Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 74-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. № 418-V, 25.11.2017 ý. № 661-V we 09.06.2018 ý. № 42-VI Kanunlary easasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň taryhy we milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary we  jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir.

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) çaga – on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam;

2) çagalyk – çaganyň ömrüniň kämillik ýaşyna ýetmegine çenli döwri;

3) çaganyň hukuklarynyň goralmagy – jemgyýet we döwlet tarapyndan amala aşyrylýan, çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna, çaganyň ösýän ukyplaryna laýyklykda terbiýelenmegine we onuň ösmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler;

4) ýetim çaga – ata-enesiniň ölümi ýa-da olaryň kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilmegi netijesinde ata-enesiniň ikisiniň hem ýa-da ýanýoldaşsyz enäniň (atanyň) hossarlygyndan galan çaga;

5) ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň (mundan beýläk − ata-ene) hossarlygyndan galan çaga – ata-enesi ölen, kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enelik hukuklary çäklendirilen, olaryň saglyk ýagdaýy boýunça hut özi çagany ekläp-saklap we terbiýeläp bilmeýän, bellenilen tertipde nam-nyşansyz giden, kämillik ukyby ýok, kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirýän edaralarda jeza çäresini çekýän, çagany terbiýelemekden, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan boýun gaçyrýan ýa-da beýleki esasly sebäplere görä ata-enesiniň hossarlygyndan galan çaga;

6) maýyplygy bolan çaga – durnukly fiziki, ruhy, aň-düşünje ýa-da duýgurlyk bozulmalary zerarly jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli  gatnaşmaga mümkinçiligi çäkli bolan çaga;

7) çaganyň kanuny wekilleri – kanun esasynda ähli edaralarda, şol sanda kazyýet edaralarynda çaganyň şahsy emläk däl we emläk hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça çykyş edýän adamlar (ata-eneler, perzentlige alanlar, hossarlar, howandarlar, şeýle hem çaga howandarlygynda durýan edaralaryň we guramalaryň wekilleri).

 

2-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi çaganyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

2. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň, bosgun bolup durýan adamyň çagasyna, bosgunçaga hem degişlidir.

 

4-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň deňligi

 

1. Türkmenistan Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirýär.

2. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri  durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.

3. Çaganyň hukuklarynyň deňligi Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary bilen üpjün edilýär.

4. Çaganyň deňhukuklylygynyň teniniň reňkine, jynsyna, milletine, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň hem-de ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki alamatlara görä bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

5-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň çäklendirilmeginiň gadagan edilmegi

 

1. Çaganyň hukuklary çäklendirilip bilinmez, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

2. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini çäklendirýän islendik hereketler we (ýa-da) hereketsizlik hakyky däldir.

 

6-njy madda. Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty

 

1. Çaganyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi onuň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

2. Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir:

1) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine we goralmagyna;

2) çaganyň ýaşamagynyň we saglygynyň goralmagyna, eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagyna;

3) çaga babatda kemsitmelere ýol bermezlige, hukuklary bozulan ýagdaýynda olaryň dikeldilmegine;

4) çaganyň ukyplarynyň goralmagyna we ösdürilmegine, onuň özboluşlylygyny saklap galmaga bolan hukuklaryna hormat goýulmagyna;

5) çaganyň abraýynyň we mertebesiniň goralmagyna;

6) çaganyň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna gatnaşmaga bolan hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deňliginiň üpjün edilmegine;

7) çaganyň hukuklarynyň kepillikleri bilen baglanyşykly hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine;

8) Türkmenistanyň çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda kanunçylygynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine;

9) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi, enelige, atalyga we çagalyga goldaw berilmegi babatda döwletiň maksatlaýyn maksatnamalarynyň düzülmegine we durmuşa geçirilmegine;

10) çaganyň beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegine we ösmegine ýardam edilmegine, çaganyň şahsyýetiniň jemgyýetiň we döwletiň bähbitleri babatda amala aşyrylmagyna;

11) çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin maşgala goldaw berilmegine, çaganyň terbiýelenmeginde we ösmeginde maşgalanyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna;

12) çaganyň türkmen halkynyň taryhy we milli däplerine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de dünýäniň medeniýetiniň ösüşiniň gazananlaryna goşulmagyna;

13) çagalaryň başlangyçlarynyň goldanylmagyna;

14) çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň we guramalarynyň döredilmegine ýardam edilmegine;

15) çagada hukuk aňynyň we hukuk medeniýetiniň ýokary derejesiniň kemala getirilmegine;

16) çaga terbiýe bermegiň maşgala görnüşiniň höweslendirilmegine;

17) çaganyň amatly daşky gurşawa bolan hukugynyň goralmagyna;

18) düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we şolara meňzeş zatlar, şeýle hem genetik taýdan modifisirlenen çeşmeleri hem-de çaganyň ýaşamagy we saglygy üçin howply maddalary we birleşikleri bolan azyk önümleriniň sarp edilmeginden goralmagyna;

19) çaganyň ekologiýa taýdan arassa, gowy hilli we howpsuz azyk önümleri bilen üpjün edilmegine, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilmeginiň höweslendirilmegine;

20) çaganyň saglygyna zyýan ýetirýän mahabatlandyrmadan, neşir önümlerinden, kino-, wideo- we audio ýazgylardan goralmagyna;

21) döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň çygrynda  işiniň açyklygynyň üpjün edilmegine;

22) çagalaryň ýaşaýyş derejesine döwlet durmuş ölçegleriniň bellenilmegine;

23) çaganyň durmuşa uýgunlaşmagyna, çagalaryň arasynda hukuk bozmalaryň azalmagyna ýardam edilmegine;

24) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda iş alyp barýan işgärleriň taýýarlanylmagyna, hünärleriniň ýokarlandyrylmagyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna ýardam berilmegine;

25) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de başga guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň goldanylmagyna;

26) Türkmenistanyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine;

27) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda iş alyp barýan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine.

3. Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler amala aşyrylanda çagalar üçin harytlaryň öndürilmegi we hyzmatlaryň edilmegi üçin döwlet sargydy düzülip bilner.

