Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň asly ýazgysyna düzedişler girizmek hakynda


TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň asly  ýazgysyna

düzedişler girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 4¸ 62 -madda )

 

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň  Meilisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 5, 30-njy madda) şu aşakdaky düzedişleri girizmeli:

1. Girişde, 3-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde, 5-nji maddanyň üçünji böleginde, 7-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde, 8-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 9-njy maddanyň birinji böleginde, 13-nji maddada, II bölümiň adynda, 17-nji maddada, 18-nji naddada, 21-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 22-nji maddanyň birinji böleginde, 23-nji maddada, 26-njy maddada, 28-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 29-njy maddada, 30-njy maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 31-nji maddanyň birinji böleginde, 33-nji maddada, 34-nji maddanyň birinji böleginde, 35-nji maddanyň birinji we üçünji böleklerinde, 36-njy maddanyň birinji böleginde, 37-nji  maddanyň birinji böleginde, 38-nji maddada, 39-njy maddada, 40-njy maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 41-nji maddada, 43-nji maddada, 44-nji maddada, III bölümiň adynda, 55-nji maddada, 57-nji maddanyň 8-nji punktunda, 78-nji maddanyň 2-nji punktunda, 89-njy maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 90-njy maddanyň birinji böleginde, 91-nji maddada, 93-nji maddada,  95-nji maddada, 97-nji maddanyň ikinji böleginde, 99-njy maddanyň ikinji böleginde, 108-nji maddanyň ikinji böleginde, 110-njy maddada «graždanyň», «graždan», «Graždanlaryň», «graždanlygyndan ýa graždanlygyny», «graždanyny», «graždanlygyndaky», «Graždanlar», «graždany», «graždanlary», «graždanlar», «graždanlaryna» diýen sözleri degişlilikde «raýatyň», «raýat», «Raýatlarynyň», «raýatlygyndan ýa raýatlygyny», «raýatyny», «raýatlarynyňky», raýatlaryny» «raýatlaryna ýa-da raýatlygy», «raýatlaryna», «raýatlaryň», «raýatlyk», «Raýatyň», «Raýat», «raýatlarynyň», «Raýatlara», «Raýatlar», «raýaty», «raýatlary», «raýatlar», «raýatlaryna» diýen sözler bilen çalyşmaly.

2. 1-nji maddanyň birinji böleginde «formasynda», «formasy» diýen sözleri «görnüşinde», «görnüşi»  diýen sözler  bilen  çalyşmaly.

3. 1-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde, 37-nji maddanyň ikinji böleginde¸ 58-nji maddada, 85-nji maddanyň ikinji böleginde, 86-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji punktunda we ikinji böleginde, 96-njy maddada, 110-njy maddanyň birinji böleginde «territoriýasynda», «territoriýasy», «territoriýasynyň», «territoriýalaryny», «territoriýalarynda» diýen sözleri degişlilikde «çäklerinde», «çäkleri», «çäkleriniň», «çäklerini», «çäklerinde» diýen sözler bilen çalyşmaly.

4. 2-nji maddanyň birinji böleginde, 5-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 21-nji maddanyň ikinji böleginde, 30-njy maddanyň birinji böleginde,  40-njy maddanyň ikinji böleginde, 41-nji maddada, 45-nji maddada, 47-nji maddada, 51-nji maddada, 61-nji maddanyň birinji böleginde, 62-nji maddada, 64-nji maddanyň ikinji böleginde, 67-nji maddanyň 8-nji punktunda, 69-njy maddada, 71-nji maddada, 75-nji maddada, 79-njy maddada, 82-nji maddada, 83-nji maddada, 84-nji maddada, 85-nji maddanyň birinji böleginde, 88-nji maddada, 110-njy maddanyň birinji böleginde, 112-nji maddanyň birinji böleginde, 114-nji maddanyň birinji böleginde «organlaryň», «organlarynyň», «organlaryna», «organlary», «organy», «organlara», «organydyr», «organdyr», «organlaryndan» diýen sözleri degişlilikde «edaralaryň», «edaralarynyň», «edaralaryna», «edaralary», «edarasy», «edaralara», «edarasydyr», «edaradyr», «edaralaryndan» diýen sözler bilen çalyşmaly.

