Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda


 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň

üpjün edilmegi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 105-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 28.02.2015 ý. №198-V we 25.11.2017 ý. № 661-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär we Türkmenistanyň ilatynyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar:

1) azyk çig maly – ösümlik, haýwan, mikrobiologik, mineral we emeli gelip çykyşy bolan çig mal, şeýle hem iýmit önümlerini taýýarlamak üçin peýdalanylýan suw;

2) iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň kybaplaşdyrylmagy –iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna, iýmit önümleri, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallar we önümler hakynda, olaryň ýanyna goşulýan resminamalardaky hem-de ýarlyklardaky maglumatlaryň laýyk gelmeginiň bellenilmegi boýunça iş;

3) azyk önümleriniň tapgyry –birmeňzeş şertlerde öndürilen (taýýarlanylan) we gaplanylan hem-de ýany bilen olaryň hilini tassyklaýan resminama iberilýän azyk çig malynyň we iýmit önümleriniň materiallaryň we önümleriň birlikleriniň jemi;

4) berhizlik iýmit önümleri –iýmit siňdirişi ýa-da metabolizmi bozulan ýa-da aýratyn fiziologik şertlerde bolýan adamlaryň belli-belli toparlarynyň kesellerini bejermek we keselleriniň öňüni almak üçin niýetlenen iýmit önümleri;

5) biologik işjeň goşundylar – iýmit bilen birwagtda ulanmak ýa-da iýmit önümleriniň düzümine goşmak üçin niýetlenilen (tebigy meňzeş) biologik işjeň tebigy maddalar;

6) çaga iýmiti üçin önümler – on dört ýaşyna çenli çagalar üçin niýetlenilen we çaga bedeniniň fiziologik talaplaryna laýyk gelýän iýmit önümleri;

7) galplaşdyrylan iýmit önümleri–özleri baradaky maglumatlary görnetin doly däl ýa-da ygtybarsyz, iýmitlik gymmatyny ýaramazlaşdyrýan düzümi, özboluşlylygy we häsiýetnamalary bolan, bilkastlaýyn üýtgedilen dolanyşyga goşulan iýmit önümleri;

8) genetik taýdan modifisirlenen organizmler (mikroorganizmler)– genotipi gen inženeriýasynyň usullary bilen üýtgedilen organizmler, mikroorganizmler;

9) iýmit önümleri – ösümlik, haýwan, biologik, mineral ýa-da emeli gelip çykyşy bolan tebigy ýa-da gaýtadan işlenilen görnüşde adamyň peýdalanýan iýmitleri (şol sanda çaga we berhiz iýmitleri), gaplanan agyz suwy, alkogolly önümler (şol sanda piwo), alkogolsyz içgiler, sakgyç, gönezlik, başlangyç mikroorganizmleriň jemi, azyk çig maly, iýmit we biologik işjeň goşundylar, muňa kosmetika önümleri, temmäki önümleri we diňe derman serişdeleri hökmünde ulanylýan maddalar degişli däldir;

10) iýmit goşundylary – iýmit önümleri taýýarlanylanda iýmit önümlerine belli bir özboluşlylygy bermek we (ýa-da) iýmit önümleriniň hilini saklamak maksady bilen olara goşulýan tebigy ýa-da emeli maddalar hem-de olaryň birleşmeleri;

11) iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallar we önümler (mundan beýläk – materiallar we önümler)– iýmit önümleriniň öndürilmegi we dolanyşygy üçin ulanylýan materiallar we önümler, şol sanda tehnologik enjamlar, abzallar we gurluşlar, gap, gap-çanak, aşhana enjamlary;

12) iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar –iýmit önümleri üçin sarp ediş gabynyň taýýarlanylmagy üçin ulanylýan materiallar;

13) iýmit önümleriniň hili – iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatynyň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýän we adaty şertlerde peýdalanylan wagtynda adamyň iýmite bolan fiziologik islegini kanagatlandyrmaga ukyby bolan häsiýetleriniň jemi;

14) iýmit önümleriniň howpsuzlygy – iýmit önümleriniň, olar ulanylanda adamyň janyna we saglygyna, onuň nesline zyýan ýetmek töwekgelliginiň bolmazlygyny kepillendirýänşu Kanunyň, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegi;

15) iýmit önümleriniň iýmitlik gymmaty – iýmit önümleriniň adamyň zerur maddalara we güýç-kuwwata bolan fiziologik islegini kanagatlandyrýan häsiýetleriniň jemi;

16) iýmit önümleriniň hiliniň şahadatnamasy – öndüriji tarapyndan iýmit önümleriniň her bir tapgyrynyň hiliniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminama;

17) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň dolanyşygy – iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, iberilmegi, saklanylmagy, daşalmagy we ýerlenilmegi bilen baglanyşykly iş;

18) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň önümçiligi –iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň tehnologik liniýalarynyň, önümçilik enjamlarynyň we sehleriniň, önümçilik meýilnamasynyň, olaryň iberilmegi üçin şertnamanyň bolmagy bilen häsiýetlendirilýän tapgyrlaýyn çykarylyşy;

19) iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhleti–iýmit önümleriniň saklanylmagynyň bellenilen şertleri berjaý edilen mahalynda öndürijiniň (taýýarlaýjynyň), dowamynda olaryň niýetlenişine görä ulanylmagynyň ýaramlylygyny, howpsuzlygyny we hilini kepillendirýän wagtynyň döwri;