 

7-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň maliýe üpjünçiligi

 

Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, enelige, atalyga we çagalyga goldaw berilmegi çygryndaky döwlet syýasatynyň maliýe taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen maksatlar üçin býujetden daşary çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

2-nji bap. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we borçlary

 

8-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri

 

1. Her bir çaga döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklar we azatlyklar berilýär we kepillendirilýär.

2. Her bir nikada we (ýa-da) nikasyz doglan çaga döwlet goldawyndan peýdalanýar, olara hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň deň we hemmetaraplaýyn goralmagy üpjün edilýär.

3. Döwlet çaganyň islendik görnüşdäki kemsitmelerden goralmagynyň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görýär.

Maýyplyk alamaty we beýleki ýagdaýlara görä islendik kemsitme gadagan edilýär. Döwlet maýyplygy bolan çagalara beýleki çagalar bilen birmeňzeş, islendik kemsitmelerden netijeli hukuk goragyny kepillendirýär.

 

9-njy madda. Çaganyň ýaşamaga we ösmäge bolan hukugy

 

1. Saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenilen ölçeglere görä diri we ýaşamaga ukyply diýlip kesgitlenen pursatyndan başlap, her bir çaga ýaşamaga, beden, akyl-paýhas we ruhy taýdan ösmäge mynasyp şertlere bolan aýrylmaz hukuga eýedir. Hiç bir çaga ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

2. Döwlet we onuň degişli edaralary çaganyň sagdyn we howpsuz gurşawda ýaşamagynyň we ösmeginiň mynasyp şertlerini üpjün edýän guramaçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady we başga çäreleri görýär.

3. Döwlet sagdyn çaganyň dogulmagynyň we ösmegininiň üpjün edilmegi üçin şertleri döredýär.

4. Her bir çaganyň azat ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýar.

 

10-njy madda. Çaganyň adyna we raýatlyga hukugy

 

1. Her bir çaganyň doglan pursatyndan başlap adyna we raýatlyk edinmäge hukugy bardyr.

2. Çaganyň dogulmagynyň fakty we ýeri raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen  edaralar tarapyndan bellige alynýar.

3. Çaganyň raýatlygy edinmäge we ony üýtgetmäge bolan hukugy Türkmenistanyň raýatlygy hakynda kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

11-nji madda. Çaganyň özboluşlylygyny saklap galmaga bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň doglan pursatyndan başlap özboluşlylygyny, şol sanda raýatlygyny, milletini, adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, şeýle hem maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklap galmaga hukugy bardyr.

2. Eger çaga özboluşlylygynyň bir böleginden ýa-da ählisinden bikanun mahrum edilse, döwlet oňa özboluşlylygyny haýal etmän dikeltmek üçin zerur kömegi we goragy üpjün edýär.

3. Her bir çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adyny, atasynyň adyny we familiýasyny üýtgetmäge hukugy bardyr.

 

12-nji madda. Çaganyň zerur bolan ýaşaýyş derejesine bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň özüniň beden, akyl-paýhas, ahlak, medeni, ruhy we jemgyýetçilik taýdan ösmegi üçin zerur bolan ýaşaýyş derejesine hukugy bardyr.

2. Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin zerur bolan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertleriň döredilmegine jogapkärçilik çekýärler.

3. Hiç bir çaga ýaşamak üçin zerur bolan iň pes mukdardaky serişdesiz, şeýle hem hossarsyz (howandarsyz) galdyrylyp bilinmez.

 

13-nji madda. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge, öz ata-enesini bilmäge, olar tarapyndan alada edilmäge, öz ata-enesi tarapyndan terbiýelenmäge we onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän halatlarda olar bilen bilelikde ýaşamaga, öz ynsanlyk mertebesine hormat goýulmagyna hukugy bardyr.

2. Maşgala çaganyň beden, akyl-paýhas, ahlak, medeni, ruhy we jemgyýetçilik taýdan ösmegi, maddy taýdan üpjün bolmagy üçin tebigy gurşaw bolup durýar we onuň üçin gerekli şertleriň döredilmegine jogapkärçilik çekýär.

3. Çaga öz erkine we islegine garşy ata-enesinden mahrum edilip bilinmez, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

4. Ata-enäniň öz çagalary babatda deň hukuklary we borçlary bardyr. Öz çagasynyň iň gowy bähbitlerini üpjün etmek ata-enäniň esasy aladasy we gönümel borjy bolup durýar.

5. Çaganyň ata-enesiniň çagany terbiýelemäge, onuň saglygy, sazlaşykly ösmegi, okamagy hakynda alada etmäge, jemgyýetçilik-peýdaly zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, türkmen halkynyň taryhy we milli däplerine hormat goýmagy terbiýelemäge hukugy bardyr we borçludyrlar.

6. Öz ata-enesi bilen bilelikde ýaşamaýan çaganyň olar bilen (olaryň biri bilen) şahsy gatnaşyk saklamaga, olar barada maglumatlary almaga, eger-de bu onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, ogullyga (gyzlyga) almagyň syrynyň saklanylmagyna hukugy bardyr.

7. Döwlet we onuň degişli edaralary maşgalanyň birikmegine ýardam berýärler.

8. Ata-enesi ölen, olar ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enesi syrkawlan, olar uzak wagtlap bolmadyk, ata-enelik hukuklaryndan çäklendirilen bolsa ýa-da başga esasly sebäplere görä çaga ata-enesiniň howandarlygyndan galan halatlarynda, çaganyň maşgalada terbiýelenmäge bolan hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan üpjün edilýär.

 

14-nji madda. Çaganyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugy

 

Her bir çaganyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.

 

15-nji madda. Çaganyň şahsy ýaşaýşa bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň şahsy ýaşaýşa bolan hukugy bardyr.

2. Hiç bir çaga özüniň şahsy ýaşaýşa, maşgala durmuşyna bolan hukugyny amala aşyrmagyna, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligine ýa-da hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syryna esassyz ýa-da bikanun goşulmagyň, ýa-da onuň namysyna, at-abraýyna, mertebesine, eý görýän zadyna we mynasyp adyna bikanun gatyşylmagyň obýekti bolup bilmez.

