdan ýüz öwürmäge hukugy bardyr, eger:

1) awtoulagşerişdesiniň içinde boş orunlarýok bolsa;

2) ýolagçy kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini bozsa we (ýa-da) onuň daşky sypaty, özüni alyp barşy jemgyýetçilik ahlagyny kemsidýän bolsa;

3) ýolagçy güýçli derejede alkogol, neşe ýa-da kelläni sämediji serhoşlygynda bolsa;

4) ýolagçy el goşy ýa-da goşy hökmünde awtoulagda daşalmagy Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerinde gadagan edilen zatlary ýa-da maddalary äkitmekçi bolsa;

5) ýolagçyda bar bolan ýol resminamasynyň awtoulagda ýerine ýetirilýän gatnawa laýyk gelmeýändigi bellenilen bolsa;

6) ýolagçy şu Kanunyň 19-njy maddasynyň 1-nji, 3-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmeýän bolsa;

7) Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerinde ýol töleginiň awtoulagda gatnatmagyň barşynda tölenilmegi göz öňünde tutulýan halatynda, ýolagçy ýol tölegini tölemese ýa-da doly tölemese;

8) ýolagçy sürüjiniň, konduktoryň ýa-da gözegçilik edijiniň Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça kanuny talaplaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürse.

 

4-nji BAP. ÝÜKLERIŇ AWTOULAGDA DAŞALMAGY

 

23-nji madda. Awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasy

 

1. Awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasy Ýükleri awtoulagda  daşamagyň düzgünlerine laýyklykda baglaşylýar.

2. Awtoulagda daşaýjy ýük ugradyjy tarapyndan awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasy boýunça özüne ynanylan ýüki niýetlenilen ýerine eltmäge we ony ýüki alyja ýa-da ýüki almaga ygtyýarlyk berlen adama bermäge borçlanýar, ýük ugradyjy bolsa, eger awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýüküň daşalany üçin bellenilen tölegi tölemäge borçlanýar.

3. Awtoulagda ýük daşamagyň şertnamasynyň baglaşylmagy haryt-ulag delilhatynyň düzülmegi bilen tassyk edilýär.

 

24-nji madda. Haryt-ulag delilhaty

 

Haryt-ulag delilhatyÝükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerine laýyklykda bellenilen görnüş boýunça düzülýär.

 

25-nji madda. Awtoulagda ýük daşamagyň buýrujysynyň esasy hukuklary weborçlary

 

1. Awtoulagda ýük daşamagyň buýrujysynyň ýüke zeper ýeteni ýa-da zaýalanany, onuň bölekleýin ýa-da dolulygyna ýitirileni ýa-da öz wagtynda eltilmändigi üçin öwezini doluş tölegini almaga hukugy bardyr.

2. Awtoulagda ýük daşamagyň buýrujysy şu aşakdakylara borçludyr:

1) awtoulagda ýük daşamak üçin resminamalary öz wagtynda we doly resmileşdirmäge;

2) ýük işlerinde we ýükler daşalanda - howpsuzlyk tehnikasy we hereketiň howpsuzlygy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

3) ýük işlerini, ýüküň berkidilmegini, ýapylmagyny, daňylmagyny we plombalanylmagyny, daňylarynyň, örtmeleriniň aýrylmagyny we ýük awtoulag serişdesini ýüküň galyndylaryndan arassalamagy amala aşyrmaga.

 

26-njy madda. Awtoulagda ýük daşaýjylaryň awtoulagda ýük daşalýan mahalyndaky esasy hukuklary we borçlary

 

1. Awtoulagda ýük daşalýan mahalynda awtoulagda ýük daşaýjylaryň şulara hukugy bardyr:

1) şu ýagdaýlarda ýüki awtoulagda daşamaga almazlyga:

a) ýük ugradyjy tarapyndan ýük ýa-da onuň ýanyndaky resminamalar taýýarlanylmadyk bolsa;

b) resminamalaryň maglumatlaryna olar bilen öňünden ylalaşylmazdan, üýtgetmeler girizilen bolsa;

2) eger ýük ugradyjy awtoulagda ýük daşamak barada şertnamada görkezilmedik ýüki daşamaga berse ýa-da ýüküň gaby bellenilen talaplara laýyk gelmeýän bolsa, awtoulagda ýüki daşamakdan ýüz öwürmäge;

3) eger ýükleme-düşürme işleri geçirilýän wagtynda ýa-da awtoulagda ýük daşalýan mahalynda ýük ugradyjynyň günäsi bilen ýük awtomobil ulagyna zeper ýeten bolsa, ýük ugradyjydan öweziniň tölegini almaga.