20) iýmit önümleriniň saklanyş möhleti –dowamynda iýmit önümleriniň saklanylmagynyň bellenilen şertleri berjaý edilen mahalynda kadalaşdyryjy resminamalarda görkezilen häsiýetlerine laýyk gelýän wagtynyň döwri;

21) howply iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar –düzümindäki kontaminantlary (mikroorganizmler, bakteriýalar, himiki we beýleki maddalar) peýdalanylan (ulanylan) mahalynda adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredip biljek iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar;

22) ýaramaz hilli iýmit önümleri,iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar – organoleptik görkezijlerine (tagamy, reňki, ysy, konsistensiýasy, daşky görnüşi) we beýleki kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen hil görkezijilerine ýa-da belli bir iýmit önümlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we şonda adamyň janyna we  saglygyna, onuň nesline howp döretmeýän iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar;

23) mikronutriýentler – adamyň bedeniniň kadaly ösmegi üçin zerur bolan, çalşyryp bolmajak iýmit maddalary (witaminler, mikroelementler, makroelementler, aminokislotalar, polidoýgun däl ýagly kislotalar, mineral maddalar);

24) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň utilleşdirilmegi – ýaramaz hilli iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň geljekde iýmit we tehniki maksatlar üçin  peýdalanylmagy üçin gaýtadan işlenilmegi;

25) iýmit önümleriniň, önümleriň we materiallaryň ýok edilmegi – howply iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy  üçin materiallaryň iýmitlik ýa-da tehniki maksatlarda ulanylmagy üçin ýaramsyz bolan ýagdaýa getirilmegi;

26) kadalaşdyryjy resminamalar – iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygyna we hiline, olaryň önümçiliginiň, dolanyşygynyň, ulanylmagynyň, utilleşdirilmeginiň, ýok edilmeginiň şertleriniň gözegçiligine talaplary belleýän döwletara we döwlet standartlary, tehniki şertler, sanitariýa, weterinariýa we fitosanitariýa kadalary we düzgünleri.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniňüpjün edilmegi hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksady

 

Ýuridik şahslara, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerine, hususy telekeçilere iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary öndürýän, dolanyşygyny amala aşyrýan, şeýle hem fiziki şahslaryň (mundan beýläk - özbaşdak iş bilen meşgullanýan fiziki şahslar) bellenilen tertipde özleriniň öndüren, gaýtadan işlän iýmit önümlerini ýerlemek işine talaplary bellemek arkaly iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek şu Kanunyň maksady bolup durýar.

 

4-nji madda. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Şular iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:

1) ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilmeginiň we Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň öňüniň alynmagy;

2) raýatlaryň howpsuz we oňat hilli iýmit önümlerini ulanmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi;

3) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň hiliniň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi çygryndaky gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi;

4) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi;

5) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň hiliniň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi çygrynda döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;

6) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy  üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy;

7) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň sertifikatlaşdyrylmagynyň guralyşy we geçirilmegi;

8) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilmegi we dolanyşygy bilen baglanyşykly iş bilen meşgullanýan hünärmenleri taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ulgamynyň kämilleşdirilmegi;

9) ilatyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň meseleleri barada habarly edilmegi;

10) Türkmenistanyň ilatyň iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi;

11) iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy.

 

II BAP. IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ, MATERIALLARYŇ WE ÖNÜMLERIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ WE HILINIŇ ÜPJÜN EDILMEGI ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

5-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky ygtyýarly edaralar (mundan beýläk – ygtyýarly edaralar), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) ygtyýarly edaralary kesgitleýär we olar barada düzgünnamalary tassyklaýar;

3) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

4) döwlet häkimiýet edaralarynyň, iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Ygtyýarly edaralaryň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edaralar:

1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýarlar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýärler;

3) fiziki we ýuridik şahslaryň iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi meseleleri boýunça ýüz tutmalaryna seredýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegine bellenen talaplaryň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) döwlet häkimiýet edaralarynyň, iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyk saklaýarlar;

6) raýatlary iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň meseleleri boýunça habarly edilmegini amala aşyrýarlar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüz tutmalaryna seredýärler;

3) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi boýunça çäreleri işläp düzýärler we amala aşyrýarlar;

4) Türkmenistanyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilmegine  gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

9-njy madda. Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

 

1. Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (mundan beýläk −döwlet tarapyndan bellige alynmagy) − saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelşini kesgitlemek boýunça amala aşyrylýan düzgün. Adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň öndürilmegine, dolanyşygyna ýol berilmezlik döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň maksady bolup durýar.

2. Döwlet tarapyndan bellige almak şulary öz içine alýar:

1) öndürijiler tarapyndan berilýän we iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna, önümçiliginiň ýa-da iberilmeginiň şertlerine laýyk gelmegini tassyklaýan resminamalaryň bilermenler seljermesini;

2) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň howpsuzlygynyň we hiliniň synaglarynyň netijeleri boýunça zerur bolan halatynda geçirilýän bilermenler seljermesini;

3) bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasyny alan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde Döwlet sanawyna goşulmagyny;

4) arza berijilere Türkmenistanyň çäginde öndürilmegine ýa-da Türkmenistanyň çägine getirilmegine we olaryň dolanyşygyna hukuk berýän iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamalaryň berilmegini.