5. 5-nji maddada:

ikinji böleginde «normalar» diýen sözi «kadalar» diýen söz bilen çalyşmaly;

«aktlarynyň ýuridik» diýen sözleri «namalarynyň hukuk» diýen sözler bilen çalyşmaly;

üçünji böleginde «aktlary», «aktlaryny» diýen sözleri degişlilikde «namalary», «namalaryny» diýen sözler bilen çalyşmaly.

6. 6-njy maddada «normalaryny» diýen sözi «kadalaryny» diýen söz bilen çalyşmaly; «pozitiw» diýen sözi «oňyn» diýen söz bilen çalyşmaly; «soýuzlara» diýen sözi «birleşiklere» diýen söz bilen çalyşmaly.

7. 9-njy maddada:

birinji böleginde «obýektler» diýen sözi «zatlar» diýen söz bilen çalyşmaly; «formalaryny» diýen sözi «şekillerini» söz bilen çalyşmaly;

ikinji böleginde «edilen eýeçilikden» diýen sözleri «edinilen eýeçilikden» diýen sözler bilen çalyşmaly; «konfiskasiýa edilmegine» diýen sözleri «elinden muzdsuz alynmagyna» diýen sözler bilen çalyşmaly.

8. 10-njy maddada «tebigy sredanyň» diýen sözleri «tebigy gurşawyň» diýen sözler bilen çalyşmaly; «turizm» diýen sözi «syýahat» diýen söz bilen çalyşmaly; «sosial» diýen sözi «jemgyýetçilik» diýen söz bilen çalyşmaly.

9. 11-nji maddada «sistemasy» diýen sözi «ulgamy» diýen söz bilen çalyşmaly.

10. 21-nji maddada «sanksiýasy» diýen sözi «idin bermegi» diýen sözler bilen çalyşmaly.

11. 24-nji  maddanyň ikinji böleginde «territoriýalarda» diýen sözi «ýerlerde» diýen söz bilen çalyşmaly.

12. 26-njy maddada «kommersiýa» diýen sözi «täjirçilik» diýen söz bilen çalyşmaly.

13. 27-nji maddada «mitingler we demonstrasiýalar» diýen sözleri «ýygnanyşyklar we ýörişler» diýen sözler bilen çalyşmaly.

14. 28-nji maddanyň ikinji böleginde, 34-nji maddanyň birinji böleginde «sosial» diýen sözi «jemgyýetçilik» diýen söz bilen çalyşmaly.

15. 35-nji maddanyň ikinji böleginde «professional» diýen sözi «hunär owreniş» diýen sözler bilen çalyşmaly.

16. 33-nji maddada «saglygy saklaýyş» we «medisina» diýen sözleri «saglygy goraýyş» diýen sözler bilen çalyşmaly.

17. 36-njy maddanyň ikinji böleginde «turizmiň» diýen sözi «syýahatyň» diýen söz bilen çalyşmaly.

18. 41-nji maddada «moral» diýen sözi «ahlak» diýen söz bilen çalyşmaly.

19. III bolümiň adynda «sistemasy» diýen sözi «ulgamy» diýen söz bilen çalyşmaly.

20. 47-nji maddada «administratiw-territorial» diýen sözleri «dolandyryş-çäk» diýen sözler bilen çalyşmaly.

21. 48-nji maddada:

birinji böleginde «sostawyna» diýen sözi «düzümine» diýen söz bilen çalyşmaly;

ikinji böleginde «welaýatlaryň administrasiýasynyň baştutanlary» diýen sözleri «welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri» diýen sözler bilen çalyşmaly; «posýoloklaryň» diýen sözi «şäherçeleriň» diýen söz bilen çalyşmaly; «(munisipal sowetleriniň merleri)» diýen sözleri aýyrmaly.

22. 50-nji madda:

3-nji punktunda «sosial» diýen sözi «durmuş» diýen söz bilen çalyşmaly.

4-nji punktunda «administratiw-territorial» diýen sözleri  «dolandyryş-çäk» diýen sözler bilen çalyşmaly.