3. Çaganyň şahsy ýaşaýşa bolan hukugynyň bozulmagyna ýol berilmeýär.

 

16-njy madda. Çaganyň öz pikiriniň bolmagyna, wyždan we dine uýmaga erkinligine bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň wyždan we dine uýmaga erkinligine, öz pikirini we garaýyşlaryny erkin beýan etmäge hukugy bardyr.

2. Çaganyň bähbitlerine dahylly islendik meseleler çözülende onuň ýaşy we kämilligi göz öňüne tutulyp, çaganyň pikiri we islegleri nazara alynýar.

 

17-nji madda. Çaganyň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň saglygyny goramaga we onuň berkidilmegine  hukugy bardyr.

2. Her bir çaganyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan, kesellerden bejeriliş serişdelerinden peýdalanmaga we saglygyny dikeltmäge hukugy bardyr. Hiç bir çaga şeýle şertleri ulanmaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

 

18-nji madda. Çaganyň bilime bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň Türkmenistanyň raýatynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýan bilim almaga hukugy bardyr.

2. Her bir çaganyň döwletiň umumy bilim berýän edaralarynda hökmany umumy orta bilimi tölegsiz almaga hukugy bardyr.

3. Döwlet çaganyň zehininiň ösdürilmegini we bilimliligini höweslendirýär.

 

19-njy madda. Çaganyň mynasyp terbiýe almaga bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň taryhy we milli däpleriň, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklaryň, özüňi alyp barmagyň jemgyýetde kabul edilen ýörelgeleriniň, düzgünleriniň we kadalarynyň esasynda şahsyýetiniň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine gönükdirilen mynasyp terbiýe almaga hukugy bardyr.

2. Çaganyň maşgalada terbiýe almagy terbiýäniň çaganyň hukuklaryny we iň gowy bähbitlerini üpjün edýän ileri tutulýan görnüşi diýlip ykrar edilýär.

 

20-nji madda.Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlary bilen gatnaşyk saklamaga we Türkmenistandan gitmäge bolan hukugy

 

1. Çaganyň, şol sanda ogullyga (gyzlyga) alnanyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlary bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

2. Çaganyň ata-enesiniň nikasyny bozmagy, onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi ýa-da ata-enesiniň aýratyn ýaşamagy çaganyň şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklaryna täsir etmeýär.

3. Çaganyň ata-enesiniň aýratyn ýaşaýan halatynda, şol sanda dürli döwletlerde ýaşaýan ata-enesiniň her biri bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

4. Çagadan aýratynlykda ýaşaýan ata-enesi oňa terbiýe berilmegine gatnaşmaga borçludyrlar we onuň bilen gatnaşyk saklamaga haklydyrlar, emma şeýle gatnaşygyň çaganyň ýaşamagyna, saglygyna, mynasyp terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn ösmegine zyýan ýetirýän halatlary muňa degişli däldir.

5. Eger-de çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, çaganyň özünden aýratynlykda ýaşaýan atasy (enesi) barada maglumatlary almaga hukugy bardyr.

6. Çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen gatnaşmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginden gidip biler.

7. Çaga çylşyrymly durmuş ýagdaýynda bolanda (tutulyp saklanylmagy, tussag edilmegi, tussag astyna alynmagy, bejeriş edarasynda bolmagy we ş.m.) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz ata-enesi (olardan biri) we garyndaşlary bilen, olaryň bolmadyk halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň wekilleri bilen  gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

8. Çaganyň ata-enesi (olardan biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlary bilen gatnaşyk saklamagyň, şeýle hem çaganyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan başga döwlete gitmeginiň meseleleri boýunça düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.

9. Çaga sport ýaryşlaryna, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak üçin, şeýle hem syrkawlan halatynda we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda çaganyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

10. Çaganyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

21-nji madda. Çaganyň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň özüniň hemişelik ýaşamagy üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.

2. Hiç bir çaga ýaşaýyş jaýsyz galdyrylyp bilinmez. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir.

3. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň maşgala agzasy bolup durýan çaganyň ýaşaýyş jaýynda ýaşamaga we ondan peýdalanmaga maşgalanyň beýleki agzalary bilen deň hukugy, ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzasy bolup durýan çaganyň bolsa, onda ýaşamaga, ondan peýdalanmaga, şeýle hem ony miras almaga hukugy bardyr.

4. Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzasy bolup durýan çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle ýaşaýyş jaýynda umumy bilelikdäki ýa-da umumy paýly eýeçilige hukugy bardyr.  

5. Çaganyň ata-enesi ölen halatynda ýa-da başga ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çaga berkidilýär.

6. Ýetim çaganyň döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ilkinji nobatda ýaşaýyş jaýynyň berilmegine hukugy bardyr.

7. Çagalar öýünden, garyndaşlarynyň, howandarlarynyň (hossarlarynyň) ýanyndan dolanyp gelen çaganyň, eger kanun boýunça onuň öňki ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy saklanyp galan bolsa, emma kanuny esas boýunça oňa göçüp barmak mümkin däl bolsa, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ilkinji nobatda ýaşaýyş jaýynyň berilmegine hukugy bardyr.

Şonuň ýaly hukuga, eger özbaşdak saglygyny dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda ýatymlaýyn şertinde bejeriş edarasynda bolýan ýetim ýa-da ata-enesiniň howandarlygyndan galan, kämillik ýaşyna ýetenden soň özüne hyzmat edip we özbaşdak ýaşap bilýän maýyplygy bolan çaga hem eýedir.

 

22-nji madda. Çaganyň dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge we saglygyny gowulandyrmaga bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge we saglygyny gowulandyrmaga, öz ýaşyna we saglyk ýagdaýyna görä sport oýunlaryna we medeni-tomaşa çärelerine gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde çaganyň dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge we saglygyny gowulandyrmaga bolan hukugynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, adamlaryň we guramalaryň bu hukugynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işini höweslendirýärler.

 

23-nji madda. Çaganyň medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrylmaga bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň öz halkynyň taryhy, milli däpleri, ruhy baýlyklary we dünýä medeniýeti bilen tanyşdyrylmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiliginiň azatlygyna, jemgyýetiň medeni durmuşyna gatnaşmaga, sungat bilen meşgullanmaga, öz ukyplaryny we bähbitlerini ýüze çykarmaga hukugy bardyr.