3. Türkmenistanda öndürilýän iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň täze görnüşleri, şeýle hem Türkmenistana getirilýän iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir, şu maddanyň dördünji, altynjy we ýedinji böleklerinde görkezilen iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar muňa degişli däldir.

4. Öndürilen mahalynda we Türkmenistanyň çägine getirilende döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli bolmadyk iýmit önümleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Türkmenistana getirilýän iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

6. Şularyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna rugsat berilmeýär:

1) berlen resminamalarynyň bilermenler seljermesi we geçirilen synaglar netijesinde oňaýsyz netijenamalar alnan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň bellige alynmagyna;

2) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň birnäçe görnüşleriniň bir at bilen bellige alynmagyna;

3) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň şol bir görnüşiniň bir at bilen ýa-da dürli atlar bilen bir gezekden köp şol bir öndürijiniň adyna bellige alynmagyna;

4) düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar (neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürmek üçin ulanylýan maddalar) we olaryň analoglary, şeýle hem genetik taýdan modifisirlenen organizmler (mikroorganizmler) we adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän gaýry maddalar hem-de olaryň birleşmeleri bolan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň bellige alynmagyna;

7. Türkmenistana getirilýän şu iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däldir:

1) barlaghana synaglary (ylmy barlaglar) üçin niýetlenen nusga hökmünde;

2) sergiler üçin ýa-da soňra ýerlenilmäge, peýdalanylmaga niýetlenilmedik;

3) daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň resmi wekiliýetlerine, diplomatik we olara deňleşdirilen beýleki wekilliklere hyzmat etmek üçin.

4) paçsyz söwda dükanlarynda ýerlemek üçin niýetlenen.

8. Döwlet tarapyndan bellige alynmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak

 

Iýmit önümlerini, materiallary we önümleri standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ygtyýarlylandyrmak

 

Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky işleri ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň wehiliniň üpjün edilmegi çygryndaky sanitariýa kadalary we düzgünleri, gigiýena kadalyk ölçegleri

 

1. Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriň gaplanylmagy üçin materiallaryň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky sanitariýa kadalary we düzgünleri, gigiýena kadalyk ölçegleri iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatyna, howpsuzlygyna we hiline, olaryň önümçiligine, daşalmagyna, saklanylmagyna, ýerlenilmegine, şeýle hem iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanýan adamlara bildirilýän talaplar bellenilýär.

2. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky sanitariýa kadalary we düzgünleri, gigiýena kadalyk ölçegleri degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip düzülýär we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

 

13-nji madda. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky weterinariýa kadalary we düzgünleri

 

1. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky weterinariýa kadalary we düzgünleri gelip çykyşy haýwandan bolan iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline, olaryň öndürilişine we dolanyşyk şertlerine bildirilýän talaplary kesgitleýär.

2. Gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky weterinariýa kadalary we düzgünleri Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

 

14-nji madda. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky fitosanitariýa kadalary we düzgünleri

 

1. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky fitosanitariýa kadalarynda we düzgünlerinde gelip çykyşy ösümlikden bolan iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar bellenilýär.

2. Gelip çykyşy ösümlikden bolan iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky fitosanitariýa kadalary we düzgünleri Türkmenistanyň ösümlikleriň karantini boýunça Döwlet gullugy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

 

III BAP. IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ, MATERIALLARYŇ WE ÖNÜMLERIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ WE HILINIŇ

ÜPJÜN EDILMEGINE BILDIRILÝÄN TALAPLAR

 

15-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegine bildirilýän umumy talaplar

 

1. Iýmit önümleri iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline bildirilýän şu talaplara laýyk gelmelidir:

1) adamyň zerur maddalara we energiýa bolan fiziologik islegini kanagatlandyrmalydyr;

2) iýmit önümleriniň her bir görnüşine mahsus bolan organoleptik häsiýetleri bolmalydyr we kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen fiziki we himiki görkezijilere laýyk gelmelidir;

3) düzüminde adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän himiki maddalaryň, şol sanda radioaktiw we beýleki maddalaryň, mikroorganizmleriň we beýleki biologik organizmleriň bolmagynyň ýol berilýän kadalyk ölçeglerine laýyk gelmelidir.

2. Materiallar we önümler özleriniň howpsuzlygy we hili boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

 

16-njy madda. Berhizlik iýmit önümlerine bildirilýän talaplar

 

1. Berhizlik iýmit önümleriniň olaryň guralyşyna bildirilýän we bellenilen talaplara laýyklykda adamyň saglygyny bejermegi we onuň keseliniň öňüni almagy üçin iýmitlenmegine mümkinçilik berýän häsiýetleri bolmalydyr.

2. Berhizlik önümlerinde iýmitlendiriji maddalaryň kesgitlenen mukdary bolmalydyr we ol adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döretmeli däldir.

