Diplomatik gulluk hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Diplomatik gulluk hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 56-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 23.11.2016 ý. № 486-V we 20.10.2018 ý. № 91-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Diplomatik gulluk diýen düşünje

 

1. Diplomatik gulluk – bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki konsullyk edaralarynyň işini guramagyň tertibi aýratyn kanun bilen  düzgünleşdirilýär.

2. Konsullyk gullugy Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň bir bölegi bolup durýar.

 

2-nji madda. Diplomatik gullugyň hukuk esaslary

 

Diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary düzýär.

 

3-nji madda. Diplomatik gullugyň wezipeleri

 

Diplomatik gulluga şu wezipeler ýüklenilýär:

1) Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek;

2) Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, çäk bitewiligini we serhediniň mizemezligini, onuň halkara giňişliginde we beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de özge bähbitlerini goramagy diplomatik serişdeler we usullar arkaly üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň bitaraplygyny berkitmek, halkara bileleşiginiň agzasy hökmünde ählumumy we sebit meselelerini çözmekde onuň tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam etmek;

4) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen diplomatik we konsullyk gatnaşyklaryny amala aşyrmak;

5) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny ösdürmek;

6) sebitde we dünýäde bolup geçýän syýasy we ykdysady ýagdaýlary, halkara gatnaşyklarynyň ösüş meýillerini, daşary ýurt döwletleriniň daşary we içeri syýasatyny, halkara guramalaryň işini seljermek;

7) Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny ösdürmek boýunça teklipleri işläp düzmek we Türkmenistanyň Prezidentine garamak üçin hödürlemek;

8) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýeke-täk daşary syýasat ugruny geçirmegi üpjün etmek boýunça degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak;

9) Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

10) Türkmenistanyň döwlet edaralaryny halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etmek;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrmak.

 

4-nji madda. Diplomatik gullugyň borçlary

 

Diplomatik gulluga şu borçlar ýüklenilýär:

1) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen diplomatik we konsullyk gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik etmek;

2) gepleşikleri geçirmegi we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmegi guramak;

3) halkara şertnamalaryny baglaşmak, tassyklamak, ýerine ýetirmek hem-de olaryň hereketini togtatmak we güýjüni ýatyrmak, şeýle hem şolara goşulmak hakynda teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklipleri hödürlemek;

4) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek meseleleri boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine bellenilen tertipde hödürlemek;

5) Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň, maslahatlaryň, ýygnaklaryň, forumlaryň işine Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek, ählumumy we sebit meselelerini çözmekde halkara bileleşiginiň agzasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmak;

6) Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň wezipelerini durmuşa geçirmekde, şol sanda daşary ýurt döwletleri we halkara ykdysady guramalary we maliýe institutlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde ýardam etmek;

7) söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik  hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça hökümetara toparlarynyň işlerine gatnaşmak;

8) daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga gatnaşmak;

9) Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagyna ýardam bermek;

10) öz ygtyýarlyklarynyň çäginde Türkmenistanyň bitewi energetika syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;

11) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi amala aşyrmak;

12) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny bellige almagyň we saklamagyň bitewi döwlet ulgamynyň hereket etmegini üpjün etmek;

13) beýleki ýurtlaryň daşary-syýasy edaralary, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary bilen hemişelik aragatnaşyk saklamak, daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri guramak we geçirmek;

14) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maliýe taýdan gatnaşyklary, ylmy-tehniki, medeni we gaýry ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek babatda çäreleri işläp düzmäge gatnaşmak;

15) Türkmenistanyň daşary syýasat işini hukuk taýdan üpjün etmek babatda kanunçylygy kämilleşdirmek we ony Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyk getirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

16) döwlet, hökümet, parlament baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň we beýleki derejelerdäki döwlet, resmi, iş saparlaryny protokol taýdan üpjün etmek;

17) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärlerini Türkmenistanda akkreditirlemek;

