Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň

hususylaşdyrylmagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 43-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 16.08.2014 ý. №112-V, 23.11.2016 ý. №484-V, 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

 

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak düşünjesi

 

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny  hususylaşdyrmak - döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrmagyň  subýektleriniň eýeçiligine muzdsuz ýa-da muzdly berilmegi (mundan beýläk - ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak).

 

2-nji madda. Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Şu Kanunyň hereketi ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda gurlan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryna degişli däldir.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksady we esasy wezipeleri

 

1. Raýatlaryň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny öz eýeçiligine almakda ýa-da edinmekde döwletden goldaw almaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagy, ýaşaýyş jaýyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynyň usulyny erkin saýlamagy esasynda ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy üçin hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary emele getirmek şu Kanunyň maksady bolup durýar.

2. Şu aşakdakylar şu Kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak çygryndaky gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi;

2) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi;

3) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň görnüşiniň, tertibiniň we şertleriniň kesgitlenilmegi;

4) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagy geçirmegiň açyklygynyň üpjün edilmegi.

 

4-nji madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri

 

1. Şular ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga gatnaşmagynyň meýletinligi;

2) ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi;

3) ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylanda aýanlygyň, açyklygyň, elýeterliligiň, durmuş adalatlylygynyň berjaý edilmegi;

4) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň dürli görnüşleriniň ulanylmagy;

5) ýaşaýyş jaýlaryna eýeçilik hukugynyň kepillikleriniň üpjün edilmegi.

2. Özleriniň eýeleýän ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmaga bolan islegini mälim etmeýän adamlaryň Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ondan peýdalanmaga bolan hukugy saklanyp galýar.

 

5-nji madda. Hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagynyň döwlet kepillikleri

 

1. Raýatlaryň öz hususylaşdyran ýaşaýyş jaýyna eýeçilik  hukugynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda kepillendirilýär.

2. Raýatlaryň eýeçiliginde başga ýаşaýyş jaýynyň bolmagy, olaryň şu Kanuna laýyklykda eýelik edýän döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmagyna päsgelçilik bolup bilmez.

 

2-nji BAP. ÝAŞAÝYŞ JAÝLARYNY HUSUSYLAŞDYRMAGYŇ SUBÝEKTLERI, GATNAŞYJYLARY, OBÝEKTLERI WE GÖRNÜŞLERI

 

6-njy madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň subýektleri we gatnaşyjylary

 

1. Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň subýektleri (mundan beýläk – hususylaşdyrmagyň subýektleri) bolup durýarlar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler, ygtyýarly edara, pudaklaýyn ýaşaýyş jaý gaznasyny hasabynda saklaýjy bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň gatnaşyjylary bolup durýarlar.

 

7-nji madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň obýektleri

 

1. Ýaşaýyş jaýy, ýaşaýyş jaýynyň bir bölegi, köp öýli ýaşaýyş jaýyndaky öý, öýüň bir bölegi (mundan beýläk - ýaşaýyş jaýlar)  hususylaşdyrmagyň obýektleri bolup durýarlar.

2. Şu ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylmaga degişli däldir:

1) bellenilen sanitariýa kadalaryna we tehniki talaplara laýyk gelmeýän, bellenilen tertipde ýaşamak üçin ýaramsyz diýlip ykrar edilen we abatlanylmaga degişli bolmadyk;

2) wagtlaýyn gurlan binalarda, ýykylma howpy abanýan we (ýa-da) bellenilen tertipde olaryň ýykylmagy babatda karar kabul edilen, ýa-da ýaşamak üçin ýaramsyz diýlip ykrar edilen zolaklarda ýerleşýän;

3) umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän;

4) harby şäherjikleriň çäginde ýerleşýän;

5) maýyplygy bolan adamlaryň, weteranlaryň, ýeke ýaşaýan gartaşan adamlaryň, şeýle hem döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mätäç bolan beýleki adamlaryň ýaşamagy üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilen ýaşaýyş jaýlaryna degişli bolan;

6) eger ýaşaýyş jaýyny kireýine alyja kireýine almak-bermek şertnamasynyň kazyýet tertibinde ýatyrylmagy, üýtgedilmegi ýa-da onuň hakyky däldiginiň ykrar edilmegi hakynda hak islegi bildirilen bolsa - talap boýunça kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girýänçä;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda beýleki ýaşaýyş jaýlary.

3. Beýleki otag bilen umumy girelge (biri-biriniň üstünden geçýän otaglar) bilen baglanyşykly otag hususylaşdyrmagyň özbaşdak obýekti bolup bilmeýär.

