Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 107-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 130-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP.UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parky hakynda düşünje

 

Ylmy-tehnologiýa parky diýlip,dünýäde ylmyň we tehnikanyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine laýyk gelýän innowasiýa kuwwatyny emele getirýän, innowasiýa işiniň amala aşyrylmagy we (ýa-da) durmuşa geçirilmeginiň şertleriniň döredilmegi üçin öz aralarynda, şonuň ýaly-da döwlet häkimiýet edaralary bilen özara hereket edýän ylmy guramalary, bilim edaralaryny, fiziki we ýuridik şahslary innowasiýa işine çekýän, innowasiýa infrastrukturasynyň subýektine düşünilýär.

Ylmy barlaglaryň we taslama işläp taýýarlamalaryň netijeleriniň önümçilige çaltlandyrylyp geçirilmeginiň we olaryň täjirçilik esasynda sarp edijä ýetirilmeginiň wezipeleriniň toplumlaýyn çözülmegi ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň mazmuny bolup durýar.

Eger hojalygy ýörediji subýekt şu aşakdaky esasy ölçeglere laýyk gelýän bolsa, onda oňa ylmy-tehnologiýa parkynyň derejesi berlip bilner:

1) ýuridik şahsyň hukuk ýagdaýynyň bolmagy;

2) innowasiýa işini amala aşyrmagyň şertlerine jogap berýän gozgalmaýan emläge eýelik etmegi ýa-da dolanyşygynda gozgalmaýan emlägiň bolmagy;

3) innowasiýa infrastrukturasynyň hyzmatlaryna bolan talaby kanagatlandyrýan hem-de ýaňy başlaýanlara edilişi ýaly, hereket edýän innowasiýa kärhanalaryna goldawy we hyzmat etmegi üpjün edýän serwis hyzmatlary gurluşlarynyň bolmagy.

“Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmy-tehnologiýa parky hökmünde şu Kanunyň degişli düzgünleri bilen bellenilen tertipde ylmy-tehnologiýa parkynyň derejesini alan ylmy-tehnologiýa merkezi, tehnologiýa merkezi, täjirçilik-inkubator, innowasiýa merkezi, köpçülikleýin ulanylýan innowasiýa merkezi, tehnologiýalaryň transfer merkezi we beýleki ýuridik şahslar çykyş edip bilerler. Görkezilen edaralar ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyna özbaşdak ýuridik şahs hökmünde, şeýle hem olaryň ýeke-täk dolandyryşa birleşmegi netijesinde eýe bolup bilerler.

Şu Kanunda ulanylýan beýleki düşünjeler, Türkmenistanyň kanunçylygynda olar nähili manyda kesgitlenen bolsa, şol manylarda hem peýdalanylýar.

 

2-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ylmy hem-de innowasiýa işlerinde gatnaşyklary düzgünleşdirýän şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňüne tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II BAP. YLMY-TEHNOLOGIÝA PARKLARYNYŇ

DÖREDILMEGI WE IŞI

 

3-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmegiň we olaryň işiniň maksatlary hem-de wezipeleri

 

1. Şu aşakdakylar ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmegiň we olaryň işiniň maksatlary bolup durýarlar:

1) ileri tutulýan ugurlara ýetmäge we Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen innowasiýa işini amala aşyrmak;

2) innowasiýa taglymlaryny we önümlerini içerki hem-de halkara bazaryna ibermek;

3) önümçilige innowasiýa önümini girizmäge gönükdirilen ylmy barlaglary we taslama işläp taýýarlamalary ösdürmek;

4) ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek;

5) innowasiýa ugurly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek.

2. Şu aşakdakylar ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmegiň we olaryň işiniň wezipeleri bolup durýarlar:

1) ylmy köp talap edýän täze tehnologiýalary döretmek we bar bolanlaryny ösdürmek hem-de innowasiýa önümini öndürmegi guramak;

2) innowasiýa taslamalaryny işläp taýýarlamak;

3) ylmy barlaglaryň netijeleriniň täjirleşdirilmegi üçin ylmy kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady rejeli peýdalanmak;

4) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylaryna serwis hyzmatlaryny etmek;

5) innowasiýa taslamalarynyň seljermesini geçirmek;

6) innowasiýa işini üpjün etmek üçin işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak;

7) daşary ýurt innowasiýa tehnologiýalaryny we başga innowasiýalary ýüze çykarmak we olary ýerli şertlere baglamak;

8) innowasiýa çygrynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek.