18) diplomatik we konsullyk artykmaçlyklarynyň we aýratyn hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

19) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen konsullyk işlerini ýerine ýetirmek;

20) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çägindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işlemegine ýardam etmek;

21) Türkmenistanda daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistlerini akkreditirlemek;

22) Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty hakyndaky habar beriş maglumatlarynyň taýýarlanylmagyna we daşary ýurtlarda ýaýradylmagyna gatnaşmak;

23) döwlet edaralaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini halkara ýagdaýy we Türkmenistanyň daşary syýasaty barada habarly etmek;

24) Türkmenistanyň diplomatik gullugyny işgärler bilen üpjün etmegiň meselelerini çözmek, diplomatik gullugyň işgärlerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy guramak;

25) öz ygtyýarlyklarynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara hereket etmek;

26) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmek.

 

II BAP. DIPLOMATIK GULLUGYŇ GURALYŞY WE IŞGÄRLERI

 

5-nji madda. Diplomatik gullugyň ulgamy

 

1. Diplomatik gullugy guramak diplomatik gullugyň bitewi ulgamyny döretmegiň we ösdürmegiň üsti bilen amala aşyrylýar.

2. Diplomatik gulluk ulgamyna şular girýär:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalary, Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň çägindäki wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin döredilen we bellenilen tertipde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagyna degişli edilen edaralar, guramalar, okuw mekdepleri (mundan beýläk - diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralar we guramalar).

3. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary syýasat işini alyp barýan we Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara bolup durýar.

5. Diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralaryň we guramalaryň işini guramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

51-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleri

 

Diplomatik gullugyň işgärleri diplomatik gullugyň ulgamynda işleýän we diplomatik dereje berilmäge degişli bolan diplomatik wezipäni eýeleýän şahslardyr.

 

6-njy madda. Diplomatik wezipeler

 

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi üçin aşakdaky diplomatik wezipeler girizilýär:

1) daşary işler ministri;

2) daşary işler ministriniň orunbasary;

3) Daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi;

4) Daşary işler ministrliginiň diplomatik gullugynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni bagly bolup durýan işleri amala aşyrýan düzümleýin birliginiň ýolbaşçysy;

5) Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň çägindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy;

6) daşary işler ministriniň kömekçisi;

7) geňeşçi;

8) birinji sekretar;

9) ikinji sekretar;

10) üçünji sekretar;

11) attaşe.

Şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen wezipeleriň atlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan düzüm gurluşyna laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Tükmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalary üçin aşakdaky diplomatik wezipeler bellenilýär:

1) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi;

2) halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekil;

3) Wekil;

4) Işler ynanylan;

41) Işler wagtlaýyn ynanylan;

5) Baş konsul;

6) Geňeşçi-wekil;

7) halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliň orunbasary;

8) geňeşçi;

9) konsul;

10) birinji sekretar;

11) konsulyň orunbasary;

12) ikinji sekretar;

13) konsullyk agenti;

14) üçünji sekretar;

15) attaşe.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň harby attaşe, press-sekretar, söwda wekili, söwda wekiliniň orunbasary, medeniýet boýunça attaşe wezipeleri diplomatik wezipelere deňelýär.

3. Diplomatik wezipeleri eýeleýän şahslara Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenen tertipde diplomatik derejeler berilýär.

 

7-nji madda. Diplomatik gulluk ulgamynda wezipelere bellemek

 

1. Diplomatik wezipelere Türkmenistanyň ýokary bilimli, döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän, hünäri we diplomatik gullukda işlemek üçin zerur ýörite bilimleri bolan raýatlary bellenilip bilner.