4. Gulluk ýaşajyş jaýy, eger ol Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň hataryndan çykarylan bolsa, hususylaşdyrylyp bilner.

5. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, taryhy, arhitektura, medeni gymmatlygy bolan ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylyp bilner.

 

8-nji madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň görnüşleri

 

Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak:

1) hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine göni (salgyly) berilmegi görnüşinde - muzdsuz;

2) hususylaşdyrmagyň subýektleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagy görnüşinde;

3) hususylaşdyrmagyň subýektleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdada satyn alynmagy görnüşinde, amala aşyrylýar.

Şu Kanunyň maksatlary üçin bäsleşikli söwda diýlip, ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça jemagat birža söwdasyna (erkin söwdasyna) düşünilýär, ol hususylaşdyrmagyň obýektiniň başlangyç bahasynyň has ýokary bahany teklip edýän gatnaşyjynyň ol söwdanyň ýeňijisi (ýaşaýyş jaýyny satyn alyjy) hökmünde yglan edilýän pursadyna çenli öňünden yglan edilen ädim bilen yzygiderli ýokarlandyrylmagy arkaly geçirilýär.

 

3-nji BAP. ÝAŞAÝYŞ JAÝLARYNYŇ HUSUSYLAŞDYRYLMAGY ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

9-njy madda. Ýаşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda ygtyýarly edara (mundan beýläk - ygtyýarly edara), şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler ýаşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) ygtyýarly edarany kesgitleýär;

3) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynda bäsleşikli söwdany guraýan we geçirýän döwlet edarasyny (mundan beýläk - bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasy) kesgitleýär;

4) ýаşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde - muzdsuz berilmeginiň tertibini tassyklaýar;

5) ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagynyň tertibini tassyklaýar;

6) ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdasynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň tertibini tassyklaýar;

7-nji bendi Türkmenistanyň 16.08.2014 ý №112-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

8) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, Geňeşleriň işini utgaşdyrýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara:

1) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň işini utgaşdyrýar;

3) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna hödürleýär:

a) ýаşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde - muzdsuz berilmeginiň tertibini;

b) ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagynyň tertibini;

ç) ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdasynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň tertibini;

3-nji bendiniň “d” kiçi bendi Türkmenistanyň 16.08.2014 ý №112-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şulary tassyklaýar:

a) hususylaşdyrmagyň obýektleriniň bahasyny kesgitlemegiň usulyýetini;

b) hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda Şahadatnamanyň birkysmy görnüşini;

ç) ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasynyň, ýaşaýyş jaýyny satyn almak şertnamasynyň we ýaşaýyş jaýyny bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasynyň birkysmy görnüşlerini;

5) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda döwlet häkimiýet edaralary, Geňeşler, şeýle hem bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasy bilen bilelikde hereket edýär;

6) hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň döwlet hasabyny ýöredýär;

7) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Geňeşleriň, bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň hünärmenleriniň okadylmagyny we hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny gurnaýar;

8) hususylaşdyrmagyň subýektlerine ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly maslahat beriş kömegini muzdsuz berýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler:

1) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arzalaryň kabul edilmegini we bellige alynmagyny amala aşyrýarlar;

2) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arzalara garaýarlar, olar barada kararlary kabul edýärler we arza berijilere kabul edilen karar hakynda ýazmaça habar berýärler;

3) bellenilen tertipde resminamalary resmileşdirýärler we hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda Şahadatnamany berýärler;

4) hususylaşdyrmagyň subýektlerine ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly maslahat beriş kömegini muzdsuz berýärler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

4-nji BAP. ÝAŞAÝYŞ JAÝLARYNY HUSUSYLAŞDYRMAGYŇ TERTIBI

 

13-nji madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga bolan hukuk

 

1. Ýаşaýyş jaýlarynyň muzdsuz hususylaşdyrylmagyna şu aşakdakylaryň hukuklary bardyr:

1) döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti on bäş ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça on ýyldan köp (döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň alynmagy bilen bagly ýykylan ýaşaýyş jaýynda ýaşalan möhleti, şeýle hem ýaşaýyş jaýy çalşylan halatynda onda ýaşalan möhleti göz öňünde tutmak bilen) hemişelik ýaşaýan ýaşaýyş jaýlaryny kireýine alyjylaryň;

2) Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 65-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň, eger-de olar döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti on ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça bäş  ýyldan köp (döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň alynmagy bilen bagly ýykylan ýaşaýyş jaýynda ýaşalan möhleti, şeýle hem ýaşaýyş jaýy çalşylan halatynda onda ýaşalan möhleti göz öňünde tutmak bilen) hemişelik ýaşaýan bolsalar.