 

4-nji madda.Ylmy-tehnologiýa parkynyň esasy wezipeleri

 

1. Şu aşakdakylar ylmy-tehnologiýa parkynyň esasy wezipeleri bolup durýarlar:

1) innowasiýa önüminiň (harydyň ýa-da hyzmatlaryň) täze ýa-da düýpli kämilleşdirilen görnüşlerini döretmek, olaryň täjirleşdirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrmak, ylmy köp talap edýän, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply innowasiýa önümleriniň önümçiligini guramak we öndürilmegini üpjün etmek;

2) ykdysadyýetiň pudaklarynda peýdalanmak üçin amaly ähmiýeti bar bolan innowasiýa häsiýetli ylmy netijeler we teklipler barada maglumatlar bankyny döretmek;

3) döwlet we halkara ylmy-tehniki we innowasiýa maksatnamalaryny (taslamalaryny) işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge gatnaşmak;

4) öz işine töwekgelçilikli (wençur) maýany çekmek we  peýdalanmak;

5) innowasiýa taslamalaryna seljerme geçirmek we seçip almak, innowasiýa teklipleriniň täjirçilik töwekgelçiligine baha bermek,degişli önümleriň marketingi, hyzmatdaşlary we maliýeleşdirmegiň çeşmelerini gözlemek, innowasiýa taslamalarynyň ätiýaçlandyrylmagyna ýardam etmek;

6) innowasiýa-tehnologiýa gözegçiligini geçirmäge gatnaşmak;

7) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylaryny maglumat-usulyýet, hukuk we konsalting taýdan üpjün etmek, patent-ygtyýarlandyryş kömegini bermek;

8) innowasiýa kärhanalaryny döretmekde ýardam bermek, olara ylmy-tehniki, konsalting, inžiniring, lizing we beýleki hyzmatlary etmek;

9) ylmy-tehnologiýa parkynyň düzümine girýän innowasiýa kärhanalaryna şertnamalaýyn esasda barlaghana we synag-önümçilik meýdanlaryny, ylmy barlaglary we tejribe-konstruktorçylyk işlerini ýerine ýetirmek üçin enjamlary, edara jaýlaryny, görkeziliş hem-de maslahatlar zallaryny bermek;

10) ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy hem-de ylmy-mugallymçylyk işgärlerini innowasiýa taslamalaryny işläp taýýarlamaga we ýerine ýetirmäge çekmek;

11) innowasiýa taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin gerekli işgärleri maksatlaýyn taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy guramak;

12) ylmy we innowasiýa işleriniň çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurt hyzmatdaşlaryny seçip almak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmek;

13) halkara maslahatlaryny we sergilerini guramak we olara gatnaşmak;

14) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki wezipeler.

2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň çäklerinde, ylmy-tehnologiýa parkynyň maksatlaryna laýyk gelmeýän söwda-dellalçylyk işi, durmuş hyzmatlaryny etmek, aksize degişli harytlary öndürmek we gaýtadan işlemek hem-de işleriň şulara meňzeş beýleki görnüşleriniň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär.

 

5-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy

 

1. Ylmy-tehnologiýa parkyny döretmek baradaky çözgüt onuň esaslandyryjysy (esaslandyryjylary) tarapyndan, şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde kabul edilýär.

Ylmy-tehnologiýa parklarynyň esaslandyryjylary ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslar, şol sanda daşary ýurtlular hem bolup bilerler.

2. Ylmy-tehnologiýa parkyny döretmek baradaky esaslandyryjy şertnamada esaslandyryjylaryň ylmy-tehnologiýa parkyny döretmek borçlary, ony döretmek boýunça olaryň bilelikdäki işiniň tertibi, ylmy-tehnologiýa parkyna emlägi we esaslandyryjylaryň maddy däl aktiwlerini tabşyrmagyň şertleri kesgitlenilýär.

3. Innowasiýa infrastrukturasynyň subýekti ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýuridik şahs hökmünde, onuň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden emele gelýär. Ylmy-tehnologiýa parkyny döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şu Kanunyň 6-njy maddasynda bellenilen şertleri hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

4. Esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da ol (olar) tarapyndan ygtyýarlandyrylan adam, ylmy-tehnologiýa parkyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän resminamalary bermek bilen, ýuridik şahslary bellige almak meselelerini alyp barýan, ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna ýüz tutýar.