2. Diplomatik wezipelere bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Daşary işler ministri, daşary işler ministriniň orunbasarlary we diplomatik gulluga girýän beýleki edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

4. Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekil, Wekil, Işler ynanylan wekil, Geňeşçi-wekil, halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliň orunbasary, Baş konsul, konsul Türkmenistanyň daşary işler ministriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

Harby attaşe, söwda wekili Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

5. Diplomatik gulluk ulgamyndaky beýleki wezipelere bellemek Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan geçirilýär.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referenturasy

 

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik gulluk üçin işgärleri taýýarlamak maksady bilen referentura döredilýär.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde referenturany guramagyň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referenturasy hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

9-njy madda. Diplomatik gullugyň işgärler ätiýaçlygy

 

1. Diplomatik wezipelerde işlemek üçin işgärleriň ätiýaçlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilýär.

Diplomatik gullugyň işgärler ätiýaçlygynyň düzümine şular girýar:

1) diplomatik wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wezipeleri eýeleýän Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işgärleri;

2) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan halkara guramalaryna işe ýa-da ýokary okuw mekdeplerine, aspirantura, doktorantura okuwa iberilen diplomatik gullugyň işgärleri;

3) beýleki döwlet edaralaryna, guramalaryna we kärhanalaryna, şeýle hem ylmy edaralara we ýokary okuw mekdeplerine işe iberilen diplomatik gullugyň işgärleri;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde beýleki şahslar.

2. Işgärler ätiýaçlygyny döretmegiň we onuň işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärler ätiýaçlygy hakynda düzgünnama arkaly düzgünleşdirilýär.

 

10-njy madda. Wezipeden wezipä geçirmek, diplomatik wezipeleri çalşyrmak

 

Diplomatik gullugyň işgärlerini bir wezipeden başga wezipä geçirmek we diplomatik wezipeleri çalşyrmak gulluk işiniň zerurlygyna laýyklykda işgärleriň kärini, hünär taýýarlygyny we işgärleriň aýlanyşygynyň ýörelgelerini nazara almak arkaly amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň aýlanyşygy

 

1. Türkmenistanyň diplomatik gullugy ulgamynda diplomatik gullugyň işgärleriniň aýlanyşygy amala aşyrylýar.

Diplomatik gullugyň işgärleri işgärleriň aýlanyşygynyň çäklerinde hünär taýýarlygyny we ýöriteleşdirilişini göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalaryna iberilip bilner, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynda, şonuň ýaly-da diplomatik gullugyň ulgamyna girýän beýleki edaralarynda we guramalarynda öz işlerini amala aşyryp bilerler.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda diplomatik gullugyň işgärleriniň üznüksiz iş möhleti üç ýyldan artyk bolmaly däldir. Görkezilen möhlet, gulluk zerurlygyna görä we diplomatik gullugyň işgäriniň razylygy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan bir ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilner.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik gullugyň işgärleriniň üznüksiz iş möhleti aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan has uzak möhlete hem uzaldylyp bilner.

3. Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň 4-nji böleginde bellenen tertibe laýyklykda diplomatik wezipelere bellenilýän şahslaryň Türkmenistanyň daşary yurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda üznüksiz iş möhleti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

111-nji madda. Işler wagtlaýyn ynanylan

 

Işler wagtlaýyn ynanylan şahs ‒ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň ýok wagty onuň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda işleýän diplomatik gullugyň işgäridir.

 

12-nji madda. Diplomatik gullukda bolmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler

 

1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň şulara hukugy ýokdur:

1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;

2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň razyçylygy bolmazdan daşary ýurt döwletleriniň, halkara we daşary ýurt guramalarynyň sylaglaryny, hormatly we ýörite atlaryny almaga.

2. Diplomatik gullugy ulgamynda ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda durýan adamlaryň (ata-eneler, är-aýallar, doganlar, uýalar, ogullar, gyzlar, şeýle hem är-aýalyň ata-eneleri, doganlary, uýalary we çagalary), eger-de olaryň işi gös-göni (göni) tabynlyk bilen ýa-da biriniň beýlekisine gözegçiligi astynda baglanyşykly bolsa, bilelikde işlemegi gadagan edilýär.