Şu bölekde görkezilen adamlar ýаşaýyş jaýlarynyň muzdsuz hususylaşdyrylmagyna bolan hukukdan diňe bir gezek peýdalanyp bilýärler.

2. Ýаşaýyş jaýlarynyň bahasynyň elli göterim ýeňillikli satyn alynmagy arkaly hususylaşdyrylmagyna döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti on ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça bäş ýyldan köp (döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň alynmagy bilen bagly ýykylan ýaşaýyş jaýynda ýaşalan möhleti, şeýle hem ýaşaýyş jaýy çalşylan halatynda onda ýaşalan möhleti göz öňünde tutmak bilen) hemişelik ýaşaýan kireýine alyjylaryň hukugy bardyr.

3. Ýаşaýyş jaýlarynyň doly bahasyny töläp satyn almak arkaly hususylaşdyrylmagyna döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti on ýyldan az bolan ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça bäş ýyldan az (döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň alynmagy bilen bagly ýykylan ýaşaýyş jaýynda ýaşalan möhleti, şeýle hem ýaşaýyş jaýy çalşylan halatynda onda ýaşalan möhleti göz öňünde tutmak bilen) hemişelik ýaşaýan kireýine alyjylaryň hukugy bardyr.

31. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz işgärleri üçin guran ýaşaýyş jaýlarynyň (şu Kanunyň 2-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem gulluk ýaşaýyş jaýlary muňa degişli däldir) şu maddanyň birinji-üçünji böleklerine laýyklykda hususylaşdyrylmagyna şol ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň görkezilen ýaşaýyş jaýlaryny kireýine alan işgärleriniň hukugy bardyr.

4. Hususylaşdyrmagyň subýektleriniň, olaryň eýeçiliginde başga ýaşaýyş jaýlarynyň bardygyna garamazdan, boşadylan, girilmedik ýa-da gurulýan ýaşaýyş jaýlaryny bäsleşikli söwdada satyn alynmagy görnüşinde hususylaşdyrmaga hukugy bardyr.

5-nji bendi Türkmenistanyň 16.08.2014 ý №112-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

14-nji madda. Ýаşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagy amala aşyrýan edaralar

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler ýаşaýyş jaýlarynyň göni (salgyly) berilmegi görnüşinde muzdsuz we satyn alynmagy görnüşinde hususylaşdyrylmagyny amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

2. Ýаşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylmagynyň guralmagy we geçirilmegi bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arza bermegiň tertibi

 

1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak üçin maşgalanyň özi bilen bilelikde ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň we hususylaşdyrmagyň geçirilýän pursatynda şol ýaşaýyş jaýynda ýаşaýyş meýdanyna hukugy bolan beýleki adamlaryň ählisiniň razylyk bermegi bilen hemişelik ýaşaýan ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ýa-da Geňeşe ýаşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arza berýär.

2. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy wagtlaýyn bolmadyk halatynda maşgalanyň beýleki agzalarynyň ylalaşmagy boýunça oňa kireýine alyjy tarapyndan berlen we notarial tertipde tassyklanylan ynanç hatynyň esasynda maşgala agzalarynyň biri ýa-da kireýine alyjynyň başga ynanylan adamy ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arza berip biler.

3. Ýаşaýyş jaýyny kireýine alyjy aradan çykanda ýa-da çykyp giden halatynda ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmaga bolan hukuk onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten, şol sanda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý Kodeksiniň 78-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen esaslar boýunça wagtlaýyn bolmadyk agzalaryna geçýär, olar öz aralarynda ýazmaça ylalaşyk boýunça ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň hukuk oruntutaryny belleýärler.

31) degişli ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň, öz işgäri tarapyndan kireýine alnan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy hakynda towakganamasy – ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz işgärleri üçin guran ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylýan halatynda;

4. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda  arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) kireýine alynýan ýaşaýyş jaýynyň orderiniň göçürme nusgasy ýa-da degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş tarapyndan berlen onuň ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjyda saklanylyp galynmagyna, ýa-da başga ýaşaýyş jaýyna göçürilmegine hukuk berýän resminama;

2) ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň pasportynyň (onuň ornuny tutýan resminamanyň) göçürme nusgasy;

3) maşgala düzümi hakynda kepilnama;

4) jaý tölegi, jemagat hyzmatlarynyň tölegi, elektrik energiýasynyň sarp edilendigi we aragatnaşyk hyzmatlary üçin berginiň ýokdugy hakynda kepilnama.

Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arzanyň ýanyna şu bölekde görkezilenlerden başga resminamalaryň goşulmagynyň talap edilmegine ýol berilmeýär, şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen halat muňa degişli däldir.

5. Ýaşaýyş jaýlary şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen adamlar tarapyndan hususylaşdyrylan halatynda, degişli goşmaça resminamalar talap edilip bilner.

6. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arzanyň ýanyna goşulýan ähli resminamalar degişli edaralar tarapyndan şahsyň şeýle resminamalaryň berilmegi barada ýüz tutan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda oňa berilmelidir.  

7. Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arza, ýanyna goşulan resminamalar bilen bilelikde bellenilen tertipde degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş tarapyndan onuň berlen gününde bellige alynmaga degişlidir.

8-nji bendi Türkmenistanyň 16.08.2014 ý №112-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

9. Ýaşaýyş jaýyny bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak isleýän hususylaşdyrmagyň subýektleri ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arzany şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 6-njy bendinde görkezilen tertibe laýyklykda berýärler.

10. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda bellenilen tertipde berlen arzany bellige almakdan ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

 

16-njy madda. Ýaşaýyş jaýynyň onuň kireýine alyjysy tarapyndan hususylaşdyrylmagy hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň karar kabul etmeginiň tertibi

 

1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy ýa-da onuň ynanylan adamy tarapyndan ony hususylaşdyrmak hakynda arza berlen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda karar kabul edýär.

Ýaşaýyş jaýy hususylaşdyrylanda bu ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýer bölegi bilen bagly ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hususylaşdyrmagyň subýektleriniň hemişelik peýdalanmagyna geçýär.

Şunda, ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda kararda (eger ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda karar öň çykarylan bolsa, onda täze kararda) bu ýer bölegine degişli maglumatlary (meýdany, salgysy, niýetlenişi) hem-de ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri we oňa degişli bölegini (öň peýdalanmagynda bolan bölegini) ýaşaýyş jaýynyň eýesine hemişelik peýdalanmaga berilmegi görkezilýär we şol esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýere we oňa degişli bölegine peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy resmileşdirilýär.

Ýaşaýyş jaýy Geňeşiň karary esasynda hususylaşdyrylan halatynda, ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri we oňa degişli bölegini (öň peýdalanmagynda bolan bölegini) ýaşaýyş jaýynyň eýesine hemişelik peýdalanmaga bermek barada karar degişli etrap häkimi tarapyndan kabul edilýär.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş degişli karary kabul edenden soň, üç iş gününiň dowamynda ýaşaýyş jaýyny kireýine alyja ýa-da onuň ynanylan adamyna kabul edilen karar barada ýazmaça habar berýär.

3. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arza kanagatlandyrylmadyk halatynda, degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş şeýle karary kabul eden gününden başlap ýüz döndermegiň esaslandyrylan sebäplerini görkezmek bilen, üç iş gününiň dowamynda ýaşaýyş jaýyny kireýine alyja ýa-da onuň ynanylan adamyna ýazmaça habarnama iberýär.

4. Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arzany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilmegine ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy ýa-da onuň ynanylan adamy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

5. Şular ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arzany bellige almakdan we kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek üçin esas bolup bilmez:

1) ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň eýeçiliginde başga ýаşaýyş jaýynyň bolmagy;

2) ýaşaýyş jaýlary hasabynda duran kärhanalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hususylaşdyrmagyň obýektleriniň sanawyna goşulmagy.

 

17-nji madda. Kireýine berilýän ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagyna gatnaşmak we hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň eýeçilik paýyna bolan hukuk

 

1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten ähli agzalarynyň razylygy bolan halatynda ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy maşgalanyň ähli agzalarynyň, şol sanda wagtlaýyn bolmadyklaryň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, umumy bilelikdäki ýa-da umumy paýly eýeçiligi hökmünde kireýine alyjynyň adyna ýa-da maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten beýleki agzasynyň adyna resmileşdirilýär.

2. Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalarynyň we ondaky ýaşaýyş meýdanyna hukugy bolan, ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmaga razylyk beren adamlaryň bu ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak hukugy saklanyp galýar.

3. Kireýine alyjynyň maşgalasynyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen agzalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagyna gatnaşyp bilerler.

4. Garyndaşlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolmadyk iki we şondan köp maşgala ýaşaýan hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleriniň ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy bilen bagly olaryň durmuş we beýleki hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen kömekçi jaýlaryndan peýdalanmaklyga deň hukuklary bardyr.

 

18-nji madda. Ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylmagy

 

1. Ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylmagy şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 6-njy bendinde görkezilen tertibe  we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär.

2. Bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýyna bolan eýeçilik hukugynyň resmileşdirilmegi üçin bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň teswirnamasy we bäsleşikli söwdanyň geçirilmegine degişli başga resminamalar bäsleşikli söwdanyň geçirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda onuň ýerleşýän ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ýa-da Geňeşe  berilýär.

3. Bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň öz adyndan we öz hasabyna ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşykly geleşikleri amala aşyrmaga haky ýokdur.

 

19-njy madda. Ýaşaýyş jaýynyň  hususylaşdyrylmagy hakynda şertnama

 

1. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda amala aşyrylýan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasy bilen resmileşdirilýär.

2. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji we üçinji böleklerine laýyklykda amala aşyrylýan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy ýaşaýyş jaýyny satyn almak hakynda şertnama bilen resmileşdirilýär.

3. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda amala aşyrylýan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy ýaşaýyş jaýyny bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasy bilen resmileşdirilýär.

4. Şular şertnama baglaşmak üçin esas bolup durýar:

1) ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasyny baglaşmak üçin - degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň  ýa-da Geňeşiň ýaşaýyş jaýynyň muzdsuz hususylaşdyrylmagy hakynda karary;

2) ýaşaýyş jaýyny satyn almak şertnamasyny baglaşmak üçin - degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy hakynda karary;

3) ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak üçin:

a) degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň ýaşaýyş jaýyny bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak hakynda karary;

b) bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň geçirilen bäsleşikli söwdanyň netijeleri hakynda teswirnamasy.

5. Ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasy, ýaşaýyş jaýyny satyn almak şertnamasy we ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasy notarial tertipde tassyklanylmaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alynmaga degişlidir.

6. Hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy döwlet tarapyndan bu hukuk Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan pursatyndan döreýär.

7. Notarial tertipde tassyklanylan we bellenilen tertipde bellige alnan şertnamalar (ýa-da hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda Şahadatnama) hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar bolup durýarlar.

 

5-nji BAP. ÝAŞAÝYŞ JAÝLARYNY HUSUSYLAŞDYRMAK ÇYGRYNDA MALIÝE GATNAŞYKLARY

 

20-nji madda. Hususylaşdyrylýan ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň tölenilmegi

 

Ýaşaýyş jaýyny:

1) muzdsuz hususylaşdyrýan adam - diňe hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda resminamalaryň resmileşdirilmegi boýunça hyzmatlaryň bahasyny töleýär;

2) satyn almak görnüşinde hususylaşdyrýan adam - satylan nyrhy boýunça ýаşaýyş jaýynyň bahasyny, şeýle hem hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda resminamalaryň resmileşdirilmegi boýunça hyzmatlaryň bahasyny töleýär;

3) bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrýan adam - satylan nyrhy boýunça ýаşaýyş jaýynyň bahasyny, şeýle hem hususylaşdyrylan ýаşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda resminamalaryň resmileşdirilmegi boýunça hyzmatlaryň bahasyny töleýär.

 

21-nji madda. Ýаşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak üçin serişdeleriň çeşmeleri we onuň tölenilmegi

 

1. Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagynyň şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji we üçinji böleklerine laýyklykda we bäsleşikli söwda arkaly amala aşyrylmagy ony hususylaşdyrýan adamyň öz we (ýa-da) karz serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň tabynlygyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji we üçinji böleklerine laýyklykda hususylaşdyrylmagyndan alnan pul serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyndan alynýan pul serişdeleri olaryň öz hasabyna geçirilýär.

3. Ýaşaýyş jaýy hususylaşdyrylanda döwlet pajy alynmaýar.

 

22-nji madda. Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagy we abatlanylmagy. Jemagat hyzmatlarynyň edilmegi

 

Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagy we abatlanylmagy, jemagat hyzmatlarynyň edilmegi, şeýle hem olary saklamak boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

6-njy BAP. ŞU KANUNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN

JOGÄPKÄRÇILIK. JEDELLERIŇ ÇÖZÜLIŞI

 

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

24-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

7-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

25-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje girmegine çenli oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 22-nji iýuny.

№ 413-IV.