Bulardan başga-da şu maglumatlary berýär:

1) ylmy-tehnologiýa parkyny ösdürmegiň konsepsiýasyny;

2) ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň sanawyny;

3) olaryň durmuşa geçirilmegi ylmy-tehnologiýa parkynyň ösüşini üpjün etjek, geçirilmegi bellenilen ylmy barlaglar we bar bolan ylmy netijeler barada maglumatlary;

4) ylmy-tehnologiýa parkynyň işinde peýdalanyljak, önümçilik, inženerlik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň bar bolan we kuwwatly obýektleri hakynda maglumatlary;

5) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysynyň hukuk ýagdaýyny almaga bäsdeşlik edýän ýuridik we fiziki şahslaryň sanawyny.

 

6-njy madda.Ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermegiň şertleri

 

1. Innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerine ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýynyň berilmegi aşakdaky şertler ýerine ýetirilen mahalynda amala aşyrylýar:

1) ylmy-tehnologiýa parkyny ösdürmegiň ykdysady taýdan esaslandyrylan, şu aşakdakylary öz içine alýan konsepsiýasynyň bolmagy:

– ylmy-tehnologiýa parkynyň guramaçylyk gurluşyny;

– synag, gözegçilik-ölçeg, barlaghana, senagat we tehnologiýa enjamlaryny goşmak bilen, ylmy-tehnologiýa parkyny we oňa ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagyň hem-de maddy-tehniki taýdan laýyk enjamlaşdyrmagyň meýilnamasyny;

– onuň dahyllylarynyň emläginiň sanawyny goşanyňda, ylmy-tehnologiýa parkynyň emläginiň sanawyny;

2) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylarynyň mümkin boldugyça köp sanysyny ylmy-tehnologiýa parkynyň çäklerine çekmegiň we ýerleşdirmegiň meýilnamasynyň bolmagy;

3) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylaryna hödürlemek üçin bellenilýän serwis hyzmatlarynyň sanawynyň bolmagy;

4) ylmy-tehnologiýa parkyny ösdürmek üçin çäk ätiýaçlyklarynyň bolmagy.

2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berlen mahalynda onuň hereket etmeginiň şu aşakdaky şertleri hem hasaba alynýar:

1) serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirýän innowasiýa kärhanalary we edaralary tarapyndan kärendesine alnan mahalynda, edara jaýlarynyň paýy ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylary tarapyndan kärendesine alnan umumy meýdanyň 30 göteriminden köp bolmaly däldir;

2) ylmy-tehnologiýa parkynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň innowasiýa degişliligi;

3) işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň täjirçilik taýdan durmuşa geçirilişi;

4) ylmy-tehnologiýa parkynyň esasy işiniň ugurlarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin artykmaçlyklylygy;

5) innowasiýa taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin höweslendiriji çäreleriň ulanylmagy;

6) innowasiýa işiniň ähli subýektleriniň hukuklarynyň, borçlarynyň we jogapkärçiliginiň deňligi;

7) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylaryna zerur bolan serwis hyzmatlarynyň toplumyny bermekde ulgamlaýyn çemeleşme.

3. Ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy ony geljekde uzaldyp bolýan mümkinçilikli 10 ýyl möhlete berilýär.

4. Innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerine ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermegiň tertibi ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň gyzyklanma bildirýän beýleki edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça, innowasiýa işini düzgünleşdirýän ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysynyň

hukuk ýagdaýy

1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysy hökmünde şu aşakdaky talaplary kanagatlandyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs ykrar edilip bilner:

1) bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan bolsalar;

2) innowasiýalary döretmek we durmuşa geçirmek we (ýa-da) bu işiň netijesinde alnan tehnologiýalaryň transferi babatda işi amala aşyrýan bolsalar;

3) innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirýän bolsalar;

4) innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine we ylmy-tehnologiýa parkynyň beýleki dahyllylaryna başga hyzmatlaryň edilmegine gönükdirilen serwis hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan bolsalar.

Ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň ugurlaryna laýyklykda onuň dahyllylary babatda goşmaça talaplar bellenilip bilner.