2. Türkmenistanda ýaşaýan çaganyň öz milletine laýyklykda ene dilinden peýdalanmaga, medeni we milli däp-dessurlaryny berjaý etmäge hukugy bardyr.

3. Döwlet çaganyň medeni we döredijilikli durmuşa hertaraplaýyn gatnaşmaga bolan hukugyny höweslendirýär we şonuň üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini goldaýar.

4. Döwlet her bir çaga milli ruhy we medeni, taryhy gymmatlyklardan, kitaphanalaryň gorlaryndan, sergi zallaryndan, muzeýlerden, beýleki medeni we aň-bilim edaralaryndan peýdalanmagy üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi arkaly dünýä medeniýetiniň gazananlaryndan tölegsiz peýdalanyp bilmegine şertleri üpjün edýär.

5. Döwlet ýörite çagalar medeniýet we sungat edaralarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň ulgamyny döredýär we olaryň çaganyň özbaşdak we köpçülikleýin döredijiliginiň ösmegine ýardam berilmegine gönükdirilen işine goldaw berýär.

6. Döwlet çagalar, ýetginjekler we ýaşlar üçin niýetlenen kino-, wideo-, we multfilmleriň, tele-, radiogepleşikleriň, metbugat neşirleriniň çykarylmagyna, bütindünýä ulgamynyň maglumatlar gorunyň serişdeleriniň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, şeýle hem çaganyň medeni we estetik ösüşi üçin peýdaly bolan başga bilimleriň ýaýradylmagyna goldaw berýär.

 

24-nji madda. Çaganyň zähmete bolan hukugy

 

1. Her bir çaganyň zähmet çekmäge hukugy bar.

2. Çaga bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň, howandarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, şol sanda kinematografiýa edaralarynda, teatrlarda, teatral we konsert guramalarynda, sirklerde eserleriň döredilmegine we (ýa-da) ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga, eger-de onuň zähmet işi mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýär. Şu ýagdaýda işgäriň adyndan zähmet şertnamasyna onuň ata-enesi (hossary, howandary) gol çekýär we zähmet şertnamasyny baglaşmaga razylyk we rugsat ýazmaça resmileşdirilýär.

3. Çaganyň zähmete çekilmegine Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen tertipde iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär.

4. Çagalar zähmet hukuk gatnaşyklarynda kämillik ýaşyndakylara deňlenýär, zähmeti goramak, iş wagtynyň, zähmet rugsatlarynyň we zähmetiň başga şertleriniň çygrynda bolsa, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

25-nji madda. Çaganyň mirasa bolan hukugy

 

Her bir çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde miras almaga hukugy bardyr.

 

26-njy madda. Çaganyň eýeçilik hukuklary

 

1. Çaganyň öz ata-enesinden (olardan birinden) we maşgalanyň beýleki agzalaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde eklenç almaga hukugy bardyr.

2. Çaganyň öz alan girdejilerine, özüniň sowgat ýa-da miras alma tertibinde alan emlägine, şeýle hem çaganyň serişdelerine satyn alnan islendik emläge eýeçilik hukugy bardyr.

Çaganyň özüne eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan emläge ygtyýarlyk etmäge bolan hukugy Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda kesgitlenilýär.

3. Çaganyň ata-enesiniň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur, ata-enäniň çaganyň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur. Bilelikde ýaşaýan çagalar we ata-ene özara ylalaşyp, bir-biriniň emlägine eýelik edip we ony peýdalanyp bilerler.

4. Çaganyň we ata-enäniň umumy eýeçilik hukugy ýüze çykan halatynda, olaryň şol emläge eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

 

27-nji madda. Çaganyň döwlet kömek puluna bolan hukugy

 

Çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde döwlet kömek puluna hukugy bardyr.

 

28-nji madda. Çaganyň ulaglarda ýeňillikli gatnamaga bolan hukugy

 

1. Şu çagalaryň ulagda tölegsiz gatnamaga hukugy bar:

1) ýedi ýaşyna çenli – şäher we şäherýaka ugurlar boýunça yzygiderli gatnaýan awtobuslarda;

2) bäş ýaşyna çenli – (aýratyn orun berilmezden bir çaga) – şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda, şäherýaka we şäherara gatnawyndaky demirýol ulagynda, howa we suw ulaglarynda.

2. Çaganyň ýol peteginiň bahasynyň elli göterimi möçberinde ýeňillige bolan hukugy:

1) bäş ýaşdan on iki ýaşa çenli – howa ulagynda;

2) bäş ýaşdan on ýaşa çenli – suw ulagynda.

3. Çaganyň awtomobil, demir ýol, howa we suw ulaglarynda gatnamagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän beýleki ýeňilliklere hem hukugy bardyr.

4. Şu maddanyň birinji-üçünji böleklerinde görkezilen gatnaw üçin ýeňillikler, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginde hereket edýär.

 

29-njy madda. Çaganyň çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna birleşmäge bolan hukugy

 

1. Çaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna birleşmäge hukugy bardyr.

2. Çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz guramalaryny döredip, beýleki döwletleriň çagalar, ýetginjekler we ýaşlar jemgyýetçilik birleşikleri we guramalary bilen aragatnaşygy ýola goýup, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara çagalar, ýetginjekler we ýaşlar jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna girip bilýärler.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary çagalar, ýetginjekler we ýaşlar jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna kömek we işine goldaw berýärler.

 

30-njy madda. Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan çaganyň hukuklary

 

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan çaga ähli hukuklardan peýdalanýar we Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan çagalar bilen deň derejede borçlary çekýär.

 

31-nji madda. Bosgun çaganyň hukuklary

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bosgun derejesi berlen çaga Türkmenistanyň raýaty bolan çaga üçin şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen çäklerdäki ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýar we borçlary çekýär.