3. Diplomatik gulluga ozal iş kesilen we aklamaga esas bolmadyk esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan şahslar kabul edilmeýär.

 

13-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärlerini yzyna çagyrmak

 

1. Türkmenistanyň daşary yurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik işgärler, özleri ýa-da olaryň maşgala agzalary tarapyndan masgaralaýjy etmişleri ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny mundan beýläk ýerine ýetirmekde ýaramaz netijelere getirip biljek hereketleri eden halatynda möhletinden öň Türkmenistana yzyna çagyrylyp bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň hereketi Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda dolandyryş-tehniki we hyzmat ediş işgärleriniň düzüminde wezipeleri eýeleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan bolan işgärlere hem degişlidir.

 

14-nji madda. Diplomatik gullugyň bes edilmegi

 

Diplomatik gullugyň bes edilmegi üçin şular esas bolup durýar:

1) öz islegine görä işden boşadylmagy barada diplomatik gullugyň işgäriniň arza bermegi;

2) zähmet şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça zähmet şertnamasynyň bes edilmegi (ýatyrylmagy);

4) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga esaslar.

 

III BAP. DIPLOMATIK GULLUGYŇ IŞGÄRLERINIŇ HUKUKLARY, BORÇLARY, HÖWESLENDIRILMEGI WE DÜZGÜN-NYZAM JOGAPKÄRÇILIGI

 

15-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň hukuklary

 

1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga;

2) diplomatik gullugyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere seretmäge we olary çözmäge gatnaşmaga;

3) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan habarlary, resminamalary we maglumatlary bellenen tertipde almaga;

4) diplomatik gullugyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna teklipleri hödürlemäge;

5) biliminiň, hünär taýýarlygynyň we hünär derejesi nazara alnyp, diplomatik gulluk boýunça ösdürilmäge;

6) hünär derejesini ýokarlandyrmaga we gaýtadan taýýarlanylmaga, şol sanda daşary ýurtlara iş saparlaryna gitmek arkaly;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Diplomatik gullugyň işgärleri daşary ýurtlarda işlän döwründe halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda diplomatlar üçin bellenilen artykmaçlyklardan we aýratyn hukuklardan peýdalanýarlar.

 

16-njy madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň borçlary

 

1. Diplomatik gullugyň işgärleri öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirenlerinde şulara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunçylygyny berjaý etmäge;

2) halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmegi we goramagy üpjün etmäge;

3) Türkmenistanyň çäginde, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän döwlet eýeçiliginiň goraglylygyny üpjün etmäge;

4) öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri we borçlary päk ýürekden amala aşyrmaga, beýleki döwletler we halkara guramalary bilen gatnaşyklarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge;

5) diplomatik gullugyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykaran buýruklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

6) döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny, şeýle hem diplomatik etikanyň kadalaryny berjaý etmäge;

7) öz hünär derejesini we taýýarlygyny ýokarlandyrmaga;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Diplomatik gullugyň işgärleri daşary ýurtlarda işlän döwründe özleriniň bolýan ýurdunyň kanunlaryny, düzgünlerini, däplerini we dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.

 

17-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärlerini höweslendirmek

 

1. Diplomatik gullugyň işgärleri üçin höweslendirmegiň aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomy bilen sylaglamak;

2) gymmatly sowgat bilen sylaglamak;

3) diplomatik wezipede ösdürmek;

4) diplomatik derejesini möhletinden öň ýokarlandyrmak.

Diplomatik gullugyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki höweslendirmeler bilen sylaglanyp bilner.