23. 50-nji  maddanyň 2-nji punktunda, 57-nji  maddanyň 7-nji punktunda, 64-nji maddanyň birinji böleginde, 67-nji maddanyň 3-nji punktunda, V bölümiň adynda, 94-nji maddada, 95-nji maddada, 96-njy maddada, 97-nji maddada, 98-nji maddada «referendumlaryny», «referendumlar», «referendumyň», «referendumlary», «referendum», «referendumy», «referendumyny», «Referendumlar», «Referendumlara» diýen sözleri degişlilikde «sala salyşyklaryny», «sala salyşyklar», «sala salyşygyň», «sala salyşyklary», «sala salyş», «sala salyşygy», «Sala salyşygyny», «Sala salyşyklar» «Sala salyşyklara» diýen sözler bilen çalyşmaly.

24. 50-nji madda:

3-nji punktunda «rekomendasiýalary» diýen sözi «teklipnamalary» diýen söz bilen çalyşmaly;

4-nji punktunda «administratiw-territorial» diýen sözleri «dolandyryş-çäk» diýen sözler bilen çalyşmaly;

5-nji punktunda «soýuzlar» diýen sözi «birleşikler» diýen söz bilen çalyşmaly.

25. 52-nji maddanyň birinji böleginde, 96-njy maddada «inisiatiwasy» diýen sozi «teklibi» diýen söz bilen çalyşmaly.

26. 53-nji maddanyň ikinji böleginde «Reglamentinde» diýen sözi «Dessurynda» diýen söz bilen çalyşmaly.

27. 54-nji maddada «territoriýa» diýen sözi «ýurt» diýen söz bilen çalyşmaly.

28. 57-nji maddanyň:

3-nji punktunda «mobilizasiýa» diýen sözi «çagyryş» diýen söz bilen çalyşmaly;

4-nji punktunda «doklad edýär» diýen sözleri «çykyş edýär» diýen sözler bilen çalyşmaly;

7-nji punktunda «sessiýasyny» diýen sözi «maslahatyny» diýen söz bilen çalyşmaly;

11-nji punktunda «günä geçmek çäresini hem-de amnistiýany geçirýär» diýen sözleri «rehim etme hem-de günä geçme çärelerini amala aşyrýar» diýen sözler bilen çalyşmaly.

29. 60-njy maddanyň ikinji böleginde «medisina  komissiýasynyň» diýen sözleri «saglygy goraýyş toparynyň» diýen sözler bilen çalyşmaly.

30. 63-nji maddada «territorial okruglar» diýen sözleri «ýerli bölügler» diýen sözler bilen çalyşmaly.

31. 65-nji maddada, 73-nji maddanyň ikinji böleginde «komissiýalary», «komissiýalaryň» diýen sözleri «toparlary», «tolarlaryň» diýen sözler bilen çalyşmaly.

32. 66-njy maddanyň ikinji böleginiň 2-nji punktunda «administratiw» diýen sözi «dolandyryş» diýen söz bilen çalyşmaly.

33. 66-njy maddanyň ikinji böleginde, 72-nji maddanyň ikinji böleginde, 84-nji maddada «funksiýalaryny», «funksiýalarynyň» diýen sözleri degişlilikde «wezipeleri», «wezipeleriniň» diýen sözler bilen çalyşmaly.

34. 67-nji maddanyň 4-nji punktunda, 78-nji maddanyň 3-nji punktunda «programmasyny», «programmalaryny» diýen sözleri degişlilikde «maksatnamasyny», «maksatnamalaryny» diýen sözler bilen çalyşmaly.

35. 67-nji maddanyň 8-nji punktunda, 78-nji maddanyň 1-nji we 9-njy punktlarynda, 82-nji maddada, 83-nji maddada 110-njy maddanyň birinji böleginde, 114-nji maddanyň birinji böleginde «normatiw aktlarynyň», «aktlarynyň», «normatiw aktlarda», «aktlary» diýen sözleri degişlilikde «kadalaşdyryjy namalarynyň», «namalarynyň», «kadalaşdyryjy namalarda», «namalary» diýen sözler bilen çalyşmaly.