3. Berhizlik önümleriniň önümçiliginde adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolan iým goşundylarynyň (adam üçin iýmit çeşmesi bolup durýan haýwanlaryň ähli görnüşleriniň iýmitlendirilmegi üçin iýmleriniň öndürilmeginiň düzümine girýän bölekleri hökmünde ulanylýan garyndylary hem goşmak bilen, ösümlikden, haýwandan, mineraldan, himiki we biologik gelip çykyşy bolan önümler), haýwanlaryň ösüşini çaltlandyryjylaryň (şol sanda gormonal serişdeleriň), weterinariýa serişdeleriniň käbir görnüşleriniň, ösümlikleri we topragy işläp taýýarlamak üçin niýetlenen pestisitleriň, şeýle hem beýleki maddalaryň we olaryň birleşmeleriniň peýdalanylmagynda alnan çig malyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

 

17-nji madda. Çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar

 

1. Çaga iýmiti önümleri iýmitlik gymmaty boýunça çaganyň ýaşynyň göz öňünde tutulmagy bilen çaga bedeniniň fiziologik talaplaryna laýyk gelmelidir we onuň jany we saglygy üçin howpsuz bolmalydyr.

2. Çaga iýmiti önümleriniň iýmitlik gymmaty çaganyň ýaşynyň we saglyk ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy bilen, onuň iýmit maddalaryna we energiýa bolan mätäçligini kanagatlandyrmalydyr.

3. Çaga iýmiti önümleri öndürilende mallaryň iýminiň goşundylarynyň, haýwanlaryň ösüşini çaltlandyryjylaryň (şol sanda gormonal serişdeleriň), weterinariýa serişdeleriniň käbir görnüşleriniň, pestisidleriň, agrohimikatlaryň we çaganyň jany we saglygy üçin howp döredýän başga maddalaryň we birleşmeleriň ulanylmagy netijesinde alnan azyk çig malyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

4. Çaga iýmiti önümleriniň öndürilmegi üçin peýdalanylýan azyk çig malynyň howpsuzlygy we hili hem-de ulanylmaga taýýar çaga iýmiti önümleri çaga iýmiti önümleriniň esasy toparlaryna bildirilýän gigiýena kadalyk ölçeglerine laýyk gelmelidir.

 

18-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleri işlenip taýýarlanylanda bildirilýän talaplar

 

1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleri, olaryň önümçiliginiň täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiýalary işlenip taýýarlanylan mahalynda ýuridik şahslar we hususy telekeçiler şulara borçludyrlar:

1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň öz wezipesi boýunça peýdalanylmagy üçin ýaramlylygyny esaslandyrmaga;

2) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň görkezijilerine bildirilýän talaplary esaslandyrmaga we bellemäge;

3) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň gaplanylmagyna, belgilenmegine we olar baradaky maglumatlara bildirilýän talaplary esaslandyrmaga we bellemäge;

4) synaglaryň usulyýetini işläp düzmäge;

5) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň dolanyşygynyň şertlerini kesgitlemäge;

6) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň howpsuzlygyna we hiline önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmäge;

7) iýmit önümleriniň täze görnüşleri üçin dürli ýylylyk we howa düzgünleriniň göz öňünde tutulmagy bilen, ýaramlylyk möhletlerini bellemäge we olary esaslandyrmaga;

8) iýmit önüminiň täze görnüşiniň howpsuzlygynyň we hiliniň ýaramlylyk möhletiniň dowamyndaky saklanyş şertleri berjaý edilen mahalynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini kepillendirmäge;

9) kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmäge  we olaryň ýanyna iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň howpsuzlyk we hil görkezijilerini, olaryň gaplanylmagyna, belgilenmegine bildirilýän talaplary, olaryň öndürilişiniň we dolanyşygynyň şertleri, ýaramlylyk möhletleri hakyndaky maglumatlary, olaryň howpsuzlygyna we hiline önümçilik gözegçiliginiň maksatnamalaryny, olaryň synagynyň usulyýetini goşmaga.

2. Iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhletleri olaryň öndürilen pursatyndan belli bir wagt geçenden soň ulanylanda adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredip biljek iýmit önümleri babatynda bellenilýär.

3. Kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalary we iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleriniň synag nusgalary – sanitariýa-epidemiologiýa bilermenler seljermesine, olar gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan azyk çig malyndan öndürilen halatynda bolsa, weterinariýa we fitosanitariýa bilermenler seljermesine degişlidir.

4. Iýmit önümleriniň täze görnüşleri üçin kadalaşdyryjy resminamalar Türkmenistanyň standartlaşdyryş kanunçylygyna laýyklykda döwlet bellige alnyşyna degişlidir.

 

IV BAP. IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ, MATERIALLARYŇ WE ÖNÜMLERIŇ ÖNDÜRILIŞINE WE DOLANYŞYGYNA BILDIRILÝÄN TALAPLAR

 

19-njy madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilişine bildirilýän talaplar

 

1. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler iýmit önümlerini, materiallary we önümleri öndüren mahalynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmadyk iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary öndürmäge haky ýokdur.

3. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygyna we hiline gözegçiligi amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler aňryçäk gözegçilik nokatlaryň kesgitlenilmegini göz öňünde tutmak bilen, iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmäge, ony ornaşdyrmaga we önümçilik gözegçiligini geçirmäge borçludyrlar.

Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler  azyk çig malyny we iýmit önümlerini öndürmegiň tapgyrlarynda adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolan iýmit önümleriniň öndürilmeginiň töwekgelliginiň ýüze çykmagynyň has ähtimal bolan ýerlerinde aňryçäk gözegçilik nokatlaryny kesgitlemäge borçludyrlar.

4. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler iýmit önümlerini, materiallary we önümleri öndüren mahalynda şulara borçludyrlar:

1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň hiline gözegçilik etmek üçin iýmit barlaghanalaryny döretmäge we Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda olaryň döwlet akkreditasiýasyny (attestasiýasyny) geçirmäge;

2) işgärleriniň sany 100 adamdan köp bolanda wezipeler sanawyna sanitariýa lukmanynyň wezipe birligini girizmäge.

5. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygyna we hiline önümçilik gözegçiligi önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň dolandyrylyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmäge borçludyrlar.

6. Iýmit önümleri öndürilen mahalynda ulanylýan azyk çig maly, iýmit we biologik işjeň goşundylar, materiallar we önümler kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

7. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler öndürilen iýmit önümleriniň her bir tapgyrynyň hilini kepillendirmäge we olaryň ýanyna hil şahadatnamasyny goşmaga borçludyrlar.

8. Bir ýere çykaryp satmak söwdasynyň şertlerinde ýerlemek üçin niýetlenip öndürilýän (taýýarlanýan) jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň her bir tapgyry hil şahadatnamasy bilen tassyklanylmalydyr.

9. Iýmit önümleri, materiallar we önümler öndürilen mahalynda düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň analoglary, şeýle hem genetik taýdan modifisirlenen organizmler (mikroorganizmler) we adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän başga maddalar we olaryň birleşmeleri bolan azyk çig malyň, iýmitiň, mal iýminiň we biologik işjeň goşundylaryň ulanylmagyna rugsat berilmeýär.

10. Çaga iýmitiniň önümleri we berhizlik iýmit önümleri öndürilen mahalynda şu Kanunyň 17-nji we 18-nji maddalarynda bellenilen talaplar berjaý edilmelidir.

11. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň öndürilýändigini ýüze çykaran halatynda, görkezilen iýmit önümleriniň öndürilmegini şeýle iýmit önümleriniň öndürilmegine getiren sebäpleriň aradan aýrylmagy üçin zerur bolan möhlete haýal etmän togtatmaga borçludyrlar. Eger, şeýle iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň öndürilmegine getiren sebäpler düzedilip bilinmedik halatynda, öndüriji olaryň öndürilmegini bes etmäge, sarp edijilerden yzyna gaýtarylmagyny üpjün etmek bilen, olary dolanyşykdan aýyrmaga, bellenilen tertipde olaryň bilermenler seljermesiniň geçirilmegini, utilleşdirilmegini ýa-da ýok edilmegini guramaga borçludyr.

 

20-nji madda. Peýdasy artdyrylan iýmit önümlerine bildirilýän talaplar

 

1. Peýdasy artdyrylan iýmit önümlerinde saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen mukdardaky çäklerde goşulan iýmit maddalary bolmalydyr hem-de olar adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolmaly däldir.

Peýdasy artdyrylan iýmit önümleri diýlip, keselleriň öňüni almak maksady bilen mikronutriýentleriň we beýleki maddalaryň ýetmezçiligi sebäpli iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatynyň ýokarlandyrylmagy üçin olarda ilkibaşdan bolmadyk ýa-da ýeterlik derejede bolmadyk, ýa-da önümçiligiň barşynda ýitirilen bir ýa-da şondan köp mikronutriýentleriň, probiotik mikroorganizmleriň we beýleki maddalaryň goşulmagyna düşünilýär.

2. Iýmit önümleriniň mikronutriýentler bilen peýdasynyň artdyrylmagy olaryň ilatyň aýry-aýry toparlarynyň iýmitinde ýeterlik bolmazlygyny hem-de mikronutriýentlere bolan ýetmezçiligiň düzedilmeginiň zerurlygyny tassyklaýan ylmy barlaglaryň netijeleri esasynda amala aşyrylýar. Iýmit önümleriniň ýetmeýän mikronutriýentler bilen peýdasynyň artdyrylmagy hakyndaky karar degişli iýmit önümlerine talaplary belleýän saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär.

3. Iýmit önümlerini öndürmegi amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler olarda kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen mukdarda iýmitlik maddalaryň bolmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

 

21-nji madda. Iýmit önümleriniň çekilip gaplara salynmagyna, gaplanylmagyna we belgilenmegine bildirilýän talaplar

 

1. Çekilip gaplara salynmagyna, gaplanylmagyna we belgilenmegine degişli iýmit önümleriniň öndürilmegini amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler  olaryň kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda hiliniň saklanylmagyny, daşalmagyny we ýerlenilmegini üpjün edýän gaplara salnan, gaplanan görnüşinde öndürmäge borçludyrlar.

2. Iýmit önümlerinde kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykdaky belgilenmesi (etiketkalary, ýarlyklary, içlik kagyzy) bolmalydyr.