2. Diplomatik gullugyň işgärleri Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmaga hödürlenip bilner.

 

18-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi

 

1. Diplomatik gullugyň işgärlerine öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da ýeterlik derejede ýerine ýetirmedik halatynda, aşakdaky düzgün-nyzam temmileri ulanylýar:

1) duýduryş;

2) käýinç;

3) berk käýinç;

4) öz gulluk borjuna doly laýyk gelmeýändigi barada duýduryş;

5) nobatdaky diplomatik derejäniň berilmegini ýa-da has ýokary wezipä bellenilmegini bir ýyla çenli gaýra goýmak;

6) wezipesinden peseltmek;

7) diplomatik derejesini peseltmek;

8) diplomatik derejeden mahrum etmek;

9) pes hak tölenilýän başga işe geçirmek;

10) işden çykarmak;

11) diplomatik derejeden birwagtda mahrum etmek bilen işden boşatmak.

2. Diplomatik gullugyň işgärlerini düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň esaslary, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginde görkezilen düzgün-nyzam temmilerini ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik gullugyň işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky düzgünnama we Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly düzgünleşdirilýär.

 

IV BAP. DIPLOMATIK GULLUGYŇ ÜPJÜNÇILIGI

 

19-njy madda. Diplomatik gullugyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi

 

1. Diplomatik gullugyň maliýeleşdirilmegi Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem konsullyk ýygymlaryndan we peýdalanylyş tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenilýän, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmeýän beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Diplomatik gullugyň edaralarynyň işiniň maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda gozgalmaýan we başga emläge diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralar we guramalar tarapyndan eýelik edilmeginiň, peýdalanylmagynyň we ygtyýar edilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly düzgünleşdirilýär.

 

20-nji madda. Diplomatik gullugyň ulgamynda aragatnaşygyň, arhiwiň, howpsuzlygyň guralyşy

 

1. Diplomatik gulluk öz işinde bar bolan aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny, şeýle hem diplomatik çaparçylyk gullugyny ulanýar.

2. Diplomatik çaparçylyk gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň çägindäki diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralaryň we guramalaryň arasynda diplomatik çaparçylyk aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilýär.

Diplomatik çaparçylyk gullugynyň wezipeleri, borçlary we onuň işiniň gurluşy Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik çaparçylyk gullugy hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

3. Diplomatik gullugyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary saklamak maksady bilen diplomatik gullugyň arhiwi döredilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arhiwinde saklaýjy bolan ministrlik hökmünde halkara şertnamalarynyň asyl nusgalary, Türkmenistanyň beýleki halkara şertnamalarynyň güwä geçilen nusgalary, şeýle hem ministrligiň merkezi edarasynyň we diplomatik gullugynyň ulgamyna girýän beýleki edaralaryň we guramalaryň işi bilen baglanyşykly resminamalar hem-de maglumatlar saklanylýar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň döwletiň çägindäki wekilhanalarynyň arhiwleri olaryň işiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan resminamalary saklaýarlar.

Diplomatik gullugyň arhiwini guramagyň we ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy arkaly bellenilýär.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilen tertipde diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralaryň we guramalaryň işiniň howpsuzlyk ulgamyny guraýar.

 

21-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärlerini maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjün etmek

 

1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiligi diplomatik gullugyň geçilmeginiň şertleri we aýratynlyklary nazarda tutulyp amala aşyrylýar.

2. Diplomatik gullugyň işgärleriniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiliginiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik gullugyň işgärlerini maddy we durmuş- ýaşaýyş taýdan üpjün etmek hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

22-nji madda. Daşary ýurt gulluk iş saparlary

 

1. Diplomatik gulluga ýüklenilen wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek maksady bilen, diplomatik gullugyň ulgamynda işleýän şahslar, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri daşary ýurtlara gulluk iş saparlaryna iberilip bilner.

2. Daşary ýurt gulluk iş saparlaryna ibermegiň tertibi, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik gullugyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly daşary ýurt gulluk iş saparlary hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

23-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek

 

Diplomatik gullugyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary şu Kanun, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.

 

24-nji madda. Diplomatik gullugyň işgärleriniň pensiýa üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy

 

Diplomatik gullugyň işgärleriniň pensiýa üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.

 

25-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 3-4, 36-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

     Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.

№ 426-IV.