36. 70-nji maddanyň ikinji böleginde «sessiýalaryň» diýen sözi «maslahatlaryň» diýen söz bilen çalyşmaly.

37. 71-nji maddada «administrasiýasynyň  baştutanlary» diýen sözleri «häkimleri» diýen söz bilen çalyşmaly.

38. 74-nji maddada «organlarynyň» diýen sözi «düzümleriniň» diýen söz bilen çalyşmaly.

39. 78-nji maddada:

3-nji punktunda «sosial» diýen sözi «durmuşy» diýen söz bilen çalyşmaly;

4-nji punktunda «resurslaryň» diýen sözi «baýlyklaryň» diýen söz bilen çalyşmaly;

5-nji punktunda «kredit sistemasyny» diýen sözleri «karz ulgamyny» diýen sözler bilen çalyşmaly;

6-njy punktunda «uprawleniýeleri» diýen sözi «dolandyryjy edaralary» diýen sözler bilen çalyşmaly; «wedomstwolary» diýen sözi «pudakdaýyn dolandyryş edaralary» diýen sözler bilen çalyşmaly;

8-nji punktunda «wedomstwolaryň aktlaryny» diýen sözleri «pudaklaýyn dalandyryş edaralarynyň namalaryny» diýen sözler bilen çalyşmaly.

40. 82-nji maddada «territoriýada» diýen sözi «ýerlerde» diýen söz bilen çalyşmaly.

41. 83-nji maddada «wekillik emläginiň obýektlerini dolandyrýarlar» diýen sözleri «ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň eýeçiligindäki emlägi dolandyrýarlar» diýen sözler bilen çalyşmaly.

42. 85-nji maddada:

birinji böleginde «sistemasy» diýen sözi «ulgamy» diýen söz bilen çalyşmaly; «territorial» diýen sözi «ýerli» diýen söz bilen çalyşmaly;

ikinji böleginde «posýoloklaryň» diýen sözi «şäherçeleriň» diýen söz bilen çalyşmaly; «administratiw» diýen sözi «dolandyryş» diýen söz bilen çalyşmaly.

43. 86-njy maddanyň 4-nji punktunda «resurslary» we «sredany» diýen sözleri degişlilikde «baýlyklary» we «daş-töweregi» diýen sözler bilen çalyşmaly.

44. 88-nji maddada «sostawyna» diýen sözi «düzümine» diýen söz bilen çalyşmaly.

45. 92-nji maddada «kontrollyk» diýen sözi «gözegçilik» diýen söz bilen çalyşmaly.

46. 101-nji maddada «Sudlar» diýen sözi «Sudýalar» diýen söz bilen çalyşmaly.

47. 104-nji maddada «kollegial» diýen sözi «bileleşip» diýen söz bilen çalyşmaly.

48. 106-njy maddada «materiallar» diýen sözi «maglumatlar» diýen söz bilen çalyşmaly.

49. 108-nji maddada:

birinji böleginde «Professional ýuridik» diýen sözleri «Hünärmen hukuk» diýen sözler bilen çalyşmaly;

ikinji böleginde «ýuridik kömegi adwokatlar» diýen sözleri «hukuk kömegini aklawçylar» diýen sözler bilen çalyşmaly.

50. 109-njy maddada «kompetensiýasy» diýen  sözi «ygtyýarlyklary» diýen söz bilen çalyşmaly.

51. 110-njy maddada  «kommersiýa» diýen sözi «täjirçilik» diýen söz bilen çalyşmaly.

52. 111-nji maddada «operatiw-agtaryş» diýen sözleri «dessine-agtaryş» diýen sözler bilen çalyşmaly; «jenaýat işleriniň we materiallarynyň» diýen sözleri «jenaýat we beýleki  işleriniň» diýen sözler bilen çalyşmaly.

53. 112-nji maddanyň birinji böleginde «sistemasyna» diýen sözi «ulgamyna» diýen söz bilen çalyşmaly.

 

         Türkmenistanyň                                                     Saparmyrat

          Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 29-njy dekabry

№ TKK – 3