3. Iýmit önümleriniň çekilip gaba salynmagyny we gaplanylmagyny amala aşyrýan adamlar kadalaşdyryjy resminamalarda olaryň çekilip gaba salynmagyna, gaplanylmagyna, belgilenmegine, şeýle hem iýmit önümleriniň gaplanylmagy we belgilenmegi üçin peýdalanylýan materiallara bildirilýän talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

4. Kesilip bölünen ýa-da çekilip gaplara salnan iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhleti ýa-da ýerlenilmek möhleti sarp ediliş gabyna iýmit önümlerini öndüriji tarapyndan bellenilen ýaramlylyk möhletleriniň göz öňünde tutulmagy bilen gaplaýjy (satyjy) tarapyndan belgilenip ýazylýar. Aýratyn tiz zaýalanýan gaplara bölünýän gysga ýaramlylyk möhletleri bolan iýmit önümleriniň möçberi olaryň bir günüň dowamynda ýerlenilýän möçberinden artyk bolmaly däldir.

 

22-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar

 

1. Diňe kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmagy geçen we laýyklyk sertifikaty bolan, Türkmenistanda öndürilen iýmit önümleri üçin bolsa – hil şahadatnamasy we olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamasy bolan iýmit önümleri, materiallar we önümler dolanyşykda bolup bilerler.

2. Şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda hili ýaramaz ýa-da howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri, materiallar we önümler dolanyşyga goýberilmeýär. Şeýle iýmit önümleri şu Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda utilleşdirilmäge ýa-da ýok edilmäge degişlidir.

3. Ygtyýarly edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäginde iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlarynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik etmäge borçludyrlar.

 

23-nji madda. Iýmit önümleri, materiallar we önümler ýerlenilende bildirilýän talaplar

 

1. Ilata iýmit önümleriniň ýerlenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda, kadalaşdyryjy resminamalarda we söwda düzgünlerinde bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

2. Senagatda öndürilmedik iýmit önümleriniň söwda bazarlarynda satylmagyna diňe satyjylarda söwda bazarlarynyň sanitariýa-iýmit barlaghanalarynyň iýmit önümleriniň bellenilen talaplara laýyklygyny tassyklaýan netijenamalary bolan mahalynda ýol berilýär. Senagatda öndürilmedik iýmit önümleri diýlip özbaşdak iş bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan öndürilen (ösdürilip ýetişdirilen), gaýtadan işlenilen gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan iýmit önümlerine düşünilýär.

3. Söwda bazarlaryna gelip çykyşy haýwandan bolan iýmit önümleriniň iberilmegine weterinariýa gullugynyň edaralarynyň netijenamasy esasynda ýol berilýär.

4. Şu aşakdaky iýmit önümleriniň ýerlenilmegine ýol berilmeýär:

1) laýyklyk sertifikaty bolmadyk;

2) gelip çykyşyhaýwandan we ösümlikden bolan senagatda öndürilmedik iýmit önümleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, weterinariýa gullugynyň,ösümlikleriň karantini boýunça gullugynyň netijenamalary bolmadyk;

3) gelip çykyşy tassyklanylýan resminamalary (harydyň ýanyna goşulýan haty, fakturasy, satyn almak-satmak şertnamasy) bolmadyk;

4) şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri;

5) saklanylmagy we ýerlenilmegi üçin zerur degişli şertleri bolmadyk.

5. Şu maddanyň dördünji böleginiň 1-nji we 3-nji tesiminde göz öňünde tutulan talaplar, senagatda öndürilmedik iýmit önümlerine degişli däldir.

6. Kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň ýerlenilmegi söwda çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda ýerlenilmäge rugsat berilmeýän iýmit önümleri, materiallar we önümler ýüze çykarylan halatlarynda ýuridik şahslar we hususy telekeçiler  görkezilen iýmit önümlerini, materiallary we önümleri – satuwdan aýyrmaga, howply diýlip ykrar edilen iýmit önümlerini bolsa, sarp edijilerden yzyna almaga borçludyrlar. Şu talap ýerine ýetirilmedik mahalynda görkezilen iýmit önümleri bellenilen tertipde alynmaga degişlidir.

8. Tiz zaýalanýan ýa-da konserwirlenen iýmit önüminiňgermetik gaby açylandan soň– öndüriji tarapyndan bellenilen saklanyş möhleti geçende, ol möhlet bolmadyk ýagdaýynda bolsa, saklanyş şertleri berjaý edilen mahalynda on iki sagatdan geçen halatynda ýerlenilmegine ýol berilmeýär.

 

24-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň saklanylmagyna we daşalmagyna bildirilýän talaplar

 

1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň saklanylmagyny we daşalmagyny amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler  şulara borçludyrlar:

1) olaryň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmäge;

2) kadalaşdyryjy resminamalarda olaryň saklanylmagynyň we daşalmagynyň şertlerine bildirilýän talaplary berjaý etmäge.

2. Iýmit önümleri dolanyşykda bolan mahalynda olar howpsuzlygynyň we hiliniň ýaramlylyk möhletiniň dowamynda saklanylmagyny üpjün edýän şertlerde saklanylmalydyr.

3. Ulanylmaga taýýar iýmit önümleriniň azyk çig maly we ýarym taýýar önümler bilen bilelikde saklanylmagyna ýol berilmeýär.

4. Iýmit önümleri daşalanda kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyklykda ýörite enjamlaşdyrylan we bu maksatlar üçin niýetlenen ulag serişdeleri ulanylmalydyr.