2. Bosgun çaga şulara bolan hukuklardan peýdalanýar:

1) ilatly ýerlerden teklip edilen sanawyndan ýa-da özi bilen bilelikde ýaşamaga razy bolan garyndaşlarynyň ýanyndan ýaşajak ýerini saýlamaga;

2) degişli edaralaryň ýardam bermeginde öňki ýaşan ýurdunda ýaşaýan garyndaşlary barada maglumatlary almaga;

3) öňki ýaşan ýurduna meýletin dolanyp barmaga ýa-da islendik üçünji ýurda göçüp gitmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlygyny edinmäge;

3. Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bosgun çaganyň hukuklaryny goramak maksady bilen:

1) migrasiýa gullugy edarasynyň ibermegi boýunça ýaşamaly ýerine gelen bosgun çaga wagtlaýyn ýaşamak üçin ýaşaýyş jaýyny berýärler;

2) oňa işe ýerleşmäge ýardam berýärler;

3) hemişelik seredilmegine mätäç maýyplygy bolan bosgun çagany birinji nobatda ilaty durmuş taýdan goraýan edara ýerleşdirýärler;

4) bosgun çaganyň mekdebe çenli ýa-da umumy orta bilim berýän edara ýerleşdirilmegine ýardam berýärler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda oňa lukmançylyk kömegini berýärler we derman serişdeleri bilen üpjün edýärler;

6) onuň haýyşy boýunça öňki öz hemişelik ýaşaýan ýurduna dolanyp barmagyna ýardam edýärler.

 

32-nji madda. Çaganyň borçlary

 

1. Her bir çaga şulara borçludyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge;

2) Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny bilmäge we olara hormat goýmaga;

3) Watanyny söýmäge;

4) milli däp-dessurlara, medeni we taryhy gymmatlyklara hormat goýmaga we daşky gurşawy aýap saklamaga;

5) öz borçlaryny ýerine ýetirmegi we hereketleri üçin şahsy jogapkärçilik çekmegi ruhunda terbiýelenmäge;

6) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunyna laýyklykda hökmany bolup durýan umumy orta bilimi almaga;

7) bilimleri almaga, özüni zähmete we jemgyýete peýdaly başga işe taýýarlamaga;

8) öz ata-enesine, maşgalanyň beýleki agzalaryna hormat goýmaga, olar garranlarynda, kesellände ýa-da başga nähoşlukda bolanlarynda hossarlyk etmäge, öz ata-enesine we maşgalanyň başga kömege mätäç agzalaryna kömek etmäge;

9) beýleki adamlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine hormat goýmaga;

10) maşgalada we jemgyýetde özüňi alyp barmagyň bellenilen kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge;

11) öz saglygy barada alada etmäge we ony gorap saklamaga;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Çaga öz hukuklaryndan peýdalanan mahalynda beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaly däldir.

3. Çagalaryň öz borçlaryna düşünmegi we ol borçlary ýerine ýetirmegi üçin ata-eneler, şeýle hem degişli edaralaryň we bilim edaralarynyň wekilleri çagalaryň arasynda düşündiriş we terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar.

 

3-nji bap. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny

bähbitleriniň goralmagynyň döwlet kepillikleri

 

33-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň döwlet kepillikleri

 

1. Döwlet çaganyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, şeýle hem halkara hukugynyň degişli namalarynda berkidilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär.

2. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy maşgalada –ata-enesi, çagalar, bilim ýa-da ýöriteleşdirilen bejeriş-terbiýe beriş edarasynda onuň ýolbaşçylygy, şeýle hem döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, degişli jemgyýetçilik birleşikleri we başga guramalar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

34-nji madda. Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky ygtyýarlyklary

 

Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda:

1) çaganyň bähbitlerine ýeke-täk döwlet syýasatynyň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar;

2) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi boýunça işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýärler;

3) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi, eneligiň, atalygyň we çagalygyň goldanylmagy boýunça döwlet maksatlaýyn maksatnamalarynyň emele getirilmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar;

4) şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine jogapkär adamlaryň toparyny kesgitleýärler;

5) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi we barlagy amala aşyrýarlar;

6) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik birleşikleri we guramalary bilen arkalaşykly hereket edýärler;

7) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar;

8) çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýärler.

 

35-nji madda. Çaganyň mynasyp terbiýe almaga bolan hukugynyň goralmagy

 

1. Çaganyň maşgalada terbiýelenmegi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça bes edilip bilner.

2. Çaganyň ata-enesi onuň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini üpjün etmek maksady bilen çaga hakda alada we hossarlyk etmäge, onuň ösmegi we kämilleşmegi üçin şertleri döretmäge, ony watansöýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemäge, özboluşlylygyny, ýaşyny we jynsyny nazara alyp, onuň bilen şahsyýet hökmünde gatnaşmaga borçludyr.

Çaganyň ata-enesi onuň ýaşyny we kämillik ukybyny nazara alyp, onuň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine we goralmagyna gönükdirilen özbaşdak hereketleriniň amala aşyrylmagynda ýardam berýärler.

3. Çaganyň mertebesiniň peseldilmegine, onuň gorkuzylmagyna, oňa beden temmisiniň berilmegine, onuň janyna, saglygyna, terbiýesine we hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine zyýan ýetirýän başga ynjytmalara ýol berilmeýär.

4. Ata-enäniň ikisi hem çaganyň ýaşamagyna, saglygyna we mynasyp terbiýe almagyna birmeňzeş jogapkärçilik çekýärler.

5. Döwlet ýetim çaganyň, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çaganyň  ogullyga (gyzlyga) alynmagyny– maşgala görnüşli terbiýäniň berilmegini üpjün edýär.

6. Döwlet çaganyň ahlaksyzlygyň islendik görnüşinden, ata-enesi, şeýle hem çaganyň terbiýesine we ol barada alada edilmegine jogapkärçilik çekýän beýleki adamlar tarapyndan gödek daralmagyndan goralmagyny üpjün edýär, hossarlygyň (howandarlygyň) göwnejaý şertleriniň berjaý edilişine degişli gözegçiligi üpjün edýär.

 

36-njy madda. Çaganyň bilime bolan hukuklaryny goramak

 

1. Döwlet çaganyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bilim almagy üçin zerur şertleri we kepillikleri döredýär.