2. Awtoulagda ýük daşaýan mahalynda awtoulagda ýük daşaýjy-ýuridik şahs şulara borçludyr:

1) Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda awtoulagda ýük daşamagy ýerine ýetirmäge;

2) awtoulag serişdeleriniň ýükleriň ýüklenilmegi we ugradylmagy üçin öz wagtynda berilmegini amala aşyrmaga;

3) ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň ýola (reýse) ugramazdan öň we ondan gelenden soň lukmançylyk gözegçiliginden geçmegini üpjün etmäge;

4) awtoulagda ýük daşamak barada şertnama baglaşylanda öz işgärleri üçin zähmetiň we dynç alşyň bellenilen şertlerini göz öňünde tutmaga;

5) awtoulagda ýük daşamak barada şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegini berjaý etmäge;

6) awtoulagda daşalmaga kabul edilen ýüküň abatlygyny üpjün etmäge we barmaly nokadynda ony ýük alyja tabşyrmaga;

7) ýüke zeper ýetirileni ýa-da zaýalanany, bölekleýin ýa-da dolulygyna ýitirileni, onuň öz wagtynda eltilmändigi zerarly buýruja ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini tölemäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýükleriň ätiýaçlandyrylmagyny amala aşyrmaga.

3. Awtoulagda ýük daşamagy amala aşyrýan awtoulagda ýük daşaýjy-fiziki şahs şu aşakdakylara borçludyr:

1) Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda awtoulagda ýük daşamagy ýerine ýetirmäge;

2) ýük awtoulag serişdesini göwnejaý tehniki we sanitariýa ýagdaýynda saklamaga;

3) ýüke zeper ýetirileni ýa-da zaýalanany, böleginiň ýa-da dolulygyna ýitirileni, onuň öz wagtynda eltilmändigi zerarly buýruja ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini tölemäge.

4.Awtoulagda daşaýjy-fiziki şahs we awtoulagda daşaýjy-ýuridik şahsýükleri awtoulagdadaşamagy ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge, şeýle hem ýük awtoulag serişdesinitehniki gözegçilikden geçirmäge borçludyrlar.

 

5-nji BAP. ÝOLAGÇYLARYŇWE ÝÜKLERIŇ

AWTOULAGDA HALKARA GATNAWLARY

 

27-nji madda. Awtoulagda halkara gatnawlarynyň guralyşy

 

Ýolagçylaryň we ýükleriň awtoulagda halkara, şol sanda üstaşyr gatnawlary, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

28-nji madda. Ýolagçylaryň weýükleriň daşary ýurtly awtoulagda daşaýjylar tarapyndan Türkmenistanyň çäginde awtoulagda daşalmagyna çäklendirmeler

 

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän nokatlaryň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň daşary ýurtly awtoulagdadaşaýjylar tarapyndan awtoulagda daşalmagynyňamala aşyrylmagyna ýol berilmeýär.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýolagçylary awtoulagda üstaşyr gatnatmagy amala aşyrýan daşary ýurtly awtoulagda daşaýjylara Türkmenistanyň çäginde ýolagçylary awtoulaga mündürmegine we (ýa-da) düşürmegine rugsat berilmeýär.

 

 

6-njy BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

29-njy madda. Awtomobil ulagy çygrynda ätiýaçlandyryş

 

Awtomobil ulagy çygrynda ätiýaçlandyryş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Awtomobil ulagy çygrynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi

 

1. Awtoulagda daşaýjy ýolagçylaryň we ýükleriň daşalmagynyň howpsuzlygyny we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge borçludyr.

2. Buýrujylar we awtoulagda daşaýjylar zäherli, partlama howply, ot alyp biljek, radioaktiw, awuly we başga howply ýükleriň awtoulagda howpsuz daşalmagyny, ýüklenilmegini we düşürilmegini üpjün etmäge borçludyrlar. Howply ýükleriň goralmagy we olaryň ýany bilen gidilmegi ýoluň bütin dowamynda ýük ugradyjylar ýa-da ýük alyjylar tarapyndan üpjün edilýär.

3. Awtoulag kärhanalarynyň, awtobeketleriň, awtomenzilleriň çäkleri ýokary howply zolaklar bolup durýarlar. Ýokary howply zolaklarda bolmagyň we onda işleri alyp barmagyň kadalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

 

31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygyüçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda jogapkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 2-nji marty.

№ 377-IV.