Ylmy-tehnologiýa parkynyň ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylary bilen gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylary barada maglumatlar şu aşakdaky maglumatlary öz içine alýan ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylarynyň reýestrine girizilýär:

1) ýuridik şahslar üçin - doly we (eger bar bolsa) gysgaldylan ady, şol sanda şereketleýin ady;

2) fiziki şahslar üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady, hemişelik bellige alnan ýeri;

3) ýuridik şahslar üçin - guramaçylyk-hukuk görnüşi;

4) ýuridik şahs bilen aragatnaşyk amala aşyrylýan, ýuridik şahsyň hemişelik hereket edýän ýerine ýetiriji edarasynyň salgysy (ýerleşýän ýeri);

5) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysynyň işiniň ugry;

6) ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysy hukuk ýagdaýynyň berlen senesi we onuň hereket edýän möhleti.

3. Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylary hökmünde ykrar edilen we ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylarynyň reýestrine girizilen ýuridik ýa-da fiziki şahs, ylmy-tehnologiýa parkynyň ýolbaşçylygy bilen bilelikde iş alyp barmak barada, onuň çäklerinde ylmy-tehnologiýa parkynyň ylmy we tehnologiýa enjamlaryny ýerleşdirmek hem-de peýdalanmak barada şertnama baglaşýarlar.

4. Eger ýuridik ýa-da fiziki şahs şu maddanyň 1-nji böleginde bellenilen talaplara laýyk gelmeýän halatynda, olar ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysynyň hukuk ýagdaýyndan mahrum edilýär we onuň reýestrinden çykarylýar. Bu çözgüt innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

8-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy

 

1. Eger esaslandyryjy resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda ylmy-tehnologiýa parky özüniň guramaçylyk gurluşyny özbaşdak döredýär.

2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy onuň işiniň esasy ugurlaryndan we aýratynlyklaryndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Ylmy-tehnologiýa parkynyň hökmany gurluş düzüm bölekleri täjirçilik-inkubator, tehnologiýalaryň transfer merkezi we serwis edaralary bolup durýarlar.

4. Täjirçilik-inkubatorynyň we tehnologiýalaryň transfer merkeziniň ylmy-tehnologiýa parkynyň düzümindäki işi “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Serwis edaralary ylmy-tehnologiýa parkynda, onuň dahyllylaryna ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň maksatlaryna we wezipelerine çapraz gelmeýän maglumat, hukuk, patent, ygtyýarnama, inžiniring, marketing, buhgalterçilik, maliýe, mahabat-neşir ediş we beýleki hyzmatlary etmek üçin döredilýär.

6. Ylmy-tehnologiýa parky özüniň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin barlaghanalary, konstruktorçylyk býurolaryny, tejribe önümçiliklerini, kompýuter we okuw merkezlerini, täjirçilik hem-de marketing gulluklaryny, tehniki taýdan hyzmat etmegiň toplumlaryny goşmak bilen öz düzüminde köpçülikleýin peýdalanyş gulluklaryny döredip bilýär.

 

9-njy madda. Ylmy-tehnologiýa parkyny dolandyrmak

 

1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy we dolandyryş edaralaryny döretmegiň tertibi, olaryň ygtyýarlygy, hukugy we borçlary, şeýle hem işini guramagyň tertibi onuň esaslandyryjy resminamalary bilen kesgitlenilýär.

2. Ylmy-tehnologiýa parkyny dolandyrmak ulgamynyň hökmany düzüm bölegi ylmy-bilermenler geňeşi (ylmy-tehniki geňeş, alymlar geňeşi ýa-da beýlekiler) bolup durýar.