2. Çaganyň bilimi onuň akyl we beden taýdan mümkinçilikleriniň açylmagyna, şahsyýetiniň, döredijilik ukyplarynyň we zehininiň ösmegine, estetiki terbiýesine we medeni taýdan ösüşine ýardam bermelidir. Döwlet şu maksatlar bilen okuw we usulyýet edebiýatynyň, çagalar üçin kitaplaryň, žurnallaryň we gazetleriň neşir edilmegini, kino, wideo we multfilmleriň, tele- we radiogepleşikleriň çykarylmagyny höweslendirýär, ruhy-medeni ösüş bilen baglanyşykly materiallardan, bütindünýä ulgamynyň maglumatlar gorundan peýdalanmaga mümkinçiligi üpjün edýär.

Çaga özbaşdak ýaşamaga taýýarlanylmalydyr, ata-enesine, watandaşlaryna, beýleki adamlara, döwlet diline, beýleki halklaryň milli medeniýetine we däplerine, dillerine we medeniýetlerine hormat bilen garamak ruhunda terbiýelenmelidir, töwerekdäki tebigy gurşawa aýawly garamak, maşgalada we jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmek öwredilmelidir.

3. Umumy bilim berýän edaralar çaganyň oýlanyşykly hünär saýlap bilmegini we hünär taýdan taýýarlanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

4. Döwlet bilim ulgamyny we bilim almak üçin degişli durmuş- ykdysady şertleri döretmek arkaly çaganyň bilime bolan hukugyny üpjün edýär.

5. Durmuş taýdan goldanylmaga mätäç çaganyň bilime bolan hukugyny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet onuň bilim alýan döwründe eklenip saklanylmagy üçin çykdajylary çekýär.

6. Döwlet maýyplygy bolan çaga umumy kysymly bilim edaralarynda bilim almagy üçin (inklýuziw bilim) şertleri we elýeterliligi üpjün edýär.

7. Döwlet aýratyn ukyplaryny ýüze çykaran çaga ýörite döwlet talyp haklary, şol sanda oňa daşary ýurtlarda okamak üçin talyp haklaryny bermek arkaly bilim almagyna ýardam berýär.

8. Döwlet çaganyň döredijilik ukyplarynyň ösmegi, onuň estetik terbiýesiniň üpjün edilmegi üçin zerur şertleri döredýär, çagalar üçin edebiýatyň çykarylmagyny we ýaýradylmagyny, durmuş we medeni babatlarda çaga üçin peýdaly bolan dürli medeni, milli we halkara çeşmelerinden bolan habarlaryň we maglumatlaryň ýaýradylmagyny, çaganyň ýaşamagy, saglygy, göwnejaý terbiýe almagy we doly ösmegi üçin zyýanly netijeleri bolan habarlaryň we maglumatlaryň goralmagynyň ýörelgeleriniň işlenip düzülmegini höweslendirýär.

 

37-nji madda. Çaganyň saglyga we sagdyn gurşawa bolan hukuklarynyň goralmagy

 

1. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberde çaganyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan tölegsiz peýdalanmagyny, tölegsiz hünärli lukmançylyk kömegini almagyny kepillendirýär. Döwlet çaganyň durmuşy we sagdyn ösüşi, doly iýmitlenmegi, arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine laýyk endikleriň emele gelmegi üçin howpsuz şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

2. Çaganyň saglygynyň goralmagyna bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, döwletiň saglygy goraýyş edaralarynda çaga keseliniň öňüniň alynmagy, lukmançylyk taýdan anyklanylmagy, bejeriş-sagaldyş işi, şol sanda dispanser gözegçiligi, maýyplygy bolan çaganyň we ötüşen kesellerden ejir çekýän çaganyň abilitasiýasy we reabilitasiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şypahana edaralarynda bejerilmegi göz öňünde tutulýan tölegsiz lukmançylyk kömeginiň berilmegi amala aşyrylýar.

3. Döwlet tarapyndan çaganyň terbiýelenmeginiň, okadylmagynyň we eklenip saklanylmagynyň döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalyk ölçegleriniň talaplaryna laýyk şertleri kepillendirilýär.

4. Döwlet mekdepden daşary edaralaryň, sport desgalarynyň, klublaryň we çaganyň saglygynyň berkidilmegine we onuň boş wagtynyň geçirmegine gönükdirilen işi amala aşyrýan beýleki obýektleriň giň ulgamynyň döredilmegini höweslendirýär we maddy taýdan goldaýar.

 

38-nji madda. Çaganyň işde ulanylmagyndan goralmagy

 

1. Döwlet hukuk, ykdysady, durmuş, lukmançylyk we terbiýeçilik häsiýetli serişdeler arkaly çagany işde ulanylmagynyň ähli görnüşlerinden goraýar.

2. Zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlerde, şeýle hem ýerine ýetirilmegi çaganyň saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirip biljek işlerde (humarly oýunlar täjirçiliginde, spirtli içgileriň, temmäki önümleriniň, neşe, zäherli we başga serişdeleriň önümçiliginde, daşalmagynda we söwdasynda) on sekiz ýaşyna ýetmedik çaganyň zähmetiniň ulanylmagy gadagandyr. Çaga şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aňryçäk ölçeglerden geçýän agyrlyklary geçirmek we ondan-oňa süýşürmek, götermek we ýerini üýtgetmek gadagandyr.

3. On sekiz ýaşyna ýetmedik çagany gijeki wagtdaky, iş wagtyndan daşary, dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we ýatlama günlerindäki işlere çekmek, şeýle hem ony gulluk iş saparlaryna ibermek gadagandyr.

4. Çaganyň okuw ýylynyň dowamynda okuwdan alnyp galynmagy bilen baglanyşykly oba hojalyk we başga işlere çekilmegine ýol berilmeýär.

 

39-njy madda. Çagany neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun ulanylmagyndan, temmäki önümleriniň sarp edilmeginden goramak

 

1. Döwlet sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we çaganyň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun ulanylmagyndan, temmäki önümleriniň sarp edilmeginden goralmagy boýunça zerur çäreleri görýär, olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket edýär.