5. Eger iýmit önümleri saklanylan ýa-da daşalan mahalynda olaryň hili ýaramazlaşan bolsa, ol önümleriň saklanylmagyny we daşalmagyny amala aşyrýan adamlar olaryň eýelerine (satyjylara) we beýleki gyzyklanýan taraplara bu barada habar bermäge borçludyrlar. Şonda görkezilen iýmit önümleriniň eýeleri (satyjylar) bu barada arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna habar bermäge we olaryň ýerlenilmegine ýol bermezlige borçludyrlar.

 

25-nji madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygy we hili hakynda maglumatlara bildirilýän talaplar

 

1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilmegi we dolanyşygy boýunça işi amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler  sarp edijilere, ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygy we hili hakynda doly we ygtybarly maglumatlary bermäge borçludyrlar.

2. Ygtyýarly edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary iýmit önümleriniň howpsuzlygy we hili hakynda, olar öndürilende we olaryň dolanyşygynda, olar döwlet tarapyndan bellige alnanda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişi hakynda, şeýle hem ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň dolanyşygynyň öňüni almak boýunça çäreler hakynda maglumatlar bilen üpjün edýärler.

 

26-njy madda. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň gös-göni önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärlere bildirilýän talaplar

 

1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň gös-göni önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärler şu ýagdaýlarda lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge borçludyrlar: işe giren mahalynda – hökmany deslapky, iş döwründe bolsa – döwürleýin, şeýle hem saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan lukmançylyk barlaglarynyň we sanitariýa-gigiýena okuwynyň geçiriliş tertibine laýyklykda sanitariýa-gigiýena okuwyny geçmäge borçludyrlar.

2. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň gös-göni dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärleriň zerur bilimleri we endikleri, degişli resminamalar bilen tassyklanylan degişli bilim derejesi bolmalydyr.

3. Ýokanç keseli bolan ýa-da ýokanç keseliň alamatlary bolan ýa-da şol adamlar bilen gatnaşyk eden işgär ýa-da ýokanç keselleriň göterijisi, şeýle hem lukmançylyk barlagyndan we sanitariýa-gigiýena okuwyny geçmedik işgär iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanmaga goýberilmeýär.

 

27-nji madda. Iýmit önümleriniň, iýmitlik goşundylaryň, materiallaryň we önümleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine bildirilýän talaplar

 

1. Türkmenistana getirilýän iýmit önümleri, iýmitlik goşundylar, materiallar we önümler şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.

2. Türkmenistana getirilýän iýmit önümleriniň, iýmitlik goşundylaryň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygy we hili boýunça bellenilen talaplara laýyk gelmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edaralaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kesgitlenilýär.

3. Türkmenistana getirilýän iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi we olaryň Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga çykarylmagy gümrük edarasyna ýük gümrük deklarasiýasy bilen birlikde şu Kanunyň 9-njy maddasyna we laýyklyk sertifikatyna laýyklykda iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda laýyklyk şahadatnamasy berlenden soň amala aşyrylýar.

4. Gabynyň daşynda öndürilen wagty görkezilmedik we diňe ýaramlylyk möhleti bellenilen iýmit önümi, iýmitlik goşundy üçin olaryň öndürilen senesi hakynda maglumatlar öndüriji tarapyndan ýany bilen ugradyş hatynda ýazmaça tassyklanylmalydyr.

Iýmit önümleriniň, iýmitlik goşundylaryň gabynyň (ýarlygynyň) daşyndaky ýazgylar döwlet dilinde we (ýa-da) rus dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde ýazylan bolmalydyr, goşmaçasy bolsa öndürijiniň islegine görä başga dillerde ýazylmalydyr.

5. Şu iýmit önümleriniň, iýmitlik goşundylaryň, materiallaryň we önümleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine rugsat berilmeýär:

1) olaryň ýaramlylyk möhletiniň tamamlanmagyna çenli elli göteriminden az wagt galan, ýaramlylyk möhleti üç aýdan geçmeýän iýmit önümleri babatda - otuz göteriminden az wagt galanda;

2) laýyklyk sertifikaty (şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ýedinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir),şeýle hem gelip çykyşyny we howpsuzlygynyň we hiliniň kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyk gelşini tassyklaýan resminamalary bolmadyk;

3) sanitariýa, weterinariýa we fitosanitariýa kadalaryna we düzgünlerine, gigiýena kadalyk ölçeglerine laýyk gelmeýän;

4) genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (mikroorganizmleriň) ulanylmagy bilen öndürilen;

5) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykdaky degişli belgilenmesi bolmadyk mahalynda;

6) iýmit önüminiň düzüminde gadagan edilen iýmitlik goşundylar bolanda, şeýle hem olaryň düzüminde üçden köp sintetik reňkleýjileri bolanda;

7) bellenilen tertipde iýmit önüminiň kontrafaktlygy ykrar edilen bolsa;

8) bellenilen tertipde döwlet bellige alnyşyndan geçmedik.

Şeýle hem, Türkmenistanyň çägine olaryň ulanylmagyna saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edaranyň rugsady bolmadyk iýmitlik goşundylaryň, şeýle-de düzüminde polimerden, metaldan ýasalan sarp ediş gabyndaky, şol sanda gatyşyk materiallardan bolan gapdaky taýýar önümiň möçberiniň on sekiz göteriminden köp etil spirti bolan alkogolly önümleriň getirilmegine ýol berilmeýär.