Ylmy-tehnologiýa parkynyň ylmy-bilermenler geňeşi:

1) ylmy-tehnologiýa parkynyň işiniň esasy ugurlary boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

2) ýerine ýetirilmesi ylmy-tehnologiýa parkynda amala aşyrylmagy teklip edilýän işleriň ylmy-tehniki we usuly seljermesini amala aşyrýar;

3) olara laýyklykda ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllylarynyň seçilip alnyşy bilen baglanyşykly geçirilýän ölçegleri işläp taýýarlaýar, ylmy-tehnologiýa parkynda innowasiýa kärhanalaryny ýerleşdirmek boýunça teklipleri berýär;

4) ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

III BAP. YLMY-TEHNOLOGIÝA PARKLARYNY DÖRETMEK WE OLARYŇ IŞI ÇYGRYNDA DÖWLET SYÝASATY

 

10-njy madda.Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi çygrynda döwlet syýasatynyň maksady we esasy ýörelgeleri

 

1. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi çygrynda döwlet syýasatynyň maksady ýurduň innowasiýa taýdan ösüşini çaltlandyrmak,onuň innowasiýa önümlerine bolan talaplaryny üpjün etmek, olaryň içerki we halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň goşulyşmagyny pugtalandyrmak bolup durýarlar.

2. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri aşakdakylar bolup durýarlar:

1) şu Kanuny ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde kanunylyk we aýanlyk; onuň ýerine ýetirilen mahalynda kabul edilýän çözgütleriň aç-açanlygy;

2) ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawynyň çärelerini maksatlaýyn peýdalanmak;

3) ylmy-tehnologiýa parklarynyň arasyndaky arkalaşykly hereketi goldamak;

4) ylmy-tehnologiýa parklarynyň ösüşiniň degişli ugurlarynyň çäklerinde olaryň döwlet goldawyny almagyna deň elýeterliligi üpjün etmek;

5) içerki we halkara bazarlarynda ylmy-tehnologiýa parklarynyň we olaryň dahyllylarynyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak.

 

11-nji madda.Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy

 

1. Döwlet, olaryň çäklerinde ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy amala aşyrylýan ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär.

Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy maksatlaýyn we salgyly häsiýete eýe bolmalydyr hem-de ylmy-tehnologiýa parklaryny ösdürmegiň bazar mehanizmleriniň ýerini çalşyrmaly däldir.

2. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjylaryna we dahyllylaryna emläk, maliýe serişdelerini, salgyt we başga ýeňillikleri bermek, maglumat taýdan üpjün etmek hem-de başga ýardamlary etmek arkaly amala aşyrylýar.

3. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň maglumat we maslahat beriş goldawy gyzyklanma bildirýän hojalygy ýörediji subýektler bilen aragatnaşyklary ýola goýmak, ylmy-tehnologiýa parklarynyň innowasiýa önümleriniň içerki we halkara bazarlaryna iberilmegine ýardam etmek, intellektual işiň netijelerini goramak, ylmy-tehnologiýa parklarynyň ösüşine ýardam etmegi üpjün edýän beýleki çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan  amala aşyrylýar.

 

12-nji madda.Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan innowasiýa önümleriniň getirilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi üçin döwlet buýurmasy

 

1. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek üçin innowasiýa önümlerini getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek üçin döwlet buýurmasy barasyndaky ýüztutmasyna ileri tutulýan tertipde garalýar.

2.Ylmy-tehnologiýa parky tarapyndan innowasiýa önümlerini getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça döwlet buýurmasynyň ýerine ýetirilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde şertnamalaýyn (ähtnamalaýyn) esasda amala aşyrylýar.

 

13-nji madda.Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işine döwlet gözegçiligi

 

Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde, innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

 

IV BAP. YLMY-TEHNOLOGIÝA PARKLARYNYŇ

IŞINIŇ YKDYSADY ESASLARY

 

14-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň emläk gatnaşyklary

 

1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň emlägi maddy we maliýe serişdelerinden, intellektual eýeçiligiň obýektlerinden, beýleki emläk hukuklaryndan ybarat bolup durýar.

2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň emlägi we serişdeleri:

1) onuň esaslandyryjylarynyň esaslyk gazna  goýumlarynyň;

2) ýuridik we fiziki şahslaryň, şol sanda daşary ýurtlylaryň gatançlarynyň;

3) ylmy-tehnologiýa parkynyň işinden gelýän girdejileriniň;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän beýleki esaslar boýunça ylmy-tehnologiýa parky tarapyndan satyn alnan emlägiň hasabyna emele gelýär.

3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň emläk goýumlary (şol sanda gozgalmaýan emlägiň obýektleri) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde ylmy-tehnologiýa parklarynyň peýdalanmagyna berilýär.

4. Ylmy-tehnologiýa parky tertipnamalaýyn wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalarynda hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslyk we ätiýaçlyk gaznasyny, innowasiýa işini goldamak gaznasyny we beýleki gaznalary döredip bilýär.

5. Ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk gaznasy esaslandyryjylaryň goýumynyň mukdaryna laýyklykda olaryň arasynda paýlara bölünýär.

6. Ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk gaznasyna pul, gymmat bahaly kagyzlar we beýleki zatlar ýa-da emläk hem-de beýleki pul bahasy bar bolan aýrybaşgalamaga bolan hukuklar goýum bolup bilýärler.

Ylmy-tehnologiýa parklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet emlägini satyn almaga we jaýlary kärendesine almaga hukugy bardyr.

7. Ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk gaznasyna döwletiň hojalygy ýörediji subýektleriniň balansynda durýan gozgalmaýan emlägi geçirmek, döwlet emläginiň gaznasynyň işini dolandyrýan ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar.

8. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda umumydöwlet ähmiýetine eýe bolan we hususylaşdyrmaga degişli bolmadyk döwlet eýeçiliginiň obýektleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hususylaşdyrmaga degişli bolmadyk döwlet eýeçiliginiň obýektleriniň sanawyna goşulan obýektler ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk gaznasyna geçirmegiň obýektleri bolup bilmeýärler.

9. Ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk gaznasyna gatançlaryň mukdarlaryny, gaznalaryny hem-de ätiýaçlyklaryny döretmegiň we peýdalanmagyň tertibi onuň esaslandyryjy resminamalary bilen kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmek

 

1.Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmegiň ýörelgeleri we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna we ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmegiň çeşmelerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslyk we beýleki gaznalarynyň serişdeleri;

2) ylmy-tehnologiýa parkynyň hojalyk hasaplaşygy esasyndaky işinden gelýän maliýe gelip gowuşmalary;

3) ylmy-tehnologiýa parkyna berlen maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary;

4) fiziki we ýuridik şahslaryň muzdsuz hem-de haýyr sahawat gatançlary;

5) banklaryň, şol sanda daşary ýurt banklarynyň karzlary;

6) müşderileriň serişdeleri;

7) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik, maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleri.

3. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işini maliýe taýdan goldamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetiň we döwletiň beýleki  serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

4. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işini goldamak maksady bilen ylmy-tehnologiýa parklaryny ösdürmegiň gaznalary döredilip bilner. Ylmy-tehnologiýa parklaryny ösdürmegiň gaznalaryny döretmegiň we işiniň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

5. Ylmy-tehnologiýa parkynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bank we beýleki maliýe edaralarynda milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açmaga hukugy bardyr.

 

16-njy madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň işine salgyt salmak

 

Ylmy-tehnologiýa parkynyň işine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan satyn alnan we Türkmenistanyň çägine getirilýän ylmy,barlaghana we barlag enjamlary, olaryň toplaýjylary hem-de materiallary babatda gümrük pajynyň ulanylyşy

 

1. Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan satynalnan we Türkmenistanyň çägine getirilýän, Türkmenistanda öndürilmeýän ylmy, barlaghana we barlag enjamlary, şeýle hem olaryň toplaýjylary we materiallary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda gümrük pajyny tölemekden şertli boşadylyp bilner.

2. Türkmenistanda öndürilmeýän, ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän ylmy, barlaghana we barlag enjamlarynyň, şeýle hem olaryň toplaýjylarynyň we materiallaryň maksatlaýyn peýdalanylyşyna gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň çäginde gümrük paçlaryny tölemekden şertli boşadylmagy bilen getirilen ylmy, barlaghana we barlag enjamlarynyň, olaryň toplaýjylarynyň we materiallaryň ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan maksatlaýyn peýdalanylmadyk halatynda, şunda tutulyp alynmadyk getiriliş gümrük pajynyň pul möçberi, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralary tarapyndan töletdirilip alynmaga degişlidir.

 

18-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň enjamlaryny standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak

 

Ylmy-tehnologiýa parklarynyň ylmy, barlag we beýleki enjamlaryny standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, şeýle hem olarda döredilýän barlaghanalaryň döwlet akkreditasiýasy (attestasiýasy) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Tehnologiýalara we intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerine emläk hukuklary

 

1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň innowasiýa taslamalaryny ýerine ýetiren mahalynda we başga innowasiýa işi netijesinde döredilen tehnologiýalar we intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri, şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga halatlarda, ylmy-tehnologiýa parkynyň eýeçiligi bolup durýar.

2. Innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, býujetiň we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen tehnologiýalary we intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerini peýdalanmaga bolan emläk hukuklaryny, eger tehnologiýa we (ýa-da) intellektual eýeçiligiň hukugyndaky obýekt:

1) Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň we goralmagynyň çägine degişli edilen bolsa;

2) köpçülikleýin bähbitler üçin peýdalanylmagyna ygtyýar bererlikli diýlip ykrar edilen bolsa;

3) diňe býujetiň we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen, senagat taýdan peýdalanmak we taýyn önümi ýerlemek derejesine ýetirilen halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäklendirip bilýär.

3. Eger innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan başgaça kesgitlenmedik bolsa, şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen halatlarda öz  zerurlyklary üçin, býujetiň we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen tehnologiýalary we (ýa-da) intellektual eýeçilik hukugynyň obýektini ylmy-tehnologiýa parkynyň peýdalanmaga hukugy bardyr.

4. Ylmy-tehnologiýa parky tehnologiýalaryň we (ýa-da) intellektual eýeçilik hukugynyň obýektiniň býujetiň we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen gününden bir aýyň dowamynda döredilen tehnologiýalar we (ýa-da) intellektual eýeçilik hukugynyň obýekti barada innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna habar bermäge borçludyr.

5. Innowasiýa işini döretmek, düzgünleşdirmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy şu maddanyň 4-nji böleginde göz öňünde tutulan habary alan gününden başlap iki aýyň dowamynda, tehnologiýalary we (ýa-da) intellektual eýeçilik hukugynyň obýektini peýdalanmaga degişli emläk hukuklarynyň çäklendirilmegi barada özüniň çözgüdi hakynda hem-de şu maddanyň 2-nji bölegine laýyklykda şeýle çäklendirmäniň esaslary hakynda ylmy-tehnologiýa parkyna habar bermelidir.

6. Eger innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, şu maddanyň 5-nji böleginde görkezilen möhletiň dowamynda, özüniň kabul eden çözgüdi barada ylmy-tehnologiýa parkyna habar bermedik bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tehnologiýalara we (ýa-da)intellektual eýeçilik hukugynyň obýektine bolan emläk hukugy çäklendirmesizden ylmy-tehnologiýa parkyna degişlidir.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

20-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy

 

1. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda amala aşyrylýar.

2. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary aşakdakylardan ybarat bolup durýarlar:

1) bir tarapyň beýleki tarap bilen özara esasda ylmy-tehnologiýa parklaryny peýdalanmak;

2) bilelikdäki ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek;

3) bilelikdäki ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmekde we ösdürmekde maddy-tehniki, maliýe hem-de guramaçylyk goldawyny bermek;

4) ylmy-tehnologiýa parklary döredilen mahalynda beýleki tarapyň tejribesini peýdalanmak;

5) innowasiýalar babatda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, innowasiýa tehnologiýalaryny we beýleki innowasiýalary özara bähbitli esasda alyş-çalyş etmek;

6) Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynyň halkara innowasiýa maksatnamalaryna (taslamalaryna) gatnaşmagy;

7) Türkmenistanyň alymlary we oýlap tapyjylary tarapyndan döredilen tehnologiýalara hem-de oýlap tapmalara ygtyýarnamalary halkara bazarlarynda ýerlemek;

8) daşary ýurt alymlaryny we hünärmenlerini olaryň innowasiýa işiniň ugurlaryna laýyklykda Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynda işletmek üçin çekmek;

9) Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynyň işgärlerini hünär derejelerini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin innowasiýa ugurly daşary ýurt guramalaryna ibermek.

3. Halkara innowasiýa maksatnamalaryny (taslamalaryny) amala aşyrmaga gatnaşýan ylmy-tehnologiýa parklary, eger baglaşýan şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt guramalary we raýatlary bilen şertnamalary baglaşýarlar.

 

21-nji madda. Ylmy-tehnologiýa parkynyň işini bes etmek

 

Ylmy-tehnologiýa parkynyň işini bes etmek Türkmenistanyň kanunçylygy we ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalary bilen bellenilen esaslar boýunça diňe ony ýapmak arkaly amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

      Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 107-V.