2. Çaganyň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň önümçiligine, dolanyşygyna, ýaýradylmagyna we ulanylmagyna, temmäki önümleriniň sarp edilmegine çekilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Döwlet neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ulanylmagy, alkogolyň, temmäki önümleriniň sarp edilmegi we temmäki tüssesiniň täsiri bilen baglanyşykly keselleriň öňüniň alynmagyny amala aşyrýar, temmäkä garaşlylygyndan we temmäki önümlerini, alkogoly ulanmagyň netijelerinden bejerilmäge mätäçlik çekýän çaga lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün edýär, neşekeşlik we toksikomaniýa bilen näsaglan çaga narkologik kömeginiň berilmegini kepillendirýär.

4. Tele-, wideo- we multfilmleri hem goşmak bilen, täze döredilýän audiowizual eserlerde, teatr-tomaşa sahnalarynda, tele-wideo- we kinoprogrammalarynda neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň, temmäki önümleriniň mahabatlandyrylmagy we görkezilmegi hem-de olaryň ulanylmagy, şeýle hem neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň, temmäki önümleriniň görkezilmegi we olaryň ulanylmagy amala aşyrylýan jemagat öňünde çykyş etmek, habar bermek gadagandyr.

 

40-njy madda. Çaganynyň edepsizlikden goralmagy

 

1. Türkmenistanda bihaýaçylykly çap önümleriniň, kino-, wideo- we multfilmleriň ýa-da bihaýaçylykly häsiýetli başga zatlaryň we serişdeleriň taýýarlanylmagy, ýaýradylmagy we mahabatlandyrylmagy, şeýle hem çaganyň şeýle önümiň taýýarlanylmagyna, ýaýradylmagyna we mahabatlandyrylmagyna çekilmegi gadagandyr.

2. Döwlet çagalaryň jyns gatnaşygy häsiýetli islendik kast etmelerden we zorlukdan goralmagyny üpjün edýär.

 

41-nji madda. Çaganyň janyna, saglygyna, terbiýesine we doly sagdyn ösmegine zyýan ýetirýän habarlardan we maglumatlardan goralmagy

 

1. Döwlet çaganyň janyna, saglygyna, terbiýesine we doly sagdyn ösmegine zyýan ýetirmeýän dürli çeşmelerden habarlary we maglumatlary almagyna ýardam berýär.

2. Çagalar üçin urşy, rehimsizligi, zorlugy, jynsy, dini kemsitmäni, jyns we ýaş tapawutlary esasynda kemsitmäni gös-göni höweslendirýän ýa-da wagyz edýän ýa-da çaganyň ruhy we ahlak taýdan ösüşine başgaça zyýan ýetirýän oýnawaçlaryň we kompýuter oýunlaryň, tele-, kino-, wideo- we multfilmleriň, audio we wideo ýazgylarynyň, kitaplaryň, gazetleriň we žurnallaryň we başga neşirleriň önümleriniň görkezilmegi, kireýine berilmegi, satylmagy, sowgat edilmegi we köpeldilmegi gadagan edilýär.

3. Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesillerini goramak, olarda saglygyna jogapkärli garaýşy emele getirmek, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň, temmäki önümleriň sarp edilmegine ýol bermezlik, olaryň sarp edilmegi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak maksady bilen neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň, temmäki önümleriň sarp edilmeginiň zyýanly netijeleri we adamyň bedenine temmäki tüssesiniň zyýanly täsiri hakyndaky maglumatlar ýaýradylýar we olar baradaky bilimler wagyz edilýär.

4. Umumy bilim maksatnamalarynda we hünär bilim maksatnamalarynda adamyň bedenine neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň, temmäki önümleriniň we temmäki tüssesiniň sarp edilmeginiň zyýanly täsirini öwretmek boýunça degişli bölümleri bolmalydyr.

5. Çaga neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň, temmäki önümleriniň sarp edilmeginiň we temmäki tüssesiniň zyýanly täsiri hakynda düşünje bermek maşgalada, bilim edaralarynda –terbiýe bermegiň we okatmagyň barşynda, saglygy goraýyş edaralary, şeýle hem iş berijiler tarapyndan iş ýerlerinde amala aşyrylýar.

6. Çaganyň ýaşaýşynyň howpsuzlygyny, saglygynyň, ahlagynyň goralmagyny üpjün etmek, onuň ýaşaýşyna, saglygyna, mynasyp terbiýelenmegine we sagdyn ösmegine zyýanly täsirini ýetirip biljek oýunlaryň, serişdeleriň we enjamlaryň oňaýsyz täsirinden goramak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde olaryň bilermenler seljermesi geçirilýär.

 

42-nji madda. Maýyplygy bolan çaganyň hukuklarynyň goralmagy

 

1. Türkmenistanda maýyplygy bolan çaga Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda berkidilen durmuş-ykdysady, şahsy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ählisine eýedir.

Maýyplygy bolan çaganyň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Maýyplygy bolan çagany kemsitmek gadagandyr. Maýyplygy bolan çaganyň beýleki çagalar bilen deň derejede özüniň beden hem-de ruhy taýdan bütewüligine hormat goýulmagyna hukugy bardyr.

Onuň kemsidilmegine ýol berýän adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

3. Döwlet maýyplygy bolan çaganyň, onuň şahsy ukyplarynyň we bähbitleriniň nazara alynmagy bilen, beýleki çagalar bilen deň derejede adamyň ähli hukuklarynyň we azatlyklarynyň, maýyplygy bolan çaganyň ösýän ukyplaryna we onuň özboluşlylygyny saklap galmaga bolan hukuklarynyň üpjün edilmegine ähli zerur çäreleri görýär.

4. Maýyplygy bolan çaga babatynda ähli işlerde çaganyň iň gowy bähbitlerine ilkinji nobatda üns berilýär.

5. Döwlet maýyplygy bolan çaganyň  ýaşyna we kämillik derejesine laýyk gelýän özüne degişli ähli meseler boýunça beýleki çagalar bilen bir hatarda öz garaýşyny erkin beýan etmäge, bu hukugyň durmuşa geçirilmegine maýyplygyna hem-de ýaşyna laýyklykda kömek almaga bolan hukugyny üpjün edýär.