6. Öndürijileriň Türkmenistanyň çägine getirilýän iýmit önümlerine, iýmitlik goşundylara, materiallara we önümlere kadalaşdyryjy resminamalaryň bildirýän talaplaryny ýerine ýetirýändigi hakyndaky borçnamalary, şeýle hem şol talaplary berjaý etmeginiň kepillikleri, eger-de görkezilen iýmit önümleri, iýmitlik goşundylary degişli şertnamalar esasynda getirilýän bolsa, iberilmegi hakynda şertnamalaryň (kontraktlaryň) hökmany şerti bolup durýar.

7. Eger getirilýän iýmit önümleri, iýmitlik goşundylary, materiallar we önümler kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, olar eýeleri tarapyndan Türkmenistanyň çäginden çykarylmaga degişlidir. Görkezilen iýmit önümleriniň, iýmitlik goşundylaryň, materiallaryň we önümleriň eýeleri tarapyndan bu talaplar ýerine ýetirilmedik halatynda, olar ýok etmek gümrük düzgüni hakynda Düzgünnama laýyklykda alynmaga, utilleşdirilmäge ýa-da ýok edilmäge degişlidir.

8. Sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy bilen saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan azyk çig malyň, iýmit önümleriniň aýry-aýry görnüşleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çägine getirilmegine çäklendirmeler girizilip bilner.

 

V BAP. ÝARAMAZ HILLI IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ, IÝMIT

ÖNÜMLERINIŇ GAPLANYLMAGY ÜÇIN MATERIALLARYŇ UTILLEŞDIRILMEGI WE HOWPLY IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ, IÝMIT ÖNÜMLERINIŇ GAPLANYLMAGY ÜÇIN MATERIALLARYŇ ÝOK EDILMEGI

 

28-nji madda. Ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar

 

1. Iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar geçirilen bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklarynyň netijenamalarynyň esasynda ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilip bilner.

Şu aşakdaky alamatlaryň bolmagy iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin esas bolup durýar:

1) olaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygyny tassyklaýan resminamanyň, olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalaryň, laýyklyk sertifikatynyň, kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan beýleki resminamalaryň bolmazlygy;

2) olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmezligi;

3) olaryň zaýalanandygynyň görnetin alamatlarynyň bolmagy;

4) olaryň ýaramlylyk möhletleriniň geçmegi;

5) olaryň belgilenmegi boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplaryň bozulmagy;

6) olaryň galplaşdyrylmagynyň faktlarynyň ýüze çykarylmagy;

7) olar öndürilen mahalynda genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (mikroorganizmleriň) ulanylmagy;

2. Ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy  üçin materiallar ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çägindäki karary boýunça dolanyşykdan alynmaga degişlidir.

3. Ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar bilermenler seljermesiniň, utilleşdirmegiň ýa-da ýok edilmegiň geçirilmegi üçin zerur bolan möhlete wagtlaýyn saklanylmaga iberilýärler we hasaba alynmaga degişlidirler. Bu iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň saklanylyş şertlerinde olaryň ýanyna keseki adamlaryň baryp bilmek mümkinçiligi aradan aýrylmalydyr. Şonda olaryň eýesi (satyjysy) ýa-da ammarynda wagtlaýyn saklanylmagy amala aşyrylýan kärhanaolaryň goralmagyny öz serişdeleriniň hasabyna üpjün etmäge borçludyrlar.

 

29-njy madda. Ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň bilermenler seljermesi

 

1. Iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar ýaramaz hilli we adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply diýlip ykrar edilen halatynda, ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ol iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň utilleşdirilmegi, ýok edilmegi hakynda karar kabul etmek maksady bilen bilermenler seljermesi geçirilýär.

2. Bilermenler seljermesi iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň howpsuzlygyny we hilini, olaryň gelip çykyşyny, iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň kybaplaşdyrylmagyny tassyklaýan resminamalaryň hakykylygynyň barlagynyň we ygtybarlylygynyň, barlaghana barlaglarynyň (synaglarynyň) geçirilmegini, bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça netijenamalaryň resmileşdirilmegini özünde jemleýär.

3. Iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar ýaramaz hilli diýlip ykrar edilen halatynda ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklarynyň çözgüdi boýunça mundan beýläk iýmitlik ýa-da tehniki maksatlarda peýdalanylmagy üçin utilleşdirilip bilner.

Iýmitde ulanylmagy gadagan edilen iýmit önümleri diňe weterinariýa gullugynyň edarasynyň netijenamasy boýunça haýwanlaryň iými hökmünde ulanylyp bilner.

4. Iýmit önümleri,iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar howply diýlip ykrar edilen halatynda olar ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklarynyň karary boýunça bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

 

30-njy madda. Ýaramaz hilli iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň utilleşdirilmegi we howply iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň ýok edilmegi

 

1. Ýaramaz hilli iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň utilleşdirilmegi we howply iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň ýok edilmegi olaryň eýesi (satyjysy) tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ýaramaz hilli iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň utilleşdirilmegi we howplyiýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň ýok edilmegi degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tassyklanylýan tertipde amala aşyrylýar.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär bolan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

32-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

33-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen "Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 32-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

      Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 105-V.