6. Döwlet maýyplygy bolan çagany durmuş taýdan goldamak we maýyplygy bilen uýgunlaşdyrmak maksady bilen, oňa bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik ulagynyň we ş.m. elýeter bolmagyny üpjün edýän amatly gurşawy döredýär, onuň beýleki çagalar bilen bir hatarda jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli gatnaşmagyna ýardam berýär.

7. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maýyplygy bolan çaga döwlet kömek pulunyň tölenilmegi we durmuş ýeňillikleriniň berilmegi arkaly maddy üpjünçilik hem-de durmuş taýdan hyzmat etmek görnüşinde amala aşyrylýan durmuş goraglylygyny kepillendirýär.

8. Maýyplygy bolan çagany terbiýeleýän ata-enä Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikler berilýär.

 

43-nji madda. Ýetim çagalaryň we ata-enäniň hossarlygyndan galan çagalaryň eklenip saklanylmagy we terbiýelenmegi

 

1. Döwlet ýetim çagalaryň we ata-enäniň hossarlygyndan galan çagalaryň eklenip saklanylmagyny we terbiýelenmegini üpjün edýär, şeýle çagalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde merkezleşdirilen hasaba alnyşynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär.

2. Ýetim çaga ýa-da ata-enäniň hossarlygyndan galan çaga onuň iň gowy bähbitleri üçin iň ýakyn garyndaşlarynyň maşgalasyna ogullyga (gyzlyga) berilýär.

3. Çaga terbiýäniň maşgala görnüşi bilen üpjün edilip bilinmedik halatynda, ol hossarlyga (howandarlyga) almagy üçin hossara (howandara) berilýär ýa-da doly döwletiň üpjünçiligi bolan degişli çagalar edarasyna, durmuş taýdan hyzmat edarasyna ýollanýar. Şeýle edaralarda terbiýelenýänlere hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, özbaşdak ýaşaýşa we zähmete taýýarlanylmagy üçin zerur şertler döredilýär.

4. Ýetim çaga ýa-da ata-enäniň hossarlygyndan galan çaga şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňinde tutulan hukuklara eýedir.

5. Şeýle çagalaryň ogullyga (gyzlyga), hossarlyga (howandarlyga) berilmeginiň tertibi, olaryň ogullyga (gyzlyga) alanlaryň maşgalalarynda, şeýle hem hossarlykda (howandarlykda) bolýanlaryň ýaşamagynyň we terbiýe almagynyň şertlerine gözegçiligiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

6. Çagalaryň ogullyga (gyzlyga), hossarlyga (howandarlyga) ýa-da Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryň maşgalalaryna terbiýelenmäge berilmegi boýunça dellalçylyk, täjirçilik işi gadagandyr.

7. Ýetim çaganyň ýa-da ata-enäniň hossarlygyndan galan çaganyň ogullyga (gyzlyga) ýa-da hossarlyga (howandarlyga) alynmagy netijesinde maksadalaýyk bolmadyk maddy bähbidiň alynmagyna ýol berilmeýär.

 

44-nji madda. Çaga jogapkärçilige çekilen halatynda onuň hukuklarynyň goralmagy

 

1. Çagany tutup saklamaga, tussag etmäge, azatlygyny başga hili çäklendirmäge ýa-da azatlykdan mahrum etmäge diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýol berilýär, bu barada çaganyň ata-enesine ýa-da kanuny wekillerine haýal etmän  habar berilýär.

2. Çagalaryň azatlykdan mahrum edilmegi görnüşinde jeza çäresini çekmeginiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

 

45-nji madda. Çaganyň ogurlanmadan we söwdasyndan goralmagy

 

Döwlet çaganyň islendik maksat bilen we islendik görnüşdäki ogurlanmagynyň we onuň söwdasynyň öňüniň alynmagy üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.

 

46-njy madda. Ata-enäniň çagany terbiýelemäge we ösdürmäge bolan hukuklary we borçlary

 

1. Çaganyň maşgalada terbiýelenmegi onuň şahsyýetiniň sazlaşykly ösmegine esas bolup durýar.

2. Her bir ata-enäniň üstüne öz çagasynyň terbiýe, bilim almagy we ösmegi üçin birmeňzeş jogapkärçilik ýüklenilýär, döwlet bolsa bu ugurda olara goldaw berýär.

3. Çaganyň ata-enesi çagany terbiýelemäge, saglygy, okuwy, beden hem-de ruhy we ahlak taýdan ösmegi barada alada etmäge, tebigy ukyplarynyň ösmegine gerek bolan şertleri döretmäge, çaganyň mertebesine hormat goýmaga, ony özbaşdak ýaşamaga we zähmet çekmäge taýýarlamaga hukugy bardyr we borçludyrlar, döwlet bolsa ata-enä çagany terbiýelemekde degerli kömegi berýär.

4. Döwlet ata-enä öz çagasyna terbiýe bermekdäki borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek berýär, maşgalanyň hukuklaryny goraýar, çagalar edaralarynyň ulgamynyň ösdürilmegine ýardam berýär.

5. Ata-ene çaganyň ýaşyny we hukuk ukyplylygyny nazara almak bilen onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge we goramaga gönükdirilen özbaşdak hereketlerini amala aşyrmagynda oňa ýardam edýär.

6. Çaganyň ata-enesi çaganyň saglygynyň goralmagy, beden we ruhy taýdan ösmegi, okamagy bilen baglanyşykly azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy we (ýa-da) çäklendirilendigi üçin, şeýle hem ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da ýerine ýetirmekden boýun gaçyrandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

7. Çaganyň ata-enesi, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri çaganyň saglygyna howp dörän ýagdaýynda oňa zerur bolan lukmançylyk kömegini bermekden boýun gaçyran mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

8. Saglygy goraýyş işgärleri gyssagly lukmançylyk kömegine mätäçlik çekýän çaganyň saglygyna howp abanýan ýagdaý dörän halatynda çaganyň howply ýagdaýda goýlany üçin jogapkärçilik çekýändigini ata-enelere duýdurmaga borçludyrlar.

 

4-nji bap. Jemleýji düzgünler

 

47-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

 

48-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

49-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 2002-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 2, 18-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

     Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 3-nji maýy.

№ 74-V.